gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň, gurruga gaçsaňam tapdyr bir mydar. ýöne weli ikaýakly bendäňi dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam. dostuň bürgüt bolsa - daglara elter, dostuň bilbil bolsa - baglara elter. dostuň elguş bolsa - bir oba elter, dostuň baýguş bolsa - haraba elter. ýekedaban bolsaň - urmak ýaraşar, sandal bolsaň - çydap durmak ýaraşar. şyňk-şyňk edip dursa kiçijik çekiç - şodur içýakgyç. aman, aman... dynmak üçin derdimden, elli ýaşda ýetmiş derman gördüm men. “guş gerek!” diýseler - gapanlap aldym, “gurt gerek!” diýseler - gapanlap aldym, “mumyýa” diýdiler - tüpeňläp aldym. birisinden gördüm - azajyk haraý, birisinden gördüm - müň hili zyýan. ahyry bir güýçden ýeňildi derdim; adam üçin adam - iň uly derman. “bal, bal!” diýmek bilen agzyň süýjänok ýöne beýle ajam bolup baranok. “sag bol!” almak bilen garnyň doýanok, ýöne beýle ajam bolup baranok. - arçynymyza goşgy goşýaň, başlygymyza goşgy goşýaň, brigadire goşgy goşýaň, başgasyna goşgy goşýaň. kaka, kaka, gorkaňokmy? - gorkman, oglum, gorkman, oglum. degirmende doglan syçan gök gürlände gorkmaz, oglum. ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat. ony guraňda-da howlukmaly däl, ony bozaňda-da howlukmaly däl: ony guran wagtyň howlugyp gursaň - kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal. ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň - çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal . ussat bol, iş salyş ussatlar bilen. ussadyň gadyryn ussatlar biler. sakalyň deregin tutsa-da akyl, akylyň deregin tutmaýar sakal. burun ys almaga dil sözlemäge, gulak hem berlendir diňlemek üçin. soň-soň düşünersiň ýene bir zada: göz diýen zat berilendir bir bada hem-ä seretmek üçin, hemem ys almak üçin, hemem sözlemek üçin, hemem diňlemek üçin. ol adam şeýle bir ajaýyp adam, oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. käte ony köpetdaga çykaryp, şo ýerden äleme görkezsem diýýän. emma köpetdagyň belentligi-de entek gözlerime bärräk görünýär. ol adam şeýle bir ýaramaz adam, oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. käte ony çuňly derä äkidip, şo ýerde il-günden gizlesem diýýän emma çuňly deräň çuňňurlygy-da gözlerime has telperräk görünýär. her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý - umytdan düşmeklik namartçylykdyr. her bir kynçylygyň dört tarapy bar: üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr. käbir adam bilen oýun edeňde, ýüzi agarýança oýun etmek bor. käbir adam bilen oýun edeňde, ýüzi gögerýänçe oýun etmek bor. emma dostuň bilen oýun edeňde, çala gyzarýança oýun etmek bor. şondan aňryk gitmek - öte gitmek bor. gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym. seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň. soň görüp biriniň şerraý aýalyn, şolardandygyna ynanmaýarsyň. tüssesiz ot gözläp bir täsin adam, ahyry dünýäden otsuz geçenmiş. bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam. ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş. tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn, tüsseli-de bolsa, otluja bolgun. bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn. köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun. garaşmak diýen zat erbet zat däl. “garaş!” diýdilermi - garaşgyn, oglum. ýöne illere-de garaşgyn weli, iller saňa, saňa garaşsyn, oglum! -“özüňi süýt saýgyn, dostuňy gaýmak!” diýýärsiň sen atam, bu näme diýmek? o nämüçin mydam süýt bolup özüm, dostum hem üstümde bolmaly gaýmak? - oglum, bu igenjiň nahakdyr nahak. özüňi süýt saýsaň, dostuňy gaýmak, onsoň gaýmak saýar dostuňam seni. onsoň senem gaýmak, dostuňam gaýmak. - gul aga ullakan adamam weli, oňa “samsyk” diýýär obanyň halky - oglum, ol şeýle bir ullakan weli, ähli göwresine ýetenok akly. - kelesaň bolsa-da kelhanyň ogly, öz bolup ýörşünden özi-hä hoşal? - oglum, obamyzyň deň-ýary boşar. - ak geçimiz gije-gündiz mäläp dur, çal geçimiz mälemeýär beýle kän. kaka, kaka, bu nämüçin beýlekän? - akja geçimiziň süýdi ýok, oglum. beýlekiniň süýdi kän. karam zähmet, haram bagt- geçegçi gara şemal. bir gün (bilmersiň näwagt) lowurdap jöwher sowal - haram bilen halaly ýüzleşdirer iki-çäk. halaly eýläk çeker, haramy beýläk. ýöne sowal gelýänçe jebir çeker halalat. pida bilen dogular her bir uly kemalat. ...şol pidadan gorkmagyn kerim, kerim, keramat! “atam pylankesdi!” diýip, bukulmagyn ataňa, ataň görogly bolsa-da, il at dakar hataňa. öýlere gelin geler: üýtgär öýleň howasy. gyzgyn-gyzgyn öýleriň geler durar sowasy. gara saçly “mollaň” hem ýüzün ýuwjak däl weli, gara murtly “molladyr” bigaýratlyk belasy. başyňa iş düşende tanadar gahrymanlar. türşek dek müzzerşibiýr tarlawuk “waharmanlar”. ol jülge şeýle bir täsin jülgedi - göwsünden emerdi ýüz dürli agaç. şaglaşar otyrdy hozlar, çynarlar. güwleşer otyrdy arça, garagaç. jokrama jöwzada ol jülgä baryp, gujagyňy açyp, serilip arkan, daglara seredip ýatansyň weli, asman läläzardyr toprak - tenekar agaçlaň bilinden gujaklap menem, salkyn saýalarda böküp günuzyn, gözüm gidip olaň belent başyna, egilip-egilip, ederdim tagzym. tagzym etdigimçe belent şahalaň şaggyldysy emaý-emaý ýuwaşap, öz belentliginden uýalýan ýaly, özümdenem beter eglerdi aşak. şu gün ýene bardym. tagzym edere ne çynar galypdyr, ne-de bir güjüm. diňe haşal otlar tagzym isleşip, çar tarapdan etdi üstüme hüjüm. paşşy goňşy ýüz ýaşady, ýagşy etdi. her ýaşynda ýedi ýyllyk iş etdi. şol ýaşlaryn, şol işleriň näçesin öz derdine, il derdine bagş etdi? - şonsy weli belli däl. betbagtlyk diýen zadyň gara bolarmyş reňki. emma sataşan wagtyň - (dana bolsaň-da) seňki. bagtlylyk diýen zadyň ak bolarmyş reňki. emma sataşan wagtyň - (samsyk bolsaň-da!) seňki. emma aslyýetinde olar däl bolsa seňki, yz goýsa-da etiňde, süňküňe ýokmaz reňki. taşlama başlanyňy, başlama taşlanyňy. sanasaň-da dostuňy, sanama duşmanyňy. - kaka, kaka, möjek köp-le çöllerde: günde ýetmiş sürä salýarlar dowul! - dünýäden ötende her garry möjek yzynda müň çaga galdyrýar, ogul. - kaka, kaka, bürgüt gyt-la daglarda: biri ýa ikisi sataşýar her ýyl! - dünýäden ötende her garry bürgüt yzynda bir çaga galdyrýar, ogul. - kaka, düşündir sen ýene bir zady: ýaz geldi. dünýäni gülletdi bu gün. adamlary näme gülledenok-da. gaýta söküp barýar bogunma-bogun? - balam, adamy hem gülletmek üçin ilki sökmelidir bogunma-bogun. gül diýen zat bogun ýaryp çykýandyr, bogun ýarmak bolsa kyn zatdyr, ogul.

Köneler, Bahbit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir