2012-2013-nji okuw ýyly üçin halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy yewraziýa we merkezi aziýa halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy (global ugrad) abş-nyň döwlet departamentiniň bilim we medeniýet işleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. maksatnama ermenistanyň, azerbeýjanyň, belarussiýanyň, gruziýanyň, gazagystanyň, gyrgyzstanyň, moldowanyň, russiýa federasiýasynyň, täjigistanyň, türkmenistanyň, ukrainanyň we özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryna bir okuw ýylynyň dowamynda abş-nyň uniwersitetlerinde we kollejlerinde okamaga mümkinçilik berýär. türkmenistanda ýaşaýan we gaýbana okaýan talyplar hem bäsleşige gatnaşyp bilerler. gatnaşyjylar aç-açan bäsleşik boýunça we taýýarlyk derejeleri esasynda saýlanarlar. maksatnama gatnaşyjylar: bir okuw ýylynyň dowamynda abş-nyň uniwersitetlerinde we kollejlerinde gündizki bölümde okarlar; hemme talyplar okuw ýylynyň birinji ýarymynda azyndan 20 sagat meýletin jemgyýete peýdaly işleri ýerine ýetirerler; ikinji ýarym ýylyň dowamynda hünär öwreniş amalyny geçerler. birinji ýyl talyplar iki ýyllyk kollejlere kabul ediler we olar maşgalalarda ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşarlar. ikinji we üçünji ýyl talyplar dört ýyllyk uniwersitetlere ýa-da kollejlere kabul ediler we umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilerler. bu maksatnama birleşen ştatlara gidip-gelmek bilen bagly çykdaýjylary: j-1 wizasyny almaklykda goldaw; maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary; saglyk ätiýaçlandyrmasy; okuw tölegleri; ýaşaýyş jaýy we iýmit üpjünçiligi; aýlyk talyp haky; okuw esbaplary; maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň mümkinçilikler; hünärler: hasabat bilimi oba hojalygy antropologiýa biologiýa biznes himiýa maglumat tilsimatlary jenaýat hukugy ykdysadyýet bilim inženerçilik işi tebigy serişdelerini dolandyrmak geologiýa hyzmatlar we syýahatçylyk ulgamynda dolandyryş halkara gatnaşyklary žurnalistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurisprudensiýa fizika politologiýa psihologiýa sosiologiýa şäher meýilnamalaşdyryş amerikany öwreniş sanawda görkezilmedik başga hünärler hem göz öňünde tutular. maksatnama gatnaşmak üçin ediýän talaplar we seçip alyş ölçegleri babatynda maglumaty anketalardan alyp bilersiňiz. anketalary kabul etmegiň wagty: penşenbe, 2011-nji ýylyň 22-nji dekabr, sag. 17:00-a çenli. bäsleşige gatnaşmak üçin gerek bolan anketany aýreks-iň türkmenistandaky wekilhanasyndan, şeýle hem http://www.irex.org/application/global-undergraduate-exchange-program-eurasia-and-central-asia-global-ugrad-fellowship-a internet sahypasyndan alyp bilersiňiz. maksatnama barada doly maglumat almak üçin aýreks-iň türkmenistandaky wekilhanasyna yüz tutup bilersiňiz. aýreks/türkmenistan: 744000 aşgabat, görogly köçesiniň 48a jaýy, 3-nji gat tel: (99312) 97-10-34/38 x 16, 20 e-poçta: ugrad@irextm.org sorag-jogap üçin: nilufar gylyjowa, çemen jumayeva

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir