saky yşky-ezel bedri bu gün jam maňa, gussadyr elemiden birniçe engam maňa. çarhydan etdi hezer subh bilen şam maňa, şire ornuga berip zähr-u zäher kam maňa bagşy köňlümge ne sabyr-u, ne aram maňa. kim niçik otga urar suw bile topaga şerar, ne üçin kim umar ot suw bile topraga garar, taş eger bolsa, anyň ança ki köýdürmegi bar, zerre dek jismimi ýandyrmak üçin mahy-uzar, açdy ýüz, ýapdy ene wada berip ham maňa. yşkydan munça ki apatzede boldum, ne kylaý, ýaşlygymdan bäri mähnetzede boldum, ne kylaý, uwutganym gan meniň, yllatzede boldum, ne kylaý, halky-älemde melamatzede boldum, ne kylaý, akylymdan galmady bir zerre serenjam maňa. hägehan bir buty-nowrestäge düşdi nazarym, paýy-bent oldum ki öte almaý güzerim, rahy- çeşmimden akyp çeşmeýi huny-jigerim, ergäni şam kylyban, gozgalyp ahy-säherim, bes barabar görünedir erte bilen şam maňa. berdi ustady-tarykat maňa taglymy – bepa, ger üç, gör, salsa bu ýaňlyg ene hem jebr-u jepa, hab-u hur hajat imes huny-jiger maňa geza, açdy il agzyny ki, bes leýli, mejnun neba, diýse ger janymga çi ol leýli gulfam maňa.

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir