ýa melek, ýa peri, bile bilmedim, näz eýleýip messan basyp gelen gyz. ýüz sorap, bir jogap ala bilmedim, sözlemezmi adamzatdan bolan gyz! ýufar-zagpyrandyr goýnunda nary, boýnumda zynjyrdyr zülpüniň tary, örülen saçlaryň daglaryň mary, serkeş köňlüm owsun eýläp alan gyz. görmedim dünýäde sen kimin dilber, aklym taraç etdi bir peri-peýker, syýa zülpüň rast kaddyňa barabar, saldy zülpüň jan şährine talaň gyz. men seni söýer men jan bile tenden, ölsem, el götermen, dönmenem senden, hupluk senden geçer, ýigitlik – menden, akyl eýle, döwran sary dolan gyz. gyzlaryň soltany, gözeller şahy, asman-u-zeminiň enweri, mahy, köňlümiň hoşgähi, sungy-ylahy, owazasy bu jahana dolan gyz. nepes diýer, dessan ýazaram çendan, rähim eýle halyma, köýdürme, eý jan. men seniň husnuňa elmydam haýran, ýene çendanlary haýram kylan gyz.
"Gyz"
-
beybi
13 years ago
- kimin gosgysy
-
beybi
13 years ago
- wiii gormandirn
-
menbet
13 years ago
- gowja goshgy
Mahrish 13 years ago- "Ýùz sorap, bir jogap ala bilmedim"$u setiri has-da ýarady. Köp gowy go$gulary ýetirýäñiz, sag boluñ