1 HYDYR DERÝAÝEW Eserler ýygyndysy Birinji tom YKBAL ROMAN www.gollanma.com Gollanma© Kitaphana 2 KIMIŇ DARAGYNYŇ SESIDI? AGTLY durmuşy, gözel görnüşi umyt edip, alys ýollara ugran Murgap özüniň gözbaşyndan birnäçe ýüz kilometr uzaklyga çekilenden soňra, bir belentlik meýdana duş gelýär. Ol özüniň güýçkuwwatyna buýsanýan mele suwy bilen bu ýerde hem bökdenmän, uçurymly gaýalary ýaryp, ýene demirgazyk tarapa ýönelýär. Ynha, şu berk gaýaly, uçurymly ýeriň ýele ýanyndan birnäçe ýyllar mundan ozal bir köpri salnypdyr. Dört tarapdan gelýän ýol bolsa şol köpriniň üstünde birigip, ýene her haýsy öz ugruna nämälim uzak ýerlere ýylan ýaly egrem-bugram bolup, suwlup gidýärdi. Bu ýollaryň birisi gözýetimden obanyň ýeňsesini syryp geçýän gyrasy hellewläp duran beýik-beýik daragtly nobur bilen uzak ýerlerden bäri deň kowalaşyp gelýän bolsa-da, ahyry ondan aýrylyp, ýaňky köprä tarap öwrülýärdi. Şol noburdan öwrülen ýerinden bäri bolsa ol ýol az-kem daýhançylyk hem maldarçylyk edip oturan obanyň ortasy bilen onda-munda ýap-salmalaryň gyrasynda bitip oturan agaçlaryň arasyndan geçip, göni köprä tarap uzalyp gelýärdi. Ynha, şu ýol bilen gelýärkäň, köprä sesýetim ýer galanda, sag egniňde bir uzyn hatar öýlere gözüň düşýärdi. Ol Suhan baýlaryň obasydy. Bu hataryň töwereginde daşlaryna garym çekilen küde-küde ýandaklar dag ýaly seňňer alşyp durdy. Küdelerden gaýrak baka tä ýeňseki gözýetimden görünýän agaçlara çenli syza, selme, syrkyn ýaly otlardan bezelen giň meýdan bolup, aňyrsynda ýer bilen gök birleşen ýaly bolup duruberýärdi. Bu giň meýdanyň göwsünde geçi, goýun, düýe, sygyr ýaly mallar mydama ýaýraşyp, otlaşyp ýörerdiler. Bulardan başga-da bu ýoldan geçeňde, Suhan baýyň gara gulak düýeleriniň çisňi, jybar astynda galyp ýumşaşan B 3 ýaňky seňňerli küdelerden işdämen agyz urup, otlaşyp duranlaryny hem görerdiň. Birnäçeleri bolsa ýaňky küdeleriň içinden zat gözleýän ýaly ysyrganyşyp, aýlanyşar ýörerdiler. Ýene birnäçeleri gäwüş kakyşyp, misli ýoldan geçeni tükelleýän ýaly, çiňkerilişip seredişip durardy. Obalaryň arasynda, bölejik ekinleriň içinde işleşip ýören daýhanlara hem gözüň düşýärdi. Ertir bilen «Mally, malyňy goýber, haha- a-a-w-w!!!» diýip gygyrýan çopanlaryň sesi bolsa obanyň içinden çykyp, gulagyňda ýaňlanyp durýardy. Dokma daragynyň sesi, at aýagynyň sesi ýaly, her öňsaýy güpürdäp çykýardy. Ýaňky küdeli hataryň çep tarapynda başga öýlerden arasy has açygrakda dikilen, daşyna talaň urlan ýaly maýryjak, garaja öýden çykýan daragyň sesi has aýratyndy. Bu darak gara daňdandan güpürdäp, obanyň bütin dokmaçy gyz-gelinlerini ukudan oýarmagyndan başga-da onuň sesi başga daraklaryň sesinden has zarplyrak çykyp, kakymy tiztizden berilýärdi. Bu Orazsoltan eje bilen onuň gyzy Uzugyň daragynyň sesidi. Uzuk obada eli hünärli, uzyn boýly, inçesagt, at ýüz, bugdaý reňk, ýaňy göze görnen belli owadan bir gyzdy. Onuň hoş gylygy, gözel görnüşi göreni özüne hyrydar ederdi. Obanyň içinde ýaş-garry aýallar çemi gelse, erkekler tarapyndan hem Uzugyň artykmaç maşgaladygy hakynda höwes bilen gürrüňi edilýärdi. «Öz-ä... örän oňat maşgala weli, atasy — çopan; ýer urup, ýurtda galan bir garybyň gyzy-da...» diýip, göklän taýhar ýaly tumşugyny ýokary tutýan baýlar hem ýok däldi. Uzugyň atasy Myrat aga dogan-garyndaşsyz ýeke adam bolup, Suhan baýyň hatarynyň çetinde saýalap, onuň ýigrimi-otuz ýyldan bäri çopançylygyny edip gelýän bir garyp adamdy. Ol ýeke gezip ýören ýerlerin-de: «Şuny, «Uzugy» aman-sag abraý bilen ýerleşdirsek, başgaha bir gara bokurdak bolaýmasa, üstümizden gara bulut sowlan ýaly boljak» diýerdi. Şol oý-pikir bilen içinden gürrüň edip, birden hem 4 daşyndan özünden özi, uzyndan-uzak çekip, düşnüksiz: «Hüm-m...» edip, başyny aşak-ýokary ýaýkap: «Aý, bolýa-da...» diýip, sakgallaryny sypalaşdyrardy-da oturybererdi. Zamanasynyň nakyly «Dokuň açdan habary ýok» diýýär. «Myrat aganyň ýeke özi bir ýerde otursa, edil märekede gürrüň edişip oturan ýaly-ow» diýşip, dürli ýomaklar atyşyp gülüşýän adamlar hem ýok däldi. Emma Myrat aganyň samyrdy-gürrüňleri keýpihon samyrdy-gürrüňler bolman, daşky dünýäsinde ýanýan durmuş oduny içki dünýäsinde ölçerende, onuň ýangynynyň labyrdysydygyna aýaly Orazsoltan eje ýagşy düşünip, Myrat aganyň ýanýan oduna bile ýanyşýardy. GÖÇ GELÝÄRMI ÝA — GÖZEL! AHAR her ýurda özüniň aýratyn gözellikleri bilen gelýär. Ol özüniň getiren sowgadyny dumly-duşa jomartlyk bilen seçeläp, dürli nagyşlar bilen dürli görnüşde bezeýär. Ýeriň ýüzi al-ýaşyl bolup, özüniň öwşünli bezegi bilen bezenýär. Çilläniň zäherinden dyngysyz ýuwutmak bilen, öz görk-görmeginden aýrylyp, har düşen agaçlar boý-kaddyna gök keteni ýapynyp, bütin bedenine timar berýär. Baharyň uzak ýerlerden gelýän mylaýym şemalyny dürli otlar dürli reňkde gül bezegli garşylaýar. Güller müşk-anwar ysyny gysganman, dumly-duşa saçalaýar. Baharyň dürli gülleriniň ysyna gatyşan ýakymly şemalyny agaçlar hem saz-söhbetde, şadyýanlyk bilen şapyrdaşyp, tagzym bilen baş egşip garşylaýar. Bu pasly synlamaga özüňde höwes üstüne höwes döreýär. Bezegli giň meýdana, töwerege, uzakdan-uzaga seredip, baharyň bar gözelligini görüp, aňyrsyna çyksam diýýärsiň. Dürli yslara gatyşan bahar howasyny çuňňurdan-çuňňur ýuwutdygyňça ýuwdasyň gelýär. Ynha, ýazyň şeýle gözel görnüşli paslynda al-elwan gülälekli giň meýdanyň ortasyndaky ýaşyl donuny ýapynan öwüşginli depäniň B 5 üstünde bir ýigit otyrdy. Bu ýigit töweregindäki agdarylyşypdönderilişip, böküşip-oýnaşyp ýören owlak-guzulara biperwaý garap, özüniň gargy tüýdügini pasyl tabyn ruhubelentlik bilen: «...Ge-e-e-l, gülüm, ge-e-e-l! Ge-e-el, Uzum, ge-e-e-l!» diýip, dyngysyz gaýtalap çalýardy. Bu gök maýsanyň içinde sonarlap ýören owlak-guzulara agdarylyp-dönderilip, bir ýerde otlaşyp ýörmäge olaryň ýaş bedenlerindäki joşgunly güýç uzak takat bermeýärdi. Bularyň belli bir ýerde durman, ýüzleri haýsy ýana bolsa, şaýraşyp gidip barmaklary Berdiniň alaňyň üstüne çykyp, dyngysyz tüýdük çalyp oturmagyna tälkede bermän durmaýardy. Şeýle bolsa-da, Berdi owlak-guzularyna gaharlanman, «Guzy bakdym – guş bakdym; düýe bakdym – ýol bakdym» diýen nakyly ýatlap, olaryň yzyndan galman ýöreýärdi. Her daýym olaryň öňüne geçip, biraz togtadan wagty: ...Şo-onda meniň-eý, Şu-u-unda meniň-eý, Uz dilberim-ow görünmez-e-ý...– diýip, zaryn mukamda tüýdügini zowladýardy. Berdi wagtal-wagtal taýagyna söýenip: «Şu günmi-ertemi Suhan gaty garyp sagymçylary ýygnap, ýazlamaga geler. Şol sagymçylaryň arasy bilen Uzuklaryň maşgalasam geler. Göni bir ýyl garaşan günüm geldi. Aýdan aşa, her günsaýyn Uzugyň owadan ýüzüne, boýuna-syratyna ogryn-ogryn seretjek günlerim geldi. Be-e... Uzugyň ak ellerinden birden adam tutaýsa näderkä? Men-ä adam çym-pytrak, çalam-çaş bolup, topraga garyşyp ýatybiýrmikä öýdýän. Birden Uzuk meňki bolaýsa, mende hiý dünýäde başga arman galarmyka? Onda men dünýäde iň bagtly 6 adam bolaryn. Myrat aga meni örän gowy görýä, Orazsoltan ejede; Uzugam halaýandyr. Dört ýyl Suhan gatyň goýnuny bakdym, hakjagazym bolsa dur. Ýene iki ýyl baksam, alty ýyl bolýa. Oňa çenli Uzugam tüýs diýen wagty bolup ýetişer. Suhan gatyda bolsa, alty ýyllyk hakym bolýa. Şony alagada: — Ine, Myrat aga, şuny alyň. Ýene talap edip, gazanyp biýrin. Uzugy maňa beriň. Men siziň ogluňyz ýaly bolup gezerin. Başga meniň gitjek ýerim ýok – diýsem, razy bolarlar ahyryn» diýip, öz göwnüni raslanda, onuň ýüreginde döreýän şatlyk her adamda döräp hem bilmejekdi. Birnäçe günden bäri bu pikir Berdiniň ruhuna ruh goşýardy. «Gel, gülüm, gel; gel, balym, gel; gel, Uzum, gel!» diýip, günuzyn tüýdügini dyngysyz çalýardy. Onuň ýüregi ylaýta-da şu gün köp gozgalaň tapdy. Berdiniň göwnüne şu gün ýazlagçylar geläýjek ýaly bolup durdy. Ol bu gün beýikden beýik alaňlaryň üstüne çykyp, Uzugyň ýoluna bitakat seretdi; tüýdük çalanda hem, ýüzüni Uzugyň geljek ugruna tutup çaldy. Berdiniň durmuşynda iň gymmatly halat ýetişip, ony şatlyk derýasyna gark etdi. Holha, dag ýaly belent ýapynyň üstünden ýazlagçy göçüniň kerweni bulut dek bolup indi. Berdi göçi görüp: «Jan!» diýip, zyňlyp ýokary galdy; uzakdan görnen kerweniň içinden Uzugy saýgarjak bolup, elini kölegeledip seretdi. Ol Uzugy seljerip bilmedi. Ýürek joşgunyna durup bilmän, ýapydan ylgap düşdi; kerwen gözden ýitdi; ýene ylgap alaňa çykdy. Bu mahal urýan ýürek ýeke Berdiniňki däldi; belki, Uzugyň ýüregi Berdiniňkiden hem beter urýardy. Berdi beýle bitakat garaşyp durman, aýak aldygyna ylgap.. Uzugyň öňünden çykyp gujaklardy. Emma haýa-şerim goýbermeýärdi. Eýsem Berdi: — Geldiňmi, Uzuk jan! — diýip, onuň ak gollaryndan tutup,—Ynha, egenler üçin çukur gazyp goýdum — diýip, Uzugy şatlandyryp bilmezmidi? Ýa-da onda beýle 7 isleg ýokmudy? Ol isleg onda näçe güýçli bolup, iki kebzesinden basyp çökerip barýan bolsa-da, adat güýji ondan hem zor bolup, beýle etmäge ýol bermeýärdi. Şeýle-de bolsa, Berdi beýlede aňkaryp, durmuşa goşulman durmady. Döwrüniň düzgüniniň göterişine görä, Orazsoltan ejäniň ýanyna gelip salam berdi. Uzugyň ýüzüne seredip: «Amanmy, Uzuk?— diýdi-de — geldiňmi, jigijigim?» diýip, Durdyny gujaklady. Soňra derrew düýeleri çökerip, ýükleri düşürdi. Orazsoltan ejäniň gara gazanyny eltip, öň gazyp goýan ojagyna oturdyp: — Orazsoltan eje, görýäňizmi, ojagy neneňsi ylaýyk gazypdyryn, men siziň gazanyňyzyň ölçegini bilýän ahyrym — diýip, bärsini garanda, Uzugyň gülümsiräp duran ýüzüne gözi düşüp, dünýäsi bütinleý dolup galdy. Soňra egenleri alyp, öň gazyp goýan çukurlaryna gömüşdirdi-de, başyny egişdirip, garşyma-garşy bir-birine baglaşdyrdy; derrew üzükleri alyp, egenleriň üstüne ýapyşdyrdy-da, daňmaly ýerini daňyşdyrdy. Il eýlesini-beýlesini garamanka, çatma taýyn boldy; gazan ojaga ataryldy. Gurt teläri, çalmary bolsa Berdi öňden taýýarlap goýupdy. — Ynha, görýämiň, Orazsoltan eje, iki ýanlygyňy asar ýaly ýanlyk agaçlaryň çukurynyň arasyny açyk gazdym — diýip, ol iki sany ýabaly agajy deňje gömdi-de, üstüne kese agajyny atdy. — Getir, Orazsoltan eje, ýanlyklaryňy hem asyşdyraýyn — diýdi. Orazsoltan eje: — Ýok, taňry ýalkasyn, Berdi jan, eliň-gözüň dert görmesin, ak gyz ýoldaşyň bolsun — diýende, Berdi Uzugyň ýüzüne seredenini özi hem duýman galdy. Uzugyň şähdi açyk, şatlyk bilen suwarylan, oýnaklap duran gara gözlerine gözi düşende, iň ýokary ýetjek derejesine ýetdi. Şu mahal Berdiden: «Seniň dünýäde näme maksadyň bar?» diýip sorasaň, «Şu oýnaklap duran gara göze ýetmek maksadym bar» diýjegine şek-şübhe ýokdy. — Orazsoltan eje, çökelik torbaňy asar ýaly agaç dikmändirin — 8 diýip, Berdi ýadyndan çykaran iň soňky işini hem bitirdi; ony iki günlük işinden dyndaryp, guzularynyň ýanyna gitdi. Orazsoltan eje çatmasynyň içinde düşegini ýazyp, ýorganýassygyny çatmasyna getirdi. — Eli-gözi dert görmesin; Berdi jan iş bitirdi — diýip, ol aşak oturanda, Uzuk gaýnadan gara tüňçesini alyp geldi. Bular oturyp çaý içdiler. Bu wagt ýagyş biraz ýagjak ýaly etdi; goňşy aýallar üýşüşip, Orazsoltan ejäniň çatmasyna geldiler. Uzuk gelen aýallara dyngysyz çaý gaýnadyp berip durdy. Çaý içip oturan aýallaryň Berdiden başga gürrüňleri bolmady. Uzuk daş çykyp, içeri girip ýörse-de, Berdi hakynda edilen gürrüňleriň birini hem sypdyrman diňleýärdi. Aýallaryň Berdi hakynda eden gürrüňleri Uzugyň ýüreginde söýgi üstüne söýgi döredýärdi. Ol her daşary çykanda, assyrynlykdan Berdä seredýärdi. Guzular bu mahal doýşup ýatypdylar. Berdi ýatan guzularyň ýanynda hiç zatdan bihabar gümürdenen bolup ýörse-de, Uzugy göz gytagyndan sypdyrmaýardy. * * * Murgap derýasynyň aýagy ýagşy guma girip giden ýerinde Garaçuňňul atly bir köw bardy. Derýa bahar aýlary joşanda, şol çuňňuly dolduryp, ondan hem aňryk geçip gidýärdi. Garaçuňňulyň gyrasy Suhan gatynyň ýazlagydy. Bu çuňňulyň ýakasynda Uzuklaryň çatmasynyň dikilenine üç gün bolupdy. Bu gün ertirden «Şu gün goýun seçiljekmiş» diýen habar uludan-kiçä bar kişiniň arasynda ýaýrap, bu hakda gyzgalaňly gürrüň edilmäge başlandy. Aýallar süýt kädilerini, kersençanaklaryny, gazanlaryny ýuwuşdyryp taýýarlapdylar. Gün gyzdy, günorta wagty boldy. Tokar guzuly goýunlar hol ýapydan tozan turzup, yzlaşyp indiler. «Goýun gelýär! Goýun gelýär!» diýen gykylyk bilen 9 aýal-erkek, oglan-uşak — barysy, goýnuň öňünden çykyp, sürüli goýunguzyny ýaňky Garaçuňňula gabadylar. Kimiň eli gaňrakly, kimiň eli pürli ýylgyn çybykly goýunlary seçmäge başladylar. Berdi Uzugyň ýanynda durdy. Adamlaryň arasyndan dazlap çykýan goýunlar bilen birnäçe guzular hem zymdyrylyp çykyp gidýärdiler. Eneleri bilen çykan guzulary on üç-on dört ýaşlaryndaky oglanlar gaňraklaryny olaryň boýunlaryndan derrew ildirip, tutup alyp gelýärdiler. Durdy örän çalasyn hem ýyndamdy; ol enesi bilen çykyp gaçan guzulary salymyny bermän, yzly-yzyna tutup getirýärdi. Berdi birinji gün Uzuk bilen bir ýerde durup goýun seçdi. Seçilen goýunlary çopanlar sürüp, yzlaşdyryp alyp gitdiler. Berdi ýazlag wagtynda, guzy goşulýança, guzy çopan bolup galdy. Ertesi günortanlar goýunlar goşa geldi. Her kim ýerli-ýerden goýunlary kökerip sagmaga başlady. Berdi sagym wagty Durdyny guzularyň ýanyna iberip, özi Orazsoltan ejä goýun sagmaga kömekleşmek üçin galdy. Berdi bilen Uzuk kökerilgi goýunlaryň her haýsy bir çetinden sagmaga başlap, näçe goýny sagyp, elden geçirdikleriçe, şonça-da bir-birlerine ýakynlaşyp barýardy... Şeýlelikde, Uzuk bilen Berdi ýakynlaşa-ýakynlaşa, iň soňky goýny sagmaga gezek gelende gapdalma-gapdal, ýanma-ýan degşip oturýardy. Ynha, şu mütdet bu ikisiniň arasynda iň ýakynlyk halaty bolup, bu ýakynlyk her günde diňe iki gezek gaýtalanýardy. Birinji ýakynlyk baş sagymynda bolsa, ikinji ýakynlyk gaýtalamyndady. Berdi şu pursatyň her gün içinde sansyz gaýtalanmagyny isleýärdi, emma onuň ol islegi, ol dilegi duş gelmeýärdi. Berdi Uzugyň hyzmatynda mydam durmaga razydy; Uzugyň doly süýt kädisini alyp, gazana boşadyp gelmek isleýärdi. Uzuk ejap edip, Berdä kädisini bermeýärdi; gaýtam, Berdiniň doly kädisini hernä özi äkidip, süýdüni gazana boşadyp gelýärdi. 10 Ynha, bularyň arasyndaky söýgi şeýle görnüşde günden güne geçip barýardy. Ýazlag pasly bolsa gutaryp barýar. Berdi: «Meniň gowy görýändigimi Uzuk bilýämikä, ol meni gowy görýämikä?» diýen pikiri gije-gündizde başyndan çykarmaýan bolsa, Uzugyň hem gijede-gündizde edýän pikiri şoldy. * * * Bir gün goýun seçilip durka, Uzuk Berdä: «Dokuz gezek garagurt gaýnatdym; eger-de odunymyz bolan bolsa, ýazlagdan gaýtmankak, ýene bir gezek gaýnadardym» diýip gürrüň berdi. Ertesi Uzuk irden turup görse, işiklerine biri bir düýe odun getirip düşüripdir. Uzuk oduny gören badyna, düýnki goýun seçilip durka eden gürrüňi ýadyna düşüp, Berdiniň getirendigini bildi. Ol: «Men öz gürrüňim bilen Berdini azara goýupdyryn» diýip, içini gepletdi-de, derrew teläriň üstünde serginleşip duran gatyklary ýanlyklara guýuşdyrdy. Pişegini ýuwup-ardyp, ýanlyk ýaýmaga başlady. Uzuk dim-dik durşuna öz pişeginiň sapyndan berdaşly elleri bilen berk tutup ýaýmaga başlandan, ýanlykdaky gatyk tupan turandaky deňiz suwy ýaly joşguna geldi. Pişegiň zarbasyndan ýanlyk ýarylara gelip, goýy gatyklar suwaşyp, aýrana aýlanyp, ýagy ýeljikläp ýüzüne galmaga başlady. Ynha, hä diýmän, ýag düşdi. Uzuk ýagyny alyp durka, Orazsoltan eje gelip, ikinji ýanlygy ýaýmaga başlady. Orazsoltan eje asly sünňi berk adam bolsa-da, oňa garrylyk ýetişipdir. Ol Uzuk ýaly dim-dik durşuna diňe iki eliniň hereketi bilen ýaýyp bilmeýär; pişegi göterende, arkan gaýşyp, uranda ileri eňlip, bütin göwresi bilen hereket edip ýaýýar. Uzuk birinji ýanlygyň ýagyny aldy-da, ejesine ýüzlendi: — Eje, hol oduny görýämiň, şony Berdi getiripdir. Men düýnki gaýnadan çökeligiň suwuny ýygnap, gazana guýup goýdum. Bu gün garagurt gaýnadaly. Berdi daga goýup gideris. Bar, sen gazanyň aşagyna 11 ot ýakyber; saňa ýanlyk ýaýmak agyr bolýa; ýanlygy men özüm ýaýaryn — diýip, Orazsoltan ejäniň elinden pişegi aldy. Garagurdy ertirden agşama çenli gaýnatdylar, Ikindinara, gazanyň düýbünde azajyk galanda, Uzuk gazany düşürip, içindäki buýanlary çykaryp zyňdy-da, bir çogmak hyşa bilen çalmaga başlady: Dolaş, dolaş, dolaş, gurdum, Dolaşmasaň bulaş, gurdum! Indi uzak çalmaryn, Gaýdyp ele almaryn; Dolaş, gurdum, dolaş, gurdum, Dolaşmasaň, bulaş, gurdum!— diýip, çalyp otyrka: — Garagurt gaýnadýasyňyzmy? — diýip, bir ýerden Berdi geldi. — He-e, garagurt, ýalap gör! — diýip, Uzuk jogap berdi. Durdy garagurt ýalap oturan ýerinden derrew bir buýan tapyp, Berdiniň eline berdi. Berdi buýany iki gezek batyryp ýalady-da: — Gaty gowy bolupdyr — diýdi. Uzuk çala gülümsiräp: — Gowy bolan bolsa bolupdyr, şuny size goýup gitjek — diýdi. Berdi Uzugyň: «Size goýup gitjek» diýen sözüne tüýs ýürekden minnetdar bolsa-da, ýanynda Durdy oturansoň, eýleň-beýleň söz aýdyp bilmedi. Garagurt dolaşdy. Uzugyň bu günlükçe işi gutardy. * * * Uzuk öten agşam gurt çalyp otyrka, ilerden bir dag ýaly gara bulut abanyp turupdy. Bu gara bulut uzyn gije diýen ýaly mylaýymlyk bilen ýagdy. Ertesi howa biraz bulutlaşyp, salkyn şemal öwsüp durdy. Bu 12 ýagşa otlaryň ýüzleri suwlanyp, dürli güller açylyşyp, bahar ýaňy başlaýan ýaly boldy. Bu günki howa ýazlagçy gyz-gelinleriň ruhlary göterilip, ýelmik-ýuwa çöplemäge guma çykdylar. Gyz-gelinler dürlidürli gülleri ýygyp, ýene belent-belent alaňlaryň üstüne çykdylar; ýüzlerini şemala tutuşyp, töwerege syn etdiler; ol alaňlardan hem düşüp, ýene ýolda ýelmik-ýuwa çöpleşip, ondan hem belent alaňlara mündüler. Şeýlelikde, ol alaňdan ol alaňa münüp, ýelejiräp gidip baryşlaryna Uzuk aýratyn ýelmik-ýuwaly ýere duş geldi. Ol bu ýerde güýmenip, beýleki gyz-gelinlerden arany açdy. Öňürti köp ýelmik-ýuwa ýygdy; soňra her dürli güllerden ýygyp, desse baglamaga durdy. Berdi guzularyny başyna kowup, gyz-gelinlere görünmän, olary gapdallap gelýärdi. Onuň maksady Uzuk bilen ýekeräk ýerde görüşmekdi. Ol maksadyna miýesser boldy. Ynha, Uzuk onuň öňünde gül dessesini bogup dur. Berdi onuň ýeňsesinden bildirmän ýakynlaşdy. Emma ara näçe ýakynlaşdygyça, Berdiniň ýüregi urup, aýaklary saňňyldamaga başlady. Demi demine ýetişmän, haş edip, bir dem aldy. Uzuk haşşyldyny eşitdi. Ýalta yzyna garasa, Berdiniň ýylgyryp duran güler ýüzüne gözi düşdi. Bular bu ikiçäk duşuşykda nämeden söze başlajaklaryny bilmediler. Uzuk ejap bilen ýere bakanda, onuň nurana ýüzünde biraz gyzgylt öwüşgin peýda boldy. Dodaklary ýylgyrjak ýaly çekilişende, agzynda sadap dek ap-ak dişleri setirlenişip göründi. Uzugyň bu bakyşy özüne aýratyn gözellik berdi. Berdide şu halat ömürlik üýtgemesedi diýen isleg döretdi. Berdi özüni biraz raslap: — Beýle oňat güller ýygypsyň-la... — diýip garyljagrak seslendi. Uzuk azajyk ýüzüni galdyryp: — Oňat bolsa, me, alaý — diýip, gül dessesini uzatdy. Berdi Uzugyň uzadan gül dessesini aldy-da: — Bu seniň özüňe gerekdir, näme muny maňa berýäsiň? — diýip ýylgyrdy. 13 Uzuk çalaja başyny göterip seredende, gara gözleri Berdiniň ýylgyryp duran ýüzüne düşdi. Ýene näz bilen aşak sereti-de: — Sen alaý. Gerek bolsa, men ýene ýygaryn — diýdi. Berdi: — Sen näme munça gül ýygnapsyň, şunça gül ýygnansa-da, seniň, özüň ýaly bir gülçe bolup bilmändir. Seniň bir bakyşyň şular ýaly gül dessesiniň ýüzüsinden zyýat — diýip, gül dessesini yzyna uzatdy. Berdi bu sözleri aýdanda. Uzugyň ýüzünde bir hili şatlyk ruhy uçganaklan ýaly etdi. Emma şol halatda ýene onuň ýüzüne uýat şapagy inip, gyzgylt öwüşgin örtdi. Soňra Berdi: — Uzuk, meniň senden bir zat sorasym gelýä, soraýynmy? — diýip, sesini saňňyldadyp, zordan sözüni soňlady. Uzuk sesini çykarman, gabagyny göterip, bir seretdi-de, ýene ýüzüni aşak saldy. Berdi: — Soraýynmy? — diýip, Uzugyň ýüzüne seretdi. — Näme? Soraý. — Sorasam, Uzuk, eneň-ataň seni maňa beräýse, sen razy bolarmydyň? — Uzuk uýalyp, biraz kese bakdy.— Aýdaýsana, Uzuk, meniň şuny bilesim gelýä. — Bolardym. Uzuk «Bolardym» diýende, azajyk gülümsirejek ýaly etdi. Onuň ýüzünde şatlyk uçgunynyň uçganaklany bildirdi. Şunuň bilen bularyň arasyndaky söýgi sözleşigi gutardy. Berdi aşak oturyp: — Bar, Uzuk, git, birden biri görüp, masgara bolaýmaly — diýdi. Uzuk gyzlaryň yzyndan gitdi. Berdi şol oturan ýerinde ullakan oý-pikire gitdi: «Hiý, dünýäde Uzuk ýaly perizat barmyka?! Hiý, şeýle gyz bilen jany bir, teni bir bolup, ömür süreniň ýüreginde arman galarmy?! Hiý, şeýle bir ynsana artykmaç 14 söz aýdyp, agyrtmak bolarmy? Ýok, bolmaz. Men Uzugy şeýle bir söýýän, ýürekde beýle mesgen tutan söýgi hiý-de dönermi?.. Ýok, beýle söýgi hiç wagt dönmez... «Kyrk ýyl kişüwläp goýun bakanyň dilegi duş gelermiş» diýýäler. Eger-de, kişüwläp kyrk ýyl goýun bakanym üçin, Uzuk hakyndaky dilegimiň duş geljegini bilsem, men bütin ömrümi goýnuň öňüne «häýt» diýip taýak atman bakyp geçirdim. Gel, aý, men köpden bäri edip ýören pikirimiň şu gün aňyrsyna ýeteýin. Häzir Ogulnyýaz ejä — Meniň üçin Uzuklara söz aýdyp beriň — diýip aýdaýyn» diýdi-de, guzulary çatmalara tarap gaýtaryp, özi göni şonuň ýanyna ugrady. Ogulnyýaz eje daşarda, teläriň aşagynda gurt edip otyrdy. Berdi onuň ýanyna gelip: — Salawmaleýkim. Armaň, gurt edýäsiňizmi? — diýip, taýagyna söýenip durdy. Ogulnyýaz eje: — Amanmysyň, hawa, gurt edýäs. Berdi jan, oňat geldiň. Şulary bir teläre çykaryşsana — diýýp kömek sorady. Berdi gurtlary derrew teläriň üstüne serişdirip, soňra gurt edişmäge oturdy. — Ogulnyýaz eje, bu ýyl gurdy köp edip bildiňizmi? — diýip, Berdi söze başlady. Ogulnyýaz eje: — Aý, Berdi jan, bolany bor. Her kime öz bary nesip etsin. Ynha, tüweleme, bu ýyl Orazsoltan ejeň köp edendir. Olar, tuweleme, garagurdam köp gaýnatdylar. Uzugam, köp görmesin, bir elli-aýakly maşgala. Haýsy işiň gyrasyndan barsa, iş öňünde bent alanok. Senem, tüweleme, olara oňat kömek berýäsiň. Biziň ýaly bir goýun sagýança, senem, Uzugam üç-dört goýny elden geçirýäsiňiz. Orazsoltan senden gaty minnetdar. Otursa-tursa: «Eliaýagy dert görmesin Berdi jan» diýip, agzyndan düşürenok. Seni 15 olaryň hemmesi gowy görýärler — diýdi-de, bir zat aýdaýjak ýaly edip, ýene aýtman goýdy. Berdi turup, guzularyna seretdi-de, ýene aşak oturdy. — Ogulnyýaz eje, meniň size bir ýumşum bar... — diýip, ol ýüzüni aşak saldy. Ogulnyýaz eje Berdiniň ýüzüne bir seretdi. Onuň ýüzünden utanýandygyny ýa-da ýumuş buýurmany agyr görýändigini aňlap: — Wiý, hanym, çekinmedejik aýdyber. Sen öz ýumşuňy özüň aýtmasaň, başga kimiň bar? Seniňki «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýenleridir. Gerek zadyňy aýdybiýrler utanman — diýip, Berdä sözlemäge oňat ganalga berdi. Berdi başyny galdyryp, Ogulnyýaz ejäniň ýüzüne seredende, utanjyndan onuň ýüzünde gyzgylt-garamtyl öwüşgin göründi. Özi hem ýaýdanaklan ýaly boldy. Ogulnyýaz eje Berdiniň bu ýagdaýyny aňyp: — Aýt, janym, aýt — diýdi. Berdi ýüzüni aşak salyp: — Neme... şü... Orazsoltan ejelere meniň üçin söz aýdyp berip bilmezmikäňiz? — diýip aýdanda, ýüzi çym gyzyl bolup gitdi. Ogulnyýaz eje Berdä hemaýat berip: — He, ana, «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýen sözüm geldi. Ana, şeýdip, çekinmän aýdybiýrler. Gaty oňat söz aýtdyň — diýip, sözüni soňlamanka, Berdi: — Men olara ogul dereginde bolardym. Ömür boýy gazanjym şolaryňky-da, meň başga äkitjek ýerim ýok — diýdi. Ogulnyýaz eje çalajadan pyşyrdap: — Berdi jan, sen sesiňi çykarma-da, arkaýynja geziber. Bu zatlaryň pikirini sen şu gün eden bolsaň, Orazsoltan ejeň bilen Myrat agaň öňräkden edip goýdular. Näme, meniň olardan gizlin syrym ýok, olaryň menden gizlin syry ýok. Ynha, ýaňy-ýakynda-da 16 üçimiz oturyp, şonuň gürrüňini etdik. Men: «Özüň garyp bolsaň, kim bilýä, dul geljekmi, telpegi agan geljekmi ýa kel geljekmi, kör geljekmi?— diýdim.— Nä wagt, nä zamana, Uzuk ýaly aýratyn görmegeý gyz ýetişensoň, bir garyp gapa girip-çykyp ýörse, biriniň dili ýetjekmi, biriniň eli ýetjekmi, kim bilýä?— diýdim.— Sessizüýnsüz Berdä beriňdejik oturyberiň. Ikisi bir-birine mynasyp. Berdiňem sizden aýrylyp gitjek ýeri ýok. Hem — giýew, hem ogul eken-dä» diýdim. Ynha, maslahat şunda galdy. Ýöne Orazsoltan ejeň: «Entek Uzuk ýaşrak, bir ýyl garaşalyň» diýdi. Şeýle bolsa-da, Berdi jan, ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun. Ýöne eşitmedik ýaly bol-da, sesiňi çykarman geziber — diýip, Ogulnyýaz eje başyny göterip, töweregine seretdi. Berdi Ogulnyýaz ejäniň gürrüňini ullakan höwes bilen diňledi. Häzir onuň dünýäsi bütinleý dolup galdy. Iň ýokarky şaha eli ýetdi. Ol bu zeýilli, me saňa, nagt, beýle ýakymly habara garaşmaýardy. Häzir oňa dünýäde hiç bir zat gerek däl. Ol bu habary eşiden gününiň ertesi iň soňky iki goýny, hemişekileri ýaly, Uzuk bilen ýanma-ýan oturyp sagyşdy. Bu wagt Orazsoltan eje süýdüni gazana guýmaga gitdi. Bular açyk arkaýyn sözleşmäge wagt tapdylar. — Uzuk, sen menden gizlin, ikimiz hakda hiç bir gürrüň eşitmediňmi? — diýip, Berdi gürrüňe başlady. — Ýok, ol nähili gürrüň? — diýip, Uzuk kädisini gapdalynda goýdy. Berdi: — Eşitmedik bolsaň, seni maňa berjekler — diýende. Uzuk utanjyndan ýüzüni aşak saldy. — Uzuk, hany dogryňy aýt, sen şeýle gürrüňi hiç eşitmediňmi? — diýip, ol Uzugyň goşaryndan tutdy. — Çynymy aýtsam eşitdim. Berdi Uzugyň goşaryny goýberip: 17 — Hany neneňsi eşitdiň? — diýip, has içginsiredi. — Gürrüň edip otyrkalar, çatma diňledim. — Näme onda düýn, gül ýygyp ýörkäň, maňa aýtmadyň? — diýip, Berdi Uzugy özüne çekdi. Uzuk ýüzüni aşak salyp, ýuwaşja ses bilen: — Aýrylsana, oglan!—diýip, Berdini itekledi-de, — aýtmaga utandym — diýdi. Orazsoltan ejäniň gelmegi bularyň gürrüňine päsgel berdi. GARAŞYLMADYK SAWÇY Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr her ýeten... Hem garyplykdan Keminäň içleri otly tütün. IJÄNIŇ bütin jandarlarynyň üstüni garagurum ýaly basan garaňky asmandaky ýyldyzlary uzak şadyýan güldürip bilmedi. Ýeňse kem-kemden sazaryp, agaryp, ýyldyzlary ýeke-ýekeden ýuwutmaga başlady; bütin jandarlaryň üstüni ýeňledip, bir-bir gaflat ukusyndan galdyrdy. Uzuk hem bularyň birinji sapynda turup, özüniň çeper golunyň, ýiti pikiriniň, agyr zähmetiniň döreden gymmatly dokmasynyň ýüzüni açanda, säheriň birinji açylan güli bolup, röwşen ýüzüni ýylgyrtdy. Bu wagt Gün hem ýaldyrap çykyp, bularyň ýüzüne nazar saldy. Üç ýüzüň üçüsi hem bir ýerde birikdi. Gün ýokary galýar, ýalkym salýar; Uzuk çeper elleri bilen çitýär; dokma önýär. Uzuk düýn dokmasynyň iň soňky gölüni gutaryp ýatypdy. Ol ertir irden turup, dokmasynyň üstüne münüp, ýüzüni açdy; düýnki gutaryp goýan gölüniň ýüzüni sypalaşdyryp: G 18 Baryň, aýdyň ýaryma, Derman etsin janyma; Dermanynyň haýry ýok, Özi gelsin ýanyma. Gaýra-gaýra bakar men, Dokma-darak kakar men. Men Berdini görmesem, Eräp-eräp akar men. Gaýra gaýrada galdy, Peýkam ýarada galdy; Çopan oglan söýgülim Menden gaýrada galdy. Gögüň ýüzi gök çüýşe, Dograp düzseler çişe, Şonda-da men dönmenem; Galma, Berdi, endişä. Çal, tüýdügin, şatlasyn, Goýber goýnuň, otlasyn. Bir hepdeden gelmeseň, Uzuk seni ýatlasyn — 19 diýip, erişleriň näzik barmaklaryna görkezýän garşylyklaryndan şatyrdap çykýan sese goşup, ýuwaşja, gamgyn owaz bilen hiňlenip, çitmäge başlady. Onuň gamgyn hiňňildisi özüniň durmuşyndaky köp agyrlyklary bir-bir ýadyna düşürmäge başlady. Suhan baýlaryň gyzlarynyň dokmalarynyň özlerine sep bolýandygy Uzugyň ýadyna düşüp, içini hümletdi: «Ah! Meniň hem dokmam özüme sep bolýan bolsa bolmaýamy... Arman, men kesen günüm baý aýaly Nurjemala ýarysyny bermeli-dä! Dokmany iki kesip, paýlaşyp hem bolmaýa. Nurjemal — Siz paýyňyzy sataýyň — diýip, ejemiň içine-daşyna geçip, meniň dokmajygymy öz gyzyna sep eder... Ah, garyplyk nämeler etdirmeýä?!. Eger-de şu dokmanyň ýüňi bilen reňkini tapýan bolsak, ýarpasyna dokarmydyk?... Aý, bolýa-da!.. Ataň mydama çopançylykda, özüň çopan gyzy... Bu garyplykdan, bu agyr günden, bize hiý gutulmak barmyka?!» Uzuk şeýle pikirler bilen agyr gününiň derdini çekip, başyny galdyrman, dokmasyny çitip otyrdy. Bu wagtlar gün ýokary galyp, gözýetimden geçýän ýeňseki ýabyň gyrasyndaky agaçlaryň depesinden ýagşy ýokary saýlanypdy. Bu ýabyň bäri goltugyny syryp, köprä gelýän ýol bilen bir atly, atyny säpjide-säpjide, obanyň duşuna geldi. Atynyň sag jylawyny çekdi-de gamçylaryna bir goýup, atyny gorduryp, göni oba garşy gaýdyberdi. Atly ýakyn geldigiçe, Uzugyň ini gowşap, bir zat syzan ýaly boldy. Bu adam hä diýmän, Myrat agalaryň gapysyna gelip, ýaly-guýrugy gara, maňlaýy sakar suwdan çykan ýaly mele atyň başyny çekdi. Uzuk assyrynlykdan seredende, egni gyrmyzy donly, üstünden ýüzükden ötme mele çäkmen geýen, başy gara silkme telpekli, aýagy maşat gülli joraply, gyrma köwüşli, galyň ýüzli adama gözi düşdi. Bu adam gyrygraga-da şar gara sakgalyna timar berip: 20 — Myradyň öýi şümüdir? — diýip sorady. Orazsoltan eje dokma kepbeden çykyp: — Hawa, Myradyň öýi-hä şüdür — diýdi. Myhman atynyň başyny onda-munda çekjek ýaly edip, gazyk gözleýän ýaly, töweregine seretdi. Orazsoltan eje: — Düşüberiň. Bar, Durdy jan, myhmanyň atyny tut! — diýip, özüniň on iki-on üç ýaşlaryndaky ogluna buýurdy. Durdy dokma kepbäniň içinden çykyp geldi-de, aty jylawlap: — Düşüň, men aty daňaýyn — diýdi. — At bimazadyr. Men özüm daňaryn; ýöne sen maňa gazyk tapyp beräý — diýip, myhman atdan düşdi-de, eýeriň gaşyna ildirilen irişme bagy alyp, külterini çözmäge durdy. Durdy öýleriniň töwereginde gazyk ýokdugyny ýagşy bilse-de, ýene bir hili tama bilen duran ýerinden teweregine garaňjaklap: — Gazyg-a ýokdur. Ynha, kepbämiziň aňyrsyndaky ýylgyna daňaýyň — diýip, myhmanyň öňüne düşüp, ýylgyny görkezmäge ugrady. Myhman. Durdynyň tapyp beren ýylgynyna atyny daňandan son, Orazsoltan ejäniň: «Öýe giräýiň» diýen sözi bilen öýe girdi. Orazsoltan ejäniň çep dulunda iki başyna kerpiç goýlan tagtanyň üstünde üç sanyjak köneje ýorgan galdyrylan saryja sandyk durdy; sag dulunda bolsa ýarym bogdajyk undan başga hiç bir zat görünmeýärdi. Üzükleriň deşiklerinden bolsa gün naýza tutup, hiç otyra ýer goýmaýardy. Sag dulunda tozmaga az galan tatary halyçajyk, törde düýp keçesiniň deşiklerinden gum syraşyp ýatyrdy. Myhman işikden girende, oturjak ýerini pikirlense-de, bildirmedik bolan bolup, tatary halyçanyň tör gyrasyny basybraga-da, ýeňseräk oturdy welin, oturyşyndan asla oturmaga tebähediniň çekmändigi bildirdi. 21 Orazsoltan eje gaýnyndan galan iki çäýneklijek garaja tüňçesini oda goýup, jüründiklenen gemrijek çäýneginiň diş açan agzyny süpürişdirip, çuňňur oý-pikir içinde oturdy. Myhman aýbogdaşyny gurup, gamçysynyň sapy bilen halyçanyn ýüzüni sypalap bolup otyrka, Uzugyň ýarty ýüzi dokma kepbäniň, içinden ýaňy dogan ýarym aý ýaly, görnüp durýardy. Uzugyň salgym atýan röwşen ýüzi myhmanyň mährini özüne çekip, seretmäýin diýse-de, bikarar edýärdi. Myhman bilen Orazsoltan ejäniň arasynda ýakyn sözleşik gitmeýärdi. Bu wagt daşarda kuh-ha-kuh-ha-a edip, üsgülewük eşidildi. Bu üsgülewük uzyn hataryň ýaşulusy, aňyrsyz-bärsiz mal-mülküň eýesi Suhan baýyň üsgülewügidi. Ol tükenmez baýlygyň eýesi bolsa-da, iýipiçip bilmän, malynyň daşyndan guwanyp ýören husyt süýthor bolansoň, ýüzüne «Suhan baý» diýseler hem, ýeňsesinden uly il oňa «Suhan gaty» diýerdi. Hezir ol Durdynyň çakylygy boýunça howlugan kişi bolup gelýärdi. Onus aýagyndaky ýag degmän, güne guran, hokga köwşüniň çagşyldysynyň güýçlenip, ýakynlap gelmesi hem hä diýmän öýe girjegini aýdyp durdy. Salmyny bermän, togalak ýogyn burunly, gür çal sakgally, goçjak gorkajyk gözleriniň üstüne ösgün gaşlary dökülip ýatan, kelte boýly, garynlak, ýüzüni et basan adam gapyda peýda boldy. Bu adam myhmana gözi düşen badyna, howlukmaç: «Salawma...» diýip, salamyny soňlamanka, sag aýagyny aman-sag içeri atdy. Emma çep aýagyny içeri atmanka, apgyrdyna basan hokga köwşüni daş işikde aýagyndan gaçyrdy. «Häý, peläket-eý...» diýip, köwşüne käýinjiräp, yzyna tagaşyksyz dolandy. Gaçyran köwşüni aldy-da, «päheý...» diýip, iç işige gowuşgynsyz oklap goýberdi. Ýakasy kir bilen gatap, damagyny çaljak bolup duran biz köýneginiň üstünden ýasgynjaň atynan ala biz ýektaýynyň bir taýyny egninden gaçyrdy. Ony göterjek bolanda, garnynyň üstünden elini ýetirip bilmän, öz daşyna bir aýlandy. Soňra ýektaýynyň egnini götermän: 22 — Essalawmaleýkim — diýip, iki elini uzadyp, myhman bilen görüşmäge ugrady. Myhman Suhan gaty içeri girenden, onuň bilen görüşmek üçin ýerinden turup, taýýar bolup durdy. Bular görşüp, ikisi hem aşak oturdy. Myhman: — Soraşyň, Suhan aga — diýdi. Suhan gaty myhmanyň, sarpasyny saklap: — Aýdyberiň — diýdi. Emma myhman açyk göwnünden has berk: — Sizdendir — diýensoň, Suhan gaty: — Amanlykmydyr? — diýip, ýaşululyk görkezdi. Bular saglykamanlyk soraşansoňlar, Suhan gaty: — Ýaňy oglanlar: «Gözenekden bir atly geçdi» diýdiler welin, şol Siz ekeniňiz-dä? — diýip, Orazsoltan ejäniň demläp uzadan çäýneginiň birini myhmanyň öňüne süýşürip, ikinjisini hem öz öňüne çekdi. Gaýtarmak üçin käsesine guýan çaýynyň reňkini goýurak gördüminätdimi, käsäniň erňeginde burnuny goýup, ysgap gördi-de, bir hili sypaýyçylyk bilen raýyny tapan kişi bolup: — Orazsoltan, çaýyň garamydy? Gök çaýyňyz bolmasa, bizden alaýsaňyz bolmadymy? Bar, Durdy, bizden gök çaý alyp gel — diýip iberdi. Orazsoltan eje myhmanyna hiç bir hezzet-hormat edip bilmän, iki elini gowşuryp oturanyna gaty utanýardy. Emma onuň çaý hakynda aýtmagy urna boldy. Orazsoltan ejäniň utanjyndan ýüzüniň ýedi gat derisi düşdi. Şeýle bolsa-da, onuň ömür ýetmezçilikde Suhan gatylara salan dilegleri özünde bir berk gylyk döredipdi. 23 «Dileg salmak üçin, şolaryň gapysyndan baryp, boýnumy buranymdan garyp öýümiň ortasynda ajymdan gatap galanymy has abraýlyrak görýän» diýip, ýekeje okarajyk uny dilemän, aç ýatyp ýören günleri hem bolardy, çünki iň bärkijesi, Orazsoltan eje ýetmez gününde diläp alan ýekeje atym çaýyny wagtynda üzüp bilmände, baý aýallarynyň, ýetirýän şalpak dilleri Orazsoltan eje bilen onuň çagalarynyň içinde sönmez ot bolup, olarda berklik hem namyslylyk döredýärdi. Orazsoltan eje hemişekiligi ýaly, agyr oý-pikirler içinde galdy. Myhman Suhan gatynyň uzadan çäýnegini öňüne süýşürip, käsesini doldurdy-da: — Suhan aga, henizem düýeleriňiz Hywa gatnaýandyr? — diýip söz gatdy. — Hawa, Bekmyrat baý, düýelerimiz-ä gatnaýandyr. Gidenlerine ep-esli wagt boldy. Her gün diýen ýaly gözümiz ýolda, gulagymyz jaňda; nesip bolsa, şu gün-erte inäýmezmikäler? — Aý, inerler-le, ýükleri näme bolmalydyr? Dondur? — Hawa, biziňki don bilendir. — Donam şu zamanda haýyrsyz haryt däl. — Aý, Bekmyrat baý, don-a haýyrsyz haryt däl welin, söwdasyny oňarmak gerek. Biziň ýaşkiçilerimiz şony gaty oňarmaýalar. «Söwdada ataňy sylama» diýýä. Onda näme bir köpügi üzüp-ýolup alyp bolsa, almak gerek. Emma biziň ýaşkiçilerimiz şoňa gezek galanda, gowşaksy geläýýäler. Oňa görä men özümem şolaryň bir ýanynda bolmasam bolman. Algy-bergi salyşjak adamlarynam oňat bilmeýärler. Il hem örän erbet bolupdyr, bir köpüklik zadyňy ynanmaly däl. Arada biziň Orazdurdymyz don satyp otyrka, bir pes boýluragada guýlan ýaly, eginlek, gara gyrçuw ýaş ýigit oglan bir dony aldy welin, puluny 24 sanap berende, bir rupyýasy ýetmedi. Oturan adamlar: «Aý, bir rupyýasy ýetmeýän bolsa beräýiň; kişik hakyny iýjek adam däldir; soň getirip berer» diýişdiler welin, menem ýeser ýaly, Orazdurda: «Aý, bolmasa beräýsene, soň getirip berer-dä» diýip aýdaýypdyryn. Ynha, bir aý dagy boldy welin, şol yzyny köwlemän gidişi. Men-ä oglanlara: «Bazarda-ojarda göräýseňiz, masgara edip, ýakasyndan tutup alyň» diýýän welin, asyl duş gelmeýä. Şol oglan öz-ä siziň töwerekleriňizdenmiş. Şony bir biziň, üçin görüp aýdarsyňyz-da, Bekmyrat baý! — Kimkänaýt ol? — Dyrryň diýdimi ýa Girriň ogludyryn diýdi... — Dogry, tanadym. Men baran badyma, oglanlaryň birine aýtdyraýaryn. — Ah, şeýdäýseňiz-ä, biziň ýumşumyzy bitirýäsiňiz, Bekmyrat baý — diýip, Suhan gaty oýmanjyrap, ýerinden gozganmady-da, eňeginiň aşagyna düýrläp oturan sakgalynyň bir çogmagynyň ujuny ýokaryk göterip, agzyna saldy. Bekmyrat baý sypaýyçylyk bilen: — Aý, bular ýaly zadyň biz üçin işligi ýok-la — diýdi-de, Suhan gatynyň şunça zadyň arasynda taklap, iki şaýyň üstünde ugursyz gürrüň edip oturyşyna öz içinden gahary gelip, onuň bu gürrüňini başga tarapa ýazdyrmak üçin — ýeri, Suhan aga, dünýäde näme gep-gürrüň eşidýäsiňiz? — diýdi. Suhan gaty sakgalynyň agzyna salan çogmagynyň ujundan dişi bilen kertip alan gyllaryny «tüf, tüf, tüf» edip, üç gezek yzly-yzyna tüfläp çykardy-da: — Dünýä gürrüňi bolsa, Siz aýdyň. Biziňki näme, Hywa ýoly bolmasa, ýa Mary bazarynyň söwdasy bolmasa, ýa-da çölde 25 goýunlaryň ýagdaýy bolmasa, başga zatdan kän habarymyz bolmaz — diýip, ýene sakgalynyň ujuny agzyna saldy. — Aý, Suhan aga, gep-gürrüňem näme «Ilde gep köp, Mekgede—arap» diýenleri. Onam diňläp ýörmäge bir boş wagt gerek — diýip, entek söze başlamanka, Suhan gaty: — Hany «Bu ýyl daýhanlara pagtalyk beriljekmiş» diýýäler-le, bu dogrumyka? — diýip, eliniň ýeňsesi bilen eňeklerini gazaşdyrdy. Soňra gazap bulaşdyran sakgalyny barmaklary bilen daraşdyrdy. Bekmyrat baý ardynyp: — Hawa, pagtalygam basym berip başlajak. Şol meniň pagta alyp berýän hojaýynym «Gelen ýyla näçe alynsa, pagtalyk bermeli» diýýä. Şu gün hem şonuň ýanyna barmalydyryn — diýip, sözüni soňlap-soňlamanka, Suhan gaty: — Hawa, Siziň şol hojaýynyňyzyň adyna näme diýýäler? Ady bellär ýalam däl — diýip sorady. — Onuň adyna Abanys diýýäler. — Hawa, hawa, Abanys. Şol Abanys ermeni şunça pagtany özi alýamy? — Aý, ýok, Abanys — meniň, hojaýynym. Onuňam hojaýyny bar. — Eý-ho-oý, şeý diýseňiz-le. Şunça pagta Siziň, eliňizden geçýä. Size-de haýyr galýa. Abanysyň elinden geçýä, oňa haýyr galýa. Iň soňunda şol uly hojaýyna-da haýyr galýandyr. Bu şu elden ele geçip, haýyr galyp gidip oturmaly-da... — Hawa-la, ol uly hojaýyna galýan haýryň ýanynda biziňkem bir haýyrmy? 26 — Eý-ho-oý, şeý diýseňiz-le. Bu pagtalyk berilýän pullaryň ählisem-ä Siziň eliňizden geçýä. Ondanam-a haýyr galýandyr? — diýip, Suhan gaty bahyllyk bilen sorady. Bekmyrat baý onuň, bahyllyk bilen soraýanlygyna düşünse-de, düşünmediksirän bolup: — Hawa-la, «Bal tutan barmagyny ýalar» diýipdirler. Haýyr galansoň, ugrunda ylgalýa-da. Gury ýere siňek gonýamy näme? — diýip, hoşallyk bilen murtlaryny sypaşdyrdy. Suhan gaty: — He-e...— diýip, başyny aşak-ýokary ýaýkady. Ol pagtalygyň süýthorlyga zyýan ýetirýändigini bilýärdi. — Pagtalyk almagyň süýdüne almakdan neneňsi-de bolsa, amatlyrak ýeri bar bolsa gerek — diýip, öňden pikirlenip ýördi. Ana, häzir şol pikir astynda sakgalynyň bir çogumyny iki barmagynyň arasy bilen gapjap, agzyna ýetirdi. Gaty närazyçylyk bilen ýüzüni galdyrman: — Elbetde, pagtalyk almagyň, süýdüne almakdan bir amatlyrak tarapy bardyr-da? — diýip, ýüzüni keseräk sowdy. Bekmyrat baý Suhan gatynyň göwnüniň bozulandygyny bildi. Ony biraz ruhlandyrjak bolup: — Aý, Suhan aga, dogrusyny aýdanda, pagtalyk hem süýdüne berenden şeýle bir üýtgeşik däl. Süýthor: «Ynha, saňa bir tümen, gelen ýyl iki tümen edip getirsiň» diýýän bolsa, bizem: «Ynha, saňa on tümen, pagtany başga adama satmaga hakyň ýok. Özünem arzan bahadan aljak» diýýäs. Ol on tümenlik pagtaň ýerine ýigrimi tümenlik pagta geçirse, biziň hem on tümenimiz ýigrimi tümen bolýa. Ýene biriniň ady «süýdüne» bolsa, biriniň ady «pagtalykda ». «Süýdüne pul almak hem dürs dälmiş» diýen öňden gelýän söz bar. — Pagtalyk almak dürs dälmiş — diýen öňden gelýän söz ýok. Ana, ikisiniň tapawudy şol ýerde — diýip, ýah-ýah edip 27 güldi; ýüzleri ýagtylyp ruhlandy; sakgalyny sypalaşdyryp, murtuna timar berdi. Suhan gaty hem oturyşyny üýtgetdi. Biraz ruhlanan ýaly boldy. Köne telpegini çykaryp, başyny, ýeňsesini sypalaşdyrdy. Bu mahal Bekmyrat baý tüýnügiň gününe seredip, gozgalaň tapdy: — Suhan aga, ondan-mundan gürrüňleşip, gaty köp oturaýdyk öýdýän; gün hem gijigip barýan ýaly-la. Indi habarymyzy alyp, rugsat berseňiz, men gaýdaýsam... Şähere-de barmalydyryn, Abanys hojaýyny görmek işim bardyr. Olam: «Beňkden birneme pul aljak, indiki ýyl üçin daýhanlara pagtalyk bermek gerek» diýýädi. Şol pul alan bolsa, görmegim gerekdir. — Köp ýagşy iş, habarlyja gelen bolsaňyz, habaryňyzy berip oturyň? — diýip, Suhan gaty hiç zatdan bihabar bolan boldy. Bekmyrat baý sakgalyny sypaşdyryp, ýüzüni aşak saldy-da: — Biz-ä şu Myrat agalar bilen täzeden bir gatnaşyk açaýaly diýip çykypdyk — diýip, murtlaryny ýokarrak göterişdirdi. Suhan gaty: — Aý, olar ýaly habaryňyz bar bolsa, örän ýagşy habar. Ynha, Orazsoltan bar. Hawa, Orazsoltan, myhmanyňyzyň-a habaryny eşitdiňiz. Indi siz näme diýýäsiňiz?— diýip, Orazsoltan ejäniň ýüzüne seretdi. Orazsoltan eje birden üstüni aldyran ýaly bolup, näme diýjegini bilmän: — Biziň-ä entek gatnaşyk açyp-açmaz ýaly, ýetişip oturan maşgalamyz ýok...— diýip, gepini soňlap-soňlamanka, Suhan gaty agzyndan kakyp: — Ýetişip-ýetişmez ýaly aýal maşgaladyr-da, ony ýetişdirjek bolup oturmazlar. Aýal maşgalany kebelek ýaly başyňdan aýlap goýberenden gowusy ýokdur—diýdi. 28 Orazsoltan eje näme diýjegini bilmän, endişä galyp: — Men bir — aýal adam, meniň bilýän zadym ýok — diýip, bularyň öňünden sypjak boldy. Emma Suhan gaty ony sypdyrmady: — Orazsoltan, «Bilýän zadym ýok» diýip, gümürtige saljak bolup oturma. Göwnüňi giň tut. Gyzly öýüň gapysy açylsa ýagşydyr. — Gyzly öýüň gapysy açylsa, ýagşydygyny bilýäs welin, entek açyljak wagty gelenok-da. Myhmanam ýoluny üýtgetmeli bolar-da — diýip, Orazsoltan eje sözüni soňlamanka, Suhan gaty onuň sözüni kesdirdi; gaharyna gara gany ýüzüne urup gyzardy; ýene giňlige salan kişi bolup: — Orazsoltan, menem-ä siziň abraýly ýeriňize şärikdirin. Şu çaka çenli sizem öz birim hasaplap gelýädim. Ýöne beýle zada sizden garaşmaýadym. Juda meniň diýenime gulak asmajak bolsaň görersiň-dä. Gyz siziňki. Ene — sen — diýip, manysyna neneň düşünseň düşünäýmeli edip, keseräk-keseräk gepläp goýdy. Orazsoltan eje ýüzüni aşak salyp oturyşyna sarsman: — Gyzymyň ygtyýary özümde bolsa, entek çykarjak däl — diýip, Suhan gatynyň ýüzüne çala seredip, ýene gabagyny goýberdi. Suhan gaty näçe gahary gelse-de, ýene-de sypaýyçylyga salan bolup: — Aý, maşgalaňyzyň ygtyýary özüňizdedir. Orazsoltan. Maşgalanyň ygtyýary ene-atada bor. Ýöne şonuň atasyny çagyraýsak näderkä? Atasy bilen hem öz araňyzda maslahatlaşyp görerdiňiz-dä... — diýip, Orzasoltan ejäniň ýüzüne gülümsirejek ýaly edip seretdi. 29 Orazsoltan eje adamsynyň oba gelip gitmegine mydama şatdy, çünki ol oba örän az gelip gidýärdi. Şonda-da «Çagyrsaňyz çagyryň» diýmekden başga hiç bir zat aýtmady. Bu sözden soň Suhan gaty: — Hawa, Bekmyrat baý, enesiniň sözüni diňlediňiz. Ene-dä, ene näme her wagtam gyzyny çykaranda gyýylýa-da. Atasynam çagyrsak maslahatlaşarlar, görerler. Belki, razy bolarlar — diýip, myhmanyň ýüzüne syrly seretdi. Bekmyrat baý. Suhan gatynyň gözüne seredip, onuň syrly seredişinden köp zat aňdy: — Bolýa-da onda, Orazsoltan, sizem onda gaýşyp oturmaň. Ynha, gatnaşyk açarys; süýjülik bilen gatnaşarys. Hawa, onda bizä rugsat berseňiz gaýdarys — diýip, turmak üçin elini ýere urdy. Suhan gaty: — Turjakmysyňyz, otursaňyz bolmaýamy?.. Hawa, ugrajak bolsaňyz rugsatdyr. Orazsoltan, myhmanyň aýdanyny diňlediňizmi? Bekmyrat baýlar ýaly adamlar bilen gatnaşyk açyp bilseňiz, näme armanyňyz bar? — diýensoň, ýerlerinden turuşdylar. Bekmyrat baý gamçysynyň sapyny oýnap duran ýerinden: — Ýagşy, hoş wagtyňyz — diýip ugrady. Orazsoltan eje: — Hoş geldiňiz — diýip, pikir penjesine girip galdy. Suhan gaty Bekmyrat baýy atardy. Ony ugradan kişi bolup, tä obadan çykýança gapdallap gitdi. Obadan saýlanýança, mesawy gürrüň eden bolup gitdiler. Obadan saýlanyp, çola çykansoňlar, Bekmyrat baý atynyň başyny çekip, töweregine bir seretdi-de: 30 — Suhan aga, bir zady telegräk edäýdik öýdýän. Men şolaň göni öz öýüne düşäýdim welin, ilki siziňkä düşüp, soň bile baraýan bolsak hem boljak ekeni — diýdi. — Aý, ýok, göni öz öýüne baryp düşdüň, gowy etdiň. Gaýtyp, ol has hormatladygyň bor. Olaryň öýüne är ömründe özüňiz ýaly atly-abraýly adam gelip düşen däldir. Gaýtyp, olar minnetdar bolar. — Häý, başdan-a heleýiň