Nahar we namaz barada türkmençä terjime etdim gaty gyzykly türkmenleriň bişen nahary taşlap gitme. duzy dat diýip nahara hormaty beýik dinimizden gaýdaýnlygynyň şaýady boldum. Çaý we namaz Sorag: Bir gije, dostlarymyz bilen bile otyrdyk , dini kitap okaýadyk. Ýaş bir ýigit başga bir oglana, (Ilki çaýymyzy içeli, soňra arkaýyn namazymyzy kylaly) diýdi. O taýda oturan bir ýaşuly, (Beýle diýilmez. Öňünçä namazymyzy kylaly, soň bolsa arkaýyn çaýymyzy içeli) diýmeli diýdi. Haýsysynky dogryka? Jogap/ ýAşULY, namazyň möhümligini bildirmek üçin beýle diýmegi ahmal, ýöne ýaş ýigidiň aýdany has dogrydyr. Kalby meşgul eden bir zat bolsa, öňünçä şol zady bitirip, soňra namaza durmaly. Meselem çaý, nahar ýaly zatlar kalby meşgul edip biler. Öňünçä şol zatlary bitirip soň namaz kylmak dogrydyr. Edilmeli bir zatlar bar mahaly, rahat. arkaýyn namaz kylynmaz. Edilmeli gerekli işleri edip soňra, namaz kylmak has dogry bolar. Fykyh (islam hukuky) kitaplarynda, göwni giden nahara ýetişibilmezmikam diýen korky bar bolsa , Jemagat hem duran bolsa onda jemagat bilen kylmasa hem özürü kabul edilýär. Ýagny öňünçä nahar iýmeli, soňra ýeke özüň namaz kylmak dogry hasaplanylýa. Ortada nahar bar mahaly, namaz wagty çykmaýan bolsa ýada mekruh wagt girmeýän bolsa, ilki bilen nahar iýmeli. İki hadis-i şerif terjimesi şeýledir: (Nahar taýyn wagty namaza durmaň!) [Müslim] (Agşam nahary taýyn bolsa, öňünçä nahar iýiň, soňra namazyňyzy kylyň!) [Buhari, Müslim, Tirmizî]
NAHAR WE NAMAZ
-
kurbi
12 years ago
- gijıkdır dıyenogaaaaaa
Raimend 12 years ago- Namazam gijikdirip bolmaza