owal başda çirki dünyä, saz bilen aldady meni; owadan geline meñzäp, näz bilen aldady meni. gapyl bolup, gaynap daşdyk, şeytanyñ şerine gaçdyk, köp oyunly söwda duşduk, baz bilen aldady meni. peyda diydiler zyyany, görkezip altyn kiyany, yok eken soñy-payany, söz bilen aldady meni. dünyä uly gyza meñzär, görkezdiler ony bezäp, rahat bermän, saldy azap, yüz bilen aldady meni. dünyä owal özün öwdi, tutay diysem, yüzün sowdy, yurtdan ayryp, hywa kowdy, duz bilen aldady meni. bu mekana gonan göçdi, niçe çyra yanyp öçdi, sansyz yyllar gelip geçdi, yaz bilen aldady meni. zelili, çekdik jebrini, gömedik oñat döwrüni, yat etdirip gürgeni, boz bilen aldady meni.

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir