ey huda, öz şowkuna ýar et, aýyrma yşkdan, zaty-päkin hormaty zar et, aýyrma yşkdan. tä ser-u pa peykerim har et,aýyrma yşkdan, gunça könlümni efkar et, aýyrma yşkdan, derdi-mahnetden ne mukdar et, aýyrma yşkdan. sözlesin janym erip, bagrym köyüp çeksin pygan, üstühanym otga yaksyn galmasyn ham-u nyşan, jurbary gam bolup aksyn gözlerim yaşy rowan, asyya bolup başymga er birle gök her zaman, günbe-gün derdim bisyar et, ayyrma yşkdan. synayy-çagimge merhem tapmagay men agtaryp, tefli-nadan dek özüm mün gatla yyglap yalbaryp, küreyi-şowk içre jismim aksa ahen dek erip, her kayana telmurup galsam teki-pa mengaryp, çün semender peykerim nar et, ayyrma yşkdan. yylba-yyl awaralyk kesp eylesem bidatlap, yol yörip, çöller gezip, daglar aşyp peryatlap, halky-älemin belent awaz ile naşatlap, bargaly yol tapmasam ätip, emekläp, datlap, bikes-u biçäre, naçar et, aýyrma yşkdan kaýys adym il içre çünmeşhur mejnuň bolsa hem, magzy-janym tagna daşy birle pürhün bolsa hem, jebri-derdinden eger ki başlarym un bolsa hem, köp belalarga meni ýar et, aýyrma yşkdan.

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir