on ýyl geçdi gün ýaly, oýlanýaryn sen hakda, ynanjaňdyň gar ýaly, eräp gitdin dodakda. saňa, «soltanym!» diýip, umyt baglapdym göge. ynanjaňdyň ýagyş deý, siňip gitdiň topraga. sen ynanjaň gözeldiň, bakardyň sen uzaga. sen ynanjaň durnadyň, duşduň ýerde duzaga. düşüberdiň, kän düşduň, düşuberdiň ýene-de. şeýdip, ýerde düşündiň hile diýen senede, «.men seni söýýän!> diýip, bir gün çökdüm dyzyma, bakdyň sen gussa bilen men ynanjaň gözüme. diýidiň : „sen belent söýýäň, a men pesde otyryn. git, oglan. deňiň gözle, saňa hesret getirin!»

Köneler, garly007 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir