Metbugatda peýda bolan maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasy tarapyndan guruljakdygy habar berildi. Türkmen telewideniýesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen bagly Aşgabada baran bu kompaniýanyň wise- prezidenti Blez Jeýgeriň geljekde guruljak emeli hemranyň maketini Türkmenistanyň prezidentine gowşurandygyny habar berdi. Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugy Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasynyň wise- prezidenti Blez Jeýger bilen prezident Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň perspektiwalary, şol sanda aerokosmos tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi diýip, habar berdi.
ykab 13 years ago- men shunung yaly gowja habara onden bari garashyadym.shu emeli hemrana onden yola goyulmalydylay.diyseng begenchli habar