1.beýik taňrydyr ol, hemmeden öňki, şükür, müň bir dürli öwgüler oňky. 2.uluglar eýesi beýik zül-jelal, ýaradan, döreden hem kadyr kemal. 3.aý,ýer, gök eýesi halaýyk bilen, rysgyňy eçilen, iýgin, sen kileň. 4.her kime gysganman rysgyny berer, barçany iýdirer, öz günün görer. 5.hergiz aç goýmaz ol, bütin barçany, iýdirer, içirer, bar bolsa jany. 6.neneň dileg etse, her biri boldy, kime dileg etse, şol hem ulaldy. 7.resula alkyş hem müň günlük salam, onuň deň-duşlarna salamly kelam. 8.muhammet pygamber – halaýyk başy, külli adamzadyň ol gözi-gaşy. 9.ýene şu kitapdyr bilimli nama, üşükli üçn-ä meňzär ummana. 10.bezelen agrasly bilimler bile, oňa şükür edip, kanagat dile! 11.bütin barçasynda beýikleň sözi, hünji düzen ýaly monjukly gözi. 12.bu maşryk mäligi maçynlar begi, dünýäde paýhasly ýok onuň deňi. 13.bary bu kitaby küýsäp uzlapdyr, hazynaň içine salyp gizläpdir. 14.birinden beýlekä miras galypdyr, başgalarna bermän özleri alypdyr. 15.bähbitlidir asla ýokdur zyýany, köp türklerem çykarmandyr bir many. 16.başy çykýan biler mundan bir many, her okan ýa ýazan aňlamaz muny. 17.ýol görkezer bu kitabyň sözleri, iki jahan üçindir oň wagyzlary. 18.maçynlar häkimi, çiniň serdary, wasp edipdir bolup oň hyrydary. 19.bu maşryk ilinde, türkde hem çinde, munuň dek kitap ýok älem-jahanda. 20.kitap gadyryny danalar biler, nadanyň elinden, aýdyň, ne geler? 21.degimsize asla kitap bermegin, apaň, dostuň – muny gaty görmegin. 22.nadana näçe diý, ol muny bilmez, üşüklä beräýseň, hiç gözden salmaz. 23.bugra han wagtynda ýazanlar ony, hem-de han dilinde bezänler muny. 24.munuň dk kitaby kim ýazan ozal, ýazjagyň şanyna düzeýin gazal. 25.görkeziň, şunuň dek, nirede, hany? arşa çykaraýyn, öweýin ony. 26.kentde, ýurtda, saraýda ýa-da, kitap eýe bolan dürlüçe ada. 27.il beýigi turup, bir at goýupdyr, goýan ady il töresne uýupdyr. 28.çinliler “edebül-müluk” at goýan, maçynlar “enisül-memalik” diýen. 29.bu maşryk ilinde ulular muny, “zinetül-ümera” diýerler göni. 30.eýranly diýenmiş oňa “şanama”, “bilimnama” goýan turanly dana! 31.dürli sözler tapan oňa her bir dil, özüçe adalga beren her bir il. 32.bu kitaba at goýan il ullary, taňry ýalkawersin şeýle gullary! 33.kitaby makullap ýüze sylanar, türkmeniň diline haýran galanlar. 34.bilgin sen, bu kitap hemmäňe ýarar, mälikler üçinem il-gün dek durar. 35.bir mülküň soltany kim bolup biler? olara gerekli zatlar nämeler? 36.mälikler goragy, esbaplar, düzgün, mülküň şertleriniň tertibin çyzgyn. 37.bu mülküň haraby, nedir teýkary, döwlet dolanşygnyň düzgüni bary. 38.ýene hem goşundyr esgerdir häli, anyk düzgünleri, bardyr öz ýoly. 39.munuň tertibini bu kitap açýar, gerekli düzgüni şöhle dek saçýar. 40.mülki öz elinde berk tutjak kişi, peýdaly ärlere buýurdy işi. 41.gerekli üşüklik, birisi oňaý, çyradan neneňsi aýdyňdyr bu aý. 42.halkyň haky bardyr mälik öňünde, mälige-de hak bar halkyň deňinde. 43.bu raýat gorasa onuň hakyny, mälik hem gaýgyrmaz jan bilen teni. 44.mälik berer buýruk bilen ýazgyny, uruş pursatynda – tälim-düzgüni. 45.aýdar ol neneňsi hile gurmany, bu duşman goşunyn nädip urmaly. 46.mälige neneňsi gerekli erdem, özi dek halky-da bolmaly merdem. 47.şeýle mälikleri halky-da söýer, ýüzün görmek üçin höwesli diýer. 48.guty barmy, ýakynyňa almaly, ukypsyzmy, ondan uzak bolmaly. 49.birnäçäni çekip ýakyn tutmaly, gutsuz bolsa, ony uzak etmeli. 50.ýene bir syýasat başyn almaly, ikinjisi – agzybirlik bolmaly. 51.üşükli hem dana gerek alp ýürek, dolduryp gaznany hem bermek gerek. 52.raýata guwanyp, bolsa takaty, ähli işlerinde tapar rahaty. 53.menden birnäçe söz, nesihat saňa, goýdum unutmagyn, doga et maňa. 54.bakyp gör, kitaby agtaran kişi, hünärli är eken, kişi naýbaşy. 55.bu dürli edeplik, üşüklik bile, hem arassa hem-de güler ýüz bile. 56.agzybir, hormatly, takwady kişi, hem ary, hem dana, paýhasly başy. 57.oturýan ýeridir guz-ordy ili, düýp asly halalhon hem süýji dili. 58.bu dogduk diýardan çykyp barandyr, kitabyny tükel ýazyp berendir. 59.barysyny ýazan, hem beren nyzam, bu kaşgar ilinde gutaran tamam. 60.mäligiň öňünde okapdyr muny, tabgaç gara bugra hanlaryň hany. 61.agyrlapdyr serpaý, ençe halatly, galam haky diýip, uly hormatly. 62.bu hashajyp adyn beripdir oňa, ony has ýakyna, çeken ýanyna. 63.şoň üçin agyrlan köp gezek ony, ýusup hashajyp diýp aýdarlar göni. 64.ýene bu kitaby ol beýan eder, bu dört sütün bilen hem aýan eder. 65.birisi – adyllyk, gönülik sözi, ikinji bu döwlet – gut, ykbal özi. 66.üçünjisi – üşük, uluglyk bile, dördünji – kanagat, bereket dile! 67.hersine aýratyn at hem dakypdyr, kitaba-da şol at bilen çykypdyr. 68.adyla – gündogdy, hökümdar diýen, göriň, muny mälik ýerine goýan. 69.aýdoldy – döwletdir, gönüden-göni, weziriň ornuna goýan, gör, muny. 70.üşüge goýupdyr adyň – ögdülmiş, oňa hem weziriň dogmasy diýmiş. 71.kanagata berenmiş – odgurmyş ady, ol weziriň garyndaşy, ýakyn bir zady. 72.munuň hikmeti gör, bu dört sütün deý, kitaby tüketmiş şolar bütinleý. 73.arapça, parsça kitaplar köpdür, biziň dilimizde bu kitap täkdir. 74.danalar bilýändir munuň hormatyn, üşükli aňlaýar bilmiň gymmatyn. 75.türkmençe goşgular düzdüm men saňa, oka-da unutma, doga et maňa. 76.aýlanýan dünýäni eşit sen özüň, sapak al-da, açgyn indi sen gözüň. 77.biribarym, gora hem-de sen ýalka, eşret ber, nesip et, musulman halka