ýadymdan çykanok şol täsin pursat: geldiň-de gaşyma gülgün jemally, gaýyp bolduň gitdiň misli alamat, tämiz gözelligiň genisi ýaly. namut hasratlaryň ezýetin sorup gopgunly, şowhunly galagoplukda, seniň eziz keşbiň düýşüme girip, näzik sesiň ýaňlanypdy gulakda. ýyllar ötdi. gaý-tupanlaň owsuny dargatdy ýüregmiň öňki hyýalyn. unutdym men seniň näzik sesiňi, ýatdan çykdy seniň täsin jemalyň. çolalyda, bendiligiň tozunda asuda uzalyp güneşsiz günler, tirkeşdi-de geçdi yzly-yzyna ylhamsyz, söýgüsiz, gözýaşsyz günler. soň ýene täzeden oýandy ýürek: ýene peýda bolduň täsin jemally, ýene-de göründiň bir alamat dek, tämiz gözelligiň genisi ýaly. ýaňadan nur saçdy ömrümiň ýoly, ýene gaýdyp geldi tagamly günler, söýgüden, durmuşdan, gözýaşdan doly, muhabbetden doly, ylhamly günler.

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir