Dökülip, tüsse deý çal ýapraklary, gyzyl monjuk dakynanda igdeler. ýowuz gyşdan gelden dyzmaç çapara, baglar solup, başlaryny egdiler. ak guwlaram uçup gitdi gykuwlap, has öňünden gaçyp sowuk pajygaň. ýöne goşa guwuň göçden galanna, haýran boldy köpi gören pajyman. hasam haýran boldy soň başga zada, tebigatda muny görmändi entek. jenan guwuň sag ganaty döwlensoň, taýyn taşlap gidip bilmändir erkek. başyn alyp gidip bilerdi ahyr, kim ony sud edip, çykarjak hökmi?! sadagaň bolaýyn gudratly söýgi, adamzat aňlamaz syrlaryň köpmi?! bir-birinden açylaysa arasy, aňry daşlaşmaýar ýeke garyşdan. göýä yza dartyp duran ýalydy, göze görünmeýän ýüpek kirişler. balykçylar geleninde kenara, erkek karar tapman dara-direde; tolgunyp, pyrlanyp howatyrlanyar, delalat isleýär kimden, nireden?! pajymanam gaýtalap ýör dynuwsyz: " mähriban goşa guw, eziz goşa guş! çyn söýgä uly aň gerek däl öýdýän, duýgyň bolsa, besmi, ýeke goşawuç?!" şahyr-ilmet gurban 14.04.2011

Köneler, Patron tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir