Gadyrly jigiler, doganlar mübarek Gurban bayramynyn önünden Arefe güni gelyandir.Bu günün gadyryny bilin boş geçirman. AREFE GIJESI HAKYNDA AREFE GIJESI HAÇAN : Arefe, Zil-hijje aýynyň dokuzunjy günüdür. Başga günlere Arefe diýilmez! AREFE GIJESI- Arefe güni bilen Gurban baýramynyň birinci gününüň arasyndaky gijedir. Zil-hijje aýynyň dokuzunjy we onunju günleri arasýndaki gecedir. Gurban baýramy Zil-hijje aýynyň onunda bolýlar. Aşakdaky hadîs-i şerîfler Arefe gijesi hakyndadyr : 1. - Rahmet gapylary dört gije açylar. O gijelerde edilen doga, toba, red bolmaz. (kabul ediler) Remezan baýramynyň ve Gurban baýramynyň birinji gijeleri, şaban (Meret) aýynyň on bäşinji [Berât] gijesi ve Arefe gijesi, [Gadr gijesi, köp hadîs- şerîflerde bildirildigi üçin bärde bildirilmändir). 2. — Allahü teâlâ, ybadatlar içinde, Zil-hijje aýynyň ilk on gününde edilenleri has hem gowy görer. Bu günlerde tutulan bir gün oraza, bir ýyllyk tutylan orazanyň [nepil oraza] sogaby beriler. Gijelerinde kylynan namaz, Gadyr gijesinde kylynan namaz ýalydyr. Bu günlerde köp tesbîh, tehlîl ve tekbîr ediň! 3. — Arefe gününe hormat ediň! Çünki Arefe, Allahü teâlânyň gadyr-gymmat berdigi bir gündür. 4. — Arefe gijesi ybadat edenler, Jähennemden azad bolar. 5. — Arefe günü oraza tutanlaryň, iki ýyllyk günäleri bagyşlanar . Biri, geçen ýylyň, biri hem, geljek ýylyň günäleridir 6. — Arefe güni müň yhlâs (kul huwallahu ahat) okaýanyň bütün günäleri bagyşlanar ve her dogasy kabul bolar. Hemmesini Besmele bilen okumalydyr.
Sanlyja günden AREFE güni
- 
                muzazzi
                14 years ago
                
 - sagbol!alla senden razy bolsun!
 
- 
                suhangoy
                14 years ago
                
 - Sag bol dost.ALLA senden razy bolsun!
 
- 
                Bibisara
                14 years ago
                
 - yeneki gurbanlyklara huday yetirsinkurbi yhlasyn sogap tapsyn senem
 
tihiy 14 years ago- sagja bol kop kop dost shu zatlary bize yetiirenin un