tary çekikdi welin, Siz eýleň-beýleň diýeniňizsoň, gowşaşan ýaly etdi. — Päheý, gowşamasa bolmaz ahyry. Ynha, äri bir gelsin bakaly, asyl mumly ýüplük ýaly bolarlar. Bekmyrat baý Suhan gatynyň: «Mumly ýüplük ýaly bolarlar» diýen sözüne hoşal boldy; ýylgyryp, murtlaryny sypalaşdyrdy: — Aý, özüňiz bir zat edersiňiz-le, Suhan aga. Wadada wepa bolmalydyr ahyry — diýip güldi. — Päheý, wadada wepa gaty bolmalydyr. — Ýagşy, bolýa onda Suhan aga. Hoş wagtyňyz. — Hoş geldiňiz. — Onda bazarda görşeris-dä. — Hawa, bazarda görşeris. SYRLY ÇAKYLYK ÜN uzak ýoluny ýöräp, ikindi ýerine geldi. Asmanda gozgalaň ýok, çüýşe ýaly dup-dury. Töweregiňe seretseň, tükeniksiz aňňat-aňňat gumlardan, olaryň üstüne biten uşakly-irili ösümliklerden başga gözüňe kaklyşýan hiç bir zat ýok. Ynha, şu giň meýdanyň göwsünde agdarylyp-dönderilip ýören sürüli goýnuň yzynda inçesagt, agrasragada uzyn boýly, selçeň G 31 mäş-bürünç sakgally bir pyýada egri taýagyny egnine atyp, itini yzyna tirkäp, goýunlaryň sagyndan aýlanyp ýörýärdi. Bu pyýadanyň beden gurluşynda, hereketinde berklik, zähmet söýenlik, çydamlylyk görnüp durýardy. Onuň ikindisi-agşamy geçjek aladasy bolmasa-da, günüň ýaşmagyndan bir zat garaşýan ýaly, garşy güne seredip, ýene gündogara-da garaýardy, sebäbi onuň azyga giden çolugy Berdi şu gün-erte gelmelidi. Çopanyň çörek garasyny görmänine iki gün bolup barýardy. Emma Berdi geljek wagtyny geçirdi, gelmedi. Belki, ýollarda azaşandyr. Berdiniň gelmezligi her bir tarapdan gorkuly: ol suwsuzlykdan ölse, bu ýerde çopan-çoluk açlykdan horlanmaly, goýunlaryň birine bir zat bolup, çopanlar aman gutulaýanda-da, soňra çopanlara eýgilik ýokdugy şübhesizdi. Çopan bu zatlary ýeke-ýekeden gözüniň öňünden geçirýär. Beýik alaňlaryň üstüne çykyp, Berdiniň ýoluna seredýär. Howlugýar, darygýar... Gün ýaşyp, garaňky düşdi; asmanda ýyldyzlar patrak ýaly boldy. Beýik-beýik depeleriň üstünde çolugyň geljek ugruna ot ýakýarlar, emma çolukdan derek ýok. Myrat aga wagtal-wagtal tamasyny üzüp, ýerine baryp oturýar. Ýene ýüregi diýen etmän, turup, onuň geljek ugruna seredýär. Garaňky gijäniň içinde her bir garalyp görünýän çeti-çerkezlere aldanýar. Her bir gözüne görnen garanyň ilki gymyldaýandygyny aňşyrjak bolup, eglip-eglipler seredip görýär. Aňşyryp bilmese, itini küşgürip görýär; bolmasa, özi ýakynyna baryp, barlap gorýär. Soňabaka Myrat aganyň töweregi doly gara bolup galdy, olaryň her biri hem onuň gözüne çoluk bolup göründi. Ynha, şu garalaryň arasynda bir üýtgeşik gara görnen ýaly boldy. Emma ol üýtgeşik gara Myrat aganyň gözi düşmezden ozal, 32 itleriň gözi düşdi. Itler ok ýaly bolup topuldylar. Şol halatda «Ýolbars! Aždar!» diýen ses Myrat aganyň gulagyna eşidildi. Myrat aga hem şatlykda, hem gaharda, alňasan ýaly, geleniň öňünden çykyp: — Aý, geldiňmi-ow; näme beýle gijä galdyň? Biz-ä azaşyp gitdiňmikäň öýdüp, gaty howlukdygam. Birneme wagtragynda gelerler...— diýip, çolugy goşa getirip, azygyny düşürişdirmäge durdy. — Aý... hojaýyn bir ýere giden eken-ä; «şol gelýänçä gitme» diýip sakladylar-da. Ol hem geler ýerde gelmedi. Ahyry ýüzüni bazardan gaýdan öküziň ýüzi ýaly edip, bir ýerden geldi. Men-ä näme etjekkä diýip, ýüregim hem ýaryldy. Hernä ahyry haýyr. «Baran badyňa, Myrada aýt, bazar gününe çenli hökman gelsin» diýdi. — Be... maňa gelsin diýdimi? — Hawa. — Meni näme etjekkä? — Aý, näbileýin, onuň bilen näme gepleşip oturyp bolýamy? «Myrada aýdyp goýber, gelsin» diýdi; — bolýa — diýdim. — Be... bazar gününe ýetişmeli bolsa, onda häzir ugrabermeli-dä? — Hawa, häzir eşegiňi mün-de ugraber. — Men-ä iki günden bäri ajam öldüm. — Ajygan bolsaň, men birazajyk nan getirdim. Ynha, şuny iý-de ugraber — diýip, Berdi goltugyndan ýarym tegelekden gowrak nany çykaryp, Myrat aga berdi. Myrat aga ony demli duran çaý bilen iýmäge başlady. Berdi: — Hany Esen? — diýip, özüniň ýoldaşyny sorady. Myrat aga: 33 — Esen ýaňy bir lagar galan goýun bardy, şol galypdyr, şony gözlemäge gitdi. Ol basym geler. Goýunlara möjek-şagaldan häzir boluň. Birden bolmaz iş bolaýsa, ol doňuz hojaýynyň öňünde durup bolmaz — diýip, eşegini münüp, oba garşy ugrady. Myrat aga ugran badyna, Esen lagar goýny getirip, sürä goşdy-da, Berdä degmäge başlady: — Ýeri, halypa, aman-sag geldiňmi? Bizi gorkuzdyň. Uzuk janyň gurgunmy, onuň-a gül ýüzüne seredip, hezil edinensiň. Aý, oba men gitjekdim welin, saňa goý söýgülisiniň ýüzüni bir görsün diýdim-de... Berdi gaty gamgynlyk bilen derdinmäge durdy: — Aý, halypa Esen, ikimize olar ýaly zat ýetjek däl öýdýän. Gorkym köp. Uzugym elimden gidermikä diýýän. Myrat agany çagyrdylar welin, bolsa, şonuň üçindir, halypa. Obada aşaklykdan bir hymyr-symyr gürrüň bar ýaly boldy welin, men aňyrsyna ýetip bilmedim. Ýöne Uzugy çykaraýjaklarmyka diýip oýladym. Halypa, her zat diýseňem, Uzugym gorkulydyr. Ýöne Uzuk elden gidäýse, meniň ýüregimde dert goýar. Aý, halypa, Uzugymyň ýüzüni salyk gördüm. Näçe ýekelikde görüp soraýyn, hem diýdim weli, hiç çemini tapmadym.... * * * Myrat aga çöl-beýewanda, garaňky gijäniň içinde ýekeden-ýeke eşejigini dikgirdedip sürüp barýar. Ýüz-müň oý-pikirler onuň başynda: hojaýyn gör näme iş üçin çagyrypdyr? Belki, öýünde bir betbagtçylyk bolupdyr ýa-da onuň tarapyndan bir ýaman gep-gürrüň eşidipdir.... Bularyň hiç biri entek Myrat aga mälim däl. Ol oýlanýar, pikirlenýär, baş çykaryp bilmeýär. «Herne eýgilige bolsun-da» diýip, ýagşa ýorup goýýar, emma ýagşy ýorgut ýüregine ýeňillik bermeýär. Giň ýürek daralýar, howlugýar; tiz 34 baryp, aýgydyna ýetsem diýip, eşegini näçe depgiläp sürýär. Eşek gaty howlukmaýar; ol aýaklaryny, hamyr ýugurýan aýalyň ýumrugy ýaly, sogrup alyp, ýene urup, hypyr-sypyr, hypyr-sypyr edipjik, öz maýdaljygyna ýygyja-ýygyja basyp gidip barýar. Meýdan giň. Ýol daş. Birmeňzeş gum-gukluk. Eşegiň aýagynyň sesinden başga ses-üýn ýok. Asmanda ýyldyzlar, ýerde çeti-çerkez, selin-sazak; aňňat-aňňat gumlaryň arasynda ýekeje özi eşegi bilen, ýesir düşen ýaly, boýnuny burup, beýik-beýik depeleriň, ýasy-ýasy ýapylaryň duşundan geçip gidip barýar. Asmandaky ýyldyzlaryň, ürken goýun ýaly, barynyň ýüzi gündogardan günbatara. Birnäçeleri, misli deňze dökülen daş ýaly batyp, görünmez bolup gidýär. Ýeňsede bolsa täzedentäze ýyldyzlar dogşup durýar. Ynha, şu dogan ýyldyzlaryň arasynda Ülker, Aralyk, Ýaldyrak, Üç ýyldyz ýaly ýyldyzlar hem dogup tirkeşenlerinden soň, Daňýyldyz dogup, ýokary galmaga başlady. Daňýyldyz ýokary galdygyça, aşagy agaryp, onda-munda gögerişip oturan çöp-çalamlar görnüşip, töwerek giňän ýaly bolup başlady. Ynha, bu mahallar gündogardan salkynja, ýuwaşja şemal turup, ösümlikleri herekete getirdi. Soňrak gün hem syçrap çykdy. Gün ýokary galdygyça, ýaňky öwsüp duran ýuwaşja şemal biraz güýçlenip, Myrat aganyň ýeňsesine dolandy-da, onuň bilen bir ugurdaş, deň ýoldaş boldy. Entek ýol örän daş. Myrat aga bu gün, uzakly gün hereket edip, güni ýaşyryp, garaňkyny düşürdi. Ikinji gijäniň ýarymynda tükeniksiz gumlary egninden aşyryp, gün dogýança, ol çägelerden ýagşy arany açdy. Ol häzir aňyrsyz-bärsiz giň meýdanyň bagryny dilip geçýän çopan ýoly bilen inçejik tilki tozanyny turzup gidip barýar. Birhaýukdan günüň aşagy bilen Suhan gatynyň küdeleri, öýleriniň tüýnükleri görünmäge başlady. Myrat aga oba ýakynlaşdygyça, ýüregi urup, inleri çümşüldeşýär. «Nähili habar eşiderkäm?» diýip howlugýar. Ylaýta-da Uzugyň dokma daragynyň sesini eşitjek bolup, daş ýerlerden gulak salýar. Gyzynyň daragynyň sesi gulagyna ilse, ol tanajak, çünki 35 Uzuk ejesi bilen kakanda, ejesiniň daragy pes düşüp, daraklaryň sesi «sögüşip» çykýardy. Uzugyň ýeke özi kakanda, her elinde bir darak, bütin daraklaryň sesinden aşyp, al-asmana göterilýärdi. Myrat aganyň gulagyna Uzugyň daragynyň sesi gelmezligi ony gaty howlukdyrýardy. Ol eger gyzynyň daragynyň sesini eşitse, onuň kakyşyndan nä haldadygyny biljek. «Bular nä haldakalar?» diýip, öýüne ýetip barýarka, işigindäki kepbäniň içinden Uzugyň daragynyň sesi çykdy, emma hemişeki güpürdäp asmana göterilýän daragyň sesi gaty pes hem haýal çykdy. Gyzynyň, daragynyň sesiniň beýle sus çykmagy Myrat agany öňküsinden-de beter ünjä saldy. Uzuk ýaňy kakymynyň gyrymyny gyryp, bilini ýazmak üçin dikelip, töweregine seredende, kakasynyň taýajygyny öňüne basyp, öýüň ýeňsesine öwrülenini gördi; zöwwe ýerinden galdy-da, dokmasynyň üstünden düşüp, kakasynyň ýanyna bardy. — Geldiňmi, kaka? — diýip, ejap bilen durdy. — Hä, geldim, gyzym — diýip, Myrat aga taýagyny ýere diräp, eşekden düşdi. Ol wagt Durdy: — Kakam gelipdir! — diýip, ylgap gelşine — salawmaleýkim! — diýip, kakasyny gujaklady. Kakasy ogluny gujaklap, arkasyna kakyşdyryp, kellelerini sypalaşdyrdy. Ol wagt eşek dokma kepbä tarap ugrady. Uzuk tutjak bolsa, has gaty ýöräp tutdurmady. Uzuk: — Durdy jan, bar, jigim, eşegi tut — diýip, özi dokma kepbä girip gitdi. 36 ÝAZGYTMY? YRAT aga öýüne girip, egrije taýagyny dulda tärime söýägede, oýlugyny beýle ýanynda goýup, ojagyň başynda çep dyzyny çökerip, sag dyzyna söýenip, köneje donunyň ýakasyna bukup otyrdy. Orazsoltan eje bir eli kündükli, beýleki eli doly bedreli suwdan gelşine işikden: — Geldiňmi? — diýip girdi-de, ojagyň başyndaky tüňçäni alyp, elindäki bedresinden doldurmaga durdy. Myrat aga iki elini dyzynyň üstünde goýup, sakgaljygyny gysymlap oturan ýerinden usullyk bilen başyny galdyryp, agras ýüzi bilen: — Geldim — diýip, oturyşyny bozman, biraz gozganjyrady-da, gülümsirän ýaly edip, — obalar gurgunçylykmy? — diýdi. — Şükür hudaýa, häzir-ä gurgunçylyk. — Aý, gurgunçylyk bolan ýeri ýarýa. Eý-weý-eý... ýadapdyryn öýdýän — diýip gyşardy. — Ýadan bolsaň, ynha, çaý goýaýyn, çaý içersiň. Uzyn gije-de ýatman ýöränsiň? — Hawa, uzyn gije eşegiň üstünde kirpigim çalyşmady. Näme beýle, baý gyssagly habar iberipdir? Men-ä: «Näme bolaýdyka?» diýip, ýüregim hem ýaryldy. Berdä-de: «Obalar saglykmy?» diýsem, «Obalar-a gurgunçylyk» diýdi. Onsoň şol ýerden aldyran ýaly bolup, gara basga galyp gaýtdym. Ol näme üçin çagyrdyka? — Baýdyr-da, näme üçin çagyranda bolmaýa. Özüň näme onuň gylygyna näbeletmi? Kümsüklik edip, bir ýerden bir zat tapmasa, näme onuň iýeni bokurdagyndan geçýämi? M 37 — Aý, ol aýdýanyň-a şeýle — diýip, Myrat aga aýalynyň ýüzüne seretdi. Emma aýalynyň ýüzi gaty salyk bolansoň, bir zat bardygyny aňlap, bu hem ýüzüni aşak salyp, geplemän oturdy. Bu wagtlar Uzuk agyr oý-pikirler içinde; başyndan gör nämeler gelip geçýärdi. Çeper elleri, ýiti pikiri diýen etmän, dogry diýip çiteni ters çykyp, söküşdirip, ýamaşgan çitmeli bolýardy. Atasynyň gelmänine köp wagt geçipdi. Onuň gelmegi Uzugy şatlandyrýar, ýöne bu sapar hemişekisi ýaly atasynyň ýanyna gelip, mährinden doýup bilmeýär. Eneatasynyň ýanyna baryp, hemişekisi ýaly gürrüňleşesi gelýär. Emma bu gezek olaryň ýanyna baryp, gürrüňleşmäge bir hili aýagy çekmeýär. Asla atasynyň bu gezekki gelmegi özüniň ömür gülüniň gunçasynyň üzülmegine sebäp boljak ýaly bolup durýardy. Ýene hem bolsa «Sabyr—rahmandan» diýip, dokmasyny çiten bolýar; emma onuň bütin oý-pikiri çitmekde bolman, ata-enesiniň näme gürrüň edýändiklerini eşitjek bolup, iki gulagy şolaryň gürrüňlerindedi. Ynha, bu wagtlar ejesiniň: — Men baýyň näme üçin çagyrandygyny bilýän. Baý özüniň bir aşnasyny gudaçylyga getirýämiş. Ana, seni hem şonuň üçin çagyrýa — diýen sözi Uzugyň gulagyna degip, duran ýeri aşak çeken ýaly boldy. Bu gürrüňler Uzuga näçe agyr degse-de, ýene onuň gulagyna gaýyp gelip durdy... Myrat aga Orazsoltan ejäniň ýüzüne seredip, gürrüňi dowam etdirdi: — O nähili ýerkä? Nämesi barka? — Nähili ýerdiginiň açyk aýygyna meň özümem entek ýetip bilemok. Özleri-hä örän gurgun, bir köpçülik ýermiş. Şolaryň menä şäher bilen gatnaşyklysam bar öýdýän, pagta alyp berýäminädýämi. Şol, şu ýerik gelip giden adamyň gürrüňinden şeýle aňladym. Şu ýerik gelip giden dört-bäş doganmyş, özi iň ulusymyş. Habar tutdurýan bolsa özünden kiçisimiş, iň ulusyndan kiçisi bolýa-da. Ana, şonuň ozalam bir aýaly barmyş-da, ýöne maşgalasy 38 bolmaýamyşmy-nämemi? Kim bilýä onuň maşgalasy bolýamybolmaýamy? Men bu gürrüňleri Orazmuhammediň aýaly Oguljerenden eşitdim. Oguljereniň özi şol obanyň gyzy, hemmesini ýagşy tanaýa. «Özleri örän kakabaş, bozuk ýerlerdir» diýip, birinbirin gürrüň, edip berdi. Men maşgalamy olar ýaly bozuk ýere, orta ýaşan adama aýal üstüne berip, dirije ýakyp biljek däl. Baý bolsalar, goý bolubersinler. Baý bolsalar, özleri üçin. Olaryň baýlygyndan maňa bir köpüklik haýyr ýok. «At aýlanyp, gazygyny tapar, suw aýlanyp ýarygyny»; goý at bolsa gazygyny tapsyn, suw bolsa — ýarygyny. Goý, baý bolsa, öz deňi bilen gaşaşsyn. Men maşgalamy özüm ýaly garyba berjek; özüniň deňine-duşuna berjek. «At rysgaly alnykda» diýýä. Soň maňlaýlarynda näme bar bolsa görerler. Ýöne men maşgalamy öz elim bilen özüm dirije oda atyp biljek däl. Ynha, senem baýyň ýanyna barsaň: «Meniň maşgalam entek ýaş, hiç kim bilen guda bolup biljek däl» diýip aýtgyn. Ol adamyň öňüne düşüp getirýän hem şu garny ýarylmyş Suhan gatynyň özümişle. Meniň entek ýetişip oturan gyzym ýok. Özüniň ýetişip, ötüşip oturan gyzy bar. Dözmeýän bolsa, öz gyzyny beräýsin! — Aý... emaý bilenräk geplesene! Tamda gulak bar, eşidäýmesinler. — Eşitseler eşidibersinler, o bolmanda, günümiň gülümsiräp durdugymy?! — Bolýa. Onda men baýyň ýanyna baryp, seniň ýaňky aýdanlaryňy aýdaýyn — diýip, Myrat aga ýerinden turup ugraberende, Orazsoltan eje: — Aýu, eşidýämiň? Sen bir ýeke ejiz adamsyň, her hili howatyrlary ýadyňdan çykarmagyn. Suhan gaty bilen ekjeşmegin. Juda sözüňe gulak salman dursa: «Ejesi bilen bir maslahatlaşaly» diýip gaýdybergin. Soňuny bolsa soň görübereris-dä — diýdi. 39 Myrat aga Orazsoltan ejäniň sözüni diňläp, baýyň ýanyna çykyp gidensoň, aradan köp salym geçmänkä, daşarda: — Ýeri, gyzym, arma? Dokmaňy gutarýamyň? Gaýrat et bakaly, indi gutarypsyň — diýen ses Orazsoltan ejäniň gulagyna eşidilen ýaly boldy. Aradan köp salym geçmänkä, Myrat aga dolanyp geldi. Ol: — Baý-ha ýok ekeni. Bazara gitmeli boljak öýdýän. «Geläýse, bazara barsyn» diýip, aýallaryna sargap gidipdir — diýip, iç işige girip durdy. Orazsoltan eje: — Sargap giden bolsa, bazara gidersiň-dä — diýdi. — Hany gitmeli bolsa, ozalam gijä galdym, bir-iki şaýy saraý puluňyz bar bolsa ber. Men ugraýyn. — Biz-ä ertirden bäri bazara duz sargajak bolup, bir köpüksiz, «Kimden dilärkäk?» diýip, töweregimize garanjaklap, şony hem sargap bilmän galdyk. Bolmasa, bazara gitjek bolsaň, baýdan birneme alarsyň-da. — Aý, baýa ynanyb-a, pulsuz bazara gidip bolmaz. — Onda näderkäk, Uzugyň boýnundaky gyranjyklaryň b

Köneler, aysyzgije tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir