Ý A T L A G Y N! Çagalykda ýakyn adam saýanym Kämillikde söýgüm bolup sataşdyň Ykbal meni gijä goýdy mähriban Bir gözeliň ýary bolup sataşdyň! _________________________________ Aramyzda niçe ýyllar ýatsada Synladym daşyňdan doýmady gözüm Uýaldym men bildirmäge söýgümi Sen bolsa duýmadyň, duýmadyň özüň! ________________________________ Sen bagtly bolsaň meniň hem bagtym Arman aýrylmaýar ýürek yzasy Pelek meni ne günlere saldyň sen Ýaman eken ýalňyz söýgüň jezasy. __________________________________ Haýyşym unutma ýatlagyn dünýäm Ýatla gaýgy-gamyň basan mahaly Geçip aýlar-ýyllar gojalan wagtyň Ýatlagyn ýüregiň gysan mahaly.
Yatlagyn
-
Bagyr
12 years ago
BAGTYÑ PURSADY!
Sen maňa bagt hakda wada bermändiň
Ýada söýýän diýip çökmändiň dyza
Sen ýöne yşkyň gapysyn açyp
Süýji sözler aýtdyň biçäre gyza.
Jadyly sözleriňe süýjilik gatyp
“Men seňki, sen meňki bolaý” diýmediň
Emma ykbalymdan ýekeje güni
Bagtyň gapysynda biraz güýmediň.
Şol süýji pursatlar galdy gursakda
Süýji arzuwlaryma gönezlik bolup
Meniň kalbym arzuw edýär bagt hakda
Bagtyň şol pursatyn ýadyma salyp
-
Bagyr
12 years ago
- Dostlar manada bir gyz yazyp berdi shulary gowy gosgy bolonson siz bn paylashyyn diydim !)
-
nlo
12 years ago
- tüwleme men şu goşgulary göçürip alyan .awtora menin minnetdarçylygymy yetirin
-
menbet
12 years ago
- sag bol bagyr!
nlo 12 years ago- goşgyny okap mekdep döwrüm yadyma düşüp gitdi tüweleme öran onat goşgy