Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar: Bir gün bir ýylan gelip, hezreti Murtuza Alynyň gulagyna birnäçe söz aýtdy we gitdi. Eshaplar: – Bu ýylan size ne söz diýdi - diýip soradylar. Hezreti Murtuza Aly aýtdy: – Bu ýylan bizden üç sany söz sorady. Ol «Biz jyn taýpasyndan bolarys. Eger bu üç söze jogap aýdyp bilseň, biz iman getireris» diýdi. Ilki «Ýerde şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Soňra – «Asmanda şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Ýene-de – «Ahyretde şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!» diýip sorady. Men «Dünýäde gaflatdan köpräk zat ýokdur, asmanda perişdeleriň tesbyhyndan köpräk zat ýokdur, ahyretde bolsa, puşmandan başga köpräk zat ýokdur» diýip jogap berdim. Ol ýylan bu jogaby eşidenden, yslamy kabul etdi.
yrsgal 12 years ago- Ine, Yslam dini şeýle dindir, dogry, adalatly dindir. Dogrulyk, adalat hem dogrulara, adalatlylara ajy degmez, çünki dogry çyzygyň üstünden ýene bir dogry çyzyk düşse, ol ikisi alşar, dogry çyzyk has aýdyňlaşar.