halkara bilim boýunça amerikan geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylary üçin “flex” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň başlanandygy barada habar berýär. bäsleşigiň ýeňijileri 2012-2013-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikan mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. maksatnama dolulygyna abş-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. açyk bäsleşige gatnaşmaga 1995-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-den 1997-njy ýylyň iýul aýynyň 15-i aralykda doglan, iňlis dilini gowy bilýän türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň ýanynda hőkman dogluş hakynda şahadatanamanyň asyl nusgasy, 3x4 ölçegli bir fotosuraty we ruçka bolmalydyr. çäklendirilen fiziki mümkinçiligi bolan çagalar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. synagyň geçiriljek wagty mary we mary welaýaty 3-njy ýanwar 9:00 19-njy mekdep, mary şäherinde türkmenabat we lebap welaýaty 3-njy ýanwar 9:00 2-nji mekdep, türkmenabat şäheri daşoguz we daşoguz welaýaty 6-njy ýanwar 9:00 2-nji mekdep, dashoguz şäherinde balkanabat we balkan welayaty 7-njy ýanwar 9:00 3-nji mekdep , balkanabat şäherinde türkmenbaşy we balkan welaýaty 9-njy ýanwar 9:00 13-nji mekdep, türkmenbaşy şäherinde ahal welayaty we tejen şäheri 11-njy ýanwar 9:00 32-nji mekdep, tejen şäherinde ahal welayaty we abadan şäheri 14-njy ýanwar 14:00 2-nji mekdep, abadan şäherinde aşgabat şäheri 15-njy ýanwar 9:00 15-nji mekdep, aşgabat şäheri bäsleşigiň geçmegi hakynda goşmaça maglumaty aşgabatdaky amerikan geňeşliginiň ofisinde aşakdaky telefonlar arkaly alyp bilersiňiz: 97-10-16; 97-10-21 http://americancouncilstm.org
sweetbala 12 years ago- flexda sylabyn doganlarynyn grupalary...flexa gidip gelenlerd dinin uytgeden kop bolyar...fleksa gidenler gurun beryar etdiryan zatlaryny injil okatyala diyar w.sh.m