husnuň haznasy berpadyr ýagty jahana, söwdügim. saçyň saklaw aždarhadyr ol genji-käne, söwdügim. derýalar men kimin daşmaz, ýüzüň dolan aýdyr, ýaşmaz, owal-ahyr gözüm düşmez sen dek jenana, söwdügim. gury agaç men deý ýanarmy? synamda oduň sönermi? ýar - senden köňlüm dönermi, dönse zamana, söwdügim. dost bolan köňle güýtmezmi? aşyk myrada ýetmezmi? magşuk bolan rehm etmezmi- bu köýen jana, söwdügim. eý zülpi syýa, ýüz para, arzym budur sen dildara. kylma syryňny äşgäre ýagşy-ýamana, söwdügim. gije bakmasam ol ýüze, kararym ýetmez gündize, taý geler sen hemme gyza, ýüz müň janana, söwdügim. gamzaň oky tenden ötdi, bardy, şirin jana ýetdi, käpir gözüň talaň etdi nury-imana, söwdügim. çekilip gaşyň gylyjy, jigerim kesdi bir ujy, ol sebäpden göz göreji gark boldy gana, söwdügim. misli badam gabaklaryň, gül ýapragy dodaklaryň, ogşaýyr ol ýaňaklaryň ter gülüstana, söwdügim. ir säherden zülpüň darap, gün bilen dogduň ýaldyrap, gyýa bakyp, gülüp garap, goýduň armana, söwdügim. nepes diýer, budur sözüm, zulmuňdan soldy gül ýüzüm, bir zaman aýrylmaz gözüm senden bir ýana, söwdügim

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir