Söýüp, söýgün doly haklap bilmeseň, Ýüregimiň yşgy bilen oýun etme Çyn gülüňi tämiz saklap bilmeseň Gülüň dökýän müşgi bilen oyun etme. Çyrama perwana ýaly sen görseň Çyra nätsin özüň gelip döş gerseň Döşüňe ot degse tiz yense berseň Sen bu odun keşki bilen oyun etme Ilki bilen maksat gözle jan gözle Işde mähir boljak güýji aý gözle Has ynamly durmuş gözle taý gözle Öz bagtyndan daşky bilen oyun etme Ylham yokmy, ýazjak bolma gazaly Bu işde ussatlyk gerek ozaly Wasp etmegi başarmasaň gözeli Poeziýaň köşgi bilen oyun etme.

Köneler, Simpotyaga tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir