Ak Welsapar KEPJEBAŞ Roman STOCKHOLM 2002 Ak Welsapar. Kepjebaş: roman. – Stockholm, 2005. – 385 s. AK WELSAPAR, türkmen ýazyjysy, Sweden Ýazyjylar gurama-synyñ agzasy. Eserlerini türkmen, rus we şwed dillerinde ýazýar. ”Kepjebaş” – awtoryñ onunjy kitabydyr. Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbañlanýar, kitabyñ gahrymanlary-da garaşsyz topragyñ adamlary. Ýöne ýurduñ bütin durkunda, onuñ dolandyrylyşynda, adamlaryñ özara gat-naşyklarynda, olaryñ özlerini alyp baryşlarynda ýykylan impe-riýanyñ gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyñda döwlen aýnanyñ gyýçaklarynda öz ýüzüñi synlan ýaly bolýar-syñ. Romanyñ baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan, Kepjebaş. Onuñ garşydaşy – kommunistik partiýanyñ merkezi komitetiniñ milli respublikadaky ozalky 1-nji sekretary, dikme, ýumuş oglany, bu günki gün – jenap ýoldaş Prezident, çäklen-dirilmedik häkimiýetiñ eýesi… ©Ak Welsapar ISBN 91-974397-0-3 ”Gün” neşirýaty STOCKHOLM, 2002
KEPJEBAŞ
-
aysyzgije
13 years ago
- 2. Öweziñ ölümi
Öwez synagdan çekinmezdi, onuñ üçin gije-de, gündiz-de des-deñdi, ne ýadamany bilýär, ne-de ýaltanmany. Gündiz çekimde pagta gura-dyp, guranyny ulaga ýükläp, baza ugratsa, gijelerine bu taýda galyp, garawulçylyk çekerdi; dogrusy, ol öýleneli – öýüne myhmandy. Ber-giñ başyñdan agdyk bolsa, dagy nätjek? Onuñ eklenji obadan uzak-da, gowaçaly meýdanda, ýatyp-turýan ýeri-de – çekim. Çekimiñ nämedigini bilmeýänler-de bardyr, ýöne ol ýerde Öweziñ kellesi alyndy. Onsoñ onuñ nähili ýerdigi şondan belli dälmi nä?
Indi köneki sözleriñ köpüsi bilnenok, ony diñe gojalar bilýärler, olaram kowçum-kowçumdan ýurduny täzeleýär. Diri gezip ýörenle-ri-de bir töwra adamlar, çekimiñ nämedigini ýa bilmezler, bilseler-de açyk pyşgyrmazlar. Içinde aýtjaklary-da ýok däldir, ýöne olary tap-marsyñ. Ýogsam köpüsiniñ ömri ozal çekime bagly bolandyr, emma ony ýatlamak islemezler, gözlerinde gorky galandyr. Çekimde her kes bir zadyny ýitirýär: kimse ynamyny, kimse ynsabyny, kimse-de özüni. Öwez o taýda öz kellesini ýitirdi...
Köne döwürde obada iki sözüñ biri “çekimdi”, şonsuz asyl obany göz öñne getirmegem kyndy, ýogsam çekim gözüñ äginer ýaly üýtgeşik ýerem däl, ne ýazylyp-ýaýrap oturara gerim bar, ne-de – bukulara kölege. Alañ-açyk meýdanda eliñ tersine salnan pagsa tam eýsem başga nähili bolsun? Gepiñ keltesi, daýhanlaryñ gündiz ýygan pagtasyny agşamlyk gapanda çekdirýän ýerine ”çekim” diýilýär, wessalam!
Samanly palçyk bilen suwalan takyr aýmançada güýz aýlarynda owuz ýaly ak pagta sergi bolup ýatandyr. Uzyn gün ýygan pagtala-ryny getirip çekdirip tabşyrarlar-da, halys aýagyndan aran pagtaçylar garañky gatlyşansoñ, eşekli ýa-da pyýada bu ýerden aýaklaryny süýräp, garalaryny saýlarlar. Elbetde, çekim erbet görülýän ýer däl, ýöne ol taýda Öweziñ kellesini aldylar.
Çekimde brigadir oturýar, onuñ ýanynda dostlary bolýar, olaryñam her haýsynyñ adyna bir bahana bilen pul ýazylýar, ýöne iş edýän olar däl, ata-baba gara zähmete göýügen iki-üç adamyny ”ýükçi eşek” edip saklaýarlar, galanlary san, gürrüñçi. Çekim ýürekgysgynç ýer,
13
töwerek-daşy gowaça, köne ýaplar, hyşadyr-gamyş, onsoñ ol taýda gije-girim kelläñi alsalar, geñ görmeli däl. Öweziñkem şeýle boldy. Bir gün irden işe baranlarynda, adamlar Öweziñ kellesiniñ telejka pagta ýüklenýän oýuñ içinde togarlanyp ýatandygyny gördüler. Bu işi eden kim? Nämüçin? Belli däl. Açylan jenaýat işi-de tiz ýapyldy. Gümürtik. Çünki uç-derek ýok: ýalñyz şaýat Şaly, onuñam tanapyna odun goýmak kyn. Ol: ”Gije ýanyndan gaýdamda, Öwez diridi” diýýär. Ir bilen baranda-da eýýäm kellesi ýok ekeni, alypdyrlar. Ony kim bilenok?
Çekimiñ bir çeti hökman basdyrma bilen gutarýar. Ol ýagyş ýagan-da gerek. Ýagyş ýagsa, serilgi pagtany ýabak bilen derrew basdyr-manyñ aşagyna üýşürýärler. Gün çykdygam, çekimçiler ony derrew ýene takyrjak ýerde serýärler. Guranyny traktoryñ tirkegine ýükläp, pagta bazasyna äkidýärler. Basdyrmanyñ bir çetinde ýekeje-ikije otag bolýar, olaryñ biri brigadire çaý-nahar edinmek üçin, beýleki-sem – garawulyñky. Öweziñem goşy şondady, ýöne nämüçindir onuñ kellesi tirkege pagta ýüklenýän çukurdan çykdy, şol düşnüksiz.
Obadan alysda hem indegsiz jaý bolany üçin çekimler aglaba ”Eýe-li” bolýar. Adamlar şeýle diýýärler. Adatça, çekimiñ gapdalynda ýerleşýän çagalar bakjasy-da ”Eýeli” bolýar, gijesine garalyp ýatan bu yşnaksyz tamlarda jyn-arwah ýaşaýar diýärler; biwagt-näwagt onuñ golaýyndan ýoly düşeniñ gözüne garañky bakjanyñ aýnasyn-dan bir-de ot görünýär, bir-de gykylyk-galmagal ýa-da hümürdi eşi-dilýär. Onsoñ bakjadanam, çekimdenem gorkulýar. Henize deñeç çekimiñ ýanyndaky ulaga pagta ýüklenýän çukurdan gorkmalydyr öýdülenokdy, ýöne Öweziñ kellesi şonuñ içinde ýatan ekeni.
Ölmezinden bir hepde öñ Öwez brigadiriñ ýanyna baryp şeýle diýdi:
– Geldi aga, meni bu ýerden işden boşadyñ, boşatmasañyz boljak däl.
– Näme boldy? – Geldi aga haýran galman sorady.
– Maña: ”Gaýdyp dagy-duwara gije bu taýda ýatma!” diýdiler.
– Kim diýdi?
Öwez perişan halda eginlerini gysdy.
– Kimdigini näbileýin, gara geýimli adam. Ýarygijeden soñ geldi.
Geldi aga entek haýalçyramady. 14
– Heý kimdigini soramadyñmy? Niräñ adamsy, haýsy obadan? Ogurlyga gelen-ä däldir-dä? Pagta berkje boluñ. Aşaky birgatlañ birinden öñki agşam pagta ogurlanypdyr.
Öwez güne ýanyp çoýuna dönen ýüzünde ýaldyraýan gözlerindäki gaýgyný gizlejegem bolup durman, başyny ýaýkady.
– Wah, Geldi aga, pagta bilen oñsalar – ne ýagşy, hemmesini alsyn-lar. Ýöne olar meniñ özüme ekjeşýärler: ”Soñky gezek duýdurýas...” diýdiler. Nämüçindiginem aýdanoklar. Aýtdylar, ýöne men ony nä-dip düşündirjegimi bilemok. ”Seniñ bu taýda gazanç etmäge hakyñ ýok” diýýärler, käşgi gazanç etmeli ỳerini aýtsalar, onam aýdanoklar.
Geldi aga iñkise gitdi.
– Beh, allajanlarym, o näme diýdiklerikä? Dur entek… men näme-dir bir zatlary añşyrjak bolýan, ýöne Hudaý bilen hökümede dil ýeti-rene delalat etmek çetin, onuñ nämeden öljegini bilmek-de… ”Pag-tañ hemmesini alsynlar“ diýýäniñ bolsa, barypýatan syýasy ýalñyş, ogul. Biz seni aýlykly işden derrew boşatmaly bolarys. Görmediñmi, ulaglymydy olar ýa-da pyýada? Men hemmesini başlyga günübirin ýetirmeli. Düşnüksiz, bu taýda nähilidir bir syr bar. Döwlet pagta planynyñ üstüne howp abanýan bolmagy ahmal!
– Men Hudaýa-da, hökümede-de dil ýetiremok.
– Onda sen nämeden gorkýarsyñ? Belki, geljek-de dil ýetirjeksiñ?..
Öwez aşak bakdy, çoýun reñkli ýüzi gaýgydan ýaña gögümtik öwüs-di.
– Men-ä, Geldi aga, size aýtjagymam bilemok, aýtmajagymam...
– Hä, näme? Aýt, näme iñkisiñ bar bolsa. Daýhanyñ öz içinde syr saklamaga haky ýokdur; şu birgadyñ territoriýasynda ýeriñ aşagynda ýylan gäwüşese-de, men hökman biläýmeli; bilmelem – başlyga-da ýetirmeli, başlygam Býuro, Býuro-da – ýokaryk... – brigadir onuñ ýüzüne ynjalyksyz talapkär göz bilen seretdi. – Işçi-daýhanyñ hökü-metden aýry syry bolmaz, içi aýna ýaly görnüp durmalydyr, düşnük-limi!
Öweziñ sesi güñleç çykdy:
– Irden turup, yz çaljak boldum... üh-he-e...
– Hawwa, küh-he... on… kuhhe…soñ?
– Ol gelip gideniñ aýagyzy ýok...
Brigadir dowamly üsgürdi, tolgunmakdan bokurdagy gyrlyp, esli wagt gepläp bilmedi:
15
– Beh... – diýip oñdy.
Öwez ýüzüni sowdy. Brigadir kesesinden synlanda, onuñ gözlerin-de hiç haçan daşky dünýä urup çykmajak tükeniksiz gözýaşy gördi; haýp, erkek adama aglamak bolanok, ýogsam daýhanlaryñ gözýaşy, gör, niçeme suwy tygşytlardy, onda, belki beýik Azyýa kontinentiniñ pagta meýdanlaryny suwarmak-da gerek bolmazdy; onsoñ bokurda-gy guran Jeýhun derýa-da, takyrap barýan beýik deñiz-de ardurja ölümden gutulardylar.
Geldi brigadir bu pikirlerini özüne goýup, daşyndan şeýle diýdi:
– Bu çekim ”Eýelidir” gümanymyz öñdenem ýok däldi, ýöne beýle zatlara garaşmandyk. Meniñ saglyk ýagdaýymyñ duýdansyz erbet-leşmegi ahmal, çünki hemme zat düşnüksiz. Jenap ýoldaş Prezidentiñ bizi aşaklykdan synap görýän bolmagy-da...
– Bilemok... – Öwez gussaly hüñürdedi. – Bolup biler…
– Hany, göreli, başlyk näme diýýär. Başlyk bilen geñeşeýin, ýeriñe adam tapaly. Ýene birki gije gaýrat et, onýança, bellisi bolar. Ýöne diliñe bek bol!
Öwez ”bolýar” diýmäge-de, ”ýok” diýmäge-de ýaramady, halka aşak çöküp, gum siñen irimçik saçlaryny penjeledi. Kesesinden syn-lasañ, ol öz kellesini iñ soñky gezek tutup oturan ýalydy. Soñ onuñ yhlas bilen gujaklan kellesi häzirki oturan ýeriniñ beýle ýanyndan tapyldy. Brigadiriñ geñeşi uzaga çekmänliginde, belki, beýle bolma-sa-da bolmazdy, ýöne ol aşa haýal deprendi, onsoñ Öwez ardurja kellesiz galdy. Aslynda brigadiriñ geñeşi uzaga çekenem däldir, bel-ki, ol çekimde irde-giçde gopaýmaly, ýöne hiç kesiñ belli bes garaş-madyk wakasynyñ başdan ineni üçin ýüregedüşgünç uzak bolup görnendir? Öwezden özgeler ony duýdumyka beri?
Şol agşam gije ýarymdan agansoñ, öñki gara ýene Öweziñ üstüne abandy. Öwez ne onuñ ýüzüni görüp bildi, ne boýuny. Görmesine gördi, ýöne düşünmedi, ol geleniñ ýatda saklar ýaly daş keşbi ýok, üstesine-de – töwerek göze dürtme garañkylyk.
– Öwez, tur!
– Tur, Öwez!
– Öwez, saña diýýän!
Öwez turjak bolýar, bolanok, yñranjyrap towlanýar, oýanyp bile-nok, demigip, ýorganyñ gyrasyndan ýapyşýar.
– Öwez!
16
– Öwez!
– Öwez!
Daşyndaky garalaryñ gürelýändigini Öwez oraşan görüp ýatyr, ony gara basýar, çabalanýar. Gurşuna dönen gabaklaryny zoraýakdan galdyryp, üstüne abanyp gelýäniñ ölüniñki ýaly reñk-petsiz ýüzüne elheder alyp garaýar.
– Sen nämüçin biziñ diýenimizi etmediñ?
Öwez ellerini düşege diräp, ýerinden galjak bolýar.
– Nämäni?
– Näme bor? Bilmediksireme, biz saña: ”Bu taýdan garañy saýla!” diýmänmidik?
– Meniñ öz halal zähmedim bilen eklenmäge hakym ýokmy? Men adam dälmi? Meniñ ýazygym nämede?
– Akmak! Bu ilde seniñkiden beter ýazygy nädip tapjak – sen ynja-lyksyz uçgun, ruhuñda garşylyk bar. Mundan beter saña merk ge-rekmi?! Öz gullugyna kaýyl bolmadyk gul…
Öwez onuñ gepiniñ soñuna garşman, gorkudan hem gahardan san-dyrap gygyrdy:
– Onda bergilerimi nätmeli? Meniñ ite bir sümek bergim bar! Özüm ölsem-de, dünýäde bergilem ýaşajak, olar ölmez-ýitmez.
– Nätseñ şeýt! Sen kimiñ ýüregini gozgajak bolýañ? Saña barybir bergiden dynma ýok. Biziñ mülkümizden çyk!
– Siz kim? – Öwez naýynjar äheñde sorady.
Düşnüksiz gara çakyr güldi.
– Bizmi? Hojaýyn!
– Siz meniñ başyma nireden tapyldyñyz?
– Gul bolsa, aga tapylar! Eýsem nä, sen muny bileñokmydyñ?
– Men özümi bilelim, gara güýjüme daýandym, gara güýjüm bilen eklendim, kişiñ hakyny iýmedim. Siz nireden meniñ başyma towky bolup indiñiz? Meni öz erkime goýuñ!
– Sen ”erkim” diýen gepiñi goý, guluñ erki bolmaz! Erkli bolmak – ar-namysly bolmakdyr…
Öwez ýalpa gözüni açdy. Bu ne hekaýat? Bu peläketler indi onuñ ar-namysyna-da ekjeşip ugradylarmy? Olar näme diýjek bolýarlar? Nämäni ýañzydýarlar? Öweziñ ýüregi bulandy, ol düşeginiñ üstünde dik oturyp, egniniñ üstaşyry arkanlygyna güýjüniñ ýetdiginden tüýkürip goýberdi: ”Tüf! Diýmäýin diýsem...”
17
Onuñ tüýküligi arkasyndan ýetip gelen Şalynyñ ýüzüne malçylda-dy.
– Men saña näme etdim? – Şaly haýkyrdy. – Señ niliñ azypdyr! Nämüçin adamyñ ýüzüne tüýkürýäñ!
– Bagyşla, bilmändirin, bilsem, tüýkürmezdim. Sen gaýrat et-de, gelýänçäm çekime garawul bol, meniñ öýlük işim bar, ýetip gaýdaýyn.
Ol jogaba-da garaşman, eşegine mündi-de, tozanlady ötägitdi. Şaly yzyndan seredip galdy: ”Ýok, garawul boljak däl” diýmäge-de ýe-tişmedi. Şol gelşine Öwez obanyñ çetinden girdi we dañ bilen kimdir birine gör gazmaga barýan görman Sapar-ýalañaja duşdy. Ýüregi üstüne abanyp gelýän erbetligi syzýan dek galagop sorag berdi:
– Kim öldi?
– Enteg-ä ölen ýok – görman tukat seslendi. – Ýöne kimdir biriniñ öljegi görnüp dur. Men gabyr gazmalydygymy bütin süññüm bilen syzýan.
– Sen maña gabyr gazmana barýan-a dälsiñ-dä hernä? Soñky günler ugrum ýok. Üstesine-de her gije gara basýar.
– Sensizem meniñ işim kekirdekden – görman degişdi, – geziber entejik. Meniñ saña elim degerli däl. Ýöne bolşuñ-a geñ, ýüzüñde-gözüñde reñk-pet ýok. Janyñ bir sagmy?
Öwez keýpsiz güldi.
– Ölsem, özümem geñ görjek däl. Ýaşaýyş bilen halys ugrum ýok. Yzyma gara düşýär.
Sapar-ýalañaç eşegiñ üstünde oturan ýerinden gör gazýan pilini ýere diräp, oña söýendi.
– Bilýäñmi näme, mollañ ýanyna baryp gaýt, ýüregiñe giñlik berer, zyýany degesi ýok. Belki, doga-tumar alarsyñ. Jyn-arwahyñ garşy-syna şondan başga çäre barmy? Men-ä gün gijigensoñ jaýlamaly bolsa, ölüleñem boýnuna doga dakýan, bendeleri bara-barmaşa o dünýäde jynlar bogmasyn diýip.
– Men doga-tumara ynanamok. Ony ýazýanam özümiz ýaly adam. Olaryñ bizden Hudaýa ýakyn nämesi bar?
– Beý diýme, günä galarsyñ. Biziñ mollamyz ýaly päkize kişini gündiz eliñ çyraly gözleseñ-de tapmarsyñ: osursa-da gidip, elini ýu-wup gelýär…
18
– Ol meni beýdip aldap bilmez. Goý, öñündenem ýuwup geläýsin! Men asla hiç bir işde araçyny halamok. Araçy halky peýdakeş bolýar, hergiz üstüne ýükleýär. Hudaý bilen arada-ha asylam adam gerekdir öýdemok. Peýda görmejek bolsalar, nämüçin arada dursun-lar? Rim Papasyndan başlap, tä biziñ şu oba mollamyza çenli hem-mesiniñ-de gylygy meñzeş, diñe ellerindäki kitaby aýry. Tañryñ özi adamlardan zat tamakindir öýdemok, biziñ tapan owlak-guzymyzy tapmasa, onda hany onuñ gudraty?
Görman Öwezi ömründe birinji gezek görýän dek, onuñ ýüzüne has ünsli seretdi.
– Görýän welin, degişgenlikde sen mendenem ozdurypsyñ. Diýmek, saña gabyr gazybermeli. Seni uzak gezdirmeseler gerek… – degişmä salsa-da, Sapar-ýalañajyñ gülküsi ynamsyz çykdy: – Men saña şu günüñ özünde öwlüýäden ýer bellärin, arkaýyn bolaý!
– Meniñ entek kelläm egnimde, gyssanma!..
Öwez ”gürrüñ gutardy” diýen manyda eşeginiñ böwrüne depdi. Şondan soñ ol hiç ýerde eglenmän, öz öýüne geldi. Bu wagt gelni gapylaryndaky ýekeje sygra ot-suw berip ýördi. Öwez ony kesesin-den synlady. Aýalynyñ inçe bili, bir gujak saçy ýüregini gozgady, onuñ öz gelnini bagryna basasy, onuñ gyzgyn gujagynda hemme zady, çekimi-de, bergilerini-de, hat-da jynlary-da undasy geldi. Ol özüniñ bagtly bolmalydygyny, obada iñ görmegeý gyza öýlenendigi-ni ýatlady. Ýöne nämüçin ol bagtly bolup bilenok? Oña gün ber-meýänler adam sypatly arwahlarmy ýa-da arwah pisintli adamlar? Pagta-da, çekim-de bu ýerde diñe bahanadyr, belanyñ körügi başga zatlarda bolsa gerek? Onuñ birden ýersiz ýere öz gelnine gahary geldi: gör, äri ölüm bilen arada kösenip ýör, munuñ welin, azaryna-da däl…”
– Maral, bärik gel!
Ýañy ýorgandan sogrulan ýaş gelin gaşlaryny uçganakladyp ýyl-gyrdy, ýöne adamsynyñ ýüzüni görende, gujagyndaky ot sygryñ ahyryndan has bärde ýere gaçdy.
– Näm boldy? Ýüzüñ dagy näteñet, oglan?
Öwez sojap demini aldy, jogap bermän, mal ýatakdan beýledäki tagta sekä garşy ýöneldi. Baryp, özüni onuñ üstüne goýberdi, gapda-lyndaky bedreden saplawyñ dolusy suwy susup aldy-da, bir zarbada başyna çekdi, öwhüldedi.
19
– Maral, meni jyn-arwahlar günüme goýanok. Her gije gelip, bogup gidýärler. Erbet zatlary diýip, ýüregimi bulaýarlar. Ol gepleriñ bir çeti saña-da degýär.
Maralyñ dyzlarynyñ ysgyny gaçdy, sesi endiredi.
– O gyran degenleñ meniñ bilen näme işi barka?
– Men saña aýtmaýynam diýdim, kän wagtlap içime salybam gez-dim, ýöne bolmady, bolanok, çydar ýaly däl! – Sygyr ýeter-ýetmez oklanan ota agzyny urjak bolup dyzyndy, bolmady, onsoñ molap goýberdi. Muña är-aýal allaneneñsi boldy. Öwez gaharyna bäs gelip bilmän, gözüni mölerdip duran sygyrdan elindäki saplawy aýlap saldy. Ol sygryñ ýazzy mañlaýyna degip, özboluşly alýumin ses edip, ýere gaçdy. Sygyr mön gözlerini höwlendirip, Öweze düşnük-siz öýke bilen garady, myşyldady. – Maral, olar meñ bizar-peteñimi çykardylar: bir gelip goýmadylar, iki gelip goýmadylar. Men indi olardan basylýan, öten agşam usurgatman gitmediler. Olar maña ähli gazanan puluñ haram, eklenjiñ öýüñe siñenok diýibem çykdylar. Men olañ näme diýjek bolýanyna düşünip bilemok. – Öwez aýaly-nyñ gözlerine göni seredip bilmän, ýüzüni sowdy. – Olara näme ge-rekkä, Maral? Heý, sen bir zat añañokmy?
Maralyñ owadan gözleri süzülip, oba belli uzyn-uzyn kirpikleri ýygjam gyrpyldady. Kellesinde bolsa bu wagt: ”Kakyn-silkin bo-landyr bu işigaýdan! Men muña molladan doga-tumar getireýin!” diýen pikir terslin-oñlyn at çapdy. Onsoñ ol äriniñ öñünde bir çäýnek gök çaý, ýarty kesemen tamdyr çöregini goýdy-da, özi metjide gitdi.
– Ýok, bu pis gürrüñleriñ obada ýaýramagyna ýol berip bolmaz! Olaryñ öñüni almaly.
Gidip barşyna, soñky döwürde bu oba gelmesini ýygjamladan Der-wüş babany Maral gorky hem ýigrenç bilen ýatlady. Öwezi gara basýar, bela gelniniñ başynda. Maral indi ol çylkasyz gojadan ýaña gündüziñ güni-de öýde ýeke galmaga gorkýar. Perişde bolaỳsyn, özi erkek bolsa – aýala ýagy! Goja derwüş eýýäm näçe gezek öýe gelip gitdi, her gezegem şol bir okaýan dogasy, yzam nälet bilen gutarýar. Ony ilki görende: ”Gedaýyñam beýle päkizesi boljak ekeni” diýip, haýran galyşy, oña öz ýanyndan ”Derwüş baba” diýip at goýşy, ”Bi-ziñem gapymyzdan geliñ!” diýip, ony özüniñ çagyryşy Maralyñ ýa-dynda. Indi welin ondan gaçyp sypjagyny bilse, syçanyñ hinini müñ tylla satyn almaga taýyn. Obada şol göründi diýseler, edil ýöne za-
20
gyrdaberýär, öýde ýeke galmajak bolup çekýän azabyny diý. Ýöne her gezegem bary biderek, bardy-geldi bäşje minut ýeke galsa, Der-wüş baba ylaýyk şol wagt Maralyñ üstüni basýar, hasasyny tyrkylda-dyp, añyrdan ýetip gelýändir. Ýogsam, öñ ýanyndan töwerekde yns-jyns ýokdur, emma onuñ garşyñdan çykanyny duýman galarsyñ, ol bir düzüwli baba däl. Bu zamanda gedaýa puldan başga zat berseñ, saña gargaýar, çörek berseñ, gapyñdan çykan ýerinde zyñyp gidýär. Şasy-da, gedasy-da zamanasyna görä. Göräýmäge, Derwüş baba olardan tapawutlydy, emma onda-da ilki gapysyndan gelende, Maral ýaýdandy:
– Men size näme bersemkäm...
– Şu dünýäñ zady gursun, getir nämäñ bar bolsa!
Onsoñ Maral garry enesinden görenini edip, onuñ eline ýarty çörek bilen iki dikeç gant berdi. Derwüş baba eline berleni aldy-da, Mara-lyñ gözlerine çiñerildi. Gojanyñ gözlerine gözi düşen gelin şol dem-de arkan serpildi, tasdan gygyrypdy, demikdi. Gaşlaryna deñeç aga-ran gojanyñ çakgynyñ çüýi ýaly ýiti gözleri bardyr öýdüp, kimiñ kellesine gelsin? Maral basga düşdi,
Derwüş baba garaşylmadyk gürrüñi gozgady:
– Seniñ adamyñ tekepbir, onda kaýyllyk ýok. Goý, ol biziñ mülkü-mizden çyksyn, ýogsam gözüñizden ganly ýaş akdyraryn!
Derwüş baba çykyp gidensoñ, Maral gara basmadan oýanan ýaly, daşaryk ylgady, onuñ sypatyny gündüziñ ýagtysynda görüp galmak isledi, emma Hudaý bersin Dervüşi: edil zym uçan ýaly! Syr bildir-män, goñşy-golamdan sorag-ideg etdi, uç ýok. Çaga-çuganyñ gözüne ilenem ýaly, ýöne ulular welin, gaýta: ”Sypaty nähilidi?” diýip, Ma-ralyñ özünden soraýarlar.
Maral bu wakany Öweze aýtmady, Derwüş babany akylyndan aza-şan edip goýdy: derwüş bolany haçan, mülkli bolany haçan? Derwü-şiñ betbagt kädisinden başga näme baýlygy bolsun? Ol bir döwüm çörek berene alkyş okap ýörmeli dälmidir? Ýok-la, ol bir aklyndan azaşan goja, başga hiç kimem däl! Ýöne ol çylkasyz goja soñ ýene-de geldi, soñ ýene-de... Maral gorkusyna oña ýene çörek bilen gant berdi. Goja çöregi aldy-da, tükezzibana tutdy:
– Är gerekmi, ony ýygna! Nä hakyñyz bar kesekiñ mülküne girmä-ge? Siziñ derdiñizden bize rahatlyk ýokmy? Nämüçin duşmançylyk edýäñiz?
21
Maralyñ huşy başyndan uçdy, dilden-agyzdan galdy, çirtmege ilen guş kimin, öýüñ içinde iki ýana urundy.
– Biz nireden size duşman bolupdyrys, tanamasak, bilmesek?!
Bosagany alyp durşuna, Derwüş baba onuñ üstüne süründi:
– Bilmedik bolmañ, kaýyllygyny ýitiren – bize duşmandyr. Mundan beter ýene merk gerekmi?! Üstesine-de, äriñ biziñ mülkümizi torç edýär.
Maral içiýangynly güldi.
– Meñ adamym – garawul, ol – hiç kim! Hasap sorajak bolsañyz, wezipeliñ ýakasyndan tutuñ! Biz ýönekeý adamlar, biziñ bu dünýäde barymyz-ýogumyz des-deñ, onsoñ nämüçin siz bizden hasap sorama-ly?
Derwüş baba aljyrajak ýaly etdi, şonuñ üçinem birde igenje, birde haýbata agram berdi:
– Maña akyl öwrederden başyñyz ýaş. Näme etjegimi özüm gowy bilýän: kimsi o dünýäde ýanar, kimsi – bu dünýäde!
– Sizem edil daýhanbirleşiginiñ başlygy ýaly – ejizeganym! Bu ýurduñ hudaýy-da, gedaýy-da, şeýtany-da ejizeganym! Siziñ baryñyz garybyñ ganyny sorýan gögeýin!
Maral dañ bilen mañlaýyny metjide diredi. Çetki köçedäki gyşyk külbeden çykan köpbilmiş mükrüm kempire ”salamälik” edip, onuñ taýagatym añry ýanynda güberilip oturan metjidiñ gapysyny açanda, ýañy ertir namazyny okan oba mollasy namazlygyñ üstünden-de düşmändi. Maral aglamjyrap, habaryny berdi. Ony diñlän Rahman mollanyñ ýüzi aşgara ýatyrylana döndi, ol näme diýjegini bilmän, ýöne hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady oturdy. Gürlejek bolanda, bokurdagy gurap, sesi güñleç çykdy:
– Dañ bilen maña gowy habar-a getirmediñiz, gelin. Ol äjit-mäjitler oba aralaşan bolsalar, maña-da gün bermezler, ozalam ýañy on-onki ýyllykda dynypdyk olardan, ýene köwlendiler diýsene... Geçen ge-zek olary Töre ahun bilen bile okap kowupdyk. Amanyñ demine ýetişenem şol bendedi, olam dünýäden ötdi, indi nätse borka? Ýöne menem bihal däldirin, hany, gelin, gapa içinden temmäni uruñ-da, balagy aşak düşüriñ, men bir synanyşyp göreýin!
Maral aljyrady, gorkaragada çermegine elini ýetirdi.
– Haýsyny, molla aga?..
22
Molla başyny galdyrman, kitaba gözlerini degräýjek bolup, burnuna salyp hüñürdedi:
– Haýsy bolsun: balak – balak bor-da, keýigim...
– Molla aga, men aklygyñyzy getirdim, möhümim şonuñ bilen bit-mezmikä?
Molla başyny ýaýkady.
– Onsuz bitýän bolsa, näsini aýdýañyz, bu adamlar ony bitirmejek-mi? Siz biziñ ýanymyza ýöne-möne möhüm bilen gelmediñiz, özüñiz muny gowy bilýäñiz. Biz siziñ teniñizden ol bedasyllary kowmaly, munuñ işi kyndyr, utanyp-çekinseñiz, özüñize zyýan edersiñiz...
Maral az salym ikirjiñlendi, mollanyñ göwnüne bolmasa, çermege agram düşen ýaly-da boldy, emma soñra metjidiñ ýürekgysgynç çygly garañkylygyna göz aýlan ýaş gelin ýüzüni sallady-da, ümsüm gapa garşy ýöneldi.
– Tañryýalkasyn, eden hyzmatyñyza, molla aga, men ýalñyşyp gelipdirin, jyn-arwaham gurasyn, menem guraýyn!
– Tañry bendesi, saklanyñ! – Rahman molla oturan ýerinden tesbili goluny oña garþy uzatdy. – Siz nämäniñ gürrüñini edýäñiz? Biz size añryñyzdaky ýüpden asylgy, ana, şol içi kitaply balagy düşüriñ diýdik! Kitap torbamyz ýyrtylansoñ, syçanlardan gaçyryp, ony ýo-kardan asmaly bolduk. Köne kitaplary agtarmasak, siziñ işiñiz ýöre-mez. Garrylyk gursun, indi biziñ oturyp-turmamyz gara görgi, hyz-matymyzda gol gowşuryp duran kempirimiz bolmansoñ, añyrdan gelene – gözi gara-da, nädeli...
Maral Hudaýyñ öýünde eden pikirinden erbet utandy, yzyna öwrü-lip, aşak oturdy.
– Molla aga, menden aýyp görmäñ, men halys ugrumy ýitirdim, gaýgy-alada meniñ añkamy aşyrdy. Adamymyñ başyndan inen bela meni hasam sañsar etdi.
– Görýän, görýän, siziñ ýagdaýyñyz aýdyşyñyzdanam agyr, ýöne onda-da Hudaýyñ öýünde mollanyñ göwnüni ýykmak külli günädir, ýagşylyk çykmaly metjitden ýaman gep çykaranyñ jaýy sakar dow-zahda bolar!
Maral horkuldap aglady.
– Meniñ günämi ötüñ, gurbany boldugym!
– Elbetde, öteris, biziñ ýüregimiz ýuwkadyr. Biziñ ýanymyzda naçar maşgalanyñ ötülmejek günäsi bolmaz. Ýeneki gezek ýumuş 23
buýranymyzda, ikirjiñlenip durman, göwnüñize geñeşiñ-de, şoña görä boluberiñ, şonda Tañry-da, biz-de sizden razy bolarys.
Molla köne balagyñ içinden tozgun kitaby çykaryp, eline aldy-da, metjidiñ içki tamyna geçip, içinden gulplady. Ol öz tamyndan çy-kanda, Gün dogup, il örüpdi. Ýöne şunça yhlas etse-de, Maral mol-lanyñ ýüzünde ýagtylyk alamatyny görmedi.
– Gep diñe çekimde däl... – Rahman molla çürt-kesik etdi: – Siziñ jaýyñyzda-da olaryñ hilesi bar, görkli maşgalanyñ yzynda hergiz gara bolýar-da... – molla obanyñ çetinde, çola ýerde otursa-da, oba-daky gep-gürrüñlerden habarlydygyny ýañzytdy. – Adam üýşürip, Hudaýýoly beriñ: aýat-töwir edilse, Allanyñ ady kän tutulsa, gapy-ñyzdan molla garasa, ol bedähetleriñ halamaýan zadydyr, onsoñ olar gaçmak bilen bolarlar. Meniñ geñeşimi almajak, öz kelläñize geleni-ni etjek bolsañyz, onda bilmedim. Entek jyn-arwahlar bilen tutluşyp, ýeñeni men göremok. Olar birine tiñkesini dikmesin, ýogsam hezil bermezler. Güýçliniñ gözi birinde äginmesin, äginse – çäräñ bol-maz...
Maral bilniksizden gyzardy. Molla uzyndan uzak aýatlary okaşdy-ryp, iki sany doga ýazyp, onuñ eline berdi.
– Birini adamyñyz dakynsyn, birini – özüñiz. Şol Derwüş baba diýýäniñ ýene görnäýse, derrew ”kulhuallany” okañ-da, ýüzärlik tütediñ, gaçgyny şoldur olañ. Bir düwün sarymsagam asaý gapyñ ýokarysyndan, zyýany degmez. Ýöne ol indi gelmese gerek, ol seniñ maña ýüz tutanyñy biler. Şoñ üçinem gaty ägä boluñ, birden ýöne menem heläk etdiräýmäñ, olar size-de süýkense süýkenýändir weli-nim, emma hyjuwy mendedir, ýene ekjeşjek bolýandyr, pedernälet-ler. Işiñizi Alla oñarsyn, omyn, gidiñ indi bu taýdan, eglenmäñ!
Maral metjitden alasarmyk bolup çykyp gaýtdy: ”Molla-da olardan gorksa, kime arzyñy aýtmaly? Töre ahun dünýäden ötensoñ, bäri-bärde şundan ylymlysy ýok diýýärler, allaworradan gelibem, şuña ýykylýarlar. Ýöne, çaky, munuñam güýji ol ganymlaryñkydan as-gyn, zagyrdap otyr, sadagasy gitdigim.
Maral iki ýany sygyr lapbyçdan doly uzyndan egrem-bugram köçe bilen ýöräp barşyna, ýañy ukudan oýanyp, bu dogan güni-de biweç ýaşyrmaga öñünden taýyn obanyñ tamlaryna nadyllyk bilen seretdi: ”Bu adamlardan ölüp gitseñ-de haraý ýok, baş – başa-da, jan – jana,
24
”kimiñ agyrysy – kimde” diýleni, gaýta mollasyna çenli seniñ gyba-tyñy etjek...”
Dolanyp gelensoñ, ol adamsyna ýalbardy:
– Gaýt, şol gyran degmişden! Men ýadadym. Gepden-gürrüñden. Eklenjiñ bir alajy bolar.
Öwez lapykeçlik bilen başyny ýaýkady.
– Meniñ gep bilen-de işim ýok, gürrüñ bilen-de, men bergimi bilýän. Men bergimi üzmeli. Şu güýz üzerin diýip, lebz etdim. Kö-pükme-köpük berjek, nä görgüm iliñ gepini çekip.
– Daýhanbirleşiginiñ özünden birki müñ karz dilesek näderkä? Edil gyssanýan algydarlar bilen-ä üzlüşerdik. – Maral adamsynyñ ýüzüne naýynjar seretdi.
Öwez başyny ýaýkady.
– Diledim.
– Kimden? – Maral ärine golaý süýşdi. – Kimiñ ýanyna bardyñ? Aýdañogam-la, oglan, maña?
– Aýdamda, ne peýda? Gulluşyñ öz ýanynyna bardym: ”Bir köpü-gem ýok, obañ özi bergä batyp otyr” diýdi.
-
aysyzgije
13 years ago
- – Bergileri başyny iýmişler! – Maral gargyndy: – Bize galanda gapyşaýmalymy? Wah, ozalynda garamaýak bolma diýsene!
Öwez ýerinden galdy.
– Molla näme diýdi? ”Alajy tapylar” diýýämi?
– Olardan mollanyñam gorkusy az däl, sen bir gaýt çola ýerden, kejeleşme. Gara güýç bilen güýjüñ deñ geler öýdýäñmi? Bir bela-beteriñ üstünden barmankak, öýden örle. Molla herimize bir doga berdi. Ätiýaçdan ýene birki sanysyny alyp goýaýmalydy welin, ar-man aklygym ýetmedi-dä...
Öwez bir meýdan sesini çykarmady, soñra aýalyna garşy süýşdi, oña elini uzatdy, öz eşigini çykarman, onuñ geýmini sypyrmaga baş-lady.
– Dur, oglan, dur-a bir, düşege geçeli, näçe günüñ aýraçylygy, adam şekilli edeli-dä…
– Adam şekilli etmäge wagt ýok, men çekimi idegsiz taşlap gaýtdym…
Ýerinden turansoñ, ol ýazykli dillendi:
– Maral, heý, öýde bäş-on manat pul ýokmudyr?
25
– Artyp galmyş, ýyl aýak bolmasa, daýhana aýlyk berilýärmi? Ta-pylar-la, näme etjek?
– Gerek.
Öwez ýolugra oba dükanyndan bir çüýşe arak alyp, ýene çekime gitdi. Şalynyñ ýerlikli iñirdisini dişini gysyp diñlänsoñ, ol hemişekisi ýaly, sesini çykarman, uzyn gün öñki işini etdi, hiç kesiñ gürrüñine goşulmady, derdini agyr iş bilen egisjek boldy. Dymmakdan ýaña agşama deñeç onuñ agzy porsap gitdi. Iñrik garaldygyça-da, howsa-lasy artdy. Agşamlyk gapanyñ başynyñ jemendesi sowlup, çekimdä-kiler işini gutaryp, ýeke-ýekeden bu ýerden gidenlerinde, Öwez ola-ryñ hersiniñ yzyndan hossaryny ugradýan ýaly delmuryp seredip galdy. Has soñrak ol gugaryp galan çekimde giçden soñ ýanyna so-wuljak Şala garaşdy: ”Gelermikä? Göreniñ Şalydyr, ýüpüniñ üstünde odun goýup bolasy ýok, ýöne bu ýere indi şondan başga geljek kim bar?”
Şol wagt tümi gödek böwsüp, traktoryñ sesi çykdy. Ýekesiremek-den dagdy bolan Öweziñ gulagyna ol ses ýakymly saz bolup degdi. Ol gyzyl oduñ ýalnyna dişlerini akjardyp ýylgyrdy. Beýlesinde sak-lanan traktordan düşüp gelýän Şaly agyr işini gutaranyñ keýpinde dillendi:
– Tüm-aý seniñ bu taýyñ!
Öweziñ-de agyr ýüki azda-kände ýeñläne döndi.
– Gümürdi bolsa, tüm diýjek däl-le! – üstüne abanýan howpuñ öñünden gaçmagy ýüregine düwen Öwez hozanak bolup, Şala hyz-mat etdi. – Hany, eliñi ýuw-da, geç saçagyñ başyna! Men agşamly-gymy iýmän, saña garaşyp otyryn! – käseler arakdan doldy.
Uzakly gün tozana gömlen iki obadaş ugurly salkynlamadyk gijäniñ düýbünde gara dere batyp, garynlaryny otarmaga girişdiler. Birsalym hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. Syrçaly tabagyñ gyrasyna degip, özara ümmüldeşýän diñe olaryñ çemçeleridi.
– Sered-eý, Şaly! – diýip, birki käse arak içensoñlar, ”geçisi daga ýaýran” Öwez birneme arkaýynlanyp seslendi. – Seret, heý, şundan owadan gije bolarmy, seret, töweregiñe! Güýz! Daşyñ tümlük, ýyl-dyzlaram patrak ýaly, edil ýöne däliredip barýar. Gowaça düýnki sepilen dermanyñ ysy diýmeseñ, ýatyp çabalanybermeli gije!
Şaly çiñ arkan ýatyp, kikirdedi.
26
– Ýeldirgäp ýöreniñ çyn öýdýän? Seniñ-ä gazal düzübermäñ galyp-dyr. Hany, gowusy, jynlardan habar ber, aragyñ başynda şolam hiç neneñ däl, azajyk derem geldi.
Öwez ýüzüni sallady.
– Saña oýun gerek, meñ janym gyl üstünde, hiçiñizden haraý ýok: ne başlykdan, ne beýlekiden. Men seni jynlary ýatdan çykarmak üçin ýatladym, senem gaýta...
– Ýok, sen maña gürrüñ bererin diýdiñ.
– Diýen bolsam, sabyr et, neşäni bozma, entek olañ geler wagty bolanok. Göter ýene bir gezek!
Içensoñlar, Şaly gözlerini süzdi.
– Işiñi gabanyp, tapýan gepiñ-ä däldir-dä bu gep? Hany, jynlañ görnenok-la?
– Eşek ekeniñ-aý... – Öwez käselere arak guýup, tümlüge göz aýla-dy. – Gije uzak, gelen wagtlary görersiñ, al, hany, göter! Nämäñ saglygyna içeris?
Şaly dyzyna galdy:
– Gel, şuny bir zadyñ saglygyna içeli: jenap ýoldaş Prezidentiñ.
Öwez lapynyñ keç bolandygyny añdyrmajak bolup, ýerinden turdy.
– Onda ör turup içeli! – Şaly hasyrra ýerinden turup, ýok galstugy-ny düzedişdirdi. – Goý, jynlar öz pälinden tapsynlar! Olar biziñ ýur-dumyza pagtaçy bolup düşsünler!
Şaly hüñürdedi:
– Jynlarda seniñ kastyñ barlygy çyn. Ýöne düşünjeli bol. Dünýä sary öküziñ şahynda duran däldir, tertip-düzgün bolmasa, ýykylar. Ana, hol ýyldyzlary görýäñmi, şolaram lowurdaşyp durmaz, ýere gaçar!
Öwez ilki gürrüñdeşiniñ ýüzüne, soñam dik ýokaryk gözüni dikdi.
– Berk dälmidir-aý olar? Ata-baba-da durupdyr, indem durar-da. Biz-ä entek ýyldyz gaçanyny göremzok, süýnenini görýäs.
Şaly dostluga örän golaý äheñde gürledi.
– Ýok, men ”düzgün-tertip bolmasa, gaçar” diýýän.
Öweze aralaşan lapykeçlik çuñlaşmak bilen boldy.
– Hany, içeli-le! Gaçany – gaçar, galany – galar. Gutaraýasy ýok. Gitdik onda!
Olar gyzgyn spirtli demlerini iki gapdala püfleşip, agyzlaryna ony-muny atdylar.
27
– Eý, Öwez – diýip, birneme demini dürsänsoñ, Şaly sesini az-kem gataltdy, – men señ badra, jyn-arwah diýýäniñe teý düşünip bilemok. O nämüçin olar ala-böle saña azar berýärler? Nämüçin ile degenok-lar?
– Kimlere?
– Kim bolar? Başlyk bar, birgat bar, beýlekiler...
Öwez beýle ýanlarynda ýanyp duran oda gözüni dikdi, ep-esli sa-lymdan soñ jogap berdi.
– Men näbileýin, gal-da, özlerinden sora. Olar meñem enemiñ do-gany däl. Gelýäler, azar berýäler. – Öwez gidip, basdyrmañ aşagyn-dan bir gujak ak pagtany getirip, takyr ýere ýazdy. – Başga derdimi-ze-hä ýaranok, iýibem bilemzok, üstünde bir agynap ýataly-da. Hany, guý käselere, galan zat gümüne gitsin!
Arak içip derdini ýeñletjek bolan Öweziñ gaýta gitdigiçe keýpi bozuldy. Ol bu gijäniñ hem galagoply boljagyny öñünden añan ýaly, gitdigiçe düýrükdi, ýekesiredi. Gözlerini süzüp, Şalynyñ ýüzüni saýgarjak boldy.
– Bilýäñmi näme, Şaly, sen köp zady bileñok... Köp adam köp zady bilenok. – Şaly üşerildi, añyna agram salyp başlan aragyñ güýjüni ýeñjek bolup, gaşlaryny bürjeşdirdi. – Bu dünýä çakyñdan düşnük-siz. Ynha, bu taýy çekim, şeýle dälmi? – ol on-ýigrimi ädim beýlede garalyp duran basdyrma garşy kellesini salgady, garysyna galdy. – Göräýmäge bu taýynyñ eýesi biz: başlyk, Geldi birgat, sen, men, beýlekiler... şeýle dälmi?
– Hawa, onsoñ...
Öwez sesini peseldip, başyny ýaýkady.
Men indi kän zada düşündim, arman, ýöne indi wagt ýok... Biz diñe gündizine bu taýynyñ eýesi, agşamyna başgalar. – Şaly öñküdenem beter üşerildi. Öwez dowam etdi. – Bu taýy ”Eýeli”. Hol bakjany görýäñmi?
– Görýän... – diýip, Şaly gözüni garalyp ýatan bakjadan aýryp bil-män, sesini endiredip, ahyrsoñy jogap berdi.
– Ana, görýän bolsañ, şo taýy gijelerine ”güw” berýär, edil aryñ öýjügi ýaly! Men bilmedim, ýa bu taýy öñ bir gan dökülen ýer, ýa-da mazarystanlyk? Şoñ üçinem bu taýy gijelerine duranja goh. Bir gör-señ, it bolup çyñsaýalar, bir görseñ-de – aýal. Arasynda öz aýalymyñ sesi-de gulagyma gelen ýaly boldy.
28
– ”Aç towuk düýşünde dary görer...”
– Kim – menmi? Men, nä, islesem, obada işläp bilmez öýdýäñmi?
– Şu diliñ bilenmi? Ýalñyşýan-a dälsiñ-dä?
– Ýöne sen meni gorkýandyr öýdüp pikir etme, gorkamok. Olar halys degnama degýäler. Geçen agşam meni bir betnyşan adam oýardy, gara geýimli, uzyn. Uzyn diýýän, men onuñ boýunyñ nähili-diginem, ininiñ nähilidiginem, sypatynam görüp bilmedim, üstüme labyryny atýandygyny, agram düşýänini bilýän, ana, bary gören-eşiden zadym. ”Tur! – diýýär. – Üstüme abanyp dur. Gepiñ tümmek ýeri, meni bu taýdan kowjak bolýar, men nirä gideýin? Maña gara-wulçylykdan gowy işi kim berjek?
– Saña iş ýok, ýöne sen ile iş berip biljek. Senden iş hantama kän...
Bu gürrüñleri diñledigiçe Öweziñ galpyldysy artdy, jynlaryñ özi üçin iñ howply mahluklar däldigine düşündi. Töweregine gorky bi-len garanjaklady, ýene çüýşäni sermeledi, bokurdagy eline ilende, ýokaryk göterdi.
– Hany, getiren aragyñ, bu-ha tañkyrady? Al bärik, göreli onyñam!
Käsäni dolduryp başyna çeken Şalynyñ çintgemesi artdy.
– Sen şolañ kimdigini sorasan-a indi gelenlerinde, adam bolaýma-syn-ow olar? Senden başga olañ gyzyklanýan zady barmy? Meselem, syýasat bilen, ýolbaşçylar bilen?
– O nähili syýasat bilen? – aragyñ derdinden añy haýallan Öwez gözlerini mölertdi.
– Aý, ynha, içki ýa-da daşky syýasat bilen?
– Sen meni oýnajak bolýañmy? – diýip, Öwez nägileligini duýdur-dy. – Olañ jyn-arwah bolany haçan, syýasat bilen gyzyklanany haçan? Asla señ gürrüñiñ meñ mañzyma batanok. Sende birhili küm-süklik bar. Barmy, ýok, aýdaý özüñ? Kümsüklik bar gerek sende?
Gürrüñiñ terse öwrülibermesinden howatyr eden Şaly ýallaklady.
– Senem-aý, Öwez... Men nire, kümsüklik nire?
Tüme duwlanyp ýatan bakjanyñ töwereginden edil şol wagt jynssyz ses çykdy. Muny eşiden Öweziñ endam-jany syzlady, ol howpurgap, garañkylyga gulagyny tutdy.
– Äñet! Eşitdiñmi?! ”Eşitdiñmi?” diýýän?
– Nämäni?
– Nämäni bor, ýañky sesi! Bakjadan geldi. Ýene şolar!..
29
Şalynyñ ýüregine-de howsala aralaşdy. Ýöne ol syr bildirmejek boldy, gödek degişdi.
– Owadan gelin alanlañ hemmesi ”was-was” bolýar. Seniñ keseliñ düşnükli. Seniñ gulagyña kän zat eşidiler, ony bilýän...
– ”Geçä jan gaýgy, gassaba – ýag!” Halanmajak gürrüñi etme!
– Ýeri, bolýar, diýmedigim... – Şaly öz gepini ýuwmarlady. – Señ bagtyñ getirdi, iliñ ýetibilmeýänini aldyñ, armanyñ nä?
Öwez oduñ üstüne birki gujak ýalañy odun oklady.
– Ody ulurakdan ýakaly. Ot ýanyp dursa, göwrümiñ giñ bolýar, ýagtylyk. Gal, bu gije, Şaly, tapawudy näme nirede ýatanyñ, sallah janyñ bar, ömür görmedigiñi görersiñ!
– Bolmaz. Men çekimde ýatyp biljek däl, ýatyp bilýän bolsam, menem garawul bordum, seniñ ýaly. Men öýdeçil.
– Gorkýañmy? Siziñ baryñyz gündüzbatyrlar!
– Menmi – gorkak?! Men nyzamly goşunda gulluk etdim. Iki ýyl gurluşyk batalonynda ylaý çekenlerden ýa beton garanlardan däl! Şony bilip goý! Men buýruk bolsa, adam-da atyp bilýän!
– Adam atyp bilseñ, buýruk beren tapylar, garaşyber... – Öwez içgi-liniñ gönümelligini etdi. – Ýöne men señ kümsükligiñi halamok.
– Onda nämüçin maña ”gel” diýýäñ?
– Aragy kim bilen içeñde nä, gümürdidir-dä.
– Gör, sen nähili biderek adam. Guý onda!
Olar ýene saçagyñ başyna geçdiler. Käseler püre-pürlendi, içip, az wagtlyk dymdylar. Öwez sesini çykarman, tümlüge gözlerini dikip otyr, onsoñ ýene-de Şaly gaharyny ýuwudyp, gürrüñ gozgady.
– Öwez diýýän-ä, şol gelýänleñ, heý, anyk soraýan zady barmy?
– Bar – çekimiñ sakçysy arkan ýatyp, ellerini eýýäm tas amanat diýen ýaly kellesiniñ aşagynda goýdy-da, dik asmana gözlerini dikdi: – ”Obañyzda nyzamly goşunda gulluk edip gelen barmy?” diýip soradylar. Menem seniñ adyñy berdim. Oñarypdyryn gerek?
– Gowy edipsiñ. Başga näme soradylar?
– ”Siziñ pagta ekýän ýeriñiz biziñki” diýdiler.
– Dur, dur! – Şaly ýeke dyzyna galdy. – Diýmek, olar biziñ milli ekinimize garşy! Olara: ”Pagta – biziñ baýlygymyzdyr” diý, goý, olar gowaçanyñ biziñ buỳsanjymyzdygyny bilsinler!
Öwez gürrüñdeşine ini üýşenip seretdi.
30
– ”Başga buỳsanjyñyz ỳokmydy?” diỳseler nädeỳin?.. Onsoñam olar derrew gözümden gaýyp boldular, düýşd-ä… Ynsdygyny-jynsdygyny añmaga-da ỳetişmedim.
Şaly öz aýdanyny sülä getirdi.
– Ýagny, meñ diýjek bolýanym, pagta bilen olañ nä işi bar? Al-arwahlañ bu hereketinden syýasadyñ ysy gelýär... Olaryñ adam bol-magy-da ahmal. Belki, olar biziñ duşmanlarymyzdyr, olaryñ ruhlary! Diýmek, olar o dünýäde-de, biziñ garşymyza duşmançylygy goýa-noklar... – Şaly öz eden açyşynyñ ähmiýetine haýran galyp, añrysyna çykyp bilmedi: – Arman, bizde jenap ýoldaş Prezidentiñ paýhasy ýok: ”Duşmana duşman bolmaga kömek et!” Gör, nähili çuññur pel-sepe!
– Düýn gije meni bir betnyşan gara oýardy. ”Tur! – diýýär, üstüme abanyp dur. – Tur, Öwez! Öwez, tur! – gara der bolup oýandym. – Sen bu taýdan git!” – diýýär. ”Men nirä gitmeli? Gelip düşen iñ soñ-ky duralgam şu! – diýýän. – jogap ýok. Gaýta ”ha-ha-haýlap”, çeti-me degýär. Gülküsi ysgynyñy gaçyrýar.
Şaly töweregine gorkuly garanjaklap, ýagly köýneginiñ jübüsinden ýazgy depderçesini çykardy-da, bellik etdi: ”jynlar bilen gatnaşyk edýär...”
– Näme ýazýañ? – Öweziñ ýüzi çytyldy. – Gijäñ ýarynda sen näme ýazýañ?
– Hiç zat. Gullukdan galan endik: käwagt birki setir çyrşamasam, elim gijäberýär... – Öweziñ ömrüniñ paýawlap barýandygyny anyk syzýan dek Şalynyñ oña kesesinden haýpy geldi, käselere aragyñ soñuny guýdy. – Hany, al, götereli! Men gideýin, gijigip barýar. Oba ýetýänçäm gumak ýoldan bäş-on kilometr sürmeli, özüñ bilýäñ.
– Gitme, gal! Gümürdeşeli. Sen bu taýda bolsañ, ol melgunlar milt etmezler. Diñle!.. – Öwez aşak ýapyrylyp, süýem barmagyny gula-gynyñ deñesine ýetirdi. – Seret... şu wagt, hamana, dym-dyrslykdyr, ýöne traktoryñ tarryldysy ýatyp-ýatmanka edil guduz açarlar!
Şaly başardygyndan perwaýsyz gürledi.
– Gorkýan bolsañ, çekimde nä görüñ bar, ýör, oba!
– Ol ýerde men bolup gördüm...
Şaly üşerildi.
– Gorkunjam bolsa, al-arwahlar sańa adamlardan ýakynda?
Öwez içiýangynly gülümsiredi.
31
– Şuş-şu wagt men olaryñ haýsynyñ gowudygyny kesgitlemegiñ üstünde işleýän, ýene soragyñ barmy?! Häzirlikçe bilýänim: jynla-ryñky añsat, adamlaryñky kyn. Şonuñ üçinem meniñ al-arwah bola-sym gelýär! Nämüçin sen hemme zady çintgeýäñ? Sen süýtmi ýa-da prokuror?
– Sen ýene gygyryp başladyñmy! Hoş onda, men gitdim!
– Jähenneme git! Ondanam añryk! Al-arwaham senden gowudyr!
– Häzir men gidemsoñ, jyn-arwahlar daşyña üýşüp ugransoñ-a bu batyrlygyñy tapmarsyñ.
– Siziñ hiçiñizden maña delalat ýok: ne mollañyzdan, ne beýleki-ñizden! Ine, seret, bu barmak ýaly dogany Maral Rahman molladan on manada alypdyr. Tüf, diýmäýin diýsem! Şujagazmy meni gora-jak! – Öwez boýnundaky doganyñ alajaly ýüpüni üzüp, eliniñ tersine zybyrdadyp zyñdy. – Men al-arwahdanam, ”Eýedenem”, hatda sen-denem gorkamok. Bar, şeý diý-de aýdaý!
Şalynyñ ýüzi gamaşdy.
– Seniñ bu bolşuñ oñlulyga däl, doga saña näme ýamanlyk etdi?
– Bolmasa, bolmaza ýoluksyn, meñ üçin indi bary deñ!
Öweziñ al-arwahdan gorkýandygyna Şalynyñ ynanasy gelýärdi, ýöne ynanyp bilenokdy. Aýan güýçlerden gorkmaýan nädip gaýyby-lañ öñünde amana gelsin? Şalynyñ gitdigiçe şübhesi artdy. Ýok, bu taýda nähilidir bir aýylganç syr ýatan bolmaly, muny jenap ýoldaş Prezidente ýetirmeli, şonda Şaly, belki, gara işden hemişelik dynar, paýtagtyñ salkyn kabinetlerinden oña ýer bererler? Ýöne birdenkä bu işigaýdanyñ diýýäni çyn bolsa nä? Eý-ho!.. Şaly töweregine gözüni aýlamaga-da gorkdy. Çalaja yranyp oturan Öweziñ ýüzüne-de, ha-mana, ony iñ soñky gezek görýän dek seretdi, ini tikenekledi, göw-nüne bolmasa, obadaşynyñ ýüzünde dirilikden nyşan ýokdy.
Ýöne ol: ”Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýip, özüni kö-şeşdirdi, onsoñ traktoryna atlandy-da, ”niredesiñ oba” diýip, waz ýasady. Ýerden aýagyny üzen dessine-de, terzi üýtgäp, töweregini tanamady, traktorynyñ tarryldysyna keýpi göterilip, bolmajysy bol-dy. Onsoñ başda gös-göni oba garşy sürjek adam, Öwez bilen iñ soñky gezek hoşlaşaýyn diýen garaşylmadyk pikie gelip, ruluny bir-denkä yzyna burdy. Çyrasyz traktorynyñ signalyna üznüksiz basyp, ala-gopgun turuzdy.
32
Öwez onuñ ugrunyñ nirädigini görmän galdy. Çünki ol Şaly trakto-ryna münen badyna özüniñ ýeke galýandygyny bilip, ýap-ýañyja kellesiniñ gyzgynyna zybyrdadyp zyñan dogasyny gözlemek üçin pagta ýüklenende traktor salynýan ganawa girdi. Ol dümtünip ýörşü-ne ganawyñ günbatar çetinden ýeri sarsdyryp, üstünden inen yzy demir azally aldajynyñ öñünden sowlup ýetişmedi. Bar edibileni – arkan serpilip, tekerleriñ aşagyna düşmekden sypdy. Emma arkasy ganawyñ gum diwaryna direlen badyna öñe entiräp, edil ýeñsesinden itilen ýaly, demir azallaryñ aşagyna ýüzin ýykyldy. Şonda ýiti demir azallaryñ iñ yzkysy, hamana, ozal-ebedinde Öweziñ kellesini almak üçin traktora dakylan ýaly ony edil çykanja ýerinden şarpyldatdy kesdi geçdi gidiberdi.
Şalynyñ gözi bu wagt gapdalda, ýap-ýañyja oturan ýerlerinden taýak atymlykda gowaça çöpüñ üstünde güberilip görünýän goşdady. Öwez eýýäm şol ýerdedir öýdüp, ol gözüni şondan sowanokdy. On-soñ hoşlaşygyñ dabarasyny artdyrmak üçin traktoryñ signalyna üz-nüksiz basyp, öz tarryldysyna guwanyp, çukurdan çykyşyna ugrubir obanyñ ýoluna gönügen Şaly garpyz toşabyna goýnuñ ak ýagyny garan ýaly edip, akja kirşeni gara gijä garyp, bu taýdan ýoklar bo-laýdy.
Onuñ yzynda göterilen tozan köwsarlap, ýere uzak syrady. Ak syrgyn biwagt dökülen ganyñ üstüni örtjek bolup janykýardy.
33
-
aysyzgije
13 years ago
- 3. Kepjebaş gowuny taşlaýar
Kepjebaşyñ ýekinde ýigreneni töweregine ajy tüsseli demini ýaýra-dyp, çölde onuñ kowumdaşlarynyñ we beýleki mör-möjekleriñ jany-na gije-gündiz gorky salyp ýören rehimsiz demir atlardy. Olar äpet tekerleri bilen öñünden çykan janly-jandarlary mynjyradyp, ýere sokup, döremedik ýaly edip gidýärdiler. Demir atlaryñ derdinden ymgyr çölde ne arkaýynçylyk galypdy, ne-de bukulara ýer. Bir gün-den bir gün Kepjebaş bu rehimsizligiñ garşysyna çykmagy ýüregine düwdi: ýok, beýle eden-etdilik bilen ylalaşmak mümkin däl!
Onsoñ ol bir gün ak öýlänler ata-baba üstüni örtüp, özüni göçe-göçden saklap gelen sazakdyr ojaryndan aýrylan we şonuñ üçinem ýel gelse, dik asmana sowrulmaga taýyn bolup ýatan tozgun çöli taşlap, adamlaryñ arasyna ugrady. Çäge depeleriniñ arasyndan ýeriñ pesini saýlap gelşine, birnäçe wagtdan soñ şäheriñ alkymyna go-laýlady. Ýoluny kesip, zol-zol keýpini bozýan, şäheriñ töweregini halkalap gurşan zir-zibillerdir terslin-oñlyn gazlan ganawlary hasaba almasañ, onda ýylan üçin bu öwrenişikli giñişlikdi. Ýöne zeý suwly porsy kanallar ýoluny kesende, Kepjebaşyñ girre gahary gelýärdi, boýny ýasy-ýaýman çişip ugraýardy, dogry, porsy suwly ýaplaryñ-da oña delalaty degmän durmady, ýylan olardan ýüz ugruna özüne ge-rek awuny alyndy gitdi oturdy. Zeý suwlarynyñ gyrasynda mekan tutan alakalardyr syçanlar çakyñdan semiz hem lellimdi, olary apar-mak üçin üýtgeşik bir çakganlygyñ geregi ýokdy, olar öñýetene awdy. Köne şäheriñ demirgazygynda, aññat-aññat gumlaryñ eke-rançylyga gabat gelip täsgenýän ýerinde Kepjebaş Garagum bilen hoşlaşyp, başyny ýerden göterdi, alkymyny çişirip, bilesigelijilik hem gedemlik bilen tes-tegelejik gözlerini petredip, töweregine bak-garyldy. Golaý arada adam ýok, diñe hol añyrlardan bir ýerden bir-küç sany gara şähere bakan salgymlaşyp gymyldap barýar. Olardan has bärde, taýak tüwdürim aralykda, gara ýol hem onuñ üstünden ala-goh turzup barýan äpet maşynlar görünýär. Ol yzyna gañrylyp, uly ýoldan gün-günden tapawudy azalyp barýan çöle tukat göz aýla-dy. Bu wagt, sähelçe özüñi emgeseñ, onda onuñ gözilginç owadan
34
gözlerinde: ”Gözellik dünýäni halas eder. Ýöne gözelligiñ özüni kim halas etmeli?” diýen gussaly sowaly okasa boljakdy.
Nebit, gaz gözleginde çöli gije-gündiz torç edip ýören äpet maşyn-laryñdyr traktorlaryñ derdinden uç-gyraksyz Garagum çöli günsaýyn ýalañaçlanyp, onuñ ýaşaýjylarynyñ örüsi gözgyny daralyp gidip otyrdy. Çöl jandarlarynyñ ençemesi köpelmekden, nesil öndürmek-den geçen, gaýta ýyl geldigiçe gyrlyp, tohumlary tükenmäge go-laýlapdy. Haçanda güýz ortadan agyp, çigrek düşende we ata-baba uka gidýän döwri golaýlanda, çölüñ güýçlüsi Kepjebaş özüne ymgyr çölde arkaýyn gyş ukusyna gider ýaly buky ýeriniñ galmandygyna göz ýetirdi. Ol howsala düşüp, dört ýana urundy, emma ugran ugrunda demir läheñler garşylap, ýigrenji ys-kokdur aýylganç tarryl-dysy bilen onuñ haýyny gaçyrdylar. Ukusyzlyk onuñ başyna bela bolup indi. Bu çaka çenli näçe gysylsa-da, özüni howpdan çeke sak-lan gedem ýylanyñ tenine dowul aralaşyp, näderini bilmedi. Ol mun-dan beýläk özüni goramakdan ejiz gelýän ata-baba örüsi – çöle nala bilen bakdy, nesilme-nesil ýaýnap, örüp-ösñän gum depeleriniñ üs-tünde tolgunyp-towlanyp, öwrüm yzyna öwrüm etdi, şonda onuñ janly jandary jadyly görküne kökeren gözlerinde töweregindäki göz-gülban tozgunçylyk şöhlelendi. Ýylan tohumynda irde-giçde gözýaş dökmek endigi bolanlygynda, bu wagt onuñ sowuklygy bilen äleme belli iki damja tes-tegelek garaklaryndan boýur-boýur ýaş akmalydy. Ol öz düýpsüz gussasyny hem gaharyny, ata-baba endigine görä, kellesini dik ýokary göterip, boýnuny ýasy-ýaýman çişirip, töwere-gine aýan etdi. Agzyndan golaý-goltumdaky jandarlaryñ janyna çuñ-ñur wehim salýan haşyrdy çykdy. Onsoñ tylla Gün öýleden agmanka ol iñ belent çäge depesinden towlanyp, aşak indi. Onuñ ýolundaky ownuk jandarlar çöl hökümdarynyñ gaýgyly ýöriş ýolundan sowlup, hinli hininde busanyny kem görmediler. Olaryñ hiç biri-de Kepjeba-şyñ çölden niräk, näçe wagtlyk hem näme maksat bilen baş alyp gidýänligini bilenokdy, diñe adaty endiklerine görä, güýçliniñ öñün-den sowlup, öz janlaryny gutarmak bilen başagaýdylar.
Kepjebaşyñ özi-de entek gitjek ýoluny gutarnykly saýlap bilmedige meñzeýärdi, bilýäni: mundan beýläk çölüñ özi üçin harama çykanly-gydy. Bu elhençligiñ düýbünde nämäniñ ýatandygyny görmek hyju-wynyñ özüni gitdigiçe beter adamlaryñ arasyna iterýändigini ol öñ-räkden bäri syzýardy. Ýöne ikirjiñlenip, kän gezdi, ahyrsoñunda-da
35
bu duýgudan hiç wagt gutarnykly saplanyp bilmejegini boýun alan ýylan ürgün çägäniñ ýüzünde keşde ýaly yz goýup, şäheriñ gaýra çetini nazarlady, çaltlyk bilen öñe suwlunyp, birnäçe wagtdan soñ köne jaýlaryñdyr çygly ýerzeminleriñ her ädimde diýen ýaly duşýan köçesine özüni atdy.
Şeýdibem ol şäherli boldy. Ýöne, görüp otursa, şäher onuñ üçin tozgun çölden-de sus bolup çykdy, günüñ-güni şol bir zat: çygly hem porsy ýerzeminler, darajyk hinlerinden jüýçjerişýän syçanlar, añryñ alsa-almasa, awlamaly bolýan gaýry ownuk mör-möjekler hem ýer-zeminleriñ diwarlaryna çenli eýelän aksaç kişiniñ dokmäde ýyl-gyrýan portretleri. Ol bu ýerde ne dost tutundy, ne duşman, mydama ýeke hem gaharly gezdi. Şähere aralaşandygyny özünden başga bilen bolmasa-da, birnäçe wagtdan soñ bu şäherde çakanyny tükgerdýän äpet zäherli ýylanyñ peýda bolandygy dogrusynda gorkuly ”myş-myşlar” ýaýrady. Çakylyp öldürilenleriñ gök-dalak teni adamlary haýykdyrsa-da, ýylany ele salmak başardanokdy, asla ondan ”gör-düm-bildim” ýokdy, iñ bärkisi adamlar onuñ bilen ýüzbe-ýüz bol-mak-da eýgerdenokdy. Onsoñ bu barada, hamana, ol ”adam sypatyna giren ýylanmyş” diýen dowul ýaýrady hem-de eşidenleriñ ýüreginde iñ köne – adamlaryñ awuly jandarlardan ejiz döwründäki – çuññur gorkyny oýardy. Şondan soñ bu köne şäheriñ ýaşaýjylary biri biriniñ ýüzüne ýiti-ýiti seretmäni çykardylar. Adamlaryñ göwnüne güman gitdi, gümandan daşarda kişi galmady. Netijede okumyş ýylan özüni gitdigiçe arkaýyn duýdy. Ol uly şäherde adamlaryñ ahmalyna garap, etjegini edip, bir gyşy geçirdi. Bu wagtyñ içinde ol kän-kän howlula-ryñ, öýleriñ gapysyndan garady, bulam-bujar saraýlarda hepdeläp düýrlenip ýatdy, bazarlary dördi, şähere-de, onuñ adamlaryna-da belet boldy. Adamlaryñ arasynda gezdigiçe ýylan olara höwrükmän durmady. Eýsem-de bolsa, ”Ýagynyñ daşyndan içi aman!” diýenleri, öwrenişseñ, adamlaryñ arasy-da ýaşamazça däl ekeni. Onuñ kowum-daşlarynyñ iñ rehimsiz duşmanlary, ýakyndan seretseñ, hiç neneñ däl, onsoñ ol nämüçin öz ýaşaýşy üçin adamlar bilen çynlakaý dik-leşmezden ýok bolup ýitip gitmelimiş?
Birnäçe gije-gündiz öz-özi bilen göreşensoñ, ol kesgitli netijä geldi: dikleşmeli! Aslynda munuñ üçin ikirjiñlenmegiñ-de geregi ýokdy, ony ýaýdandyrýan zat – bu ugurda kime bil baglamaly boljagydy: kim bilen il bolmaly? Belki, harabada, onda-munda sümsünişip ýö-
36
ren mahluklaradyr? Olar çöl jandary üçin düýbünden ýat hem galdyr-basdyrly güýçler: ne yns, ne-de jyns mahluklar. Olara el bereniñ ertirki güni gümana düşmezmi? Olar diñe bir adamlary däl, eýsem islän jandaryny çoçgaryna çolaşdyrmaga ökde dälmidir? Ýöne, gör-nüşine görä, Kepjebaşda üýşüp ýatan özge çykalga-da ýok. Ol güýçler onuñ islegine bakmazlar, daşynda timisgener ýörerler, adam-laryñ arasyna girip, ol eýmençlerden daş durmak çetin, çünki düýp-teýkarynda ol albassylar adamlaryñ hut öz ruhundan dörän... Üstesi-ne-de ol indi şäher ýerzeminleriniñ porsy çuñlugyndan irmek irdi, olarda ömrüñi ötürmegiñ hezilligi ýok, eýsem-de bolsa, bütin ömrüni zibiliñ içinde bukulyp geçirer ýaly onuñ ýagty jahanyñ öñünde näme ýazygy bar? Ýok, ol beýle aýylganç jeza boýun bolup bilmez! Ol ýagty jahana çykar! Ony öz dogduk mekanyndan aýranlar, goý, indi özlerinden görsünler, ol öz ýaşaýyşy üçin göreşer! Zeýli garañkylygy ol içigara, kümsük möýlere taşlar-da, bu gün-erte özüni ýaradan ýag-tylyga gowşar!
Kepjebaş etsem-petsemlerini ýagşyja ölçerip-dökensoñ, adam sypa-tyna girip, bir günden-bir gün öz keýpine güwläp ýatan gadymy şäheriñ orta gürpünde ýerleşen gök bazarynda peýda boldy. Munuñ üçin ilki ol birnäçe aý ömrüni geçiren çygly ýerzeminlerini taşlap, şäheri gaýralap oturan haýsydyr bir orta asyr soltanlygyndan galan harabaçylyga siñdi. Çünki uly iliñ gözüne görünmänkä, gowuny taşlap, ilki adam sypatynda iki aýakda ýöremäni öwrenmelidi. Adamlaryñ arasynda ýaşamak üçin olaryñ özüne meñzemeli, ýogsam her bir ädimde şübhe dörejek, bu-da Kepjebaşyñ peýdasyna däl. Ol isleýän ýerine ýetensoñ, guýrugyna daýanyp, başyny has ýokaryk göterdi, soñra gowundan çykyp, duran ýerinde bir silkindi-de, adam sypatyna girdi. Adam-garasyz ýerden zompa çykan şilliñ uzyn, al-kymlak, tegelek ýüzli, eñekmen, arasy ýakyn tes-tegelek ýiti gözli, gaşlary selçeñ, tas ýok diýen ýaly, ýañy aýak biten ýylçyr kelle bu kişiniñ başda nähili ýörejegini bilmän, esli wagtlap owsun atyp dur-şuny gören bolmady. Görenler diñe allowarradan ygym-sagym geçip barýan ýek-tük ötegçilerdi, olaram çola ýere ”aýak ýoluna” sowlan bir bendedir öýdüp, oña garşy seretmäge-de ejap etdiler. Ýogsam, edil gowunyñ üstünde tutanlyklarynda, owsun atyp duran bu gumsalt reñk pyýadanyñ ýylandygyny güman etmäge olarda näçe diýseñ sebäp tapyljakdy. Ýöne Kepjebaş edil duşmanyñ içine uçardan zyñ-
37
lan jansyz kimin gowuny hasyr-husur çöpe-çalama duwlady-da, aýbyny görer gözden ýaşyrdy. Onsoñ onda bu görülýän adamlardan ullakan bir tapawut-da galmady. Eýsem indi gözleri içiñden geçip gelýän ýylçyr kelle kişileriñ il içinde gezmäge haky ýokmudyr? Oña derek onuñ syrdam boýy, çeýe göwresi, çalasynlygy nämä deg-meýär?!
Kepjebaş ýap-ýanyja biten aýaklary az-kem ýer tutansoñ, ýene-de bir gezek daş-töweregine ýaltaklady, kellesinden sypal şlýapasyny çykaryp, inçeden uzyn barmaklaryny süýr depesinden, selçeñ biten tüýleriñ üstünden taýly gezek goýberdi-de, iññeden çykma kostýu-mynyñ iliklerini düzedişdirdi, alkymyny aşa gysýan import galstu-gyny az-kem gowşadyp, gyş ukusyzlygyndan soñ bütin endamyna ornan gowuşgynsyzlygyndan dynmak üçin ädimini düzüp, şähere gidýän ýoly nazarlady. Ýöräp ugransoñ, selçeñ saçyna garamazdan, öz ýaşyna görä has galjañ gopýan, iñ soñky modada boýdan-başa nepis geýnen, bu ýylmanak pyýada baran ýerinde ýol aljakdygyny güman etdirdi. Durşy bilen okgun bolup duran bu täze adam bilen iş salyşmaga höwesekleriñ näçe diýseñ tapyljakdygy öñünden-de syz-dyrýardy, çünki hüýleri o diýen almasa-da, aldajy ýaly kişilere gabat gelenlerinde ýaramsaklyk edip geçenini kem görmeýänler azmy näme? Olar, belki-de, bu tetellileriñ iñ uly wezipelere haýran ga-laýmaly çaltlykda ýetip bilýändigine belet bolanlary üçin ätiýaçdan şeýdýändirler?
Haýsy-da bolanda, Kepjebaş ulgam-ulgam dökülen porsy zibil tümmeklerinden aýlanyp-dolanyp geçip barşyna:
– Lellimler! – diýip, adamlara bu golaýda soñky gezek diýesi gele-nini diýdi-de, uly ýola çykyp, añyrdan ýetip gelýän ýük maşynyna elini galdyrdy.
Ýük maşyny ala-şakyrdy turzup, ýoluñ gyrasyna sowuldy.
– Şähere taşlasana! Pyýada ýöräbem halys aýagymdan ardym – diýip, Kepjebaş turuwbaşdan dil bilşiniñ ganymatdygyny añdyrdy.
– Mün! – diýip, dilewarlyga gadyr goýmagy başarýanlardan bolup çykan sürüji, ony şähere alyp gitdi.
Ýylan daş-töwereginde küpürsäp göterilen tozandan ýap-ýañyja edinen elleri bilen emelsiz goranyp, iki aýtdyrman, dulugy dulugyn-dan geçip duran garaýagyzdan hor sürüjiniñ gapdalynda gondy. Şofýoryñ özüne birki gezek göz astyndan bilesigeliji seredendigini
38
duýansoñ, ol ony gürrüñe güýmemekçi boldy, kim bilýär, entek onuñ üst-başynda syryny açjak ýetmeziniñ-de bolmagy ahmal?
– Mart aýy ygally boljak öýdýän. Ekişi-beýlekini gijä goýmasa-da biridir, beýdip guýup durşuna... – ol gürrüñdeşine seýrek duşýan synçy nazaryny dikdi.
Şofýor gürrüñi göwünjeñ alyp göterdi.
– Ekişiñ bir zady bor-la, ýöne, ynha, biz ýaly köne maşyn sürýände iş bar: bir ýerde batýañ, bir ýerde çomýañ. Bu çakda oba täze maşyn gelmesi kesildi, ähli zadyñ gytlygy çykdy, mundan beýlesi nähili boljak, bilýän ýok. Aý, biz-ä şu köneje maşyny elden almasalar kaýyl, galany bilen oñuşjak.
Kepjebaş gulagynyñ eşidýänine şübhelendi.
– Ýogsa-da, aýdyşyñ ýaly, oba hojalygynyñ ýagdaýy neneñ?
– Obada hojalyk galan däldir. Oba bar-da, hojalyk ýok.
– Beh... – ýylan bu eşiden habaryna asla begenmedi. – Hany sizde ol ”kolhoz-sowhoz” diýen ýaly zatlar bardy-la, olara näme boldy? Olar nä gutardymy?
– Ýok-la... – sürüji guraksy hikirdedi, – kolhozçy gutarmasa, kol-hoz gutarmaz! Ady üýtgedi. Olara ilki ”daýhanbirleşigi” diýjek bol-dular, indi ”oba” diýýäler. Siziñ gepiñiz birhili Aýdan düşeniñkä meñzeş. Siz daşary ýurtlymy?
Sepini bildirendigini syzan Kepjebaşyñ lapy keç boldy.
– Ýok-la, o diýen bir daşary ýurtlam däl-le, ş-şu golaýdan, çölüñ içinden. Ş-şol kolhozlardan ýaña bize çölde-de gün bolmady. Zeý suwy dünýäni aldy, çöli mör-möjeksiz goýdy, biz gyzyl aç...
Sürüji gürrüñdeşiniñ ýüzüne hoşniýetli, emma öñküden-de beter düşünmeýän äheñde ýaltaklady.
– Aý, şol mör-möjekler ýitse kemem däl, ahmal bolsañ, bir ýeriñden sokjaklar, ”möýdürin” diýdi, ”içýandyryn” diýdi, çölüñ içi ýöne mörmüldi bolup dur. Aýratynam gije ot ýaksañ gorkunç, edil ýöne süýşenekleşip eñişip gelýärler, haram ölmüşler.
– Beý diýme! – ýylan özünden bidin owsundy. – Mör-möjeksiz, biziñ günümiz niçik bor, ondan habaryñ barmy?
– Siz näme ata-baba gumlumy?
Kepjebaş özüniñ öte geçendigini bilip galdy.
39
– Ýok-la, äh-hem... üh-hem... hawa-la, ata-baba diýseñem boljak, ýogsam dagda-da garyndaşlarymyz bar. Ýöne meniñ gözümi açyp görenim çöl, işim şeýleräk...
– Düşnükli – diýip, sürüji hiç zada düşünmänsoñ, köpbilmişsiräp, başyny atdy. – Onyñyz başga gep. Guma menem kädaýym baryp gaýdýan, çagalara hurşluk mal diýip. Tanyş çopan bar, arzan dü-şürýär, aý, bu zatlary, gumly bolsañyz, özüñiz gowy bilýänsiñiz. Ýöne gumda ”ýaşa” diýseler, özüm-ä, walla, başarjak däl. Ýürekgys-gynç. Meñ ýalan adym Musa. Biziñ ilde çyn adyñy aýtmak gorkuly: jyn-arwah ýa-da ýuwha eşidäýse, adyñy alyp dakynarmyş. Size kim diýerler?
Kepjebaş aljyraññylyga düşjek boldy: asyl ol özüne adam adyny edinmedik bolsa nätjek! Bolsa-da, ol ýylan çaltlygy bilen çykalga tapdy: ”Munuñ ýalan ady-da maña bolar, näme kemi bar?”
– Beh, onda ikimiz atdaş bolup çykýarys-da: meniñem adym Musa!
– Görsen-e, muny! – sürüji ýagly elini uzadyp, ýylan bilen täzeden görüşdi. – Atdaş diýsen-e! Ine onda, atdaş, şähere-de geldik. Men-ä şundan gaýraky köprä garşy öwrüljek. Seniñ ugruñ?
Kepjebaş adam eşiginde şähere gelendigi ýadyna düşüp, aljyrajak ýaly etse-de, syr bildirmedi, bolşuna görä degişdi.
– Maña edil şu taýy bolýar. Şäherligi çyn dälmi özi şunuñ?
– Mundan köne şäher ýokdur!
Sürüji ýolagçynyñ ýüzüne ýene bir gezek täsin galyp seretdi-de, hoşlaşdy. Ýöne ol gañrylyp yzyna bakyp gitdi. Kepjebaş durşy bilen şakyrdy bolup barýan warak maşyndan düşensoñ, üsti-başyna ýaña-dandan seredişdirdi, o taýyny-bu taýyny kakyşdyrdy. ”Atsyzam bir adam bolarmy diýsen-e, nädip ol ilkibaşdan beýle gödek ýalñyşlyga ýol berip bildikä? Eger beýle ýeñilkellelik etse, ol adamlaryñ arasyn-da uzak ýaşap bilmese gerek, hüşgär bolmaly. Göni ýoldan egri git-mek – onuñ hünäri... At edindim, atamyñ ady näme bolmaly? Hm-m... Ýörgünliräk bir familiýa bolsa-ha kem bolmazdy. ”Musa Çöli” diýsem näderkä, ýagny – Çölden gelen... Galanynyñam dura-bara bir zady bolar-da...”
Şol demde ýylanyñ goltuk jübüsinde ”Çöli Musanyñ” adyna pa-sport peýda boldy. Ol jübüsiniñ sähelçe galñap gidendigini duýup birneme ekezlendi, alkymyny çişirip, başyny hekgertdi. Hamana,
40
kimiñ günäkärdigini öñünden bilýäne dönüp, öz-özüne: ”Nämeden başlamaly?” diýen lenji çykan soragy berdi.
Onsoñ okumyş ýylan, ýagny pasporty we adam ady boýunça Musa Çöli, öz ömrüniñ iñ töwekgel hem haý-haýly döwrüni ýaşamak üçin beýik hem haýbatly harabalaryñ içinden adama öwrülip suwlunyp çykandan birnäçe wagt soñrak tot-tozana, awtomobilleriñdir, peýda-syndan zyýany agdyk uşajyk kärhanalaryñ tüssesine boglup oturan gadymy şähere özüni urdy. Ýurduñ ýüzi bazara garşy, onsoñ Kepje-başyñ ýüzi nirä bolsun?
Ine-de, güwläp ýatan ”Hangeçeniñ bazary”: kimsi alýar, kimsi satýar, ala wagyrdy. Bazaryñ daşyny gurşap ýatan dürli dükanlaryñ-dyr, edara jaýlarynyñ üstünde gulaç-gulaç gerlen ýaşyl matalardaky täze döwrüñ ýazgylary kommunistik eýýamyñ gyzyl çagyryşlary bilen bäsleşýärler. ”Ýaşasyn kommunistik jemgyet!” diýen şygar ”Bazar gatnaşyklaryna tarap öñe!” diýen ýazgy bilen ýanaşyk hallan-laýar. Olaryñ sepi bir çüý bilen köne diwara kakylan. Bazaryñ töwe-regini gurşap ýatan dürli edaralardan wagtal-wagtal boýny inçejik gara galstukly adamlar çykyp, bazarçylara serenjam berýärler, olara öz harytlaryny erkin hem näçe bahadan satmalydygyny öwredýärler. Olaryñ käsini bazaryñ çüñkündäki ”Sosialistik emlägi ogurlykdan goramak boýunça bölüm” diýen edara garşy südenekledip äkidýärler. Bazarçy ol ýerden yzyna ýarym-ýalañaç çykýar-da, gaýtadan hyjuw bilen işe girişýär. Bir käse çaý içim salymdan-da, ol eýýäm ýene iññeden çykma eşikde, öñküsinden has gymmatbaha geýnip ýetişýär. Bazarçylaryñ aglabasy aýallar, şonuñ üçinem erkekler iki oduñ ara-synda galyp, nätjeklerini bilenoklar: ýumruk bilen del tomaşanyñ arasy şeýle ýakyn!
Bazar mähellesi aralarynda peýwagtyna aýlanyp ýören bu adamy-nyñ özlerinden parhynyñ bardygyny görmän durmadylar, hatda oña ýiti-ýiti çiñerilenlerem az bolmady: be, bu kimkän? munuñ ýöreýişi dagyn näteñet, edil ýöne suwlunyp barýar, adama meñzeş däl! – diýişdiler. Onsoñ, soraglaryna degerli jogap tapmansoñlar, ony ýa gumludyr, ýogsam-da dagdan añyrdan bu ýere söwda gelen biridir öýtdüler. Kepjebaş bolsa, olara ”barmysyñyzam?” diýmän, bazaryñ içinde aýlanyp, öz awuny peýledi. Ahyrsoñunda ol ýaş hem görme-geý bazarçy gelniñ gabadynda saklanyp, onuñ satýan zatlaryna içgin seretdi. Gelniñ harytlaryny synlap bolansoñ, öwrümli gürledi:
41
– Siziñ harytlaryñyzyñ kemi ýok, men olaryñ hemmesine hyrydar. Puluny, ynha, ş-şu petdeden sogrup alyp bilersiñiz. Ýöne meniñ hiç hili haryda mätäçligim ýok. Bu mata-marlak, naşyja zatlaryñyz me-niñ derdime ýarasady, onda meniñ bagtymyñ çüwdügi bolardy.
Köp zady wada berýän gözler bilen gelin onuñ ýüzüne gyýa-gyýa seretdi.
– ”Gyz bilen duza gytçylyk ýok.” Maksadyñyzy aýdyñ.
– Sallah adamda maksat näme işlesin? Ýyly gujak bolsa – boldugy. Oýun bolsa-da, degişme däl, çölden tökesiräp geleniñ ýagdaýy-da...
– Siziñ gözüñiz gijeniñ gözi ýaly gaty ýiti, öñünde durmasy kyn, ýöne diliñiz çalgyrt. Siz gelmişekmi? Göwnüme bolmasa, soñky döwürde bu şäherde gözi ýiti kişiler gürelip barýan ýaly, nämedendi-gini nä biljek.
– Gorkup otumañ, bu bir gyzamykdan galan kesel, aslym ş-şu ýerli. – onýança Kepjebaşyñ gözi harytdan ýüklenip, bazardan çykyp barýan dolmuş gelne düşdi. – Siz meniñ üçin ol gelne habar gatyp bilmermisiñiz?
– Onuñ ady Aýnabat, ol meniñ doganoglan bajym. Ol häzir bazar-dan çykyp, demir ýoldan gaýralygyna ýörär, özem pyýada. Siz oña gaýraky bagyñ içinde garaşsañyz, suwa inen maral ýaly, ediljek ýöne üstüñizden barar. Gelin dagy däldir, ýöne deñiñizden geçip gidiber-mez ýaly: ”Abat size salam aýtdy” diýseñiz bolany. Nämä öwelip dursuñyz, ol dazanaklap gidip barýar. Men halys dilimden ardym, baryñ indi öz başyñyzy özüñiz çarañ, başy boş bolanda nä, meniñ ony nikalap goltugyñyza salmajagym hak! Bujagaz şeýteliñize jü-bimde ýer tapylar, ol gowuz. Hoş onda, galany itiñ añsadydyr-la!
Kepjebaş çaýhananyñ gapdalyndan geçdi-de, bazaryñ gyrasy bilen öwrülip, gaýralygyna ýöredi. Uzak wagt geçirmänem, ol edil diýlen ýerde gelniñ öñüni gabatlady.
– Salam, Aýnabat! – soñam özüni ýat görüp keýerjeklän gelne: – Abat size salam aýtdy – diýip, kömege döwtalapdygyny bildirip, içi zatly torlaryna el uzatdy.
– Esen bolsun. Ýöne men hiç hili Aýnabady tanamok. Abadam meniñ özüm. Men indi öz-özüme sizden salam aýdan bolup çykýa-ryn-da, şeýlemi?!
Ýylan agzyny açdy. 42
– Ol nähili?! Siziñ ”Abat” diýen doganoglan uýañyz, ýokmy? Olam gök bazarda zat satanokmy? Men öz gözüm bilen gördüm, satýar!
Gelin kinaýaly gülümsiredi.
– Doganoglanam satýarmy?
Ýylan garaşylmadyk ýagdaýa düşendigini bilip, aljyrarly göründi. Tanyşlyk başlanmanka gutarjaga meñzedi. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin uzaga çekdirmän, nämedir bir zatlar etmelidi. Aýallar bilen ümmüldeşmekden tejribesi bolmansoñ, ol öz ýylan jadysyny ulanmasa, utuljakdygyny añdy. Onsoñ ol gelniñ ýazzy mañlaýyna geçdi-de, onuñ gözlerine tiñkesini dikdi, howlukman, alñasaman, uzak wagtlap seredip, usul-usuldan onuñ gözleriniñ içi bilen ýüregi-ne aralaşyp, ysgynyny aldy. Onuñ sesi bu wagt edil märekäniñ öñüne çykyp, millete göz görkezýän gözbagçynyñky ýaly mylaýymdan hökümlidi.
– Satýar, elbetde, satýar... doganoglanam... dolananam... ýakyny-nam, daşynam... Bazar bazardyr-da, bahasy ýetdigi – satyldygy... Siz maña edil öz bahañyza düşdüñiz, ne arzan, ne gymmat.
Gelin ýüregini ýaryp gelýän ýiti nazardan sypmak üçin bir urundy, emma güýji ýetmän, derrew haýallady, nätanyşa boýun boldy. Gar-şysyndaka ýakyn-ýakyn baranyny-da, onuñ buz ýaly goltugyna gire-nini-de bilmän galdy. Soñra olar ile belli aşyklar kimin, bagyñ içi bilen goltuklaşdylar ötägitdiler. Arkaýynlaşansoñ, ýylan özüniñ isle-gini sypaýyçylyk bilen mälim etdi.
– Men siziñ ertirki oturlyşygyñyza gatnaşmakçy.
– Siziñ görküñiz baş aýlamazça däl, aýratynam siziñ gözleriñiz meniñ edil janymy alyp barýar – diýip, gelin boýun aldy. – Ýöne siz partiýa agzasymy?
Ýylanyñ buz ýaly endamy gyzyp gitdi. Ol äm-säm boldy.
– O näme diýdigiñiz boldy?
– Siz kommunistmi diýýän?
Ýañy adam sanyna girdim diýip ugran ýylan özüniñ entek hiç kim-digine düşünip, ur-tut mekirlige ýüz urdy.
– Bolsam gowumy, ýa-da bolmasam, meniñ siziñ pikiriñizi bilesim gelýär?
Abat onuñ ýüzüne uzak seretdi. Ýöne bu gezek onuñ gözlerinde soragdan mähir-muhabbet kändi.
43
– Elbetde, bolsañyz gowy. Kommunist bolsañyz, diỳmek, siz de-mokrat we döwlet işgäri. Demokratik partiýa – biziñ ýurdumyzda agalyk ediji partiýa. Müdümilik! Onsoñ siziñ wezipäñiziñ kiçi-girim däldigini bilmek üçin aýalyñ akyly hökman däl, ony öñýeten biler... Ýöne siziñ pyýada gezip ýörmäñiz, elbetde, geñ... Belki, ýüregiñizi ýag aldyrmajak bolýansyñyz? Belki-de, adamlara ỳakyn bolasyñyz gelỳändir?..
– Gönümden gelsem, meniñ ýigrendigim – maşyn. Tehnikany hiç hüýüm alanok, görsem añrym bärime gelýär.
– Düşünýän – gelin oña duýgudaşlyk bildirdi. – Siziñ işiñizde şeýle bolaýmalam-da: günüñ-güni ýolda, ynha görseñ, uçmaly, ynha gör-señ, otly, ondan düşseñ, maşyn; onsoñ adam-bende irmän, dagy nät-sin? Puldan kösenmeýändigiñizi-hä, soraman biläýmeli. Siziñ Býu-ronyñ agzasy bolmagyñyz-da ahmal. Dogrusyny aýtsam, men Býuro agzalarynyñ hemmesini ýüzünden tanamok, ýöne olary sylaýan, etjek alajyñ nä? Olar sypaýyçylykly.
Ýylan-Musa Abadyñ gürrüñini ganyny damdyrman diñledi. Adam eşigine gireniñ bilen entek adam sanynda görülmejegiñ, iñ bärkisi başyñy çaramak üçin-de arrygyñy gynamaly boljagyñ güman et-dirýärdi. Bu jemgyetde okumyşlygyñ nyrhy nedir?..
– Hany, hany... – ol bar zadyñ anygyna ýetmek üçin gitdigiçe me-kirlige ýüz urdy, – göreýin bakaly, dowam ediberiñ, maña siziñ näzik sesiñiz hoş ýakýar; nämüçin siz ozalynda opera aýdymçysy bolman-syñyz? Belki, men ýalñyşýandyryn, belki siz aýdym aýtmagy gowy görýänsiñiz? Men siziñ ýakymly sesiñizi näçe diñlemeli bolsa taýýar, aýratynam Býuro baradaky süýji gürrüñiñizi...
Ýaş aýala öwgüniñ ýetiren täsiri ýylan jadysyny ompa oturtdy. Gelin saýrak guşa meñzäberdi. Ýylan üçin munuñ açyş kemi ýokdy.
– Meniñ boýdaşymyñ ady Nabat, ony ertir görersiñiz, süñksüz gowy maşgala. Meniñki ýaly, onuñam başyboş. Dertdeş-dä. Onuñ Býuroda tanşy bar, şeýle sypaýy adam, bir salym ýanynda otursañ, hezil edýäñ, şeýle medeniýetli adam, özem Nabady eliniñ aýasynda saklaýar. – Abat ýene-de öz gürrüñdeşiniñ sowuk gözlerine ýaş aýa-lyñ ýyly mährinden ýoñsuz paý bölüp berdi. – Hawa-da, olaryñ işem şonuñ ýaly-da. Medeniýet diýeniñ Býurosyz bir ädim öñe ädip bil-jekmi? Ädäýende, gorpa gapgarylmazmy? Tal Tagan inçe sungatyñ hossary. Ideologiýanyñ-da! Ol entek Stalin dirikä, 1953-nji ýylda
44
partiýa agzalygyna göterilen adam. Tal Taganlar biziñ milli guwan-jymyz, ýurdumyzyñ geljegi! Siziñ bu zatlardan başyñyz gowy çyk-maly...
Musa içinden: ”käşgi...” diýip ýetişse-de, daşyndan howlukmaç tassyklady:
– Elbetde, elbetde, biz ol zatlary bilmesek bolmaz.
– Ertir siz hemmesini öz gözüñiz bilen görersiñiz. Ýogsa-da, siziñ käriñiz nämedir?
Musa edil guýrugyndan basylan ýaly heşerlendi. Çünki ol ýene-de gapyl galdy.
– Menmi? Men bu ş-şol çölde güýmenen boldum ýördüm. Oba kän bir aralaşjagam bolup durmadym...
– Düşnükli. Siz geolog bolmaly. Meniñ sizi tanamaýanym şonuñ üçündir. Ferma müdiri bolanlygyñyzda, ikimiz tanyş bolmaly, mü-dirler bilen ýolumyz gündelik kesişýär: welaýatkomyñ işgärleri hurş-suz oñup bilmez-ä! Olaryñ hersi aýda bir tokly iýäýmeli.
– Olar siziñem ýoluñyzy kesýärmi? – ýylan señrigini ýygranyny duýman galdy. – Çölde biz olardan bez bolan.
– Hawa-da! – goşa jadynyñ güýjünden halys añkasy aşan ýaş gelin saýramagyny kesmedi. – Size daýhanbirleşiginiñ sürüleri ynjalyk berýän däldir. Wyşka dikjek ýeriñizden wagtynda aýrylman, üstesi-ne-de: ”Mal örimizi torç edýäler” diýip, welaýatkoma arz edýändir-ler, belki Býuronyñ hut özüne-de baryp ýetendirler? Olar çölüñ ýal-ñyz hojaýyny özümizdiris öýdýärler. Bu meselede men siziñ arka-ñyzda. Sebäbi nebit bilen gaz bolmasa, progress bolup bilmejegine men düşünýän. Eti biz Ýeriñ añry ujundan, meselem, Awstraliýada-na-da, hat-da unup-çydap bilmesek, bahasyny berip, hut öz maldarla-rymyzdan-da satyn alyp bileris, a nebit-gazy? Hiç haçan! Aýagyñy basan ýeriñde ýangyç barmy?! Bolaýsa-da, bize ýetmez. Ýok, maña siziñ käriñiz ýaraýar: ”Dag göwsünden nebit alýan zor oglan!” Siz ertir biziñkä geliñ. Hökman. Men sizi Tal Tagan bilen tanyşdyraýyn. Nabat bilenem. Ertir Býuronyñ ýygnagy. Diýmek, ertir agşamlyk Tal Tagan Nabadyñka sowlar. Ol ýerde bize iñ güýçli rus aragy bilen gyly gyrylmadyk partiýa gybatlary garaşýar. Beýle hezillik her öýde tapdyryp duran däldir, boýun gaçyrmarsyñyz diýip, umyt edýärin! Ýöne men düşünmedim, elbetde, siz meniñ günämi ötüñ... siziñ part-biletiñiz barmy ýa-da ýok?
45
Musa jübüsinden gyzyl kitapçany çykaryp görkezdi.
– Ine, siziñ diýýäniñiz ş-şu bolsa gerek? Tal Tagan bilen men kom-partiýa edil bir döwürde girendirin. Ýadymda, ol wagt entek Stalin diridi, ine, görýäñizmi, 1953-iñ başynda goýlan möhür...
– Edil özi! – Abat içini tutup begendi. – Siz gymmatly kadr: gö-räýmäge ýaş, emma, gör, nähili tejribäñiz bar! Siz ýaly şahsyet bilen işleşmek meniñ ömürboýy arzuwymdy. Býuro agzasy bilen inçe gatnawda bolamsoñ, medeniýet meniñ üçin öwrenişikli zat. Meniñ özüm däl, boýdaşym Býuro bilen inçe gatnawda, menem, öz geze-gimde, onuñ bilen içgin... onsoñ, isleseñ-islemeseñ-de, medeniýetiñ jümmüşinde bolup çykýañ, düşünýänsiñiz-le... Ah, şonuñ üçinem sizä-hä müdir bolsañyz, menem – siziñ medeniýet orunbasaryñyz, gör, niçik gowy bolardy! Ine, onda men-ä öz öýüme geldim, häzir-likçe hoş! Ertir, ýañky adresi taparsyñyz diýip, umyt edýän!
– Menem.
Ýylan Abat bilen hoşlaşansoñ, şäherde tä garañky düşýänçä köw urdy. Garañky düşensoñ, ol tüýsüni üýtgedip, garañky hem zeýli ýerzeminleriñ birine özüni atdy. Ol özüniñ bu bukusyndan ertesi ak öýlän adama öwrülip yzyna çykdy. Şondan soñ onuñ ilki aladasy myhmançylyga barjak öýüne sowgat almak boldy. Sowgady iliñ alýan ýerinden almasañ, näme almalydygyny näbiljek?
Şäheriñ merkezine özüni atan Kepjebaş onuñ içinde öz keýpine aýlanyp görmekçi boldy. Haýsydyr gelmişek ýurtbasaryñ adyny göterýän köçäniñ iki gyrasyndaky atam döwründen galan sep-sep bolup gidýän köne kerpiç jaýlardaky dükanlaryñ her haýsyna bir kellesini sokup çykdy. Onuñ hoşuna gelen zat bu dükanlardaky bas-lygyşyp ýatan harytlar däldi, tekjeleriñ añrysynda gözlerini oýnady-şyp duran alyn dişleri seteräm altyndan gözellerem däldi. Her dükana girende, ilki bilen onuñ ünsüni çekýän zat – dükanlaryñ aşagyndaky çygly ýerzeminlerden burnuña haplap urýan zeý ysydy. Ýylan olaryñ haýsydyr birine sümmän zordan saklandy, bu ýagdaýda söwda eden-den gowusy ýokdy.
– Maña ýaş hem owadan aýallaryñ gowy görýän harytlaryndan sowgatlyk dolañ. Iki kişilik.
Dükanyñ töründäki suwlañja gyz alyjynyñ üst-başyna çalarak göz aýlady-da, göze görnüp duran harytlardan öýdeşdirip, iki bogdak bogdy.
46
– Bolýarmy ýa-da ýene üstüne zat goýaýynmy?
– Elbetde. Bu köne-küşüliñ bahasyny menden alyñ-da, onsoñ, gaýrat edip, maña import harytlardan dolap beriñ. Meselem, adam oglunyñ tapyp bilmejeginden. Gadyryñyzy bilerin...
Gyz düşüş ýylgyrma bilen alyjynyñ ýüzüne mylaýym garady.
– Enaýy hem gymmatbaha zatlardanmy?
Alyjy begenip, başyny atdy.
– Edil özi, diýşiñizdenem beter.
– Ana, şolar bizde ýok-da. – gyz öñküdenem mylaýym ýylgyrdy. – Indiki hepde dagyn gelmegi mümkin. Sebäbi bu barada eýýäm Býu-rodan görkezme bar. Sebäbi soñky hepde-de partiýañ gurultaýy açylýar, öñ ýanyndan import haryt gelmese bolmaz. Elbetde, zäh-metde öñdebaryjylar üçin. A siz zähmetde öñdebaryjymy?
Ýylan öýkeli hüñürdedi.
– Iñ öñdebaryjy! Menden zähmetkeşiñ öýi ýykylsyn! Ýogsam munça puly men nireden alanmyşym?! Bular meniñ daban azabym!
Ol jübülerinden weşeñ-weşeñ pul çykaryberdi. Muny gören satyjy gyz gözlerini süzüp, başyny çalaja atdy.
– Onda men size öñki gurultaýa gabatlap gelen harytlardan dolap beräýerin, galan-gaçany ýok däl, özüme goýanlarymdan...
Söwdasy oñan Kepjebaş sowgatlary goltugyna gysdyryp, köçä göwnühoş çykdy. Ol gadymy şäheriñ egrem-bugram darajyk köçele-rinde ýadaýança aýlanyp, soñra duýgur ýüzüni täze mikroraýona garşy öwürdi. Alkymyndan çykan otlynyñ uzaga çeken şakyrdysyny alaçsyz diñläp, soñra demir ýoldan gaýralygyna geçdi we edil diýlen wagty, diýlen jaýyñ gapysyndaky düwmäni basdy. Ol düwmäni ba-syp durka egniniñ üstaşyry ýene bir gezek täze ýaprak çykaran goşa şatudyñ ýaşyl ýapraklaryna dykgat bilen seretdi; hä diýmän, olary çañ basar. Töwerekdäki jaýlaryñ hemmesi biri birine meñzeş, entek çybykka daşyna maşynyñ köne tekeri geýdirilen goşa şatut bolmdyk bolsa, onda bu gapyny salgy bilen tapmak kyn boljak ekeni. Ýöne häzir dogry gelendigine onuñ gözi ýetik.
– Açýa-aaryn! – gapynyñ añrysyndan düwmeden çykan owaz bilen bäsleşýän ýakymly aýal sesi eşidildi.
Gapy açylanda alagarañky otagdan bärik bakýan ýaş gelniñ görki ýylanyñ sowuk ýüregini ersdirerli göründi.
47
– Beýle owadan zenan diñe ş-şu ş-şäherde, onuñam diñe ş-şu jaýynda öñüñden çykyp biler! – diýip, ýylan eýýämden hamana Býu-ronyñ agzasy ýaly aşa sypaýy äheñde haşyrdady.
Ýylanyñ öwgüsiniñ ýaş aýala diýseñ ýakymly täsir edendigini so-raman biläýmelidi, ol dylym-dylym etdi.
– Geleweriñ-de, geçeweriñ! Hoş geldiñiz!
– Salam! – Musa döwrüñ ruhunda, gysga hem dabaraly seslendi. – Mümkinmidir?
– Elbetde, mümkindir! – ak ýüzli syrdam gelin eli Musanyñ eline degende tisginjek ýaly etse-de, syr bildirmedi. – Tal Taganam indi uzak garaşdyrmaz. Ýöne siz ägirt ekeniñiz, diýen wagtyñyzda geldi-ñiz. Ýogsam, ykjamlykda entek Tal Taganyñ öñüne geçen ýokdy. Biziñ tanyşlarymyzyñ içinde.
– Ine, indi bar! – ýylan-Musa özünden göwnühoş seslendi. – ”Şägirt halypasyndan ozdurmasa, kär ýiter!”
Nabadyñ gaşlary çalaja çytylyp gitdi.
– Aýyplaşmañ, ol häzir geler. Býuronyñ ýygnagy uzaga çekendir, möhüm karar kabul etmeli bolandyr. Onuñ işi añsat däl.
Myhmany boýdaşyna tabşyran gelin derrew öz aladalary bilen güm-ra boldy we şondan soñ onuñ ýüzüne gaýdyp ýeke gezegem gönüläp seretmedi. Bu ýylanyñ içinde kitüw goýdy. Onda güýç bar, ýöne onuñ jadysy her görene ötüberenok – nämüçin? Bazarçy gelin ony tasdan çoçgara çolaşdyrypdy. Indi Nabada nähili düşünmeli: güler ýüz bilen garşylasa-da,, bir sözden düwüldi. Onuñ güýji ýetmese, diýmek, aýallaryñ özünde güýç bardyr – ýöne nähili? – ine, onuñ bilmeli zady. Nämede özüniñ olardan asgyn gelýändigini ol nädip bilmeli? Eger-de akyl ýa mekirlik bolsa, onda ne ýagşy – bir alajyny tapar, ýöne mesele duýga baryp direse, onuñ utulan ýeri köp bolar. Bu ýerde gep kimdir birinde duýgynyñ agdyklygynda ýa-da, tersine, egsikliginde däl, ondan inçe zatlar-da gytlyk edenok. Häzirlikçe il-kinji çaknyşykdan onuñ öwreneni – hüşgär bolmak! Býuronyñ agza-sy bilen boljak duşuşyk ony iñkise goýýar. Aýallar ýöne-möne däl, bular erkekleriñ diñe duýgusyna erk edýärlermi ýa-da akyl-paýhasyna-da? Aşakdan aýak sesiniñ gelip ugrandygyny ilden öñürti duýan ýylan ykjamlandy.
– Bu günki Býuro gazaply geçdi – Tal Tagan gelşine rus aragy bi-len ”bokurdagyny ölledi”. – Jenap ýoldaş Prezidentiñ saglygyna
48
götereliñ! – Býuro agzasynyñ her egninde bir gelin ör turdy. Ýylan gijä galmady, ýöne pursadyñ dabarasyndan lezzet almak oña eýgert-medi, bu-da, elbetde, onuñ peýdasyna däldi. Bu kiçijik toparda nähi-lidir bir aşa duýgurlygyñ bardygyny syzan ýylan tolgunyp, tasdanam gözlerini ýere damdyrypdy. Bulgurlar bir zarbada boşady. Aşak otu-ransoñlar, Tal Tagan aýallara ýüzlendi: – Gelinler, size agyndanmy, gyzylyndan? Ýoldaş, Musa Çöli, ikinji bulgur tanyşlyk üçin! – şon-dan soñ ol diñe aram-aram gelinlere akly-gyzylly üzüm şerabyndan hödürlemek üçin damagynyñ arasyny bozaýmasa, galan zada kän ünsüni bölmän, iýdi. Haçanda anrysyna birneme ”il gonansoñ”, aýa-syna ýuwaşjadan gägirip, saçakdan biraz yza çekildi. Bulgurlara fransuz konýagyny aýlap oturyşyna işdä açýan iñ gizlin partiýa gy-batlaryna tutduryp ugrady: – Ýene guramaçylyk meselesine seredil-jek. Daýhan birleşikleri özüni ödänok. Obalara müdirler bellenjek. Belki, şonda hasyl bolar? Ekiş gijä galýar. Tehnika taýyn däl. Onuñ düýbünden ýoklugyny nazarda tutsañ, ekişe taýyn edilmezligi halys-da lapyñy keç edýär. Ýöne martda ekişi gutarmaly. Daýhanlar: ”Ýer-den gar aýrylanok” bahanasy bilen Býuronyñ iñ gymmatly görkez-mesini äsgermezçilik etjek bolýarlar. Ýaşulynyñ gahary ýatanok, garyñ aşagynda ekişe başlamagy buýruk berdi. Esasy zat howa ýag-daýy däl, Býuronyñ karary. Emma muña düşünmek üçin daýhanla-ryñ syýasy sowady ýetenok, olar öz diýenlerini geçirmekçi, totyguş dek bir diýenlerini gaýtalaýarlar, ölýänçäler. Ýöne bu meselede olara eglişik etmek inisiatiwanyñ elden giderilmegini añladýar. Ekiniñ ykbaly – Býuronyñ ykbaly. Biz öz ykbalymyzy başga birine ynanyp bilmeris. Daýhan islän wagty ekip, islän wagty-da hasylyny ýygnasa, Býuro näme işlemeli? Beýle baş-başdaklyga ýol berilse, häkimiýetiñ elden gitdigi dälmidir? Herki betbagtlygyñ öñünden gaçmasañ, soñ-ky tüýkülik sakgal ezmez. Onda biz sanlyja ýyldan anarhiýa we baş-başdaklyga duçar bolarys. Bu ýyl ekişi tebigy mümkinçilikden on gün öñ ekmeli – gep gutardy! Siziñ hemmäñizi bu ýeñiş bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediñ! – Býuronyñ agzasy galstugyny düzedişdirip, eli bulgurly ýokary galdy. Saçagyñ başyndakylar onuñ göreldesini eýerdiler. Içilensoñ, Tal Tagan dowam etdi: – Daýhanla-ry gowşak tutsañ, olar derrew döwleti ýykjaklar. Ýeri, howany, ýy-lyñ paslyny bahana edinip, Býuronyñ iñ möhüm kararlarynyñ gym-matyny gaçyrýarlar. Hamana, tebigatda Býuronyñ görkezmesinden
49
artyk güýç barmyş?! – ol bokurdagyny arçady. – Indi biz hemme zady üýtgedýäris, hemme zat täzelenýär! Obalary müdirlere tabşyra-rys, şonuñ bilenem – iş tamam. Rewolýusiýa dowam edýär! Ýöne onuñ şowly dowam etmegi üçin jenap ýoldaş Prezident ony indiden beýläk ”ewolýusiýa” diýip atlandyrmak barada ýörite perman çykar-dy, muny berk belläñ, häzir bu möhüm! Gumuñ etegindäki obanyñ başlygynyñ bu gün tepbedi okaldy: onuñ saglyk ýagdaýy erbetleşse gerek. Göwün diýen adam bolsa, ertiriñ özünde onuñ ýerinde otur-dyp gaýdybermeli, ýöne hany onuñ ýaly adam?
Kepjebaş ykjamlandy: adam galmadyk bolsa, diýmek, onuñ gezegi gelendir! Tal Tagan gürledi, Musadyr iki zenan ýetişdikçe onuñ ”hä-sini” berdiler. Dört bulgur garlawaç dek ýere dege-dege ýokary göte-rildi. Konýakly çüýşeleriñ düýbi görünýänçä täze tanyşlar öwrenişdi-ler.
– Meniñ size göwnüm ýetdi. Hoş geldiñiz! Siz gumly, biziñ özümi-ziñki. Ýöne daşary ýurtlardan dökülýän myhmanlar-da az däl. Çünki jenap ýoldaş Prezident adamzat taryhynda gyly gyrylmadyk täzelik. Dünýäniñ gözi entekler näme görýär, biz ony näçe islesek, şonça-da haýran galdyryp bileris! Daşary ýurtlardan biziñkä gelýän myhman-laryñ sany gün-günden artýar, olaryñ içinde, elbetde, dostlarymyz-da, duşmanlarymyz-da bar. Meselem, basym bu ýere Firez Razan Atdaş geljek.
– Aýdýanyñyz näme?! – ýylan hüşgärligini ýitirip gygyrmak bilen tasdan-da özüniñ kän zatdan habarlydygynyñ üstüni açypdy. – Eýsem ol siziñ, ýagny biziñ ganym duşmanymyz dälmi näme? Ol jenap ýoldaş Prezidenti daşary ýurt radiosynda günüñ-güni tankyt edenokmy?
Tal Tagan gürrüñdeşiniñ türkanalygyna myssaja ýylgyrdy.
– Elbetde, siz ýalñyşañzok, ol biziñ ganym duşmanymyz bolup işleýär. Ýöne iş ýüzünde welin, ol biziñ iñ ýakyn dostlarmyzyñ biri.
Kepjebaş düşünmedi.
– Haýran galaýmaly, heý, duşmandanam bir dost bolarmy?
– Elbetde! – Tal Tagan dowam etdi: – ”Dost” ýa-da ”duşman” diýmek – añrybaş filosofiki düşünjelerdir. Iş ýüzünde dost diýeniñ duşmanyñ etmeli işini ýerine ýetirse, duşmanlaryñ, tersine, dostuñ ýerini tutup biler. Men bu meselede Larin bilen doly ylalaşýaryn: garşydaşlaryñ senden iýmit, egin-eşik soranok, ony tarapdarlaryñ 50
-
aysyzgije
13 years ago
- soraýar. Garşydaşlaryñ kemçilgiñi ýüzüñe basyp, seniñ işiñi añsat-laşdyrýar, sen olaryñ görkezenlerini düzet-de, öñe gidiber. Netijede, duşmanlaryñ seni güýçlendirýär, seniñ häkimiýediñ ömrüni uzaldýar. Emma tarapdarlaryñ welin, ýalñyşyñy-da üstünligiñ diýip öwüp, seni batgalyga batyrýar, gowşadýar. Diýmek, iş ýüzünde olar seniñ duş-manyñ bolup çykýarlar. Firez Razan Atdaşa gezek gelende, mesele has-da çylşyrymly: oña dost diýjegiñi-de, duşman diýjegiñi-de bilip bolanok. Göräýmäge, ol biziñ duşmanymyz, ýöne şol bir wagtyñ özünde-de, biziñ duşmanlarymyzyñ-da duşmany. Netijede, ol biziñ dostumyz, ruhdaşymyz bolup çykýar. Umuman, garşydaşlarymyzyñ arasynda biziñ ruhdaşlarymyz kän, şonuñ üçin-de jenap ýoldaş Pre-zidentiñ tagty gün-günden berkemek bilen. Olaryñ arasynda aýratyn meşhurlary-da bar, meselem, ozalky deputat, ozalky komsomol işgä-ri, ozalky molla, ozalky şahyr we şoña meñzeşler. Olaryñ hemmesi-ni-de terbiýelän özümiz: birini Mejlisde, beýlekisini komsomolda, üçünjisini onda-munda, ýene birini-de türmede; şonuñ üçinem olara özünden gaçyp gutulmak ýokdur: baran ýerinde hanlyk satarlar, haýyr işi şere öwrerler; öz içimizde bolandan, olaryñ garşydaşlary-myzyñ arasynda bolany biz üçin müñ paý bähbitli! Olar biziñ garşy-daşlarymyzyñ arasyndaka biz arkaýyn ýatyp ukymyzy alyp bileris. Ýöne biz ukuda-da öz duşmanlarymyzy unudamzok. Jenap ýoldaş Prezident: ”Duşmany her kes öz obasyndan gözlesin, öz obasyndan duşman tapyp bilmedik, goñşy obadan-da tapyp bilmez!” diýip öw-redýär. Bize indi ”goñşy obalar”, ýagny daşary ýurtlar bilen-de içgin gyzyklanmaga wagt boldy. Firez Razan Atdaşyñ öz ýany bilen kim-leri hem nämüçin getirýänini men entek bilemok, olaryñ bizde näçe eglenmeli boljagyny-da. Umuman, Firez Razan Atdaşyñ bu ýurda nämüçin gatnaýandygyny bir Alla bilýär, bir-de jenap ýoldaş Prezi-dent. Ýöne onuñ ýanyndakylaryñ döredijilik bilen gyzyklanýandyk-laryndan meniñ habarym bar, olaryñ bize gerek bolmagy ahmal. – Tal Tagan Musanyñ egnine elini goýdy. – Bu zatlar biziñ adaty işi-miz, siz onuñ üçin kelläñizi agyrtmañ, hany, bulguruñyzy göreýin... göterdik onda! Ýöne Çarwa obasyny müdirsiz goýup bolmaz!
Ýeri gelendigini añan Musa kiçigöwünlilik bilen dillendi.
– Ol oba meniñ beletligim ýok däl. Käte aralaşman duramzok, guma golaý-da... Adamlaryna-da ýetik... – bu ýerde ol biraz sägindi, başlan gepiniñ yzyny gümmi-sümmä urarman boldy. – Elbetde, ola-
51
ryñ meni tanamazlygy ahmal, ýöne men welin, kimiñ kimdigine be-let. Içinde jan ynanyp boljaklary bar.
– Bize-de geregi şol-da. Müdiri oba tanamasa gowy. Siziñ olary tanaýandygyñyz – artykmaçlygyñyz... – ol aşaklyk bilen Abada gö-züniñ gyýtagyny aýlady. – Diýmek, gelinler goldasa, bagtyñyzyñ çüwdügi. Ondan añyrda, diñe Býuro galýar, galany ýönekeý formal-lyk. Alyñ onda, hany, geljekki üstünlikler üçin!
– Ýaşasyn Býuro! – gelinler inçe duýgularyna bäs gelip bilmän, ýakymly seslendiler.
Tal Tagan bu inçe duýga syýasy düzediş bermelidigini duýup, gals-tugyny düzedişdirdi.
– Ýaşasyn jenap ýoldaş Prezident! Eýsem, Býuro näme? Ol jenap ýoldaş Prezidentiñ kölegesidir. Bolup bilse! Biz özümize edilen be-lent ynamy ödemek üçin gije-gündiz işleýäris. Ýöne, bilmedim-dä, bu bagt bize irde-giçde ýetdirermikän? – Býuronyñ agzasynyñ ýü-zünde diñe onuñ özüne düşnükli ünji görnüp gitdi. – Ynanylan post-da biziñ öz janymyzy duýdansyz ýagdaýda pida etmäge her demde hakymyz bar. Beýle ynam bu ýurtda her kese eçilinmeýär! Beýlekile-riñ biziñ bagtymyza diñe gyllygyny akdyryp oñmasalar, çäreleri ýok! Býuronyñ agzalarynyñ daş býustlarynyñ Köşkde, jenap ýoldaş Pre-zidentiñ gözüniñ alnynda onuñ ýatylýan otagynda hatarlanyp goýul-magy eýsem nämäniñ nämedigini subut edenokmy?
– Şujagazy tamşanjak dälmi? – Nabat kümüş dürtgüji onuñ agzyna ýetirdi.
Içildi. Adam oglundan ses çykanok. Musadanam. Býuronyñ agzasy dowam etdi:
– Gadyrdan, belki sizi Çarwanyñ başlygy Gulluşyñ ykbaly gyzyk-landyrýandyr? Beýle bolsa, onuñ hekaýaty gysga – ol ekişi öz wag-tynda ekmekçi boldy. Şonuñ üçinem onuñ işi gaýtdy. Sebäbi ekiş her ýyl öñküden on gün öñ ekilmeli. Býuronyñ karary şeýle. Gulluş öz işini bilýän däldir öýtseñiz, ýalñyşarsyñyz, ol ýerini bilmedi. Bu has erbedi! Netijede Býuronyñ kararynyñ üstüne bozulmak howpy aban-dy. Biz jenap ýoldaş Prezidentiñ möhüm kararlarynyñ bosagasynda durýarys. Gündelik! Şonuñ üçin-de daýhana garanda, diýenediji adamlar biz üçin has gymmatly! jenap ýoldaş Prezident ”Täze oba syýasatyny” yglan etdi, indi baş-başdaklyga ýol ýok: ”ek!” diýlende ekmeli, ”or!” diýlende ormaly! Ýogsam, haçana çenli biz könäniñ
52
zyýanly galyndysy bolan howa şertlerine garaşly bolup ýörmeli?! – Tal Tagan täze tanşyna gözlerini çalaja süzüp, hilegärlik bilen seret-di. – Belki, Musa Çöli biziñ göwün diýen daýhanymyz bolup dörär?
Musa bu aýdylana jogap bermäge ýetişmedi. Abat onuñ elini mähir-li gysdy-da Býuronyñ agzasyna baş atdy.
– Nähili döwrebap pikir!
Tal Tagan dowam etdi:
– Meniñ pikirimçe biz jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüregini az begen-dirýäris. Ýöne olam adam ahyryn! Meselem, onuñ dagda, düzde, deñziñ gyrasynda, ähli ilatly ýerlerde Köşkleri bar we olar biziñ hal-kymyzyñ göwnüni göterýärler; emma jenap ýoldaş Prezidentiñ çölde Köşgi ýok. Bu niçik adalatsyzlyk! Biziñ bu işiñ ugruna çykmagymyz gerek. Aýratyn hormat hökmünde bu iş Musa Çöliniñ paýyna-da düşüp biler. Elbetde, jenap ýoldaş Prezident Köşge zar däl, ýurduñ içindäki ähli ýollar onuñ Köşgüne eltýär. Gep halkyñ söýgüsiniñ tükeniksizliginde. Täze Köşk halkyñ bu inçe duýgusynyñ nobatdaky aýdyñ beýanyna öwrülmeli. Köşgüñ folklor toparyny we aşpezlerini aýratyn ünsli seçip almaly, bu işi her görene ynanyp bolmaz, ol Býu-ronyñ garamagyndaky iş... Çünki Köşk gije-gündiz jenap ýoldaş Prezidentiñ gelerine taýyn bolup durmaly: kyrk dürli damak, ir-iýmiş, içgi. Bu işde arakesme göz öñünde tutulmaýar.
– Jenap ýoldaş Prezident gelmese, ol iýmitleri nätmeli? – ýylanyñ bilesigelijiligi paýhasyndan öñe düşdi: – Halka paýlamalymy?
Tal Tagan Musa Çölä bir geñsi seredip, başyny ýaýkady.
– Ýok. Bu düýbünden gadagan. Garamaýak halky saýlama iýmite öwrenişdirmek – ýeñilkellelikdir: ”Eşek semrese – eýesini deper!” Onsoñ dek başyñy depirjik äre bermek – ne hajat? Nany ata çykaryp, halky onuñ yzyndan pyýada sürüp bilen häkimdar uzaga gider.
– Ýö-öne... – diýip, Abat süýem barmagyny näzik dodaklarynyñ deñine ýetirdi. – ruhy gymmatlyklary-da äsgermezlik etmek bol-maz!..
– Eýsem näme! – Býuro agzasy onuñkyny gyzgyn goldady. – Bu meselede iñ möhümi-de halkyñ dil baýlygyna eýelik etmekdir. Dil – döwletiñkidir! Halkyñ dilinde baha beriji sözleriñ kök urmagy döw-letiñ bähbidine däl. Bahany diñe döwlet berip biler, halkyñky: wasp etmek, begenmek, gynanmak. Döwlet ”gynan!” diýse! Halk öz islän wagty gynanyp, islän wagty-da begenjek bolsa, onda döwletiñ nämä 53
geregi bar? Halkyñ diñe diline däl, onuñ toýuna-ýasyna-da şärik çykmaly. Meselem, ölen güni onuñ kepeni, toý güni-de susagynyñ sapy eliñde bolmaly, diñe şonda döwlet özüni arkaýyn duýup biler. Adamlaryñ öz keýpine doglup, öz keýpine-de ölüp gitmegi döwletiñ binýadyny opurýar. ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Bu parlak jümle jenap ýoldaş Prezidentiñ taglymatynyñ esasy sütüni. Her bir işimizde biz onuñ beýik açyşlaryndan ugur alýarys, şonuñ üçin ýal-ñyşlyklar diñe goñşy ýurtlarda bolup biler, bizde ýalñyşlygyñ bol-magy asla mümkin däl! Biz garamaýak halka jenap ýoldaş Preziden-tiñ adyna çokunmany öwretdik, halk gije-gündiz şonuñ bilen-de meşgul. Bu taýy – Azyýa: halky nämä öwretseñ – oña şol gerek! Eger oña pelsepe otarmana ýol berseñ, onda ol pelsepe bilenem seniñ tagtyñy ýykar. Azyýanyñ zehini ýiti. Demokratiýany öwreden günüñ – ol öz başyny çarar. Mesele – Azyýa döwlet gurluşy üçin ölümlikli – şol güni daşlaşdyrmakda. Makiawelliniñ taglymaty bu işde ilkinji gollanma bolmaga mynasyp, ýöne ondan añryk ol bir ädime-de ýara-nok. Sebäbi ol ýazlan wagtynda dünýäde demokratiki döwlet dolan-dyryşy ýoñ bolmandy, şonuñ üçin-de ol döwrüñ häkimdarlarynyñ güni edil çaga pişigiñki ýalydy. Bu gün – başga döwür, şonuñ üçi-nem jenap ýoldaş Prezident öz ölmez-ýitmez taglymaty bilen öñe çykdy. Bu durmuşyñ talaby. Mesele örän kyn: öz janyñy howpa sal-man, adamzadyñ birnäçe asyrlyk ösüş tejribesiniñ ýüzüne maçyladyp tüýkürmeli – Býuro agzasy owurdynda bol ýygnan sülekeýini gym-matbaha salfetka bilen süpürip, saçagyñ çetinde goýdy. – Onda-da şeýle bir tüýkürmeli, ýagny ýüzüne tüýkürilýän senden ýüzüni öwürmeli däl. Işiñ kyny şunda. Bu her kese başardyp duranok, şonuñ üçinem biz bu işi başaranyñ öñünde baş egmelidiris. Biziñ zamana-myzda bu diñe jenap ýoldaş Prezidente başartdy. Bu bulgury biz hut şonuñ saglygyna-da içeris! Ýaşasyn biziñ zamanamyzyñ akyly, paýhasy hem wyjdany bolan jenap ýoldaş Prezident!
Iki aýal bilen Býuronyñ agzasy:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýip, ses goşup gygyr-dylar. Ýylan ahmal galdy...
Býuronyñ agzasy dodaklaryny eliniñ arkasy bilen süpürip, myhma-ny utandyrman, dowam etdi.
– Adamlar öwlüýä bilen döwletden gorkmasalar, onda baş-başdaklyga garaşyber. Gabrystanlyk diýmek näme? Bu taryh, däp-
54
dessur, tejribe! Ýurduń binýady bu üç läheńe daýanmasa, onda ol islendik ötegçi şemala hallan atar durar. Heý-de, biz muña ýol berip bilerismi? Ýok. Gabrystanlykda biziñ milli döwlet gurluşymyzyñ esaslary ýatyr. Biz döwlet dolandyrylyşynda öz halkymyzyñ geçmi-şini döredijilikli peýdalandyk. Netijede ýurtda ilki “Üç Ýyllyk Güm-başlyk”, soñra “Bäş Ýyllyk Ümsümlik”, indem “On Ýyllyk Asuda-lyk” yglan edildi; olam kem-kemden “Ählumumy Baky Dymyşlyga” ösüp geçmeli. Bu syýasat eýýäm öz miwesini berdi: ýurtda dymyşlyk edil gonamçylykdaky ýaly çuñ we ol mundan beýläk-de çuñlaşdyry-lar. Bu jenap ýoldaş Prezidentiñ geçiş döwri üçin işläp düzen öñ-dengörüji parasatly Programmasy; özümiz üçin näçe kemsidiji bolsa-da, men Býuro agzalarynyñ-da ýurduñ ösüş programmasynyñ detal-laryndan habarsyzdygyny boýun almalydyryn – bu döwlet syry. Bi-ziñ borjumyz diñe buýrulany ýerine ýetirmek hem halkyñ asudaly-gyna gözegçilik etmek. Biz jenap ýoldaş Prezidentiñ beýik genisine ynanýarys hem oña garamaýak halkdan on esse beter tagzym edýäris, elbetde şol sebäpli-de bizde ösüşiñ ownuk-uşak detallary barada hiç hili sorag döränok. Asla hiç kimde hiç hili sorag döränok. Säbebi hemme soraglaryñ jogaby öñünden berlen. Gadyrly myhman, eger bir dem oýlanyp görseñiz, oýlanmak prosesini mundan añryk çuñlaş-dyrmak üçin Býuronyñ agzasynyñ idini ýeterlik däldir, ”döwlet” diýmek näme, ”adam” dälmi? Elbetde. Adamyñ durmuşynda-da, iñ esasy zat: ömür bilen ölümiñ gatnaşygy. Ine, hut şu ýerde-de jenap ýoldaş Prezidentiñ aýylganç öñdengörüjiligi ýüze çykýar. Hany, indi özüñiz aýdyñ, ol bu barada näme diýýär?
Adam sypatyndaky ýylan bu dara-direde haýsydyr bir kelle döwer-lik matal bardygyna ynanmady. Ol Býuro agzasynyñ gözleriniñ içine bakgarylyp, öz zäherli agzyndan çykmagyna garaşylýan pähimi eçil-di:
– ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez”!
– Berekella! Aperin! – Býuro agzasy kaýyllar galyp gygyrdy. – Siziñ düşbüligiñiz hormat goýarlyk derejede! Bu, elbetde, siziñ sag-lygyñyza bulgur götermeli pursadyñ gelip ýetendigini äşgär edýär! Biziñ jemgyetimize hoş geldiñiz, gadyrly Musa Çöli!
Aýallar hoşboý ysly üzüm şerabyna näzik dodaklaryny ýetirdiler. Býuro agzasy öz sözüni ruhybelentlik bilen jemledi.
55
– Görşüñiz ýaly biziñ ýurdumyz döwletliligiñ añrybaş nusgasydyr. Halk döwletiñ ideýalaryny diñe bir gözi, gulagy bilen däl-de, eýsem bütin endamy bilen özüne siñdirýär. Eger-de biz ilkibaşdan liderimi-ziñ iýmiti bilen garamaýak halkyñ iýmitiniñ arasyndaky tapawudy gözümiziñ göreji kimin goramadyk bolsak, munuñ soñunyñ nirä baryp degjegini kim aýdyp biler?
Edil şu ýerde-de ýylan özüniñ ýañy aýak basan jemgyetinde ýaşa-makdan häzirlikçe örän ejiz gelýändiginiñ üstüni açdy. Bu jemgyýet-de hemme zat şeýle ýöntem hem şeýle çylşyrymly…
– Bu, elbetde şeýle... her jandaryñ öz iýmiti – özüniñki. Ýöne jenap ýoldaş Prezidentiñ iýip ýetişmedik tagamlary açlara sogabyna be-rilýärmi ýa-da satuwa çykarylýarmy? Meselem, aýdaly, dükanlara, bazarlara...
Bu soragy eşidende, Býuro agzasynyñ ör-gökden gelendigi bildirdi, onuñ inçejik gaşy ynjyly çytylyp gitdi. Ýöne ol özüne erk etmegi başarýandygyny ýüzugra subut edip, mylaýym ýylgyrdy.
– Elbetde, elbetde... görseñizläñ... hawa... Ol iýmitleri adaty dükan-lara satuwa çykarsañ, onda olaryñ ymsyndyryjy güýji göz-görtele peseler, olary mynasyp grajdanlaryñ iýmegini üpjün etmek çylşy-rymlaşar we bu işde gowuşgynsyzlyk ediläýen halatynda garamaýak köpçülik bilen döwletiñ binýadyny emele getirýän gatlaklaryñ ara-syndaky hökmany tapawuda aýylganç zarba urlar. Şol sebäpdenem ol iýmitler siziñ diýýän dükanlaryñyzda däl-de, eýsem hökümet, partiýa we gizlin gullugyñ işgärleriniñ ýörite dükan-aşhanalarynda satylýar. Jenap ýoldaş Prezident adamlary dürli gatlaklara bölmegiñ ägirt ussady hasaplanýar. Bu taglymata görä, adamlar öz aralarynda-ky tapawudy görmeli hem-de oña guwanmalydyrlar. Bizde jogapkär işgärler üç gatlaga, gizlin gullugyñ işgärleri dört gatlaga, garamaýak-lar bolsa, sekiz gatlaga bölünýärler. Diñe aýratyn hyzmat görkezen adam bir gatlakdan beýleki gatlaga geçip bilýär. Bolmasa, her kimiñ öz gatlagy ömürlik. Ýöne garamaýak bolup doglan garamaýaklygy-na-da ölýär. Bu umumy kada.
– Çölden seredeñde, garşyñda diñe bir gatlak bar – adamzat.
Tal Tagan owadan salfetka bilen agzynyñ ýagyny süpürip, gelinle-riñ ýüzüne syrly seretdi-de, örän ýakymly üsgürinjiredi.
– Bu ýerde hiç hili geñ zat ýok. Daşyndan seredeniñde, bütewi gö-rünýän zat kän. Emma iş ýüzünde beýle däl. Şonuñ üçin-de jenap
56
ýoldaş Prezidente örän kyn düşýär. Meselem, ine, siziñ göwnüñize, onuñ iñ ýakyn töwereginde oña iñ wepaly adamlar bolaýjak ýalydyr. Emma bu beýle däl, bolup-da bilmez. Jogapkär işgärleriñ iñ ýokary gatlagy iñ bir ynamsyz adamlardan düzlen. Olar ýurdy edara etmäge gatnaşýarlar we şol sebäpli häkimiýetiñ gizlin syrlarynyñ belli bir bölegini öwrenip ýetişýärler. Munuñ özi häkimdaryñ garşysynda olaryñ howply adamlara öwrülmegi üçin ýeterlikdir. Köşgüñ niresin-den girip, niresinden çykmalydygyna belet bolan adamda özüne ynam döräp biler. Diýmek, jenap ýoldaş Prezidentiñ olara öz janyny ynananyp bilmejegi öz-özünden düşnüklidir. Olar onuñ orunbasarla-ry, ministrleri we gizlin gullugyñ ýolbaşçylary. Welaýat häkimlerini-de, isleseñiz, bu gatlaga goşup bilersiñiz. Hut şu sebäbe görä-de, çet ýurtlara sapara gidende, jenap ýoldaş Prezident olary ýanyndan goýanok.
Ikinji gatlak ýükçi eşeklerden ybarat. Olar öz gününden razy hem hiç hili problema döredenoklar. Üçünji gatlak gizlin gullugyñ iñ aşaky gatlagyny emele getirýär, ýagny olar hakynatutma şugulçylar.
Şeýlelikde, gizlin gullugyñ iñ ýokarky hem iñ aşaky gatlagy barada siz eýýäm belli bir düşünje aldyñyz. Galany iki ortaky gatlak. Olaryñ birinjisi pul üçin işleýän adamlardan, ikinjisi-de – Watan üçin işleýän adamlardan ybarat. Biziñ ähli problemalarymyz soñky gatlak bilen bagly.
– Näme, olaryñ içinde-de ygtybarsyzlary barmy? – diýip, adam eşigindäki ýylan haýran galdy.
– Ýok. – Tal Tagan çalaja gülümsiräp, parahat jogap gaýtardy. – Ýöne şeýle adamlaryñ ol ýerde bolup biljekdigi hakda jenap ýoldaş Prezidentiñ taglymaty bar. Gizlin gulluga ýaşyryn gözegçilik edýän edara hut bu howp göz öñünde tutulyp döredilen. Bu edaranyñ adyny bilýän ýok. Ýöne oña işi düşeniñ gaýybana patasynyñ alynýandygy üçin oña ”Gaýybanaçylar” diýilýär. Bu zatlaryñ hemmesi, elbetde, biziñ ýurdumyzyñ düýnki güni. Jenap ýoldaş Prezidentiñ genisi biziñ halkymyza has täze açyşlary berdi. Halk hojalygynda ”galyndysyz önümçilik” diýen bir tehnologik usul bar, ine, jenap ýoldaş Prezident bu önümçilik tehnologiýasyny ýurdy dolandyryş sistemasyna çenli ösdürdi. Ozallar biziñ ýurdumyzda hökümet, partiýa edaralarynyñ we gizlin gullugyñ garrap sandan galan kadrlary halk hojalygy üçin ýitirilýärdi. Emma indi beýle däl. Indi olar ömrüniñ ahyrky minutla-
57
ryna deñeç halkyñ hyzmatynda. Biraz howlukmasañyz, siz muña düşünersiñiz. Bu zatlar edil daşyndan göräýeniñ ýaly däldir. – Tal Tagan bir bulgur rus aragy bilen bir bulgur fransuz konýagyny ara-syna salym bermän owurtlady. – Siz gaty dogry aýdýarsyñyz. Biziñ ýurdumyzda doly bahaly grajdanin hökmünde nagtly ömür sürmek üçin ýurduñ kanunlaryny berk ýerine ýetirmeli. Olar iki sany: birinji-si jenap ýoldaş Prezidente baky wepalylyk kasamy, ikinjisi-de onuñ öz paýhasyndan dömüp çykan we ýurduñ jemgyetçilik durmuşynyñ ähli taraplaryny kadalaşdyrýan pähim. Ony siz eýýäm özleşdirene meñzeýäñiz? – ýylan edep bilen baş atdy. – Ýurt bu iki sany mize-mez düýp kanun we jenap ýoldaş Prezidentiñ ”Pähimler” kitaby esa-synda edara edilýär. Haçanda halk nakyly jenap ýoldaş Prezidentiñ pähimine öwrülende, ol kanuny güýje eýe bolýar. Şondan soñ oña boýun bolmak hemmeler üçin hökmany.
– Men kanunlar Mejlisde güýje girizilýändir öýdüp ýörüpdirin – diýip, okumyş ýylan özüniñ türkanalygyndan zeýrendi.
Getirilip, öñünde goýlan indiki tagamdan işdämen dadyp, Tal Ta-gan gürrüñdeşiniñ tüntlüginden ýiti lezzet alyp, ýylgyrdy.
– Al, börek iýip otur, edil ganlyja böwrek ýalydyr. Elleriñe gül bitsin, Nabat! Hawa, men ýañy näme diýdim-ä?
– Kanun çykarylyşyny düşündirjek bolduñyz öýdýän.
– Hawa, pikir edişiñiz, umuman, dogry, teoriýa taýdan alanyñda, kanunlary Mejlis çykarmaly. Ýöne bu eýýäm adamzadyñ düýnki güni. Biz bolsa, ähli şertlilikleriñ ıüzüne tüıkürip... – Nabat Bıuro agzasyna tüıs jaı wagty assyrynlyk bilen kagyz salfetkany uzatdy, – ...öz ıolumyz bilen öñe barıarys. Nakyl bilen ıöredip bolıan ıurtda akyl kime derkar?! Mejlisiñ deputatlaryna el galdyrmak we çarpmak ıaly döwlet ähmiıetli wezipeler ynanylıar. Olara kagyz doldurmagy ynanyp bolanok. Munuñ üçin sowat gerekdigini siz añıansyñyz. De-putatlar halkyñ içinden saılanyp alynıar, ıöne halky, elbetde, jenap ıoldaş Prezidentiñ özi belleýär. Ýagny bizde ”Halk” diýen ýörite gurama bar. Aýlykly. Bu ýerde ýalñyşlyk howpy büs-bütin aradan aýrylan. Norma boýunça dükanlara goýberilýän adaty iýmiti iýýän adamlar halk hasap edilmeýär, olar garamaýaklar. Garamaýaklaryñ sekiz gatlakdan ybaratdygyny men size eýýäm aýtdym. Ana, şol sekiz gatlagyñ iñ ýokarkysyndan Halk Maslahatyna wekiller gatnaş-dyrylýar. Olar partiýa we hökümet işgärleriniñ iñ aşaky gatlagyna
58
gabat gelýärler. Soñky gatlagyñ garrap sandan galanlaryndan ýörite ýygnakçy ýaşulular döredilýär we olar sakgal goýbermäge borçly edilýärler. Gizlin gullugyñ pensionerleri-de iñ soñky höweslendiriji çäre hökmünde bu Maslahata agza saýlanylýar. Emma olar gulluk möhleti döwründe polkownik çininden geçen adamlardan ybarat bolmaly. Bu kanun bizde berk saklanýar we ol kiçi çinleriñ arasynda aşa duýgur adamlaryñ gabat gelýändigi bilen baglanyşykly. Birki ýyllykda şonuñ ýaly bäş-üç adam Halk Maslahatyna gatnaşanlaryn-dan soñra dyñzap gelen duýgularyna çydaman, öz-özlerini asyp öl-dürdiler. Görlüp oturylsa, olaryñ iñ ulusy leýtenant çininde bolup çykdy.
– Ýazyjy-şahyrlar, jurnalistler, umuman, döredijilik işgärleri näçe gatlakdan ybarat?
– Olar özbaşyna gatlak emele getirmeýärler. Olar toparlara bölünen we her topar bir gatlagyñ iýmit paýyndan iýmitlenýär. Meselem, olardan gizlin edaranyñ iñ aşaky gatlagynda hasapda durýanlary jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşklerinden ýapyk söwda nokatlaryna satuwa çykarylýan saýlama iýmitlerden iýmitlenýärler. Baýrak alan-lary döwleti edara etmäge mysaly görnüşde gatnaşdyrylýan gatlakla-ryñ haýsydyr biriniñ iýmit limitine berkidilen. Olaryñ ýagdaýy baýragyñ derejesine bagly. Düýbünden eýesizleri Diller institutynyñ halk döredijiligi bölümin eýeçiligine degişli. Indi siziñ öz ykbalyñy-zy çözmäge wagt boldy. Siz bu ýerden gös-göni Welaýatkoma gidiñ, iş wagty bireýýäm gutardy, ol ýerde diñe size garaşyp oturandyrlar. Ilkinji duşuşyk mende uly täsir galdyrdy, bu kiçi zat däl!
Ýüzüne gurak ikindiniñ şemaly uranda, Musa özüniñ suwsuz şähe-riñ sus köçesi bilen tutduryp barýandygyny görüp galdy. Ýylanyñ damagyndan çykan ýaly lowurdap duran süýnmek maşyn onuñ sö-bügini basyp, yzyna düşüp gelýärdi. Onuñ sürüjisi Musa Çölä iñ bir dostlukly duýgy bilen seredip, her gezek gözleri kaklyşanda, başyny atyp dişlerini akjardyp ýylgyrýardy. Welaýatkoma gelenlerinde ma-şyndan çalasynlyk bilen düşen sürüji Musa Çöliniñ öñüne geçip, oña agyr agaç gapyny açyp berdi.
– Merhemet ediñ!
Musa Çöli minnetdarlyk bildirip, salkyn koridora burnuny sokdy. ”Görsene muny, iliñ entek gerşi ýylanok, bular bolsa eýýäm salkyn küýseýär! – diýip, ýylan öz ýanyndan haşyrdady. – Endamyny ýag
59
alanlar!” Ol gum-guklyk bolup ýatan koridorda gerekli gapyny agta-ryp, esli aýlandy. Kimdir birinden salgy alaýyn diýse-de, eger-eger adam görmedi, oña gapyny açyp beren sürüji peýdaly bolup biljekdi, ýöne ol ýere giren ýaly niräkdir bir ýaña gürüm-jürüm boldy. Gapy-laryñ käbirinden ýuwaşjadan yşyklap gören Musa Çöli salkyndan giñiş kabinetlerden, stollaryñ üstünde çaşyşyp ýatan kagyzlardan, otaglaryñ aýnasyndaky sowudyjy kondinsionerleriñ çynlakaý işinden çen tutup, bu taýynyñ eýesiz däldigini bildi. Ýöne hany ol eýe? Ol ýene-de öñe ýöredi we bir agyr gapyny itdi. Şonda otagyñ töründen bir derwüş sypat aksakgal baba örüp, oña garşy gaýtdy. Musa Çöli entek özüne gelip ýetişmänkä ol arzyny aýtdy:
– Meniñ Çarwa obasynda Aksakgallar geñeşiniñ başy bolasym gelýär. Ýogsam ölenimi gowy görjek, ýöne men nädip öleýin?
Başga-da bir üýşüp duran soragy bolmansoñ, Musa Çöli oña irde-giçde bermeli ýeke-täk soragyny berdi:
– Siz nämüçin Öwezi öldürdiñiz?
Derwüş baba düşnüksiz gülümsiredi.
– Öwez ýaşamaga ukypsyz bolup çykdy. Ol döwre uýgunlaşyp bilmedi. Onsoñ ölmese, alajy näme? Biziñki – ýetene sebäp...
– Onuñ aýalynyñ ykbaly niçik bolar?
Derwüş baba ýüzüni çytdy.
– Men näbileýin? Ol döwre uýgunlaşmaga synanyşýar, galanynam görüberdik-dä...
Öz kowumdaşlarynyñ takdyry ýadyna düşen Musa Çöliniñ girre gahary geldi.
– Biziñ ýolumyz aýry. Goý, her kes elinden gelenini aýamasyn: siz meni tanañzok, menem – sizi!
Ol gapyny ýapdy-da, alagarañky koridor bilen öñe ýöräberdi. On-soñ burçdan öwrülen ýerinde eýlekilerden has haşamly bir gapa duş-dy. Açsa, içinde özüni bu jaýa salan kişi üstüne uçar gonaýmaly ýa-şyl mahmal örtgüli stoluñ añry çetinde saçyny darap otyr. Ýöne indi onuñ sürüjä meñzeýän ýeri ýokdy.
– Geliñ-geliñ! Köp garaşdyrdyñyz. Gapyny açyp beremsoñ, men siz öz başyñyzy çararmykañyz öýdüpdim, emma edil beýle-de däl ekeni. Kofemi ýa-da çaý? – kabinet eýesi oturgyçlaryñ birini çekip, myh-mana oturmaga kömek etdi. – Hawa, olary siz haçan isleseñiz içip bilersiñiz, ýöne häzir däl.
60
Musa özüniñ turuwbaşdan ýokary partiýa gatlagyna aralaşandygyny syzdy. Ony iñkise goýan birje zat, gürrüñdeşiniñ öz gözlerine göni garamakdan gaça durmagydy.
– Tal Tagan size düýn örän gyzykly baha berdi... – ýylan tasdanam: ”Nädip düýn?” diýipdi, emma diñe guraksy ýuwudynyp oñdy. – Biziñ örän uly açyşyñ üstünden baran bolmagymyz-da ahmaldyr... – ýag çalnan ýaly seýrek saçy bir gapdala kese daralan akýagyzdan dolmuş welaýat eýesi her sözüne aýratyn basyp gepledi. – Elbetde, biziñ tanyşlygymyz az, ýöne ynamymyz uly. Beýle gymmatly par-tiýa kadrynyñ ýolda ýatmaýandygyny her bir zatdan gowy bilýäris. Biz sizi gözümizi ýumup işe almaga-da taýyn. Biziñ oba hojalygy-myz, jenap ýoldaş Prezidentiñ merdana eginlerinde dur, biziñ hem-mämiz birigibem onuñ ýüküni ýeñledip bilmeris, ýöne ähli güýç-gaýratymyzy sarp etmek borjumyz. Diýmek, biziñ oba hojalygymyz üçin siziñ gymmatly tapyndy bolaýmagyñyz-da ahmal, ony kim bilýär? Göreli, mundan näme netije çykýar. Söz sizden!
Musa ýerinden turdy, galstugyny düzedişdirdi.
– Biz ekin meýdanyny öñküden iki esse giñelderis!
– Gowy.
– Gowaça ekişini ilden on gün ir tamamlarys!
– Ajap! Munuñ özi inisativa.
– Pagtany öñküden iki esse köp bereris!
– Bu eýýäm – wada. Tal Taganyñ ýöne-möne adama pisindiniñ oturmajagyny men gowy bilýärin, şonuñ üçinem men sizden ar-kaýyn. Şeýle biri bize gerekdi. – welaýat eýesiniñ bu mylaýym söz-leri Musanyñ ykbalynyñ oñyn hem çalt çözülýändigini añlatdy. Emma bu çözgüt birneme geñsi bolup çykdy. – Biz size guwan-makçy, welaýata wepaly boluñ. Köne partiýa agzasy bolmagyñyz biz üçin – esasy zat. Adam bolmak añsat, onuñ üçin dogulmagyñ özi ýeterlik, ýöne köne partiýa agzasy bolmak, bu her kime ýetdirip du-ran bagt däl. Siz biziñ ile tüýs jaý wagtynda geldiñiz, biz häzir öz ýurdumyzy dünýäniñ merkezine öwürmegiñ aladasynda. Ol merke-ziñ biziñ ýurdumyzda bolmalydygyna jenap ýoldaş Prezident ýekeje-de şübhe goýmady. – ol diwardan asylgy surata elini uzatdy. Basym bütin dünýä biziñ ýolumyzy ykrar eder. Dünýäniñ gitjek ýeri nire? Ähli ýangyç resurslary jenap ýoldaş Prezidentiñ elinde. Atom çemo-danjygy kimiñ elinde bolsa, şonuñkyda bolsun, esasy zat ýangyç
61
resurslary. Jenap ýoldaş Prezident täze asyryñ täze eýesi. Ol öz asy-ryna ”Altyn asyr” diýip at dakdy. Nebit-gaz ýataklary kimiñ elinde bolsa, alty asyryñ sazyny-da şol buýrar! Ol saz kimiñ gulagyna ýak-masa, goý, özünden görsün!
Biziñ günlerimiz – erteki: jenap ýoldaş Prezident öz halkyny asyrla-ryñ tümlüginden çykaryp, ýagty geljege ullakan ewolýusion ädimler bilen alyp barýar. Rewolýusiýalardan biz öler ýaly ýadadyk, bes! Bu illerde rewolýusiýanyñ ömri tükendi. Indi ewolýusion özgerişleriñ zamany geldi. Dek düýn! Siziñ bagtyñyz getirdi, siz uzaga gidersi-ñiz! Bizde ilki kolhozlar, soñra daýhan birleşikleri, soñra kärendeçi-lik, soñra potratçylyk ýatyryldy. Indi obalar müdirlige öwrülýär. Men sizi Çarwa obasyna müdir edip belleýärin. Eýsem nämüçin bel-lemeli däl? Siziñ gelşiñiz meni haýran etdi, beýle-de bir şowly ýöriş bolar ekeni! Biz size ewolýusion okgunlylygy we barlyşyksyzlygy öwrederis. Bu ýolda biz hiç bir zady gaýgyrmakçy däl. Adam resurs-lary entek ýeterlik. Esasy zat – öñde goýlan ewolýusion maksat! Jenap ýoldaş Prezident biziñ halkymyzy diñe özüne görünýän örän aýdyñ ýol bilen romantiki belentlikleriñ ebedi doñaklygyna alyp barýar. Ol şeýle diýýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Halkyñ bu gününi we geljegini şundan aýdyñ kesgitläp bolarmy? Elbetde, ýok. Bu kesgitlemä hiç zat goşmak-da, aýyrmak-da mümkin däl, ýagny gadagan! Boýun egmeli we öñe gitmeli! Biziñ düşünişmäge wagtymyz ýok, bes! Indi biz hiç kesi diñlemekçi däl! Biziñ elimizde jenap ýoldaş Prezidentiñ yglan eden ”Üç Ýyllyk Gümbaşlyk”, ”Bäş Ýyllyk Ümsümlik”, ”On Ýyllyk Asudalyk” Programmalary bar. Olar hem geljekde Ählumumy Dymyşlyga we Baky Jennete ösüp geçer.
– Gowaçadan başga zat ekse bolmazmyka? – Ýylan ikirjiñlenip sorady.
– Elbetde, bolar. Isle, temmäki ekiñ, isle-de – banan. Ýöne tabşyra-nyñyzda – pagta tabşyrsañyz bolany.
– Nämüçin?..
– Sebäbi pagtanyñ häkimligi biziñ öñde goýan maksadymyza dogry gabat gelýär. Gep ekinde däl, halky edara etmekde. Halka şeýle bir ekin ekdirmeli, onuñ üstüne mydama edil uruş düşen ýaly bolmaly, ýagny hiç zada, aýratynam özi hakynda pikir etmäge eli degmeli däl. Asla onuñ pikirlenmäge wagty bolmaly däl! Pelsepe hergiz döwletiñ düýbuni opurýar. Halk bolsa, sähelçejik wagt tapsa, pelsepe otarm-
62
aga görin. Ertir irden oba git, adamlary yzyña düşürip, ýeñişlerden ýeñişlere äkit! Goý, seniñ ýoluña jenap ýoldaş Prezidentiñ gözüñi gamaşdyryjy şöhlesi ýagty saçsyn! – soñky sözlerini ýerinden ör turup, dabara bilen aýdan welaýat eýesi Musanyñ gulagyna etlek dodaklaryny degrip, diñe onuñ özüne eşitdirip: – Ýöne men saña birjigem ynanamok... – diýip, gyzgyn pyşyrdady.
Welaýat eýesiniñ bu sözleri eýýäm bu jaýda hyñ berýän häkimligiñ işgärleriniñ gürrüldili el çarpyşmasyna ýakymly garylyp gitdi. Musa minnetdarlyk bilen baş egip, Hojam Şükürowiçiñ pamyk ýaly ýum-şajyk ak ellerini öz uzyn barmakly penjesi bilen işdämen gysyp hoş-laşdy-da, daşaryk çykdy. Ol welaýat häkimliginiñ gapysynda durup, daşyna gedemlik bilen göz aýlady. Şäher kaýyllyk bilen dem alyp ýatyr, adamlaryñ sussy basyk, eginleri gysyk. Olar töweregi fontan-laryñ zynjyry bilen gurşalyp, ýaz, tomus, güýz aýlary salkyn gülli atyzlara çümýän kaşañ jaýyñ ýanyndan tükeniksiz ýazykly boýunla-ryny burup geçip barýarlar. Bu jaýyñ töwereginde şowhun turuzýan-lar diñe üme düşmez serçeler. Başga ýerde suwsuzlyk olara wehim salansoñ, olar bu bagyñ eýeleriniñ şanyna saýraýarlar. Guşlar adam däl, olar jokrama yssyda suwsuz hem iýmitsiz ýaşap bilenoklar. Musa sowuk gözleriniñ jübüt tegelegini siññin dikende, serçeleriñ sürüsi şahadan şaha böküp, jürküldeşip, oña golaý-golaý geldi. Ola-ryñ käbiri eýýäm onuñ hut gözleriniñ öñünde pelpelleýärdi. Zeýrenç gatyşykly süýji jürküldi bilen agzyna ýakynlaşyp gelişleri diýseñ ýakymlydy. Musa lezzet bilen towlanyp, birdenem batly owsun atdy.
– Ah, siz süýjüjeler! Siz asyl bu ýerdemi?..
– Nämejik diýdiñiz?.. – onuñ arkasyndan usullyk bilen gelen goja bagban piline söýenip durşuna geñirgenip sorady.
– ”Hüş-şt!“ diýdim. – Al-da-jylar! Ahmal bolsañ, gözüñi çokjaklar!
Musa Çöli bu ýerden derrew garasyny saýlamak bilen boldy. Elbet-de, ”hä” diýmänem, entek oñly diýen etmäni öwrenmedik aýaklary ony bazara eltdi. Çünki gadymy şäherde hemme ýollar bazara ge-tirýär. Wagt ikindine golaýlap, bu ýeriniñ mähellesi-de günortanky-dan has köpdi. Bu gezek ol bazara barmadyk bolsa gowy boljakdy, emma ýalñyşjagyñ gözi batyl, ol bazara ýañadandan girdi we adam-laryñ arasyndaky ilkinji gödek ýalñyşyny goýberdi. Sebäbi iki ädim ätmänkä, gözi düýnki söwdägär gelne düşdi we ar almak islegi döre-di. Haýsydyr bir bazarçynyñ özüni aldamagyndan gatyrganan ýylan
63
sowuk gedemlik bilen gelne garşy ýöredi, baryp, onuñ üstüne sürün-di.
– Nämüçin meni aldadyñyz? Siz adammy ýa-da ýok?
Gelin dodagyny ýigrenç bilen çömmeldip, onuñ ýüzüne aýratyn äwmezeklik bilen seretdi.
– Size kim diýerler? Men sizi tanabilmedim-le?
– Hany, meniñ pullarym? Olary yzyna beriñ, ýogsam meniñ gaha-rym geler!
Ýylan gelniñ garaklaryna tiñkesini dikip, ony sowuk gözleriniñ ody bilen daglady. Gelin ilki bir aljyrajak ýaly etdi, emma derrew özüne gelip, ters aýlandy-da, ýylanyñ gözlerinden sypdy we bada-bat uly gykylyk turuzdy.
– Dat, talañçy gelendir-uu! Gündiziñ günortany, ýetişeweriñ-uu!!
Bu gykylygy eşiden bazarçylar ýerli-ýerden sütemkäriñ üstüne to-puldylar. Ýylan, bir görse, bazarçylaryñ ýekedaban ýaly ýumruklary galgaşyp, onuñ süýr depesinde inip gelýär, sähelçe eglense, ataraba-nyñ aşagyna düşenden enaýy etjek däller. Rejäniñ geñ däldigini gö-ren okumyş ýylan ”assa gaçan namart!” diýip, adamlaryñ arasyndan sümlüp, zut gitdi. Gykuwa ökde bazarçylar onuñ yzyndan ”ýetdim-ýetdim!” edip, uzak kowdular. Iñ öñde-de bazarçy gelin.
– Tutuñ ilden çykan azgyny! – ol uly ili bilen gygyrýar. – Onuñ menden algysy barmyş! Añkasy aşan lakaşa! Señ ýürejigiñ näme küýseýänini bilýän ýokdur?! Tutuñ ony, ikini islemez ýaly ediñ!
Kepjebaş şeýle bir dowla düşdi welin, ol tä şäherden çykyp, özüni adam-garasyz harabalaryñ içine urýança ynjalmady. Kowgudan gutulandygyna ymykly göz ýetirensoñ, ol bukusyn-dan çykyp, ozal gowuny taşlap gaýdan ýerine garşy ýöneldi. Baryp, gowunyñ üstünde bir silkindi-de, gaýtadan öñki ýylan keşbine girdi we çöp-çalama siñip gitdi. Gün ýaşansoñ bu tö-werekde adam bolup, elkin ýatmaga batyrlyk edip bilmedik ýylan bu gijäni şäheriñ alkymyndaky köne ýykyk harabada galagop geçirdi; ýöne onuñ adamlardan öýkesi welin uzyn gije egsilmedi.
64
4. Harabadan çykan häkim
Dañdanyñ şapagy gyzaryp, köne harabanyñ gerişleri ot alanda, Kep-jebaş köne galanyñ ýoñsuz jaýrygyndan kellesini çykaryp, düzüñ içinden tozan turzup gelýän ýeñil maşynyñ ýoluna tes-tegelek gözle-riniñ sowuk jübütini dikip ýatyrdy. Bu ulagyñ hut öz yzyndan gelýändigini anyk bilende, ýylanyñ gözlerindäki sowuk gedemligiñ ody uludan ýandy we az wagtlyk-da bolsa, adamlara bolan düýnki öýkäniñ üstüni doly basdy. Ol alkymyny çişirip, tarp urdy, ýatan jaýrygy göwresine dar göründi. Ýylan edil adamlar ýaly öz-özüne guwanyp, wagt ýitirdi, şeýdibem ýoluna garap ýatsa-da, ýeñil maşy-nyñ nädip alkymyna gelip ýetenini bilmän galdy. Maşyn onuñ ça-kyndan ýyndam bolup çykdy. Orta boýly, daýanykly sürüji ýigit maşyndan düşdi-de, eýlesine-beýlesine ýaltaklap, gala garşy gaýtdy. Ol galanyñ gädiginden içine girende, göze ilmezlik üçin jaýrykdan çykyp, galanyñ daş ýüzüne sallanmasa, Kepjebaşyñ dagy alajy gal-mady. Galanyñ içinde adam-gara görmänsoñ, gözüne inen deri eliniñ tersine sylan sürüji ýene-de daşyna çykyp, galanyñ töwereginde köw urmaga başlady. Täze başlygy nämüçin köne harabadan gözlemelidi-gine düşünmese-de, ol bu işi gowy gördi. Umuman, oña näme iş tabşyrylsa, ol şony-da gowy görmegi başarýardy. Häzirem özüne tabşyrylan işiñ aýratyn lezzeti onuñ gözlerinde möhüm alamat bolup köredi.
Bu wagt edil ”bukuldym” oýnuna gyzygan ýaly iñ ýakyn jaýrykdan ýañadan yzyna, galanyñ içine sümmäge ýetişen Kepjebaş buljum ýerde suwlunyp gowundan çykdy-da, bir silkinip, şol demde adama öwrüldi. Bu taýdan ”ýitigini” taparyn umydyndan eýýäm el üzen sürüji ýagly papagyny mañlaýyna çümrüp, maşyna tarap ýöräberen-de, edil ýeriñ aşagyndan çykan ýaly garşysynda duýdansyz peýda bolan şilliñ uzyn bugdaýreñk kişä gözi düşende, allaniçigsi bolup gitdi. Onsoñ ol geñ galandygyny gizlejegem bolup durman:
– Görsene, men harabanyñ içini-daşyny birlaý aýlandymmykam diýdim welin, beýle däl ekeni! Siz nireden çykdyñyz? – diýdi.
Adam keşbine giren ýylan muña hezil edinip, özüniñ entek bu sürü-jä tanyş bolmadyk ýylgyrmasy bilen aýratyn sowuklaç ýylgyrdy.
65
– Şuş-ş-şu taýdan! Bar, senem kelläñi sokup gör, sygarmyka? Näbi-leýin-dä, seniñ gulaklaryñ päsgel beräýmese, olar gözilginç uly gö-rünýäler...
Müdiriñ äheñini ýüzüne alman, gözilginç inçe barmagyñ uzan gap-dalyna ser salan sürüji muña degişme diýip düşündi we görkezilen ýarçygyñ ýanyna baryp, oña kellesini sokandan bolup, batnyksyz kikirdedi.
– Beýle dar ötükden geçmek kyn iş. Munuñ üçin okuwyñ güýçli bolmaly, ýogsam menem nyzamly goşunda gulluk etdim, ýolda ýatan çöp däl, emma alajyñ nä, güýçlä boýun bolmak – merdiñ işi. Men tertip-düzgüne endik eden adam. – ol garnyny içine çekip, ykjamlan-dy. – Essalawmaleýkim, ýoldaş müdir! Meniń adym Ţaly. Buýruñ!
Köne galanyñ ýylmanak burçundan onuñ degişmesine ýigrenç keýpi bilen seredip duran ýylmanak kişi oña öz äheñinde jogap gaýtardy.
– Hany, onda sür bakaly oba garşy!
Üsti brezent örtgüli ýeñil maşyn düzüñ içinde bat alyp ugrady. Musa Çöli öten gije alaka awlan ýerlerine gözüni aýlap, süýjülik bilen gerindi. Tümmekleriñ biriniñ añrysynda görnüp giden atýalma-nyñ yzyndan tasdanam bütin göwresi bilen ümzügipdi, ýagşy wagty özüne gelip, saklandy. Kabinadan sallanyp barýan göwresini yzyna çekip:
– Bolmaz! – diýip, dişlerini gyçyrdatdy.
– Näme bolmaz, ýoldaş müdir?
Şaly buýrulan her bir ýumşa taýyn görnüşde garnyny içine çekip, kesgin sorady. Mañlaýyna sowuk der gelen Musanyñ gahary tegele-jik gözlerinden agsam diýdi, ýöne sesi welin, sowukganly çykdy.
– Býuronyñ kararyny bozmak, jenap ýoldaş Prezidente ikilik etmek bolmaz!
Sürüji garnyny öñküden-de beter içine çekdi.
– Elbetde. Ýöne Gulluş Býuronyñ kararyny bozdy. Bu-da jenap ýoldaş Prezidente dönüklik etmek bolýar, şeýle gerek?
– Şş-şeýle! Şş-şonuñ üçinem ol indi hiç kim.
Şaly öñki başlygyna köneden duşmançylygy bar ýaly hezil etdi.
– Ýok, hiç kim däl, hiç zat! Hiç kim bolanda – biz bolýas, ýagny gowy adamlar. Biziñ bahamyzy diñe jenap ýoldaş Prezident kesgit-
66
läp biler, – ol ýene-de garnyny içine çekdi. – Emma Býuronyñ kara-ryny bozmaga milt eden – hiç zatdyr!
– Seniñ syýasy taýýarlygyñ hiç-neneñ däl – diýip, ýylan edil sarysy gaýnaýan ýaly ýüzüni çytyp belledi. – Maşyny göni kantura sür, bize Tal Tagan garaşýandyr.
Oba kontorynyñ öñünde guma bulaşyp oturan daýhanlar maşynyñ tozanyny deñ-derman paýlaşyp ýuwutdylar. Täze müdir maşyndan suwlunyp düşdi-de, Býuro agzalarynyñ ýanyna baryp, edep bilen salamlaşdy.
– Hormatly Musa Çöli, ýap-ýañyja daýhanlar sizi biragyzdan oba müdiri edip saýladylar. – Tal Tagan oña garşylarynda agyzlaryny öweldişip oturan daýhanlary görkezdi. – Bu üstünlik bilen men sizi jenap ýoldaş Prezidentiñ we Býuronyñ adyndan gutlaýaryn! – Tal Tagan çeýe müdiri şelaýyn gujaklap durşuna, onuñ egniniñ üstaşyry: – Näme soragyñyz bar? – diýip, banket jaýyna ugramanka halkdan berk sorady. Halk uludan demini aldy. – Onda ýygnak gutardy, işli-işiñize dargañ. ”Ek!” diýlende, ekip, ”Or!” diýlende-de, ilden yza galmajak boluñ!
– Onda bu pasyllary nätmeli borka: gyş diýdi, ýaz diýdi, güýz..?
Märekeden çykan bu ýöwsel sesi Býuronyñ agzasy tutuk äheñde ýoldy.
– Jenap ýoldaş Prezident bu meseläniñ üstünde häzirki wagtda çyn-lakaý işleýär. Bu ugurdan ol eýýäm ylymlaryñ doktory, akademik boldy! – oturanlar ör turup, el çarpyşdylar. – Basym bizde tomus bilen güýzüñ ýeri çalşyljak. Bu hakda bu gün-erte perman çykar. Şonda oba hojalygynda uly öñegidişlige garaşylýar. Sebäbi, Permana laýyklykda, ýazdan soñ öñküsi ýaly tomus däl-de, eýsem gös-göni güýz geler. Netijede ýañyja ekilen hasyly wagt ýitirmän, ýygnamaga mümkinçilik dörär. Gör, nähili elpe-şelpelik! Haýsy ýurtda şunuñ ýaly adalatly kanun bar?! Haýsy ýurtda şunuñ ýaly mesçilik bar?! Gepläñ! – daýhanlar özlerinden näme talap edilýändigine oñly dü-şünmeseler-de, ätiýaçdan güýçli el çarpyşdylar. – Bu girizilýän täze-ligiñ berjek netijesi – köre hasa. Diñe gözli körler, göripler hem içi kitüwliler ony görüp bilenok. Bu oñaýly täzelige garşy gitmek – jenap ýoldaş Prezidente garşy gitmek! Bu-da öz gezeginde – emen ene süýdüñe dönüklik etmekdir! Emen ene süýdüne dönüklik edýän-lere nälet bolsun!
67
– Nälet! Nälet! Nälet! – diýşip, daýhanlar gorkudan ýaña uly hyjuw bilen gygyryşdylar. – Ýaş-şasyn! Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezi-dent!
Býuronyñ agzasy öz işinden hoşal bolup ýylgyrdy. Onuñ sesinde günä geçijiniñ äheñi bolluk bilen çawup gitdi.
– Diýmek... basym howanyñ bellisi bolar. Mundan öñ jenap ýoldaş Prezidente: agaç ekseñ, ýere kölegesiniñ düşýändigini subut etmek we kölegelerden iñ ýokary ylmy derejäni almak başartdy. Biziñ ýur-dumyza ilkinji kompýuteriñ gelip düşmegi bilen ol ýakynda kompýuter ylymlarynyñ akademigi diýen ada mynasyp boldy. Bu mynasybetli-de oña üçünji gezek öz adyndaky ”Prezidentiñ ordeni” bagş edildi. Bu ordeniñ dakylmagy mynasybetli oña on ýedinji gezek ”Halk Gahrymany”, on sekizinji gezek ”Hormatly il ýaşulusy” atlary, sekiz ýüzünji gezek ”Adalat” we dokuz ýüz ellinji gezek ”Ynsap” ordenleri berildi. Emma halkymyzyñ talaby gün-günden ösýär, ol indi jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes adynyñ Aýa, Güne we Mu-hammet pygambere dakylmagyny isleýär. Ýurdumyzda ýaşaýan saýry milletleriñ göwnüne degmezlik üçin dini başgalaryñ çokunýan Isa pygamberine jenap ýoldaş Prezidentiñ ene-atasynyñ adyny dak-mak karar edildi. Bu meselede zähmetkeşlerden gelýän teklipleriñ yzy üzülenok. Üzülmezem. Býuro muña güwä geçýär. Ýöne biz bu teklibe Isa pygamberiñ özüniñ näme diýjegine garaşýarys. Daş gu-lakdan eşidişimize görä, ol basym resmi wizit bilen bu dünýä ikinji gezek gelmeli. Pursatdan peýdalanyp, jenap ýoldaş Prezident onuñ bilen nahar başynda duşuşmakçy. Isa pygamberiñ beýle hormatdan boýun towlamajagy belli. Bu hakda biz Býuroda giñişleýin maslahat etdik we şeýle karara geldik. Ýagny Çarwa obasynyñ daýhanlarynyñ umumy ýygnagynyñ adyndan edil häziriñ özünde Isa pygambere jenap ýoldaş Prezidentiñ mähriban ene-atasynyñ adyny dakmak ba-rada biragyzdan teklip kabul edilmeli! Garşy? özüni saklan? Ýok. Teklip kabul! Ajap! – daýhanlar ör turup, elhenç gürrüldi bilen el çarpyşdylar. Bu gürrüldä obanyñ şyrrygy çykan tamlarynyñ iñ soñky suwaglary-da paýrap ýere döküldi we haçandyr bir wagt zoraýakdan çig kerpiçden bitelik edilen diwarlaryñ betnyşan süññi göründi. Býu-ronyñ ideologiýa boýunça sekretary dowam etdi: – Onda bu günden beýläk hristian hudaýy Isa pygamberiñ adyny şeýle tutmaly: ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ ene-atasy adyndaky Isa pygamber!” – dilden-
68
agyzdan galan märekäniñ el çarpyşmasyndan töwerekde göterilen şor tozan köwsarlap yzyna geldi-de, daýhanlaryñ öz gözüne girip, gözle-rini awuşatdy. Tal Tagan üsgürinjiredi: – Ýagny bu bolsa, biziñ hal-kymyzyñ ýurdumyzdaky dini başgalara edýän sylagynyñ şübhelenip bolmajak subutnamasydyr. Şübhelenmäge synanyşanlara ýurdumy-zyñ Jenaýat Kodeksiniñ bir ýüz ýetmişden başlap, tä iki ýüz ýetmi-şinji maddasyna çenli aralykda iş kesilýär. Biziñ Garaşsyz Demokra-tik ýurdumyzda her adama howa ýaly zerur beýle maddalaryñ uly toplumy gije-gündiz halkymyzyñ hyzmatyndadyr!
Daýhanlar ýene-de gürrüldili el çarpyşdylar. Karar jenap ýoldaş Prezidente tassyklanmaga iberildi. Ol paýtagtdan tassyklanyp yzyna gelýänçä prezidiumdakylar märekäniñ gözlerine gözlerini dikip, sarsman garaşdylar. Karar tassyklanyp, paýtagtdan yzyna gelende, Býuro agzalary daýhanlary bu ullakan syýasy ýeñiş bilen gutlap, banket zalyna ýörediler. Ol ýerde Býuro agzalaryny oba müdüriniñ medeniýet boýunça orunbasary Abat oba gelin-gyzlary bilen gujak açyp garşylady. Banket saçagynyñ bezelişi hyzmatyñ ýokary dereje-dedigini görkezdi. Welaýat merkezinden getirilen ir-iýmişleriñ hem-mesi saçagyñ üstüne düzlüpdir. Iýgi-içgi başlandy.
Musa Çöli özüni Býuro agzalarynyñ içinde görüp, dylym-dylym etdi: gidişi hiç neneñ däl. Emma ol il deñinde saçagyñ başyna geçip, bir dogramça eti ýañy agzyna eltendirem welin, Býuro agzasy Ta-pyndyew syçrap ýerinden turdy-da, gelip, oturanlaryñ gözüniñ al-nynda onuñ bokurdagyny bogup, uly ili bilen heñkirdi.
– It ogly! Sen özüñi kimdir öýdýäñ?! Aýnadan daşaryk seret! Jenap ýoldaş Prezidentiñ mähriban halky bir döwüm çörege zar bolup, köçede gultunyp durka, neneñ edip, seniñ bokurdagyñdan iýmit geçýär?! Biz saña halkyñ aladasyny nädip etmelidigini öwrederis, tur ýeriñden! otur aşak! tur! otur! tur! otur! tur!..
Haraý isläp, Tal Tagana delmuryp sereden Musa Çöli öz howanda-rynyñ adam bedenine aýratyn ýakymly zeýtun ýagyna haýal otda gyzardylyp gowrulan jüýje butjagazlaryny gizlin duýgudaşlyk bilen işdämen sümrüşini gördi. Onuñ özüne garşy çalaja baş atmasyndan ”gaýrat et!” diýen manyny okap, zäherli ýylgyrdy. Onsoñ çalt otu-ryp-turmakdan ýaña daljygara gelen müdir tä Býuronyñ agzalary iýip-içip bolýançalar dik aýak üstünde garaşdy. Iýmitden keýpini köklän Býuro agzalary oña gyñralyp, owadan gülli süpürgiçlerini
69
boýunlaryna çoladylar-da, oba gözelleri bilen ýapda ”öw-hä” atyş-maga gitdiler. Olaryñ şadyýan sesleri basym akaryñ boýundan eşi-dildi. Müdiriñ göwnüne bolmasa, ýaş oba gelin-gyzlary oýunda olar-dan asgyn geldiler. Ol boýnuny süýndürip, güzere garşy bakgaryldy, göwnühoş ýylgyrdy. Emma onuñ begenji uzaga çekmedi, salkynlap gelensoñlar, Býuro agzalary obada görelde ýygnagyny geçirip, Musa Çölä daýhanlaryñ öñünde kellesini ýalañaçlatdylar. Ýygnagy Tal Taganyñ hut özi alyp bardy. Ol süýem barmagyny täze müdire çom-maldyp öñe çykdy.
– Jenap ýoldaş Prezident biziñ gadymy topragymyzyñ üstünde ga-raşsyzlygyñ hem özboluşlylygyñ, erkanalygyñ hem işeññirligiñ, söýgüniñ hem gujur-gaýratyñ düýbüni tutýan, ösdürýän hem kämil-leşdirýän wagtynda onuñ mukaddes ynamyndan haýynlarça peýda-lanmaga ymtylýan päliýamanlaryñ ýurdumyzyñ içinde sümsünip ýörendigini biz bilýäris. Ine, siz bu adama serediñ! Jenap ýoldaş Prezident oña uly ynam bildirdi, siziñ obañyza müdir belledi. Bu diñe ynam däldi, eýsem şol bir wagtyñ özünde talap we buýrukdy, halky bol-elin durmuşa ýetirmek baradaky berk görkezmedi. Musa Çöli şol mukaddes ynamy, talaby, buýrugy ödedimi? Nebsimiz agyr-sa-da, biz bu soraga ”ýok” diýip jogap bermeli bolýarys. Musa Çöli jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes ynamyndan ters peýdalandy we öz işinde düýpli kemçiliklere ýol berdi. Siziñ her biriñiz öz durmu-şyñyzyñ mysalynda bu tetelli adamlar üçin munuñ öñden gelýän ýörelgedigini bilýänsiñiz. Hawa, bu tetelliler jenap ýoldaş Preziden-tiñ halk barada gije-gündiz edýän atalyk aladasyny püçege çykarýar-lar. Eger-de Musa Çölüler aýakbagy bolmasady, onda jenap ýoldaş Prezident öz mähriban halkyny başbitin bireýýäm jennetden çykarar-dy. – diliniñ aşagyndan gan aldyrjak dek irikgä bolup oturan märeke bu ýerde dabaraly el çarpdy we özüniñ nämedir birzatlar añjak bolýandygyny aýan etdi. Tal Tagan ”köşeşiñ” diýen manyda elini galdyrdy. – Bu ýerde diñe ýekeje teklip orta atylyp bilner: ýagny jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes ynamyny bihaýalyk bilen ýere çalandygy üçin Musa Çölini Çarwa obasynyñ müdiri wezipesinden boşatmaly! Kim-de kim bu teklibi goldasa, elini galdyrsyn! garşy? özüni saklan? Köpçülik teklibi biragyzdan goldaýar. Elbetde, bu başgaça bolup-da bilmez. Çünki jenap ýoldaş Prezidentiñ islegi – halkyñ islegi! Eý, bihaýa Musa Çöli, sen işiñden boş!
70
-
aysyzgije
13 years ago
- Daýhanlar nämüçindigini oñly bilmeseler-de, täze müdiri añrylary-nyñ almandygyny añdyryp, bu gezek tüýs ýürekden ätiýaçly el çar-pyşdylar.
– Ýaşasyn jenap ýoldaş Prezident!
Tal Tagan daýhanlar el çarpyp bolup barýarka howlukman ýerinden turdy.
– Býuronyñ her bir başlangyjyny gyzgyn goldaýandygyñyz üçin men siziñ hemmäñize aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Gürrüldili el çarpyñ! – gürrüldili el çarpyşyk. – Hawa gadyrdan halk, eziz daýhan-lar! Biziñ ýurdumyzda adalat her ädimde dabaralanýar, jenap ýoldaş Prezidentiñ ýiti gözlerinden hiç bir zat sypyp bilmez. Muña siz edil şu wagt Musa Çöliniñ mysalynda ymykly göz ýetirensiñiz. Düýpli kemçilik goýberen badyna, ol derrew degerli temmisini aldy. Biziñ ýurdumyzda hakykat, hak iş ýene-de bir gezek hemmämiziñ gözümi-ziñ alnynda dabaralandy. Geljekde-de hut şeýle bolar!
Emele çolaşan ýylan ejizledi. Ol süýrenip öñe çykdy-da, Býuro agzalarynyñ öñünde dyza çökdi.
– Men jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde baky günäli!
– Ajap! Onda indiki mesele. Bilşiñiz ýaly, Çarwa obasyna täze mü-dir bellemeli. Bilşiñiz ýaly, biziñ ýurdumyz adyllygyñ öýjügi we biziñ hiç bir adamynyñ ykbalyna ýüzleý garamaga hakymyz ýokdur. Eger-de biz diri adamlarda häli-şindi duşup duran uşajyk säwlikler üçin gymmatly partiýa kadrlaryny ýele sowursak, olaryñ ýüzüne ursak, onda biz hiç haçan jenap ýoldaş Prezidentiñ biziñ öñümizde goýan belent maksadyna ýetip bilmeris. Biz kowalarys, maksat gaçar! Biz ýel bolup ýüwürsek, ol salgym bolup bizden arany açar. Diýmek, jenap ýoldaş Prezidentiñ belent adamçylygyndan, geçirimli-liginden ugur alyp, onuñ arzuw-isleglerinden gelip çykýan ýörelge-den ýöräp, onuñ talabyny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, men Býuronyñ adyndan siziñ obañyzyñ müdiri wezipesine köne partiýa işgäri, çeýe hem çalasyn, öz geljegine uly umyt döredýän Musa Çölini saýlama-gy teklip edýärin! Çünki gündiz eliñ çyraly gözläñde-de, bu çöllük obada onuñ ýaly tejribeli partiýa kadryny, mynasyp ýolbaşçyny ta-pyp bolmajagy zähmetkeşlere aýdyñ. Tapylaýanda-da ol biziñ döw-letimiziñ bähbidine bolmaz. Üstesine-de, jenap ýoldaş Prezidentiñ kadrlar babatyndaky berk hem üýtgewsiz syýasatyna zarba urlar. Geliñ, bu ýerde onuñ beýik ýörelgesini ýada salalyñ: ”Adam wag-
71
tyndan öñ ölüp bilmez!” Eýsem, kimdir biriniñ ýap-ýañyja eýeläp oturan jogapkärli wezipesinden sen-men ýok tüwdürilip goýberilme-gi onuñ ölümine getirip bilmezmi? Elbetde, biler. Siziñ hemmäñiz çöregi agzyñyzdan iýýänsiñiz diýip, umyt edýärin. Adam ykbalyna gezek gelende, biziñ sowuk-salalyk etmäge hakymyz ýokdur. Ana, şonuñ üçin-de, ýokarkynyñ beýik syýasatyndan gelip çykýan çuññur adamçylykdan ugur alyp, siziñ obañyzyñ müdirligine men Býuronyñ adyndan Musa Çölüni teklip edýärin! Häzirki jogapkärli döwürde bu wezipä diñe ýekeje mynasyp kandidaturanyñ bardygy düşnüklidir. Muña garşy gidýän her bir hereketiñ, içki pikiriñ biziñ bähbidimize ters gelýändigini ýeriñ giñinde duýduryp goýmagy öz borjum hasap-laýaryn. Jenap ýoldaş Prezident beýikdir, adalatlydyr we geçirimli-dir. Kim-de kim öz ýalñyşyna düşünip, toba etse, onda ol adam üçin durmuşyñ hözüri gutarmaz. Musa Çöli meselesinde siz, ine, muña aýdyñ göz ýetirdiñiz. Ol gedemlik edende, bada-bat berk temmisini aldy, emma öz etmişine düşünip, toba gelende, onuñ agyr günäsi günübirin geçildi. Indi Musa Çöli üçin ýülünmegiñ diñe birje ýoly galdy, ol tä iñ soñky demine çenli jenap ýoldaş Prezidente wepaly hyzmat etmeli bolar.
– Iñ soñky demime çenli jenap ýoldaş Prezidente wepaly hyzmat ederin!
Býuro agzalary ýerlerinden turup, Musa Çöli bilen bir-birden gujak-laşyp, mähirli görüşdiler. Bu adatdan daşary ýakynlygyñ güýçli täsi-rine düşen daýhanlar:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýşip, uly oran bilen aýylganç tolgunyşyp gygyryşdylar.
– Onda näme – diýip, Tal Tagan ýygnanyşygy saldamly jemledi: – Işli-işiñize dagañ, Býuro ýadady.
Býuro agzalary welaýat merkezine ugransoñlar, müdiriñ medeniýet işleri boýunça orunbasary Abat başlygynyñ ýüreginiñ näme küýseýändigi bilen çuññur gyzyklandy. Uzaklaşdyrman, pelteli çyra-nyñ ýagtysyna işek goýnuñ başyna ýetildi. Müdir islegli iýmitini ýuwudyp, ýumşak düşegiñ üstünde süýndi.
Ertesi irden kontora gelip, gapysynda ”Müdir” diýlen ýazgyly kabi-netiñ bosagasyndan çalasyn ätlän Musa Çöli otagyñ törüne göz aýlap, gapyda az wagt owsun atyp eglendi. Üsti gymmatbahaly mata örtgüli giñiş stoluñ añrysyna geçip oturmazdan ozal ätiýaçdan onuñ
72
daşyndan iki-üç gezek aýlanyp çykdy. Soñra gelşiklije düwmä gözil-ginç uzyn süýem barmagyny ýetirdi. Dessine gapy açyldy-da, sekre-tar gyz eli üsti gök çaýly, erik kişdeli götergili seýkin basyp, otaga girdi. Gyzyñ götergini müdiriñ öñünde goýşy-da, owadan gülli käsä edep bilen ajy gök çaý guýşy-da, näz bile gyýa garaýşy-da, müdiriñ kabinetini Býuronyñ öten agşamky banket zalyna meñzedýärdi. Bu wagt ullakan aýnalaryñ añrysynda gündizligiñ lowurdap duranlygy diýäýmeseñ, başga tapawut göze ilenokdy.
– Noş bolsun, ýoldaş müdir, içiñ!
Gyz sallanyp, çykyp gidiberjek boldy welin, çaýly çäýnek bilen erik kişdesine ýüzüni turşardyp sereden Musa Çöli süñksüz süýem barmagynyñ yşaraty bilen ony duruzdy.
– Göwnüme bolmasa, men seni öten agşam folklorçylaryñ arasynda gördüm.
Utanjyndan az-kem gyzaranda, gyz aýratyn owadan göründi.
– Tans etmesem, läle kakmasam, men salkyn kölegede jenap ýoldaş Prezidente, döwletimize näme peýda getirip bilerin? Kişdäñiz gutar-sa, düwmäni basaweriñ!
Bu demde kellesine üýtgeşik bir pikir gelen oba müdiri häzirlikçe onuñ üstüni basyrdy-da, gyza aýratyn hoşamaýlyk etdi.
– Bu görküñiz bilen siz jenap ýoldaş Prezidente we döwlete näçe isleseñiz, şonça-da peýda getirip bilersiñiz. Ýöne bu iýmişler bilen meniñ ugrum ýokdur, olary äkidiñ-de, özüñizjik tamşanaýyñ! – gyz göterginiñ çetinden tutan badyna-da ol başga pikire geldi. – Hany, dur entek... Eýsem, çaý içmek müdirleriñ adatymydyr?
– Müdirleriñ adaty indi döremeli. Başlyklaryñ adaty şeýledi. Onso-ñam ajy gök çaý hergiz gaharyñy ýuwutmaga gowy. Işiñ ýagdaýy şeýle. Myhman-mediwan gelse-hä gündiz ugruna gök çaýdan gowy zady tapjak gümanyñ ýok. Mineral suw bilen düýe çal bolaýmasa.
– ”Myhmanyñ” düşnükli, ”mediwanyñ” näme?
– Çagyrylyp gelen-ä – myhman, onuñ ýanyna daklyşyp gelenem – mediwan bor, ýoldaş müdir!
– Düşnükli. Hiç zady üýtgetmegiñ geregi ýok, goý, hemmesi öñkü-ligine galsyn! – gyz sallanjyrap, ýene ýöräberjek boldy. – Ỳok, dur entek, bu-da hemmesi däl. Bar, aýt, ş-şu günden başlap meniñ günor-tanky damagyma elin soýlan işek goýnuñ ganlyja böwrekleri gelsin! Çigligine. Ýylysy sowamanka!
73
Bu buýrugy eşidende, ýaş gyz müdiriñ tegelek ýiti gözlerinde üýtgeşik bir oduñ ýanyp gidendigini görüp, onuñ täsin kellesine, ýasy-ýaýman alkymyna, düşnüksiz gorky bilen garady, soñra-da sessiz-üýnsüz tabynlyk bilen baş atyp, daşaryk ýumlukdy. Kabinetde bir özi galan Musa çuñ oýa batdy. ”Nämeden başlamaly? – munuñ jogaby öñden taýyn: – Elbetde, kadrlardan! Ekişi nätmeli? – ol ýazzy mañlaýyndan asylgy: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ýazgyny okady. – Býuronyñ kararyna garaşmaly bolar, ekişiñ howa bilen işi ýok: ekmelimi – ekmeli, ormalymy – ormaly! – onsoñ ol ýazgynyñ ýokarysyndaky suratyñ öñünde örboýuna galyp, galstugy-ny düzetdi. – Siziñ islegiñiz – halk üçin kanundyr, jenap ýoldaş Pre-zident!
Burçdaky ýüz görülýän aýnanyñ öñüne baranda, ol özüniñ adam sanyndadygyny ýatlady: alkymyny elleşdirdi, gulaklarynyñ ujundan çekişdirdi, gaşlaryny sypap, öñe egildi. Indiden eýläk onuñ adamla-ryñkydan aýry ykbaly ýok: ol muña begenmelimi, gynanmaly? – öz gözlerine gözi düşende, ol uzak eglendi, olardaky çuñ gizlenip ýatan ar almak hyjuwy ony oýlandyrdy. – Eýsem, adamlaryñ onuñ ko-wumdaşlaryna çigidiñ çeti ýaly ýüregi awaýarmy? Awanlygynda, Kepjebaş çöli taşlamaly bolarmydy? Ýok, ol adama öwrülip gitmez, adamlaryñ içine ol beýle ýöntem höwes bilen gelmedi. Ony çölde öz gününe goýmadyklar, goý, indi gözlerini ýandak bilen süpürsinler!”
Müdir kabinetiñ içini ädimme-ädim öwrendi. Jaýyñ bir burçunda indegsiz galdyrylan reñkli bankany görende, girre gahary geldi.
– Hepbesizler! – reñkli banka aýnadan zybyrdap çykdy. Şondan soñ ol häliden bäri zordan deşikleri bildirýän burnuny gyjyndyryp, keýpini gaçyryp duran ysdan dyndy, arkaýynlaşdy. – Bular bilen özleriniñ biri bolup gidişmeseñ, alajyñ nä? – eli götergili gapydan giren sekrater gyz tabagy stoluñ üstünde goýa-goýmaşa müdir onuñ içindäki böwrekleri lak-luk atdy. Ýuwaşady. Gözlerini ýumup, boýnuny süýndürdi. – Gidiber... Ýok, dur entek, meniñ öz işgärlerimi göresim gelýär, hany olar? Meselem, Gulluş?
Gyz çykan dessine müdir ganly böwrekleriñ humaryna meýmiredi. Onsoñ:
– Mümkinmi? – diýen ýöwsel ses çykanda, bu oña aşa merdemsi hem duýdansyz bolup eşidildi. Ol edil guýrugyna basylan ýaly:
– Dyr-pytrak! – diýip, daşyndan haşyrdanyny bilmän galdy.
74
Böwrekleriñ keýpi bir zarbada dyr-pytrak boldy. Kabinet eýesi gapyda peýda bolanyñ ýüzüne dem salymda telim gezek owsundy.
– Men Gulluş. Gerek-ýarak zadyñyz barmy, hojaýyn?
Müdir geleniñ ýüzüne edil kürümden çykan alakanyñ samsyk ýü-züni görýän dek siññin seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan sesini çy-karmady. Gulluş müdiriñ öñünde sadylla bolup, ep-esli duransoñ, ýadap, agramyny ol aýagyndan bu aýagyna atdy. Müdir onda-da sarsmady.
– Men Gulluş... Soraýaýyn diýdim...
– Edil özi... siz Gulluş-ş, men sizi gowy tanaýan, ýöne näme soraja-gyñyzy bilip bilemok. Ýadyma düşenok...
– Men hyzmat diýip geldim.
– Obañ ýagdaýyny gürrüñ ber.
Gulluş ýüzüni çytdy.
– Obañ ýagdaýy ýok. Kyn. Bu taýy bir çet ýer, adamlary düşnüksiz: bir görseñ-ä, hemmesi gowy, bir görseñem, hemmesi erbet. – müdü-riñ, gözlerini gyrpman, özüne tiñkesini dikip oturyşyny görende, Gulluş aljyrady, çalt gepledi: – Gep-gürrüñ kän. Ýöne oñuşmazça däl. Bularyñ gany gorkakdamarynyñ üsti bilen aýlanýar – Gulluş ahmyr bilen uludan demini aldy. – Billerini ýazmaga wagt berseñ, utularsyñ, duşmanyñ köpeler.
– Onda nätmeli?
– Bu inçe sungat, edilişi şeýle: daýhan öz dilini diñe ýeñişli raport bermek üçin ulanmaly. Dilini başga zatda synap görmegine oña ýol bermeli däl. Bu 70 ýylyñ tejribesi, ýüzügara etmez. Esasy zat – onuñ ýüküni ýeñletmeli däl: pagta planyny köpeldibermeli.
– Mundan beter näme?! – ýylan sowukganly bolsa-da, janyýangyn-ly haşyrdady. – Daş-ş-töwerekde aga-ýana gezere ýer galmady! Ug-ran ugruñ – gowaça, onuñ içem – zäherli dökün. Bu ýurtda janly-jandar ýaşamaly dälmi? Ýa bu dünýä diñe iki aýaklynyñkymy?
Gulluş gorkudan ýaña sesini aşa peseldip gepledi.
– Indi siz aýaklaryñyzy unudyñ, siz iki aýaklydan saýlandyñyz. Başarsañyz, ili, ýeri, suwy gaýgy edinmäñ, ýogsam utularsyñyz. Meniñ ýalñyşym – toprakdan aramy açyp bilmedim – ol, hamana, ötülmesiz aýby bar ýaly, samsyklaç ýylgyrdy. – Şonuñ üçinem siziñ eliñize galdym. Ýöne siz meniñ ýalñyşymy gaýtalamajak boluñ, başarsañyz. Bir zat belli: ýyl-ýyldan artdyryp gidip oturmasañ,
75
daýhanlar göterýän ýüklerine öwrenişýärler. Daýhanyñ eşekden ta-pawudy: çakyndan artyk ýük ýükleseñ, eşek ýykylýar ýatyberýär, emma daýhan – öwrenişýär! – Gulluş yzyny hüñürdä ýazdy: – Ýöne daýhanlaryñ sabry edil çak edilişi ýaly kän däl, iru-giç düýbi gör-nermikä diýýärin...
Täze müdir özünden öñküniñ tejribesinden özüne geregini aldy-da, gedemlik bilen alkymyny çişirdi.
– Seniñ wagtyñ gutardy. Şonuñ üçinem pikiriñ gyzyksyz. Ýöne bu ýerde howasala turuzmañy bes et! Men öz zähmetsöýer daýhanlary-myza töhmet atylmagyna ýol bermen. Pagta planyny her ýylda iki esseden artdyrsak, olaryñ sabry hiç haçan-da tükenmez!
Gulluş zöwwe ýerinden galdy.
– Ýer sandan çykar. Açlyk başlanar.
Müdüriñ gözleri çüýe döndi.
– Belki, olar diñe şonda düşünerler...
Gulluş äm-säm boldy.
– Nämä düşünerler?
– ...özi ýaly jandarlary aç goýmagyñ nämedigine! – öñündäki ga-lamdandan ujy ýiti galamy eline alan müdir gürrüñdeşiniñ gözleriniñ içine seredip, sorag berdi: – Ikimiziñ näme tapawudymyzyñ bardy-gyny bilýäñmi?
Gulluş oturan ýerinde ”köl turzan” oglanjyk deý oýkanjyrady.
- Siz köne partiýa işgäri, biziñ obamyzyñ kadrlaryny berkitmek üçin Býuronyñ ýörite ýollan adamsy.
Müdir duýlar-duýulmaz gülümsiredi.
– O diýýäniñ hak, ýöne esasy zat: men Watana iki esse köp pagta bermekçi, diýmek, men Watany senden iki esse artyk söýýärin!
Hamana, süññi nämedir bir zat syzýan ýaly, Gulluş gorka-gorka sorady:
– Ikimiziñ aramyzda başga tapawut ýokmudyr?..
Musanyñ uzyn göwresiniñ bir ýerlerinde gahar dömdi, ol kem-kemden ýigrenje öwrülmäge taýýarlyk görüp, damarlarynyñ içinde aýlandy. Ol Gulluşyñ etlek ýüzüne şübhe bilen uzak wagtlap seretdi, onuñ içindäkini bilmäge çytraşdy.
– Indiden eýläk meniñ gözüme görünmän ýaşajak bol...
Ýeke özi galansoñ müdir Gulluşyñ ykbalynyñ ajy boljakdygyny güman etdi.
76
– Çagyran ekeniñiz... – diýip, orta ýaşly orta boýly kişi bosagadan bäriligine ätiýaçly ätlände, müdiriñ ýene-de keýpi gaçarly göründi, ol howsalaly tolgunjyrady, ýöne soñra özüni ele aldy. Ýakasynyñ kiri öz damagyny çaljak kişiniñ añyrdan gotan atjak ýaly ýapyrylyp gel-mesi onuñ döwlen keýpini sähelçe seýiklemän-de durmady. Onsoñ ol oña: ”aýdyber!” diýen äheñde sowuk gözlerini parhsyz bakgartdy. – Men Çoluk... Baş hasapçy. Siziñ göwnüñizden turaryn, bir diýeniñizi iki gaýtalatman, kärime ökde...
– Ş-şeýle... Çoluk diýdiñmi?
– Edil özi, Çoluk...
– Ş-şeýle... Hojalygyñ döwlete näçe bergisi bar?
Baş hasapçy aljyrajak ýaly etdi.
– Meniñ hojalygymyñ döwlete bergisi ýok.
– Obanyñ diýýän... – müdir ony dikanlady.
Baş hasapçynyñ ýüzüne sowuk ot çabrady. Ol dodaklaryny müñ-küldetdi.
– Üç million ýedi ýüz elli iki müñ sekiz ýüz ýigrimi ýedi manat we däninim... iki teññe.
– Nädip onça bergi etdiñiz?
– Weýrançylyk. Hasap ýitdi.
– Weýrançylyk bolany üçin hasap ýitdimi ýa-da hasap ýiteni üçin weýrançylyk?
– Anyk ýadymda däl...
– Ýagş-şy... Iýen iri pullaryñyz – aýry mesele. Meniñ keýpimi gaçyrýany – soñkujasy: ikije teññe! Ş-şu duran ýeriñizden gymylda-man, ş-şol iki teññäni yzyna gaýtaryp bilseñiz, siziñ bagtyñyzyñ getirdigi.
Baş hasapçy müdiriñ nämäni ýañzydýandygyna düşünip, elewräp, jübülerini döküşdirmäge başlady. Ol şeýle bir hasyrdaýardy welin, hiç zadyñ çaky däldi. Soña-baka ýüzünden-gözünden joralanyp, der akdy. Onuñ öz wezipesinde ölemen galasynyñ gelýändigi görnüp durdy. Müdir oña seredip, zäherli ýylgyrdy. Haýsy jübüsine elini soksa, petde-petde iri kagyz pul çykýar – mañlaýygara! Ol ahyry özüniñ bu ýönekeýje oýunda utulandygyny bilip, lampa aşak oturdy.
– Rehim ediñ!
– Gaýdyberiñ – diýip, müdir mylaýym seslendi.
Çoluk göhert düýe ýaly ýere çökdi.
77
– Ýoldaş müdir, çagajyklamma haýpyñyz gelsin! Menden wepaly hyzmatçyny ýer ýykybam tapmarsyñyz. Synap görüñ!
Musa diñşirgendi.
– Barlamaz öýdýän bolsañyz, gaty ýalñyşýarsyñyz... Gidiberiñ!
Çoluk pagyş-para boldy, onuñ möle gözlerine ýaş aýlandy, sözleri wada däl-de, kasam bolup ýañlandy.
– Men özümiñ müdürime iñ soñky demime çenli wepaly hyzmat ederin, gije-gündiz jan aýaman, özüme ynanylan işe berk ýapyşyp, golasty işgärlerime talapkär çemeleşip...
Musa onuñ sözüni ýigrenç bilen böldi.
– Sizde golasty işgär bolmaz, özüñiz golasty. Wepaly hyzmat etme-señiz-de, elbetde, özüñizden görüñ, ş-şondan soñ demiñiz uzaga çekmese gerek... Wessalam, düşnüklimi?
– Düşnükli... – Çoluk guraksy ýuwudyndy. – Hem düşnükli hem adalatly hem hormatly. Ýeke özüm müñ hyzmatkäriñ ýerini tutaryn diýip, umyt edýän.
– Umydy men edýän, siz hyzmat etmeli! – äheñi mylaýym-da bolsa, diliniñ awulydygyny müdir başdan bildirip, öz pidasyny heziller edip çekeledi. – Ylalaşmadyk ýeriñizde duýdursañyz, minnetdarlygymyñ çägi bolmaz...
– Men sizden ölinçäm razy bolaryn.
– Bu sözleri Gulluşa-da diýipmidiñiz?
– Diýipdim. Ýöne men oña: ”...birden-birimiz ölinçäk...” diýen bolsam, has dogry boljak ekeni. Ýalñyşypdyryn. – Çoluk uludan demini aldy. – Biziñ ilde wezipeden uly hormat, gorkudan güýçli duýgy ýokdur.
Musanyñ tes-tegelejik gözlerinde añrybaş kanagat göründi, belki şonuñ üçindir, ol ömürylla süzülmejek garaklaryny süzgekletdi.
– Adamyñ özünden güýçli duşmany ýok diýleni çyn... Gözüme görünmäñ! Ýok, duruñ entek, size aýratyn bir ýumuş-ş. Ekiniñ aýak çetinden geçip gidýän kese ýaby bilýärmisiñiz?
– Elbetde. Ir wagtlarda ol ýerde süri-süri ýekegapan gezerdi, bizem ýabany jojuk awlardyk: şarasy, çişligi – görlenden däl!
– Ş-şol taýda, ýylgyn tokaýyna ýetmänkäñ, takyrlyk bardyr: bärisi ýap, añrysy ýylgynlyk...
– Edil özi.
78
– Ş-şu wagt ýazyñ başy, ş-şeýlemi? Ýazyñ ahyrynda ş-şol ýerde jenap ýoldaş Prezidentiñ täze Köşgi lowurdamaly. Siz ş-şoña jogap-kär. Ugrañ!
Kontor işgärleri bilen birlaý gürleşip çykansoñ, Musa iñkise gitdi: ”Içinde gözüñ äginjegi ýok. Biri birinden ýöwsel. Ejizeganymlar! Ahyrzaman bularyñ öz başynda. – Musa kabinetiñ içinde aýagy bi-şen ýaly, iki ýana zowzuldady. – Adam gutarsa – dünýäniñ gutardy-gy eken! Bu görünýänleriñ eýsem nämesi adam: dilimi? dinimi? düşünjesimi? Ýeten ýerini guradyp barýan aldajylardan adam bolar-my?”
Kepjebaşyñ içi gysdy. Ol ýañy-ýakynlara deñeç aga-ýana ýaýnap gezen aññat-aññat gumlaryny ýatlady. Irki ýazdan teniñi çoýýan ürgün çägäniñ ýakymy onuñ inini dyglatdy. Ol ýumurtgadan çykaly bäri süýşenekläp aýlanan belendini-pesini birlaý gaýtadan göz öñüne getirip, adam sypatynda müdiriñ wezipesinde haýsydyr bir kaşañ kabinetde oturandygyny tas bütinleý unudyp, ýakymly towlanjyrady. Kabinetdäki ähli goşlar onuñ gözüne öwrenişikli çäge reñkine geçdi. Bu ýagdaýyñ näçe dowam edeni belli däldi. Dynçlygyny bozmaga milt eden tapylmansoñ, ahyry müdiriñ özi töwereginden habar alma-ly boldy. Ukudan oýanan görnüşde gözüne ilen zady işdämen synla-dy. Adamlaryñ arasynda galjagy çyn bolsa, etini gatatmalydygyna düşündi. Eger ol her ädimde özüniñ nirededigini ýadyndan çykarsa, hyýala çümse, onda yzyndan basym ýetdirer. Onsoñam yzyny küýsäp, ýüregi atygsar durar ýaly ol çöli öz keýpine taşlap gaýtdy-my?! Adamlaryñ arasyna näme sebäpden özüni urmaly bolandygy eýsem onuñ ýadyndan çykdymy? Süýji ýatlamalaryndan eýsem ýañy üzüldimi?”
Adamlaryñ durmuşyna tenini öwrenişdirmek üçin ol kabinetde des-selenişip ýatan kagyz papkalardaky dokumentler bilen adaty usulda tanyşmaly diýen netijä geldi we işe başlady. Çañ basyp ýatan arhiw dokumentleri bilesigeliji şahsyetiñ eline düşüp, ençeme ýyllardan bäri adam ogluna açmadyk gizlin syrlaryny oña açdylar. Birnäçe günden soñ täze müdirde obanyñ taryhyndan sorag galmady. Daýhanlarda iş ukybyny ýok etmek üçin obada kolhozdan başga zady gurmagyñ geregi ýokdugyna, ”daýhanbirleşigi” diýilýäniñ-de, kolhozyñ täze adydygyna ymykly göz ýetirdi, adamlara haýpy geldi. Ýüregi howlap, arasynda ol penjiräniñ alkymyna barýardy-da, aýna-
79
dan daşaryk boýnuny uzadýardy, otuñ-çöpüñ hoşboý ysyny aljak bolýardy, emma oña derek suwarymly ekerançylygyñ üstünden göte-rilýän himiki dökünleriñ agyr ysy ýapbaşyk burnuna urýardy. Şonda ol ýene-de kabinetiñ içine gaýra çekilip, gaýtadan kagyzlara çümýär-di. Netijede birnäçe günüñ içinde onuñ dünýägaraýyşynda käbir öz-gerişler bolup geçdi, teniniñ çuñunda düşnüksiz ikirjiñlenmeler baş-landy. Ýöne welin, öz niýetinden dänerden entekler ol gaty daşdady, tersine, öz maksadyna ýetmek üçin ol ýap-ýañyja işe girişýärdi, bar aladasy bu wagt öz töweregine wepaly hyzmatkärler ýygnamakdan ybaratdy. Onuñ bu işe çemeleşişi göreni geñ galdyrdy. Adamlar nä-mäniñ nämedigine düşünip bilmän, many gözläp horlandylar; hiç kesiñ çaky çykmadygy – başga hasap. Müdiriñ özüne işgär saýlaýşy-na telpek goýaýmalydy: ne onda garyndaşsöýerligiñ alamaty bardy, ne-de gaýry tanyşlygyñ, duranja bir garañkylyk! Bu ýerde haýsydyr bir syr bolaýanda-da, ol saýgarardardan çuñda oturana çalymdaşdy. Gulluş muny añjak ýaly etdi, aýratyn-da Kakabaý Garasöýmez kon-torda görnende, onuñ gümany güýçlendi. Ahyrsoñunda onuñ öz gü-manynyñ başyna ýeten bolmagy-da ahmaldyr?
”Ýylanyñ ýigreneni narpyz, olam hininiñ agzynda gögerer!” diýleni çyn bolup çykdy, çekge süñkleri çykyp duran ýapy ýaly daýaw pyýada gapydan geldi-de, ne mylaýym, ne-de hyýrsyz äheñde:
– Tal Tagan size köp salam iberdi! – diýdi.
Musa Çöli hemmesine düşündi. Ýogsam Kakabaý Garasöýmez bilen işleşmeli boljakdygy ýadyna düşende, onuñ ini üýşendi. Ýöne oba kümsüginden gutulmagyñ ýeke-täk ýoly – ony ýanyñda sakla-mak dälmidir? Adamlaryñ arasynda başyñy çarajak bolsañ, ondan beterine-de kaýyl gelersiñ! Galyberse-de, obadaşlarynyñ içini Kaka-baý Garasöýmezden gowy biljek kim bar? Ýok, kadrlar boýunça orunbasarlyk wezipesi – oña ylaýyk. Goý hasaby öñküsi ýaly Çoluk ýöredibersin, Derwüş babany jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özüniñ Çarwanyñ aksakgallar geñeşiniñ başlygy edip bellejekdigini bilip durka, ol Şemşady özüne kassir edinip almasa bolmaz. Şemşat oña zerur bolanda ýok ýerden pul ýasap, daýhanlaryñ gözüni baglamak üçin gerek bolar. Medeniýet, goý, goñşy obadan bolsun welin, ýöne hökman ýat ýerden gelmelidir diýen düşünje halkyñ beýnisinde ozaldan çuñ ornan, şonuñ üçinem bu işe Abady bellemeli bolar. Ýog-sam her kimiñ öz medeniýedi öz gözüne gündelik durmuş bolup
80
görünýär, diýmek, bu işe jogapkär adamyny näçe daşdan getirseñ, şonça-da gowy! Onsoñam nämedir bir zada geñ galmak çarwalylaryñ düýşüne-de girenok. Aslynda olaryñ ”meniñki bolsun” diýer ýaly düýşleri-de ýok, başlary ýassyga ýetse, öli ýaly ýatýarlar. Bir günden bir gün Şemşat gürüm-jürüm bolanda-da, olar munuñ üçin artykmaç gynanyp oturmadylar: ”Pul bolsa, kassir tapylar; kassir ýiten bolsa, diýmek pul ýokdur!” diýdiler. Oña derek daýhanlar bu oba ömründe aýagyny basmadyk kişiniñ özlerine beletligine dillerini jukguldadyp, geñ galdylar: töweregine adam aralaşdyranok!
Ýöne howplusy Gulluşyñky boldy, ol aldy-da Çolugyñ gulagyna:
– Munuñ näme iş etjek bolýandygyna düşünemok... – diýip pyşyr-dady.
Kim bilýär nädip, ýöne bu gep derrew müdiriñ gulagyna baryp ýet-di. Müdir Gulluşyñ kabinetine boýnuny uzadanda, ol şarñyldap ýatan boş otagyñ bir burçunda özi üçin goýlan warak oturgyja tersin atla-nyp, gözlerini mölerdip, täleýine kaýyl garaşyp otyrdy. Müdir onuñ ýüzüne edil hinindan çykan atýalmanyñ nakys ýüzüne sereden ýaly dikanlap seretdi. Gulluşyñ süññi elendi.
– Men seni howpdan gutarmasam boljak däl! – ýagdaýynyñ erbet-digini añan Gulluşyñ gözleri bogulýan tegäniñki dek tegelendi. – Öweziñ kellesi alnan gije sen medeniýet orunbasaryñ öýünde ş-şerap süzüp otyrdyñ. Içen ýeriñde-de, harlap uklap galdyñ. Ýygym döwri! Ullakan jogapkärçilik! Sen bolsa, ýat gelniñ öýünde mesçilik edýäñ! Elbetde, bu waka bilen prokuroryñ gyzyklanan güni emlägiñi eliñden almak ş-şerti bilen azyndan sekiz ýyl işiñ bar! Berk rejimde!
Jany bokurdagyna gelen Gulluş elini daldalady.
– Ýo-ok, men günäkär däl, men adamyñ kellesini alamok! – Gullu-şyñ bokurdagyndan ses däl-de, tutuk bir jagyrdy eşidildi. – Men däl, men dä-äl!
Ýakymsyz haşyrdy bilen gülen Musa Çöli elglenmän, öz pidasynyñ üstüne abandy.
Birneme soñrak ownuk zerurlyk bilen Gulluşyñ kabinetine boýnuny uzadan Çolugyñ gözi şeýle hadysany gördi: Gulluş boş otagyñ orta-synda ysgynsyz serlip ýatyr, täze müdir bolsa, onuñ üstüne abanyp, ol ýerinden-bu ýerinden dişleşdirip alýar, ýatanyñ ýüzüne haşlap, ak tüýkülik saçýar. Ýüzüne ýagýan laçja-laçja ak köpürjikden haýy gaçan elleri bilen goranjak bolýan biçäre Gulluşyñ manysyz urunma-
81
syny synlap duransoñ, Çolugyñ huşy başyndan uçdy. Ol gapyny hasyrra ýapyp, daş ýüzünden oña arkasyny berdi, daljygyp haslady, kimdir birinden delalat isläp, gözlerini tegeläp, alagarañky uzyn ko-ridoryñ iki ýan ýüzüne naýynjar garanjaklady, emma kömege gelerli adam ýokdy. Täze müdir geleli bäri işgärler öz kabinetinden çykman, busuşyp otyrdylar. Bu ýerden garasyny näçe çalt saýlap bilse, şonça-da peýdalydygyny bilen Çoluk öz kabinetine bakan ýumlukdy. Ýöne, göwnüne bolmasa, müdir ony gördi. Kabinetine edil sümdüm eden-de, müdiriñ tegelejik aýylganç gözleri onuñ yzyndan dikilip galana meñzedi.
Bolup geçýän gümürtiklikden çen tutup, bu ýerde öz akylynyñ çä-ginden agdyk işleriñ başlanýandygyny tilki mekirligi bilen syzan Çoluk müdir näme etse-de, sesiñi çykarmaly däldigine tiz düşündi. Ol edil üstüne güni alnan heleý kimin kitüwini ýüreginiñ çuñunda gömmegi öwrendi.
Çen bilen edil şol wagtlar Aman bilen aýalynyñ arasynda ilkinji oñşuksyzlyk bildirdi. Amanyñ: ”Aýalymyñ teni sowuk” diýen gürrü-ñi oba ýaýrady. Sapar-ýalañaç muny eşidip: ”Sowuk ten görmedik ýigide bakyñ, emeldarlygy nämä degmeýär, daýhan gelin alan bolsa, eline diñe gury süñk ilerdi!” diýipdir. Uly il Amana käýindi: ”Ýeti-mek! Teni bilen ne işiñ, öýüñden uzyn etekli girip-çyksa bolýar-da!”
”Düşüniñ-ä! – Aman janykdy. – Bu aýalyñ tüýsi başga, mährimiz goşulyşanok, düşegimiz buz ýaly. Men gorkýan...”
– Hökümet bilen heleýinden gorkmadyg-a erkegem däldir! – Sapar-ýalañaç onuñ jogabyny nagt etdi.
Guýma kenek ýaly orta boýly Sapar-ýalañajyñ güne ýanan ýüzi, elmydam oýnaklap duran dogumly gözleri göz öñüne gelende, Aman öz derdiniñ ile gülküdigini bildi. Onsoñ syryny şondan beýläk açma-ga onuñ bogny ysmady, gepiñ gerdişine gelende, ýuwudynyp, gözle-rini mölerdip oturyberýärdi. Gaşlary bitişik ýeser gara gözlerinde adamynyñka meñzemeýän gorky peýda bolýardy. Kimdir biri has çintgäberjek bolsa, ol: ”hüş-ş!” edip, barmagyny agzyna ýetirýärdi, oturan ýeri nire bolaýsyn, derrew jaýyñ aýnalaryna, tüýnügine gözü-ni dikip, syçan sümer ýaly deşik görse-de petikläp başlaýardy. ”Şem-şat gelen badyna öýümden ýylanlam gitdi” diýip, oglanlykda bileje kel bolup, kellesine deñje garyn geýen Sapar-ýalañajyñ hut özüne janygyp gürrüñ berdi. Sapar-ýalañaç bu gürrüñi eşidip: ”Ýuwha ge-
82
lensoñ,
-
aysyzgije
13 years ago
- ýanyñda ýylanyñ ne köri bar?” diýdi. Ýöne ol muny nämedir bir zady añyp däl-de, agzynyñ ugruna aýdan bolmaly.
Onsoñ bir günden bir gün ýüzüni garañka tutup, Aman obanyñ mol-lasy Rahmanyñ öýüne geldi. Gapyny, aýnany içinden berk gulplap, ýaryk-ýaryk bolan buz ýaly dodaklaryny degrip-degrip, mollanyñ gulagyna gorkuly pyşyrdady:
– Molla aga, meñ aýalymyñ göbegi ýok. Şemşadyñ.
Molla depesine ýumruk degen ýaly, ep-esli wagt sesini çy-karman, onuñ ýüzüne seredip, huk bolup oturdy, iki baka yran-dy. Soñra onuñ ýüzi agaryp, bütin süññi sandyrady. Ol özüni köne duşmanynyñ eline düşen saýdy, bar güýji bilen Amanyñ döşünden itdi-de, Gurhana ýapyşdy...
-
aysyzgije
13 years ago
- 5. Jenap ýoldaş Prezident
Halklaryñ serdarynyñ ỳazan we jenap ỳoldaş Prezidentiñ mañlaỳyna togap edinip, tälim alan kitaby – partiỳa taryhynyñ ”Gysgaça kur-sunda” hemme zat Gurhandyr Injildäkiden ỳa-da Töwratdakydan has düşnüklidi: azlyk – köplüge, aşakdaky gurama – ýokardaka gürrüñsiz boýun egmeli. Gutardy. Ýazylmadyk kanunlar bolsa, elbetde, par-tiýanyñ çür başynda oturan gojalaryñ özleridi. Goja serdarlaryñ göwnünden turmadyk islendik ädimiñ seni partiýanyñ ”Gysga kursu-nyñ” eçilen lezzetlerinden dem salymda mahrum edip bilýärdi.
Häkimiỳetiñ çür başyna barỳan kötel ỳolda duş gelen güzerleriñ hemmesinden geçensoñ, jenap ýoldaş Prezident üçin iñ jogapkärli döwür gelip ýetdi: oña diri serdarlara çaý demlemegi ynandylar. Tä saçy agarýança. Şonda ol gaty kösendi. Suwuñ haçan gaýnaýandy-gyny bilmekde iş bardy. Onuñ abraýynyñ içini üzen, saçyny agardan çig suw boldy: ýañy çigrän suwdan çaý demläp, hojaýynlaryny içini julk etdi. Olar dişlerini gysyp kän çydadylar, kämilleşerine garaşdy-lar, ýöne bolmady. Onsoñ onuñ syýasy karýerasy pitige mündi: ho-jaýynlary oña näme iş ynanjaklaryny bilmediler. Ýöne ahyrsoñy ylaýyk wezipe tapyldy, onuñ eline ýurduñ gizlin gullugyny berdiler. Bu iş çaýçynyñky ýaly çylşyrymly däldi: hojaýynlar kime barmak çommaltsa, şonuñ kellesini kakmalydy. Öz kelläñ dynç. Wagt gyzyl-dan gymmatly, oýlanmaga idin ýok, diýlenini edip ýetişseñ, zor bol-dugyñ. Täze wezipesinden onuñ göwni bitdi. Ýöne ykbalynyñ pitik-de duran günleri onuñ saçynyñ galanjasy-da agardy. Agarman nät-sin? Eýsem onuñ ýeten gulluk derejesinde syýasy karýeranyñ guta-ran ýerinden añryk ömür üçin aýratyn gapy açylmaýandygyny gü-man etmek kynmydy? Ine, az wagtda başyndan geçiren bu jan gor-kusy üçin-de onuñ ýüreginde çaý gaýnadylýan çäýneklere ajy hem ömürylla ötülmejek ýigrenç galdy. Aryny wagtynda ýerine salyp bilmäni sebäpli ýigrenji has-da köredi. Diñe jenap ýoldaş Prezident bolansoñ, ol çäýnekleriñ ugruna çykdy, ýöne çäýnekler adam däl, olara näme çäre görjek? Näme sütem etjek? Elbetde, ol indi ýurtdaky ähli çäýnekleri, islese, bir gije-gündüziñ dowamynda-da ýok etdirip biljekdi, ýöne beýtse, onuñ ýürekden söýýän halky çäýneksiz galjak.
84
Onsoñ halk neşesirär, keýpi bozulyp, ýaşaýyşa höwesi gaçar. Onuñ öz halkyny beýle jeza dözüp biljek gümany barmy? Ol näme daş toýnakly haýwanmy? Üstesine-de, bu işi edäýse, geñ-tañlyk ýurduñ çäginden çykyp, oña ýaramaz şöhrat getirmezmi?
Onsoñ ol ömür ýolunda toplan tejribesine daýanyp, her halda çäýneklere degerli jeza oýlap tapmagyñ hötdesinden geldi. Munuñ üçin ol kitirleri ýok etmedi. Gaýta ýene birini ýasatdy. Han çäýnek. Sap altyndan. Içine buşukmak üçin. Öz gizlin duşmanlaryna berjek jezasyndan ol göwnühoş boldy. Ýekeje oñaýsyz ýeri: çuññur lezzet almak üçin gezen ýerinde siýdigini saklamaly bolýandygy diýäýme-señ, jeza añrybaş keýplidi. Agşamlaryna il ýatyp, it uklansoñ, tylla kitiri eline alyp, balagyny sypyryp ugranda, hamana ýañy gaýdyp gelen gelniniñ ýanyna barjak ýaly, endam-jany galdyrap, üşüdýän sypatda digdiremäge başlaýardy. Sary altynyñ üstüne sary siýdik şarlap ugranda, erbet sesini edip, agzyny dik ýokaryk tutup gygyrar-dy. Bu bir ýönekin gykylyk bolman, eýsem ýalñyz möjegiñ hatarly uwwuldysyna meñzeşdi. Ilkiler bu sesi eşidenlerinde, onuñ janpena-lary öz hökümdaryny göze görünmeýän beladan halas etmek üçin gapa topulyşyp gelerdiler, soñ welin, olar bu sese öwrenişdiler gitdi-ler. Belki-de, Larin olara sypaýyçylyk bilen ýagdaýy düşündirendir? Haýsy-da bolanda, ýeke gezegem jenap ýoldaş Prezidentde bu del lezzetden ýüz öwürmek islegi döremedi. Eýsem nämüçin ol öz dur-muşyny bolşundan-da beter garyplaşdyrmaly? Käşgi onuñ ýaşaýy-şynda lezzetli pursatlar üýşüp ýatan bolsa... Halk keseline öwrülen ýaranjañlykdan, bol-telki iýip-içmekden hem öz duşmanlaryna gör-kezýän süteminden başga – guwanara onuñ nämesi bar? Altyn çäýnegiñ keýpi – garyp ruhunyñ tesellisi. Dogry, ol käte öz ten küýseginiñ sesini eşitmän duranok, ýöne bu islegiñ yzyna düşseñ, aýallara janyñy ynanmaly. Olaryñ göwnüne ýaramak oña berilmän-dir. Munuñ üçin diñe baýlykdyr häkimiýet ýeterlik däl, başga-da käbir zatlar gerek. Onuñ ten küýsegi birçak gorkudyr ýigrenje öwrü-len. Aýallar onuñ iñ duýgur duşmanlary. Olaryñ oña bolan söýgüsi ilkinji gijede gutarýar, soñra diñe gorky galýar. Başga hiç zat. Onsoñ ol nädip aýallara janyny ynansyn? Nädip olary edil boş çäýnekleri ýigrenişi dek ýigrenmesin? Nädip olardan içi sowasyn? Bu iki öýke onuñ ýüreginde diýseñ çuñ ornan. Ilki bolup onuñ içine dogmaz oglan salan-da onuñ başdaşy. Ol öñýeteniñ hyzmatynda öñürdikläp
85
ýörkä aýalynyñ ondan göwni geçdi. Onuñ saýlan ýolunyñ wezipäniñ çür başyna eltjekdigine ynanan barmydy? Aýaly-da ilden üýtgeşik bolmady. Ulurak güýmenjäniñ ugruna çykdy. Maşgala dawasy go-laýlap, erkekleriñ şuña meñzeş ýagdaýda adatça edişi ýaly, gara çyny bilen onuñ üstüne topulaýmaly bolanda, aýaly eline boş kitiri tutdur-dy welin, ol aşhana garşy ýumluganyny bilmän galdy. Düwdenekläp yzyna gelende-de, elbetde, aýaly öńki ýerinde ýokdy. Köçäniń ańry ýüzünde görnüp giden ýaly etdi, bolany şol. Geñ. Köşge girmeli aýal öz geljeginden meýletin ýüz öwürdi diýseñ, kim ynanar? Onuñ göw-nünde müdümilik güman galdy: aýallar öz ärlerini şeýle taşlaýarmy-ka?
Ýurdy eline alansoñ, aýalyna görünjek bolup, ol özüne iñ ýokary aýlygy belledi. Aýaly yzyna gaýdyp geler öýtdi. Elbetde, äriniñ täze wezipesi, aýlygy Suzanyñ göwnünden turman durmady, ýöne, nä-müçindir, ol yzyna dolanyp gelmäge höwesek bolmady. Oña derek ol döwlet gaznasyndan öz paýynyñ haýsy ýurduñ bankyna geçmelidi-gini elin habar etdi. Onsoñ jenap ýoldaş Prezident öz aýaly bilen döwlet bähbidini göz öñünde tutup, berk söwdalaşmaly boldy. Aýa-lynyñ haýal etmän gelip, ýurduñ ahlak hajatlary üçin maşgala sura-tyna düşüp gitmegini talap etdi. Aýal ýüreginiñ näzikligini diýsene: eredi. Ol öz aýagy bilen äriniñ ýanyna geläýdi. Elbetde, gününlik. Ýöne gazetler ýeteşikli. Olar birnäçe sagadyñ içinde jenap ýoldaş Prezidentiñ maşgala suratyndan tegelek ýüz ýyllyk ýüküni tutup goýdular. Milletiñ namysy halas edildi. Indi ol suratlar her gün irden ýurduñ gazetleriniñ birinji sahypasynda lowurdap çykýar. Ol suratla-ryñ birinde aýaly ikisi goşa gumry ýaly bolşup, Köşk bagynda geze-lenç etse, beýlekisinde bileje garbak-gurbak edinýärler, ýene birinde – ýylgyryşyp, söýünişip otyrlar. Aýalynyñ maşgala tamdyrynda çö-rek ýapyp duran ýeri-de bar – suratçylara telpek goýaýmaly! Ýene bir ýerde ol aýalyna gazet okap berýär, eli altyn çäýnekli ýylgyryp duran ýeri-de bar, garaz, müñlerçe görnüş! Bu suratlar oña däl, onuñ mähriban halkyna gerek. Ýurduñ ahlak ýüki onuñ boýnunda, onuñ gitjek ýeri nire?!
Indi ol her gün irden gazetleriñ çykmagyna edil çaga ýaly sabyrsyz garaşýar, her gün olaryñ ýüzünde öz bagtly maşgalasyny görüp, gö-züne ýaş aýlaýar. Gazetler günüñ güni onuñ maşgala bagtyndan täze-lik açýarlar, bu bir gidip ýatan tükeniksiz hekaýat. Hekaýatyñ içi
86
onuñ özi üçin-de garaşylmadyk begençlerden doly: nirededir bir ýerlerde onuñ agtyklary bolýar, aýalynyñ söýgüli iti abraýly baýrak alýar ýa-da şoña meñzeş ýüzlerçe beýleki hoş habarlar. Onsoñ ol aýalsyz, çagasyz öýde ýatyp-turýandygyny undup, bagtly bolýar. Gazetler diñe bir onuñ mähriban halkyny däl, eýsem onuñ hut özüni-de maşgalalydygyna ynandyrdylar, ol indi aýalsyzdygyny bilenok, şonuñ üçin-de ol indi täze çatynjalary gaýgy edinenok: olara görelde alara öñlerinde mukaddes nusga bar. Gazetleriñ sahypasyna siññin seredip, käte ol gözüne ýaş aýlanyny duýman galýar: ah, eger-de onuñ aýaly ýurduñ jurnalistleri ýaly boýnyboş bolanlygynda, ol dünýäde iñ bagtly jenap ýoldaş Prezident bolmazmydy eýsem?!
– Bu ýurtda indi menden uly wezipeli ýok. Aýlygym seniñ islegiñe görä öser. Gal, saña başga näme gerek? – diýip, ol öz adyny göterýän uçarlar meýdanynda ýassykdaşyna özelenip ýalbardy.
– Sammyjak... – aýaly onuñ iki satanynyñ arasyna gözüni dikdi, – seniñ söýgüli halkyñy hoş etdim. Menden saña ýene näme gerek? Minnetdar bolmagyñ deregine ýene ýüzüñem sallaýañmy, gadyr bilmez... Bu ýurtda galyp, men gül ömrümi kül etmeli, şeýlemi? Go-namçylykda ýaşar ýaly men nä müjewürmi? Onsoñam bu taýy yssy, men derleýän.
Jenap ýoldaş Prezident howa galkyp giden uçaryñ yzyndan delmu-ryp galdy.
– ”Ah, Larin, seniñem erkiñ ýetmejek zady bar ekeni. Sen meni bagtly ederden ejiz geldiñ. Meniñ saña ýüregim awaýar...”
Aýallaryñ baýlyga göz gyzdyrýandygy – toslama. Bu gepi tapan adam aýal tohumyny tanaman geçipdir. Onuñ ähli betbagtçylygy şundan ybarat dälmi näme? Başgaça bolanlygynda ol bireýýäm bagt-ly bolardy. Bu gün ol ýurduñ ýeke-täk hökümdary. Ýöne onuñ raýat-lary onuñ ýüreginde gopýan harasatdan habarsyz, ýaranjañlary onuñ derdini egserden ejiz gelýärler. Olar jenap ýoldaş Prezident aýal jyn-syny itden beter ýigrenýändir öýdýärler. Elbetde, olar hakykatdan o diýen daş düşenoklar, ol aýallary ýigrenmän duranok, ýöne başga zat üçin däl-de, eýsem olara erkiniñ ýetmeýändigi üçin. Bir ýurda eýelik edip, bir heleýe erkiñ ýetmese, niçik bolar?! Ol käte ähli hany-manyny bir heleýe erk etmek bagty bilen başa-baş çalşmaga-da taýyn, ýöne bu onuñ üçin bitmez arzuw, çünki onuñ duşmany ýakyn arada... Onsoñ onuñ añrybaş bagty – kürsüsi. Kürsüsine dalaş edýän-
87
ler ony diñe syndan däl, syýakdan saljak bolýarlar, olaryñ özleri muña düşünmeseler, jenap ýoldaş Prezident ne alaç etsin?
Ol bütin ýurdy boýun egdirdi, ýöne aýaly ýene-de eline ilmedi, ol edil ürgün çäge ýaly onuñ barmaklarynyñ arasyndan syzyldy çykdy ötägitdi, al onsoñ öz hökümdarlygyñdan alýan bolsañ lezzeti! Ar-man, onuñ güýji heleý tohumyndan diñe öç almaga ýetjek, özge zada däl. Azy ýaran aýallaryñ etmişi üçin agzyndan süýt ysy gitmedik ýaş gyzlar onuñ öñünde jogap okarlar. Eýsem, öz hökmürowanlygyndan ol nädende dokunyp biler? Keýpi ýedi gat asmana dalaş edende, ýaş gyzlaryñ üstüni gymmatbaha sowgatlar bilen gömüp, ol dünýäni düldüredip bilýär, ýöne ol görgülijikler öz janlaryny gul-gula salyp, ýigrençlerini bildirenlerinde, hemme zat ýene öñki hanasyna gaýdyp gelýär – öwrenişikli durmuş. Bagtyny ýatyran gyzlarynyñ soñraky ykbaly bilen gyzyklanmak höwesi onda ýok. Onuñ öz ýoly bar, aýal-laryñ-da – öz. Ol aýallaryñ göwnüne ýetmek üçin ýaradylmandyr, oña köpüñ üstünden häkimlik bagty berlipdir. Milletiñ diñe erkekler-den däl-de, eýsem aýallardan hem ybaratdygyny duýup gezmek – onuñ üçin lezzetiñ çuñy: söýmeseler, jähennemä gitsinler, iñ bol-manda onuñ gijeki otagynda näzirgäp görseler, galany bilen ol oñşar, ýöne welin, arman, aýal göbekliden ýekejesiniñ-de onuñ bilen ikiçäk galyp, atlaza çümüp, ýüzüne çynlakaý duýgy bilen garamaga ukyby ýetenok, ýogsam bolmanda, onuñ göwnünde-de köp zat başgaça bolardy; eýsem bu ýurtda hemme zadyñ hut onuñ keýpine görädigini bilmeýän türkana şindi-şindem galdymykan? Haýp, ýöne Köşge getirilýän üzümiñ suwy ýaly ýaş gyzlaryñ ýurduñ abraýy azaryna-da däl, olar öz duýgularynyñ ýesiri; añry gitse bir hepdeden böwrekleri böküp ugraýar, şondan beýlesini sorap nätjek? Köçä kowlansoñlar, olaryñ gününe it aglaýar. Ýöne ol Köşgüñ olary gözden salmaýandy-gyna, aladasyny edýändigine ynanýar, çünki ertir, agşam Köşgüñ öñünden öñleri ak fartukly geçýän ”pagtaçy gyzlaryñ” diñe şolardan ybaratdygyny ol güman etmän duranok, ýöne ol muña göz ýumar; çünki alkymynyñ aşagyndan aýlap, başyna ak ýaglyk oranan, öñleri ak fartukly gyzlar ýaly onuñ göwnüni göterip biljek aýal maşgala bu dünýäde, megerem, başga ýokdur; pagtaçy gyzlar onuñ gözünde ejizligiñ hem garawsyzlygyñ nusgasy; olar onuñ iñ bir gizligin duýgularyna meçew berýärler; olary görende, üýtgeşik bagtdan ýaña onuñ hut başy aýlanyp, injigi saññyldaýar; şonuñ üçinem ol öz altyn
88
çäýneginiñ berýän düýpsüz lezzeti bilen bäsleşip bilýän pagtaçy gyz-lara ýürekden minnetdar. ”Köşk ýaş gyzlary azdyrýar” diýip, duş-manlary gep ýaýradýarlar, ýaýradybersinler, ol muña atalyk sabry bilen çydar – halk özüniñki.
Onuñ öz halkyna ýüregi awaýar. Pelegiñ oýnuna bak: ýetim diýip, oña gyýa garanlar bu gün ýurdy bilen onuñ eline galan ýetimler! Oña itiñ art aýagyndan suw içirenler, saçagyndan bir döwüm çöregi rowa görmedikler, köçe-köçe suwsuz hem çöreksiz otyrlar! Onda-da, olar ol diýip ölüp ýatyrlar, onuñ bir sözüne, bir nazaryna zar; ýurduñ ähli gazetleri her günde bu barada ýazýarlar, ol ilkiler muña ynanmajak boldy, ýaranjañlaryñ çypdyrmasydyr öýtdi, emma gazetler oña gide-re ýer goýmadylar; hakykatdan gaçyp gitjek ýeriñ nire: halk ony söýýär, başyna täç edinýär. Bu söýgä ynanmasa, ony Hudaý tutar.
Ýogsam onuñ özi adamlaryñ her haýsyny aýratynlykda ne söýýär, ne-de ýigrenýär; ýüreginiñ çuñunda aram-aram düşnüksiz bir güýçli duýgy möwjese-de, onuñ nämedigini anyk bilip bilenok. Onuñ aýala-ryndaky çyzyklary yzarlan Larin: ”Bu duýgy mähre hem söýgä he-mişelik mätäçlik, ýöne onuñ gapdalyndan ugurdaş hökümdarlyk duýgusy-da boýdan-başa görünýär” diýýär; olaryñ haýsy birine ynanjak? Perwaýsyzlyk däldigi-hä belli, ol gije-gündiz halkynyñ yzynda, mal bakan ýaly bakyp ýör, elinden iým-suw berýär, aýasyn-dan duz ýaladýar, iñ soñunda-da, öz raýatlarynyñ her birini kepene dolap, öz eli bilen o dünýä ugradýar; ol ýetişmese, indi adamlar ölü-sini-de ýerlänok; onsoñ ol ýagşyzada ýaly bolup barýar-da, öleniñ boýuny-inini ölçäp, oña öz eli bilen ylaýyk kepen biçip berýär; ýog-sam, ýurduñ içini basym maslyk aljak, adamlar ölüşip ýatyr; olaryñ öz merhemetli jenap ýoldaş Prezidentini göresi gelip, ýüregi gysyp ölmesi indi adaty waka öwrülip gidipdir; adamlar onuñ nurana ýüzü-ne zar; gazetler her günde onuñ ýylgyryp oturan mährem ýüzüni öýleriñ törüne eltýärler, telewideniýe ertirden agşama onuñ sesinden hem nurana keşbinden halky gandyrmagyñ ugrunda, emma bolanok, halk halys tökesirän: barybir az bolýar. Onuñ daş heýkelleri ýurtda iñ geçginli haryt, daş gazylýan karerlerde elhenç güýçli traktorlar gije-gündiz arlaşyp işleseler-de, halkyñ bu islegini ýakyn onýyllyklarda kanagatlandyryp bolmajakdygy görnüp dur; adamlar onuñ bir gary-şjyk daş heýkelini edinmek üçin iýmit dükanlarynyñ agzynda hepde-läp nobata durup, iñ soñunda mukaddes maksatlaryna ýetip bilmän,
89
şehit bolýarlar; olara kepen biçende jenap ýoldaş Prezident gözýaşy-ny saklap bilenok; ulular – ulular, ýöne ýaş çagalara näme gerek? Gabrystanlyklar çaga mazarlaryndan doldy! Olar onuñ nurana sypa-tyna aşyk bolup, näzijek bokurdaklaryndan iýmit ötmän, uçmanyñ ak guşuna öwrülip gidýärler. Ah, bu zatlar nähili gaýgyly! ”Adam näçe ýaş öldügiçe şonça peýdaly, oña az kepen gidýär” diýip, ol kädaýym özüni köşeşdirjek bolýar, emma köşeş nire, gözi ýaşly, bagry başly, patadan – pata ylgap ýör; ol her günde ýurduñ müñlerçe ýerinde pata görünýär, adam gömýär; nädip muña ýetişýändigini onuñ özünden öññe bilýän ýok.
Ol özi bilen mähriban halkynyñ arasynda hiç bir ýaşyryn syryñ bolmazlygyny isleýär, bu mukaddes pikire gulluk edýär, ony ilki bolup, özi ýerine ýetirýär; gazetler, radio, telewideniýe onuñ her bir ädimini gije-gündizde 24 sagatlap halka dynman aýan edýärler; halk ol hakynda bary zady bilmeli, ol öz naharyny-da dört wagtyna tele-wizorda öz halkynyñ gözüniñ öñünde edinýär, onuñ her damagyna näme iýip-içýänini mähriban halky Hudaý gün berse, uludan-kiçä görüp otyr; ir bilen onuñ geýnişini-de ekranda synlaýar, ol öz mähri-ban halkyna ilkinji säher salamyny berip, Köşgüñ kabulhanasyna, onuñ aladasyny etmäge ugraýar; şonda ”Jenap ýoldaş Prezident sag-aman ördi!” diýip, il-gün Tañra alkyş okaýar; agşam ýene onuñ sag-aman ýatyp-turmagyny Tañrydan dilemek üçin uzyn gün sabyrsyz garaşýarlar. Onsoñ ol halkdan ýürekdeşligi talap etmäge hakly. Iliñ içinde onuñ her bir adamynyñ hereketini synlap ýören sanetmez jü-büt gözleri, kimiñ nirede näme diýýändigini diñleýän sansyz jübüt gulaklary bar. Oña ”kim, näwagt gelip, maña öz pikirini aýdarka?” diýip, garaşyp oturmak ýaraşmaz, şonuñ üçinem ol bu zatlaryñ naja-dyny döwlet derejesinde iýmeli bolýar. Ýurduñ bir çetinde biri dilini gymyldatsa, ”Ýeriñ aşagynda ýylan gäwüşese” bu oña aýan. Ýag-şam, ýamanam ýerde galanok, her kes öz päline duçar bolýar. Köçe-dir bazarlaryñ indi arz jaýyndan tapawudy ýok, diýjegiñi diý-de, jogabyñy al! Ol jogabyñ garaşdyrmasy ýok; halka edilýän bu hyzmat gün-günden gowulaşýar, agzyñdan sypdyran her bir sözüñ jogaby eýläñe öwrülmänkäñ mañlaýyña urulýar. Ilini ýürekden söýmeýän adam oña beýle hyzmat edermidi? Bu ýurtda adamlar ”Nädip öz pikirimizi jenap ýoldaş Prezidente ýetirerkäk” diýen gaýgydan dynç; eýsem olar arz jaýyna barjak bolup, parahor diwanbeglere baryny-
90
ýoguny dökmelimi? Ýok, bu adalatlylykdan nyşan däl, onuñ ýigren-digi – býurokrat süýrenjeñlik! ýüreginiñ söýdügi – ýönekeýlik, ol hemme zadyñ ýönekeý bolmagyny isleýär: ýaşaýyşyñ-da, ölümiñ-de... Onuñky indi – her deminde adamlara ýagşylyk etmek, il ony ýagşyzada deñeýär, ol iliñ ynamyny ödemegiñ ugrunda, ol bu ýoldan sowulmaz; onuñ ullakan göwher gaşly altyn ýüzükli barmagy elmy-dama öz halkynyñ nabzynda, şonuñ üçin-de onuñ edil häzir nämäni küýseýändigini her kesden gowy bilýär, hiç haçan ýalñyşanok. Eger ol eline ýüzi orak-çekiçli gyzyl baýdak alyp köçeden ýörese, bu hal-ka gerekdir! Eger ol Käbäniñ gara daşyna sejde edip, başyna ýaşyl selle oransa, onda bu halka gerekdir! Eger harby lybas geýip, serker-debaşy sypatynda minbere çyksa, bu-da halka gerekdir! Halkdan bidin çöp başy gymyldamaz. Yzyna hiç zat tamakin bolmazdan il-güne ýagşylyk etmek nähili ýakymly, onuñ begençden ýaña ýygy-ýygydan ini dyglap gidýär; diñe käte düýşünde gara basanda, ol gaýtadan özüniñ aýakýalañaç gapy-gapy entän, bir döwüm çörege zar bolan ýyllaryny görüp, gara der bolup, hopugyp oýanýar; şonda ol derrew otagyñ diwaryndan gazylan buky ýerdäki kakadylan külçe-lerini barlap görýär-de, azajyk ynjalýar; ol külçeler oña birden işi gaýdyp, aç galsa, buky ýerlerde gizläp saklaýan iýgili-içgili ätiýaçlyk jaýlaryna özüni atýança gerek boljak; elbetde, tagtdan taýmasa, ol iýmitiñ oña geregi ýok. Diñe öz başyny çaramak däl, ol bütin halkyñ iýmitini agzyna tutup berip otyp. Halkyñ ýalñyz howandarynyñ özü-digini ol gowy bilýär. Adamlar öz wagtynda onuñ gadyryny bilmedi-ler, ýöne indi bilýärler, şoña-da şükür. Geçirimliliginden ýaña onuñ ýüregi para-para boldy. ”Eje-e! – diýip, ol birden uly sesi bilen zör-ledip ugrady. – Sen nämüçin maña itiñ art aýagyndan suw içirdiñ? Nämüçin meni eneli-ýetim etdiñ? Men welin, ynha, seni bütin mille-tiñ enesine öwürdim. Indi aýt: kim gowy ekeni?! Onsoñam, bu millet nämüçin meniñ oñan enem bilen oñmaly däl?! Bir günden bir gün seniñ guburyña zyýarata-da bararyn, elim degse, häzirlikçe, görýäñ-ä, men işli. Men adamlary kör iden dek idip ýörün, bu millet mensiz hiç kim, eje!
Jenap ýoldaş Prezident ejesiniñ suratyny gujaklap, uly ili bilen möññürdi. Onuñ gözýaşy altyn rama gaplanan suratyñ üstüne paýrap, suratdan bärligine gözlerini çerreldip oturan ýaşmakly aýalyñ edil oglunyñka meñzeş dolmuş ýañaklaryna emelsiz çalnan reñkini suw-
91
sil süpürerli göründi. Aýalyñ gözlerinde üýtgeşik bir mähir görünme-se-de, ogly ony görýäne çalymdaşdy.
– Eje! Sen nämüçin dirikäñ köçeleri menden gowy gördüñ? Men bilýän, belki, sen meni utanjañlygyñdan ýaña ýigrenensiñ? Sebäbi men samankepbäniñ diñe pişikler üçin gurulmaýandygyna ir düşün-dim, ah, meniñ utanjañ ejem! Sen: ”Jigiñe süýt getirjek” diýip, köçe-de çigit çigitlär ýörerdiñ. Soñam seni ýer ýuwutdy, ýöne men bu ýerde şäherlileriñ näme günäsiniñ bardygyny bilemok. Ýykylan ke-segiñ aşagyndan seni gözläp, dyrnaklarym döwüldi. Tapmadym. Indi men seniñ adyñy köçelere dakyp, içimi sowadýaryn, eje!
Altyn ramadan gözlerini öñküsi ýaly çerreldip oturan aýalyñ üstüne ýagan şor damjalary aýasy bilen süpürişdiren jenap ýoldaş Prezident suraty bagryna basyp, horkuldap uklap galdy.
Ýeke galsa, ol bozulman durup bilmezdi, hemme zada ýüregi awar-dy, onsoñ bu hasratdan dynmak üçin ol ýüz görülýän aýnanyñ öñüne geçip, tans etmäge başlardy; kellesi gyzanda, dişine aş pyçagyny gysdyryp, ullakan otagyñ içinde at çapardy, käte-de daraklygyna galyp, elleriniñ birini döşüniñ üstünde, birini-de egniniñ deñinde uzadyp, gybyr-gybyr giderdi. Onuñ tanslarynda günbatar elementle-ri-de ýok däldi, arman, olar uzak imrinerden ýöntemdi. Haslap ug-ransoñ, aýnada garnyny görüp, azajyk suslanardy, arman ýaşy tans-dan ötüşen, başyna süzme halta sokulandan enaýy däl. Tansa geliş-mese, göwresi, belki puluñ ýüzüne gelşer?! Bu pikir onuñ kalbyny heýjana getirdi. Onsoñ ol haýdan-haý täze milli pul çykarmagyñ köýüne düşdi, ýogsam gün gijigip, onuñ ýatar wagty golaýlaýardy. ”Bu işde esasy mesele – surat. Puluñ ýüzünde haýsy suratymy goýmaly: penjeklimi ýa-da köýnekçe, gyrmyzy donlumy ýa-da agar çäkmenli? Belki, egnime haly horjun gelşer: horjun, horjun, hor-r-r!..
Ertesi irden ol gözüni ýalpa açyp, ýurda jar çekdirdi: ”Kim-de-kim meniñ suratym ýelmenen puldan bir halta ýygnasa, ol baý bolar, öýñüze meniñ pulumdan basyñ-da – baý boluñ! Ýag iýip, ýüpek geýiñ, adamlar! Ýag iýip, ýüpek geýmedigiñ başy ölümli, maly ta-lañly!”
Ol ýük maşynyny täze puldan mas ýükläp, köçeme-köçe aýlanyp, ilata täze pul paýlady, adamlar oña alkyş ýagdyrdylar-da, onuñ sura-ty çekilen kagyz pullary gysymlaryna gysyp, dükanlara eñdiler. Bir günüñ içinde dükanlardaky harytlaryñ ýerine suw çaýkaldy, halk ony 92
ýedi depik gumy bilen süpürdi, soñra dükanlaryñ gapysy suslandy. Jenap ýoldaş Prezident otagynyñ aýnasyndan bu ýagdaýy gördi, sandygyny açdy – puly bar. Ýöne haryt ýok. Ony nireden almaly? Suratly kagyzjyklara haryt berjek ymmatda barmy? Ýok, diñe ol, öz halkyny jany-teni bilen gowy görensoñ, adamlara şeýle ýagşylyk edýär. Ýurduñ indiki ykbalyny kesgitlemek üçin jenap ýoldaş Prezi-dent özüniñ dag içindäki Köşgüne gitmelidigine düşündi, ol ýerde howa salkyn, ýöne siñek az, bolanjasyny-da janpenalary sypdyranok, bu-da onuñ keýpini gaçyrýar. Bu gün ol: ”Siñeklere degmäñ, özüm öldürjek! – diýip, ýörite tabşyryk berdi. – Adamlañ-a soñuna çykdy-ñyz, siñekleri bir maña goýuñ, betnebisler! Menem bir zada güýmenmeli ahbetin!” Onsoñ ol eline siñek öldürilýäni rezin ”şar-pyldygy” alyp, Köşk bagyna ”awa” çykdy, bäş-üç siñegi aparansoñ, keýpi göterilip, çalaja hiñlendi, soñ howlynyñ iñ salkyn künjünde owadan syrçaly fontanyñ başyndaky pil süñkünden ýasalan gymmat-baha mahmal örtgüli kürsüsine geçip, oýa batdy: halkyny mundan beýläk nähili ýaşatmaly?
Adamlar garaşýar, onuñ belli bir karara gelmegi gerek. Eýsem bu nähili millet? Hiç kimiñ pikir edesi gelenok, bar zat oña garap dur, eger ol birden gatyja dümewläp dagy edäýse, onda bu gäbi azan mil-let nätjekkä? Oña öz keýpine çykardan suratly kagyzjyklaryna derek agyr milleti ýallamak ýokuş degýär, emma alajyñ nä? – indi adamla-ryñ jübüsi suratly kagyzdan weşeñ-weşeñ, deregine iýmit bermeseñ, alla bilsin, ol kagyzlary olar nä dertlerine ýaratjaklar? Ol bolsa surat-da iñ gymmatbaha eşiklerini geýip otyr!.. Halk öz garamatyny onuñ boýnuna atdy-da, dükanlaryñ agzynda uzyn-uzyn nobata düzüldi, olam indi halky eklemeli-saklamaly, eginlerine eşik, aýaklaryna aýakgap tapyp bermeli! Adamlar buýruga şeýle bir öwrenişdiler we-lin, perman bermeseñ, agşam ýatyp, ertir turjagam däller! ”Ýogsa-da... – diýip, ol şonda howsala düşdi. – Gün ikindi bolup barýar, men bu nalajedeýinleri näwagt ýatyryp, näwagt turuzsamkam? – ol nakyl-lar kitabyny açdy: ”Giç ýatyp, ir tur, alty pişegi artyk ur!” Boldy! Ine, indi diñe Perman çykaraýmak galdy!”
Ol agşam naharynyñ başyna geçip, telekameralaryñ garşysynda, öz mähriban halkynyñ gözüniñ öñünde garnyny göjedi. Dag içiniñ sal-kyn howasy onuñ biwagt çak ukusyny tutdurdy; telekameralara ”bes ediñ!” diýip, elini salgady-da, ol ýatylýan otagyna gitdi. Biwagt ýa-
93
tyşy ýaly biwagt oýanan jenap ýoldaş Prezident dag Köşgüniñ çola-lygyna diñ saldy, beýlesine agdaryndy. ”Ertir men Perman çyka-raýyn, goý, adamlar agşam sagat sekizde ýatyp, irden sekizde tursun-lar, şonda 12 sagat uky bolýar. Elbetde, entek dünýä tejribesinde öz halkyna munça ukyny eçilen hökümdar ýokdur. Munuñ ýaly eşret adamlaryñ nirede gören zady? (Oña derek adamlar ukuda iýmit iýmezler – bu-da döwletiñ utuşy!) Eýsem, ol öz halkyna entek ym-matda görülmedik eşreti wada bermedimi näme? Berdi. Diýmek, ol öz halkyny görülmedik ýoldan-da äkitmeli bolar! Onuñ soñra nire-den çykjagy belli däl, ýöne nämüçin ol hemme zady bilmelimiş? Ol nä Hudaýmy? – jenap ýoldaş Prezident ýumşak düşegiñ üstünde towlandy, aýagynyñ azajyk üşeýändigini syzdy, şol demde-de, gapy-dan giren kişi onuñ aýaklaryny sessiz-üýnsüz örtüp gitdi... – Her näme-de bolsa, onuñky ýaly halk başga hiç kimde ýokdur: süñksüz gowy, belki-de işeññirem! – Elbetde, hakykatda munuñ edil beýle däldigini ol gowy bilýär, ýöne bu wagt özüniñ resmi pikir edýändi-gini ýadyndan çykarmaly däl, ýogsam öz halkyna mahsus köpçülik-leýin biweçlik birçak onuñ etinden ötüp, süññüne ýetdi: beýle-de bir bigäne halk bolar ekeni?! Käte ol: ”Adamlar indi-hä çydamazlar... – diýip, gorkýar. – Üstüme dökülip, bellisini ederler, dardan başak asmaklary-da ahmal...” Şonda ol ýöwsellemän bilenok, başyny basy-rynyp ýatýar. Garaşýar. Bolýan zat ýok. Onsoñ ol ajygyp, bialaç ýorgandan çykýar, özüni ele alýar: ”Ýok, hiç kimsäniñ menden ha-sap soramaga haky ýok! Sebäbi men jenap ýoldaş Prezident! Gazet-ler dogry aýdýarlar: men öz halkymyñ beýik ogly!” Bu ýurtda men-den özge başyny çarap bilýän kim bar?!” Ol öz garşysyna gitmäge synanyşýanlary nägilelik bilen ýatlady, olaryñ içinde jany ýok: jaýdan ýykylsa-da, maşynyñ aşagyna düşse-de ölüp ýatyrlar, çöpe-janbitdiler! Bolşuñyz şol bolsa, kimdir biriniñ garşysyna çykmak nämä gerek? Gögeleler. Jenap ýoldaş Prezidentiñ özi adamlary erbet görenok, hatda söýýärem, nämüçin söýmesin? Ol ”il ogly”, gazetler bir zady bilmän diýmezler. Egindeşleriniñ içinde onuñ mähriban halkyny şata tutjak bolýanlary ýok däl. Olaryñ iñ erbet ýalñyşy – halk bilen şygarsyz, guraksy işleşjek bolýarlar, munuñ niçik gorku-lydygyny bilenoklar. Jenap ýoldaş Prezident muny bilýär. Onuñ ýü-reginiñ näzikligine bu ýurtda düşünjek ýok, hatda Larinem bärden gaýdýar! Onuñ nämedendir bir zatdan nägileledigi-de syzdyrýar – ol
94
nämekän? Jenap ýoldaş Prezident bu ýurtda kimdir birinden howatyr edýän bolsa, elbetde, ol adam Larindir, çünki onuñ gözlerinde ho-jaýnyny ýöwselledýän, köne otdan galan gyzyl köz bar. Geñ ga-laýmaly: şunça ýyl bile işleşseler-de, jenap ýoldaş Prezident entek bir gezegem Lariniñ garşysyna gidip görenok, bu ony iñkise goýdy: gitse nähili bolarka? Ýene-de onuñ aýaklary üşäp ugrady, şonda dek şu wagt – ol dag içinde digdireýärkä – gowaçaly atyzlarda awgustyñ jokrama güneşiniñ hezilini süýr depesi bilen görüp ýören halkyna onuñ gözi gitdi. Niçiksi bagtly adamlar: üşänoklar, digdiränoklar, doñanoklar! Ah, meniñ bagtyýar halkym! Nädip onuñ bir özi adam-lara munça tükeniksiz bagty eçilip bildikä?! Neneñ ol öz-özünden müñde bir razy bolmasyn, gözüne ýaş aýlamasyn?! Egindeşlerine galsa, onuñ halkyna bu eşretleriñ ýüzden birini-de dözjek däller, nähili rehimsiz adamlar! ýok, adamhorlar!..
Onsoñ ýene Larin düşünmese, oña başga kim düşünsin? Elbetde, Lariniñ şahsyeti haçan-da bolsa bir wagt gutarnykly netije çykarar-dan has çuñ. Onuñ kimdigi käte bildiräýjek ýaly edýär-de, soñ ýene näbellilige urýar gidýär. Atam döwründen bäri öz ýanynda işsizlik-den köwlenip ýörmändigine jenap ýoldaş Prezident düşünerçe boldy, çaga däl. Bu çaka Larin birwagt ýumuş oglanyna öwrülip gitmelidi, emma gider ekeni! Näletsiñmiş, ýogsam ilkibaşda hemmesi oýun-oýunlykdan başlandy: oña köksüz dost gerek boldy. Tutundy. Ine-de oýnuñ dowamy! Hakynatutma kişi ýurduñ ody bilen girip, küli bilen çykdy, onsoñ barja zat bulaşdy: indi Köşkde kimiñ hakynatutmadygy anyk däl. Bu gün Larinden özgeleriñ hemmesi hakynatutma bolup görünýär. Hatda jenap ýoldaş Prezident-de! Bütin Köşk! Onsoñ on-dan çekinmäbilseñ çekinme-dä! Lariniñ wezipesi hemişe aldawçy, ondan çen tutsañ, bagtyñ ýatdygy, aslynda onuñ bu ýurtda näme işläp ýörendigini indi biler ýaly bolmady, muny jenap ýoldaş Prezi-dentiñ özi-de indi bilmän geçse gerek? Anyk bilýäni – onuñ garşysy-na gitmeli däldigi. Ol Larini jana-jan dost tutunansoñ, häkimiýetiñ çür başyna çykdy. Larin hemişe onuñ aladasy bilen ýaşap geldi; edil şu wagtam ol ýuwaşjadan gelip, ýene onuñ aýaklarynyñ üstüni ýapyp gitdi; Lariniñ elleri güýçli hem mylaýym; belki onuñ öz kakasynyñ ellerinde-de şeýle ýakym bolandyr, emma jenap ýoldaş Prezidente olaryñ mährinden ganmak nesip etmedi; munuñ hakyky sebäpkäri kim: Ikinji jahan urşumy ýa-da ejesi – bu belli däl... Ah, Larin, sen
95
nämüçin ozal özgelere gulluk etdiñ? – ol kellesini has ynjalykly goýup, ýañagyny ýassyga oýkady. Elbetde, Larin kime zähmet siñ-dirmelidigini tiz añdy, ýüzüni oña öwürdi, olaryñ dostlugy – birçak synagdan geçen; ullakan imperiýanyñ gullugynda bişişen adamlara bir kiçijik özbaşdak döwletde başyñy çaramak – itiñ añsady! Ol ikisi indi ölümlik aşyk-magşuk kimin aýrylmaz, edil söýgüdäki ýaly bu dostlukda-da her kimiñ öz belli ýeri, çygry bar: hiç haçan biri beýle-kiniñ ýerini tutup bilmez; onuñ synmazlygy şundan dälmidir? Larin bilen jenap ýoldaş Prezidenti diñe şum ölüm aýra salar; Lariniñ gö-züniñ açyklygynda hiç kes jenap ýoldaş Prezidente tokunyp bilmez. Ýöne, arman, indi Lariniñ aýagynyñ aşagy gorp atýar, bu gidişine gitse, onda basym jenap ýoldaş Prezident onuñ aladasyny etmeli bolmasa-da ýagşydyr, ah, niçik gazaply döwür! niçiksi gazaply za-mana! Halasgäriñ halys bolanyny görmek tragediýa däl-de, eýsem nämemiş?! Larinem muny añýan ýaly, ýuwaşaýar, ýöne entek onuñ güýji güýç däl, islese ol özi bilen jenap ýoldaş Prezidenti düýpsüz gorpa-da äkidip biljek; ölenlerinde-de, çyn aşyklar deýin, olaryñ gujaklaşyp ölmeli bolmagy ahmal; erk Larinde, hemme zat onuñ nämäni saýlajagyna bagly; jenap ýoldaş Prezidentiñ geçmişinden dünýäni gyzyklandyrjak faktlar onuñ elinde, diýmek, Larin döwüñ janyny saklaýan baýguş; bu syry ol ikisi aw etiniñ başynda keýp çekip otyrkalar arada gözlerine ýaş aýlap açdy; jenap ýoldaş Prezi-dent munuñ duýduryşdygyna-da ýa bolmasa, işleriñ gidişinden keý-piniñ kök bolup gözüne ýaş aýlaýandygyna-da düşünip bilmän gal-dy, ynjalykdan gaçdy, derrew soñky çykaran permanlaryny gözden geçirdi: olarda Larine ýakmajak näme bolup biler? Olaryñ hemmesi-ni taýynlan özükän ol nämeden nägile bolmaly? Ýöne, diýseñ diý-meseñ, Larin ynjyk adam, hüşgärlik zelel etmez. Eger-de Köşge Hyr-ly Durgur gelmedik bolsa, onda ol soñky döwürde halys ýekesirejek ekeni. Hyrly Durgur! Sen niçiksi ýaş, dogumly, görmegeý! Seniñ gözleriñi göreniñ emenjek çukury neneñ syzlamasyn? Aýallar onda özlerine arzuw eden görki görseler, erkekler özüne geregini görýär. Hyrlynyñ abraýyna tokunan jenap ýoldaş Prezidentiñ duşmanydyr, diýmek, halk duşmanlary; Hyrlym, gör, sen niçik belende galdyñ! Bu belentlikde uzak saklanmak üçin sen özüñe gowy seretmeli, öz wag-tynda, ýöne az iýmeli; sen ýykylsañ, Köşkde gizligin çapak çaljaklar tapylar, ýöne meniñ ýüregim paralanar! – jenap ýoldaş Prezident
96
ýañy ýyly ötüp ugran aýaklaryny biri birine oýkap, Hyrly Durgur baradaky ýakymly duýgularyny ösdürdi: – Ah, Hyrlym, edebiýatyñ ýiligi, Köşgüñ läligi, Prezidentiñ balygy!
Hyrly Durguryñ görki özboluşly: erkege-aýala deñ ýaraýar; elbetde, Köşgüñ bol-telki iýmiti onuñ bilini ýognatdy, emma gözleriniñ owa-sy – şol öñküligi... Erkek adam ýarsmasa gowy; elbetde, Hyrly Dur-gur Köşk şahyry, dolmuşlyk oña gelişýär; Köşk şahyrynyñ bili hiç, esasy zat – duýgusynyñ näzikligi, teni; onuñ edep-ekramy-da bir şahyra degýär, ol añyrdan gelýär-de, gol gowşuryp durýar, şonda jenap ýoldaş Prezident özüni bagtly duýýar; diñe Hyrly Durgur ge-lensoñ, onuñ Köşgi Köşge meñzedi. ”Ah, Hyrlym! – jenap ýoldaş Prezident ýekesiremekden ýaña onuñ adyny tutdy: – Sen nirede? Arman, seni Larin meniñ ýanyma goýbermez, ol girelgede sak otur-andyr, ýogsam sen meni ýeke goýmazdyñ.”
Jenap ýoldaş Prezident hamsykdy, onuñ ýogyn gaşlarynyñ aşak eteginde ýerleşýän bulanyk gözlerinden aýralyk hasratyna garylan gözýaş damjalary etlek ýañagynyñ üstüne togarlandy. Edil şol wag-tam gapynyñ tutusy ýokary galyp, onuñ añrysyndan ýylanyñka meñ-zeş ýylçyr kelle göründi.
– Salam, jenap ýoldaş-ş Prezident! – gijäniñ ümsümliginde añyrdan geleniñ sesi aýratyn gyryljyk hem haşyrdyly çykdy. – Larin meni içerik goýberdi!
– Bilýän, bilýän... Larin akylly oglandyr, ony maña nahak ýaman-laýarlar. Töwerek-daşymyz duşman! görübilmezçilik! görüpçilik! Şrtda päliýamanlaryñ sany azalanok, men bu belanyñ garşysyna aýgytly göreş çäresini taýynlaýaryn. Döwlet edaralarynyñ işini dü-zetmeli, halkda maña wepalylygy terbiýelemeli; ýat pikirleri biziñ jemgyetimizden haşal ot kimin köki-damary bilen sogrup taşlamaly! Goý, adamlaryñ ruhy umumy ýokary göterilsin. Olar maña guwan-maga haklydyrlar! Men kim? Halkyñ mähriban ogly, onuñ añsat hem elpe-şelpe durmuş hakyndaky isleginden, arzuw-hyýalyndan önen perzendi! Men öz halkymyñ iñ pynhan arzuwlaryna gulluk edýärin, tä ölünçäm-de şonuñ gullugynda duraryn! Daşymyzy gurşaýan sre-dany, ýagny howany, suwy, ýeri sandan çykarýanlary halamok, öz ýurdumda ähli mör-möjekleriñ ýaýnap ýaşamagynyñ tarapdary. La-riniñ-de muña düýbünden garşy däldigi – biziñ üçin kiçi-girim dereje däl.
97
Jenap ýoldaş Prezident bu sözleri ýüpek haladynyñ tyrpançak jübü-lerine elini sokup durşuna, eñegini buýsançly galdyryp, teatrda me-şhur monology ýatdan okaýan artistiñ sypatynda aýratyn bir içki dabara bilen aýtdy. Musa Çöli bu sözleri öz gulagy bilen eşidip, minnetdarlyk bilen onuñ aýagyna ýykyldy. Jenap ýoldaş Prezident haladynyñ aşak eteginden gyzaryp görünýän ýylmanak injikleriniñ daşyna örän çeýe oralan müdiriñ sowuk omzamasyndan ini üýşenip, aýaklaryny zordan çekip aldy.
– Ýeri, ýeri! Tur ýeriñden! Ine, seniñ deputatlyk mandatyñ! Men saña ynanýan, şonuñ üçinem seni öz ýanyma aljak, sen maña paýtagtda gerek. Seniñ tejribäñi öwrenmesem boljak däl, onsuz dem-ligimi daralyp barýan ýaly görýän, ahmal galasym gelenok... Senem hüşgär bol. Bilýäñmi näme, dogrymy aýtsam, men şu Larine o diýen bir ynanyp baramok... – ol süýem barmagyny dodaklaryna ýetirip, azajyk aşak egildi, gözüni gorkuly tegeledi, Musany otagyñ beýleki burçuna çagyrdy. – Içigüjükli adam, özümi bilelim bäri bile işleşip ýörüs, ýöne içinde nämäniñ ýatandygyny bilip bilemok, ondan gorkmadygyñ imany ýokdur. Ýöne sen meni gorkýandyr öýdäýme. Sen özüñden ägä bol, eger onuñ demine düşäýseñ, bu ýurtda adam ogly señ dadyña ýetip bilmez, ol seni erbet eder! – soñra ol apañ-apañ basyp geldi-de, pil süñkünden ýasalan kürsüsine çuñ çümüp oturdy. – Men bu ýurtda özümi bagtly duýýaryn, howasy yssy, ýöne ilaty maña wepaly, duşmanlardan welin ägä bolmaly. Olar biziñ ara-myzda sümsünişip ýörler, ahmal bolsañ, içikdiräýjekler! Sen bir hä-zir bolýañmy? Bilip goý, men seni gaty alada edinýärin, sen ýaş, tejribesiz, ynanjañ hem göwnaçyk, emma ikimiziñ töwerek-daşymyz göriplerden doly, biz gaty ätiýaçly bolmaly, sen diñe ýalñyşmasañ bolany...
Musanyñ göwnüne bolmasa, edil bu pursatda gapydaky owadan tutynyñ sepinde Lariniñ ýylçyr mañlaýy hem çüýşe gözleri görnüp giden ýaly boldy. Ol ätiýaçdan jenap ýoldaş Prezidentiñ arkasyna aýlandy; myhmanyñ endamyna aralaşan gorky duýgusy dessine je-nap ýoldaş Prezidente-de geçdi, onsoñ ol ellerini sandyradyp, Musa-nyñ uzyn barmakly ellerinden tutup, olary öz ýüreginiñ üstünde goýdy, soñra ikisi ätiýaçly pyşyrdaşmaga başladylar. Olaryñ ýurduñ ykbaly hakynda gürrüñ edýändigini añan Larin ýylgyrdy, onuñ der-rew ukusy tutdy. Onsoñ ol uka garyşyp barşyna pikir etdi: ”jenap
98
ýoldaş Prezident süñksüz gowy adam, hatda oñurgasyz, munuñ göw-nüni ýykan baýnamaz, öz ajalyna-da ölmez, beýle adamynyñ gaty horlanyp, edil keselli it kimin süñklerini sanaýmaly bolup, gapyrgasy gapyrgasyndan, bykyny bykyndan geçip, hapa çukuryna ýykylyp galjagy öñünden añdyrýar; Lariniñ ol betbagtlara ýüregi awady; iş-işden geçensoñ, Larin nätsin, ol ot bolanda niräni ýakjak?! Elbetde, onuñ bu ýurda nebsi agyrýar, ýogsam ol bu ýere işe gelermidi? jöw-zaly çöllükde öz gül ömrüni köýdürermidi? Ýurdundan awara ýa-şarmydy? Ahyr ýaşynda hiç kes ony öz borjuny ýerine ýetirmedi diýip, aýyplap bilmez, ol bu çöllükde öz başyny çarap ýaşady, wepa-ly dost ýetişdirdi, oña ýurduñ ykbalyny ynandy; Larin öwünjeñligine öz ýanyndan duýlar-duýulmaz ýylgyrdy, bu, daşyndan seretseñ, ha-mana uka oraşyp barýan ýadaw adamynyñ şeýtanyñ aldawyna düşüp ýylgyrmasy ýaly bir zatdy; gapydan jyklap giden Musa hut şeýle pikir hem etdi, ol Lariniñ bigünä çaganyñ ýylgyrmasy deýin ýylgyr-masyna goşulyşman durup bilmedi; Larin hoş boldy, oýaly-ukuly halyna ýakymly döwlet aladalarynyñ oý-pikirlerine ulaşdy, teniniñ iñ soñky öýjügine deñeç zerur işe gönükdirdi; Lariniñ bu ýurtda birine gahary gelýän bolsa, onda olar onuñ ýelden-günden gorap ýören mähriban dostunyñ gadyryny bilmeýänler bolmalydy; erkek adam-da bolsa, Larin jenap ýoldaş Prezidente enelik mährini duýýar, göýä göwsünden emme emdirip ulaldan ýaly. Onuñ neresse çaga ýaly goragsyzlygy Lariniñ bagryny dilýär; jenap ýoldaş Prezident muny bilýär, ýöne edil kiçijik çaganyñ öz enesinden daşlaşmagy, özüni duýdansyz howplara sezewar etmegi gowy görşi kimin, olam Lariniñ gözüne güýdüşip, öz başyny çaramany öwrenjek bolup synanyşýar; ýogsam, ýüreginiñ bu ýukalygy bilen onuñ her ädimi Larine gaýgy; ol hatda öz duşmanlaryny-da adam şekilli ýigrenip bilenok. Arada ol Diller institutynyñ ýokarky gatynda öz garşysyna çykanlaryñ biri bilen hoşlaşmaga bardy; ol kişi oña ”Sen zalym!” diýip gygyranda, jenap ýoldaş Prezident öz garşydaşynyñ halyna ýüregi awap, gözüne ýaş aýlady, soñam hamsygyp, şeýle diýdi: ”Men seniñ aýalyña ýa-da öý goşlaryña degemog-a, senem meniñ elimdäki häkimiýetime to-kunma! Eger men seniñ aýalyña ýapyşan bolsam, şonda sen näder-diñ? Meni halamazdyñ gerek?! Siziñ baryñyz şonuñ ýaly: öz zady-ñyzy ile beräýjek däl, ýapyşyp ýatyrsyñyz, emma, başarsañyz, me-niñkini elimden aljak, gör siz nähili doñýürek! nähili päliýaman! Siz
99
meniñ elimden häkimiýeti alsañyz, men onsoñ nämä güýmenmeli? Haýsy ýurdy dolandyrmaly? Men bu ugurdan ýörüteleşen, okan okuwym, toplan tejribäm şu ugurdan, başga hünärim ýok! Siziñ göwnüñizi görjek bolup, men ahyr ýaşymda bir döwüm çörege zar bolmalymy?!”
Adamlaryñ küýünde nämäniñ ýatandygyny bilmek çetin, olar edil möý ýaly betlagam, başarsalar, ýapyşjak-da – endamyña zäherini dökjek, hemme zady agdar-düñder etjek, belkem olar ýurdy-da elle-rine aljakdyrlar? Gör, olaryñ işdäsi nähili! Ýok, olaryñ gözüni jenap ýoldaş Prezidentiñ ýagşylyklary tutar, olar öz päliýamanlygynyñ gurbany bolarlar, edil heýwere keseleline uçranlaryñ kösenip ölüşleri ýaly olaram kösenip ölerler. Ýogsam, edil beýleki adamlar ýaly, olaryñ köçeden barýarkalar maşynyñ aşagyna düşübem, iş ýerinde basgançakdan ýykylybam ölmegi ahmal, hatda köpüsiniñ bagtyndan hut şeýle ajalyñ çykmagy, belki kanunalaýykdyr? Ýöne bu olar üçin uly hormat bolardy. Larin olaryñ hemmesiniñ şeýle öljekdigine ýer-likli şübhelendi, olaryñ hemmesi beýle tarpa-taýyn ölüme mynasyp adamlar däl; aslynda olar özlerine haýsydyr bir bähbitli ölümi-de saýlap bilerler, şonda olaryñ yzlarynda galan çagalary hökümetden kömek puluny alyp bilerdi; her bir ata öz çagalarynyñ we aýalynyñ geljegini özüniñkiden ileri tutmalydyr; şonuñ üçinem, aýdaly, haýsydyr bir jaýyñ ikinji ýa-da üçünji gatyndan ýykylyp ölmek ýa-da syrkawhanada çalasowat şepagat uýasynyñ eden emelsiz sanjymyn-dan, gyssagarada gerekli derman tapylmazlygyndan kösenip ölmek – beýle adamlar üçin pes dereje däldir! Belki, olaryñ käbirini işdeş aýallarynyñ gabanjañ ärleri atyp öldürer? Nähili owadan ölüm, ýöne yzynyñ gürrüñi köp. Mundan olaryñ ýaz wagty daga gezelenje gidip, aýagy taýyp, dagdan ýykylyp öleni müñ paý gowy dälmidir! Elbetde, olaryñ her birine adam şekilli ölüm tapyp bermek añsat iş däl. Käşgi munuñ üçin oña artykmaç aýlyk tölenýän bolsa? Ýok, Larin munuñ bilen dynç alýan wagtlary meşgullanmaly bolýar, bu gidişine gitse, bir günden bir gün ol: ”Nädip ölseñiz, şeydip ölüñ!” diýip, döwlet ähmiýetli bu işi başyndan aýlap urup-da biler; ähli zady owadanla-mak, ýylmamak, goñşy döwletleriñkiden pes bolmadyk medeni dere-jä ýetirmek diñe oña galmandyr. Olam adam-a! Edil beýleki adamlar ýaly olam – etden hem süñkden ybarat! Bu agyr işe ol niçezar çy-dar?!
100
-
aysyzgije
13 years ago
- Şol wagt beýleki jaýda nämedir bir zat diýjek bolup agzyny açmaga synanyşan Musany jenap ýoldaş Prezident yşarat bilen duruzdy.
– Ýuwaş bol, men onuñ uklap ýatandygyna asla ynanamok, hakyka-ty menden eşit, ol gaty mekir, elhenç adam, ikimiziñ çakymyz däl, sen muña iru-giç düşünersiñ, ýöne giç bolar...
Bu sözleri eşidende Musa Çöli gözlerinde sowuk gedemligi gizlese, Larin goñşy jaýda öñküsindenem beter mähirli ýylgyrdy, başyny çalaja ýaýkady: ”Älhepus, bu adamynyñ ýüreginiñ açykdygyny, edil neresse çaga ýaly, ýüregindäki – dilinde, ömri uzak bolaýsyn ýöne...”
– Sen ýöne meniñ diýenimi içiñde sakla, ýogsam ardurja heläk bo-larsyñ, Larin adamynyñ günäsini geçýän däldir. Ol ikimiz köne dost, şonuñ üçin ol meni gowy görýär, menem ony. Ýöne ol menden başga adamyny halanok, köp adamlar muña düşünip bilmän ölüp gidýär. Men nädeýin, oña: ”Sen meni gowy görme, beýlekileri gowy gör!” diýeýinmi? Buýruk bereýinmi? Bu barypýatan ýeñilkellelik bolmaz-my? Bu ýurtda her kim öz başyny çarasa-da az däl. Meñ ýerimde bolsañ, senem etmersiñ, menem siz ýaly adam-da, nä meni jady-göýdir öýdýäñizmi? Onsoñam, birinjiden-ä, kimi gowy görmelidigini Lariniñ özi gowy biler, ikinjidenem, onuñ meni hemme kişiden gowy görmegine men asla garşy däl. – şu ýerde ol Musanyñ gulagyna do-daklaryny degrip, çygly hem gyzgyn pyşyrdady: – Ähli janly-jandaryñky dek meniñem ýekeje janym bar. Görşüñiz ýaly, ýaşaýy-şymam hiç neneñ däl, illeriñki meniñkiçe ýok... – soñra ol ýene sesi-ni gataltdy: – Bolýar onda hoş! Zähmetkeş daýhanlara menden ýal-kymly salam aýt! Ýañkyny ýitirmegin, mandatyñy... Ýitirseñ, başga ýokdur, hemmesini eýýäm paýladym. Mejlisiñ sessiýasyna gel, bileje oturyp, birek-birege guwanyşyp, agzybirje işläris, soñ men seni ban-kede çagyraryn, sen bankedi gowy görýäñmi? Meñ-ä öler aşym – banket, gizläp nädeýin? Men saña Köşgüñ bagynda goýun soýduryp, täzeje böwrek getirderin, hiç zady gaýgy etme, ikimiz dost bolarys!
Musa Çöli çykyp giden badyna Larin gelip, otagdaky telekamerala-ry işe girizdi, alagarañky otagyñ içi ýagtyldy; jenap ýoldaş Prezident mähriban halkyna säher salamyni berip, eşiklerini geýinmäge dur-dy... Eşigini geýnip, kabulhana çykdy-da, gelip, Larini mähirli gujak-lady. Soñra daşary ýurtlardan gelen wekilleri kabul etmäge başlady. Ilkinji bolup, Beniniden gelen üç adamdan ybarat delegasiýa kabul-
101
hananyñ girelgesine geldi, olar pete-pet öñlerinden çykan Musa Çö-lüden ýiti teleinterwýu aldylar. Reportajda Musa Çöli nazarkerde müdir hökmünde başdan-aýak ýylgyryp göründi. Çünki olar Musa-nyñ Köşgüñ gapysynda özlerine ir bilen pete-pet gabat gelmesine örän ýokary baha berdiler. Jenap ýoldaş Prezidentiñ öz göwünlerine has-da ýarajakdygyna olar bada-bat gapyda düşündiler. Şonuñ üçi-nem duşuşyk gös-göni gujaklaşmakdan hem sowgat alyşmakdan başlandy. Jenap ýoldaş Prezident özüne getirilen lowurdap duran gymmatbaha awtomobile Köşgüñ aýnasyndan göz aýlap, iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi; beninililer begenişip, indikide oña şahsy uçar getirmegi wada berdiler; jenap ýoldaş Prezi-dent öz däbine görä, günortanlygyny myhmanlar bilen paýlaşyp, olara nahar başynda antly şerap içirdi: ”Bize bu ýurtda sizden başga jenap ýoldaş Prezident derkar däl!” Dürli tagamlardan dadyp, olar: ”o-o!” diýişdiler.
– Jenap ýoldaş Prezident, siziñ işdäñiz iñ ösen demokratik ýurtlaryñ ýolbaşçylarynyñkydan-da gala! – myhmanlar guwanç bilen barmak-laryny ýaladylar.
Soñra beninilileri paýtagtyñ fontanlaryna aýladylar, suw dik ýoka-ryk çüwdürilende, myhmanlar munda öz ýurtlaryndaky fontanlara uly meñzeşlik gördüler, asyl görlüp oturylsa, olaryñ ýurdunda-da fontanlaryñ suwy dik ýokaryk atylýan ekeni! Bu olaryñ kalbyny heýjana getirdi, nähili ajaýyp ýurt! Gaýtadan Köşge gelenlerinde, Köşgüñ iñ içki zalynda gözüñe söweýin bir bedew at agyzdyrygyny çeýnäp, olara garaşyp duran ekeni, beninililer ol ata üç bolup artlaş-dylar-da, ”niredesiñ Benini?” diýip, Köşkden gös-göni öz ýurtlaryna garşy ýüzin salyp gitdiler. At aýagynyñ güpürdisine ylgaşyp ýola dökülen halk köpçüligi derrew goltuklaryndan ýaşyl baýdajyklary çykaryp, depelerinde galgadyşyp, biri biriniñ aýagyny basgylaşmaga, özara öýkeleşmäge, ötegçileriñ yzyndan boýunlaryny uzadyşmaga we berk kada laýyklykda ýuwaşdan arama çenli şatlanmaga başlady-lar.
Köçelere dökülen mähriban halkyny synlap, ýüreginiñ çuñundan çogan iñ inçe duýgularyna bäs gelip bilmedik jenap ýoldaş Prezident Köşgüñ belent aýnasynyñ öñünden aýryldy-da, özüni ýatylýan ota-gyndaky tyrpançak ýüpek düşege çümen ýylmanak telefonuñ üstüne
102
oklady we eýýämden ýakymly duýgy bilen sandyrap ugran ýogyn barmaklaryny gowy görýän sanlaryna degirdi...
– Ýagdaýlañ gowujamy? Näme jañ etmedik bolýañ, nä begenip öläýer öýdýäñmi? Gowy görülýäniñi bilýäñ-dä, tulajyk! Hany, gür-rüñ ber, näme täzelik?
– Ezizim! myssyjagym! Sensiz geçen günüme nälet! Seniñ ýüregiñi ýyladyp biljek habarymyñ ýok güni ölsemdim, gömülgen kibi gö-mülsem, suw bolup çägä siñsem, gözden uçsam, gulakdan gaçsam!
– Saña ynanman, kime ynanaýyn? Sen meniñ başymyñ täji, gözü-miñ nury, halkymyñ biri, Musanyñ ýary... iýen-içeniñ özüñki, gören-eşideniñden habar ber?
– Ol indi deputatlyga dalaş edýär.
– Wepadar dostum näme işleýär?
– Hile gurýar.
– Ah, Abat, Abat! Aýallary ýigrenip bilemok, Hudaý bilsin, näme-den?
– Hudaýyñ bilmedigini hatyn biler!
– Seniñ eşigiñ ýukamy?
– Ýuka... öñümde diñe pagta ýygylýan fartugym bar.
– Içkiñ?
– ...bar, ýukajyk, añrysy görnüp dur...
– ...reñki?
– ...gülgüne...
– ...”gülgüne” diý!
– ...gülgüne!
– ...ah, gülgüne!..
Telefonyñ trubkasyndan aýagyna basylan çaga güjügiñ çyñsamasy-na meñzeş ses eşidilip, endigan ”guguldy” gelende, aýal ezilen do-daklaryny ýene bir gezek trubkanyñ tompuk ujuna emaý bilen ýeti-rip, aýaklaryny ýygnady-da, gözlerini ýumdy. Jenap ýoldaş Prezident bu wagt eýýäm dikelip, egnine haladyny iltäp durdy; ol çalaja hiñle-nip, inine suw almaga ýöredi. Salkyn suw onuñ tenine hoş ýakdy, onsoñ ol uzak wagtlap depesinden suw akydyndy. Abat bu wagt öz syýasy yhlasynyñ döwlet derejesinde gadyrynyñ bilinjekdigini öñünden syzyp, telefonyñ ýanyndan aýrylyp bilmän otyrdy. Şonuñ üçinem telefon gaýtadan jyññyrdanda, ol trubkany üýtgeşik mähir bilen gysymlady.
103
– Abat diñleýär...
– Bu ýoldaş Larin. Hoş habary size hut özüm ýetireýin diýdim. Jenap ýoldaş Prezidentiñ sizi ýurdumyzyñ Amerikada-ky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi edip bellemekçidi-gine men birjikde şübhelenemok. Siz bu täze wezipäñizi-de öñküsi ýaly ýurdumyzyñ öz içinde alyp bararsyñyz. Siziñ çalt ösüşiñize guwanmazlyk mümkin däl. Bu täzeligi, belki-de, Nabatdan gizlemegiñ geregi ýokdur, biz oña ynanýarys, Tal Tagana, goý, muny hut onuñ özi ýetirsin. Hojam Şüküre haçan we nädip ýetirmelidigini özüñ çöz. Ýöne bir zady bilip goý: habarlar çeşmesi kimiñ elinde bolsa, iş ýüzünde ýurduñ eýesi-de şoldur. Habarlary başyna goýberen iru-giç olaryñ gurbany bolar. Iñ ygtybarlysy – olary özüñ döretmekdir. Habar hem gizlin syr ýasamagyñ hötdesinden gelseñiz, özüñizi ynamly duýup bilersiñiz, onsoñ bu dünýä: açsañyz – aýañyzda, ýumsa-ñyz-da – ýumrugyñyzda bolar!
104
-
aysyzgije
13 years ago
- 6. Diller instituty
Iñ gizlin habarlary döredýän, soñra-da olary yzyna kabul edýän, giz-läp saklaýan we olar boýunça adamlaryñ hem-de ýurduñ ykbalyna öz täsirini ýetirýän gaşlak müdir gözleriniñ üstüne abanan atyñ ýaly ýaly irimçik gaşlaryny elindäki gödeñsi daragy bilen yhlasly daraş-dyryp, üstünden aýalaryny taýly gezek ýöretdi-de, añyrdan ýetip gelen myhmanlara gujak açdy.
– Diller institutyna hoş geldiñiz! Geliñ-geliñ, şeýdip, bizdenem habar alyp duruñ-a! Günbatarda ornaşyp, bu taýlaryk gara salman oñýañyz. Nirede ýaşasañyzam, bu gözel ýurdy unutmak bolmaz. Dogry... Ewropa – Ewropadyr, onuñ aly kändir; Ewropa, islese, maýmyndan adam, islese-de, adamdan maýmyn ýasap bilýär. Ol ýerde televideniýe, radio, ya-da, meselem, gazet-jurnal gyryñ daşy ýalydyr; efirde siziñ-de sesiñizi eşitmän duramzok, şonuñ üçinem ýüzüñizi görmek – ýetibilmez arzuwymyzdy; ine, indi bolaýdy, öz aýagyñyz bilen geldiñiz. Menem, ynha, öz ýerimde, size garaşypjyk oturandyryn. Ýurt bilen tanyşdyñyz, armanyñyz galan bolsa, aýdyñ! Ýogsa-da, men ”Ýurt sesi” diýip, gazedem çykarýan. Esasy işimiñ daşyndan. Ol ses meniñ edaramdan çykman, eýsem nireden çyksyn? Daşary ýurtlularyñ ýüreginiñ näzik bolýandygyna-da biz belet, ony göz öñünde tutarys, hiç zady gaýgy etmäñ! Gowy ýeri: siziñ gön-derme kagyzyñyzda biziñ Institutymyzda näçe wagt geçirmelidigiñiz aýdylmandyr, diýmek, hiç hili gyssanmaçlyk ýok, bu ýerde isledigi-ñizçe galyp bilersiñiz. Onsoñam, kagyz boldy bolmady – hiç, biziñ ýigrendigimiz hat-ýazuw, maña galsa, öñki ýazylanlaram ýok etjek, kitap adamyny öz arassa aslyndan azaşdyrýar, ”Okadygyça – kapyry çykar!” diýen nakyly eşidensiñiz-le. Esasy zat – Watana ýürekden hyzmat etmek. Ildeşlerimiz üçin – adamlaryñ hemmesi-de biziñ ilde-şimiz! – biziñ gapymyz elmydam açykdyr! – elindäki hatly kagyza siññin sereden müdir ýene-de gaşlaryny daraklady. – Gowy kagyz, umuman, adaty diýseñ-de boljak, bular ýaly gönderme bilen bize köp gelýärler, esasan-da öz raýatlarymyz, hawa, ynha... Elbetde, bu biziñ Diller institutymyz üçin uly hormat, jenap ýoldaş Prezident bize ynanýar, diýmek, biziñ işimiz indi ýurdumyzyñ çäginden çykyp,
105
halkara ähmiýete eýe bolýar! Bu hemmämiz üçin guwandyryjy fakt-dyr – müdir daragyny goltugyna gysdyrdy-da, çapak çaldy. Myh-manlar-da, keýpine şärik, çapak çaldylar. – Ýene-de bir gezek: hoş geldiñiz! Täze-täze adamlar gelip durmasa, dogrusy, ýüregiñ gysy-berýär, örän şat! – soñra ol myhmanlaryñ orta boýly buýra saçlysy-nyñ owadan ala gözlerine barmagyny begençli çommaltdy: – Siz Ýumry Derili bolsañyz gerek?
– ”Derili” däl, Dereli...
– Bagyşla-añ! – müdir edil ile belli teatr artisti deýin sesini ýeñiljek süýkdürip, aýagyny şarpyldadyp jüpledi. – Bulaşdyrdym! Dereli, elbetde Dereli. Ýöne onda-da deriñizem-ä erbet däl, örän galyñ gö-rünýär, adatça, akýagyz adamlarda siziñki ýaly galyñ deri seýrek duşýar. Olaryñ taýaga çydamsyzlygy-da şondanmyka diýýärin... – ol ikinji myhmana ýüzlendi: – Size bolsa, biz belet, sesiñizi eşidenim-den tanadym, siz, elbetde, şol Azan Atdaş bolmaly!
– Bildiñiz. Men şol meşhur jurnalist Firez Razan Atdaş! – diýip, guşaklygyndan ýokarysy jozzuk ýüz bolup duran myhman alkymyny asyp, öwünjeñ halymsyrady.
– Jurnalist diýseñizläñ... elbetde, jenap: ýigide müñ dürli hünär-de azdyr. Gündogarda siz ýüñi ýeten söwdagär, Günbatarda – jurnalist, okeandan añryk aşsañyz – kimdigiñizi al-arwah bilsin! Ýöne biz gadyryñyzy bilmeýändir öýtseñiz, ýalñyşarsyñyz. Ýurduñ daşynda biziñ sizden başga ýapyşalgamyz ýokdur, ruhdaşlygyñyzy her ädim-de duýýarys, doga käriñiz peýdakeşlik bolansoñ, siz biziñ özümiziñ-ki bolýañyz duruberýäñiz, sebäbi: ”Söwdanyñ Hudaýy – peýda!” diylipdir, onsoñ biziñ Hudaýymyz bir bolýar ahyryn, gaçyp gitjek ýeriñiz nire? Biziñ üçin siziñ belli bahañyz ýok, ýöne näçe bolsa-da, ondan gaçmarys. Diller instituty siziñ tejribäñize asylam mätäç. Se-bäbi siziñ gepiñizi yzygiderli diñlän adam söz azatlygyny ýigrenmän bilmez.
Firez Razan Atdaşyñ jozzuk ýüzünde utanja meñzeş alamat görün-jek ýaly etdi, ýöne bu uzaga çekmedi. Ol ýanyndakylara gabak as-tyndan gümürtik göz aýlap, gümmi-sümmä urdy:
– Bizde tejribe näme işlesin, göwnüme gelenini edýän welin, olam peýdaly bolup çykýar. Meselem, men özüme işgär alamda, isleg bildirýänleriñ içinden diñe öz atdaşlarymy saýlaýan. Olar-da güýçli
106
jurnalist, demokrat bolup çykýarlar. Nesibe-dä, näme diýip, näme aýtjak!
– Ine, bize ýetmeýän tejribe-de şol-da! – Diller institutynyñ müdiri heýjana geldi: – Nähili ajaýyp usul: ýönekeýden netijeli! Atdaş bol-masa, asla işe alma diýsene! Biz welin, pikirdeş gözläp, onuñ anketi-ni okap, ýedi arkasyny yzarlap, kösenip ýörüs!
Açylmasyz syrynyñ açylybermeginden ätiýaç eden Firez Razan Atdaş gapdalynda atyñ ýaly dek irimçik gara saçlaryny barmaklap, häliden bäri dymyp duran ýigide tompuk barmagyny çommaldyp, gepi başga ýana sowdy:
– Tanyş boluñ, bu ýigide Gire Zire diýýärler. Munuñ-da jurnalist bolmak höwesi bar, şonuñ üçinem men muny siziñ ýanyñyza getir-dim. Onsoñam... – myhman müdiriñ gulagyna küti dodaklaryny de-grip janykdy: – Günbatarda jurnalist bolmak üçin, Gündogarda söw-da etmesi gerek, baý bolmasañ, bolanok: ne Günbatarda ýüzüñe se-redýäler, ne-de Gündogar-da. Atam pahyr baýdy, biziñ uly howly-myz bardy, süri-süri dükanymyz, halymyz, talabanymyz bardy... Ýöne bir gün irden men zyndanda oýandym, kakam pahyr meni ber-gisiniñ ujundan algydarlarynyñ eline berip goýberse nätjek, it ogly! Bizem taryh-maryh diýlen zady okadyk, ol-bul ýañky näme diýasy-ñyz, ata Watan diýañyzmy-nämemi...
Diller institutynyñ müdiri gaşlaryny ynjyly çytdy.
– Meniñ gulaklaryma rehim ediñ, hormatly gonak, arasynda dynjy-ñyzy alyñ!
Firez Razan Atdaşyñ ýag damsam diýýän etlek dodaklary özüne adatdan daşary göwniýetijilik bilen derrew ýañadandan açyldylar:
– Gezek bersek, soñ siziñ bize gezek berjegiñizi bilemiz ýok, biz-de sizler ýaly... jurnalist-murnalist bolup işleýas, şul-bul... Meselem, meniñ dostum Dereli dil bilen gyzyklanýar, men bolsam – pul bilen, he-he… Puly bolmadygyñ dili bolarmy, ýok! Emma Dereli: ”Dili bolmadygyñ puly bolmaz” diýýär. Onsoñ biz jedel edip, bärik gaýtdyk! Gire Zire Atdaşy-da alyp gaýtdyk.
– Hoş geldiñiz! Oñarypsyñyz! – Institutyñ diwarlaryna ornap giden tukat ümsümlik müdüriñ gyryljyk sesinden tisgindi. – Siziñ jedeliñizi çözmek üçin ata Watan elinden gelenini eder! Elbetde, munuñ üçin birneme wagt gerek bolar, ýöne siz üçin biz wagt-da, isleg-de, müm-
107
kinçilik-de taparys. Biziñ milli demokratiýamyzyñ şertlerinde her bir adama aýratyn üns berilýär, gije-gündiz onuñ aladasy edilýär...
– Demokratiýa diýmek, elbetde, erkin söwda diýmek. Eger men islän zadymy siziñ ýurduñyzdan alyp, islän ýerimde-de satyp bilsem, onda sizde demokratiýanyñ barlygy...
Müdir bloknodyna bellik etdi.
– Bu diýeniñizi biz ýerine ýetirjek bolarys. Ýöne... – müdiriñ ýü-zünde irgözünden ynjalyksyzlyk alamaty görünjek boldy. – Biriniñkä gonak bolan her demde söz alyp gaçmaz. Siziñ öz gürleýän ýeriñiz bar, biziñ-de – öz. Bu gün siz biziñ myhmanymyz. Maña diñe resmi suratda: ”Diller institutyna hoş geldiñiz!” diýäýmek galýar!
Ýumry Dereli bilen Gire Zire zordan: ”sag boluñ!” diýip ýetişdiler. Firez Razan Atdaş ýagly balyk dek tyrpançak göwresini müdir bilen Ýumry Dereliniñ arasyna sokdy.
– Minnetdar! Biz bu taýyny öz ýurdumyz diýip, ýüregimizde söýgi göterip ýörüs. Söwda-satyk bolsa, gowy boljak, söýgümiz has-da artjak. Watany gury söýmek bizlere gaty gymmat düşýär. Ata-baba hünärimiz-de çüýräp ýatyr, satmak-satyn almak biziñ ökde kärimiz... Näme diýasyñyz oña, täjir-mäjir diýañyzmy-nämemi... Bagyşlañ, ýöne şertnama baglaşmazdan ozal siziñ adyñyzy soramasy gerek... – myhman goltuk jübüsinden derrew taýyn şertnama çykardy. Eline galamyny aldy-da, ýagdan ýaña lowurdaýan mañlaýyny gaşady. – Ine, bu ýerde siziñ adyñyzy görkezsem, size-de girdeji geler. Size kim diýerler?
– Maña ”Jenap ýoldaş müdir” diýseñiz ýalñyşmarsyñyz. Ýalan adym Gaşlak. Çyn adym diñe nobatdaky harby çin berlende tutulýar. Ony diñe dogran enem, özüm hem döwlet kadrlar bölüminiñ müdüri biler. Hatda göbegenem-de meniñ çyn adymy bilýän däldir! Aýyp-laşmañ, işimiziñ gylygy şeýle, biz dil ylmynda adatdan daşary çuñ barlaglary geçirýäris… Geplände ýygy-ýygydan gödek grammatiki ýalñyş goýberýänleriñ dilini sogrup, düýpli labaratoriýa barlaglaryny geçirmeli bolýarys. Ýöne... siziñ dilde goýberýän ýalñyşlaryñyzy görüp, meniñ öz Institutymyza ýüregim awady. Bize niçik agyr işiñ garaşýandygy görnüp dur. Siz ata Watanda bilimiñizi artdyrmaly bolaýsañyz gerek... Siz entek ojagaz kagyzlaryñyzy öñki ýerine sa-lyñ. Onsoñ-da, at meselesine gezek gelende, ýene bir zady aýdasym gelýär: biziñ ýurdumyz üçin jenap ýoldaş Prezidentiñ belent ady 108
ýeterlik. Indiden eýläk size-de özbaşyñyza at gerek bolar öýdemok, ol size artykmaç ýük bolar. Muman, biz siziñ çakyñyzdan has myh-mansöýerdiris... Siz bu taýdan añsat yzyñyza gidip biläýermikäñiz?
Bu sözleri eşiden myhmanlaryñ bedenine ilkinji galpyldy aralaşsa-da, entek olaryñ ýüreklerine düýpli howsala düşmändi.
– Hormatyñyz üçin minnetdar. Ata Watanda öz ene dilimizde gep-leşmek biz üçin uly bagt. – Ýumry Dereli dowam etdi: – Ýöne, Hu-daý saklasyn, köçelerde bize güñ, lal, peltek adamlar kän duşdy, olaryñ ”bazzyldysyna” düşüner ýaly däl. Siziñ arassa gepleýşiñize telpek goýaýmaly! Bu ýere gelenimiz gowy bolaýypdyr, ýogsa ilki tas garşy bolupdyk.
– Aý, ýog-a! Heý-de garşy bolaýmak bormy?! ”Tanamaz – syla-maz” diýleni-dä... Garşylyk, jedel – durmuşy ösdürýär diýip, bizem eşidýäris, meselem, ”Garşylykly taraplaryñ göreşi we birligi” – klas-syky ynanç! Ýöne öz ýurdumyz üçin biz baky ylalaşyk ýoluny saýlap aldyk, çünki biz adamzat taryhynda bu ýoluñ ähli gizlin mümkinçilikleriniñ entek ulanylmandygynyñ üstüni açdyk. Diýmek, kimdir biri ol mümkinçilikleri herekete getirmek töwekgelçiligini öz üstüne almaly, eýsem jenap ýoldaş Prezidentden özge ony kim başar-syn? Ýeri bolýar, başlangyç klas okuwçylaryna berilýän düşünje bilen siziñ kelläñizi garjaşdyryp oturmaýyn. Gowusy, sizi öz Institu-tymyzyñ işi bilen tanyşdyraýyn. – orta boýly gaşlak müdir, aşa ga-raýagyz sypatyna laýyk garañky gözlerini daşary ýurtly myhmanlara gezekli-gezegine dikip, ýylgyrjaklaýan ýaly etse-de, diýseñ saldamly gepledi: – Men bu ýerde kän wagtdan bäri bar. Ozal ýazyjy bolup işleýärdim. Ýazyjylygam gowy kär, ýöne bu häzirki işim – öz ugrum-da. Ýurdumyzda müdümilik ewolýusiýa dowam edýär, onsoñ ýolbaşçy işleri synagdan geçen kadrlara ynanman, kime ynanjak? Ozalky kärdeşlerimiñ hem köpüsi bu ýerde, ”Halk döredijilik öýün-de”… Onsoñ bu Instituty maña ynanman, kime ynanjak?
– Halk döredijilik bölümiñiziem barmy? Ol-a tüýs meniñ ugrum eken! – Ýumry Dereliniñ begenji içine sygmady.
– Elbetde, bar! – diýip, müdir onuñ begenjine gosüldy. – Ozal men öz galamdaşlarymy edebi tankydyñ üsti bilen watan wepaly edip terbiýeleýärdim. Ol kyn usuldy, irginsiz hem uzak zähmeti talap edýär. Indi, ynha, has täsirli usullary ulanýan. Bu meniñ öñki işimiñ gös-göni dowamy diýseñ-de boljak. Umuman, meniñ şol öñki kärim: 109
alyjym üýtgese-de, harydym üýtgänok. Her kimiñ öz halaýan işi-dä. Bu ýerde lütüm çykýança işlesem-de, eger walla ýadawlyk duýamok, her günüm – açyş. Meselem, öñler men adamynyñ çydamlylygynyñ çägi ýokdur öýderdim, ýöne beýle däl ýaly, göwnüme bolmasa, ol çäk bar; elbetde, gutarnykly netijä gelerden entek ir, onuñ üçin ente-jik zähmet çekmeli boljak. Biziñ institutymyza ”Institut-labaratoriý” diýilmegi-de şonuñ üçin: biz irginsiz gözlegde. Özüm barada aýtsam, dogrusy, zehinim diñe şu ýerde doly açyldy, ol edil kapasadan çyka-na döndi. Atam döwründe ýazan edebi-tankydy makalalarym Diller instituty döredilende, esasy gollanma boldy. Olar öz aktuallygyny ýitirenok, gaýtam ýyl geldigiçe gymmaty artýar. Olarda döredijilik işgärleriniñ arasynda kimiñ kimdigi öñden subut edilip goýlan, diñe çäre göräýmek galýar. Günäsini boýnuna goýjak bolup azara galyp ýörmeli däl, hezillik, islän adamyñ, baryp, gös-göni ýakasyndan tutaýmaly. Biriniñ-de: ”Nämüçin?” diýip biljek gümany ýok. Meniñ gözümi görenlerinden, işleriniñ gaýdandygyny bilýärler. Çünki ola-ryñ hemmesi-de meniñ ozalky dostlarym. Olaryñ içinde näçe tezegiñ ýatandygyna men belet. Belki, olaram maña beletdirler, ýöne peýda-sy nä, adama ýazgytdan gutulma barmy? Geñ görmäñ, soñky döwür-de men halys dindaram bolupdyryn. Meselem, men öz kärdeşlerimiñ haýsy biri barada ýatlama ýa-da nekrolog goşgusyny ýazsam, ol ben-däniñ çöpi tükenýär duruberýär. Onsoñ men hudaýhon bolman, kim bolsun? Gizläp nädeýin, häzirki işimiñ-de ýazyjylyk bilen umumy ýeri örän kän: öñem adam terbiýeleýärdim, häzirem. Ýöne öñ birne-me abstrakt terbiýedi: alsa-da öz işi, almasa-da. Emma ol döwürler geçdi, bizde milli demokratiýa kök urdy, indi men öz nukdaý naza-rymy ýazyjylaryñ gös-göni gulagyna guýýaryn. Elbetde, muña hem-mesiniñ gulagy, beýnisi çydanok, ýöne onuñ üçin biz terbiýeçilik işini sähelçe-de togtadyp bilmeris. Hakymyz ýok.
– Muña nähili düşünmeli? – myhmanlar biraz geñirgenip, biri biri-niñ ýüzüne seredişdiler. Ýumry Dereli çintgedi: – Olar nämä çyda-noklar? Olary nämüçin Diller institutyna zor bilen getirmeli bolýar? Olar şeýle çalasowat adamlarmy?
Müdir ajy ýylgyrdy.
– Käşgi... arman, ýöne olar okumyş bolup, ene dilimiziñ grammati-ki kadalaryny, aýratyn-da sintaksis, ýagny sözlem düzüş kadalaryny gödek bozýarlar. Onsoñ biz olary tertibe çagyrmaly, hatda ýörite
110
okatmaly bolýarys. Käbir zerur grammatiki kadalary zor bilen gulak-laryna guýýarys, muña-da olaryñ käsiniñ gulagynyñ bardasy çyda-nok, ýarylýar, käsi dälireýär. Aslynda sag adam jenap ýoldaş Prezi-dentiñ syýasatyna ters gelýän sözlem düzermi? Olar öñden däli, bu ýerde biziñ nä günämiz bar? Daşary ýurt metbugatynda Diller insti-tuty barada makala ýazsañyz, meniñ diýenimi ýatdan çykarmañ: biz dilde jenap ýoldaş Prezidentiñ deñsiz-taýsyz obrazyny döretmek bilen meşgullanýarys. Bu iş daşary ýurt metbugatynda ylaýyk baha berilmegine mynasypdyr. Egindeşleriniñ oña goýýan sarpasy aýdyp-diýerden ýokary. Goý, bu barada biziñ partiýamyzyñ lideri size gys-gaça gürrüñ bersin...
Müdir gyllak elini diwardaky düwmä ýetiren badyna ýokardan aşak demir gözenek sallandy we onuñ içinde oturan jandar özüniñ adama meñzeşligi bilen myhmanlary añk etdi. Gözenek ýere ýetip ýetmän-kä-de, partiýanyñ lideri lakgyldap başlady:
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ merhemeti çäksizdir. Jenap ýoldaş Pre-zident dogruda gürrüñ barýarka biz galan çeşmeleriñ baryny aýgytly inkär etmäge borçludyrys! – onuñ saglygy gowy we ol gije-gündiz halkyñ aladasy bilen ýaşaýar. Iñ esasy zat-da ol uzak ýaşamakçy. Onuñ bu mukaddes islegini göz öñünde tutup, biz partiýanyñ gurul-taýynda her bir partiýa agzasynyñ oña öz ömründen azyndan bir ýylyny eçilmegini gazandyk. Bu rezolýusiýa biragyzdan kabul edil-di. Şeýlelikde häzir biziñ alymlarymyz öz ýaşyndan gyrkyp, ony jenap ýoldaş Prezidente bermegiñ mehanizmini işläp düzmegiñ üs-tünde gije-gündiz der dökýärler...
Müdir diwardaky düwmä barmagyny degren badyna demir gözenek ýokaryk gitdi. Partiýanyñ lideriniñ adyny myhmanlar müdiriñ: ”Be-ren gürrüñiñiz üçin köp sag boluñ, hormatly Monjuk Mukaỳeviç!” diýende bilip galdylar.
– Hawa... – diýip, müdir ýene-de dowam etdi, – jenap ýoldaş Prezi-dentiñ biz hakdaky atalyk aladasyny her demimizde duýýarys, bizi-ñem öz söýgümizi oña her demde ýetiresimiz gelýär. Ýurdumyzyñ metbugat serişdeleri halkyñ bu ösen islegini kanagatlandyrardan ejiz gelýärler: kagyz, garagurum, dürli nurbatlar, ýaglaýyjy serişdeler ýetenok; öz ýüregiñi açmak üçin gazetlerde birnäçe aýlap nobata durmaly. Meniñ bolsa, jenap ýoldaş Prezidente öz söýgümi tiz-tizden ýetiresim gelýär. Ýogsam, özüñiz bilýäñiz, durmuş-da bir dosta iki
111
duşman tapylýar; meniñ ýerime göz gyzdyrýanlaryñ köpdügini añýansyñyz; olaryñ, hamana, men ”erbet işleýär” diýip, jenap ýoldaş Prezidenti ynandyrmaklary ahmaldyr. Häzirki wagtda meniñki ýaly aýlykly, arassa iş iliñ ýetibilmez derejesi, ätiýaçlylyk artykmaçlyk etmez. Şonuñ üçin-de, men siziñ hut biziñ Institutymyzyñ işi bilen tanyşmaga gelendigiñize iki bolup bilemok; ýöne bizi saýlap alany-ñyzda, siziñ ýalñyşmandygyñyzy-da aýtmakçy, sebäbi biziñ Institu-tymyz dörediji adamlar üçin tapylgysyz ýer: üç wagtyna mugt nahar, gije-gündiz aýdym-saz, gündelik alada. Iñ esasy zat-da – bu hyzmat-lar olar üçin hökmany. Biz öz plan-borçnamalarymyzy doly ýerine ýetirýäris.
– Sizde ýörite plan-borçnama-da barmy?
– Elbetde, gadyrdan, Harsy Hazan Atdaş!
Myhman ilgezik düzetdi:
– Firez Razan Atdaş...
– Hawa, Gerez Razan... Ýöne meniñ öz şahsy gyzyklanmam-da bu meselede pes rol oýnanok. Men ýöne bir tötänden bu işe bellenen adam däl, hakyky janköýer, öz kärdeşlerimiñ bu hyzmatlardan kö-präk peýdalanmagyny isleýärin. Olaryñ köpüsi bilen öñ kän ýyl bile-je işleşdim, duz-emek boldum, onsoñ meniñ olarsyz oñup bilmeje-gim düşnükli, birki gün görmesem, ýüregim gysyberýär, dünýäden doýan ýaly bolýan. Ynanmarsyñyz, ýöne men bir gezek tas öz şirin janyma-da kast edipdim, hawa, hawa! geñ galmañ! Meni bu ýerden işden aýyrjak bolýarlar diýen ”myş” gulagyma degdi, erbet boldum, işdäm tutuldy, aýlyk-günlük jähennem, men nädip öz öwrenişen kollektiwimden aýrylyp ýaşaýyn? Bilýäñizmi näme, men dünýä belli uly ýazyjy-da bolup biljekdim, ýöne elim degmedi: ýygnaklar, ko-mandirowkalar, myhman-mediwan, ýenegör... Hemmesine-de men ýetişmeli. Daşary ýurtdan adam gelse-hä – bar onsoñ! Olary kime ynanjak? Bu ýurtda bil baglar ýaly adam barmy? Aýylganç kyn! Jenap ýoldaş Prezidentiñ janyna berekella! Netijede meniñ gül öm-rüm kül boldy... – müdir edil kiçijik albassy ýaly bolup, şumjardy. Myhmanlar birhili alasarmyk ýagdaýa düşdüler. Müdir gözýaşyny eliniñ arkasy bilen süpürip, täzeden söze başlanda, olar onuñ ýaşy kepän gözünde bulanyk reñkiñ gitdigiçe goýalýandygyny gördüler. – Her bir ynsan öz ata Watanyna guwanmaga haklydyr. Bu biziñ Kon-
112
stitusiýamyzda bellenen. Ýöne siz barada ol ýerde anyk zat aýdyl-mandyr, bu meni birneme oýlandyrýar...
– Eýsem ol ýerde adyñ görkezilmelimi?
– Elbetde, hormatly Firez Zen...!
– Firez Razan – bu gezek, nämüçindir, myhman öñkülerinden-de çalt düzetmäge gyssandy.
– Hawa... Garaz Ezen, Atdaş. Biziñ Konstitusiýamyz – milli doku-ment, onuñ maddalary-da örän millileşdirilen. Daşary ýurtly ildeşle-rimizden kimler öz ata Watanyna guwanmaga hakly bolsa, onuñ ady ýörite sanawda görkezilen. Ýöne gaýgy etmäñ, gelipsiñiz – tañ edip-siñiz, indi biz size hyzmat ederis, ýöne bir şert bilen: ata Watany wasp etmek borjuñyzdyr. Ýogsam, özlerini demokratiýanyñ göbegi saýýan Günbatar gazetleriniñ işi bize töhmet atmak. Şol sebäpli-de biz olaryñ wekillerini garaşsyzlygymyzyñ esasyny düzýän edarala-rymyza aralaşdyramzok. Siz – başga gep, Ewropada ýaşasañyz-da, biziñ özümiziñki. Onda näme, tanyşlyga girişeliñ, gadyrly Ýumry Derili! Gire Zire we Firez Dazan Atdaş! Ýogsa-da, sizi täzelikde öýlenipsiñiz diýip eşitdik: aýagy düşümlijesi bolsun!
Ýumry Dereli kikirdedi...
– Bu öz orunbasary Gyz Düregeýe öýlendi. Ýagny, Günbatarda aýdylyşy ýaly, orunbasary ikisi pullaryny goşdular.
– Gutlaýan-gutlaýan! – müdir kelpez näz etdi: – Gör, biz niçiksi enaýy wakadan habarsyz galypdyrys!
Ýumry Dereli ony köşeşdirdi.
– Gaýgy etmäñ, bu enaýy waka Firez Razan Atdaşyñ ömründe gaýtalanyp duran zat, siz onuñ indiki durmuş toýuna hökman ýetişer-siñiz!
– Kesekiniñ ahlagyna göz etjek bolsañ, özüñkä eliñ degenok-da; öñde-de bir gelin: ”Iliñ göwnüni görjek bolup, çagajygym atasyna meñzemedi!” diýipdir. Hany onda, egin-eşigiñizi çalşyryñ! Ine, size ýörite niýetlenen lybas, institutyñ içinde geýilýär. Müşderilere del adamlar bilen görüşmek, gürleşmek rugsat edilmeýär; bu çäre olaryñ hut öz bähbidini goraýar, sebäbi olar ýat adam görseler, tolgunyp başlaýarlar, şeýdibem gaýra üzülýärler, onsoñ käte olaryñ käbirine hatda goşmaça terbiýeçilik çärelerini-de bellemeli bolýar. Bu-da artykmaç çykdajy...
113
– Beýle ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýarmy? – diýip, Gire Zire bilesigelijilik etdi. – Dogrusy, biz ýene-de käbir zada düşünmejek bolýarys...
– Howlukmañ, barýarka hemmesine düşünersiñiz, munuñ üçin siziñ wagtyñyz ýeter diýip, umyt edýärin. Hawa, biziñ müşderilerimiz käte täze gelen işgäri ýa-da ýokardan gelen gözegçini del adamdyr öýdüp, ýok ýerden tolgunyp başlaýarlar, rahatlygyny ýitirýärler.
– Tolgunmak – bu adamzada mahsus duýgy, meselem, Ewropada-da adamlar tolgunman oñup bilenoklar. – Ýumry Dereli owadan ala gözlerini sypaýyçylykly bulduratdy. – Siziñ müşderileriñiz tolgu-nanda, näme ýakymsyzlyk bolup biler?
Gaşlak müdir jogap bermäge häzirlendi, emma bu ikarada Firez Razan Atdaş ýoldaşynyñ böwrüne hürsekläp, pyşyrdamaga ýetişdi.
– Söwda-satyk barada soraşmaga-da wagt goý...
Institut-labaratoriniñ pes boýly müdiri pyşyrdynyñ öz gulagyndan sowa geçmändigini añdyryp, ernini duýlar-duýulmaz gyşartdy, dil ýaranda, gepiniñ başyny süýkdürdi.
– Hi-iç hi-ili... Olar diñe öz saglyklaryna zyýan ýetirýärler. Erbet bozulyp, gözlerine ýaş aýlap, del adamlar bilen elleşip, olaryñ tenine, eşiklerine ellerini degrip görmek isleýärler. Elbetde, beýle ýagdaý gelenleriñ ýüregini awadyp, ýa bolmasa, biziñ Diller institutymyz barada ýalñyş düşünje döredip biler. Emma bu bizi gorkuzanok, bi-ziñ aladamyz – müşderileriñ öz saglygy hem ruhy ýagdaýy. – gürrüñ gidip durka olaryñ edil gapdalynda üç sany oturgyç we agaç stol getirip, üstüni mahmal bilen örtdüler. Ýöne öñürti stoluñ üstündäki gan-koklary myhmanlaryñ gözüniñ öñünde süpürip aýyrmaly boldy. Onda-da goýy gan mahmalyñ käbir ýerlerinden tegmil bolup çykdy, şonda müdir tutuk degişdi: – Görşüñiz ýaly, praktiki nukdaý nazar-dan seredeniñde, biziñ işimizde öñki simwolymyz, ýagny gyzyl reñk has amatlydy; gyzyl mata ulansañ – janyñ ujy, onuñ ýüzünde ganyñ reñki bildirenok. Ýaşyl reñke geçip, indi biz ýuwun-ýuwuna döndük, neneñ onsoñ sabyn ýetsin?! Geçiñ, saçak başyna, geçiñ, geçiñ! Insti-tut bilen tanyşlyga başlamazdan öñürti az-owlak garbak-gurbak edin-señiz biçeme bolmaz, ýüregiñiz has sarly bolar, köp zat bilen tanyş-maga ýetişersiñiz.
– Ýok, ýok, köp sag boluñ! – Firez Razan Atdaş ir düşen saçlary-nyñ ýerini sypalady. – Biziñ wagtymyz ýok. Institut bilen tanyşdy-
114
gymyz, syýahatymyzyñ medeni programmasy tamam. Onsoñ söwda-satyga başlamakçy.
– Ol siziñ özüñizi alyp barşyñyza bagly bolar... – diýip, müdir ýa-kymsyz degişdi. – Siziñ ata-babalaryñyz bir zamanlar bu ýerden göçüp giden adamlar, siz-de olaryñ nesilleri. Biz jenap ýoldaş Prezi-denti bütin dünýäde ýaşaýan ildeşlerimiziñ barynyñ serdary diýip yglan etdik, bu ýerden gelip çykýan logiki netije – siz biziñ öz raýat-larymyza deñelýärsiñiz we biziñ ýurdumyzyñ kanunlarynyñ güýji size-de degişlidir. Bu hakykaty ýatdan çykarmasañyz, öz jan sagly-gyñyz üçin gowy bolar! – gaşlak müdir myhmanlaryñ ýüzüne birne-me nakys, ýöne diýseñ talapkär seretdi.
Ýumry Dereli bu degişmeden azda-kände eýmenip, degişme ähe-ñinde her halda özleriniñ başga döwletiñ adamsydygyny ýañzytmak isledi, emma bu, tersine, müdiriñ sallanyşyp duran gaşlaryny bürüş-dirdi.
– Öz ýurdumyzda dünýä ähmiýetli özgerişler bolup geçýärkä, daşa-ry ýurtlaryñ kanunlaryna sygynmak watançylyk däldir! Soñky dö-würde adam hukuklary diýip, pelsepe otarmak ýoñ bolupdyr. Ýöne bu meselede biziñ hiç kime meñzemeýän öz ýolumyz bar we ol ölüm bilen adam hukuklarynyñ gös-göni baglanyşygyna esaslanýar. Gar-bak-gurbak edinenimizden soñra men ony size düşündirerin.
Myhmanlar isleseler-islemeseler-de adam başyna bir käse çaý içip, öñlerinde goýlan iýmitden dadyp görmeli boldular.
– Aslynda ”ölüm ömrüñ dowamydyr” diýen düşünje adamzada öñden mälim – garsak boýly, garaýagyzdan gaşlak müdir stoluñ başyndan turup, alagarañky koridordan ýöräp ugransoñlar, dişini synçgaşdyryp, ownujak iýmit böleklerini ýanyndan barýanlaryñ aýa-gynyñ aşagyna ”püfläp”, gürrüñe täzeden başlady. – Jenap ýoldaş Prezidentiñ genisi adamzat üçin bu düşünjäni has baýlaşdyrdy. Biz öz ýurdumyzda ömri ölümiñ terslin dowamyna, ýagny birinji bas-gançagyna öwürmegiñ hötdesinden geldik. Gysgaça beýan etsem, biziñ açyşymyz şundan ybarat: ”Ýaşaýyş – ölümiñ birinji basgança-gydyr!” Ýagny, adam alagedin gös-göni ölüp bilmez, ölmek üçin ol belli bir güýç sarp etmeli, öz-özünden üstün çykmaly, bu elbetde, ýygy-ýygydan tragediýa aýlanýar, adam köplenç öz erkine ýagty jahany terk etmek islemeýär, başgaça aýdanyñda, hiç kimiñ ölesi gelenok. Adam ölüm howpy üstüne abananda, betbagt bolýar, ol
115
bedenindäki bar güýji bilen ýaşaýyşdan ýapyşýar, aýagyny diräp, bärde galjak bolýar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ adamzada beren beýik açyşynyñ gözbaşynda ýatan zat – bu hadysa içgin düşünmekden hem oña degişli jogap tapmakdan gelip çykandyr. Ol hakynda men biraz soñra size jikme-jik düşündirerin, ýöne kim-de-kim: ”Prosesi tizleş-dirmegiñ hasabyna pidanyñ jebrini azaldyp bolar” diýen pikire uýýan bolsa, onda bu problema biziñ garaýyşymyzdan düýpli tapawutlydyr. Has beteri-de, ol köne düşünje, ondan garañky Orta asyrlaryñ ysy gelýär. Biz bu ugurda adamzadyñ geljegini has ýeñilleşdirip, ömür bilen ölümiñ arasyndaky tragiki geçişi maksimal derejede ýumşadyp biljek açyşyñ üstünden bardyk we adamzadyñ ýagty geljeginiñ haty-rasyna ony dünýä bilen paýlaşmaga taýyn. Bu ýerde biz bir okda iki äpet towşany awlaýarys. Birinjiden, öz ýurdumyzda adam hukukla-rynyñ goragyndaky öñegidişlik bilen halkara jemgyetçiligini tanyş-dyrsak, ikinjiden, ösen ýurtlaryñ bizde goýýan sermaýalarynyñ peýdaly ulanylyşynyñ hasabatyny berdigimiz bolar.
Indi biz kähalatda jemgyetçilik problemasyna öwrülmäge görin şahsyet tragediýasyna gaýdyp geleliñ. Adam ölüm pursady ýakyn gelende, betbagt bolýar, ýagdaýy bolşundan-da beter pajyga öwür-mäge ilgezik we ony gereginden artyk dartgynlaşdyrýar. Elbetde, dürli sapalaga ýüz urýanlar-da ýeterlik, meselem, käbir adamlar añsat ölmek isleýärler, olar hiç bir esas ýok ýerden alyp-da, merhemetli jenap ýoldaş Prezidenti tankytlap ýa-da onuñ beýik gumanistik syýa-satyna dil ýetirip başlaýarlar, olar şeýtmek bilen bu dünýäniñ aza-byndan añsatlyk bilen dynmak isleýärler, emma bu olara her ädimde başardyp duranok, bizem çöregi agzymyzdan iýýäris. Has beteri-de, olaryñ birentegi soñra degişli suratda terbiýelenmek, öz çüýrük piki-rini üýtgetmek islemeýär. Ol tetelliler mümkin bolan ähli ýollardan diñe añsat ölümi saýlap almakçy bolýarlar. Emma biziñ ýurdumyzda beýle baş-başdaklyga ýol ýok, adam islese-islemese-de, jenap ýoldaş Prezidentiñ içki syýasatynda göz öñünde tutulan maliýe serişdelerine laýyklykda terbiýeçilik etaplarynyñ hemmesini basgançak-basgançak geçip, diñe soñra, diñe öz ölmeli wagtynda, ölüp biler. Her ýylda döwlet býujetinden halkyñ bu hajatlaryna geregiçe sarp edilmegi, jenap ýoldaş Prezidentiñ halkymyz, biziñ her birimiz hakynda ýa-dawsyz atalyk aladasydyr. Elbetde, bu aladany äsgermezçilik etjek bolýanlar tapylýar, ýöne olaryñky başa barmaz, her kes öz güýjüni
116
ölçemelidir. Indi ömrüñ ortaça uzaklygyny alyp göreliñ... Ol hiç haçan, hiç bir ýurtda deñ bolmandy, biziñ ýurdumyzda-da dürli-dürli. Hiç bir ylym kimiñ näçe ýaşajakdygyny öñünden aýdyp bilmez, biz hem, gynansak-da, entek tebigatyñ bu syryny çözüp bilemzok, emma onda-da käbir umumylyklaryñ bardygy göze görünýär. Meselem, meniñ öz gelen netijäm – ýüreginde jenap ýoldaş Prezidente belent söýgi ody tutaşanlar ortaça alanyñda, bu mukaddes söýgüden mah-rumlardan has uzak ýaşaýarlar. Bu köneden gelýän ajaýyp bir haky-katy – adamynyñ saglygy üçin söýgüniñ ýigrençden peýdalydygyny subut edýär. Görşüñiz ýaly, umumyadamzat gymmatlyklary biziñ ýurdumyzda añrybaş ýörgünlidir, olar her ädimde dabaralanýarlar.
Esasy bellemeli zat: ölüm biziñ ýurdumyzda köneden galan zyýanly mirasdyr. Ondan bütinleý dynmak mümkin bolmansoñ, biz ölüme gidýänleriñ soñky günlerini, sagatlaryny başardygymyzça şat etmäge we bu ikaradaky gerekmejek tragiki dartgynlylygy maksimal gow-şatmaga ýykgyn edýäris. Bu ugurda käbir üstünlikleri gazanandygy-myz-da şübhesizdir. Biz bu prosesi birnäçe etaplara bölmek arkaly ölüm bilen ömrüñ arasyndaky garşylygy ep-esli ýumşatdyk. Netijede indi bizde ölýänler ölümden gorkmaýarlar, olar bilen öñürti uly taýýarlyk işleri geçirilýär, dirikäler atlary dirileriñ hasabyndan öçüri-lip, ölüleriñ hataryna goşulýar, bir göräýmäge sadaja bolup görünýän bujagaz çäräniñ özi garaşylmadyk gowy netijeleri berdi, indi biziñ müşderilerimiz özleriniñ ölendigine ymykly göz ýetirip, añrybaş rahat, arkaýynçylykda ýagty jahan bilen azarsyz-bizarsyz hoşlaşma-ga mümkinçilik aldylar. Olaryñ ençemesi bolsa, meýletinlik bilen öz ölümini tizleşdirmegi-de bizden uzur ötünip dileýärler. Emma munuñ özi biziñ syýasatymyz üçin ahlak meselesi bolup durýar we beýle haýyşlara jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi aýratyn tertipde garaýar. Wagtyndan öñ ölmek isleýän bu hormata mynasypmy ýa-da dälmi bolmaly. Ýagny ol ölümiñ başky etaplaryndan göreldeli geçipmi ýa-da ýok? Onuñ syýasy geçmişi nähili? eger azatlykda galan ýakyn hossarlary bar bolsa, olar özüni nähili alyp barýarlar? Bu zatlaryñ hemmesi meseläniñ çözgüdinde rol oýnaýar. Kada bolup galyşyça, jenap ýoldaş Prezident beýle haýyşlary örän seýrek kanagatlan-dyrýar. Eger siz diwara seretseñiz... – müdir görkezme taýajykly elini tutuk garamtyl ýaşyl reñki soýuk-soýuk alagarañky diwardan asylgy ýazga uzatdy, – ine, jenap ýoldaş Prezidentiñ bu hakdaky 117
pähimini okap bilersiñiz: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Bu sözler biziñ kyn, emma watançylykly işimizde gymmatly görkezme bolup hyzmat edýär. Hut bu pähime gollanmak bilen çekýän zähme-timiz öz netijesini-de berýär, biziñ müşderilerimiziñ köpüsiniñ iñ soñki deminde hatda öz ýakynlaryny-da göresleri gelenok. Ýogsam, bizde bu gadagan däl, dogan-garyndaşy bilen duşuşmakçy bolan müşderilerimize ýörite kosmetologyñ hyzmatyndan peýdalanmak-da bolýar. Emma olaryñ köpüsi soñky pellä çenli öz ýakyn hossarlary-nyñ atlaryny we adreslerini unudýarlar ýa-da olaryñ agzan adresinde ýaşaýyş jaýy tapylmaýar. Olaryñ ýadynda diñe bir mukaddes at, beýik serdarymyz jenap ýoldaş Prezidentiñ ady galýar. Ine, şu-da biziñ işimiziñ iñ ýokary netijesidir!
Adatça, olar soñky pellede öz ”berkidilen hossarlaryny” höwür tutunýarlar. Bu höwrükme käte hyýaly derejelere baryp ýetýär we käbir faktlary gözüñe ýaş aýlaman diñlemek mümkin däl. Olar öz ”berkidilen hossarynyñ” elinden tutup, käte olaryñ ellerinden ogşap, minnetdarlyk duýgusy bilen jan berýärler.
Häzir men sizi şeýle ýürekdeş ”berkidilen hossarlaryñ” biri Köse bilen tanyşdyraýyn. Ol öz işiniñ ussady hasap edilýär. Bizde hormat tagtasy ýok, ýöne siz bu ýigidiñ giñ mañlaýyly boldumly gyzyl ýü-züni onuñ hossarlyk edýän müşderileriniñ minnetdar ýüreginden tapyp bilersiñiz. Ol ýürekleriñ käbiri goñşy jaýda görkezme esbap hökmünde içi ýörite erginli bankalarda saklanylýar. – Myhmanlaryñ ýakyn gelenini ýeñsesi bilen duýan orta boýly gyzyl ýüzli ýigit ýa-kymsyz giñ mañlaýyna inen burçak-burçak derini sylyp, edep bilen ýerinden turdy we başyny aşak egip salamlaşdy. – Olaryñ ençemesi bu görýän keşbiñizi öz ýanlary bilen o dünýä müdümilik alyp gitdiler – diýip, Diller institutynyñ müdiri öz işgäri bilen tanyşdyryp durşuna onuñ arkasyna ýuwaşjadan ätiýaçly kakdy. Köse öz tejribesine daýa-nyp, ýüzüniñ ugruna gürrüñe gyzykdy.
– Men öz ýurdumyzda demokratik döwlet gurmaga gatnaşýanym üçin jenap ýoldaş Prezidente baky minnetdar. Men öz edýän işimiñ oña gerekdigini her demimde duýýaryn. Demokratiýa meniñ üçin öz başlygyña gulluk etmek. Onsoñ haýsy jemgyetçilik gurluşynda ýaşap ýörenligimiziñ tapawudy ýok – meniñ üçin mydama demokratiýa, meniñ demokratiýama hiç haçan hiç zat howp salanok. Men bagtly adam, öz bagtymy özüme berkidilen müşderilere geçirmek üçin
118
elimde baryny edýärin. Geçirýärinem. Şonuñ üçinem olar maña minnetdar. Men olar bilen örän medeniýetli işleşýärin, muny jenap ýoldaş Prezidentiñ instruksiýasy bizden berk talap edýär, ýöne eger müşderilerimiñ içinden biziñ öñki Sowet döwletimize at dakýany tapylsa, onda bu meniñ myrryhymy tutdurýar. Sebäbi ol döwür me-niñ iñ öndümli işlän ýyllarym. Onsoñ-da men iş dannamok, diñe çöregimi halal gazansam bolany! Munuñ üçin men müşderilerden öz wagtymy aýamok, gerek bolsa, gijesi bilen-de olaryñ ýanyndan aýry-lamok, hudaýa şükür, iş näçe diýseñ tapylýar, käte öz etjek gowy işlerimiñ hemmesine ýetişmezmikäm diýip gorkýaryn, onsoñ gyssa-nyp başlaýaryn; şol sebäplem işimde käbir harsallygyñ gidýän bol-magy ahmal. Ýöne bu meselede maña geçirimlilik edersiñiz diýip umyt edýärin. Elbetde, müşderileriñ käbiri meniñ wagtymyñ çäklidi-ginden hilegärlik bilen peýdalanyp, wagtyndan öñ ”bagtly ölüm” sektoryna özlerini atmagy başarýarlar. Sebäbi garaşsyzlyk alalymyz bäri biziñ institutymyzyñ üstüne çakdanaşa agram düşýär, öz başy-myzy özümiz çaramaly bolýarys. Ozal bu işler merkezleşdirilendi, ýagny biz müşderileri merkeze iberip dynýardyk. Ýöne, käbir harsal-lyklaryñ bardygyna garamazdan, biziñ tejribämiz günsaýyn artyp barýar. Bir begendirýän zat, ol hem soñky döwürde institut-labaratoriýamyzyñ müşderi taýdan üpjünçiligi göz-görtele artdy, indi öñki sowet döwletimizi öwýänler-de, döwýänler-de, ýagny köneçil-ler-de, täzeçiller-de biziñ elimize düşýär. Bu-da biziñ institutymyzyñ uly geljeginiñ bardygyndan habar berýär. Onsoñ neneñ işe höwesiñ artmasyn?!
– Siz muny nämedendir öýdýäñiz, nämüçin täzeçiller-de, köneçil-ler-de size iberilýär? – diýip, göwresine gorky aralaşan Ýumry Dereli ätiýaçly sorady.
– Bize täzeçilem gerek däl, köneçilem, bize hiç zat gerek däl. On-soñam men şu aşaky gatda işleýän, ýokarda nämeleriñ bolup ýören-digini bilemok, bilmegem islämok. Maña öz ugrumdan iş tapylsa – bolany. Institut işleýär, müşderi gelip dur – bu meniñ üçin iñ esasy zat, galany gyzyklandyranok. Men öñküm ýaly özüme ynanylan işi edýärin. Haýp, indi öñki ýaly gadyryñy biljek agyr döwlet ýok, ýy-kyldy, ýöne onda-da bir döwüm çörek tapdyrýar, meniñ başga da-wam ýok. Eşidişime görä, ýokarda hatda bir döwüm çöregem tapdy-
119
ranokmyş, ýöne bu ýerde beýle däl, iýjek-içjegimiz bol. Çagajykla-rymyzy-da hor edemzok.
Ýene bir aýtmaly zat, biz indi diñe praktiki iş bilen meşgullanýarys, teýoriýada biziñ isleglerimizi ellinji, hatda otuzynjy ýyllaryñ derejesi añry ýany bilen kanagatlandyrýar. Üstesine-de jenap ýoldaş Prezi-dentiñ taglymaty ýetişip, jaý wagtynda mañlaýymyzdan diredi, ýog-sam döwletimize hem halka howa ýaly derwaýys Diller institutymy-zyñ teoretiki bazasy gowşajakdy. Ondan añyrsy, gör-bak, onsoñ näme boljak, anarhiýadyr-demokratiýa ýa-da ýene-de bir şoña meñ-zeş düşnüksiz zat. Ýöne indi bu howp biziñ üstümize abananok, biz entekler öz halkymyzyñ hyzmatynda golumyzy çermäp işläris. Mate-rial-tehniki bazamyz hem gitdigiçe baýlaşýar. Bu meselede biz öz geçmiş mirasymyzdan geregiçe susup alýarys, ýagny ata-babalarymyzyñ ulanan abzalaryny öz işimizde üstünlikli peýdalanýa-rys. Meselem, bu atagzy mundan bäş ýüz ýyl öñ ýasalan, emma sere-diñ, asyl könelige ýanaşýan ýeri ýokdur, ýene birnäçe ýüz ýyllap biziñ halkymyza hyzmat edip biljek. Ýa-da, ynha, bu ýüpe üns beriñ, ”nämeden işdiñiz?” diýäýmeli, entekler mizejek däl, adamyñ teniniñ içinden edil ýiti pyçak ýaly geçýär, muny ulanañda, sabyn çalmagyñ-da düýbünden geregi ýok; göräýmäge, bir ýüpjagaz, emma biziñ döwletimize ullakan tygşytlylyk getirýär. Elbetde, biziñ ýurdumyzda sabynyñ gytçylygyndan habaryñyz bardyr. Geliñ, bu otagdaky abzal-larymyza-da serediñ. Ajaýyp zatlar! Bularyñ kömegi bilen Institutyñ ýekeje işgäri bir wagtda azyndan on müşderä hyzmat edip bilýär.
Myhmanlar köne stollaryñ üstünde başly-barat üýşürilip goýlan onlarça gödek demir abzallary gördüler. Olar dürli ululykdaky gy-saçlardan, demir aranlardan, çişlerden we boýuntyryklardan ybarat-dy. Bu posly abzallarda gan-kokuñ yzy tegmil-tegmil görnüp, iniñi tikenekledýärdi. Güýz aýydygyna, howanyñ entek aşa maýyldygyna, jaýyñ içinde bolsa hatda yssydygyna garamazdan, myhmanlar egin-lerini gysyp, boýunlaryny içine çekenini duýman galdylar. Diller institutynyñ göreldeli işgäri bolsa, iniñi üznüksiz digdiredýän my-laýym ses bilen ýene-de dowam etdi:
– Bu tygşytlylyk diñe öz geçmiş mirasymyza dolanmagyñ netije-sinde mümkin boldy. Ýoldaş müdir, ýüzlenmäge rugsat ediñ! – diýip ol sözüniñ soñunda hoşallyk bilen özüne ýylgyryp seredip duran müdire garşy bir ädim ätdi.
120
-
aysyzgije
13 years ago
- – Rugsatdyr!
– Ýoldaş müdir, meniñ ulanýan ak esgilerim ezilip, sandan çykdy, maña täze bir dañy almaga rugsat ediñ!
– Alybilersiñiz, esasy zat – müşderilere mynasyp hyzmat!
– Minnetdar!
Müdir bilen onuñ göreldeli işgäri ellerini ýok papaklarynyñ etegine çalt ýetirip aýyrdylar.
Kiçi ylmy işgär Köse gan-koka göýügen letdeleri gujaklap haýdap gitdi.
– Gelip duruñ, bu taýy gowy ýerdir. Eger siz bize müşderi bolup gelseñiz, men size ”berkidilen hossar” bolmaga taýýar! – diýip, ol letdeleri gujagyna alansoñ, hoşlaşyp durkalar myhmanlara elinini uzadyp, garagolluk bilen gözüni gypdy. Myhmanlaryñ elinde şepbe-şik, goýy gyzyl reñkli suwuklygyñ ýokundysy galdy...
– Indi men size öz iş usullarymyzy gürrüñ bereýin. – müdir zeý ysyndan ýaña dem almasy kyn uzyn koridoryñ ugry bilen olary alyp gitdi. Koridoryñ iki gapdalyndaky gapylardan aram-aram geñsi ses-ler çykýardy, şonda müdir ýüzüniñ ugruna gapydan boýnuny uza-dyp, ugrukdyryjy maslahatlary berip geçýärdi. – Oglanlar, bir işe başlamankañyz öñürti usulyny öwreniñ, arassa işläñ, ses çykmasyn. Başlangyç etap kyndyr, müşderileriñ energiýasy bolmalysyndan artykdyr, howlukmañ, müşderiñ raýyna garañ, onuñ öz hasabyna işleýändigiñizi unutmañ! – soñra ol bärisine öwrülip, gysgaça düşün-diriş berdi. – Geñ galmañ, bizde käbir hyzmatlar müşderileriñ öz şahsy maliýe süýşürintgileriniñ we olaryñ ýakyn garyndaşlarynyñ hasabyna edilýär. Şeýlelikde, olaryñ näçe etap geçjekdigi öz müm-kinçiliklerine bagly bolup durýar. Elbetde, bu meselede gozgalmaýan emlägiñ ähmiýeti uly, sebäbi biziñ ýurdumyzda gozgap bolmajak emläk ýok. Aýratynam ýurdumyzda ”Açyk gapylar” syýasaty yglan edileli bäri.
– Biz-de şondan soñ bu ýere geldik-da, ýogsam özümiz zehinli jurnalist-murnalist, aç ölüp baramzok-da... – Firez Razan Atdaş ýöw-sel hüñürdedi. – Biziñki ýöne bir o zat-da...
Ýumry Dereli onuñ dadyna ýetişdi:
– ”Hem zyýarat, hem tijarat!”
– Hawa. Gapylar açyk bolsa, näme diýañyz oña... hammamyza-da peýda-da. Ýöne bu syýasata her kişiniñ öz düşünişi bar-da...
121
– Kim nähili düşünse, şol hili düşünsin! – müdir onuñ gepini şarpa ýoldy. – Meniñ üçin onuñ manysy aýdyñ: biziñ ýurdumyzda hiç kese gapysyny içinden ýapmak bolanok. Ýaşaýyş jaýlarynyñ gapylary gije-gündiz açyk durmaly!
– Bagyşlañ, ýöne gapyñy ýapmasañ, meselem, gyşyna öýüñ içi ýalazy meýdana dönmezmi? – Ýumry Dereli ullakan burnuny elledi.
– Ajal almadygy, sowuk almaz! Diñe döwlet adamlarynyñ öýüni içinden gurmaga haky bar, ýogsam öýüñ aýnasy açylanda garşylykly şemalyñ döwlet ähmiýetli kagyzlary köçä uçurmagy ahmal. Ýöne eger ilat öýüni içinden gurup otursa, onda biz nädip jenap ýoldaş Prezidentiñ dana pähimlerini günübirin durmuşa ornaşdyrmaly? – ol görkezme taýakly elini ýene-de diwardaky betnyşan ýazga uzatdy. – Bu ýazgy biziñ durmuşymyzda uniwersal görkezme bolup hyzmat edýär we mundan çuñ teoretiki gollanmañ bize asla geregi ýok, sada boldugyça, şonça-da gowy, aklymyz garjaşanok, hemme zat eliñ aýasyndaky ýaly düşnükli. Halk hemişe gysga hem düşnükli dili talap edýär. Jenap ýoldaş Prezident muny gowy bilýär, edil gudratly mumyýanyñ dagyñ daşyndan syzylyp çykyşy dek ol biziñ halkymy-zyñ öz ruhundan syzylyp çykan adam, onsoñ halkyñ ugruny ol tap-man, kim tapsyn? Ol bütin ýurdy durmuşyñ her bir ugrunda deñ de-rejede oñaýly ulanyp boljak uniwersal gollanmalar bilen üpjün edýär. ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Nähili sada hem düşnükli! Bu gollanma-şygara biziñ ýurdumyzda siz bäbekhanalardan tä garrylar öýüne deñeç ähli edaralarda, zawod-fabriklerde, ylmy we döredijilik guramalarda duşup bilersiñiz. Olaryñ her birinde-de bu beýik şygar täze mana eýe bolup, täzeçe ýañlanýar. Gymmatbaha göwher daşy ýaly, her gezek täze bir öwüşgün bilen göreniñ gözüni gamaşdyrýar.
– Eger-de siziñ müşderileriñiziñ bu ýere getirilmezinden ozalky ýygnap-ýygşyran gazançlary gutarsa, onda olar institutdan erkinlige goýberilýärmi? – diýip, myhmanlaryñ biri öz soragyndan özi çekinip sorady.
Diller institutynyñ müdiri syrly kinaýa bilen gülümsiredi.
– Biziñ müşderilerimiz Diller institutymyzdaky ýaly içgin aladany başga hiç ýerden tapmazlar. Niýetlenen serişde gutaransoñ, olara edilýän hyzmatyñ diñe hiline özgerişler girizilýär we terbiýeçilik etabyndan intensiw etaba, ýagny ”bagtly ölüm” etabyna geçirilýär. Döwletimiz ýaş, maliýe serişdeleri tükeniksiz däl, býujetden bize
122
goýberilýän serişdeler-de çäkli, şonuñ üçin-de, käwagt terbiýeçilik işleri ýañy ýagşy umytlary döredip başlanda müşderini terbiýeçilik sektoryndan gös-göni intensiw ”bagtly ölüm” sektoryna geçirmeli bolýan halaty-da seýrek bolmaýar, asla bu adaty ýagdaý diýseñ-de boljak. Sebäbi men öz müdirlik edýän döwrümde entek biziñ müşde-rilerimiziñ içinde material taýdan öz başyny çarap, terbiýeçiligiñ ähli etaplaryny geçip bilenini ýadyma düşürip bilemok. Munuñ iki hili sebäbi bolup biler: birinjiden, biziñ institutymyzyñ müşderilere edilýän hyzmatyñ ýokary hilliligi we köpgörnüşliligi, netijede çykda-jylydygy; ikinjiden bolsa, müşderileriñ material ýagdaýynyñ ”meñki bolsun” diýerden pesligi. Ana, onsoñ diñe daşarky döwletlerden iberilýän gumanitar kömege bil baglamak galýar, onuñ möçberi-de adam janyny gutarardan ejiz bolansoñ, müşderileriñ ”bagtly ölüm” etabyna geçmegi gutulgysyzlyga öwrülýär. Ynanyñ, bu ýagdaýa biziñ özümiz-de gynanýarys, emma etjek alajyñ nä, hemme işde bol-şy ýaly, bizde-de adam ömrüni gysgaldýan zat – serişde ýetmezçiligi. Biziñ müşderilerimiziñ ýagdaýynyñ halkara kömegine gös-göni ga-raşly bolup durýandygyny siz inkär edip bilmeseñiz gerek.
Müdiriñ çuññur gussa bilen dem almagy myhmanlarda onuñ çyny bilen hasrat çekýändigine birjik-de şübhe goýmady. Olar müdire duýgudaşlyk bildirip, dymdylar, ýöne Gire Zire bu dymyşlykdan gorkup, dil ýardy.
– Ol bendelere hiç ýerden ýardam ýetenokmy, aýratyn-da, siziñ pikiriñizçe, olaryñ düzelmegine haýsydyr bir umyt dörän ýagdaýyn-da?
– Bizde hiç hili pikir ýok, bizde diñe instruksiýa bar. – diýip, müdir myhmanlara sypaýyçylyk bilen berk duýduryp goýdy. – Biziñ müş-derilerimiziñ ”bende” diýlip atlandyrylmagyna men Institutyñ müdiri hökmünde resmi suratda protest bildirýärin we biziñ Diller instituty-myzyñ çäklerinden çykýançañyz sözleri seresaply ulanmagyñyzy dostlarça maslahat berýärin. Onuñ çäkleri bolsa, elbetde, ýurduñ çäkleri bilen gabat gelýär. – müdir ädiginiñ gonjundan daragyny çykaryp, gaşlaryny darap durşuna myhmanlara syrly gülümsiredi. – Hawa, sözümiñ gurak bolmazlygy üçin özümize gelýän myhmanla-ryñ belli bir prosentiniñ soñra biziñ müşderilerimiziñ hatarynda bu ýerde hemişelik galdyrylýandygyny duýdurmalydyryn. Ägä boluñ!
123
– Sizden müñlerçe gezek ötünç soraýarys, geçirimlilik ediñ, sebäbi biziñ bu ugurdan taýýarlygymyz gowşak. Dogrymyzdan gelsek, biz beýle instituty ömrümizde birinji gezek görýäris. Afrikada, Latyn Amerikasynda we Azyýanyñ käbir ýurtlarynda muña meñzeş edara-lar barmyş diýip eşidýärdik, ýöne siziñ Institutyñyz bilen deñeşdire-niñde, olaryñ barypýatan oglan oýunjagy bolup çykmagy ahmal. Sizde bu iş senagat derejesine ýetirilipdir. Ýöne siziñ Institutyñyzyñ adynyñ adamyny azaşdyrmagy ahmal.
Müdir gaşlaryny çytsa-da, birneme hoşniýetli gülümsiredi.
– Adaty formallyk, bu biziñ Institutymyzyñ diñe tehniki ady. Biz öz maliýe serişdelerimizi döwlet býujetiniñ ”önüm öndüriji kärhanalar” bölüminden alýarys. Goý, bu siziñ biziñ institutymyza bolan sarpa-ñyzy kemeltmesin, öz diliñize eýelik etmek üçin, gerek bolsa, siz ony Dilsizler instituty diýibem okap bilersiñiz. Jenap ýoldaş Prezidentiñ hut öz howandarlygynda bolanymyz üçin bizi hiç bir formallyk gor-kuzmaýar. Biziñ adymyz diñe daşarky dünýä üçin reklama. Döwür şeýle, hatda bizem daşardan gelýän pul-maýa goýumyna we gumani-tar kömege mätäç bolmazdan ýaşap bilemzok. Görşüñiz ýaly, biziñ müşderilerimiz hut şol kömegiñ hasabyna arassa egin-eşik, ýorgan we ýassyk daşlary bilen üpjün edilýär. Pul kömegini bolsa, biz we-laýatlarda öz bölümlerimizi açmaga sarp edýäris. Institutyñ müşderi-leri gitdigiçe artmak bilen, diýmek, bize edilýän döwlet zakazy artýar. Biziñ institut-labaratoriýamyz häzir iki smenada işleýär. Eger ýakyn geljekde ýurduñ welaýatlarynyñ hemmesinde bölümlerimiz açylmasa, onda biz edil polat eredýän domnalar ýaly üznüksiz iş rejimine geçmeli bolarys.
– Biz häzire deñeç Institut-labaratoriýanyñ diñe aşaky bölegi bilen tanyşdyk, onuñ ýokarky gatlarynda iş niçik guralan?
Ýumry Dereliniñ bu soragy müdiri aljyratdy, onuñ hünni gara ýü-zünde ýakymsyz agymtyk reñk peýda boldy, gaşlary çytyldy.
– Olar bize degişli däl. Olaryñ asla terbiýeçilik bilen işleri-de ýok. Ol ýere adam aýagy sekdirilenok, olaryñ iş metodlaryny, ol ýerde nämeleriñ bolup ýörendigini hatda menem bilemok. – soñra ol agzy-ny myhmanlaryñ gulagyna degrip diýen ýaly gorkuly pyşyrdady: – Ol ýere işiñ düşmekden hudaýyñ özi saklasyn. Meniñ özüm-de her gün işe gelenimde, umumy girelgäniñ içinden tizräk geçenimi kem göremok... Diñe öz Institutymyza girenimden soñ bu günlükçe özü-
124
miñ diri galýandygymy bilip, uludan bir demimi alýaryn. Olar haky-ky iş bilen meşgul, olar bilen deñäniñde, biziñki ýöne bir güýmenje, oglan oýunjagy! – ol töweregine gözüni gorkuly gezdirip, ýuwudyn-dy. – Olar hakynda menden zat soramak – meniñ aýagymyñ aşagyny köwmek! Dogrusy, men sizden beýle ähdiýalanlyga garaşmandym, ”Oslamadygyñdan ol çykar...” diýleni, gör, siz nähili içigara ekeni-ñiz! Kebzeden pyçak sokmany hiç zatça görjek däl.
Myhmanlar müdiriñ gyýgyndan öler ýaly gorkdular. Olar boýunla-ryndan syrtmak ilip barýan dek daljygyp, özlerini goramaga gyssagly delil agtardylar. Myhmanlaryñ buýra saçlysy burnuna salyp, günäkär samrady:
– Rehim ediñ, ýoldaş müdir, biz näbileli bu zatlary? Näbelet bolam-soñyz gyzyklanaýdyk-da, günämizi ötüñ, gaýdyp gaýtalamarys!
– Gaýdyp gaýtalamajagyñyzy men näbileýin, ony barlamak üçin bilýäñizmi näçe wagt gerek? Bilmeseñiz, bilip goýuñ: käte oña ada-myñ ömri-de ýetenok. Ýeten ýerinde tükenýäni-de kän.
Myhmanlaryñ endamyna uşajyk galpyldy aralaşdy. Ýöne onýança müdir äheñini birneme ýumşadyp, olara hoşamaý ýüzlendi:
– Ýeri bolýar, wagtyndan öñ alada galmagyñ zerurlygy ýok, hemme zadyñ öz wagty bardyr, ýagny: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” – müdiriñ görkezme taýajygynyñ ujy eýýämbaçak diwardaky betny-şan ýazga garşy uzalyp durdy. – Bu gürrüñi häzirlikçe goýduk. Go-wusy men sizi öz işimiz bilen tanyşdyrmagy dowam edeýin, şonda siz biziñ niçiksi adamsöýüjilikli labaratoriýadygymyza ymykly göz ýetirersiñiz. Biziñ işimizde bize iñ uly ýardamçy – o dünýä iberilýän adamynyñ iýmitiniñ kem-kemden ylmy nukdaý nazardan kemeldil-megidir. Adamynyñ ýaşaýyş bilen arasy tebigatyñ özündäki ýagdaýa maksimal ýakynlaşdyrylan usulda azarsyz-agyrysyz üzülýär. Ylmy-tehniki dilde aýtsañ, onda bu proses doly güýjünde ýanyp duran lampany mikşerlemek usulynda usul-usuldan öçüren ýaly bir zatdyr. Müşderide soñky günlere, sagatlara deñeç ne agyry, ne ynjy, ne ünji galýar. Ol edil ahyryna deñeç ýanan şem kimin öz-özi hiç kime azar-syz öçüp gidýär. Biziñ döwletimiz bu meselede agyr ýüki öz üstüne aldy we ýurduñ ilatynyñ agramly bölegi bu alada laýyklykda o dünýä deñli-derejeli edip ýollanylýar. Häzir biziñ raýatlarymyzyñ diñe ujypsyzja bölegi hyrawa ölmäge mejbur bolýar. Bu esasan sandan galan garrylardyr, üme düşmez çagalar. Ilatyñ galan böleginiñ ölümi
125
bilen içgin gyzyklanmaga biziñ döwletimizde esas-da, isleg-de, mümkinçilik-de bar. Mümkinçiliklerimiz, elbetde, tükeniksiz däl, ýöne bu meselede iki zat bize ýardamçy bolýar: birinjiden, tebigatyñ öz usullaryny özleşdirmek; ikinjiden, daşary ýurt maýa goýumlaryny we dostlukly ýurtlaryñ goldawyny ýerlikli peýdalanmak. Bularyñ sazlaşdyrylyp ulanylmagy ýurdumyzda nusgalyk ümsümligiñ daba-ralanmagyna getirdi.
Indi az sanly hyrawa, ýagny özbaşdak ölüm barada... Käbir adamla-ryñ ömri öz iñ soñky nokadyna ýetýär-de, soñ tükenýär, käbiriniñki soñky nokatdan has bärde üzülýär, kä kişi öz eli bilen ömrüni üzýär, ýagny özüni öldürýär. Belki-de, munda logika bardyr, dogrudanam bu şeýledir, belki başgaça bolup hem bilmez, olar özleriniñ bu dünýäde ýaşamaga ahlak hukugynyñ ýokdugyna ilden öñürti dü-şünýändirler, emma beýtmek bilen olar ýurduñ mizemez kanunlary-ny gödek bozýarlar. Aslyetinde biziñ ýurdumyzda adamynyñ öz-özüni öldürmäge haky ýokdur, çünki munuñ özi kişiniñ bagyna gir-mekdir, barypýatan ogrulykdyr!
– O nähili? – diýip, myhmanlaryñ biri saklanyp bilmän, geñ galyp sorady.
– Sebäbi biziñ hemmämiziñ janymyz jenap ýoldaş Prezidente degiş-li, biz bolsa – kişiniñ harydyny amanat göterijiler. Diýmek, islän wagtymyz ölüp bilmejegimiz öz-özünden düşnüklidir. Munuñ üçin birnäçe zerur şertleriñ bir wagtda gabat gelmegi gerek: gizlin gullu-gyñ seniñ ömrüñe berýän bahasy we jenap ýoldaş Prezidentiñ mer-hemeti bu ýerde kesgitleýji faktorlardyr. Kişiniñ amanat harydyny göterijiler bolan biz hiç haçan oña dogry baha kesip bilmeris, eýsem bu düşnüksizmi? – nämedir bir jogap bermekçi bolup çemelenen myhmana ”geregi ýok” diýen yşaraty etdi-de, müdir öñküden-de mylaýym äheñe geçdi: – Birentek adamlar öz ömürlerine gymmat baha kesýärler. Bu-da gizlin gullugyñ olaryñ ýaşamak hukugyna beren ball-derejesi hem jenap ýoldaş Prezidentiñ kesen gymmaty bilen deñ gelmeýär. Beýle ýagdaýda olaryñ ömri Çary-kitabyñky ýaly soñlanýar.
– Eýsem ol eýýäm soñlandymy? – diýip, Ýumry Dereli kelebiñ ujuny ýitirip diýen ýaly sorady.
– Elbetde, siziñ gazetleriñiz entek ony ýazan däldirler. Munuñ se-bäbi: ol entek jenaýat edip ýetişenok. Ýöne biziñ Diller institutymy-
126
zyñ degişli bölümi indi edilmeli jenaýatlaryñ-da hasabyny ýöredýär. Meselem, bizde 2022-nji ýyla deñeç jenaýat etjek adamlaryñ anyk sanawy bar. ”Düýşler” bölümimizde men sizi olar bilen ýakyndan tanyşdyraryn. Institut ham-hyýallaryna, düýşlerine gözegçilik etmek arkaly olaryñ potensial müşderilik derejesini ýüze çykarýar. Elbetde, ol ömürler-de Watan üçin düýbünden ýitirilmeýär, peýdalanylýar, olaryñ göreldesinde müñlerçe adam dogry ýoldan gyşarman ýöreme-gi öwrenýär, aýagyny gyşyk basmaga çemelenip ýörenleriñ müñ-lerçesi bolsa, öz içlerinde dömýän gorkunç ýaradan saplanýar. Ozal-lar Çary-kitabyñky ýaly müñlerçe ömürler ýurt üçin hiç bir peýdasyz ýiter giderdi, olar atsyz-sorsuz ýitirim edilerdi, emma jenap ýoldaş Prezidentiñ genisi bu meselede-de halkymyza uly açyşy sowgat etdi: indi her bir adam ters ýola düşeniñ ýa-da düşmegi ýüreginde besläniñ terbiýeleýji äheñdäki sesini ýerli radiokanallardan hepdäniñ belli günlerinde diñläp bilýär. Terbiýeleýjilik ähmiýeti has uly bolan ýag-daýynda halka bu möhüm çäreler telewideniýe arkaly görkezilip durulýar. Ýöne Çary-kitap beýle hormata mynasypdyr öýdemok, obadaşlary onuñ diñe sesini eşidip oñmaly bolsalar gerek. Töwekgel-ligi öz başyma çekip, size ýene käbir zatlary görkezip bilerdim, me-selem... – ol gapylaryñ birini itdi. Göreñde gözüñi ýadadýan reñkli soýuk-soýuk diwarly hapa otagyñ ortarasynda arassa düşege çümüp, üç sany ýatylýan sekiniñ üstünde üç müşderi ýatyr. Olaryñ iki çetkisi itden hor, ýüzlerinde reñk-pet ýok, gözlerinden ýaşaýyşyñ hezili öçen, ortaky welin, hiç-neneñ däl, entek teninde ýaşaýyş odunyñ ýanyp durandygy kemsiz saýgardýar. Ol hatda myhmanlar otaga giren badyna garagolluk bilen gözüni gypmaga-da ýetişdi. – Ine se-rediñ, hemme zat edil bolmalysy ýaly: arassa ýorgan-düşek, egin-eşik. Ýorgan, ýassyk daşlary wagtly-wagtynda täzelenip durulýar. Eger haýsydyr bir sebäbe görä, bularyñ eşigine gan-kok degse, onda ol bada-bat çalşyrylýar.
– Bular nämüçin it ýaly hor? Bulara iýmit bereniñiz ýokmy? – myhmanlaryñ kütimañlaýy müşderileriñ birine golaýlap, gynanç bilen sorady. – Eger şertnama gol çekişseñiz, men size daşary ýurt-dan iýmit ibererin, siz-de onuñ ýerine maña, meselem, buýan köküni ýa-da pagta.
Müdir mylaýym gülümsiredi.
127
– Gadyrdan, Firez Sazan Atdaş, men size başda-da duýduran ýaly-dym...
– Ýok, ýalñyş... Firez Razan...
– Hawa, edil özi, Süzer Razan Atdaş... men size başda duýduran ýalydym... Biziñ Institutymyz ýönekeý däl, muña ýöne ýerden Insti-tut-labaratoriýa diýlenok, çünki biz öz müşderilerimizde dürli ter-biýeçilik usullaryny synag edip görýäris. Onsuz biziñ ilaty terbiýe-lemek meselesinde goñşy döwletlerden yza galmagymyz mümkin. Soýuz döwletimiz dargady, Ewropa tipli okuw bazamyzy ýitirdik. Indi biz öz başymyzy çaramaly bolýarys, görşüñiz ýaly, çaraýary-sam: geliberiñ! Hawa, ynha, bu otagda siz şeýle gyzykly synaglaryñ birini görýärsiñiz. Serediñ, bu iki hor müşderi – oppozisiýadaky öñki syýasatçylar. Olaryñ ortasyndaky – adaty katalizator; ýazgylar kita-byny agtaryp görseñ, bar günäsi ýa birki sany adam öldürendir ýa-da halkyñ emlägini ogurlandyr. Müşderileri şeýle usulda ýerleşdirmek bilen biz döwletiñ düýbüne howp salýan adamlara terbiýelenmäge artykmaç şans berýäris. Bu iki syýasatçy, islese, adaty grajdaninden görelde alyp, terbiýelenip biler. Bu ýerde biz durmuşyñ öz içki re-zerwlerini ulanýarys, ýagny jemgyet üçin howpsuz jenaýatkäriñ gö-reldesinde howply jenaýatçylary terbiýelemäge synanyşýarys. Iş metody şundan ybarat: her günde bu ýatanlara garyndaşlaryndan hat getirilýär. Kellesiniñ gyzgynyna birki sany adam öldüren ýa garakçy-lyk eden sap ýürekli grajdanine gelýän hatlarda oña uly söýgi bar, ýakynlary geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, yzyndan reñkli suratlaryny iberýärler, oña hossarlaryndan her hili sowgat, iýmit almak-da bolýar. Onuñ iki gapdalyndaky goñşusyna bolsa, diñe hat almak bolýar, emma ol hatlarda olar her gün öz ýakyn hos-sarlarynyñ näletini we dogan-garyndaş, dost-ýarlarynyñ özlerinden ýüz öwrendiklerini okaýarlar. Hatlaryñ hemmesi-de tüýs ýürekden ýazlan, emeli däl. Olarda bularyñ yzynda galan ýakyn hossarlarynyñ düşen ahlak hem material ýagdaýlary dogruçyl gürrüñ berilýär. Baş-ga pikirlileriñ ýa-da oppozision meýilli syýasatçylaryñ yzynda galan-laryñ gününiñ niçikdigini soraman biläýmeli, ol hatlar bulary gün-günden eredýär. Meselem, olar öz aýallarynyñ we ýaş gyzlarynyñ maşgalany eklemek üçin gazanç edişleri bilen yzygiderli tanyşýarlar. Diñe müşderiniñ wagtyndan öñ ölmek howpy ýüze çykan ýagdaýyn-da biz hatlardaky bagryñy ezýän setirleri gaýçylaýarys. Munuñ sebä-
128
bini siz eýýäm bilýärsiñiz, giren gapyñyzyñ ýokarsyna serediñ! – ol ýerde ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ganatly sözler asyl-gydyr... Bizde bulara başga jeza berilmeýär. Ýogsam, bularyñ üçüsi-de deñ iýip-içýär diýäýmeli, emma serediñ tapawutlaryna! – müdir elindäki görkezme taýajygy bilen müşderileriñ ýatyş geýmini galdy-ryp, injiklerini gezegine açyp görkezdi. Ine, bu oppozisioneriñ agra-my bize gelende, hany ýazgy kitapçasyny göreýin, 78 kilody, düýnki ölçegde ol eýýäm 42-ä düşüpdir. Üns beriñ, bu bary-ýogy iki hepde-de gazanylan netije! Ýekeje taýak çalmazdan! Biz bu ýerde milli psihologiýany rasional ulanmagyñ ugruny tapdyk. Hut biziñ ýerli labaratoriýamyzyñ açyşy!
– Diýseñiz-de, bularyñ gözlerine nämedir bir zat sepilene meñ-zeýär? – Ýumry Dereli syýasy müşderileriñ biriniñ alkymyna bardy. – Bularyñ gözleriniñ üstki gatlagyndaky küljümek reñk näme?
Müdir başyny ýaýkady.
– Ýok, siziñ çakyñyz düýbünden nädogry. Siziñ ol synlaýanyñyz gubar. Adam ýaşaýyşdan beden hem ahlak taýdan des-deñ umydyny üzende, gözüne gubar inýär. Onuñ üçin artykmaç çykdajy etmegiñ geregi ýok. Bu diñe terbiýeçilik işiniñ dogry alnyp barylýandygynyñ alamaty.
– Eýsem, bu adaty kriminal müşderiñiziñ ykbaly niçik bolar? Onuñ Diller institutyndan yzyna çykmak şansy barmy?
– Olara ”müşderi” diýilmeýär, katalizator diýilýär. Institutyñ içki düzgünlerine görä, olaryñ ýagdaýy adaty durmuş derejesinde sakla-nylýar. Olar diñe biziñ eksperimentlerimizde ”prosesi tizleşdirijiler” hökmünde ulanylýarlar. Bu-da olaryñ degişli jezasyny çekdigi hasap edilýär. Olaryñ bu ýerden çykmak şansy girmesinden has uly. Çy-kansoñlar, olardan adam öldürenleri içki syýasatda, aýratyn uly möçberdäki kriminal zehinler – daşarky gatnaşyklarda ulanylýar. Köplenç ykdysady ugurda, ýöne bu hökmany düzgün däl. Biziñ bu ”tizleşdirijilerimize” soñra siz daşary ýurtlar bilen islendik gatnaşyk-larda jogapkär wezipelerde-de duşup bilersiñiz. Ýurdumyzyñ intel-lektual baýlygyna guwanmak hemmämiziñ borjumyz.
Koridora çykansoñlar, myhmanlar biri biriniñ ýüzüne ýürekgysdy-ryjy gorky bilen seredip, başlaryny aşak saldylar.
– Bu näme? – Ýumry Dereli ýüzüne ”Düýşler” diýlip ýazlan gapa barmagyny çommaltdy. 129
Müdir ýüzüni çytdy.
– Bu ýerde hiç hili gyzykly zat ýok, güman edilenleriñ düýşleri barlanýar. Jaýyñ içi dürli gymmatly elektron abzallardan doly, ol ýerde hiç bir gyzykly tomaşa görüp bilmersiñiz. Ýöne biziñ Institu-tymyzda bu-da möhüm bölümleriñ biri. Biz bu jaýda jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasatyna ýakyn wagtda garşy çykjak adamlary öñün-den belli edýäris. Bu jaýdaky müşderiler birnäçe aýlap ýa-da ýyllap kellelerine elektron abzallar berkidilen görnüşde ýaşaýarlar. Olaryñ düýşleri we dürli ýagdaýda kelle beýnilerinde peýda bolýan hyýalla-ry gözegçilik astynda saklanylýar. Bilýäñizmi näme, bu jaýda iñ täsin açyşlar ýüze çykýan halaty-da bolýar. Meselem, adamynyñ özi beýnisinde ýurduñ syýasatyna garşylyk döreýändigini bilenok, ol edil düwünme keseline duçar bolan betbagt ýaly arkaýyn gezip ýör. Ol özüniñ bir günden bir gün bu aýylganç keseliñ pidasy boljakdy-gyny asla añanok. Emma biz öz ýerimizde! Biz hemişe betbagtçyly-gy has öñünden görýäris we onuñ öñüni almaga girişýäris! Biçärele-riñ köpüsi soñra özlerinde jenap ýoldaş Prezidentiñ garşysyna beýle ýigrenjiñ dörändiginden habarsyz galandyklaryny ak ýürekden boýun alýarlar we özlerini onuñ çäksiz geçirimliliginiñ öñünde bi-möçber günäkär saýýarlar.
– Biz bu otaga sähel-mähel göz aýlasak bolmazmy? – Firez Razan Atdaş ýagly mañlaýyny ýaldyradyp, dodaklaryny ýalady. – Ýöne keýpine, belki, bu ýerde biznes üçin peýdaly zatlar bardyr?
– Ýok, bolmaz... – müdir birneme tutuk seslendi, onuñ bulanyk gözlerinde çyg göründi, gözi çylgym-çylgym gyzardy. – Meniñ bu otaga giresim gelenok. Girsem, soñra birnäçe günläp özümi alyp bilemok. Bu ýerde meniñ aýalym bilen iñ uluja gyzym ýatyr. Menem adam ahyryn!.. Gyzjagazymyñ gözleri soñra uzyn günläp gözümiñ öñünden gidenok. Ol meniñ ýüregimden önen perzendim dälmi nä? Meniñ oña ýüregim awamaýandyr öýdýäñizmy? Ýok, jenaplar, awaýar, meniñ ýüregimiñ başy hemişe çawlanyp dur, emma gulluk – gulluk bolýar. Döwletimiziñ sarsmaz binýady biziñ Institut-labaratoriýamyz. Muny jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi guwanç bilen nygtaýar. Onsoñ, heý, nädip beýle beýik ynamy ýere çalyp bolar?! Men bir günden bir gün hut öz aýalymda hem gyzymda aýyl-ganç keseliñ simptomlaryny gördüm. Men bu ugurdan spesialist halyma öz öýümde döräp biljek bela-beteri görmesem niçik bolar?
130
Dogry, ol entek bäri-bärde dömjek kesel däldi, ýöne onda-da herki belanyñ öñünden gaçan ýagşy. Eger men öz öýümde ruhy sagdynly-gy saklap bilmesem, halkymyza, döwletimize nepim degermi? Beýle bolsa, meniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde eden mukaddes ka-samymyñ niçesi bir pul? Ýok, meniñ beýle ikiýüzlülige, anthorluga ynsabym çatmaz. Gowusy, goý, köýen men bolaýyn, ýöne öz mu-kaddes borjumy ahyryna deñeç ýerine ýetirerin. Hiç kim, hiç bir duýgy meni ejizledip ýa-da bu mukaddes ýoldan sowup bilmez. – ol dyñzap gelen gözýaşyny eliniñ arkasy bilen syldy-da, myhmanlaryñ goltugyndan tutdy. – Geliñ, gowusy men size häzir ýene-de bir synag usulymyzy görkezeýin, şonda siz biziñ Institutymyzda niçiksi ýiti zehinleriñ işleýändigine telpek goýarsyñyz. Bu otagda hergiz meniñ keýpim göterilýär, sebäbi bu ýerde meniñ öñki kärdeşlerim bar – müdir olary garşydaky gapa çagyrdy. – Baş üstüne, geliñ!
Myhmanlar ”Üznüksiz halk döredijilik öýi” diýen gapynyñ agzyna bardylar. Bu otagda kiçijek bölümlerden ybarat gözeneklerde onlarça adam döredijilik işi bilen meşguldylar, aýna öýjagazlaryñ töründen hat ýazýan maşynkalaryñ şat-şaty, gamyş-galamlaryñ şytyrdysy eşi-dilýärdi. Myhmanlar bu otaga girenlerinde ýeñillik bilen demlerini alanyny duýman galdylar.
– Institutyñyzda beýle otag-da bar oguşýa! – diýip, Ýumry Dereli begenjini daşyna çykardy.
– Elbetde! Bizde adamynyñ terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilik-ler ulanylýar. Serediñ, bular döredijilik işgärleri: ýazyjylar, hudojnik-ler, jurnalistler, kompozitorlar. Olaryñ hemmesi bu halk döredijilik öýünde erkana işleýärler. Bu ýerde döredijilik işgärleri Halkara hu-kuk normalaryna laýyklykda söz azatlygyndan peýdalanýarlar. Bula-ryñ islän temasyndan ýazmaga, döretmäge doly hukugy bar. Bizde senzura gadagan. Üstesine-de bulara üç wagtyna mugt iýmit hem gök çaý berilýär.
– Siz gök çaýy haýsy ýurtdan hem näden satyn alýarsyñyz?
Myhmanyñ bu erjelligine kaýyl galan müdir başyny ýaýkanyny duýman galdy.
– Hormatly, Azan...
– Firez Razan...
131
– Hawa, elbetde, Merez Razan... Biziñ müşderilerimiziñ atymçaý dannawy ýok, şonuñ üçinem biz olara tal ýapragyny külkeläp, çaý demläp berýäris. Bular üçin iñ esasy zat – erkin döredijilik!
Myhmanlar ýeñillik bilen dem aldylar. Olaryñ gözleriniñ öñünde ýazyjylar, hudojnikler, jurnalistler, sazandalar garabaşlaryna gaý bolup, ölmez-ýitmez eserlerini döredişip otyrdylar, hiç kim olara päsgel berenok. Aýnanyñ añrysynda olaryñ burçak-burçak derläp işläp oturyşlaryny görmäge göz gerekdi. Aýratyn-da ýaşlaryñ hyjuw bilen işleýändigi begendirýärdi.
– Görýäñmi – diýip, Ýumry Dereli Gire Zirä içki guwanjyny mälim etdi, – ata Watanymyzda hemme zat beýle bir umytsyz erbedem däl. Günbataryñ gazetlerinde biziñ hakykaty ýazmagymyz gerek. Bu özboluşly ýurda yzygiderli gara sürtülmegine men indi halys çyda-mok. Biziñ halkymyzyñ şöhratly geçmişi hem şöhratly geljegi bar.
– Onuñ bu güni-de oñuşmazça däl. – Firez Razan Atdaş ýene-de dodaklaryny ýalady. – Hemme zat ata Watanyñ özüne bagly: bizi gowy garşy alsa, biz ony hor etmeris. Azatlygyñ girdejisi az, söwda – başga gep...
– Elbetde – Gire Zire onuñkyny özüçe alyp göterdi, – eýsem, Gün-bataryñ dörediji adamlary kapasada dälmi? Kapasada! ”Azat jemgy-et” diýilýän gözenekde! Ýöne muny olaryñ özi duýanoklar, duýma-gam islänoklar. Bu meselede biziñ öz sözümizi aýtmagymyz gerek. Gel, bularyñ birnäçesi bilen tanyşlyk açaly, olaryñ sözlerini halkara jemgyetçiligine ýetireli! – ol aýna kapasalaryñ birine ýakyn baryp, elini galdyryp, içindäki ýazyja ”salam!” diýen dostlukly yşaraty etdi, ýylgyryp, aýnanyñ añrysyndaky orta ýaşly mylaýym ýüzli ýazyjynyñ özüne üns bermegine garaşdy. Uzak garaşdy. Erni ýadap, ýylgyrma-synyñ arasyny üzüp, eñegini eli bilen gysyşdyrdy, agzyny birki ge-zek açyp-ýumdy-da, ýañadandan ýene-de öñki hereketini gaýtalady. Emma ýazyjy oña jogap bermedi. Şonda ol müdire soragly seretdi.
– Dörediji adamlar işleýän wagty ker hem kör bolýarlar diýip eşidýädik welin, ýöne beýle derejededir öýdemzokdyk...
Ak giren gür gara gaşlarynyñ arasyndan düşnüksiz bulanyk göreçle-rini myhmana dikip, müdir keýpli ýylgyrdy.
– Azap çekmäñ, jenaplar, olar sizi görenogam, eşidenogam. Olar biri birini-de ne görýär, ne-de eşidýär. Olar diñe döredýärler. Aýna kapasalar birýan ýüzli: diñe içindäkini görkezýär. Bu oturan adamlar
132
üçin siz-de, men-de, daşky dünýäde ýok. Olar diñe içki ylhamlary-nyñ hasabyna döredijiligini dowam etdirýärler. Kimsiniñ içki ylhamy birnäçe ýyla, kimsiniñki birnäçe aýa, kimsiniñki bolsa, birnäçe hepdä ýa-da güne ýetýär. Soñra oýlanyşykly terbiýeçilik işleri öz netijesini berip başlaýar.
– Olaryñ gulaklaryndaky näme?
– Diñlenýän abzal. Ondan gije-gündiz jenap ýoldaş Prezident hem onuñ ölmez-ýitmez işleri barada üznüksiz gepleşikler hem bu tema-dan aýdym-saz eşitdirilýär. Bir tapawudy – adaty eşitdirgiçleri adam islän wagty öz gulagyndan aýryp bilýär, emma ”Halk döredijilik” öýünde beýle däl, biziñ müşderilerimiz öz gulaklaryndan eşitdirgiç abzaly hiç haçan aýryp bilmeýärler, haklary ýok; olar oýalykda-da, ukuda-da bellenen temanyñ çägindäki programmany diñlemäge borçly. Aslynda munuñ üçin bize ýörite programma düzmegiñ geregi ýok, ýurdumyzyñ radiokanallarynyñ haýsyny tutanyñda-da, biziñ hajatlarymyzy berjaý edip bilýär. Birinjiden-ä, bu biziñ ”Halk döre-dijilik” öýümizdäki şertleriñ ýurdumyzdaky adaty ýaşaýyş şertlerine añrybaş ýakyndygyny subut edýär. Ikinjiden bolsa, bu biziñ Institut-labaratoriýamyza arzan düşýär, netijesi-de aýdyp-diýerden ýokary. Bularyñ agramly bölegi tiz wagtdan öz egoistik zehinlerine tekepbir-lik bilen gulluk etmegi bes edip, halka peýdaly önüm berip başlaýar-lar. Umuman döredijilik öýündäki müşderilerimiz öz ösüşinde ”Ego-istik sungat” we ”Halk sungaty” diýip atlandyrylýan iki sany döredi-jilik basgançagyny geçýärler. Ilki, ýañky aýdyşym ýaly, olar diñe öz islän zatlaryny çyrşamak bilen meşgullanýarlar, ýagny, hamana, ”sungata gulluk edýärler”. Soñra oýlanyşykly terbiýeçilik işleriniñ netijesinde olaryñ hemmesi-de jenap ýoldaş Prezidentiñ merhemeti hakynda hüwdüleri, läleleri, monjugatdylary ýa-da şoña meñzeş goş-gy-gazaljyklary, erteki-rowaýatlary, halk sazlaryny, nagyşlaryny döretmäge başlaýarlar. Baş gahrymany jenap ýoldaş Prezident bolan halk döredijiliginiñ bu ölmez-ýitmez nusgalary (elbetde, biz öz müş-derilerimiziñ zehinine güwä geçýäris!) soñra ýurduñ hajatlary üçin peýdalanylýar. Çünki bu adamlaryñ özleri eýýäm şahsyet hökmünde ýok, geçmişde-de bolmandylar, geljekde-de boljak däller. Siz maña ynanyp bilersiñiz.
Döredijilik öýüniñ müşderileriniñ peýdaly önüm beriş etabynyñ uzaklygy-da dürli-dürli. Ýöne bu azyndan birnäçe ýyla çekýär. Soñra
133
olaryñ ylhamy gurruk guýynyñ suwuna dönüp, ajy önüm bermäge durýar. Bu, elbetde, döredijiniñ üçünji, ýagny iñ soñky basgançaga ýetendigini añladýar. Soñra onuñ ýoly ”bagtly ölüm” sektorynda umumy esasda dowam edýär. Bu ahwalat size balarylaryñ ömrüni ýatlatsa, geñ däldir. Käbir umumylyklar ýok däl, ýöne tapawudam uly.
– Bularyñ öz erkine ýazan kitaplary, çekýän suratlary, düzýän aýdym-sazlary nirede saklanylýar? Ana, bu gözenekde men taýyn kitaby, gazet sahypalaryny görýärin, nähilidir bir sungat eserleri-de görünýär. Bu eserler bilen nirede tanşyp ýa-da satyn alyp bolýar?
Müdir aşak eglip, ädigine gysdyrylgy başdaragyny aldy-da, gözüniñ üstüne ymykly abanan gaşlaryny yhlas bilen gañtaryp darady. Diñe şonda myhmanlar müdiriñ ähli jübüleriniñ agzynyñ ykjam tikilgidi-gini görüp galdylar. Müdir myhmanlaryñ soragly gözlerine gös-göni seredip, göwnühoş ýylgyrdy.
– Gördüñizmi? Bu meniñ hut öz açyşym! Bu usuly men ýazyjy bolup işleýärkäm oýlap tapdym. Bir gezek meni Amerika kultur ugrundan wekil edip iberdiler. Ýöne ol ýerdäki synpy duşmanlar ýat mazmunly kitap-beýleki gysdyrjak bolanda, meniñ jübülerimiñ tikil-gidigini görüp, içlerini tutandyrlar.
– Gysdyrjak boldularmy özi?
– Ýogsam näme?! Nämüçin gysdyrmasynlar?! Ýöne men olaryñ tutan guşuny bir wagt ütüp goýan adam! Men ozal dürli ideologik diwersiýalardan goranmagyñ mekdebini geçen. Şonuñ üçinem, gör-şüñiz ýaly, hiç hili syýasy özgerişler meniñ üçin howply däl. Onuñ aýdyñ subutnamasy – siziñ gözüñiziñ alnynda: serediñ, meniñ tejri-besiz kärdeşlerim aýna kabinetleriñ añry ýüzünde, men, ýagny siziñ sadyk guluñyz bolsa... – ol edil maýmynyñky ýaly gysgajyk gowky aýaklaryny şarpyldadyp jüpledi-de, kelpez degişdi: – öñkim ýaly bärisinde, ýagny siziñ hyzmatyñyzda, jenaplar!
Müdiriñ iniñi ýakymsyz digdiredýän kelpez keýpinden eýmenen myhmanlaryñ ýagly mañlaýlysy özüne zor salyp, degişen boldy.
– Häzir biz Amerikada däl, hiç hili howp görnen ýok ahyryn?
Müdir gür gaşlarynyñ aşagyndan oña düşnüksiz ýigrenç bilen seret-di.
– Ýok ýerinde howpy görmäni başarmak – meniñ çöregim. Men bu ugurdan ýöriteleşen. Bar ýerinde görmegi haýsy lellim başarmaz?!
134
Onda meniñ näme geregim bar? Bu birinjiden. Ikinjiden, daşary ýurt-lularyñ bolan ýerinde meniñ üçin Amerika başlanýar! Men siziñ bilen birinji gezek duşuşýaryn, uzak ýerden näme niýet bilen gelen-digiñizi arwah bilsin. Iñ esasy zat-da: siz maña Diller institutyna girmäge görkezme getirdiñiz, çykmaga däl. Onsoñ gyssanyp ýörmek nämä gerek?..
Üç myhmanyñ alty aýagyndan ysgyn deñ gitdi. Olaryñ buýra saçly-sy bokurdagyny arçamaga synanyşdy, emma bu oña başartmady, gyryljyk sesi naýynjar çykdy.
– Biziñ höwesimiz – öz ata Watanymyza gulluk etmek.
– Elbetde... gowy höwesiñiz bar, ýogsam bu taýda watandaş ýeter-lik, hatda artygam. Siz öz ýurduñyzda-da biziñ derdimize ýarap bi-lerdiñiz, meselem, Gazan Atdaş ýaly... Ýöne aýby ýok, ýurt söküp bu ýere gelipsiñiz, indi zady gaýgy etmäñ, hemmesi gül ýaly bolar; ata Watanyñ gülläp ösmegine goşant goşup bilmegiñiz üçin biz size ähli şertleri dörederis! Bu biziñ jana-jan borjumyz!
– Biz siziñ çyn dostlaryñyz! – diýip, Firez Razan Atdaş müdire ýaramsaklyk etdi. – Dünýäde birine ynanjak bolsañyz, maña ynanyñ!
Ýap-ýañyja yhlas bilen daralan gaşlary ýañadandan hüwjerip, göz-leriniñ üstüne abanan müdir onuñ ýüzüne açykdan-açyk ynamsyz seretdi, señrigini ýygyrdy.
– Hormatly, Arzan Atdaş...
– Firez Razan Atdaş!
– Görsene, muny, öz diliñizden efirden gündelik eşidip ýörsek-de, bütin Diller instituty bolubam siziñ asyl adyñyza-da düşünip bilmän-diris! Biz sizi Arzan ýa-da Azan Atdaşdyr ýa-da şoña meñzeş birzat-dyr öýdüp ýörüpdiris. Ýeri bolýar, biz nadanlar bilen deñ bolman, geçirimlilik edersiñiz diýip, umyt edýärin! Ýöne bir zady kesgitli aýdyp bilerin: meniñ bu dünýäde ynanýan adamym ýok, boýun egýänim bar. Duşmanlarymy edişim dek ýakyn dostlarymy-da elmy-dama göz astynda saklaýaryn. Onsoñ siz meni isleseñiz, dost saýyñ, isleseñiz-de – duşman. Netijesi birdir. Olaryñ ikisine-de meniñ Insti-tutymda ýer tapylar. Siziñ biriñize dil, ýene biriñize pul gerek; ýöne erkin dil bilen erkin pul biziñ döwletimiziñ köküne palta urjak zatlar, şonuñ üçin-de siz wagtlaýynça Diller institutynda galmaly bolarsy-ñyz, jenaplar! Onsoñam siz biziñ döwletimiziñ mukaddes syrlary bilen ýakyndan tanyş bolduñyz we şonuñ üçin-de indi siziñ olardan
135
daşlaşmagyñyz biziñ üçin ynjalykly däl; döredijilik işine galanda bolsa, hiç zady gaýgy etmäñ, bu ýerde siz üçin ähli zerur şertler dö-redilen. Biz size ylaýyk boljak kabinetleriñ ýanyna ýetdik, merhemet ediñ, jenaplar, ine: ”Halk döredijilik” öýüniñ töri! Sizi öz ömrüñiziñ jogapkärli döwrüne aýak basmagyñyz bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ mahmal rewolýusiýasynyñ, bagyşlañ, ýagny müdümilik ewolýusiýa-synyñ adyndan tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediñ! – müdir hama-na dabaraly ýygnakda müñlerçe adamly mähelläniñ öñünde çykyş edýän dek öz-özüne çynlakaý el çarpdy. – Egsilmez watançylygyñyz we jenap ýoldaş Prezidente wepañyz üçin öñünden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediñ! – ol ýene-de çapak çaldy. – Size iñ täze aýna kabinetleri bagş etmek bilen özüñiz baradaky aladadan birjik-de nä-gile bolmarsyñyz diýip, umyt edýärin. Ynanyñ, beýle hormat her kese ýetdirip duran däldir. Bu modern kabinetleri hut para berip alm-aga synanyşjaklar-da kändir, ýöne men parahor däl. Ýekimde ýigre-nenim parahorlar. Olar biziñ döwletimiziñ düýbüne palta urýarlar. Meniñ üçin iñ esasy zat – müşderileriñ rahatlygy, olara edilýän hyz-matyñ hili!
Müdir ýene-de maýmyn kelpezligi bilen aýagyny şarpyldadyp jüp-ledi-de, Ýumry Dereli bilen Gire Ziräni kapasa salyp, agzyny gulpla-dy we bu günki işini gutardym etdi.
– Arman, siz bize öz iş ýeriñizde gerek, ýogsam bu ýerde boş göze-nek ýokdur öýtmäñ... – diýip, soñra ol Firez Razan Atdaşyñ goltu-gyndan tutup, yzyna aýlandy. – Biz kadrlara baha goýmagy ba-şarýandyrys. Söwdañyz oñ bolsun! – soñra ol nämedir bir zat zat ýadyna düşüp, täze müşderileriñ ýanyna dolanyp geldi we olaryñ gulagyna geýdiren eşitdirgijiniñ gulpuny açyp, zerur düşündirişi berdi. – Huşum gur-a! Men siziñ bir möhüm soragyñyza jogap ber-män gidibersem nätjek. Bu ýerde ýazlan eserler, kitaplar döwletiñ gizlin baýlygy hasap edilýär we olar ýekeje nusgada çap edilýär. Gazet-jurnallar-da. Onsoñ, ynha, olar bu tokurtgadaky deşige atylýar. Serediñ, ine, görýäñizmi: ”post” diýlip ýazylgydyr! Bu agyzdan atan taýyn eserleriñiz turba bilen ”daşaryk” gidýär.
Ýumry Dereli halys lagşan göwresini endiredip sorady.
– Olar daşarky dünýä baryp ýetermi?
Myhmanyñ kaýyllyk gözýaşy syrygan dulugyny eliniñ tersine dö-zümli sylan müdir tas şadyýan äheñde gürledi.
136
– Tolgunmaga sebäp ýok. Goñşy otagdaky gaýtadan işleýän bö-lümde eýlenip, ol kagyzlar ýene-de, ine, bu deşikden öz gündelik hajatlaryñyz üçin yzyna geler. Şondan soñ siz olary aýak ýoluna gideniñizde, el-ýüz ýuwañyzda, nahardan soñ agyz-burnuñyzy süpü-reniñizde, arkaýyn peýdalanyp bilersiñiz. Gündelik durmuş hajatla-ryñyza näçe kagyz gerek bolsa, edil şonça sahypa eser ýazmak mas-lahat berilýär. Ätiýaçlyk üçin artykmaç sahypa ýazmagyñ geregi ýok. Bu ýerde haýsydyr bir tötänlige garaşmagyñ özi – ýeñilkellelik. Bu taýy duýdansyzlyk bolup geçjek ýer däl. Hemme zat ýokary dere-jede ylmy esasda alnyp barylýar. Ýöne müşderileriñ käbir individual zerurlyklary göz öñünde tutulýar. Meselem, siziñ (ol myhmanlaryñ buýra saçlysyna barmagyny çommaltdy) burnuñyz iliñkiden uly gö-rünýär, şonuñ üçin-de her günde bir tagta kagyzlyk eseri artykmaç ýazyp bilersiñiz. Ol size burnuñyzyñ suwuny süpürmäge gerek bolar. Näme sebäpden bu bölüme ”Üznüksiz döredijilik otagy” diýilýändi-gine indi düşünen bolsañyz gerek? Siziñ işiñiz indiden eýläk – halk döredijiligi we onda jenap ýoldaş Prezidentiñ mähriban obrazynyñ bütin dünýä ýagty saçmagyna edip biljek goşandyñyz; ömrüñize bereket! Onda näme, men siziñ gyzyldan gymmatly wagtyñyzy alyp durmaýyn, ýogsam, geljekki nesiller maña nälet okarlar. Kimiñ gar-gyşa galasy gelýändir öýdýäñiz? Galamyñyz ýiti bolsun, hormatly kärdeşler! Ýöne, gönümden gelsem, siziñ dil bilşiñizden meniñ göw-nüm suw içmedi, bilip goýuñ, jenap ýoldaş Prezident biziñ halkymy-zy akyl-parasat, pähim bilen doly üpjün edýär, biz kesekiniñ akyly-na-da, nakylyna-da mätäç däl! Siz bolsañyz: ”Hem daýymlara gidýän, hem taýyma baş öwredýän” diýmegiñ deregine haýsydyr başga bir halkyñ pähimini ulanyp, meniñ ýüregimi buladyñyz!
Şol wagt kellesini müdiriñ goltugynyñ aşagyndan sokmaga ýetişen Firez Razan Atdaş öz ýoldaşlaryna göwünlik berdi.
– Siz hiç zady gaýgy etmäñ, men basym jenap ýoldaş Prezident bilen duşuşmaly.
– Sen oña biziñ günäsizdigimizi aýtgyn!
Gözenegiñ añrysynda galanlar özelendiler.
Firez Razan Atdaş señrigini ýygyrdy.
– Siz nähili akmak adamlar-da! Biriniñ günäsizdigini aýtsañ, özüñ günäkärsiñ! Men inçeden işlejek: ilki söwda edip, baýajak. Watan
137
bazar ykdysatyetine geçdi: indi hemme zat satylýar hem satyn alynýar. Diýmek, baýamsoñ, sizi satyn almak – itiñ añsady!
Gözleriniñ üstüne abanmaga ýetişen uzyn gaşlaryny aýratyn yhlas bilen daran müdir, Firez Razan Atdaşyñ goltugyndan elini ykjam geçirdi-de, ony ýanyna alyp, öz işini bitiren ada-mynyñ keýpinde çalaja hiñlenip, kapasalaryñ ýanyndan daşlaş-dy gitdi.
138
-
aysyzgije
13 years ago
- 7. ”Çorbañ gursun, çöregimi zaýalady!”
Tebigy gylygynda ne söwdagärlik, ne-de hiñlenmek düşnügi bolan Musa Çöli bu wagt kabinetinde böwrüne diñ salyp otyrdy: ”Adamla-ryñ arasynda özüñi nähili alyp barmaly? Bir zat belli: iş eden ýalñy-şar; diýmek, diñe diýlenini etmeli!” Ýöne töwekgelçilige ýüz urma-sañ, nirä gitjek? Meselem, ol ilden on gün öñ ekişe girişmeli, öñkü-den iki esse-de gowaça ekmeli. Bu onuñ düýp maksadyna ters gelýär, ýöne ahyrky netijä bil baglap, öz garşysyna gitmese, häzirlikçe onuñ alajy nä? Bu onuñ üçin ýönekeýje synag, birinji basgançak. Şondan geçmese, onuñ adamlaryñ arasynda işi ýok. Hut şu ýerden-de onuñ gutulgysyz ikilenmegi başlandy: niýeti bir zat, edýäni düýbünden başga zat. Gelip düşen jemgyeti ony ilkinji ädiminden goýnuna do-lap, öz ugruna alyp gitdi. Musa akym ugruna akyp, ýylan çalasynly-gy bilen yzyna ýüzjek bolýardy.
Giçden soñ duýdansyz ýagan gar Musa Çöli üçin tapylgysyz bagta öwrüldi. Gar aýrylsa, gowaça ekjek gytmy, onsoñ bu şöhrat oña nä-dip ýetdirsin? Ýylan döwrüñ ruhunda pikir etdi: esasy zat ekmek, netijesi bilen kimiñ ne işi? Netijede ol gar aýrylmanka gowaça ekip, at gazandy. Onsoñ yzagalak, çet obadan sanlyja günde iñ göreldeli hem ýurduñ merkezi obasyna aýlanan Çarwa goşmaça dökün bilen bir wagtda habarçylar dökülip başlady. Ýaz gelse-de, entek sowul-madyk gyşyñ şuwlap içiñden geçip barýan ýiti şemalyna döşlerini gerip, habarçylaryñ yzyndan-da bütin ýurduñ zähmetde öñdebaryjy-lary tejribe alyşmak üçin bu ýere syñsyraklaşyp geldiler. Çarwa ugrybir dabara ulaşdy. Gelýän-gidýänleri diñe oba hojalyk tejribesi bilen oñduryp bolmansoñ, pagtaçy gelin-gyzlardan derrew ”Heýjan” folklor ansambly düzüldi. Halk tansa başlady. Ýöne bu gymmatly tejribäniñ halkyñ ýaşaýyşynyñ düýp manysyna öwrülmegi üçin entek wagt bardy, munuñ üçin ol jenap ýoldaş Prezidentiñ genisine ýu-grulmalydy, şonsuz bu iş köwüş tozduranyña degjek däldi. Onda-da, obalylaryñ keýpi göterilip, açlygy küteldi. Netijede ýakyn geljekde Çarwada şäherdäki ýaly gazly suw, çigit, doñdurma satylar diýen batyrgaý pikirler eşidilip ugrady. Wagtyñ aýak basyşy üýtgedi. Bir görse, ynha, Kepjebaş eýýäm üç aý bäri adamlaryñ arasynda başyny
139
çarap ýör, diýmek, üç aý bäri ol adam sanynda! Eýsem şonça wagtyñ içinde ol näme iş bitirdi? At gazandy, şöhrat. Onsuz adamlaryñ ara-synda günüñi görmek kyn. Musa Çölä eýýäm paýtagtda hormat goýýarlar. Ol bu güne deñeç iki gezek dabaraly Ýurt geñeşine gat-naşdy, öz tejribesini halka öwretdi: birinji gezek – gowaçany birinji bolup ekmegi, ikinji gezek – ony gaýtadan birinji bolup ekmegi. Ony ýygnagyñ prezidiumyna saýladylar. Jenap ýoldaş Prezident märekä-niñ öñünde oña gözüni gypdy. Muny ýurt gördi we ýuwaşady. Ýöne oba ýuwaş däl. Nämeleriñ bolup ýörendigini anyk bilmese-de, ýylan bir belanyñ dömýändigini syzýar.
– Aman meniñ göwnüme ýaranok! – ol soñky gezek duşanlarynda Şemşadyñ gulagyna haşyrdady. – Sen ony çak!
Şemşat onuñ ýüzüne nägile seretdi.
– Ýaramasa, özüñ bil. Meniñem göwnüme ýaramaýan bar...
Kepjebaşyñ girre gahary geldi.
– Abatmy? Sen ony diliñe çolama, ol meniñ üçin halk bilen aradaky medeni köpri.
– Seniñ tragediýañ – halkdan uzaklygyñda! – urkaçy ýylan tas marksistik äheñde igendi.
Kepjebaş gözlerini kinaýaly gülümsiretdi.
– Golaýlaşsam, bu halkyñ tragediýasyna öwrülermikä öýdüp gorkýan...
Bu netijesiz ”sene-menäni” müdir häzir kabinetinde ýeke otyrka ýatlady. Daýanara daýanç ýok, güýç özüñde bolmaly. Şemşat onuñ köne derdi. Ol Menekliniñ özünden uly basdaş uýasy, Kepjebaşa ilki söýgi bildirenem şol. Ol hiç wagtam Kepjebaşdan umydyny üzmedi, golaýynda bolmak üçinem onuñ bilen deñeçer adamlaryñ arasyna geldi, adam sypatyna girdi, Amana aýal boldy. Indem iki oduñ ara-synda urunýar, heläk bolýar. Kepjebaş Şemşatda düşnüksiz bir üýtgeşiklikleriñ bolup geçýändigini, onuñ öñküsiniñ ýokdugyny syzýar, ýöne bu özgerişiñ nämeden ybaratdygyny bilip bilenok. Asla onuñ bu zatlar bilen içgin gyzyklanmaga wagty-da ýok, bu-da Şem-şady gaharlandyrýar, olaryñ gitdikçe arasynyñ açylmagyna getirýär. Ol indi özüniñ Şemşada näçeräk bil baglap biljegini-de bilenok. Bel-ki, ol Tal Tagana gutarnykly bil baglap biler? Onuñ köki nirede? Dogry ýoly tapmak kyn, gözedürtme garañkylyk. Günortanyñ garañ-kysy. Daş-töweregiñ timisgenişip ýören adamlar. Tal Taganyñ mak-
140
sady näme? – Musa ýüregine düşüp barýan siñeklere bilniksizden owsun atdy-da, olaryñ birini çaýly käsesine gaçyrdy. Öñündäki düwmäni gaharly basdy. Sekretar gyz gelip, siñekli käsäni aýyrdy, arkasyndaky serwantdan täze käse alyp, onuñ öñünde goýdy. Musa ýerinden turdy, baryp serwandyñ içine seretdi, şübheli zat görmedi, gelip ýerinde çökdi. Ýene oýa batdy. Ol çölde adamlardan basylyp, adamlaryñ arasyna özüni urdy: ýagyñ daşyndan içi aman. Bu ýerde onuñ güni erbet däl, her naharyna ganlyja böwrek, elinde emel, da-şynda ýöwsellerden hyzmatçylar. Ýöne ol hyzmatyñ bahasy niçik? Ol gara garnyna işläp ýören-ä däldir-dä? Ýo-ok! Musa ahmyrly tow-landy. Bu bolmaz! Ol özüniñ adama öwrülip gidibermeginden heder etdi. Ol häzir adamlaryñ edýän işini edip ýör, şeýdip jan edip işläber-se, çölde onuñ kowum-garyndaşlaryndan tohumlygam galmaz. Isleg başga, durmuş – başga. Gel-gel, Kepjebaşyñ özi bu gün indi gowaça ekip, ýere aldygyna awuly dökün dökýär, çöle zeý suwuny akdyrýar. Görsene, bu dünýäniñ oýnuny, ol bu gün hut öz garşysyna işleýär, adamlar aýtmyşlaýyn: öz aýagyndan paltany urýar!
Biri birinden heder edýändigi üçin adamlryñ içi öýjük-öýjük, kimiñ kimdigini biler ýaly däl. Nädip olaryñ ynamyna girmeli? Bu eýgert-mese, onda ol şowsuzlyklaryny sanabermeli bolar, onuñ-da soñunyñ nirä baryp degjegini kim bilýär. Musa ep-esli wagtlap özüni gynap oturansoñ, adamlaryñ eminden gelmek üçin wezipe gerek diýen neti-jä geldi: adamlara erkiñ ýetmezden maksadyña ýetmek ýok. Ýöne olara höküm etmek teletin çeýnänden enaýy däl. Ähli diýeniñ edilse-de, içinde bitýäni az. Onuñ okuwy bu jemgyete erk ederden ejiz gelýäne meñzeýär, diýmek, wezipe edinmese, iş pyrryk. Onuñ ähli ýylan pirimleri adamlaryñ arasynda öz başyny çaramaga ýetäýse zor boldugy. Niçik kemsidiji bolsa-da, Musa bu hakykata gitdigiçe gowy göz ýetirdi. Eýsem, onuñ dagy alajy näme? Adamlary öwrenmeli we diri galmak üçin göreşmeli. Onsoñam, göreş ýañy başlanýar, ruhdan düşerden entek ir, gaçara-kowara maý bar...
Wagt geçdigiçe Kepjebaşyñ adamlaryñ syryna beletligi artýar, ol olaryñ endiklerini öwrenýär we özüni adamlaryñ arasynda ynamly alyp barmaga çalşýar. Elbetde, bu oña añsat düşenok, ýygy-ýygydan öz isleginiñ garşysyna gitmeli bolýandygy lapyny keç edýär. Iñ bär-kisi – ýylanyñ ýigrendigi üýşmeleñ, emma adamlar onsuz oñanoklar. Welaýat merkezinden: ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ gumuñ etegindäki
141
täze köşgüni görmäge Býuro Çarwa barjak. Daýhanlaryñ umumy ýygnagyny taýynlañ, ýygnagyñ üstünlikli geçmegi üçin olaryñ ruhu-ny bolmalysyndan hem belende götermeli!” diýen buýruk gelende, ol munuñ özi üçin aýgytly synag boljakdygyny bildi we ýygnagy ýoka-ry derejede geçirmegiñ ugruna çykdy. Paýtagtdaky ýygnaklar munuñ ýeke-täk nusgasy, diýmek: töwerek-daşyñda inçejik gara galstukly sypaýy ýigitler, Býuronyñ halkyñ göwnüni ýörite göteriji jansyzlary we ondan daşgary-da, arzan bahaly şugulçylar… Bular hökmany. Galyberse-de, halk köpçüligi, onuñ ýygnagyñ dowamynda ýüze çy-karmaly duýgularynyñ sanawy, öwüşginleri we güýji.
Diýlen gün gelende:
– Adamlar biziñ – baýlygymyzdyr! – diýip, tribuna çykan Musa Çöli ýygnagy açdy-da, oturanlaryñ ýüzüne işdämen seretdi.
Daýhanlar bükgüldä gidip, ynjalyksyz gobsunyşdylar.
– Bu ýerde geñ galasy zat ýok – diýip, welaýat häkimi oturan ýe-rinden onuñkyny tassyklady. – Hemmesi dogry. Ýygnakdan soñ halkymyza tans etdireris, şatlanyñ. Biziñ öñde goýýan makasadymyz – müñ ýyldan gelmeli zady bir ýyldan getirmek, ertekini hakykata, hakykaty-da ertekä öwürmek!
Musa Çöli dowam etdi.
– Biziñ bu täsin döwletimizi gurmaga gatnaşan, ýürekleri ile söýgü-den atygsap duran adamlaryñ sözüni diñlemek biziñ hemmämiz üçin, aýratynda ösüp gelýän ýaş nesil üçin peýdalydyr. Şamar ene bilen Mäşirik gojanyñ hyjuwly çykyşlaryny diñläniñde, olaryñ gözlerinde ýanýan alawy göreniñde, eliñe gö-ö-öni gylyjy alyp, egri söweş-ş-ş...
Müdire bu çykyşy ýazyp beren medeniýet orunbasary Abat pyşyr-dady:
– ...egri gylyjy alyp, göni söweşe okdurylasyñ gelýär...
– Hawa... egri gylyjy alyp, göni söweşe okdurylasyñ gelýär! Geliñ, onda häzir daýhan aýallaryñ adyndan çykyş etmek üçin kolhoz gur-luşygynyñ weterany, hormatly Şamar enemize söz bereliñ!
Ady tutulan badyna Göroglynyñ Gyratyny ogurlan betnyşan kempi-re çalymdaş bir mükrüm garry öñki hatardan prezidiuma garşy mü-ñedekläp gaýtdy. Daýhan eşiginde zala ýaýran jansyzlardan ikisi goltugyna girip, ölmüş kempiri tribuna çykardylar.
– Bu durmuş üçin biz uzak ýyllar gyzyl gan dökdük! – kempir ýene ýarym asyr bäri edip ýören gürrüñine başlady. – Baýlañ elinden ähli
142
zatlaryny aldyk, kolhoz gurduk, däninim. Baýlar: ”Biz bolmasak, siz aç ölersiñiz” diýdiler, olar ýalñyşdylar, biz ölmedik. Ýöne olar araçäkden añryk köp mal-mülk geçirdiler, hökümet-partiýadan haýy-şymyz şonam yzyna alyp berse, armanymyz ýok. Baýlaryñ mallary-ny garyplar iýmeli. Beýik Leniniñ wesýeti şeýle. Bu wesýetiñ doly ýerine ýetenini görmän, biz rahat ölüp bilmeris!
Kempir adatyna görä, ýene şumjardy. Ol köne başbogusynyñ ujy bilen çöññelen, gözlerini süpürende, daýhanlaryñ göwnünemi ýa çyndan – onuñ gözleri ep-esli ýiteldi. Şonda olar:
– Dogry! – diýşip, ör turup, eýmenç el çarpyşdylar. – Biziñ et iýe-simiz gelýär! Ýaşasyn Şamar ene! Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezi-dent!
Býuronyñ agzalary halkyñ ruhunyñ fontan ýaly dik ýokaryk atylan-dygyny görüp, myssa ýylgyrdylar.
– Indiki söz Mäşirik aganyñky. Ol bu obada kolhoz guranlaryñ biri. Soñra size tans we halk çorbasy garaşýar!
– Bolmaz! – diýip, sur bagana telpekli goja entek tribuna ýetmänkä kesgitli aýtdy. – Bu usulda kolhoz ýöremez! Başlygyñ diýenini et-medigiñ öñler gözüni günübirin Sibirden açardylar. Şony etseñ, kol-hoz düzeler, bolmasa dagar, ana, meniñ aýtjagym. Men Gulluşa-da kän aýtdym: muny bar-a, şol Staliniñki ýaly etmeseñ, dagar gider. Buýruk ber, yza götinjekledimi – at! Ed-dil iki gözüniñ arasyndan ber bir oky! Näme kän – orsuñ oky bilen ýaragy kän.
– Arman, orsuñ ok-ýaragy azaldy-da… – prezidiumda kimdir biri ahmyr çekdi. – Ýogsam bolmanda, kolhoz ýykylarmydy diýsen-e?!
– Orsuñ ýaragy gutaran bolsa, özümiz ýasamaly! Pagtañ çigidinden däri öndürmeli. Men öz pikirlerimden müñ sahypasyny aklama göçü-rip bolup, geçen hepdede jenap ýoldaş Prezidente iberdim. Ol hat durmuşa ornaşdyrylanda, Mäşirik aganyñ kimdigini bilersiñiz. Gel-jekki nesiller maña minnetdar bolarlar. Bulary şeýtmeseñ bolmaz: ber buýrugy, bitirenokmy, patylat ýazzy mañlaýyndan. Gulluş, tur, özüñ aýt, näme diýdim men saña ilki başlyk belleneñde? Gönüñden gel!
– Gulluşy ýylan çakyp öldürdi – diýip, onuñ gulagyna ýetirdiler: – Saglyk ýagdaýy zerarly...
143
– Giç, arman, giç – kolhoz gurluşygynyñ weterany gynanç bildirdi. – Ýoldaş müdir, meñ diýenimi etmeseñiz, soñ sizem ökünersiñiz. Staliniñ ”üçlüklerini” dikeltmeli! Adam atmasañ, kolhoz ýöremez!
– Bizde indi ”kolhoz” ýok, ”daýhanbirleşikleri”, indiden eýlägem – obalar bar! – ýygnagy alypbaryjy bellik etdi.
– Meniñ at dawam ýok... Obañ içinde ”troýka” işläp otursa, hemme zat düzeler, ine, meñ diýjegim: düzelmese, meñ ýanyma gel!
Gürrüldili el çarpyşmalar Mäşirik aga öz ýerinde ornaşýança do-wam etdi. Soñra welaýat häkimi şeýle diýdi:
– Jenap ýoldaş Prezident şeýle diýýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Men muny bizi ahyrzaman bilen gorkuzjak bolýan bilim-seklere jogap hökmünde aýdýaryn. Diýmek, şeýle: wepaly grajdanin üçin ahyrzamanyñ gelmeginde hiç hili gorkulyk ýokdur we bolubam bilmez. Biziñ durmuşymyz munuñ aýdyñ mysalydyr: ”Kyrk ýyl gy-ran gelse, ajally öler, biajal galar!” – daýhanlar ýöwsel şowhun bilen ör turup, gürrüldili el çarpyşdylar. Olaryñ süññüne giren gorky göz-lerinden daşaryk jyklady. Welaýat häkimi dowam etdi: – Agşamlyk gumuñ etegindäki Köşkde obanyñ öñdebaryjy wekilleri – folklor tansçylarynyñ, aşpez-hyzmatçylaryñ gözden geçirilişi boljak. Çarwa obasy bu bagta öz päk zähmeti bilen ýetdi. Oba zähmetkeşleri diñe bir işde däl, eýsem ümsümlikde-de bütin ýurdumyza görelde. Görü-bilmedigiñ gözi çyksyn!
– Buýruk ýerine ýetiriler!
Duşuşyga gatnaşýan inçejik gara galstukly ýigitleriñ başlygy nöker-lerini yzyna tirkäp, şol bada zähmet çekmäge ugrady. Olaryñ işe başlandygy oba klubynyñ aşagyndaky zyndandan göterilen çirkin seslerden bildirdi.
Býuronyñ agzasy Tal Tagan ýuwaşja ardynjyrap, tribuna çykdy.
– Men size bu gün mähriban topragymyzda halkymyzyñ azat-erkin ýaşaýyşy barada gürrüñ bermekçi. Biziñ Konstitusiýamyz adam hu-kuklarynyñ dabaralanmasydyr. Biz adam jezalandyrylmagyna garşy – Tal Tagan ýeriñ aşagyndan gelýän zaryn iññildini höwes bilen diñläp, mylaýym ýylgyrdy-da, şüweleñli dowam etdi: – Biz azaşan-lara dogry ýola düşmäge, terbiýelenmäge ähli zerur şertleri döredýä-ris. Bu ugurda tejribämiz ýeterlik, ýetmeýän zat diñe serişde. Çünki biziñ ýurdumyzda ählihalk toý-baýramlaryny geçirmek hemme zat-dan ileri tutulýar. Halkyñ dil medeniýetini ösdürmek üçin döredilen
144
Diller institutynyñ we ugurdaş edaralaryñ bilelikdäki ýyllyk maliýe çykdajysy döwlet býujetiniñ ýaryna-da ýetýändir öýdemok. Diýmek, milli girdejiniñ galan bölegi halkyñ keýpi-sapasyna sarp edilýär. Jenap ýoldaş Prezident öz halkyna galanda aşa jomart. Onuñ erkana ýaşaýyşy, medeniýetiniñ, diliniñ gülläp ösmegi üçin ol serişde gaýgyranok. ”Ýaşaýyş däl, onuñ alamatlary möhüm!” ”Açlyk – ýa-şaýyşyñ alamatydyr!” diýip, ol özüniñ ”Pähimler” kitabynyñ soñky tomunda zerli harplar bilen ýazýar. Jenap ýoldaş Prezident ýurdu-myzda ählumumy ümsümligiñ dabaralanmagynda Watanymyzyñ Diller institutynyñ ähmiýetine aýratyn uly umyt baglaýar. Institutyñ zähmetsöýer kollektiwiniñ halkda watançylyk ruhuny ýokary göter-mekde bitirýän işine ýokary baha bermek bilen ol biziñ ganhor däl-digimizi, halk terbiýeçileridigimizi ýene-de bir gezek bütin dünýäniñ öñünde tassyklady. Institutda döredijilik intelligensiýasynyñ synag-dan geçen wekilleriniñ, halk ýazyjylarynyñ işlemegi onuñ gumanis-tik ugur bilen barýandygyna hiç kimde şübhe goýmaýar. Jenap ýol-daş Prezidentiñ: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen dana pähimi her bir işde bize gollanma bolup hyzmat edýär. Hormatly daýhanlar, geliñ biz jenap ýoldaş Prezidente we Býuro özümizden uly bolan gözel Tañrydan baky ömür diläliñ!
Daýhanlar agzybir dileg etdiler:
– Hudaý olara uzak ömür bersin!
– Indi Watany söýmek meselesine geçeliñ. Bu mesele häzirki wagt-da diýseñ aktual bolup durýar. Käbir adamlar alyp-da, öz keýpine Watany söýübermelidir öýdýärler. Emma bu beýle däl, hiç kimiñ Watany özbaşdak söýmäge haky ýokdur. Watany söýmegiñ düzgüni şeýle: biz jenap ýoldaş Prezidenti söýmeli, jenap ýoldaş Prezident Watany söýýär, diýmek, biz jenap ýoldaş Prezidente bolan söýgimiz arkaly, onuñ merhemeti bilen Watany söýýäris! Bu bize berlen bagt-dyr we biziñ ýurdumyzda Watany söýmegiñ ýeke-täk kanuny formu-lasydyr! Kim-de-kim bu kanuny bozup, jenap ýoldaş Prezidentiñ daşyndan aýlanyp, Watany gös-göni özbaşdak söýjek bolsa, onda ol kişiniñ gününe it aglar. Çünki beýle söýgüden geljekki pitnäniñ ysy gelýär! Agzalan formula boýunça Watany söýmekde biziñ welaýa-tymyz ýurdumyz boýunça birinji orunda barýar (gürrüldili elçarpyş-malar).
145
Indi: ”Saglygym – baýlygym” diýen tema geçeliñ. Biziñ ýurdu-myzda her kes öz söýgüsine görä ýaşaýar. Bolçulygyñ açary beýik jenap ýoldaş Prezidente söýgüde. Kimiñ ýüreginde söýgi ody belent ýansa, ol baýdyr. Seniñ ýagdaýyñ pesmi, onda günäni özüñden göz-le: diýmek, seniñ jenap ýoldaş Prezidente söýgüñ ýabygorludyr. – prezidiumdan bärik obadaşlaryna gözlerini çüýjerdip oturan Kakabaý Garasöýmez ýerinden turup, el çarpdy. Daýhanlar onuñ yzyny alyp göterdiler. Şonuñ üçinem Tal Tagan çykyşyny özüne gelişmeýän ýokary pafosda soñlamaly boldy: – jenap ýoldaş Prezidentiñ parasat-ly serdarlygynda biz deñizleriñ ýerinde çöli, çölüñ ýerinde daglary, daglaryñ ýerinde düzlügi dörederis!
– Eýsem, o zatlaryñ hersi öz ýerinde dursa bolmazmyka? – diýip, kimdir biri ýaş ses bilen orta gürpden geñirgendi.
Munuñ degişmedigi ýa-da soragdygy belli bolmansoñ, prezidium dil ýarany döwlete garşy bozgakçylykda gyssagly aýyplamaly diýen karara geldi. Daýhanlar el galdyrdylar we ýañky dil ýaran gaýybana ”halk duşmany” diýlip yglan edildi. Haçanda ol öz ýagdaýyny ýeñil-leşdirjek bolanda, gaýta has-da agyrlaşdyrdy.
– Adamlar, men gowy zat diýjek boldum! Dagy dag ýerinde, düzi düz ýerinde goýup, oña derek bugdaý ekeliñ! Unumyz birçak baýa-dy! Basym biziñ hemmämiz açlykdan gyrlarys! Ýaşasyn bugdaý!
Bugdaý sözüni eşidende, Kepjebaşyñ göz öñünde şol bada tolkunyp ýatan bugdaýly meýdan janlandy. Dumly-duşdan bişen bugdaýa çozýan mör-möjekler, guşlar, alakalar, dop-dok syçanlar, doklukdan ýaña hüşgärligini ýitiren atýalmanlar, gögerçinler... Ol bir zamanlar şeýle bugdaýlygyñ içinde başyndan geçiren bagtly günlerini ýatlady. Ol öz höwri bilen bugdaýly meýdanda duşuşyp, bagtly boldy. Höw-rüniñ gözüniñ üstündäki halkadan ýokarda menek bardy. Onsoñ Kepjebaş oña Menekli diýip at berdi. Menekli entek üme-çüme düş-mänkä onuñ kellesinden kişmir agyz salypdyr, şondanam menek galypdyr. Menekli bilen bugdaýly meýdanyñ içinde olar uzakly gün bile süýşenekläp gezerdiler, iýmit boldy, azar berýän ýokdy, iýmitiñi alnañsoñ, çolaşyp-çyrmaşyp ýatmaly. Soñra Meneklini çölüñ içinde demir diñleri süýräp ýören äpet maşyn basyp öldürdi. Dura-bara arpa-bugdaýly, künjüli, ýorunjaly meýdanlar-da gözden uçup, olaryñ barjasynyñ ýerini bir ekin tutdy. Ol ekin zäherden doýanok, ýylyñ dört paslynda zäher bilen iýmitlenýär, niçikmi güýz gelýär welin,
146
gökde demir gyrgylar uçup ugraýar, olar ekiniñ üstüne awy sepýär. Onsoñ nädip onuñ içinde janly-jandar galsyn? Adamlar ýeri zäherle-diler: ýer indi ýer däl – zäher özleşdirýän boşluk!
– Ýok! – Musa oturanlara mejbury ýigrenç bilen bakgardy. Bu wagt onuñ içinde haýsydyr bir aýylganç ar almak islegi dömdi: ”janly-jandaryñ gyrlan ýerinde iki aýakla-da aman galmak ýokdur!” – Býu-ronyñ karary üýtgewsiz: biz gowaça ekmeli! Býuronyñ karary – je-nap ýoldaş Prezidentiñ islegidir!
Tal Tagan onuñkyny ýokary derejede tassyklady.
– Býuronyñ öñünde durjak güýç ýokdur. Kim-de kim biziñ ýolu-myzy kesjek bolsa, biz onuñ gözüne görkezeris! Men muny Býuro-nyñ duşmanlaryna berk duýduryp goýýaryn. Ýaşasyn jenap ýoldaş Prezident! Ýaşasyn Býuro!
Adamlar gorkuşdylar, hemmäniñ nazary gözsüz-batyr teklibi edene garşy gönükdi, şeýdibem inçejik gara galstuklylara onuñ kimdigini mähelläniñ özi bildirdi. Ýaş daýhan ýigit döwlete garşy bir iş eden-digini öz-özünden bilip, derrew zaldan gaçyp çykmakçy boldy. Ho-jam Şükür onuñ türkanalygyna gussaly ýylgyrdy. Onuñ ýany bilen bu ýere gelen inçejik gara galstukly çekgin ýigitler muña ”ha-ha-haýlaşdylar”. Aljyran ýaş daýhan ýigit gapynyñ agzyna ýetende, büdräp ýykyldy. Inçejik gara galstuklylar onuñ şondan soñky ýöre-meli ýolunda janly geçelge ýasadylar. Ýaş daýhan ýigit olaryñ arasy bilen prezidiuma garşy emedekläp ugrady. Onuñ gözlerinden ýol-boýy dynman ýaş akdy, daýhanlar ony aldygyna näletlediler. Ol şol gidişine emedekläp bardy-da, kellesini Hojam Şüküriñ dyzynyñ üs-tünde goýdy. Welaýat häkimi ýaş daýhan ýigidiñ betbagt kellesini hamana öz balasynyñ başyny sypan dek mähirli sypap, oturan ýerin-den söze başlady.
– Hormatly daýhanlar! Ýurdumyzda mähriban halkymyz üçin ähli aladalar edilýär. Bir adam-da muny ”edilenok” diýip bilmez. Jenap ýoldaş Prezident biziñ ugrumyzda gijesini gündiz edip işleýärkä, hiç kesiñ agzyny açmaga ahlak hukugy ýokdur. Ol size ýalkymly salam gönderdi!
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident!
Hojam Şükür ýylgyryp, sag elini ýokaryk galdyrdy we ”köşeşiñ!” diýen yşaraty etdi. Ol dyzynda çalaja horkuldap ýatan ýaş daýhan ýigidiñ kellesini sypalamasyny goýman, ýene şeýle diýdi: – jenap
147
ýoldaş Prezident häzir gijelerine bary-ýogy iki sagatjyk uklaýar, galan wagty halkymyzyñ aladasynda. Onuñ atalyk aladasy netijesin-de halkymyz çaý, çörek, kirsabyn bilen üpjün edilýär. Şäherlerde halkymyz et, mesge diýen ýaly dünýäniñ öñdebaryjy ýurtlarynda iýilýän iýmitleri iýýärler. Bu-da biziñ ýurdumyzyñ döwlet gurluşy-nyñ iñ öñdebaryjy ýurtlaryñ demokratiýasyna gabat gelýändigini görkezýär. Basym biz çaýymyzy hut öz ýurdumyzda öndürilen süýjä ýanap içeris. Jenap ýoldaş Prezident eýýäm süýjüniñ iñ gizlin syrla-ryny açdy. Süýji massasynyñ gaýnadylyşy, taýýar massanyñ bölekle-re bölünişi hem-de süýjüniñ daşyna kagyz oralyşy bu gün bize aýan. Halkymyzyñ pökgüje süýjüli bolmagy üçin indi diñe birje syryñ açylmagy ýeterlik, ol şol pökgüje süýjüleriñ içine garnyny ýarman, nädip toşap-baljagaz salmaly? Jenap ýoldaş Prezident häzir gijesini gündiz edip, bu kyn meseläniñ üstünde işleýär. Ol bu ugurdan eýýäm ylymlaryñ doktory derejesini aldy, diýmek, biziñ halkymyz ýakyn geljekde süýjüli bolar! – ýaş daýhan ýigit özüniñ sabyrsyzlyk eden-digine çydap bilmän, batly horkuldanda, Hojam Şükür onuñ ýeñsesi-ne atalyk mähri bilen kakyp, köşeşdirdi. – jenap ýoldaş Prezident öz mähriban halkynyñ diñe bir bu dünýäsiniñ däl, eýsem o dünýäsiniñ-de aladasyny edýär. Golaýlaşyp gelýän Halk Maslahaty mynasybetli ol halkyñ öli wekillerine mugt kepen eçilmegi karar etdi. Indi biziñ halkymyza o dünýäsi gaýgy däl, ýüregi päk adamlar ýaýdanman, ölüp bilerler. ”Açlyk – ýaşaýyşyñ alamatydyr!” Sabyrly boluñ, adamlar, ”Sabyr Rahmandan, äwmek – şeýtandan!” Biziñ halkymyz-da çydamlylygyñ bagta ýetirýändigini subut edýän ýene-de şeýle nakyllar bar... – Kakabaý Garasöýmez balagynyñ syrt jübüsinden çykaran nakyllar kitabyny oña uzatdy. – ”Aç başym – dynç başym!”, ”Kanagada – bereket!”, ”Sabyrlylar müşgül işi her eder, bisabyrlar haýyr işi şer eder!”, ”Ajygan ölmez, alñasan öler!” Görüñ, biziñ hal-kymyz nähili ajaýyp nakyllary döredipdir! Goý, her ädimde bu na-kyllar siziñ ýadyñyzda bolsun, şonda biziñ mätäç zadymyz bolmaz, şonda biziñ her birimiz bu ýurtda ýaşamaga mynasyp adamlar bola-rys. Häzir bolsa, bütin oba bir adam ýaly bolup tansa çykyñ, şatla-nyñ, azat ýurdumyza bileje guwanalyñ! Gowy tans edenlere mugt çorba paýlanjak. Işdäñiz açyk bolsun, mähriban daýhanlar! Bu gün biz häkimler bolup, sähra ýerde ürgün çägä täret gylyp, gumuñ ete-gindäki täze Köşkde ýurt ähmiýetli juma namazyna durjak, yzynda-
148
nam jenap ýoldaş Prezidentiñ adyna hutby okajak, dilegde-dogada boluñ!
Adamlar sürrekleşip, biri biriniñ aýagyny basyşyp, tans meýdança-syna biri birinden öñürti ýetmek üçin öñürdikleşip gitdiler. Birsa-lymdan klubyñ öñündäki meýdançada tans şeýle bir gyzyşdy welin, mähelläniñ aýagynyñ astyndan göterilýän kirşeniñ içinde ilki adam-laryñ özi, soñra tans meýdançasy, dura-bara obanyñ özi-de gözden ýiterli göründi. Adamlar şeýle bir ajygýardylar welin, gara garynla-ryny doýurmak üçin gije-gündiz tans etmäge-de taýyndylar. Welaýat häkimi mähellä kesesinden ep-esli salym seredip durdy. Onuñ tansa göwni ýetdi. Bu tomaşadan ýadar ýaly däldi, emma adamlaryñ ümür-sine çümmegi oña nämedir bir zady ýatlatdy. Ol göterme oturgyjyn-dan turdy.
– Göwnüme bolmasa, biziñ arassa howadan dem almaly wagtymyz geldi! Ýok, duruñ entek, bu kirşenden çykyp gelýäne kim diýerler?
– Onuñ ady Aman, ýaşy otuzdan agan, çagalykda kellesi kel bolan, böwreginde daş ýok, gan basyşy kadaly. Ýetim. Halkyñ adyndan kabul edilýän dokumentlere halk ýetimleriniñ adyndan gol goýýar. Obada sylagy orta gürpde, öýlenen, çagasyz, düýşleri galagoply... – inçejik gara galstuklylaryñ başlygy elindäki kitabynyñ gatyny şar-pyldadyp ýapdy. – Bu güne deñeç aýratyn bellikde durmaýanlaryñ belliginde. Munuñ özi, biziñ milli howpsuzlyk sistemamyza görä, onuñ, edil beýleki adamlar ýaly, umumy şübhe astyndadygyny añ-ladýar.
– Oña çorba beriñ!
– Halk çorbasyndanmy?
– Ýok, hökümet çorbasyndan. Bu adamda gujur bar, onuñ ýumry-ýumşak bolup görünmegine özüñizi aldatmañ, almyta öwrenişdiriñ. Häkimligiñ maşynyndaky termosda etli çorba bardyr. Ýöne onuñ Çary-kitap bilen tirkeşmegi biziñ döwletimizi iñkise goýman bilmez. Men onuñ damak edinişini görmekçi.
Aman çorbadan birki çemçäni hopurdadyp içdi-de, öz üstüne aba-nyp duranyñ ýüzüne aşakdan ýokaryk manysyz seretdi.
– Iý, semre. Doýmasañ, ýene çorba bar. Biz saña ynanýarys. Sen semremeli.
– Hany ýañky ýaş daýhan ýigit? – Aman özüne golaý gelen inçejik gara galstukly ýigitden gözlerini tegeläp sorady.
149
Inçejik gara galstukly ýigit süýem barmagyny dodagyna ýetirip, gözlerini alartdy.
– Çüş-ş... ”Ol” diýip geple! Hiç hili ”ýaş daýhan ýigit” bolmandy, ýogam, geljekde-de bolup bilmez! Düşnüklimi?
– Düşnükli – Aman gurakdan gurak ýuwudyndy. – ”Ol” indi ýok-my?
– Nämüçin ýok? ”Ol” bar... – welaýat häkimi gürrüñe goşuldy. – ”Ol” öñküsi ýaly janly, ýöne öñküsinden has bagtly, ol indi hiç haçan tutulmaz.
Aman kellesini tutdy, ol welaýat häkiminiñ gözüne görkezip, hasra-ta çümdi.
– Beýtme! – diýip, welaýat häkimi oña hoşniýetli duýdurdy. – Mu-nyñ bolanok, başyñy dik tut. Hemme zat gülala-güllük: halk şat, seret, onuñ tans edäýişine! Tozanyna seret!
Aman dar mañlaýynyñ aşak eteginde ýerleşen ullakan ala gözlerini welaýat häkimine balkyldadyp dikdi.
– Halk aç, ol alaçsyzlykdan tans edýär.
– Ynanamok – welaýat häkimi ýüzüni kürşertdi. – Ynanamok! Tu-tuş bir halkyñ alaçsyzlygyna kim ynanar? Itiñ ajy bolsa, onda halk nämüçin tans edýär? Açlygyny ýadyndan çykarjak bolýarmy?
– Ýok, beýle däl. Siz halka: ”Tans ediñ!” diýdiñiz. Onsoñ halk tans etmän, dagy nätsin?
– Ýok, bu mümkin däl. Men öz gözlerime-de, gulaklaryma-da yna-nyp bilemok. Menem aç bolup görüpdim, ýöne meni hiç kes tans etdirip bilmändi. Bolşewikler ”kolhoz gurýarys” diýip, biziñ mal-mülkümizi elimizden alyp, özümizi-de ýer-ýesir edip, çöllüge sürdi. Biz bütin maşgalamyz bolup, çölde aç galdyk. Men ol wagt bäş ýaşly çagadym, ýöne şonda meniñ ýumrugym düwüldi. Bular bolsa, tersi-ne, öz ýurdunda açlyga sürgün edilseler-de, elleri serik. Men bu tan-sy gözüm bilen görmek üçin bütin ömrümi sarp etdim. Eger-de öz wagtynda kompartiýa girmedik bolsam, armanly ötjek ekenim. Onda men öz mal-mülkümizi gurt edip iýen adamlaryñ nesilleriniñ aç tan-syny görmän, bir ýerlerde öler giderdim. Alla keremdir, kişiniñ ma-lyna tokunan baýnamaz, kişiniñ ojagyny dargadanyñ öz ojagy göm-ler. Bu jemende üçin janyñy ýakma, bular öz ata-babasynyñ eden agyr günäsiniñ jezasyny çekýärler. Şol sebäpden-de öz ata-
150
babalarynyñ eden günäsinden ýülünýänçäler bulara hiç kesiñ delalaty degmez! Eýsem ruhy heýwerelileriñ derdine derman tapylarmy?!
– Ogul atasynyñ oduna ýanmaz, gyz – enesiniñ.
– Ýanar. Adam başyna bir ot ýakmaga biziñ wagtymyz ýok. Odu-nymyz-da. Gazanda halk çorbasy gaýnap dur, sen nämä hapa bolýañ? Biz pagta planymyzy dolarys. ”Onuñ” özi samsyk, aglama!
– Bolýar – Aman gözýaşyny süpürdi. – Ýöne men aglaman, kim aglasyn? Men ne gabyr gazyp bilýän, ne-de – adamynyñ nämüçin ölýändigini.
– Adamynyñ kazasy dolýar, ýagny çöpi gutarýar. Gabyr-da, ine, şeýle gazylýar, gel, men saña görkezeýin!
Hojam Şükür barmagy bilen yşarat edende, oña iki gulakly pil geti-rip berdiler. Onsoñ ol iş edinip, tans edýän märekäniñ bir çetinde Amana gabyr gazyp görkezdi.
– Ine, şeýle! – Hojam Şükür öz eden işinden hoşal bolup ýylgyrdy, dişiniñ arasyna giren gumy gabryñ içine tüýkürdi. – Goý, bu gabyr nesibelä nesip etsin. Meselem, ”ol” muña mynasyp.
– ”Onuñ” çöpi gutardymy? Kazasy doldumy?
– Dur entek, garaş, howlukma... – Hojam Şükürowiç getirilen gö-terme oturgyja gonup, onuñ başyny mähirli sypady, gussaly ýylgyr-ma onuñ tozan siñen ýüzüne gelişdi. – Sen edil neresse çaga ýaly, ümbilmez... ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Adamynyñ başyna ýetýän zat – onuñ gedemligi. Biziñ ýurdumyzda biajal ölümiñ iñ esasy sebäbi şudur. Men galanlaryny ownuk görýärin, olar hasap däl. Ýöne adama keselläp ölmek bagty-da ýetdirip biler. Beýle ýagdaýda oña jenap ýoldaş Prezidentiñ fondundan mugt kepen berilmeli.
– Ol fond ulumy? Halk kösenmezmi? – Aman umytly sorady. – Men öz kepenimi boýnuma orap gezmekçi: ”Garybyñ maly – gözü-niñ alnynda!”
– Bu synag bizde geçirildi, netijesi – ýaramaz. Diriler kepenlerini satyp iýýärler, şeýdip, ömürlerini uzaltmakçy bolýarlar, soñ olary çüw-ýalañaç gömmeli bolýar. Jenap ýoldaş Prezident haja gidip, Mekgäniñ gara daşyna mañlaýyny goýan adam, öz ýurdunda adamla-ryñ kepensiz jaýlanmagyna ýol berip bilmez. Diri adama kepen düş-mez, onuñ üçin öñürti ölmeli. Galanyny Tal Tagan düşündirer. Hal-kyñ her bir wekili bilen aýratynlykda gürleşmäge meniñ wagtym ýok. Men halk bilen umumylykda gürleşmeli. Hoş!
151
Welaýat häkimi ýerinden turan badyna Tal Tagan gelip, Amanyñ gaşynda gondy.
– Aýal bilen agzyñ alarsa, molla-müftüden ne haraý? Pikir etme, Býuro hemmesinden habarly, git-de ýat, ertirkini ertir göreris. Akyl-lyja bolsañ, Şemşat irgözünden öýe geler. Ýöne ýalñyşma, biziñ senden tamamyz uly. ”Oña” biziñem ýüregimiz awaýar, bilip goý, şonuñ üçin-de Býuro oña örän çuññur gabyr gazmaly diýen karara geldi...
– Elbetde, biziñ hemme adama ýüregimiz awaýar, ýüregimiziñ başy mydama çawlanyp dur. Seret, men derman içip, özümi köşeşdirýärin. – Yzyna dolanyp gelen welaýat häkimi Amanyñ üstüne ýañadandan abanyp, aýasyndaky dermany görkezdi, soñra-da ony agzyna atyp, gurulygyna ýuwutdy. Onuñ kösenip, bokurdagyny süýndürişini gö-rende, Amanyñ bokurdagy-da öz-özünden süýndi. Ol bitişik gaşlary-ny bürjeşdirip, aşakdan ýokaryk kaýyllyk bilen seretdi. – Seret, men halk çorbasynyñ köp bolmagy üçin dermanymy suwsuz ýuwudýaryn. Adamlaryñ muny bilmegi gerek. Eger kimdir biri bu kirşenden bäri-ligine çyksa, sen oña bu zatlary düşündir-de, yzyna it. Kim-de-kim döwlet ähmiýetli tansdan boýun gaçyrsa, bu onuñ syýasy şowakörlü-gidir. Biziñ hemmämiz-de halkyñ ogullary, halkyñ diri ýerinde – diri, öli ýerinde – öli. Halkyñ muny bilmegi hem özünde kaýyllyk duýgusyny esasy duýga öwürmegi gerek. Aslynda halka başga duýgy gerekmi? Meniñ pikirimçe, halka iki sany duýgy ýeterlik: kaýyllyk bilen minnetdarlyk. Ýöne olaryñ ikisem çuñ bolmaly.
– Düşnükli – Aman kaýyllyk bilen baş atdy.
– Tal Tagan seniñ aladañy eder, hiç zady gaýgy etme, iý-iç semre-jek bol! – soñra ol oba müdiriniñ goltugyndan tutdy. – Ýör, onda, gideli, ýogsam juma namazymyz gijiger. Bize ol ýerde Oba folklor topary garaşýandyr. Jenap ýoldaş Prezident: ”Çeper höwesjeñlik – halkyñ ýaşaýyş ugrundaky göreşidir!” diýdi. Halk özüniñ ýaşaýyşa ukyplydygyny çeper höwesjeñligiñ üsti bilen görkezmelidir. Basym ýurduñ ýolbaşçy işgärlerinden-de folklor topary dörediljek, şonda biziñ bütin ýurdumyz çeper höwesjeñleriñ ýurduna öwrüler. Iş kän. Halk bilen Tal Tagan gürleşer – soñra ol müdiriñ egnine kakdý. – Tal Tagan gepe çeperdir, sen gaýgý etme. Ýöne ätiýaçdan biz oña ”Halk nakyllary” kitabyny goýup gidýäris. Ol syrt jübüsinden bir kitap çykaryp, ideologiýa orunbasarynyñ eline tutdurdy: – Eliñi gyýdy-
152
raýma, ägä bol, bu aşa ýiti ýaragdyr! Bu ýarag ötmese, öwlüýä galýar... Öwlüýäden añyrda... – ol goltugyndan daşy gymmatbaha bezegli, kitaplaryñ kitaby ”Ru” kitabyny çykardy, – jenap ýoldaş Prezidentiñ gudratly pähimleri. Gurhan munuñ ýanynda – oglan oýunjagy. ”Ru” kitabyna ýykylan ähli dertden gutular, ýykylmadyk ýa gije öler, ýa gündiz, omyn!
Häkimler:
– Omy-yyn! – diýşip, agzybirlik bilen alyp göterdiler-de, soñra ýeñil maşynlara küýkülere gelişmeýän çalasynlyk bilen böküşip mündüler.
Hatar tutup, ýola düşen ulaglaryñ yzynda kirşen göterildi. Şol wagt halk tozanynyñ içinden çykan Şamar ene Amanyñ beýle ýanynda gelip gondy. Onuñ elinde bir okara şurruk çorba bardy. Şamar enäniñ yzyna düşüp, Maral-da tozandan çykdy. Gelip, kolhoz gurluşygynyñ weteranyna ýalbardy.
– Şamar ene, çorbamyzy goşaýaly, meñ çöregim halys zat däl eke-ni, gury iýiläýdi. Siziñ çörek paýyñyz köpräk ýaly...
– Çörek iýjegiñ çyn bolsa, synpy duşmanlary gyrmaga gatnaşmaly ekeniñ-dä!
– Şamar ene, men garabagt kolhoz gurlansoñ doglupdyryn.
Şamar ene Maralyñ elindäki okara boýnuny uzatdy.
– Içinde zat barmy?
– Bar... – Maral çorba kölegesini saldy. – Seret, Şamar ene, içi et-den doly, edil hökümet çorbasy ýaly.
– Bolýa-da, guý onda!
Tabagyndaky şurruk çorbany Şamar enäniñ weteran çöregi dogra-lan okarasyna guýan Maral çemçesini işletdi. Şamar ene özüniñ utu-landygyny tabagyñ düýbi görnende bildi. Tölemeden tä ýeñsesi tüñ-ñerýänçä içen Maral:
– Garnym ýazylaýdy, ömrüñiz uzak bolsun Şamar ene! Beýle süýji nany men bu çakda dadyp görmändim – diýende, şurruk çorbanyñ içinden öz diri ýiten çöregini gözläp oturan Şamar ene gazap atyna atlandy.
– Çorbañ gursun, çöregimi zaýalady! Sen aldap, meniñ çöregimi iýdiñ! Sen biajal ölersiñ! – garrynyñ gury dodaklary gargynçly çömmeldi. – Seni möý sokar, ýylan çakar, gök dalak eder!
Maral gorkuly ýuwudyndy.
153
– Günämi öt, Şamar ene!
Şamar ene sesini çykarman, müñedekledi gidiberdi: öt nire, ötme nire!
Bu wagt gumuñ etegindäki Köşge gelip düşen häkimler namaza durdular. Welaýat häkimi elindäki gara ”diplomatyndan” ozaldan taýyn oralan sintetiki sellesini çykardy-da, kellesine geýdi. Onuñ göreldesine eýeren etrap häkimleri: ellerini sokup, ýagyrnylaryndan taýyn sellelerini çykardylar. Musa Çöli şonda olaryñ asyl küýki däl ekenligini görüp galdy. Onsoñ ol öz başyndaky şlýapasyny şol dem-de peşeneli sellä öwürdi-de, ýanyndakylaryñ indiki hereketini gaýta-lamaga taýynlandy.
– Allahy ekber! Allahy ekber! Allahy ekber!
Namaza duran mähelle dürli ululykdaky gulaklaryndan aslyşyp, halymsyrady. Ýöne ymam namaza gyzygan badyna häkimler özara pyşyrda ýatdylar.
– Sen täreti nämä gylýañ? – diýip, ýanaşyk duran paýtagta belli köne kommunistleriñ goýnuñ böwregi ýaly küti dodaklysy lokga burnunyñ üsti ullakan äýneklisine pyşyrdap sorag berdi. – Men-ä dezinfeksiýa üçin täret suwuna birneme rus aragyndan damdyrýan. Dinem gerek, ýöne ätiýaçlygam gowy zat, şeýle dälmi nä?
– Elbetde. Ýöne men-ä täreti mineral suwa gylýan, otyrerimize arak ýanaşdyrar ýaly däldir – gemorroý. Araga agyz çydaýar. Sen kündü-giñ düýbünde galan suwy soñ dökmeli bolýansyñ?..
– ...Ýeuzu billahi mineş-şeýtanirrajim- Bismillahi rrahmanirra-him...
– Ýok-la, heý onam bir dökäýmeli bormy? Namazyñ öñünden-soñundan agzymy çaýkaýan, onsoñ namaz şähdiñi açyp, ruhuñy täzeleýär. Işde dagyn namaz wagtyna zordan ýetäýýän, uzaga çekse, azarladyberýär. Başda üç wagtyna okaýardym, häzir bäşe düzüldim.
– Gowusy täreti arassa suw bilen gylyp, soñundan çüýşäni öñüñe ymykly alan ýagşy. Ýogsam, derýa talhan çalan ýaly edip, onuñ näme manysy bar, ne arak içen, ne-de täret gylan. Ýok, seniñ munyñ mekru bolýar, musulmana isrip – haramdyr. Ynanmasañ, ýoldaş ymamdan sora, onda Hadyslaryñ orsça neşiri bar – äýnekli häkimiñ goñşusy küti dodaklaryny ýalady.
154
– Elhamdu lillahi Rabbilalemin – diýip, ymam sesini gataltdy. – Errahmanirrahim. Maliki ewmid-din. Lýýake na,büdü we iýýake nestein. Eşşedi-enne, lä-lähi Ilalla...
– Bolsa bardyr. Ýöne sen başga bir zady ýadyñdan çykarýañ – diýip, onuñ goñşusy janygyp pyşyrdady, – çüýşäni metjitde ulanma-gyñ özi mekru. Çüýşe metjide sygyşanok, emma künnük – ylaýyk. Adam ogly seniñ künnükden näme içýäniñ bilen işi ýok. Bir kemi – yzyndan tamşanyp bolanok.
Ymam namazyñ arasyny böldi.
– Juma namazynda gürrüñ edenleri üçin ”Gyzyl baýdak”, ýok ”Ýa-şyl baýdak” hem ”Lenin”, ýagny ”jenap ýoldaş Prezident” etraplary-nyñ arçynlaryna berk kommunistik... estagpuralla, ýagny demokratik partiýa käýinjini yglan ediýärin!
Ymam bärisine öwrülmän, goltuk jübüsinden taýyn partiýa käýinçlerini iñ öñdäkiniñ eline tersligine tutdurdy. Ýaşyl jähekli iki tagta kagyz namaza duranlaryñ arasy bilen düzgüni bozujylara garşy elden-ele geçip gaýtdy. Mähelle ýuwaşady.
– ...Ihdines-syratal müstakim. Siratel-lezine enamte aleýhim, garil-magdubi aleýhim weled-dallin. Omyn! – juma namazyny soñlan ymam welaýat häkimine öwrülmäge gyssanman, aşak çöküp, aýbog-daşyny gurady. – Ýoldaş musulmanlar, adatdaky ýaly, juma nama-zyndan soñky dini wesýetimizde bu günem jenap ýoldaş Prezidentiñ egsilmez rehmetine hutby okaljak.
– Onda bismylla rrahmanrrahim!!
– Bismylla rrahmanrahim!!
– Alla jenap ýoldaş Prezidente baş saglyk, uzak ömür bersin!
– Alla jenap ýoldaş Prezidente baş saglyk, uzak ömür bersin!!
Edil şol wagt niredendir başga bir ýerden gumuñ etegindäki Köşe näbelli namaz sesi gelip ýetdi. Häkimleriñ ymamy goltugyndan sal-damly daş çykaryp, daşaryk ylgady.
– Gapdyryñ oñ sesini! – ol gahar-gazap bilen gygyrdy we bar güýji bilen ses gelen taýa elindäki daşyny zybyrdadyp zyñdy.
Häkimleriñ hemmesi ymamyñ göreldesine eýerip, ellerini goltukla-ryna sokup çykardylar-da, goñşy obanyñ minberine garşy daş ýag-dyrdylar. Namazyñ sesi sem bolansoñ, ynjalyp, ýene Köşge döküldi-ler, mynajaty dowam etdiler.
– Alla jenap ýoldaş Prezidente döwlet-iman baýlygyny bersin!
155
– Alla jenap ýoldaş Prezidente döwlet-iman baýlygyny bersin!
– Omy-yn!
– Omy-yyn!!
Welaýat häkimi şondan soñ mañlaý derini syldy.
– Bu günki juma namazy tamam!
Häkimler seslerini çykarman, haýsydyr bir möhüm waka garaşdy-lar. Ahyrsoñy Abat çynlakaý görnüşde gapydan girdi.
– Folklor topary hammamdan çykdy. Merhemet ediñ!
Abat medisina bukjasyny açdy-da, häkimlere ýukajyk medisina ellikleridir agyz-burna dañylýan ak marly paýlap çykdy. Häkimleriñ hemmesi welaýat häkiminiñ etjek yşaratyna garaşdylar. Ol Abadyñ kömegi bilen agyz-burnuny ak marly bilen ykjam dañdy-da, soñra rezin ellikleri ellerine geýdi. Etrap häkimleri onuñ bu hereketlerini gylyny gymyldatman gaýtaladylar. Abat olara çalasynlyk bilen ýar-dam berdi. Soñra ol öñlerine düşüp, gapylary açyşdyryp, häkimleri goñşy otaga alyp gitdi. Ol ýerde ýap-ýañyja hammamdan çykan on-onki sany ýaş gyz-gelin ullakan otagyñ ortasynda häkimlere garaşyp, utanjyraşyp durdular. Welaýat häkimi etrap häkimleriniñ başyny çekip, özleri üçin taýynlanan uzyn stoluñ başyna geçdi. Häkimler oturgyçlarda ornaşan badyna Abat gyzlara ”başlaberiñ!” diýen yşa-rady etdi.
Ilkinji bolup, ömrüne ýat adamynyñ öñünde köýnegini çyzgap gör-medik ýaşajyk akýagyz tyñkyja gyz daşky geýim-gejimlerini çyka-ryşdyryp ugrady. Häkimler ýüzlerini asyp, garaşdylar. Olaryñ daşky sypatyndan-da, döwlet ähmiýetli iş bilen meşguldyklaryny ýalñyşsyz añsa bolýardy. Gyz diñe uýat ýerini ýapýan ýukajyk içki geýimde galdy. Ol ýaýdana-ýaýdana häkimlere golaý gelende, welaýat häkimi onuñ tenine üns bilen syn etdi-de, gyzyñ budunyñ iç ýüzündäki gara-ja tegmili rezin ellikli barmagy bilen dörjeledi.
– Bu näme?
– Meñ... – gyz çym gyzyl bolup seslendi. – Ýokarrakda-da biri bar, ululygy bu görýäniñiz bilen deñ. Açaýynmy?.. – elini uýat ýerine ýetiren gyzyñ ýañaklary utançdan nar dek gyzardy.
– Ýok, bu taýy orramsynyñ oýnagy däl, merhemetli jenap ýoldaş Prezidentiñ döwletli mülki. Her bir zadyñ öz ugry-utgasy, edilişi bar. Size galsa, bar zady derrew buýr-bulaşyk etjek. Biz welin, bu zatlary sungat derejesine götermeli. Hemme zat göze hem gulaga ýakymly 156
bolmaly, muny ýadyñdan çykarma, keýigim! – diýip, Hojam Şükü-rowiç Şükürov gyzyñ sadylla bolup durşuna haýpy gelip hüñürdedi. – Bolýar. Ýöräber, beýlekilerem görsünler.
Etrap häkimleri gyzy talapkär gözden geçirdiler. Olar öz işlerine çynlakaý ýapyşýardylar. Häkimler şeýle bir yhlas etdiler welin, gy-zyñ teninde ýaşyryn ýer galmady.
– Nädýäs? – diýip, soñra Hojam Şükürowiç etrap häkimlerinden sorady.
Ilkinji bolup, welaýat merkezine ýakyn ýerleşen etrabyñ häkimi Temmeli Kelte diýseñ ätiýaçly başlady:
– Gyz akýagyz, teni näzik. Umuman erbet däl ýaly gördüm, ýöne tirseginde az-kem çor bar. Umuman, meñ pikirim, gyz entek birneme özüni tutmaly. Ýöne boýuny kelteräk ýaly gördüm. – ol kärdeşleriniñ gözlerinde gülkä meñzeş alamatyñ çawup gidendigini görüp, öz kelte boýuny uzaltjak bolýan dek oturgyçda birneme dikgerdi, soñuny çöplüge urdy: – Umuman bir göräýmäge erbedem däl ýaly gördüm...
– Umuman, menem şeýle pikirde – diýip, ýene bir häkim söze baş-lady. – Gyz bir görmäge gowy, ýöne gözleri gyýkmagrak. Dişleri abat. Ýöne entek teni ýumşaşmaly. Belki, ony birnäçe gün bassyr hammama salmalydyr? Bilemok, mende taýyn usul ýok, hemme zat aşa jogapkärli, men bu agyr ýüki mynasyp götermäge güýjüm ýet-mezmikä öýdüp gorkýan, meniñ ýüregim çydanok! – diýip, ak saçly häkim birdenkä çep gursagyny mynçgalap, sesini endiretdi. – Allañ özi abraý bersin, biziñ bu işimiz örän jogapkärli, merhemetli jenap ýoldaş Prezidentiñ welaýatymyza gelmegine az wagt galdy – ol tol-gunmakdan ýaña gyzaran mañlaýyna elini ýetirip, öwhüldedi. – Eý, Tañrym!
Oña derrew suw getirip berdiler. Ol bulgury zarp bilen başyna çek-di-de, ýuwaşady. Gözüni mölerdip, daş-töweregine seretdi. Soñra häkimler ýeke-ýekeden gyza baha berdiler. Welaýat häkimi jemini jemledi.
– Siz biziñ Watanymyzyñ baky bitaraplygy hem garaşsyzlygy üçin o diýen ähmiýeti bolmadyk ownuk-uşak zatlarda eglenýäñiz. Meselä iri çemeleşmäni öwreniñ. Umuman, bu gyz boljak: aýaklary, göwüs-leri bar, teni akýagyz, näzik. Bu işde haýal etmän, birnäçe öńegidiţli-gi gazanmak döwlet ähmiýetli mesele bolup durýar; jenap ýoldaş Prezidentiñ gelmegine entek wagt bar, dowla düşmäñ, biz öz höwe-
157
sjeñ gelin-gyzlarymyza timar berip ýetişeris. Ýöne gyzyñ dodakla-ry... ýok, bu meselede biz kemçilik goýberip bilmeris, munuñ agzy ullakan, biz ony nädip düzedeli? Bu bizi ýüzügara edip biler. Köp geplemese, munuñ agzy nireden beýle ullakan bolsun? Biziñ wezi-pämiz folklorçylara hemmetaraplaýyn baha kesmek. Bu gyz meniñ böwrümi diñledýär. Ýok, bolmaz... bolmaz! Nädeñde-de bolmaz! Men gaty gynanýan, ýüregim para-para bolýar, ýöne etjek alajym ýok, başarman, öz ynsabymyñ garşysyna gidip bilmerin! – ol Abada ýüzlendi: – Bu gyza näçe wagtdan bäri ideg edýäñiz?
– Iki hepde bäri.
– Meniñ pikirimçe, döwletiñ serişdesi ýele sowrulypdyr, gyz talaby ödärden pesde. Goý, bu meýdan işine gitsin, oba hojalygynda ulanyl-sa, halkymyza, döwletimize, jenap ýoldaş Prezidente has köp peýda getirer.
Gyz bu sözi eşidip, tas ünden gidipdi. Ol eşiklerini geýnip durşuna özünden yzdaky boýdaşlaryna gözi gidip seretdi. Abat ony başga bir jaýa geçirdi. Gözleri okara ýaly ýaş gelin stoluñ bir çetinden seýkin basyp ýöräp ugranda, häkimler özara pyşyrdaşdylar: ”Ine, mal...”
Ýat adamlardan onçakly utanyp durmaýandygyny bildirip, gelin öz artykmaç ýerlerini mese-mälim görkezip, başardygyndan jan etdi. Onuñ uzyn aýaklary, çalasyn elleri, bedeniniñ güýji häkimleriñ ün-süni çekdi.
– Bu gelin folklora gatnaşyp biler. Biziñ halkymyzyñ aýal maşgala-dan edýän talaplaryny doly kanagatlandyryp biljek. Munuñ ýöritele-şen ugry barmy, sportdan, bu aşa merdem görünýär-le; eger munda birneme näziklik, utanjañlyk-da bolaýanlygynda, belli bahasy boljak däl ekeni... – diýip, häkimleriñ kelte geñeşiniñ kararyny welaýat häkimi mälim etdi: – Bu gelniñ sesi näzik, gözleri oýnap dur, emma nämüçindir, bedeninde erkegiñ güýji bar?
Abat Hojam Şüküre garşy egildi:
-Adaty oba gelni-d, maşgala ekleýär.
– Näme munuñ başy boşmy?
– Ýok.
– Adamsy ýata hassamy?
– Itdenem sag. Ýöne, özüñiz bilýäñiz, käbir ýagdaýlara görä erkek-ler öýdeçil bolansoñlar, gelin-gyzlar köçede, ýolda-yzda köpräk bolmaly bolýarlar... ”Her iş bolsun, bähbit bolsun!” diýleni, netijede
158
halk döredijiligi görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Gelin-gyzlarymyz ozal öñe çykyp, aýdym aýdyp, tans etmäge utanardylar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ ”On ýyl abadançylyk” programmasyna laýyklykda utanç meselesi añsatlyk bilen çözüldi: daşary ýurtlara arkasy goşhaltaly söwda gatnaýan gelin-gyzlardan obamyzda striptizçiler toparyny döretdik. Egin-eşiklerini professional striptizçileriñkiden çalt çy-karýanlygy diýmeseñ, galan zatda olardan pes düşenoklar.
Hojam Şükür göwünjeñ baş atdy.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasadynyñ öñünde durjak güýç ýok-dur. Indiki!
Maral çekinjeñlik bilen özlerine garşy ýörände, häkimler özara ümleşdiler. Gelniñ teninde kemçilik ýokdy, göwresi ýylanyñ dama-gyndan çykan ýoly lowurdap durdy. Diñe budunyñ iç ýüzündäki barmak basaýmaly ululykdaky gara hal onuñ paýtagta iberilmeli topardan alnyp galynmagyna tutaryk boldy.
– Welaýat derejesinde işlemäge rugsat edýäris, meselem, gumuñ etegindäki bu Köşkde.
Häkimler gelniñ begenç gözýaşyny görmezlige saldylar. Folklorçy Enar orta gelende, olar ýene-de görnetin janlandylar:
– Aperin! – hökümet komissiýasy gyza umumy şeýle baha berdi: – Munuñ inine suw ýöräpdir...
Häkimler folklorçylaryñ içinden üzümiñ suwy ýaly gyz-gelinlerden birnäçesini saýlap, olary döwletiñ milli baýlygy diýip yglan etdiler we paýtagta ýollamaly etdiler. Başarnyklaryny jenap ýoldaş Prezi-dentiñ hut özüniñ gözden geçirjekdigini eşidenlerinde, bijesi çykan gyzlar bagtdan galdyraşsalar, gelinler syrly ýylgyryşdylar. Şol syrly synagdan-da üstünlikli geçip bilseler, soñra öz egin-başlarynyñ, aýakgaplarynyñ galan ömürlerine bitin boljagyna bagty çüwenleriñ umydy uludy.
Hojam Şükür Abadyñ ýüzüne seredip, Maraly görkezdi:
– Bu gelni men welaýat derejesindäki ”milli baýlyk” diýip yglan edýärin. Ony ýaman gözden, dilden goramak siziñ borjuñyz. Häzir-likçe meni diñe paýtagta gitmeliler gyzyklandyrýar. Onda näme... – ol ýerinden turdy, – garañky gatlyşdy, göz baglandy, indi bizi ag-şamlyk edinmekden Allanyñ hut özi-de saklap bilmez!
Häkimler toplumy bilen banket otagyna geçdiler. Köşgüñ myhman otagyndaky uzyn stoluñ üstünde düzlen ir-iýmişler, owadan içgiler
159
işdämen agyzlara garaşyp, gymmatbaha şemdanlardaky şemleriñ intim ýagtysyna bulduraşýardylar. Hyzmatkär gelin-gyzlar häkimle-riñ her bir islegini bitirmäge kaýyl, daşlarynda hozanak, folklorçylar özlerine timar bermek bilen meşgul. Stollaryñ başyna geçilen badyna Hojam Şükür öñden gelýän adata görä bulguryny rus aragyndan püre-pürläp, bokurdagyny arçady.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ täze Köşgünde öñdebaryjy halk wekille-ri bilen ilkinji duşuşygymyzyñ şanyna bulgurlary götereliñ!
Häkimler biragyzdan:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýşip, joşgunly seslendi-ler.
Arakly bulgurlar bir zarbada boşady.
– Täze Köşgüñ synag açylyş dabarasyna halkymyzyñ iñ öñdebaryjy wekilleri – folklorçylar we datly iýmitleri taýynlamagyñ ussatlary gatnaşýarlar. Çarwa obasy bu hormata öz päk zähmeti bilen mynasyp boldy. Oba zähmetkeşleri diñe bir işde däl, eýsem ümsümlikde-de, çeper höwesjeñlikde-de, bütin ýurdumyza görelde. Görübilmedigiñ gözi çyksyn!
Inçejik gara galstuklylaryñ öñbaşçysy stoluñ garañky çetinde der-rew dim-dik boldy.
– Buýruk ýerine ýetiriler!
Ol öz nökerlerini yzyna tirkäp, gara pişik ýaly, garañkylyga siñip gitdi.
Wagt gijikdigiçe folklor tansynyñ lezzeti artýardy. Häkimler iýgi-içgiden bizar bolup, gitdigiçe sungata ýakynlaşýardylar. Welaýat häkimi-de gelin-gyzlaryñ tanslaryna gözlerini süzüp, örän inçe duýgy bilen tomaşa edýärdi. Gyzlaryñ käbiri näzik biline agram be-rip, tä saçlary nagyşly tagta pola ýazylýança arkan gaýyşyp, öz ussat-lygyny görkezse, beýlekisi daraklygynyñ ujyna galyp, guw ýörüşini edýärdi, ýene biri eginlerini silkip, näzik göwüslerini titredip, kelläñi dumanladýan içgilerden duýgulary inçele-inçele halys üzlere gelen häkimleriñ sabryny suw edýärdi. Meýlis tä gije ýaryma deñeç do-wam etdi. Ahyry welaýat häkiminiñ bu görnüşden ýadandygy bildir-di. Edil şol wagtam oba müdiri kölege ýaly, onuñ üstüne abandy.
– Halkyñ iñ öñdebaryjy wekilleriniñ biri, guýmagursak folklorçy Enar ukybyny siziñ hut özüñiziñ synap görmegiñizi isleýär. Ol özü-
160
-
aysyzgije
13 years ago
- niñ paýtagta iberiljek milli baýlygyñ içine düşendigi üçin size min-netdarlyk bildirmek isleýär...
Hojam Şükür ör-gökden geldi:
– Ýok, ýok, bu mümkin däl! Meniñ işim başymdan agdyk, saýlaw-lar ýetip gelýär, syýasy ýagdaý çylşyrymly we şuña meñzeşler... Kesekiniñ mülküne girmek… ýok, ýok, meniñ wagtym gyzyldan gymmatly, men beýle töwekgelçilige baş goşup bilmerin!
– Bu biziñ obamyzyñ gelejegi üçin möhüm. Onsoñam biz jenap ýoldaş Prezidenti ýörelmedik ýoldan ýöredip, halkyñ ykbalyny tere-zä salyp bilmeris, düşüniñ...
– Elbetde, Watana we jenap ýoldaş Prezidente söýgimiz bizi köp zada borçly edýär. Kadrlary içgin gözden geçirmek – biziñ jana-jan borjumyz. Üstesine-de welaýatyñ abraýy… Dogrusyny aýtsam, men Çarwany tüýs ýürekden söýýärin, bu oba uç-gyraksyz mümkinçilik-leriñ başlanýan ýeri. Şol sebäbe görä-de, men elimden gelenini etmä-ge taýýar, synanyşyp göreýin...
Welaýat häkimi uzak eglenmän, etrap häkimlerini alyp, daşaryk gezelenje çykdy. Olar täze Köşgüñ töwereginde gezim etdiler. Gaýdyp gelenlerinde, Hojam Şükür golastylaryny Köşgüñ töwere-ginde saklaw goýup, özi apañ-apañ basyp, içerik girdi. Bu wagt ýa-ñadandan hökgülere öwrülen häkimler, hamana otyrýerlerini gaşajak ýaly edip, çermeklerinden aşak balaklarynyñ içine sokup-çykaranlarynda, ellerinde suw ýaly kalaşnikow awtomatlary peýda boldy. Şonda ýylan olaryñ syrtyndan aşaklygyna balaklaryny gallag-dyryp duran zatlaryñ guýruk däl ekendigini görüp galdy. Bu wagt elindäki haşamly şemdany içki otagdaky belent tekjede goýup, ot-luçöpi çyzan Abat gymmatbaha agaç sekiniñ üstündäki ykyrdaýan düşege düşbi göz aýlap, edep bilen gapydan çykdy. Folklorçy gyz Enar garşydaky gapydan läle kakyp çykdy-da, şahsy gözdengeçirili-şiñ bolmaly otagyna ýöneldi. Ýaş folklorçynyñ tolgunmakdan ýaña endireýän sesi çetki alagarañky otaga siñip gidende, öz gözleriniñ jadysyna düşen torgaýlary ýuwudanda olaryń näzik saýraýyşlary göz öñne gelip, oba oba müdiri ýogyn gultundy. Onsoñ ol ”ýatmankam gezmelejek” bahanasy bilen birsalymdan edil ýagdan gyl sogrulan ýaly bolup, tamyñ gapysynda we çüñklerinde sömelişip duran hä-kimlerden arany açdy. Oba müdiriniñ garañkylyga siñenine kän wagt geçmänkä-de, tamyñ arkasyndan gelen äpet Kepjebaş çalaja açylyp
161
goýlan aýnadan içerik kellesini sokup, diñşirgendi. Şonda ol ölümtik ýagtyda ýaş gyzy dyzynyñ üstünde oturdyp läle kakdyrýan welaýat häkimini gördi. Munuñ oña niçiksi täsir edendigini güýçli ýele uçran ösümlik kimin galdyraýyşyndan-da bilse boljakdy. Ýylan haýal et-män otagyñ içine sallanyp düşdi-de, ýatylýan sekiniñ aşagyna süýşe-nekläp girdi. Ýene-de diñşirgendi. Gyzyñ sesi gitdigiçe inçelýärdi. Ol muny folklorçynyñ egninde geýim-gejiminiñ ýeñleýändiginden gördi. Olar solan güýz ýapraklary ýaly aýak astyna sanma-san gaçýardylar. Welaýat häkimi-de yssa çydamsyz bolup çykdy, onuñ gylly aýaklary basym Kepjebaşyñ burnuny gyjyndyrdy. Gyzyñ sesi-niñ endiremesi ýylanyñ ynjalygyny aldy. Täze keteniniñ bozgunç ysyndan basylan Kepjebaş ýatylýan sekiniñ beýleki tarapyndan çy-kyp, başyny ýokary galdyrdy. Bu wagt halk döredijiliginiñ sözleri gutaryp, diñe tolgundyryjy äheñi galypdy, ”indi bir çakdyr” diýip, ol şemiñ ýagtysy düşýän ýere golaýlaman, aýaguçdan alkymyny ýoka-ryk göterdi. Gözüne ilen görnüş Kepjebaşyñ ynjalygyny gaçyrdy, aýratynam welaýat häkiminiñ tüýlek bedeni onuñ gaharyny getirdi. Onsoñ ol öñki niýetini üýtgedip, gyzyñ däl-de, tasdan erkegiñ tenin-den agyz urupdy. Ýylana özüne erk etmek añsat düşmedi, ýöne ol janyny gul-gula salyp, bu otaga nämüçin aralaşanyny-da undup bil-medi we şonuñ üçin-de uzak eglenmän, ötegçiniñ aýagynyñ aşagyna togarlanan bigünä ak ýumurtga kimin düýrlenip ýatan gyzyñ näzik ak budundan agyz urdy. Gyz tenine köz basylan ýaly çirkin ses edip, syçrap turanda, Kepjebaş eýýäm garañkylyga garyşyp, açyk aýnadan güm bolup barýardy...
Tomsuñ başynyñ sergin gijesi. Kepjebaş dik depesindäki öz gözle-rine meñzeş sowuk ýyldyzlara owsunyp, bir silkindi-de, şol duran ýerinde gaýtadan oba müdürine öwrüldi. Soñra çaltlyk bilen tamyñ daşyndan öwrülip, gapydan geldi. Saklawda duran häkimler bu wagt duýdansyz çykan çirkin sesden aljyrap, sazanaklaşýardylar. Olaryñ ýanyndan ketenilerini şowurdadyp, daşlaşyp barýan folklorçylar bolsa, gyssagara içki geýimlerini düzedişdirmek bilen başagaýdylar.
– Näme boldy? Ýañky ses näme? – diýip, Musa Çöli añyrdan gelşi-ne uly alada bilen howpurgap sorady.
– Bilmedik... – diýşip, häkimler çermeklerini çekdiler. – Bir zad-a boldy, ýöne nämedigini bilemzok.
162
Müdir olaryñ deñinde eglenmän, jaýa urduryp girdi-de, içki otagyñ gapysyny bat bilen özüne dartdy. Ylgap baryp, düşegiñ üstünde ur-nup ýatan gyzy gujagyna aldy.
– Gyza näme boldy? Bu görgülijigiñ näme ýazygy bardy?! – diýip, ol hamana adatdan daşary aljyranyñ sypatyna girdi. – Kömek ediñ! Gyz demini sanap barýar, wah, bu öljek-le! – ol öz eşiklerini gözläp hars urýan welaýat häkimine adatdakysyndan has merdem ýüzlendi: – Hany bu görgüliniñ içki geýimleri?
– Ýerdedir, aşakda... – haýýaty göçen Hojam Şükür topulyp geldi. – Ýok, bu meniñki... Gyzyñky, bu taýda, ynha, al!
Zäheriñ güýjünden beter gorkudan ysgyny gaçan gyzy gujagynda saklap durşuna Musa Çöli jaý ýerinde ýalynjañlyk etmegi-de ýadyn-dan çykarmady.
– Hojam Ş-şükürowiç, gyzyñ ýagdaýy agyr, özi-de, ýalñyşmaýan bolsam, bu gyz jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde läle kakmaly gyzdy. Serediñ, eýýäm onuñ agzy köpükläp ugrady... Bu betbagtçylygyñ edil saýlawlar bilen gabat gelşini diýsene! Edilen işiñ üstüni basyrjak bolsam, men indi obadan bir ädim-de çykyp bilmen, ýöne meniñ Ýurt mejlisine deputat saýlanmak höwesim güýçli. Sebäbi, özüñiz bilýäñiz, gyz ýerden ýeke çykan däl, ejesi, kakasy bar, dogan-garyndaşlary... Obaçylykda gep-gürrüñ diýibem bir zat bardyr, ynha görseñ, bu erbet habar eýýäm paýtagtdan çykar! Meniñ işli boljagym görnüp dur. Deputatlyk meselesi çalt çözülmese, men iki işe birden ýetişmerin, gyz ardurja heläk bolar...
Gyssagarada kemerini iñ soñky gözegine deñeç çekdiren Hojam Şükürowiç garnynyñ hamyny gapjadyp, awundy. Sesi azarly çykdy.
– Sen şuny alyp çyk, eşitdiñmi! Men şu minudyñ özünde ”Folk-lorçy gyz Enary ýylan çakmak meselesi” boýunça welaýat komis-siýasyny döredip, seni-de onuñ başlygy belleýärin.
– Ýok – diýip, Musa başyny ýaýkady, – ýylan däl, ony ”möý” diýip belläñ, owalam möýler kän, ýylanlar az...
– Al! – Hojam Şükür goltuk jübüsinden möhürli kagyz çykaryp, Musanyñ eline berdi. – Meseläni çözüldi bil!
– Ýöne Ýurt mejlisinedir, ýoldaş Hojam Şükürowiç...
Welaýat häkimi ”işini gyssagda bitirýän” bu adama gorkuly gözle-rini alartdy. 163
– Ýurt deputatlaryny jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi belleýär. Oña meniñ erkim ýetmez.
– Bu ýurtda deputat saýlanyşy şeýle bir garañky welin, eger-eger okumyş ýylan bolubam onuñ düýbüne ýeter ýaly däl. Eýsem welaýa-tyñ Ýurt mejlisinde iki-ýeke deputatlyk orny ýokmudyr?
– Meniñ diñe öz ýerim bar – Hojam Şükürowiç nalady. – Şolam gije-gündiz hallan atyp dur.
– Şol maña bolar. Siz her ugra öz başyñyzy çararsyñyz diýip, umyt edýärin. Ýeriñ-suwuñ tabyny aýylganç gowy bilýän daýhan hök-münde siz meni öz ýeriñize deputat görkezseñiz, tüýs jüpüne düşjek. Ikimiziñ başga çykalgamyz ýok: ne siziñ, ne-de meniñ... – Musa çüw ýalañaç gyzy elinde göterip durşuna, örän edepli seslendi. – Atalyk aladañyz üçin öñünden minnetdar. Sizden ýakyn hossarymyñ ýokdu-gyny men, dogrusy, öñem añýardym.
Alagaryñkynyñ içinde aljyraññy nazary Musanyñ aşa sowuk gözleri bilen çaknyşanda, welaýat häkimi eşigini geýensoñam, özüni çüw ýalañaç duýdy, öz duran ýerinden gorkdy, bu ýerden çaltrak göteril-mek bilen boldy. Etrap häkimleri onuñ yzyny eýerdiler. Bary-ýogy dem salymdan gumuñ etegindäki Köşk dym-dyrslyga gark boldy.
– Bas gatyrak! – diýip, olaryñ yz ýanyndan maşyna aýagyny atan Musa Çöli Şala höküm etdi. – Muña baryp, çaltrajyk mör-möjegiñ garşysyna urulýan sanjymy etdirmeli, biçäre gyz... – şol barmana-da ol: – Dur! – diýip gygyrdy. – Kim ol jaýyñ daşynda köw urup ýö-ren?! – ulagdan ýüzüniñ ugruna böküp düşen müdir garañkylyga siñdi, soñam az wagtdan haşlap, yzyna geldi. – Sür! Ýetdirmedi, gaçdy, kümsük möý!
Garañkylyga çümüp barýan täze Köşk şemli aýna gözlerini serik galan gapydan urýan ötegçi şemala gorkuly gyrpyldatdy. Seleñläp oturan garawulhananyñ gapysy açyldy. Goja Mäşirik töweregine ätiýaçly garanyp, beýik sekiden syrylyp aşak düşdi, gözlerini töwe-reginden aýyrman, üsti ir-iýmiş galyndyly stoluñ başyna geçdi. Düýpleri gowşan saññy dişleri bilen sowap galan ýumry-ýumry çiş-likleri çekeledi. Agzy açyk arakly çüýşeden öñündäki bulgury püre-pürläp, bulguryñ daşyny ysgaşdyrdy...
Pişik basyşyny edip gojany yzarlap gelen Maral bu bolşy görüp, gorky bilen yzyna öwrüldi. Aşhana girip, içinden berk gulplady, düşnüksiz duýgulardan ýaña galpyldady. Golaý-goltumda adam ýok,
164
ümsümlik. Ol halys ýekesiräp, gumuñ içinden çykýan şagal seslerin-den öz ýüregine teselli agtardy, nähilidir bir ýakymsyzlyga garaşdy. Ýakymsyzlyk başlananda, gije ýarymdan agyp, garawul goja-da bu wagt bireýýäm agzyny dik ýokaryk tutup, dünýäden habarsyz horlap ýatyrdy. Çölüñ içinde başlanan galagoplugy duýup Maral ilki aşha-nada bukuljak boldy, emma munuñ bilen gutulmajagyny bilip, daş çykdy-da, köwüşlerini eline alyp, oba garşy ýazzyny berdi.
Onuñ yzynda galan çölde ilki çöp-çalamlar gozgalañ tapdy, sazak-selinleriñ bulanmasy artdygyça, güýçli tüweleýiñ golaýlaýandygy bildirdi. Uzak garaşdyrman, gara gije gara heleýe dönüp, sykylyk atdy. Çölüñ eteginde gömelteý ýagtylýan öýuñ daşyndan küpürsäp goşa öwrüm eden tüweleý ak mermer Köşgüñ bosagasyndan aýal sypatynda seýkin basyp girdi.
– Geldiñmi, meniñ bedenimiñ guwanjy? – häliden bäri bu hadysa ynjalyksyz garaşyp oturan Musa Çöli syçrap, onuñ garşysyndan tur-dy.
– Elbetde, meniñ ýüregimiñ gizlin syry...
– Oba müdiri onuñ daşyndan, suwlunyp, birnäçe gezek öwrüldi, gapa baryp, daşaryk diñ saldy, ýene-de yzyna dolandy. Topulyp ge-lip, Abady garsa gujaklasam diýdi, ýöne yza tesdi. Soñra ýene öñe topuldy, ýene yza tesdi. Bu ýagdaý birnäçe öwre gaýtalanansoñ, oba müdiri belent heñden tutdy.
OBA MÜDIRI:
Gijegözel! Tüm lälesi!
Aşygam, gorkaram senden.
Haýwan alasy daşynda,
Içinde adam alasy...
Çolaşaly, çyrmaşaly,
Bilmerin, nedir hilesi,
Aýdyñlar, habarlaşaly!
ABAT:
Geldim. Aç gujagyñ, ýarym!
Yşkym öz erkime goýmaz.
Terk etdim öýüm-öwzarym,
Ýara suwsan wepa diýmez.
165
Durmuş ne çyn, ne-de oýun.
Sowuk oduña ýanaýyn,
Jadymyz jada goşaly!
OBA MÜDIRI:
Al öýmeli, gara bagtym,
Meniñ syrym ile ýaýma!
Çözsek söýgiñ dört amalyn,
Tüýsümiz üýtgeşik diýme.
Seniñ belañ görküñdedir,
Meniñ göwnüm bu gün sende,
Seniñ göwnüñ, gör, kimdedir?
ABAT:
Gel, ýar, meniñ göwnüm sende,
Gara gijeden ant içýän!
Hyjuwym durmady çende,
Sen ýylan bol, menem içýan.
Tenim ýere kölge salmaz,
Geçen ýolum adam bilmez,
Keýp-sapa meñ erkimdedir!
OBA MÜDIRI:
Men gyzgyn çölüñ perzendi,
Keç ykbalym – belaly ýar!
Tenim küýsegiñde ýandy,
Syrym açylar gorkym bar.
Gel bäri,
Sen kimiñ ýary?
Ah, güme gitsin-le bary,
Yşk öñünde durjak kim bar?
Ýarsyz maña giñ dünýä dar!
166
Olar ýañadandan tüweleýläp ýokary göterildiler-de, biri-birine el berdiler. Daşyndan göreniñde, ömürlik birleşendirler diýdirýän bu iki jynsyñ Köşgüñ içinde özleri aýlanýarmy ýa-da Köşk bularyñ daşyndan aýlanýar – biler ýaly bolmady. Çola-şyp-çyrmaşyp, dünýäni unutdylar.
167
-
aysyzgije
13 years ago
- 8. Tal Tagan
Tenine aralaşan gizlin söýginiñ-de, ownuk içigaraçylyklaryñ-da Musa Çölüniñ ganyny gyzdyrardan, tutan ýolundan ünsüni sowardan ejiz gelýändigini Býuro agzalarynyñ içinden ilki bolup añan Tal Ta-gandy. Folklorçy Enarly mesele çözlüp, saýlawlardan adynyñ öçüri-lendigini bilen güni Çarwanyñ müdiri, hamana hiç zat bolmadyk ýaly, Tal Taganyñ ýanyna eli ullakan gül desseli geldi.
– Meniñ paýtagtda salkyn kabinetde oturmaga wagtymyñ bolmaja-gyny ozalam bilýärdim… – ol gürrüñi daşdan aýlady. – Gowaça kadaly boý almaly, oña dökün dökmeli, wagtynda suw bermeli, ota-maly, ýekelemeli, garaz, başaranyñ başyna! Ýagdaý ş-şeýlekä meniñ saýlawlardan çetleşdirilmegim diñe maña däl, uly ile bähbitli. Bilme-li zadym: munuñ üçin kime minnetdar bolmalydygym...
Tal Tagan ýüregine howsala aralaşandygyny añdyrmazlyk üçin sypaýy gülümsiredi.
– Dogrusyny aýtsam, soñky günlerde men birneme ýarawsyz: üs-gürýän, işdäm ýok, endamym soka salnan ýaly, edil ýöne ýere siñip barýan. Şonuñ üçinem men bu dogruda hiç bir jähtden resmi pikir ýöredip biljek däl. Saçagyñ başynda duşulsa – başga gep: onda pel-sepe otarsa bolardy; pelsepe ýaşaýyşyñ bezegidir.
Agşam naharynyñ başynda kümüş dürtgüje tagamly mantyny ötü-rip, gaşlaryny çytyp uzak oýurganan Tal Tagan ahyry dil ýardy:
– Siziñ garşyñyza iş görýäniñ kimdigi dogruda men syrkaw haly-ma-da oýlanmaga synanyşdym. Garşylyk bardygy bildirýär: ol hä-kimiýetmikän? Gündogarda häkimiýet – diñe häkimiýet däldir, ol maşgala agzasydyr, tüýnüge gonan gargadyr. Diýmek, biziñ hiç bi-rimiz gije-gündiziñ dowamynda göz açyp-ýumasy salym-da häki-miýetiñ görgür gözlerinden sowlup bilmeris. Ýöne tut ýaly sag bol-masañ, bu pikiri ösdürmek kyn. Belki, ol bir adamdyr? Beýle bolsa, onuñ boýunyñ uzynlygy näçe? Ynha, maña serediñ, meniñ boýum – 1,71; uzynmy ýa-da kelte? Netije çykarmaga howlukmañ! Bu bir şeýle ýurt: boýy 1,69 bolan 1,68-iñ, 1,70-de – 1,69-yñ üstüne erbet abanýar; 1,71 bolaýsañ, sen eýýäm gaty daýaw adam; şondan syr-damlykdan hudaý saklasyn, seniñ çet ýurtly ýa-da pitneçi hasap
168
edilmegiñ ahmal! Göýdük pälwanlaryñ ýurdy. Hiç kes öz boýuny iki metrden pesdir öýdenok, ýöne haýsynyñ ýakasyndan tutsañ, syçanyñ hinine sygjak… Hawa, men ýañy nirede galdym-a? Elbetde, ol adam uzyn-da bolup biler, kelte-de, gowy-da bolup biler, erbet-de, ýöne bu meselede esasy zat boýdur gylykmyka ýa-da partiýa degişlilik? Gö-nümden gelsem, meniñçe, ol adamynyñ hatda partiýa basgançagynyñ haýsy derejesinde durany-da möhüm dälmikä diýýärin. Belki, mö-hümdir, ýöne bu möhümligiñ özi onuñ welaýat eýesi Hojam Şükü-rowiçiñ garyndaşlaryna degişlidigi ýa-da degişli däldigi ýaly bir zatdyr diýip çak edýän. Eger ol garyndaş bolaýanda, näçinji arka: doganmy? doganoglanmy? dolananmy? çykanmy ýa-da babadaş? Dogrusyny aýtsañ, babadaşdan bärde-de ýiti garyndaşlyk gyt däl. Ynha, meselem, Hojam Şüküroviç Şüküriñ aýalynyñ islendik garyn-daşynyñ onuñ özüniñkilerden häkimiýete ileri bolup çykmagy ah-maldyr, asla şeýle bolmagy kadaly ýagdaýdyr: ”Aýalyñ hanjadan bolsa, gel-gidiñ şonjadan” diýen nakyl durmuşydyr. Halk, elbetde, bilmän bir zat aýtmaz. Halk diýmek, dogrusy, täsin zatdyr. Hawa, halk barada biz asla näme bilýäris? – Tal Tagan pereñ konýagyndan edil Parijiñ orruk ortasynda oturan dek birje gezek owurtlap, inçemik agajet ýüzündäki owadan gyýma gara gaşlaryny bürüşdirdi. Elbetde, onuñ sowaly jogapsyz galdy, sebäbi bular ýaly agyr sowala diñe Býuro agzalarynyñ özi jogap berip biljekdi. Şonuñ üçinem Abat bilen Nabat özlerine agram salmadylar. Okumyş ýylan-da bu mese-lede olardan kem oturmady, dymdy. Tal Tagan konýagyñ yzyndan ýene-de bir enaýy bükülen mantyny ýukajyk dodaklarynyñ arasynda gizläp, çagalykdan galan endigine görä, nepis gülli salfetkadan öñürti eliniñ arkasy bilen agzyna süpürip, pelsepesini dowam etdi: – Hawa, halk dogruda biz näme bilýäris? Ilki bilen aýtmaly zat: halkyñ ady bar-da, özi ýok! Ikinji aýtmaly zat: onuñ nakyly bar-da, akyly ýok! Ýöne eger kimdir biri men gep gelşirýändir öýtse, ýalñyşar, men görýänimi aýdýan. Umuman, her adam öz ömründe iñ bolmanda bir gezek çynyny aýdyp biler. Şondan artyk bolsa, kän bolýar, ony gö-termäge injik gerek. Ýagny, baldyr. Halkyñ iñ gowy görýän zady güýmenjedir. Çöregini tapan güni. Bu barada köneki taryhçylaryñ biri, meselem, şeýle diýipdir: işsiz kişi inegini oýnar! Ýöne indi dö-wür üýtgedi, onsoñ iñ bolmanda il ugruna halk nämedir bir zatlar etmeli boljak, oña-da gurbat gerek, haýsydyr bir etsem-petsemiñ
169
bolmaly. Näme etjegini bilmedik, hergiz etmesiz işi eder, aljak gala-sy-da – juwaza salnan kör düýäniñ başarjagydyr; üstesine-de: kör düýäni keseki biri sokur aýlawa salsa, halkyñ pirini kädä gabaýan hergiz onuñ özüdir. Onsoñ ömrüni gözdañyly ýaşanyñ, ýagny, biziñ mysalymyzda düýäniñ, belki-de düýe eýesiniñ-de, dañy aýrylan güni nämäni görüp, nämäni görmejegi belli däl, ýöne olaryñ ikisine-de ýiti ýagty bilen tüm garañky – bir çakdyr; aralyk reñkleri, öwüşginleri seljermek kör düýäniñ we onuñ yzynda gezeniñ güýmenjesi däldir. Bu – köre hasa. Emma hany dünýäniñ ajaýyp bezegi älemgoşar? Gepiñ tümmek ýeri, biziñ halk diýýänimiz iki reñkiñ milletidir: gara hem ak, ak hem gara, onuñ öweni – öküz, syndyrany – sygyrdyr! Onsoñ, gadyrdan, beýle ýurtda ýaşaýyşyñ kyn boljagy güman etdi-rer. Siziñ ýeriñizde bolsam, men paýtagta aşmanyñ aladasyny eder-dim.
– Wah, näsini aýdýañyz... – Musa Çöli ahmyr çekdi, – arman, biziñ yrsgalymyz ozal-ebedinde çöle baglanan-da.
– Külli halkyñky şeýle. Siziñ öz içiñizden meni häzir pelsepe sat-makda aýyplamagyñyz, muny datly içgileriñ güýjüdir öýtmegiñiz bolup biljek zat, ýöne onda-da meniñ Musa Çölüniñ nämüçin Ýurt mejlisine deputat saýlanmanlygyndan ugr alyp, birsellem pelsepe otarasym gelmän duranok. Musa Çöli, siziñ öz pikiriñiz nähili, siz näme sebäpden deputatlyga görkezilmediñiz?
Musa Çöli gözlerini tegeläp, eginlerini gysdy.
– Bilmedim. Belki, görüpçilikdendir?
– Ana! Ana! – Tal Tagan süýem barmagyny dik ýokaryk göterdi. – Biziñ ilde görüpçilik beýleki islendik duýgulardan inçedir. Adamy-nyñ aýagyndan aslyşmak, güni gowynyñ gününi görübilmezlik, ýy-kylanyñ ýeñsesinden depmek, köneleñ aýdyşy ýaly: ”Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürtmek” – bular adamlaryñ köneden gelýän söýgüli gylygydyr. Elbetde, il içinde ýagşyzada ýaly kişilerem bar, olar döwri juda inçeden yzarlaýarlar, duýýarlar; meselem, Döwrüñ depesindäki adam ”Ýagşylyklar” firmasyny açyp, atuwa alnyp ba-rylýanlara firmanyñ hasabyna öz galamhakyndan gyşyna aýakgap, tomsuna-da saýawan sowgat edýär. Giden – gitdi! Gör, nähili duýgur ýürek! Başgaça pikirlenmegiñ ajaýyp resmi nusgasy! Ýöne, gadyr-dan Musa Çöli, siziñ Ýurt mejlisine görkezilmezligiñiziñ müñ sebäbi bar bolsa, olaryñ içinde görüpçilik – iñ soñkusydyr diýmekçi. –
170
Musa özünden bidin üşerildi. Tal Taganyñ konýakly bulgurynyñ ýene-de dodaklaryna golaýlandygyny gören Abat bu agşamyñ özi üçin öndümli boljakdygyny oýlanyp ýetişdi; emma Tal Tagan kän içmedi, konýakdan edil derman owurtlan ýaly owurtlady. – Hawa... men size ýene näme diýmeli? Meniñ çakym: siziñ häzirki şowsuzly-gyñyzyñ düýp sebäbi ilkibaşdaky şowly başlangyjyñ netijesimikä diýýärin. Hawa, hawa! Geñ galmañ! Siz biziñ jemgyetimize aþa þowly girdiñiz! Çarwa ýylyñ başynda-da iñ yza galak obady, bary-ýogy üç aý geçip-geçmänkä-de, onuñ ady il gezip ýör! Çakym çak bolsa, daşary ýurtlardan sürlenişip gelýän myhmanlara siziñ obañyzy görkezmek üçin basym paýtagtdan bärik ýörite asfalt ýol çekilse gerek. Diñe bu asfalt ýoluñ çykdaýjysynyñ özi-de döwletiñ býujetine obañyzyñ berýän we geljekki ýüzýyllykda berip biljek girdejisinden kän esse agdyk bolar diýen gümanym bar, çünki ol ýol paýtagtdan gös-göni Çarwa obasyna hem soñra gumuñ ajaýyp gözelligine deñeç baryp ýetmeli. Ol ýol gözelligiñ içine süsñäp girmeli! Gumdan näme galjagy häzirlikçe belli däl, ýöne paýtagtly bilermenler ýurduñ islen-dik ýerini çöle öwürmegiñ añsat usulyny oýlap tapdylar, şonuñ üçi-nem biziñ halkymyzyñ çölsüz galmajagyna men kepil geçip biljek. Onsoñ ol çölde mal bakarys, belki-de towuk saklarys. Towuga köne-kilerimiz ”Ýedi hazynañ biri” diýipdirler. Iýmlemän, yzyna düşüp ýumurtgasyny çöpläp ýörmeli bolany üçin. Diýmek, towuklaryñ bizi gyzyldan gömmegi üçin ýurtda ähli şertler eýýäm döredilen we olar-dan hakyky girdejini talap etmäge biz haklydyrys. Ýöne paýtagtyñ özi birden Çarwa göçse nätjek? Men ony hökman göçer diýemok, ýöne göçmezem diýip biljek däl. Beýle uly zatlaryñ hasabyny ýöre-derçe men kim bolupdyryn? Ýok, ýok, bu gülkünç! Meniñ akylym-dan azaşmagym mümkin, ýöne ýurtda üýtgeşiklikleriñ boljakdygyny syzýaryn. Jenap ýoldaş Prezidentiñ gadyryny bilmeýänleriñ ömrüniñ üzül-kesil gysgaljakdygy bildirýär. Bu zatlar, elbetde, biziñ Wata-nymyzyñ geljegi; häzir esasy mesele, eger ýalñyşmaýan bolsam, siziñ nämüçin Ýurt mejlisine deputat saýlanmandygyñyz hem onuñ gizlin mehanizmi. Häzir... – Tal Tagan altyn sagadyna dykgatly se-retdi, dodaklaryny müñküldedip, içinden hasap-hesip öwürdi, gözle-rini ýumdy, – häzir, göreýin welin, edil birnäçe sagatdan ýurduñ iñ ýokary edara ediş guramasynda hut jenap ýoldaş Prezidentiñ ýol-başçylygynda... mümkin bolsa, ýeriñizden turmagyñyzy haýyş edýä-
171
rin! – Tal Tagan galstugyny düzedişdirip, saçagyñ bir gyrasynda, onuñ üstüne abanyp, dik durdy, – Ýurtda çöllügi giñeltmek we ony suwlulandyrmak boýunça möhüm Mejlis geñeşi başlanjak. Diýmek, siziñ işeññirligiñiz bilen biziñ welaýatymyzyñ ykbaly-da çözlüp biler. Eger Karar kabul edilse, şeýle boljakdygy-da, öñünden belli, onda biziñ hemmämiziñ ykbalymyz indiden beýläk düýbünden başga tekizlige geçer. Ýalñyşmaýan bolsam, bu dogruda orta mekdebiñ geometriýa kitabynda şeýle diýilýärmikän öýdýän.
Musa Çöli, ol kitaby göýä özi ýazan ýaly, arkaýyn tassyklady.
– Elbetde, ol ýerde bu barada hut şeýle ýazlan.
Pikir ýöretmelerinden we pelsepesinden kem tapylmaýandygyny, beýle kemçiligiñ asla bolup bilmejekdigini anyk bilýän ýaly, Tal Tagan gürrüñini dowam etdi:
– Ýöne siziñ obañyzyñ, diýmek, biziñ welaýatymyzyñ şunuñ ýaly aýdyñ geljegi bilen iki arada bir nämälimligiñ peýda bolandygy hak. Gep ol nämälimligi döredýäniñ kimdigini bilmekde. Men ony güman edýärin...
– Gulluşdyr! – Musa uzak saklanyp bilmän, batly-batly owsun atdy.
– Ýok, Gulluşyñ ölendigini indi hemme kişi bilýär, diýmek, bu – inkär edip bolmajak fakt... – Tal Tagan çalaja ýylgyrdy ýa-da ýylgyr-jak ýaly etdi, bu mälim bolman galdy, çünki buz ýaly konýak guýlan bulgur derläni üçin gymmatbaha bulguryñ añrysyndan onuñ ýuka dodaklary edil nepis eýran öýmesini ýaşynan gelniñ dodaklary kimin çalaja sudur bolup göründi, bolsa-da onuñ gepi Musanyñ pikirine garaýyşynyñ niçikdigine käbir aýdyñlygy bermänem durmady. – Elbetde, merhumy düýpden aradan aýryp bolmaz, sebäbi her halda biziñ ilde ölüniñ ýagdaýy, onuñ mümkinçilikleri we sylagy wezipe-sinden aýrylanyñkydan has gowudyr; onsoñam wezipe üçin adamy-nyñ ölensoñ-da gidişmegi ahmal. Gulluşyñ bu meselede özüne näçe diýseñ tarapdar tapjagyny-da güman etmek mümkin; diýmek, ony sowukganlylyk bilen öldüreniñ niçiksi ganygyzmalyk edendigini añsa bolar… Ol wezipesinden aýrylan güni häzirkisinden has ölüdi. Dirilerden ölüleriñ abraýynyñ we mümkinçiliginiñ has ýokarda durýanlygyndan biziñ ilimiziñ ömürlik umumy betbagtlygy gelip çykýar: hiç kimiñ öz wezipesini ýitiresi gelenok. Biz bütin il bolup ýurdy ýitirmäge taýyn, emma ýurduñ bähbidi üçin aýry-aýrylykda wezipesini ýitirmäge taýn kişi tapdyrmaz. Bu messep. Her halkyñ öz
172
messebi, elbetde, özüne ýaraýar. Garşydaşy mynasyp adamlaryñ içinden tutunmaly. Ýöne size ”Gulluş” diýen duşman gerek bolsa, biz edil şonuñ gürrüñini-de ederis, hany göreli, meniñ eý görýän konýagymdan näçeräk galypdyr? kän däl! Ýöne gürrüñ dosta-duşmana syrygan bolsa, onda gowusy rus aragyna geçeliñ! Diýmek, Gulluş... Onda ölüni herekete getirýän gizlin prujinleriñ üstüni açmak zerur: olar kimlerden ybarat? Belki-de, Gulluşyñ özi eýýäm özgeleri herekete getirip biljek güýje öwrülendir? Ine, sorag! Emma, megerem, biz bu hakynda entek oýlanyp ýetişen däldiris? Aslynda biz köp zatlar hakynda oýlanyp ýetişemzok, netijede örän möhüm zatlary duşumyzdan geçirýäs goýberýäris. Ine, meselem, siziñ şöhra-tyñ çür depesine barýan ýol bilen okgunly öñe gidişiñiz... Bu täsin. Men bu barada kän oýlandym, emma añrysyna ýetip bilmän goýdum, aslynda bu nämäniñ alamaty? Döwrüñmi? Syýasatyñmy? Ideolo-giýanyñmy? Haýsy duýdansyzlygyñ? Men käte özüme şeýle diýýä-rin: ”Tal Tagan, bu seniñ öz üstünligiñ ahbetin! ”Musa Çöli” diýilýän şahsyeti döreden sen dälmi?” Emma munuñ şeýledigine saña-da, maña-da gitdigiçe ynanmak kyn. Göwnüme bolmasa, siziñ göbegeneñiz ýeke özüm däl, gapdalymda el görünýäne meñzeş, siziñ üstünligiñiziñ gözbaşy görer gözden çuñda ýatyr... Kim bilýär, bu pikir mende Hojam Şüküriñ hut özüniñ-de siziñ şöhrata barýan ýolu-ñyza böwet basyp bilmejegi dogrudaky oýlanmalaryndan soñ dörän-dir? Ol käte daşyndan oýlanmagy gowy görýär, ýöne köplenç için-den oýlanýar. Belki-de, bu meniñ hut özümiñ bahasy gara şaýylyk akyl satmalarymdyr. Men, umuman, kiçigöwünli adam, öz pelsepele-rime-de artyk baha kesmäm ýok.
– Ýok! – Musa Çöli syçrap ýerinden turdy. – Ýok! Heýem bir beýle zatlary diýmek bolarmy! Siziñ pelsepeleriñiz meniñ üçin ş-ş-şeýle eziz! Aslynda meniñ küýsegim pelsepe dälmi? Men indi ş-şu ýerde, hut ş-şu sagadyñ özünde bir hakykata göz ýetirdim, ýagny men ilki-başda herniçik gowy görsem-de, siziñ gymmatyñyza düýbünden göz ýetirip bilmändirin. Siziñ häzirki pelsepeleriñiz meniñ gözümi açdy, men size minnetdar, siz meniñ howandarym we arkadaýanjym, hawa-hawa, bu sözleri diýmäge men utanamok, hiç haçanam utanma-ryn, siz meniñ ýeke-täk hossarym, siz dünýädäki iñ rehimli adam! Hakyky beýiklige men diñe siziñ kömegiñiz, siziñ goldawyñyz bilen ýetip bilerin. Meniñ ýolbaşçylyk edýän hojalygymyñ ähli üstünlikleri
173
hut siziñ öz gudratyñyzdyr, olaryñ başga çeşmesi ýokdur, muny me-nem bilýän, ine, ş-şu oturanlaram. – Abat bilen Nabat deñje baş aty-şyp, Musanyñ sözlerini tassykladylar. Musa dowam etdi: – Elbetde, üstünlik tiz gazanylanda, ol keseden synlaýanlarda şübhe oýarýar we käte onuñ gözbaşynda duranlary-da: ”Eýsem, meniñ ýeke özüm ş-şeýle uly işiñ hötdesinden geläýdimmikäm?” diýen gazaply pikiriñ gujagyna iterýär. Meniñ ”gazaply” diýýänim: üstünlige we şöhrata ýol açan adamynyñ öz eli, akyl-paýhasy bilen döreden gymmatly-gyndan meýletin boýun gaçyrmak synanyşygydyr. Biziñ obamyza gezek gelende, şübhe asla ýerliksiz, bu üstünlik diñe siziñ atalyk aladañyzyñ netijesidir. – Musa öz damarlarynda sowap ýatan ganyñ garşylygyny ýeñip, Tal Taganyñ gyzgyn gursagynda ýylçyr kellesini goýdy. Býuronyñ agzasy öz ýetişdiren şahsynyñ selçeñ saçly ýylma-nak kellesini atalyk duýgusy bilen sypalap, ”hany, bes, bes et!” diýen manyda çalaja ýeñsesine kakyp goýberdi-de, uly bolup görünýän kiçijik gözlerine biwagt inen atalyk gözýaşlaryny gury elýaglygyna siñdirdi. Musa ýapbaşykdan süýrgült kellesini howandarynyñ döşün-den adam kowmunda görülmedik tizlikde çekip aldy-da, çygjarmak-dan, gyrpyldamakdan mahrum gözleriniñ ýalan çygyny süpürip, dowam etdi: – Gulluş, elbetde, Gulluş! Meniñ gümanym güýçli! Obada şondan başga meniñ garşyma gitjek kim bar: dirilermi? Bu gülkünç. Haýp, men Gulluşyñ o dünýäde näme bilen meşguldygyny, niçik güýçlere daýanýandygyny bilemok. Edil alahöwreniñ bar-da, üstesine-de ol gömülgen dek gömelteý. Meniñ ondan ätiýajym uly.
– Munuñ şeýle bolmagy ahmal, – Tal Tagan sowan mantydan birini gaýmaga ykjam basyp, gapdalynda gögerçin kimin galkyjaklap otu-ran Nabadyñ oýmakdan uly bolmadyk agzyna mylaýym zorluk bilen dykdy, soñra oña barmaklaryny ýalatdy. Nabat mantyny ýuwudyp, Tal Taganyñ agzyna añkardy. – Ýöne barybir bu ätiýaçdan size peýda ýok, diriler bilen işleşmeli. Onsoñam siz ilkibaşdan arkañyzy diremeli güýje dirändigiñizi unutmaly dälsiñiz, jenap ýoldaş Prezi-dentiñ meniñ ýanymda sarpasy belentdir... Men ýakyn wagtda siziñ gözilginç ukybyñyz barada hut Lariniñ özüne giñişleýin habar ber-meli.
– Siziñ saglygyñyzy hem rowaçlygyñyzy dileýärin! – Musa wepaly haşyrdady.
Tal Tagan bu gezek açykdan-açyk ýylgyrmakdan çekinmedi.
174
– Meniñkini-de diläñ, özüñiziñkini-de. Çünki şöhrata barýan ýolda görünýän hem görünmeýän belalar kändir, adamlaryñ arasyndaky gatnaşyk her bir çakdan çylşyrymlydyr, ägälik günde gerek, gözsüz-batyrlyk – ýerinde. Suwa girip, gury çykmagyñ diñe birje usuly bardyr, ol-da şoña laýyk eşigiñ bolmaly. Sansyz ýönekeýliklerden emele gelýän çylşyrymlyklardan baş çykarmazdan, adamlary edara etmek mümkin däl. Bu ýokary derejeli aladalar. Obada ornaşjak adam, medeniýete daýanyp-da ösüp biler. Men size kän owadan söz-leri aýdyp bilerin, emma iş gyzza-gyzza gelende, ondan kime nepaga bar?! Horluga duçar bolmazdan öñ adam gözle, tapmadygyñ – işi pyrryk. Adamzady ýok etjek bolýana-da adamlaryñ özüne bil bagla-makdan gaýry çykalga ýokdur! Ýagny, gepiñ keltesi, adamynyñ söwer dosty-da, ganym duşmany-da – onuñ öz ukybydyr. Göz dikýäni-de – öz iñ soñky pellehanasy... – ol gözüniñ gyýtagyny Aba-da aýlan ýaly etdi. – Halys ýañra-da bolupdyryn, içigara... Çygrym-dan çykan ýerimde özümi ýigrenýän. Ýagdaý şeýle. Ýöne pelsepe otarmanam ýaşap bilemok, bu meniñ ömrümiñ manysy. Meselem, halk döredijiligini alyp göreliñ, ol aýylganç ösýär, ösmelem. Ýöne bu taýda folklor esasy zatmy ýa-da halkyñ güýmenjesi? Halky mum-ly ýüplüge öwürmek üçin onuñ öz ukybyny ulanman, eýsem kimiñ-kini ulanjak? Halkyñ özi öz hötdesinden gelmese, kim onuñ hötde-sinden gelsin? Halky kökermek üçin ony böleklere bölmeli; biriniñ hakyny beýlekisine iýdirmeli, şony başarsañ, seniñ üçin zerur daýanç nokady emele gelýär, başarmasañ, dek oturanyñ ýagşy, oýna goşul-ma, güýçliniñ oýnuny synlap oñuber, zeýren, gybat et, garaz, günüñi geçir; diñe bu oýnuñ kadasyna ökdeler ýokary derjeli döwlet wezipe-sine umyt edip bilerler. – Tal Tagan öz pikirini jemlemek bilen bol-dy: – Diýmek, biziñ bu agşamky eden ähli gürrüñimizden şeýle neti-je çykýar: siz deputat bellenmändigiñize gynanyp-da, gynanman-da bilersiñiz, ol öz işiñiz, möhümi – munuñ üçin başga birini gynandyr-jak bolmañ! Aslynda deputatlyk näme? Munuñ özi häkimiýete, hä-kimiýet bolsa, adamlaryñ üstünden ykrar edilen agalyga barýan ýol-dur; ýöne unutmañ, adamlaryñ üstünden agalyk etmegiñ başga-da ýoly gyt däldir, oýlanyñ, agtaryñ, gözläñ, belki-de size has inçe ýol tapmak başardar? Tapmasañyz, onda diñe häkimiýet ugrundaky bi-wepalyklardan, dönükliklerden, intrigalardan, wagtlaýyn ýeñişlerden we ömürlik lapykeçliklerden doly rehimsiz göreş ýoly galýar.
175
Adamlara erk etmek üçin her kes bir hili ýoly saýlaýar, akylly kişiler gorkuly ýola aýagyny sekmezden-de öz päk maksadyna ýetip bilýär-ler. Olar adamlaryñ ýüregine barýan ýoly gözleýärler. Elbetde, bu ýol diýseñ uzak we söz bilen beýan ederden inçe, kyýamatdaky ro-waýaty gylsyrat köprüsinden ýöränden enaýy däl. Adamlaryñ esasy köpçülginiñ bu inçe hem tükeniksiz uzak ýoldan gitmäge ne kanaga-dy ýetjek, ne-de zehini. Bu ugurdan ýörän öz öñüni özi arçamaly, taýyn ýol ýok, iliñ ýolundan ýöreseñ, ol diñe gitse-gelmeze eltip biler. Onsoñ köpçülik üçin näme galýar? Elbetde, iñ giñ, torç edilen, ýöne pellehana barýançañ ýagşyzada öwrülip ýetişerden has gysga ýol – häkimiýete barýan ýol galýar. Köpçülik hut şony-da saýlap alýar. Meselem, häzir deputatlygyñ gyzygy artdy, siziñ deputatlyga dyrjaşmagyñyzda hiç hili geñ-tañlyk ýok, olar iliñ gözüne köp ilýär-ler, nämüçin? Sebäbi deputatlyk – bu häkimiýet, onuñ açyk görnüşi. Jemgyýet indiden eýläk şonsuz ýaşap bilmejege meñzeýär; bu jäht-den seredeniñ-de, siziñ ýagdaýyñyz umytsyz däl, dowla düşere aýra-tyn bir sebäp ýok, çünki ýurtda saýlawlar gün-günden köpelýär, biz saýlawlary basym her bir maşgala elýeterli ederis! Tä çörek bo-laýança saýlawlar bilen mydar etmeli bolmagymyz-da mümkin. Biz onuñ inçe tilsimlerini ele almaly. Saýlawlaryñ üsti bilen köpçüligi aññalak gapdyrmany öwrenmek – ine, biziñ öwrenmeli zadymyz! Çünki geljek – saýlawlaryñky, şonuñ üçin-de, biz bu ugurda ýörite-leşmeli. Umuman, hemme zat gowy, oñat, örän oñat, hatda ajaýyp diýseñ-de boljak! Gaýrat ediñ, ruhdan düşmäñ, siziñ ýoluñyza böwet bolmaga synanyşýanlaryñ kimlerdigi barada men gizlin oýa çuññur bataryn. Megerem, olaryñ meniñ azda-kände güman edýän, ýöne siziñ güman edip bilmejek adamlaryñyzyñ hilinden bolup çykmagy-da ähtimaldyr, bu taýda esasy zat – howsala düşmezlik hem öz syry-ñy wagtyndan öñ ýada-ýakyna paş etmezlik. Onsoñam, eger-de me-niñ şübhäm hakykata ýakyn bolup, ol adamlar meniñ güman edýän-lerimden bolup çyksalar, bar, aýdaly, ol bary-ýogy ýekeje adam bo-laýanda-da, ne siziñ, ne-de meniñ oña çäräm ýeter. Bu mesele ýetjek derejesine ýetip, ahyrsoñunda paýtagta barar we şol ýerde men ony jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi bilen ikiçäk otyrkak, gepiñ gerdişine görä, ýatlamaga çalşaryn; şeýlelikde, kim bilýär, meniñ bu meseläni siziñ jan saglygyñyza täsir etmez ýaly derejede çözüp bilmegim-de ahmal. Emma bilip goýuñ, munuñ özi örän-örän kyn işdir, siz entek
176
ýoluñyzy ýiti göreñzok, nämäniñ üstünden basandygyñyzy entek menem bilemok, diñe güman edýärin... Bu jemgyetden çykmak edil gireniñdäki ýaly añsat däldir, onsoñ Enaryñ ýurt Mejlisine deputat saýlanmagyna begenmäbilseñ begenme!
Musa gaýdyşyn tozanly ýol bilen üsti brezent örtgüli ýeñil maşynyñ üstünde keýerjekläp gelşine, içini gepletdi: ”Bu nähili beýle bolýar? Tal Tagan kimi güman edýär? Men ony nädip bilmeli? Aýdyñ bola-ny ýekeje zat – meniñ ugruma çykýan kimem bolsa, ejiz kişi däl. Ýagşy, goý, ol adam ejizem ekeni diýeli-dä, eger ahyr netijede men ondan asgyn geljek bolsam, onda meniñ güýjümiñ niçesi bir pul? Ýok, meniñ haýdan-haý işe girişmegim, aýagymyñ aşagyny gazýany tapmagym gerek, belki, maña öñürtmek başardar? Belki, men diri galaryn? Ah, meniñ nähili ýaşasym gelýär?! Men hatda adamlaryñ arasynda ýaşamaga-da kaýyl!”
Musa gözlerini çarhlap, gumak ýola tiñkesini dikip oturan sürüjisi-ne seretdi, içini gepletdi: bulara erk etmek ýeñil iş däl, ugran ugruñ çarkandak. Ol öz ýaşlygyna dolanyp, bişen bugdaýlygyñ içindäki bolçulykda Menekli bilen geçiren günlerini ýatlady, gussaly ýylgyr-dy. Ýaşlyk – ýaşlyk bolýar-da, etjek alajyñ ýok, ýöne, goý, Şaly Öwezli meselede özüni akja jüýje saýmasyn, munuñ bäbenegine barmak bilen basmaly wagt geldi. Ýola gözlerini dikip, gazdaky aýagyna agram berýän Şaly bu wagt durşy bilen gulaga öwrülipdi, onuñ ullakan kellesinde häzir diñe gulaklary işleýärdi.
Musa öz başyndaky işleriñ gün-günden agralýandygyny duýup, ynjalyksyz owsundy. Özüne ezýet berýän içki pikirleri-ni jemlemäge çalyşdy: ”Enary äre bermeli. Toý nusgalyk dere-jede tutulmaly – bu häzir oba müdiriniñ iñ möhüm syýasy we-zipesi. – Enar ärli hem bagtly bolmaly, bu onuñ ene-atasynyñ islegi. Bagtly hem ärli… – ýylan nägile hüñürdedi. – Eýsem-de bolsa, diñe Azyýada bu mesele şeýle ýöntem goýlup bilner, köneçil Azyýada! Äre çykan ilki bilen dok hem arkaýyn ýaşa-maly, galany – her kimiñ öz düşünjesine görä. Eýsem, bu dünýäde kim bagtly: adamlarmy ýa-da haýwanlar? Görme-geýlermi ýa-da görksüzler? Erkeklermi ýa-da aýallar? Durmu-şa çykanlarmy ýa-da çykmadyklar? Haýsy biri? Belki, guşlar-
177
dyr? Elbetde, guşlar… – ýylanyñ mydama olara gözi giderdi, şonuñ üçinem ikirjiñlenmezden, olaryñ bagtyny saýlap aldy: – Olar uçup bilýärler, islän belentligine galyp, islän ýerine ýetip, islän ýerinde-de gonýarlar. Olar el ýeterden uzakda, erkin. Enar-da erkin bolmaly, munuñ üçin ony kime äre bermelidigini ol bilýär. Enar gözilginç owadan, emma, haýp, görk bilen bagt el tutuşyp gezmeýär. Eger gyzyñ mañlaýyna bagtly bolmak däl-de, owadan bolmak ýazlan bolsa, şonda nätmeli?!.”
178
-
aysyzgije
13 years ago
- 9. Kelte bazar
Kakabaý Garasöýmez-de bir wagtlar bagtly boljak bolup görüpdi. Ol obadaky iñ görmegeý gyza aşyk boldy, nädip beýle bolanyny özi-de bilmedi; dogrusy, özünden soralan bolsa, onda ätiýajy elden bermez-di, belki, ol gyzyñ golaýyna-da barmazdy. Emma betbagtlyk onuñ özünden soraşman depesinden indi. Ol haçan iş-işden geçensoñ, nä güne düşenini bilip galdy. Bir aýlawda ol şol gyzy görmese bir gün-de ýaşap bilmeýänini, ölüp-öçüp barýandygyny bilip galdy: ne işdä bar, ne uky, ne-de ýaşamaga höwes. Ol Mejnuna dönüp, gyzyñ yzynda selpedi, onuñ geçjek ýoluny saklady, iñ erbedi-de oña itden beter ýigrenji, uly ile-de gülki boldy. Gyz oña ”barmysyñam?” diýmedi, halys degnasyna degensoñam oña gysgadan düşnükli jogap berdi: ”Öz deñiñi gözle, eşegem öz deñini gaşaýandyr!..” Bu jogaby alan aşyk ýigit hut dälilik derejesine ýetdi, enesi pahyr gyzyñ yşgyn-dan sowaşdyrjak bolup, tebibiñ salgy beren emini edip, oña itiñ ýala-gyndan suw içirdi; şonda ol ilki birki güñ guduzlan ýaly düwläp gezdi, soñam señseläp, huk bolup oturdy, birnäçe hepdeläp ýeri-gögi tanaman, samrap ýatdy, ölümiñ öýunde aýak üstüne galdy; ýöne onuñ bu dünýä bilen arabaglanyşygy bozuldy, ol diñe bir ädini ýakan görmegeý gyzdan däl, eýsem adamlardan başbitin sowaşdy, ýüregin-de olara ýigrenç hem gorky duýgusy ornaşdy; enesi oglunyñ adam sanyndan çykandygyny duýup, aglap öldi, ýöne ölmezinden öñ oglu-ny betbagt eden gyza erbet gargady, ”Müjerret ötesiñ!” diýdi. Ol gyz müjerret ötmedi, ýöne bagtly-da bolmady, durmuşa çykan badyna, entek toý ketenisi-de tozmanka, adamsy tamdan ýykylyp öldi-de, suw ýaly bäbegi bilen ýeke galdy. Ol bäbek Maraldy. Ynha, indem Öwez biwagt gidip, Maralam ýeke galdy; diýmek Kakabaý Gara-söýmeziñ enesiniñ gargyşy olary galyndyranok. Kakabaý Gara-söýmez muña indi begenjegini-de bilenok, gynanjagyny-da, onuñ üçin indi haýsy bolanda-da tapawudy ýok, geçmiş ony gyzyklandy-ranok, onuñ ýadyna zeper ýetendigi bildirýär, ol hiç zady ýatlap bi-lenok, geçmişden nämedir bir zat, haýsydyr bir waka ýadyna dü-şäýende-de, onuñ üçin gynanyp ýa-da begenip duranok, ýene-de derrew unudýar goýberýär.
179
Bu wagt ol obanyñ aladasy bilen gümra, gijesini gündiz edip yl-gaýar. Musanyñ gyssagly suratda paýtagta gidip, goýnuñ böwrekle-riniñ-de özüne galmagy tüýs jüpüne düşdi, ýogsam onuñ basym hat-da aşgazanynyñ sandan çykmagy-da ahmaldy. Bu agyr işi ol at-abraýa, şöhrada kowalaşyp däl-de, eýsem nähilidir bir islege boýun bolup edýärdi, ýöne ol islegiñ nämedigini özi-de bilip baranokdy. Belki, onuñ oba ýüregi awaýandyr? Dogrusy, awamazça däl, Musa geleli rowaç alan Çarwa obasy Kakabaý Garasöýmez bolmasa, nädip başyny çarasyn? Sebäbi müdiriñ indi oba eli degenok, ol iki günüñ birinde ýolagçy: haçan obada, haçan paýtagtdadygyny diñe çak edip oñmaly; şol sebäpdenem adamlar ätiýaçly: belanyñ haçan kimiñ de-pesinden injegini bilýän ýok. Gündiziñ günortany obanyñ edara jaýyndan Gulluşyñ gök dalak edilen jesedi tapylansoñ, obada batyr-lyk satyp biljek galmady, aslynda beýle adamynyñ bu taýda bolanly-gy ozalam gümana, kim ýersiz ýere başyny kel-kelä soksun?
Garasöýmez häzirlikçe özi üçin iñ howpsuz işiñ ekiniñ aladasydy-gyny bildi. Onsoñ ol tüp yssyda aýlanyp, çekimlerde ýygnak geçirdi. Ýokardan tabşyryk şeýle: jenap ýoldaş Prezidentdir Býuro daýhanla-ry jandan ileri görýär, diýmek, gowaçany jandan ileri görmek – daýhanlaryñ borjy. Garasöýmez muny agrotehnikanyñ diline geçirdi: ”Iýul aýynyñ ahyryna deñeç gowaça üç-dört gezek suwarylmadyk, hatar aralary dört-bäş gezekden bejerilmedik, iki gezek otalmadyk bolsa, onda bu barypýatan jenaýat. Kadaly ösen gowaçanyñ her düýbünde bu güne çenli hasyl berjek onbäş-onalty şaha, her şahada-da bäş-alty goza bolmaly.” Ol öz çykyşyny çekimleriñ hemmesinde iñ täze çagyryş bilen gutardy: ”Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident, Býuro we himiki dökünler!”
Agrotehnikanyñ kadalaryny Býuronyñ kesgitlenýändigini duýdu-randa, daýhanlaryñ begenjiniñ çägi bolmady. Onsoñ ol çürtümi iýu-lyñ ahyryna deñeç geçiren öñdebaryjy brigadalara göçme ýaşyl, ýa-şyly ýetmediklere köneden galan gyzyl baýdajyklary paýlaşdyrdy. Adamlaryñ ony almak höwesi baýdajyklaryñ ätiýaçlyk sanyndan artyk geldi, şonda ol öz burnuny süpürýän elýaglygyna çenli reñke boýap, çöpe dürtüp, iki brigada şärikli gowşuryp gaýtdy. Zähmetkeş-ler görnetin ruhlandylar. Onuñ gelerine biri birinden sabyrsyz ga-raşýan daýhanlar, her bir sözüni eşitgir gulaga öwrülip diñlediler; gojalar, kempirler gözlerine ýaş aýladylar, çünki ir wagtdan bäri
180
beýle ýürekdeş gürrüñi eşitmändirler; çekimden çekime aýlanyp, ähli ýerde günortan çykyş etmäge ýetişen Garasöýmez kabinetine gaýdyp gelensoñ, derrew ertiriñ aladasyna ulaşdy: ertesi kelte bazar günüdi...
Bazarda ol ony-muny iýip-içer, göwnüni açar, Şemşatdan habar bilmegi mümkin. Aman ikisiniñ bolşuna nähili düşünmeli? Gara-söýmez nägile oýurgandy, hatda onuñ aşagyndaky ýumşak kürsüsi-de jygyldap giden ýaly boldy; ol kürsüsine göz aýlady-da, pikir etdi: eýsem, är-aýaly oñuşdyrmak onuñ işimi? Nämüçin oña bu ýumşy buýurýarlar, näbelli. Aslynda olar nämüçin ýitirim boldular? Göräý welin, bu ýerde bir garañkylyk bardyr, ahyrynda ýüp syrygyp, onuñ boýnundan ilmese-de biri...
Ertesi bazaryñ içinde adaty perwaýsyzlygy bilen aýlanyp ýörkä, bu pikir ony öz gününe goýmady. Garasöýmeziñ gözi bu gün şilliñ uzyn aýallardady, olar azda-kände saryýagyz bolaýsalara-ha, bar, onsoñ! Emma tä giç öýläne deñeç köw ursa-da ne Şemşada duşdy, ne-de Amana, onsoñ ol lapykeç halda yzyna gaýtdy. Ýolda gelýärkä, Gök-jäniñ deñine ýetende, hemişeki dymma hemrasy birdenkä oña sowal berdi:
– Sen meñ ýumşumy bitirdiñmi?
– Nähili ýumuş? – duýdansyzlykdan ýaña allaniçigsi bolan Gara-söýmez aksakgal goja garşy öwrüldi.
Şonda aksakgal goja ýaşajyk akja guzynyñ gözleri bilen öz gürrüñ-deşiniñ bäbeneginiñ içine dikanlady-da:
– Birewe är ömründe işiñ düşse, olam bitmese, nätse bor?! – diýip, uly ili bilen mäläp goýberdi-de, çatrykdan öwrüldi ötägitdi.
Onuñ hemişeki ýoly bilen tutduryp barýanyny gören Garasöýmez tä goja gözden ýitinçä aýagy duşaklanan ýaly agzyny öweldip, özüni gara dere basdyryp durdy, ol özüniñ garañky gorpuñ gyrasynda ge-zip ýörendigine ýene-de bir gezek göz ýetirdi; ynsan ýolundan sow-lana Tañry ýolunda ýazylganlyk barmy?
Garasöýmez oba gelip, derrew öz kabinetini gyzyl-dörjük etdi: heme zat öñki-öñkülikmikä? Belki, ol entek giç dälkä garañkydan bäriligine gol atyp ýetişer? Ol obada Musanyñ ýagdaýynyñ gowşak-dygyny çaklady, Çary-kitabyñ: ”El-aýagynyñ çoruny ýuwmak üçin daýhanlara hepdede bir gün wagt bermeli” diýen ýönekeý çagyryşy obada kök urup gidip otyr, jenap ýoldaş Prezidentiñ kuwwatly döw-leti bir zatdan ýykylsa, irde-giçde bu ölüm howply düşnükli talapdan
181
ýykylar, emma Garasöýmezden özge entek muña üns berýän ýok, haýp! Bu ýönekeý islegiñ döwletiñ edil emenjek çukuryndan urýan-dygyna düşünenoklar, halk bu ideýany köpçülikleýin goldap biler, aýratynam ýaşlar; olar sabyny ölemen gowy görýärler, indiden eýläk sabynsyz ýaşamak islänoklar. Ýaşlary köşeşdirmek üçin garrylaryñ dili gerek, diýmek, obada aksakgallaryñ güýçli hereketini döretmeli, olary sabyna garşy çykyş etdirmeli, munuñ üçin bolsa, olara bir tok-gadan mugt sabyn paýlamaly bolar. Olaryñ söýdügi ýas, diýmek, isleglerini bitirmeli bolar... Olary ýasdan kösemeli däl! Çary-kitabyñ pikirdeşleriniñ hötdesinden gelmäge kanunyñ güýji ýetmedik güni kanundan ýokarda duran güýjüñ gerek boljagy ikuçsyz: Azyýada bu elmydama gojalar hem gojalan däp-dessurlardyr!
Garasöýmez özünden göwnühoş ýylgyrdy: ol döwlete gerekli adam, Çarwada ýaşulularyñ Halk hereketini döreder. Birdenem ol sägindi, soñra-da içini çekenini duýman galdy: gör, jenap ýoldaş Prezident niçiksi öñdengörüji!
– Eý, garañky güýçleriñ hökümdary, özüñden medet! Bize pikir etmek – haram! Biziñ tutan guşumyz gyzyletene bolup çykýar. Siz ony birçak ütüp goýan!
Garasöýmez dyzanaklap bardy-da, seýfi açyp, ol ýerden öz general-lyk lybasyny çykardy, ony bir laý egnine geýip, çüñkdäki aýnanyñ öñünde eýlesine-beýlesine aýlandy, sag elini çekgesine ýetirdi, aýna-nyñ bir çetinden ýüzüne sypaýy garap duran surat, onuñ harby tag-zymyny oñlap, çuññur kanagatlanma bildirdi...
Obanyñ ykbaly onuñ elinde, indi diñe işläbermek galýar, onuñ ömürboýy eden arzuwy – işlemek dälmidi näme? Iş diýeniñ her hili bolýar, indi seredip görse, onuñ bütin ömri telli-pellide geçipdir, suwytly ýetişen işi ýok, diýmek, ol bu çaka çenli öz aşygynyñ alçy gopjak gününe garaşan ekeni; ine-de onuñ diýen güni geldi, ol indi öz maksadyna ýeter; ýöne özüniñ näme maksadynyñ bardygyny Kakabaý Garasöýmeziñ özi-de entek anyk bilenok, ol edil Aý aýdyñda ukuly gözleri açyk gezip ýören ýaly: çala saýgardýan zatla-ryñ sudury öñünde albaý bulap, ony yzyna düşürmäge jan edýär, olam şol bulam-bujarlyga garşy erksiz ümzük atýar. Geçen ýoluna göz aýlasa, giden garañkylyk, onda-da nämüçindir onuñ öz geçmi-şinden göwni hoş, adamlar oña mundan beýläk boýun egmäge taýyn, şondan beter özüne nämedir bir zadyñ gerekdigine ol şübhelenýär,
182
yzy näme bolsa – şol bolsun; adamlardan ökde çykyp, olaryñ özüne alaçsyz boýun egişini görüp ýaşamakdan hezil bu dünýäde onuñ üçin näme bolup biler?! Aslyýetinde ol kim? Hiç kim. Garasöýmez. Indi ol rowaç müdiriñ sag eli. Müdir oña ynanýar, ondan beter merk ge-rekmi? Bu ýöne bir ynam däl, doganlyk duýgusy, obada indi ondan bidin çöp başy gymyldanok; Aman bilen Şemşatly meselede ol käbir zada göz ýetirdi, iñ bärkisi, oña geñsi ýumuşlar buýrulýan bolsa, bu ýöne ýere däldir; müdir ony ýanyna çagyrdy-da: ”Diñe saña ynanýan, meniñ paýtagtlyk işim bar, şol ýerden gelýänçäm, nämäniñ nämedigini belli et!” diýdi. Garasöýmezem kelte bazary elek-soky etdi, emma işi şowuna bolmady, nätsin? Aslynda Amanyñ bu eden işi Garasöýmeziñ özünem alada goýman duranok: aýalyna göz gör-kezjege çöl ne derkar? Ýöne bu ýerde garaşylmadyk bir syr ýatan bolsa, şonda nätjek? Garasöýmez kabinetde ýeke özi galyp, ynjalyk-syz oýlandy.
Müdiriñ gaýdyp gelmeli güni ertir ýa-da birigün, hatda onuñ şu günem bir ýerden çykaýmagy ahmal, elbetde, paýtagta gidenligi ugrunda bar bolsa... Garasöýmez töweregine ätiýaçly garady, onuñ bilenem ynjalman, hasyrra ýerinden turup, oturan stolunyñ aşagyny, bir burçda duran eşik şkafyny, alynky diwaryñ bir ganatyny uza boýuna tutup duran dokumentli tekjeleriñ ilki aşagyny birin-birin gözden geçirdi, käbiriniñ aşagyna kellesi sygman kösendi, kellesini sokmasa-da, göwnüne jaý görmedi: deşik kän! Soñ ol şkaflaryñ içle-rini hem birme-bir gapy-gapy açyşdyryp, birýandan barlap çykdy, Hudaýa şükür, ýok ýaly... Hudaý ýadyna düşende, Garasöýmeziñ süññi elendi, ol nätanyş bir ýaba giren ýaly, ondan akýanyñ suwmy ýa nämedigini anyk bilmän boýlap barýanyñ duýgusyny başdan geçirdi, özüniñ ätiýaçsýzlýk edýändigini kellesinde aýladý; onsoñ ýene-de oturyp bilmedi, jaýyñ içinde ters aýlanyp ugrady, görnüşine görä, her zat-da bolsa, jaýda ýeke özi ýaly?
Garasöýmez öz hojaýynynyñ sowuk gözleri ýadyna düşende ini üşüdip, süññüni tutup bilmedi; ol Musadan häzire çenli ýeke geze-gem öñ nirede pete-pet gabat gelendiklerini sorap görmäge milt et-medi, emma ol gözlerde uçursyz bir tanyşlyk bardy; jygyllyk bazary giñ, galabalyk, düşnüksiz, onuñ mähellesem beýleki bazarlardan parhly; Garasöýmeziñ öz göwnüne ýakyn, syrly hem garañky; eger-de kimdir biri oña: ”Sen bazara gatnamañy goý, şonda ömrüñ ötinçä
183
iýjegiñ-içjegiñ menden...” diýäýse-de, ol oña näme diýjegini bilmez-di; belki ”bor” diýer, ýöne diýmezligi-de ýakyndyr; munuñ kimin güýç ýetmez borjy boýnuna alaýsa-da, megerem, ol öz nebsewürligi-niñ pidasy bolup, ýarym ýyla-da ýetmän, ýüregi ýarylyp ölse gerek? Bazarda gören-eşideni oña ýaşamaga kuwwat, ýaşaýyşyna many berýär, ol ýerde edilýän söwdanyñ öz gymmaty bar; eger-de kimdir biri beýle däldir diýip, jedel etjek bolsa, Garasöýmez ol adamyny itden beter ýigrenmäge taýýar, ýigrenmese-de, ondan öler ýaly gor-kar: ýalany utanman-çekinmän gös-göni ýüzüñe aýdyp bilýänden gorkaýmalydyr!
Ir döwürde bir gezek ol iki adamynyñ söwdasyna araçy boldy: bir goja bilen ýaş ýigidiñ. Ýaş bolup, ol bu görülýän ýaş ýigitlerdenem däl, belki-de, bu söwda baş goşmazdan öñ ol öz ýaşlygyny haýsydyr bir çet ýurtda, meselem, Eýranda, Kawkazda ýa-da belki Russiýada ýaşap geçirendir, çünki onuñ görnüşi diýseñ täsindi: bir görseñ, añ-ryñy bäriñe getirýän gedem, bir görseñem, edil neresse çagañ bar-da: ynanjañ, yñdyrma; onsoñ neneñ oña ýüregiñ awamasyn? Ýat ilde öz ömrüni biweç geçirenleriñ haýsy biri ahyr ýaşda öz ildeşleriniñ ýüre-gini awatmaz?!
Ana, onsoñ ol ýaş ýigit öz gowy lybasyna buýsanyp, öz keşbine hem ýap-ýañy çekgelerinden kümüş sepen, islendik hyrydarda ynam oýaryp biljek salykatly keşbine bil baglap, ýaşuly kişiden onuñ satyp oturan demir-dümürleriniñ hemmesini birden satyn almakçy boldy; olaryñ söwdasy, megerem, örän uzaga çeken bolmaly, çünki Gara-söýmez olaryñ arasynda peýda bolanda, olar eýýäm set müñ gezek el urşup, set müñ gezegem ”sen aşak düş-de, sen ýokary galyñ!” töwe-reginde köwsarlana meñzeşdiler; Garasöýmez muny olaryñ, hamana, köne tanyşlar ýaly biri-birine hoşamaý garaýyşlaryndan hem aşa sypaýy äheñlerinden bildi, şonuñ üçinem: ”Hany, gel, Tañrynyñ bendesi, sen biziñ söwdamyzda araçy bol!” diýenlerinde, munuñ kimin hoşniýetli adamlaryñ raýyny ýykmagy özüne uslyp bilmän ýanlaryna geldi-de, ikisini elleşdirip, üstünde öz gödeñsi elini goýdy: ”Sen-ä satdyñ, senem aldyñ; seniñ soranyñ munçady, seniñ diýeniñ munça, senem haýryny gör, senem!” diýip, ol ikisini hoş etdi. Bular bada-bat ”bolýar-da-bolýar” diýişdiler-de, yz ýanyndan öñki endikle-rine görä, ikisi iki ýerden söwdalaryny bozarman boldular; Gara-söýmez bulardan ara açarman bolup, gyrada çommalyşyp oturan
184
aksakgallaryñ hem ýañy sakgal goýberden demirçidir agaç ussalaryñ uzyn hatarynyñ ugry bilen birki ädim urupdy; söwdanyñ ýañadandan bozulandygyny añşyryp, ol daşlaşmanka ýene-de yzyna öwrüldi; şonda ol bu alyjy bilen bu satyjyny beýle añsat oñuşdyryp bilmejegi-ni duýdy, olaryñ arasynda has yhlasly durdy, netijede öz ýaşlygyny gaýry ýurtlarda geçiren alyjy daşyndan seredeñde, bäş wagtyny syp-dyrman namaz okaýandyr diýdirýän perişde sypat ak sakgally gojany öz diýen ýerinden, bir depik gumy bilen durşuna satyn aldy-da, ba-hasyny boýnuna dakyp, yzyna tirkedi ötägitdi; ”Bu gojanyñ özi maña harydyndan arzan düşjek!” diýip, nätanyş kişi töweregine it ýylgyry-şyny etdi; şonda bazar mähellesi gojanyñ o diýen gymmadam däl ekenligini görüp galdy; seredip otursalar, ony satyn almak üçin çet ýurtly hökmanam däl ekeni, bu ilde-de oña gurby çatjak, meger, bir ýa iki däldir. Gojanyñ harytlary onuñ gulakjynly oglunyñ eline geçdi, ýöne ol öz atasyny çet ýurtlynyñ eline berip durka, gözlerin-den boýur-boýur ýaş dökdi, eger ol atasynyñ bahasyny sanap, güýmenmedik bolsa, onda, Hudaý saklasyn, belki, onuñ bu çökder hasratdan ýüregi çat açyp ölse-de ölerdi; atasyny ynjytmajak bolup, onuñ idiljek tanapyny niçiksi ýumşakdan saýlap berendigini bir gör-sediñ, onda eger añrujy ýüregiñ daşdan bolaýmasa, gözüñ ýaşyny saklamak mümkin däldi; onuñ eli syrtmakly kösenip elewreýşini görenleriñ içinde bozulmadygy azdyr, birlän-ikilän bolaýmasa, asla ýokduram; Kakabaý Garasöýmez beýle doñýüregiñ birini-de görüp bilmedi; onsoñ gulakjynlynyñ ýüzüne ýiti-ýiti seredende, ol onuñ gözlerinde kyrk ýaşlynyñ çemeçilligini hem-de ýaş ýigidiñ durmuşa höwesini gördi: niçiksi adamlar, niçiksi söwda! Iki tarapam razy, iki tarapam utdy, ýöne gaýgysy kesesinden synlany ýykjak!
Garasöýmez möññüribermekden zordan saklandy, onuñ bagry para-lanyp, ýüregi elendi, ýöne çydady, çünki ol soñra adam şekilli iýip-içmeli, ukusyny almaly, mal otuny ýygmaga gitmeli; bazarda onuñ gözi kän zat görýär, olar biri birinden söwdaýy, ýöne welin, içinde onuñ ir bulanan gyýkmak gözlerinden ýaş dökdüreni ýok, çünki ol bazar adamsy. Bazarda onuñ alkyş iýen gezegem, gargyş iýen geze-gem kän, ýöne ondan aýagyny kesmek onuñ başarjak işi däl; anna agşamsy geldigi, edil ýeñsesinden itilen ýaly ol ýere ýegdekläberme-lidir.
185
Ýöne bütin ömri gatnasa-da, Garasöýmeziñ jygyldyk bazarynyñ hemme syryny añşyryp bilmedigi aýdyñ. Ol bazaryñ syrlaryny ýetik bilýän kişi aslynda barmykan beri? Elbetde, ak sakgallary döşüni ýapyp duran gojalar, Garasöýmeziñ göwnüne, köp zatdan habarly görünýärler, bu dünýäde olaryñ bilmedik syry bar diýseñ, kim ynan-syn? Onsoñ bazarda eger biri utsa, şol gojalar utmaly, emma olary-ñam çoçgara çolaşmagy bazarda başy gowgasyzyñ ýoklugynyñ ala-maty dälmi näme? Eýsem, onuñ gözüniñ gören ýene bir gezeginde hut şeýle bolmadymy? Goja söwdada lüt utuldy, jüllikgöten galdy, ahyrsoñunda-da öz eli bilen sellesini boýnundan orap, bir ujuny aly-jynyñ eline tutdurdy, ýöne entegem alyjy ynsaply bolup çykdy, ony südenekledibermän, iki ädimden añyrda arkasyna hopba etdi ötägitdi. Ana, onsoñ Garasöýmez bazarda adam söwdasyny eden ýaly boldy galyberdi. Ýogsam, öz nyrhyny gojanyñ özi kesmedimi näme? Bazar bakgaly-da, heý, öz bahasyny kesekä ynanarmy?
Garasöýmez şondan öñem, soñam iniñi digdiredýän gümürtik söw-dalaryñ ençemesiniñ gözli şaýady bolup gördi. Bir gezegem ol, he-mişekisi ýaly, öz keýpine bazaryñ içinde aýlanyp ýördi, çigit satanla-ryñ deñinden geçse – gysymynda çigit, patrak satanlaryñ deñinden geçse – patrak, bazarçy-da, garaz, agzy gäwüşsiz duranok; onýança-da, ynha, bardy bir galmagalyñ üstünden: bir ýaş ýigit öñünde petde-petde edip üýşürip goýupdyr-da, gelene-geçene haýsydyr bir gazeti mazamlap otyr, ýüregi ýuwkalardan iki-ýeke onuñ harydyny baha-ladýanam ýok däl; onuñ söwdasy töweregindäki demirçileriñkiden ýa-da bolmasa, deri eýleýänleriñkiden pes diýibem boljak däl, ol alyjylar bilen çalaja çekeleşmäne-de ýaltananok; onsoñ ötegçileriñ iñ bolmanda üçden biri ýa-da hatda gylla ýarysy hödürlenýän harytdan, garaz, edinýär.
Gazet-jurnal Garasöýmeziñ ömründe hüýi alan zady däl, ol gazetle-riñ özünden olar hakdaky myş-myşlary has gyzykly görýär; paýtagt-da çykýan gazetleriñ biri hakynda ir wagtlar eşideni häzirem onuñ ýadyndan çykanok; umuman gazetleriñ hemmesiniñ-de kimiñdir biriniñ emri bilen çykýandygyny gürrüñ edýärler, ol adam bolsa, gazetiñ puluna öz gylyksyz gaýnenesine kaşañ jaý gurdurýarmyş; elbetde, ondan bäri är ömri geçdi, ol jaýyñ bireýýäm gurlup gutaran bolmagy-da, ýa-da ol haýýar gaýnenäniñ birçak amanadyny tabşy-ryp, sakar dowzahyñ oduna gowrulyp ýatan bolmagy-da ahmal,
186
emma her halda Garasöýmeziñ göwnünde ilkibaşdan gazetler dogru-da galan erbet güman öçüşenok, belki, onuñ göwnünde gögerip bil-jek ýeke-täk ekinem şoldur, ony kim bilýär, ýöne gümandan aýrylsa, onuñ ýeriniñ düýpden hazlap ýatan boşluga dönmeginden eýmenýän bolmagy-da ahmaldyr? Onsoñam ol adamynyñ gaýnenesiniñ jaýy salnyp gutarany bilen, eýsem paýtagtda hemme gaýneneler jaýly bolaýýarmyşmy? Ýogsa-da, ol gurluşyk gutaransoñ, yzyndan ýene bir şonuñ ýaly çylkasyz köşgüñ düýbüniñ tutulmandygyna, gazetle-riñ indiden eýläk öz erkine çykjakdygyna kim güwä geçip biler? Onsoñ nämüçin alagedin Garasöýmeziñ gümany göwşüldäbermeli-miş?
Ana, onsoñ Garasöýmez ýañky ýigidiñ harydynyñ bazarda alyjy tapyşyna aşyk bolup, onuñ golaý-goltumynda az-kem köwlendi, onýança-da ýene bir kişi gazet almaga geldi, ol geleniñ gara çynydy, añyrdan gelşine: ”Getir bärik, maña iñ gowy gazetiñden birini!” diýip, owadan balagynyñ jübüsine elini sokdy, asyl onsuzam onuñ elinde eýýäm bir petde pul bardy, onuñ harydyñ puluny nagt etjekdi-gine ikirjiñlenmäge sebäp ýokdy, ýöne ýañky ýaş ýigit onuñ ýüzüne aşakdan ýokaryk syrtaryp seretdi-de: ”Gazet gutardy, siziñ geljegiñi-zi men bilmändirin, agasy!” diýdi. Alyjy beýle adalatsyzlykdan ýaña entek garrylyga ýanaşmadyk suwlañ ýüzüni naryñ reñkine boýady, ol hatda gahardan hyrçyny dişläp, duran ýerinde ýylan dek towlandy; alyjynyñ gahar-gazabyndan gorkan Garasöýmeziñ adamlaryñ arka-synda bukulasy geldi, ol şeýle-de etdi, çünki öz döreden harydyny alyp bilmän, iki elini burnuna sokup galan ýaş ýigidiñ gazabyndan gorkmazlyk gözsüzbatyrlykdy; diñe bir Garasöýmez däl, märekäniñ içinde bu paşmadyk söwdadan çekinip, biri biriniñ arkasynda bukulan başga-da az bolmady; alyjy ýigit bu zatlardan habarsyz, ýaşytdaş satyjy bilen bar-ha beter gidişdi; oña ynansañ, hamana, alyjynyñ ähli betbagtlygynda, bu oturan ýaş ýigit günälidi, täze ga-zetsiz galany üçin ol indi mundan beýläk näme edip, näme goýjagy-ny bilenokmyş, ugruny ýitirenmiş; onsoñ ol gazetçiniñ üstüne egildi-de, sag elini goltuk jübüsine sokup, dişini gyçyrdatdy: ”Men señ bilen hasaplaşaryn!” Olaryñ töweregini gallap duran ötegçileriñ için-de içini çekenleri gytlyk etmedi, Garasöýmeziñem injigi saññyldady, onuñ gan dökülenini göresi gelenokdy, gäbiniñ azmagyndan çe-kinýärdi; şol barmana märekede Çary-kitaba-da onuñ gözi kaklyşdy,
187
ol ýüzüni ak tam edip, halys näderini bilmän durana meñzeýärdi. Ana, onsoñ bu sözi eşiden gazetçi-de: ”Gel bäri, hasaplaşsañ!” diýip, sag elini goltuk jübüsine boýa-boý goýberdi; märekäniñ içindäki aýal-ebtatlardan çirkin ses edip, arkan serpilenleri-de boldy; märeke soñra wakanyñ yzyna kaýyllyk bilen tomaşa etdi; ellerini goltuk jübülerinden yzyna çykaranlarynda, garşydaşlaryñ ikisiniñ gysymy-da petde-petde pulludy; onsoñ olar dodaklaryny müñküldedip, hersi öz puluny sanamaga oturdylar; baý, gidişdiler-ä! Ilki nagt pullar sanaşyldy, onsoñ bankdaky hasap, onsoñ algy-bergi, dikleşik guta-randa, gazetçi ýüzüni sallady; gepiñ tümmek ýeri, gazet satyn al-makçy bolan ýaş ýigit ahyr netijede gazetçiniñ özüni satyn alýandy-gyny yglan etdi; bazar mähellesi muny eşidip, ýeñillik bilen dem aldy, adamlaryñ egninden gara daş aýrylança boldy, eýsem nähili bolsun, ol ikisi ýakatutda girip, ganjaryşsa nätjek? Bu gümürtik söw-dadan şundan başga nämä garaşyp boljak? Entegem olaryñ gökdäki dilegi ýerde gowuşdy bilmeli. Ýöne mähelle näçe ýalbarsa-da, alyjy öz harydynyñ boýnundan ýüp salmady, ol bazara eli zynjyrsyz gelip-dir, belki şol sebäpli, belki-de onuñ üçinem däl-de, ýöne özüniñ ýe-rinden gelme sypaýylygy üçin, garaz, edil gadym wagtlarda edilişi dek, ol öz harydynyñ elinden tutup, bazaryñ içi bilen ýöredi gidiber-di; bu wagt, daşyndan seredip, olaryñ haýsynyñ satlyk haryt, haýsy-nyñ-da haryt eýesidigini bilmek kyndy, hatda mümkinem däldi, olar edil ekiz dogan ýa-da halys bagry badaşan dostlar ýaly deñ ýöreşip, ýürekden gürrüñleşip, aram-aram biri biriniñ ýüzüne hoşamaý ýylgy-ryşyp barýardylar, diñe käýarym birazajyk yzdan barýan ýaş ýigit, birazajyk öñden ýöräp barýanyñ rehimdarlygyny öwýärdi, elinden tutup barýanyñ yzyny eýgermäge jan edýärdi.
Garasöýmez olaryñ yzyna garama-garama düşüp, tä bazar mähellesi seýrekleýänçä ýöredi, soñra birden olaryñ gözlerine ilerin gorkusy ony yzyna dolady, emma göwnüne bolmasa, barybir satyn alnan ýaş ýigit Garasöýmeziñ yhlas bilen özlerini yzarlap gelşini gördi hem oña nähilidir bir naýynjar yşaratlary etdi, ”meni halas et!” diýen ýaly bir nyşan berdi, şonuñ üçinem Garasöýmez sylagy barka, gaýtadan mähelläniñ içine özüni uranyny kem görmedi; ýedi ýada kömek etjek diýip, kelläñi kel-kelä sokaýsañ nätjek? Bu ilde her kim öz başyny çaranda azmy? 188
Bazaryñ içinde Garasöýmez özüni akar ýabyñ içindäki balyk kimin erkana duýýar: hiç kim ondan hasabat soranok, habar gatanok, ýal-ñyşyp-beýleki edip habar gataýan ýerinde-de, ”aýlanmaga geldim” ýogsa-da, ”ony-muny almak işim bar” diýäýmeli, onsoñ kimem bol-sa, sowal beren ýoluñdan sowlar gider; adamlar, adatça, edil pete-pet gelen tanyş ýüzden sen-men ýok ýüzüni sowup geçip gidibermäñ alajyny tapman sorag berermen bolýarlar, emma welin, edil şol adamlar günüñ ikindini ýa-da bolmasa, ertesi oña obada duşagedin gaýtadan habar gatybermäge milt ediberenoklar, öñkije boluşlary, onuñam öñki bolşy; aslynda kelte bazara onuñ çet obasyndan setan-da-seýranda bolaýmasa, adam aýagy düşenok, olaryñ pikiriçe, kelte bazaryñ söwdasy bärden gaýdýarmyş: gum adamlary-da! Kelte baza-ryñ uzyn öwrümlerini, onda niçik söwdalaryñ edilip-goýulýandygyny bilenliginde, beýle boljakmy? Onda olaryñ uly bazardan göwünleri geçmegem daş däldir, ýöne adamlar nämäniñ nämedigini biljegem bolanoklar, köne endikleri bilen ýykma-ýykylma gydyrdanmak olaryñ añrybaş käri.
Garasöýmez Musany ýöne ýerden hüýüniñ almandygyny bilýär, onuñ öñünde bergisi bar bolsa bildiñmi? Ýöne ol ikisiniñ öñ ýoly kesişdimikän? Belki, kelte bazarda demirçi ussalaryñ hataryny bile syrandyrlar? Belki-de, olar kirşene gömlüp, ýol ýörändirler? Mysal üçin, onuñ ýadyna şuña meñzeş bir waka düşýär... Bir döwürde näta-nyş bir aksakgal kelte bazaryñ ýolunda görnerdi. Ýalñyşmasa, ol Gökje obasynyñ deñinde yzyndan ýeterdi; Garasöýmez onuñ nireden gelip, nirä ýitirim bolýanyny bilip bilmän geçdi, ýöne Tañrynyñ ýoly olaryñ ikisini-de gitjek ýerine äkider, olaram uzak ýolda dilinden aran ýolagçy dek, seslerini çykarman, kä ýanaşyk, kä tirkeşik ýöräp, kelte bazara barardylar. Gaýdyşynam şeýle. Ýöne häzir ondan: ”Şol goja kimdi? Haýsy obadandy?” diýip soralsa, jogap berip biljek gü-many ýok, näbilsin? Olam bir Tañry bendesi, bendeligi çyn bolsa? Ýöne onuñ hojaýyny – başga hörpden gopýana meñzeş. Ol ýene oturan jaýynyñ içine gorkuly göz aýlady, müdiriñ paýtagtda däl-de, belki, şu töwerekdedigini syzýan ýaly, ynjalykdan gaçdy; gorkusy çuńlaţdygyça-da, onuń adamlara jyny atlandy, olary gyran-jyran etmäge höwesi artdy. Müdir ony ýöne ýere ýaran edinenok, bu obada adamlaryñ içini ondan gowy biljek kim bar? Gowy tanany üçin däl-mi onuñ hergiz adamlardan çeke durany? Ýöne Kakabaý Gara-
189
söýmezi müdiriñ holtumyna iterýän düşnüksiz güýç näme? Hernäçe urunsa-da, oña bu syryñ düýbüne ýetme ýok, onuñky diñe añtamak, şübhe, güman... Onsoñ neneñ ejizlemesin, ýöwsellemesin?! Adamlar nämä düşünmeseler, şondan gorkýarlar, boýun egýärler. Düşünen zatlaryna garşylyk görkezýärler. Diýmek, Garasöýmeziñ adamdan tapawutly ýeri ýok-da?
Onuñ özi üçinem geñ, ýöne Garasöýmez hiç ýerde özüni bazardaky ýaly arkaýyn duýanok, kim bilýär nämesinden, şol taýyk bardygy ol edil atasy öýüne görme-görşe gelen gelin ýaly gül-gül açylyberýär, käýarym ol bazaryñ bir çetinde hiç kime görünmän ýatybam turýar; şonuñ ýalyda ol ýedi ýyllyk ukusyny alýar; gelen-geçen ony görýär; demirçileriñ, nas satanlaryñ ýa-da agaç ussalarynyñ arkasynda oýlu-ga çolanyp, saññy dişlerini görkezip hor çekip ýatan adamyny gör-mäýin diýeniñde nädip görmejek? Köplenjem ol nas satanlaryñ arka-synda ymyzganýar, bu ýeriniñ howasy onuñ göwnünden turýar: si-ñek ýok, beýleki mör-möjeklerem bu ýerden gaçalak edýärler, bu taýynyñ ukusy onuñ üçin tapylgysyz süýji, agryljyk ys adam saýlaýar.
Garasöýmez bir gezek nas satyp oturan kişileriñ birine hyrydar çykyşlaryny hem gördi; görenok-da, eşitdi, ilki bu oña düýş bolup göründi; söwdanyñ başy nämeden başlandy? Ol bazara aýlanyp-aýlanyp, usurgap ýatyp galdy, aşagyna köne donuny düşendi, üstüne-de, nas satanyñ donunyñ synyny çekdi, dessine-de onuñ: ”Nasa gel, ha-aw!” diýen sesine öz horruldysyny goşdy; näçe ýatandygyny bi-lenok, ýöne birnäçe wagtdan soñ, oña şeýle bir düýş göründi, görü-nenogam-da, ýöne eşidildi... Hamana, añyrdan gelen geýnüwli biri, nas satandan üç-dört dolam nas alýar, nas satan begenip, oña derrew çilim eden kagyzlaryna ýap-ýaşyl ýagly nasyndan gaplap berýär; ol adamam şol oturan ýerinden gitmän, çommalyp, satyn alan nasyndan agzyna atyp görýär, onuñ agzy nasly başyny ýaýkap oturyşyndan nasa göwnüniñ ýetendigini belli, muny hatda ukuda ýatan Gara-söýmezem bada-bat añşyrýar; soñ alyjy kellesini humarladan nasy nas satanlaryñ üstaşyry ”püfläp” goýberýär; ukuda ýatan Gara-söýmez ýüzüne ýagan uşajyk nas gatyşykly tüýkülik damjalaryny, kerep syran ýaly, eli bilen iküç öwre syryp goýberdi, beýlesine agda-ryldy; onýança söwda täzeden girişildi. ” – Maña on kilo nas ber!
190
– ”Onça nasym ýok! – nas satan saññy dişlerini görkezip loh-loh gülýär. – Sende-de onça pul ýokdur.
– ”Meñ pulum bolmasa, özüm günäli, sen harydyña jogap ber, gep-leşdikmi? Ýöne, ýaşuly, gülme!”
– ”Gülüşmekden aýyrmasyn! Gülme diýseñ, ygtyýar özüñde, haly-pa! – ol nas atmakdan ýaña sap-sary bolan saññy dişleriniñ düýbüni görkezýär. – Ýöne senem meni güldürme!
– Meniñ sizi güldürmegem, aglatmagam ýadyma düşenok. Mañ-laýyñyzda gülmek bar bolsa-ha – gülersiñiz, aglamak bar bolsa-da – aglarsyñyz; häzirlikçe maña bir halta nas beriñ!
– ”Onça nas ýasar ýaly pohy obamyzyñ towuklary bir hepdede etmez; ondan daşgary ýene hek gerek, pagta ýagy, özüñ bilýäñ, beýleki zatlar...”
– ”Ýaşuly, meniñ siziñ derdiñiz bilen işim ýok, maña nas gerek! On kilo nasy şu ýerde dikläñ, ýogsam-da men siziñ özüñizi satyn aljak. Meniñ gara çynym.”
– ”Niýetiñ düzüw, ýöne men gülmän ýaşap biljek däl, ýogsam diş-lerim derrew döküler, olara howa gerek; sen meni hor saklarsyñ, öýermersiñ, damagymy gysarsyñ, men bolsa, bolçulyga ozaldan en-dikli.”
– ”Bilip geçen! Elbetde, o taýda siziñ işiñiz gije-gündiz nas ýasa-mak bolar, üstüñizi pohdan gömmek – meniñ bilen; obamyzyñ iri maly – towuk; towuk eýeleriniñ bogazy-da meniñ elimde, nätjek olaryñ syýasat bilen işi ýok, men olara çörek berýärin, olaram maña: ”Hojaýyn” diýýärler.
– ”Men hemmesine boýun: obaña-da, adamlaryna-da, obañyzyñ towuklaryna-da garşylygym ýok, meni ynjalyksyz edýän başga zat: meniñ dişlerime howa gerek, men olary çüýredip biljek däl; dogru-syny aýtsam, nasy-da men şu dişlerim üçin öwrendim, soñ ony ýa-samany, soñra-da – satmany; elbetde, men maşgalaly, çagaly, ýöne barybir men diñe öz jan saglygyma seretmesem alajym ýok, men bir keselbent adam; onsoñam, ine, seret, – ol öz synyny ýapynyp ýatan Garasöýmezi görkezýär... – eger men özümi saña satyp goýbersem, bu nädip gününi görer? – Garasöýmez nas satan gojadan razy boldy, söwdanyñ yzyny diñledi. – Şonuñ üçinem, gel, gowusy boljak söw-dany edeli, men seni satyn alaýyn, inim!”
191
Geýnüwli, intelligentsypat kişi ilki muny eşidip gülýär, emma nas satan ony şol oturan ýerinde ýedi depik gumy bilen satyn alýandygy-ny yglan edensoñ, işiñ çyna ýazandygyna düşünip galýar; nas satan-laryñ hatary şowly söwdany görüp, el çarpýar, intelligentsypat, bir agarýar, bir-de gögerýär, emma soñra munuñ ýazgytdygyny bilip, lampa aşak oturýar; onuñ iñ soñky delili, hamana, ol her günde işe gatnamasa, Býuronyñ aşaky basgançagynda syýasy bölümiñ işi dur-jakmyş; nas satan ýaşuly çommalyp oturan ýerinden kellesini sata-nynyñ arasyna sokup kikirdeýär, inteligentsypatyñ ýaşdygyny, özü-niñ oña ýüreginiñ awaýandygyny, ýöne biraz görüpliginiñem ýok däldigini duýdurýar: ”Bu döwürde syýasat bilen meşgullanmak hezil, asyl itiñ añsady bolupdyr, çünki indi – syýasatçylaryñ syýasatçysy beýik Stalin ýok!” Ol öz gepini ýene-de gülkä ýazdyrýar, gülki bo-lup, bu bir gülkem däl-de, ýöne onuñ dişleriniñ sagdynlygyna nepi degjek dodak gymyldysy diýseñ-de boljak. Nas satan ýene şeýle diýýär: ”Biziñ obamyzda işe gadagançylyk ýok, gatnaber!” Onsoñ ol bu günlükçe söwdasyny boldum edip, Garasöýmeze seredýär: alla-janlarym, bu bendäni nätsemkäm? Soñam ol edil çaga pişik ýaly myrlap ýatan göherdi oýarmaga dözmän, pygamberiñ göreldesine eýerip, synyny kesýär-de, ýatany oýarman, harydyny yzyna tirkäp, bazardan çykyp gidýär; sypjyk harydyny saklamak üçinem ol ätiýaçdan öz bilinden hem onuñ bilinden ýogyn tanapy aýlap dañýar; şondan soñ ol boş elini donunyñ goltuk jübüsine sokup çykarýar-da, biçäre ýigide özüniñ köne partiýa dokumendini hem-de Býuronyñ gizlin agzasydygyny tassyklaýan möhüm kagyzlary görkezýär; waka şu ýere ýetende, nas satanlaryñ uzyn hatary saññy sary dişleriniñ düýbüni berkitmek üçin, ozaldan öwrenen endiklerine görä, bir wagtda syrtaryşýar.
Garasöýmezi bu süýji ýatlamalardan sekretar gyz oýardy. Müdir üçin goýun soýlup, onuñ böwrekleri alnypdyr, emma ony iýmäge adam ýok.
– Bütin kontory aýlanyp çykdym, böwrekleri diri ýuwutmaga adam tapylmady, bölekläp ýuwutjaga böwrek ýok. Belki, siziñ nesibäñiz-dir?
Garasöýmez öñündäki kagyzlardan ýüzüni galdyrman, böwrekleri ýüzüniñ ugruna ýuwudyp goýberdi; şonda kontor işgärleriniñ gapy-dan jyklaşyp duranlaryny görüp, olaryñ ýeñilkelleliklerine haýpy 192
geldi: niçiksi goragsyz adamlar, hemme zada geñ galýarlar, ynanajañ hem biçäre! Olaryñ biri biriniñ aýagyny basyşyp, biri-birini itekleşip, biri birine göz gypyşyp bärik, kabinetiñ törüne garşy boýunlaryny uzadyşlary diñe şundan habar berýär. Garasöýmez elýaglygyny çy-karyp, dodaklarynyñ ganyny süpürişdirdi, dişini sordy, soñam biweç mähelläniñ özünden bilip, bu gapydan gitmegine garaşdy. Märeke-de tomaşanyñ dowamyna. Ahyry bolmady:
– Baryñ, işläñ! – Garasöýmez sypaýyçylyk etdi. – Bu ýerde syrtyny açýan ýok!
Tä goýnuñ soýlan ýerinden, kontoryñ ýeñsesinden ýiti galma-gal çykýança Garasöýmez gözlerini süzüp oturdy. Işgärler to-paryny bozman, soýlan goýnuñ üstüne abananda, goh turdy, ol ýerden ýiti şapbyldy geldi; kontor işgärleri biçäre goýnuñ ähli içki organlaryny – hersi öz bokurdagyna sygaýjagyny – ýu-wutmany öwrenýärdiler, olaryñ kimsi goýnuñ bagryny, kimsi ýüregini, kimsi dalagyny lak-luk atdy; iñ soñunda onuñ derisini üstüne ýapynyp, iki ýana düwläp ýören kişi Mäşirik aga meñ-zeşdi. Eger bu çyn bolsa, onda ol gumuñ etegindäki Köşgi kime goýup gaýtdyka? Görsene muny, Köşgüñ kölegesini yna-nyp bolmajak adamlara ony goramagy ynanmaly bolýar!..
193
-
aysyzgije
13 years ago
- 10. Kölege baýramy
Jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşkleriniñ sany şeýle bir tiz köpelýärdi welin, basym olaryñ kölegeleri bütin ýurduñ üstüne abandy. Köşkle-riñ diñe bir özleriniñ däl, eýsem kölegeleriniñ-de aladasyny etmeli wagt geldi. Onsoñ ýurtda kölege baýramy yglan edildi. Bu baýramy abraýly sowmak üçinem, elbetde, kölege gürrüñi gerek. Beýle bolsa, Amansyzy nädip oñjak? Umuman, halk Amana şeýle bir öwrenişen, onuñ Amansyz güni geçenok, edil gök çaý ýa-da çilim ýaly ol adam-laryñ gündelik neşesi. Onuñ arasy bitişik gür gara gaşly, oýnaklap duran ýeser gözleri, bibaş gylygy bolmasa, oba suslanjak, adamlaryñ keýpi gaçjak, belki-de olara edere kölege gürrüñi-de galjak däl. Gyz berilse-berilmese-de, ol dulda oturan çuwalgyzlaryñ-da ölmezek umydy. Halk bir ýerde horlansa, kemsidilse, haky gitse, Amany ýat-laýar, ondan haraý isleýär. Oña bolan ynam öz-özünden ulalyp, çişip gidip oturyşyna bir aýlawda ol obanyñ sarsmaz hyýaly diregine öw-rüldi. Adamlar gije-gündiz oña saglyk, uzak ömür dilediler. Ozal kölegä getirilmedik ýetimek indi ”Kölege baýramynyñ” töründen ýer aldy. Indi ol adamlara, näme islese, şony-da gürrüñ bermäge hakly. Onsoñ ol gürrüñe başlady we munuñ özi bir ýazylmadyk geçmiş bolansoñ, adamlara diñe ynanaýmak galdy.
Ol gundagdan çykaly obanyñ çekenesiniñ yzynda gezdi. Ýöne bu onuñ bir döwüm çörek üçin mejbury edýän işi. Igendirmän, uly hö-wes bilen edýän işi welin başgady – köne donuny kellesine bürenip, atlyny atyndan, eşeklini eşeginden agdarmak, ýykyp bilmese, gor-kuzmak, gorkuzyp bilmese, ürküzmek. Atyñ, düýäniñ ýa eşegiñ üs-tünde pinekläp, irkiljiräp, dünýäden habarsyz yranjyrap gelýän ýo-lagçylaryñ hezilini almak onuñ ýetim göwnüne teselli bererdi. Kelle-si ýañy kyrkgaryndan çykan şütür keliñ haky diñe gara garny bolma-dyk bolsa, kim oña mal ynanjak? Ýöne mugduñ öñünde durjak kim bar? Edenli ýolagçynyñ eline düşüp ýenjilende bilmediksiräp, çeke-neden mal ýitende oña gargynmak – mal eýeleriniñ güýmenjesi. Amanyñ güýmejesi – çekenäni düze kowup, ýeke gelýän ýolagçyla-ryñ ahmalyna garamak. Onsoñ biwagt-näwagt düzden haýkylyk çyk-sa bu töwerekde oña geñ galjak ýok.
194
Bir gezek ol gumuñ içi bilen ýat oba barýan eşekli naçaryñ yzyndan ýetip, eşeginiñ guýrugyny galdyraga-da, syrtyna bir düýp gyzgan gysdyryp goýberdi. Eşek janawar ýuka ýerine batan tikeniñ awusyna dözmän, şol gidişine tä daljygýança çapdy. Ýykylmajak bolup, gañ-ñanyñ gürlüginden bar güýji bilen ýapyşyp, elleri garganyñ aýagyna dönen, dilden-agyzdan galan aýaly ertesi çölden tapyp getirdiler. Eşek ümdüzine çapyp gidipdir, aýal bolsa, ýerde gaññanyñ üstünde öñküsi ýaly onuñ gürlüginden berk ýapyşyp, gozganman oturan eke-ni.
Aman şeýdip, ilki ýigrimi bäş ýaşady, soñam otuzdan geçdi. Ne maşgala bar, ne-de öý-işik. Kim uwasyz ýetimege dulundaky gyzyny berjek? Bu illerde öýlenmek – adam bolmak, adam bolmagam, elbet-de, kyn, köplenç mümkinem däl, ýogsam Aman bolmazmydy? As-lynda onuñ ýolundan gyz-gelin gündiziñ günortany-da sowlup geçe-nini kem görenok, golaýlaşsa, çaññany uraýjak ýaly. Otuzdan geçse-de, öñki bolşy, kakabaş, özüne haýpy gelýäne meñzänok. Onsoñ bu öwrelerde adam oglunyñ başyndan inmedik hekaýat onuñ depesin-den inmese, elbetde, geñ boljak. Onuñ özi-de hut şeýle diýýär.
– Ana, onsoñ bir günden bir gün men öz bakýan çekenämden goýun ýitýändigini bildim. Bu wagt golaý-goltumyñ oty ýukalyp, men süri bilen gumuñ içine ymykly aralaşypdym. Geñ ýeri: azam däl, känem däl, sürüden günde bir goýun kemýär, özem edil ýer hopan ýaly, birdenkä ýitirim bolýar gidiberýär: ne yz galýar, ne-de süñk-sañk. Möjek aparsa, beýle bolmaly däl, gaplañ atsa, derek galmaly. Bu wakanyñ añrysyna ýetip bilmämsoñ, ýüregime gorky düşdi, dogu-myma bäs gelip bilmän ýören halyma birdenkä injigim tibirdedi; men gözümiñ görmedik duşmanyndan eýmendim: göze görünmez bela, bu ne alamat? Kimden haraý islemeli? Mundan owal il maña degsinmekden geçen, özüne degilmese kaýyldy, eger meniñ malyma batyrynsalar, munuñ bir emmasy bolmalydy. Eýýäm bir oýnam goýun ýom-ýok. Erteki gün olaryñ eýeleriniñ öñünde kim durar? ”Çarwanyñ malyny alandan, janyny al!” diýleni, git-hä-gitligiñ üsti açylan güni meniñ dat günüme! Men günegargan dek elewredim, emma netije ýok: hudaý gün berse, bir işek gürüm-jürüm bolup dur. Onsoñ men öz-özüm kelte geñeş saldym: ”nädip ogrynyñ ahmalyna garamaly? Göle ýaly işekleri kim, nädip göterip gidýär: tüweleými ýa-da gara ýel?” Men birnäçe gün yz çaldym, sürüniñ ýanyndan
195
aýrylmadym, emma edibilen çäräm bolmady, öñküsi ýaly her gün bir işek gürüm-jürüm gidip dur. Sürä darany añtap ýörşüme ogrynyñ üstüne malyñ özüniñ gidýäni meniñ nireden kelläme gelsin?!
Sürüniñ gije däl-de, gündiz kemelýändigini bilenimde, men öñkü-den-de geñ galdym: bu nä hekaýat? Onsoñ men ertirden günortana deñeç garaşdym, ogry gara bermedi. Ahyry ýadap, sürüni ota kow-dym-da, endigime görä, çeltek gurnup, kölegä sümdüm; kellämi ýere yrykladym, şol wagtam sürüniñ ýelesinden bir işegiñ bölünip, daşla-şyp barşy gözüme ildi. Ýakyp barýan yssydan basylyp, ysgynsyz guşluk ukusyna oraşyp barşyma men ilki muña hiç düşünip bilme-dim, ýene bir goýnuñ sürüden arany açyp barşyna parhsyz seretdim ýatdym. Emma nämüçindir birdenkä meniñ añy haýallan kelläme bu daşlaşyp barýanyñ Töre ahunyñ goýny bolmagynyñ ahmaldygy gel-di. Şonda men ýalpa gözümi açdym, öz görýänime ynanman, ýumru-gym bilen gözümi owkaladym. Ota aldanyp, gitdigiçe sürüden ara-syny açyp barýan işege ýene bir gezek geñler galyp seretdim. Gör-le, eger gözlerimi ýumup ýetişen bolsam, bu günem bir goýundan el ýuwjak ekenim. Onsoñ egri çopan taýagymy hasyrra elime aldym-da, işegiñ yzyna garama-gara düşdüm gidiberdim. Asyl indi görsem, ertir guşluga golaý özüm irkilemde, itlerimem irkilýän ekeni. Elbet-de, ”It eýesine çekmese – şumluk!”
Sürüden daşlaşdygyça otdan bizar, işek gitdigiçe çuslanyp barýar, soñabaka edil ýöne guzusyny emdirmäge barýan ýaly tozanlaberdi. Menem ondan galman, ylgaşlaýan. Şeýderka-şeýderka biz tirkeşip, kän ýol geçdik, ençe depe, ençe gol yzda galdy. Ine-de, bir aýlawda görsem, meniñ özüm işekden öñe düşüp, tozanlap barýan! Bu nä hekaýat?! Meniñ edil şol wagt muña aklym çatanok, ýöne arkamdan itilýän ýaly idirdäp barýandygymy welin duýýan. Şol barmana-da meniñ işekden göwnüm galdy, yzyma gañrylyp, ”menden galma!” diýýän şekilde oña igençli seretdim. Şonda men goýnuñ özüme haýpy gelip, gözlerini balkyldadýandygyny gördüm. ”Bu goýnuñ nämüçin maña haýpy gelýärkä?” diýen duýdansyz pikir meniñ tozan-ly howa deýin bulaşan añymda ýyldyrym dek bir dem çakyp gitdi.
Onsoñ men birsalym şeýdip, aýagym aýagyma ýetişmän, dazyrdap ýöredim. Soñ loñkuldap ugradym. Iñ soñunda-da gözüm garagör-nümde ýapynyñ ýüzünde garalyp ýatan gowaga düşdi, özümiñ başga ýere däl-de, hut şol gowaga garşy dazyrdap barýandygymy bildim,
196
yzymda-da ahunyñ işegi... Gowaga mazaly golaý baramsoñ, men ondan kellesini çykaryp ýatan äpet ýuwhany saýgardym. Janym bo-kurdagyma geldi, irde-giçde özümiñ Gurhandan öwrenen ýeke-täk aýadym – ”Kulhuallany” bazzyldap, okamaga başladym. Şonuñ üçi-nem men ýuwhanyñ demine düşmän, edil bäri ýanynda büdräp ýy-kyldym. Işek janawar meniñ üstaşyry tozalanyp, ol agzy jäheksiziñ bokurdagyna başbitin girip gitdi. Gowagyñ agzynda onuñ diñe naýynjar mälemesi galdy. Men çök düşüp, jüp aýamy ýüzüme elt-dim, ýañadandan ”Kulhualla” başladym. Ýylan demine dartýar, me-nem bilýänje dogalarymy sanaýan. Şeýdip ol peläket bilen bir meýdan gidişendirin-ä! Ýöne meniñ gitdigiçe ysgynym gaçdy, ýuw-hanyñ-da – yzgydy. Soñabaka onuñ bokurdagyndan iniñi tikenek-ledýän aýylganç haýkylyk çykyberdi. Meniñ göwräm ýuwhanyñ agzyna golaý-golaý bardy. Şol wagtam özümiñ kimiñ goýny üçin janymy gul-gula salandygym güpbe ýadyma düşdi. ”Sadagasy bol-dugym, Töre ahun, ýetiş!” – diýip, uly ilim bilen gygyrdym.
Şol demde meniñ arkamda öý ýaly äpet ak selle peýda boldy. Töre ahun ýüzüniñ ugruna ýuwha bilen okaşmaga başlady. Ahun bilen ol peläkediñ aldym-berdimli dikleşiginde men ikarada ”owlak aldy” edilýän mala döndüm. Ýylanam okaýar, ahunam: ahun ýeñiberse – men gowakdan daşlaşýan, tersine, ýuwha rüstem geliberse – göwräm onuñ agzyna golaýlaýar. Soñabaka iki uly güýjüñ arasynda galyp, meniñ hut süñklerim şatyrdaşyp ugrady. Ýöne soñunyñ nähili bola-nyny görmäge ysgynym ýetmedi, essim aýylyp ýykylypdyryn. Ahun goşa getirip, agzyma suw damdyranda özüme geldim.
” – Hany ýuwha?”
” – Bedähet, tas alypdy... – ahun mañlaý derini syldy. – Eger-de çäkmeniñ syny onuñ diline dolaşyp, badak atmadyk bolsa, onda iki-mizem ýagty ýalançyñ sowjak şemalyndan dynýardyk. Ýöne barybir indi saña-da, maña-da bu jelegaýda aga-ýana gezme ýokdur. Men ony okap ýarmalydym, emma bolmady, güýjümiz deñ geldi, ygtyýa-ry paýlaşmaly bolduk...”
” – O näme üçin, ahun aga?”
Men sesimiñ ysgynsyz çykanyny bilýän. Sorag berip, ýene arkan ýykylypdyryn. Ýüzüme Güne gyzan suw degende, ýene özüme gel-dim.
197
” – Üçini şol. Ikimiz erbedine duşduk. Ol diri galdy. Iñ soñunda gömülgene öwrülip, çägä siñdi. Ýöne ol ýene geler, özem, göräý welin, irde-giçde seniñ mañlaýyña ýazlan şonuñ kowmundan bolsa gerek... Senem müjerret ötäýmeli däl ahyryn, Tañry bendelerine öýlenmek parz. Ýöne welinim, ol oba gelensoñ, seniñ günüñ häzirki-si ýaly bolmaz, adamlaryñkam üýtgär. Tañrym ýöne maña bir ol gara günleri görkezmäwersin, beren amanadyny wagtynda alawersin yzy-na!”
” – Düşnükli...”
” – Şeýle, hanym... – ahunyñ sesi gussaly çykdy, – indi sen çölde durma, bu töwerekde görünseñ, ol saña hezil bermez. Gowusy, sen indi yrsgyñy başga ugurdan gözle; belki, syýasata baş urarsyñ, özüñ gör, din ugrundan gitseñ, maña ýykyl, beýlekiden gitseñ, hut özüm güwänama ýazyp bereýin, seni döwlet derejesindäki iñ möhüm do-kumentlere ähli ýetimleriñ adyndan gol çekmäge mynasyp görýän; bu meselä irde-giçde Býuroda serediler diýip umyt edýän. Seniñ indi ile çykmaly wagtyñ geldi, bu günden eýläk – çöl saña haram!”
Şodur-da şudur, men ahunyñ diýenini edip, çöli taşladym. ”At ür-ken ýerinden, är – gorkan!” diýenleri, ýöne onda-da men başymy gowgadan gutarman ekenim, ýuwhanyñ özi meni añtady. Çölden galyp, birki aý garyp kepbämiñ dulunda güýlünip ýatamsoñ, ahyry ussaçylyk etmegi ýüregime düwdüm. Bir gün ol-bi gural alynaýyn diýip, jygyldyk bazaryna şaýlandym. Jygyldyk bazarynyñ güwläp duran mähellesine goşulyp, demirçileriñ hataryny gezdim. Bigam mähelläniñ içinde öz derdimi unudyp, ýap-ýañyja satyn alan guta-bymdan käýarym bir dişläp, hatarma-hatar aýlanyp ýörşüme ahyry bir ýerde aýaklarym diýen etmedi duruberdi. Duşaklanan ata dön-düm. Tisginip, gabagymy galdyrsam, ýüzüme çüýçjerilip oturan bakgalyñ gözüne gözüm düşdi. Şondan añryk aýagym bir ädimem ädilmän, geñsi aljyraññylyga düşüp, tä söwdägäriñ özi alkymyma dykylyp gelýänçä sañ-gaty bolup galdym. Bazarçy bakgal gelip, meniñ gulagyma pyşyrdady:
” – Gaýdyp dagy-duwara bazarda görsem, oññullyk tamasyny etme. Seniñ bu taýda görünmäge hakyñ ýokdur!”
Ussanyñ pessaý çykýan haşyrdawuk sesi iniñi erbet tikenekledýär-di. Onuñ gözlerine ýakyndan gözüm düşende, men öz garşymda duranyñ kimdigini derrew tanadym. Şonuñ üçinem huşum başymdan
198
uçdy, derrew bazardan garamy saýlamak bilen boldum. Gaýdyşyn tä öýe gelýänçäm ýoluñ ha bu, ha o ýanynda joñkarylyp oturan gözi ýiti satygçyny gördüm geldim. Şondan soñam, ynha, gaýdyp obadan çykmaga milt edemok. Dogrusy, men hut aç öläýmelidim, özüñiz bilýäñiz, biziñ ilde aç ölmek añsat, emma, ynha, bir gün yrsgalym öz aýagy bilen gelip, garyp külbämiñ gapysyndan girdi. Ýok, öz aýagy bilen däl, onuñ aýagy ýok, ol towlanyp, suwlunyp girdi. Törüme aralaşan äpet ýylany göremde, ilki dilim tutuldy. Köz basan ýaly syçrap turdum-da, ýylanyñ üstaşyry gapa okduryldym. Daş çykam-soñ, hoñ ýaly ýerden yzyma garadym, ýylan yzymdan kowsa, ýene gaçjakdym. Ýöne gelmişek ýerindenem gozganmady. Imi-salalyk. Bu ýagdaýa ynanman, töweregime delmuryp kän durdum, adamlar-dan haraý isledim, ýöne, özüñiz bilýäñiz, kimiñ agyrysy kimde? Her kim öz güzerany bilen ýetişiksiz gara günde. Külbäme girip bilmän, agşama deñeç daşarda aç-suwsuz entedim. Agşam düşdi, ýöne çagy-rylmadyk gonak öýümden çykarly däldi, dulumy ýassanyp ýatyrdy. Onsoñ men usullyk bilen gapyny açyp, oña: ”Çyk!” diýip, haýbat atdym. Ýylan: ”Maña diýýäñmi ýa ite diýýäñmi-de?” diýenok. Ana, onsoñ, göreniñ, ozal oba baş bermän, köprüñ aşagynda ýatyp, eşek ürküzip ýören şütür kel, öz sümelgäñden kowulmagam ýokuş degjek eken, hötjetligime tutandyryn-a! Netijede ýylanam öýde galdy, me-nem. Men gelmişegi höwür tutundym, onuñ bilen bile bir gapydan girip-çykdym. Ýöne ol meni özüne öwrenişdirdi-de, soñra bir ýere gürüm-jürüm boldy. Ýöne waka siziñ pikir edişiñiz ýaly däl, başga hili – Aman sesini gorkuly peseldip, pyşyrda ýazdyrdy: – Ol eýýäm adam sypatyna girip, biziñ aramyzda gezip ýörmikän diýýän...
Aman Günüñ aşagynda gara köýük bolup oturan obadaşlaryna kö-legäniñ töründen uly söýgi bilen seredip, gözleriniñ ýaşyny syldy.
– Seniñ bu aýdýanlaryñ bary erteki! – oba kitaphanasynyñ müdiri Çary-kitap halys çydap bilmän gygyrdy. – Gulak as, görýäñmi şu agaçlary?
Dowamly suwsuzlykdan ýaña solgun ýapraklary çañjaryp oturan alma agajyna gözüni diken Aman:
– Görýän – diýip, boýun aldy. – Ýöne olar ýaşyl däl, çal.
– Biziñ durmuşymyzda çal ýapraklar ýaşyl ýapraklaryñ roluny oýnaýarlar; şolar bolmasa, agaçlar ýaşap bilenok. Nämüçindir öýdýäñ?
199
– Diýmek, gyş düşendir!
– Biz bu wagt pasyllañ gürrüñini edemzok. Gep ýaşaýyşyñ düýp özeni barada barýar. Ýapraklarda hlorofil dänejikleri bar, olar Günüñ şöhlesini özüne siñdirip, ýaşyl reñk işläp çykarýarlar.
– Çykaranlarynda näme? – Aman perwaýsyz seslendi.
– Nämesi-dä şol. Edil şonuñ ýaly pigment ýasaýan jisim biziñ teni-mizde ýokdur öýdýäñmi?
– Bolanda näme?! – Aman añrybaş perwaýsyz jogap gaýtardy.
– Sakawyñ soñuna seret! Adamda öt bolýar, ol, il aýtmyşlaýyn, gaýrat işläp çykarýar. Ýöne...
– Rast aýdýañ! – diýşip, olaryñ gürrüñine gulak asyp oturan märeke ala-galmagal turuzdy. – Adamda öt bolmasa, gutardygydyr. Ýöne kimde öt bardygyny nädip biljek?
– Itiñ añsady! Kim minnetli aş iýse, ödi ýokdur.
– Munyñ-a birhili – diýişdiler. – Ajyksañ nätmeli? ”Ajyñ añy bol-maz”, ”Bir doýmak – çala baýamak”, ”Bu günlügini tapan ertirligini gaýgy etmez”, ”Berenden al, urandan gaç!” we ş.m. diýlipdir.
– Eýsem: ”Akylyñ bolsa, akyla uý, akylyñ bolmasa – nakyla!” diýen kim? Ýañky nakyllary döreden millet dälmi?! Bizde indi jüýje-horazyñkyça-da akyl ýokmy? Ine, meselem... – güne jyzyrdaşyp oturan adamlar oña ellerini gözlerine kölegeledip seretdiler, – bu gün ýurdumyzda ählihalk ”Kölege baýramy”, ýöne bize kölege ýetenok, Günüñ aşagynda otyrys! jokrama yssyda!
– Ýok, hemmämiz däl! – diýip, gapdaldaky goýy kölegeden my-laýym ses çykdy. – Meni nämüçin hasap edeñok, menem şu millet-den ahyryn! Ýa men adam dälmi?! Üstesine-de, halkymyzyñ köne-den gelýän däbine görä, häzir millete süñk paýlanjak!
– Millet! Süñk paýlanýar! Süñke çoz! – diýip, şol wagt biri çile çykyp, ýiti ses bilen gygyrdy. – Ýet! Soñ armanly bolma!
Çary-kitabyñ töweregini alyp oturan märeke garasar sürüsi ýaly ýerinden gürre ördi-de, depesi çanakly kişiniñ üstüne eñdi. Tomaşa başlandy. ”Maña ber-de- maña ber!” bolşup, adamlar biri-biriniñ aýagyny basyşyp, itenekleşip, ýykylyşyp-sürşüp, kä ýerinde birki tar et sallanyp duran omaçalara ýetjek bolup, uly oran turuzdylar. Ulula-ryñ satanlarynyñ arasyndan sümlüp öñe geçjek bolan ýetginjek aýak astynda galdy, depgilendi, goşa gapyrgasyny döwdürip, aýak astyn-dan çabalandy, soñra süýrenip gyra çekildi. Beýle-de ýatan aç it ba-
200
ryp onuñ ellerini ysgaşdyrdy, emma omaçanyñ ysyny tapmady, çyñ-sady.
Çary-kitap ýerinden turdy, baryp iti kowdy-da, oglany eline aldy. Adamlar paýlanyşyk gutaransoñ, ýetdik haklaryny alyp, çommaly-şyp, hezil edip, süñk gemirdiler. Süñkden hantama bolup golaýlaşan-da, iki-üç ýerde böwrüne depilen it-de Çary-kitabyñ aýagynyñ aşa-gyna gelip, burlup ýatdy, çyñsady.
– Adamlar! Süñk diýip, adam basgylamak bolmaz-a!
Märeke gyzyl-gyran gülüşdi. Aman onuñ ýeñinden çekdi.
– Günä özünde: oña aýak astyna sokul diýen barmy?!
– Süñküñ üsti basa-bas, oña ýetjek däl, onsoñ ol dagy nätsin?
– Ind-ä ýetäýdi-dä welin!.. – diýip, ýagly süñki gemrip oturan gür-zelek sakgally ýaşuly kinaýaly kikirdedi. Süñkçi mähelle-de hoşwagt bolup gülüşdi. Gürzelek sakgally çommalyp oturyşyna sakgalyndan ýag damdyryp, Çary-kitaba göwünjeñ lak atdy: – Sen gowusy bize bu çakda kitaplarda näme ýazylýandygyny gür ber, Kitap. Ýogsam, biziñ halys gulagymyz poslady.
– Kitaplarda: ”Adamynyñ öz hukugy bolmaly” diýip ýazýarlar.
– Her adamynyñ özbaşynamy? – diýip, gürzelek sakgally gürrüñde-şiniñ çetine degýän şekilde ýanyndakylara gözüni gypdy.
Çary-kitap oña haraý isleýän sypatda seretdi.
– Hawa, her adamynyñ. Biziñ her birimiziñ öz hukugymyz bolma-ly.
– Her adamyñ öz hukugy bolsa, onda ýer ýüzünde, heý, hukuk ga-larmy? – diýip, guma bulaşyp oturan adamlar geñ galmaga-da çeki-nip, agyzlaryny açdylar.
– Adamlar! Siz hiç zady gaýgy etmäñ, eger biz öz hakymyz üçin göreşsek, onda hökman biziñ her birimize hukuk ýeter. Ol hukuk ýerliginde kän, men ony kitaplardan okap gördüm. Mysal üçin, Ame-rikada näçe ýüz ýyl bäri her kimiñ öz hukugy bar, olar ony ömür-boýy ulanýarlar, ýöne şonda-da gutaranok! Bizem ony edinip bilsek, soñ gaýdyp dagy-duwara gutarmaz, maña ynanaýyñ!
Märekäniñ içinden lapykeç hüñürdi eşidildi.
– Näbileli, kitaplarda bir üýtgeşiklik bolaýandyr öýdüpdiris. Bu zatlary biz käşgi öñ eşitmeýän bolsak...
Çary-kitap gapyrgasy döwlen oglany egnine alyp, bir elini goltugy-na sokdy, bir petde kitapça çykaryp, daşyndakylara paýlap ugrady.
201
– Eşitmek – aýry, ugruna çykmak – aýry. Alyñ, adamlar, alyñ! Bu kitapçajyklarda siziñ hak-hukuklaryñyz ýazlan. Onuñ bütin dünýäde güýji bar. Bu täze döwrüñ Gurhany! Siz ony gorasañyz, olam sizi gorar!
Ol suwsuzlykdan iñleýän ýetginjegi märekäniñ taýak atymyndaky golçadan güne gyzan ýürekbulanç suwdan gandyryp geldi-de, ýene-de adamlaryñ arasynda hasanaklap aýlandy. Elindäki kitapçalar gu-tarsa, goltugyndan ýene çykardy. Çary-kitabyñ goltuk jübüsi boşan-da, adamlar onuñ itiñ horudygyny görüp galdylar. Şonda adamlaryñ özlerine ýüregi awady: ”Bizi azat etjek bolýanlar niçiksi hor adamlar. Bular ýeñýänçä, pyşdylyñ arkasyna tüý biter!”
Çary-kitap aýlanyp ýadady, onsoñ gelip, öñküje ýerinde, çiliñ üs-tünde oturjak boldy, emma görse, ýeri eýeli.
– Bu taýy meñ ýerim! – ol arkasyndaky ýetginjegiñ agramyna ýeg-şerildi.
– It bolmaga ýalagyñ barmy? – onuñ ýerinde ornaşan inçejik gara galstukly ýigit ýüzüni aldy.
– Sen, han ogul, köpbilmişsireýän-ä dälsiñ-dä? – şol wagt kölegede, oturgyçda oturan ýene-de bir inçejik gara galstukly, seýrek saçy ar-kan daralan adam oña gyzyla gaplanan dişlerinden syzdyryp, äwme-zek sorag berdi. – Señ o diýýäniñ baş-başdaklykdyr. Onsoñam sen orta boýly hor, meñ bilen deñäñde, çöpejanbitdi diýseñem boljak, emma özüñ welin, hamana, uzyn boýly dolmuş adam ýaly gepleýäñ. Muña nähili düşünmeli?!
– Gaty jaý gürrüñ! – märeke onuñkyny goldady. – Kitap başga, durmuş başga.
Çary-kitap kölegede inçejik gara galstukly adamlaryñ barmak bü-küp sanardan has kändigini diñe şonda görüp galdy. Olardan biri oturgyçda oturanyñ gapdalynda süñkli çanak getirip goýdy. Gaýnan süñkden çykýan ýakymly ys oturanlaryñ bada-bat agzyny suwartdy. Adamlar berlen kitapçajyklary öz elleri bilen getirip, oturgyçda otu-ran adamynyñ aýagynyñ aşagyna oklamak üçin nobata durdular. Gyzyl dişli, gyzyl ýüzli, seýrek gara saçly adam bir aýagynyñ aşagy dolansoñ, adamlaryñ kitapçajyklary kösenmän oklap bilmegi üçin beýleki aýagynyñ burnuný galdýrdý. Bir elini çanaga sokup, ol gele-ni hezzetläp otýrdý: bir kitapça – bir omaça. Iñ soñunda çanakda diñe ýekeje omaça galdy. Egnine agram salan ýükden dynan märeke özü-
202
ni ýene-de ganymat duýdy, olaryñ degişesi geldi. Onsoñ olar Çary-kitabyñ egninde sulugyp ýatan ýetginjege pyñkyryşyp seretdiler.
– Ýeri-how, sen näme süñk paýyñy alañok? Ýa şol eliñdäki ki-tapçadan garnyñ doýaýar öýdýäñmi?
Oturgyçdaky adam Çary-kitaba dişini gyjady.
– Oglany getir, süñk paýyny alsyn!
Çary-kitap ýetginjegi çanagyñ ýanyna getirdi-de oña elindäki ki-tapçasyny omaça çalşmaga kömek etdi.
– Äkidiñ indi muny, öýlerine taşlañ! Kimiñ goñşusy bu?
– Biziñk-ä däl! – diýşip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Biz-ä ol köçedenem däl.
– Dargañ onda, enesi ýalamadyklar! Näme agzyñyzy öweldip dur-suñyz?! Eý, Hudaý, nähili rehimsiz adamlar! Nähili perwaýsyz mä-helle! – oturgyçda oturan gyzyl ýüzli, gyzyl dişli adam seýrek saçla-ryny syh-syh edip, gazap bilen gygyrdy. – Heý, nädip, şu adamlara ýurduñ ykbalyny ynanjak, hä? – ol Çary-kitaba garşy öwrüldi. – Men saña diýýän, it ogly, hany seniñ watançylygyñ?! Siz tetelli adamlar ýurdy iru-giç gorpa süsdürer, men ony bilýän, ýöne, arman, etjek alajyñ ýok, siziñ eliñizi towlap, elimiz gurady...
– Türmede lukman barmydyr?
– Doly! Olaryñ nä enesi gyzmy, bolman?
– Onda oglany ýanyma alaýjak?
– Ýogsam näme, ol eýýäm täsire düşen. – soñra ol öz inçejik gara galstuklylaryna ýüzlendi: – Basyñ bulary maşyna! Ýok, duruñ entek! Oglan süñküni gemirsin, garaşyñ. Añyrdan gelýän däbi bozmak bol-maz. Näme agzyñyzy öweldip dursuñyz, oglana süñküñ ýiligini ka-kyp beriñ! Täzeje soýlan malyñkydyr, iýsin, ýüregini tutar.
Agyrysyna çydaman iññildäp ýatan ýetginjek agzyna ýilik kakylan-da işdämen tamşandy. Onsoñ olary güýlüp, maşyna atdylar. Ýöne maşyn ýöremedi. Benzini gutarypdyr hem tekerleri ýok ekeni. Çary-kitaby düşürip, maşynyñ yzyndan itdirdiler, ýöne tekersiz maşyn onda-da ýöremedi. Onsoñ gizlin gullugyñ işgärleri dagy alaç tapman, ýetginjegi oba müdürliginiñ zyndanyna tabşyrdylar-da, Çary-kitaby öñlerine salyp, gamçylap sürüp gitdiler:
– It ogly, mukaddes ”Kölege baýramynda” yssa at dakarça sen kim bolupsyñ?!
203
-
aysyzgije
13 years ago
- Ýediñ biri ýylandyr... Köne pähim
IKINJI BÖLÜM
11. Enäniñ gözleginde
Ýurdy ýakyp-ýandyryp barýan yssyny Köşgüñ aýnasyndan synlap, jenap ýoldaş Prezident özi barada köp oýlanardy: nämüçin onuñ başyndan munça külpetler indi? Ol nämüçin wagtyndan ir garrady: güýçden gaçdy, huşuny ýitirdi, lagşady, süýjülik keseline uçrady? Nämüçin? Nädip bu adamlara özüniñ-de olaryñ biridigini, ýöne, bu bibaşlara baş bolmaly bolan bolsa, içlerinde iñ şormañlaýydygyny düşündirip bolar? Halkyna ýüregi awamadyk bolanlygynda, ol beýle günlere düşermidi? Saçy beýle ir agararmydy? Ýok. Megerem, ol hem öz mähriban enesi, pökgüje dodaklary, keşdeli ýakasy mydama çigit gabykdan çañjaryp duran, kyrk ýaşynda-da gaýtarma dek gy-lawly, mukaddes Gursoltan dek, ýaşadykça ýaş bolmalydy. Indi bü-tin milletiñ Enesine öwrülen bu mukaddes aýal mähremden mährem ýylgyryp, özüni şol wagtlar jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüniñ gabat garşysynda ýerleşen ýetimhana elin taşlap giden güni hut şeýle sy-patda onuñ ýadynda müdümilik galdy. Ol indi Köşgüñ Mawy zaly-nyñ altyn çaýylan aýnasyndan bir wagtlar diñe bir diri galmagy däl-de, eýse bütin bir halkyñ atalygy derejesine çenli ösüp ýetişmegi başaran ýeri bolan köneki mekanynyñ harabasyny synlap, gussaly ýylgyrýar, howanyñ gamaşyk güni gaşyny-da çytýar. Niçeme jebir görse-de, halkyñ aladasy başyndan inmedik bolanlygynda, ol entek-ler ak saçly bäbek ýaly tyñkyja bolup galmalydy. Ýöne welin onuñ mañlaýy şor boldy: bir döwürde onuñ töwereginde işleşip ýören hem-de häkimiýetiñ çür başyna çykýan ýolda ondan öñden gybyr-dyklaşyp barýan kärdeşleri Lariniñ dykgatly, diýseñ dostlukly ga-raýyşynyñ astynda üýtgedip gurmagyñ uzaga çekmedik agyr kese-linden bir-birden gynanyp ýogalmaga başladylar. Ana, onsoñ bir wagtlar Ewraziýa giñişligine ýaýran we ähli gury ýeriñ altydan birini tutan, indem şatyrdap dargap barýan ägirt uly imperiýanyñ bir böle-
204
giniñ garamatyny öz boýnuna çekäýmese, onda dagy başga alaç gal-mady. Imperiýanyñ şol bölegi, ine, indi onuñ öz mellegine öwrüldi. Elbetde, Larinem garşy bolup durmady, ol: ”Biz materialistler. Mate-riýa bolsa, ýitip gitmeýär we täzeden döremeýär, ol diñe bir görnüş-den başga görnüşe geçýär. Biz diri bolsak, diýmek, imperiýa-da diri-dir jenap ýoldaş Prezident!” diýip, gaýtalamany gowy görýär. Ýeser ýeri, ýöne indi oña ne ýatuw bar, ne-de turuw, ony alada iýip gutar-jak. Ol hemme kişä derek bir özi oýlanmaly, paýhas etmeli, munuñ üçin bolsa, ol öz-özi bilen geñeşmeli, göreşmeli, pikir alyşmaly, jedel etmeli, soñra-da möhüm döwlet ähmiýetli kararlary kabul etmeli, bir gün öñ ýanyndan kabul eden kararlaryny ýatyrmaly, indiki hepdäniñ telewizion gepleşikleriniñ programmasyny düzmeli, Mawy zaldan geljekki hepde-de guralmaly telegepleşikleri bellemeli, öz mährem enesini hatyralamaly. Onuñ guran döwletinde aýratyn möhüm äh-miýete eýe bolan bu iş üçin ol wagtyny-da, saglygyny-da gaýgyra-nok. Adyny köçeme-köçe dakyp gidip oturmak bilen ol öz mährem enesine bolan görülmedik söýgüsini protokollaşdyryp, dokumentleş-dirip goýýar. Onsoñ ýene-de ýüz ýyldanam, goý, kimdir biri jenap ýoldaş Prezident öz enesini söýmändir diýjek bolsun-da göräýsin! Ol öz mährem enesiniñ adyny hut köçe sözüniñ sinonimine öwürmegi başardy. Çünki onuñ ady dakylan köçeler bu ýurtda indi müñlerçe. Ol köçeleriñ ady öçüp, özleri ýitip gidäýende-de, ýazgyly kagyzlar galar, kagyzlar pide bolsa – halkyñ ýady. Eýsem ol asyrlap boýy giren gerekmejek ýazgylaryñ barjasyny öçürip, muña derek halkyñ ýadyna diñe öz adyny we garyp ölen enesi mukaddes Gursoltanyñ adyny müdümilik ýazmak üçin günüñ-güni elinden gelenini et-meýärmi? Azabynyñ netijesi – abyrsyz zähmediniñ şaýady: indi bu ilde köçe diýilse, adamlar mukaddes Gursoltany, Gursoltan diýilse-de – köçäni göz öñüne getirýärler. Iki garyş tümmegiñ üstünde ýum-ruk ýaly daş görselerem, ony jenap ýoldaş Prezidentiñ kellesidir öýdüp, ýanyndan sazanaklaşyp geçýärler. Gorkmasa, halkyñ haly harap, syrkawlamaklary ahmal. Halkyñ ruhy hem beden saglygy üçin ol öz hem özüni dogran aýalyñ adyny we daşdyr demir heýkellerini iline bolluk bilen eçilýär. Elbetde, ol muny enesi ýa özi üçin edenok, milletiñ gelejegi üçin edýär. Hak Hudaý uzakda, ol ýedi gat asman-da, ata-baba ony görüp gelen ýok, onsoñ ondan gorkan gorkýar, gorkmadygam pitjiñ atyp aýlanyp ýör. Diýmek, adamlara ýerde-de
205
bir Hudaý gerek, onuñ gudratyny olar dirilikde görmeli, ol: ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş bolmaly. Onuñ söýgüsidir ýigrenji hümmetli pul-da, türme jezasynda ýa-da aýşy-eşretde ýüze çykanda, adamlar oña has-da tiz imrikýärler. Ýöne ýerdäkini ýokarky Tañry bilen gatyşdy-ranlaryñ, şonuñ ýaly geçirimlidir öýdenleriñ dat gününe! Beýle adamlaryñ ýurdunda ýumurtga togalanýar. Çünki jenap ýoldaş Pre-zidentiñ iş güni kadalaşdyrylmadyk, gerek bolsa, ol gije-gündiziñ ýigrimi dört sagadyny-da garşydaşlaryndan öç almaga sarp edip bilýär. Ýerde Hudaý bolup oturmak hem añsat hem kyn. Añsatlygy, uzatdygyñ, islän adamyñ bokurdagyna eliñ ýetýär, kynlygy – eliñ gana boýalýar... Emma ol öz söýgüli kärinden el çekmez, öz ykba-lyndan-da nalanok, bu agyr ýüki eşek kimin mundan añrygam soja-man çeker. Ol çekmese, kim çeksin? Bu ilde öz ömrüni halk üçin pida berjek ondan başga kim bar? Beýle adamynyñ bolmagy mümkin däl, bolsa, onuñ ýörite gulluklary muny günübirin bilerdiler.
Bir gezek ol öler ýaly ýadady, dünýäden doýdy diýseñem boljak, onsoñ özüne çalşyrgyç-adam edinsem diýen köýe düşdi: ”Ýerime özüme ekiztaýy ýaly meñzeş birini oturdyp, wagtlaýynça ýeriñ teýi-ne gidäýsem, dynjymy alaýsam näderkä?” Emma Larin kes-kelläm garşy boldy: ”Sen ýaly ikinji adam bu dünýäde ýok, çalymdaşam!” Ana, şonda ol çydaman, sarnady:
– Ah, ejem jan, mukaddes Gursoltan, sen meni nädip beýle ilden üýtgeşik dogurdyñ? Bu ilde men arkasynda bukulara ýekeje-de adam ýok, gidenje bir ýalazy meýdan! Şonuñ üçinem meniñ özbaşyma şahsy durmuşym galmady, onki süññüm – iliñki. Men indi ýok, eje jan! Men iliñ bagty üçin ýitýärin, daşa, demre öwrülýärin, maña ga-raşma! Sen bilmeli, meniñ öler aşym aw, emma tagtda uzak otur-makdan ýaña aýaklarym ysgyndan gaçdy, ýöremekden galdym, ne çirtmek gurup bilýän ne-de duzak. Aw haýwanlary menden gutuldy, indi güýmenjäm – adamlar. Men olara biri birine duzak gurmany öwretdim, onsoñ özüme jinnek ýalyjagam agram salmagyñ geregi ýok, diñe adamlaryñ arasyndaky birek-birege basdaşlygyñ, görübil-mezçiligiñ, içigaraçylygyñ, gorkaklygyñ, namartlygyñ hözürini gö-rüp oturmaly. Bu bigadyrlara seredip, men hergiz seni ýatlaýaryn, sen nädip bularyñ içinde başyñy çaradyñ, eje jan? Wah, seniñ aýak basan köçeleriñ, ýanýollaryñ galanlaryny-da tapyp, gözümiñ açykly-gyna, olara-da seniñ mukaddes adyñy dakyp ýetişsemdim, onda ar-
206
manym galmazdy! Ýöne seniñ öz mübärek gadamyñ bilen ýene haýsy ýol-ýodalary bezändigiñi men nädip bilmeli? Nädip men öz borçly ogul ýüregimi gandyrmaly?
Bu wagt Gün guşluk ýerine baryp, daşarda howa oñatja gyzypdy. Çöllük ýurduñ suwsuz giñişliklerinden uçup gelip, paýtagta ýygnan guşlar jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşk bagynda jan edip jürküldeşýär-diler. Mawy zalyñ daş gapysynda dürli ýurtlardan gelen myhmanlar kabul edilerine garaşyp, irikgä bolşup otyrdylar. Emma Larinden yşarat bolmansoñ, hiç kes jenap ýoldaş Prezidentiñ rahatlygyny bo-zup bilenokdy.
– Hany meniñ ýazyjylarym?! – diýip, ol näme etjegini bilmän, ahyrsoñunda aýaklaryny owkalap, gygyrdy. – Olary şu demde meniñ ýanyma getiriñ, derdimi gürrüñ bereýin, meniñ aýaklarym halys diýen edenok.
– Olar hemişe şu taýda... – diýip, Larin ýylgyrdy. – Gije-gündiz Köşgüñ töwereginde bukdaklaşyp ýörler. Garakçydyr öýdüp, Köş-güñ saklawy olaryñ eýýäm ençemesiniñ ganyna galdy.
– Olar tükendimi?
– Ýok, bu ilde heýem bir şahyr tükenermi?! Ýarysy Köşgüñ töwe-reginde, ýarysy-da Diller institutynda...
– O bolmanam, çyn şahyryñ ýeri: ýa Köşkde bolar ýa-da zyndanda! Bar, aýt, Gaşlak bilen Döwrüñ depesindäki adam derrew ýanyma gelsinler! Ýazyjylar bolmasa, men häkimiýetden lezzet alyp bilemok. Olarsyz häkimiýet – duzsuz tagam.
Onýança ýüzi düýäniñ dabany ýaly galyñ pyýada bilen gaşlary gözleriniñ üstüne abanyp duran garaýagyz jortmak kişi gapydan girip, gol gowşuryp, baş egdiler. Olary gören jenap ýoldaş Prezident öz başyna gürledi:
– Ah, meniñ mukaddes ejem, Gursoltan, meni wasp etmelilerem, ynha, şular-da! Bu doýmaz-dolmazlaryñ bolşuna çydamaga maña kömek et, meni ýeke goýma! – soñra ol eline bir jübüt gaýyş ädigi alyp, ony depesinde bulaýlap, dowam etdi: – Bu ädikleri men, gör, haçandan bäri aýagyma geýemok! Muny geýip, atam pahyr daşary ýurda göçe-göç eden obadaşlaryny awlamaga gatnaşypdyr, ýok, bu-laşdyrdym... Atam ilki aýakýalañaç ekeni, oña Zerre-aýakýalañaç diýer ekenler, bu ädigi-de gyzyllar oña şol gezek aw ganly bolany üçin, rewolýusiýanyñ adyndan eçilipdirler. Mugt. Soñ kakam muny 207
geýip, obada ”halk duşmanlaryny” awlapdyr. Soñra bu ädik maña miras ýetdi, men olary geýip, Ýokary partiýa mekdebini gutardym. Meniñ üçin bu gaýyş ädiklerden gymmatly zat ýok, dogrusy, ata-babamdan maña şundan başga ullakan bir mirasam galmandyr: bir jübüt gaýyş ädik bilen, Beýik serdarymyz Staliniñ ”Gysga kursy”. Atamy Sibire sürgün edilenleriñ baýlygyndan ýeten emlägimiziñ ömri uzak bolmandyr: mallarymyz, öýmüz, goş-golañ – hemmesi atam pahyry rewolýusiýa aýratyn janypkeş gullugy üçin öz gyzyl komandirleri atyp öldürensoñ, dargap gidipdir. Onsoñ kakam ýetim galyp, atamyñ kesbini dowam etdiripdir, menem ýetim galan günüm kakamyñ ýetişmedik işlerini etmegi ýüregime düwdüm. Men özümi doga ýetimek hasap edýärin. Ýogsam näme, eýsem indi men özüme bir jübüt gaýyş ädigi miras goýan adamlary öz ata-babam hasap-laýynmy? Bu barypýatan adalatsyzlyk ahyryn. Şol sebäpdenem me-niñ hakyky atamyñ, kakamyñ kompartiýadygy köre-de mälimmikän diýýärin. Meni ekläp-saklan, terbiýelän, adam sanyna goşan şol, şonuñ merhemedi bilen men bu ädikleri aýagyma geýip, günümi sanap, ösüp başladym we bu derejä ýetdim. Elbetde, men özümi do-grany üçin ejem mukaddes Gursoltana baky minnetdar. Bu uly gah-rymançylyk. Kommunistik emläge el urany üçin kakam Sibire güm-lam iberilende, bu gaýyş ädikleri samanhanada bukup, meniñ üçin aýap saklanam ejem, mukaddes Gursoltan. Bu meselede siziñ meniñ tutýan ýolumy bilmegiñiz gerek – men tutuşlygyna adyl suduñ tara-pynda. Goý, meniñ halkym muny berk belläp goýsun: tutuldyñmy – gutardy! Hiç kese eglişik edilmez. Ýöne her bir maşgala, goý, öñden gelýän rewolýusion maşgala gymmatlyklaryny nesilden nesle geçir-sin. Biz rewolýusiýa sözüni, döwrüñ talabyna görä, ewolýusiýa diýip üýtgetdik. Elbetde, meniñ bu ewolýusion ädikleri geýip, ile çykasym gelýär, olar meni gahrymançylyga çagyrýar. Men bu eýýama köp garaşdym, ahyry-da ol gelip ýetdi, men indi ata-babamyñ kesbini täze döwre görä ýörederin. Eýsem, meniñ bary başarjagym günüñ güni arap şyhlaryny, pereñ biznesmenlerini ýa-da iñlis şazadasyny kabul etmekmidir? Ýok, maña beýik işler garaşýar, men älemi haýran etmeli! Maña öz halkynyñ hakyny iýýär diýýänler ýalan söz-leýärler, meniñ nä halkyñkydan aýry rysgalym barmy? Ýok! Elbetde, men özüme geregimi umumy baýlygymyzdan susup alýaryn, başga nireden alaýyn? ”Bal tutan barmagyny ýalar” diýlipdir. Isleseñiz,
208
geliñ-de, sizem meniñ barmagymy ýalaberiñ, kim size ýalamañ diýär? Biziñ ýurdumyzda indiden eýläk – demokratiýa, meniñ bar-magym hemmeler üçin umumy. Elbetde, men irde-giçde öz adatdan daşary adamkärçiligimiñ, ýüregi ýukalygymyñ gurbany boljagymy bilýärin, ýöne bilemde nädeýin: gan bilen giren, jan bilen çykar! Adamlara ýagşylyk etmesem, günüm geçenok. Ýöne bäş barmagyñ deñ bolmaýyşy ýaly, yrsgal-döwletem hemme kişä deñ berlenok, her kim özüne ýetenini alýar, menem ýetenini alýan. Oña derek men halka mugt kepen paýlamagy ýola goýdum, haýyr-sahawat edýän. Diriler öz gününi görer, näme kömegiñ bolsa, ölülere etmeli, olaryñ dawa edip, öz hakyny alyp biljek gümany ýok, onsoñ olaryñ arkasy-ny men tutmasam, kim tutsun? Ölüler-de meniñ raýatlarym, özi-de halkyñ syýasy taýdan iñ düşünjeli bölegi, olar hiç haçan meniñ gar-şyma baş götermezler. Men olardan arkaýyn, şonuñ üçin-de olary aýratyn sylaýan, aladasyny edýän, dogrusy, men olary dirilerden has gowy görýän. Diriler – meniñ kellagyrym, ölüler – meniñ wepaly dostlarym. Olar meniñ her bir başlan işimi tüýs ýürekden goldaýar-lar. Bizde o dünýä bilen aragatnaşyk bölümi bar, biz öz täze kanunla-rymyzy, meniñ iñ soñky kararlarymy o dünýädäki raýatlaryma täze jaýlanýanlardan iberýäris, onsoñ o dünýädäkiler öz goldaw hatlaryny meniñ adyma ýazyp iberýärler, olaryñ hatlary gös-göni meniñ Köş-güme gelýär, ölenlerinde adam şekilli jaýlanym üçin olar öz hatlary-ny hemişe maña minnetdarlyk bildirmekden başlaýarlar. Ol hatlary okasañ, aglap oturmaly. Ýagşylyk etseñ, bilinmejek gümany ýok, diriler bilmese-de, ölüler bilýärler. Olara minnetdarlykdan ýaña me-niñ agym tutýar, käte ýeke özüm oturyp içim içime sygman aglaýa-ryn. Näme meniñ öz halkyma nebsim agyrýan däldir öýdýäñizmi, agym tutmaýandyr öýdýäñizmi? Menem adam, meniñem adam şekil-li ýaşasym, gülüp-oýnasym gelýär, ýöne hany oña wagt? Ýogsa-da, nämüçin siziñ gabaklaryñyz ýellenip dur? Sypatyñyz meniñ göw-nümden turanok. Lüt bolup ýykylan ýeriñizde oglan-uşak kesekläp, kelläñizi ýaraýmazy ýaly men size ”Hormatly il ýaşulusy” diýen harby dereje bereýin, ondan soñkusyny mañlaýyñyzdan görüñ! – ol jübüsinden iki sany ildirgiçli ýaldyrawuk metal bölegini çykardy-da, hyzmatkärleriniñ döşüne dakdy. Nyşanlary dakyp durka burnuna ýakymsyz ys urup, ýüzüni sowdy. – Nämüçin siziñ agzyñyz mydama 209
hüýpüpigiñ göti ýaly añkap dur, köksüzler, öten agşam näme işledi-ñiz?
– Obrazly aýdanyñda, biz uzyn gije beýik Tañrydan siziñ jan sagly-gyñyzy diläp çykdyk, jenap ýoldaş Prezident! – Döwrüñ depesindäki adam obrazly burnuny çekdi.
– Tañrydan dilemeli zady özüm dilärin, sizem öz gezegiñizde – menden dilärsiñiz. Düşnüklimi! Biwagt çak onuñ gulagyny gazap, siz meni bujagaz günümdenem aýrarsyñyz. Onsuzam meniñ günüm gün däl, indi maña gijeki iki sagat uky-da haram. Men öz raýatla-rymdan halys ynjalamok, ýekellidigimi bilýän, ukudaky adam – ölü-dir, diýmek, men ölükäm siz nädip günüñizi görýäñiz? Siziñ bu has-ratyñyz ýadyma düşende, ýüregim para-para bolup, ýaşymy gaýry ýaşaýaryn. Men sizi kime ynanyp uklamaly? Gijelerine gözüm ýaşly, bagrym başly, men gijeleri ýigrenýärin. Men beýle jebri özümden başga hiç kese dözmen, kime dözeýin, hemmäñizem meniñ özümiñ-ki, şonuñ üçinem, goý, ýananam men bolaýyn, köýenem. Siz muny bu ýerden çykañsoñyz, ile-güne ýetiriñ: men olaryñ aladasyny tä ölünçäm ederin. Ýöne siz sypaýyçylygy elden bermäñ, resmi äheñde bir agyz: ”Jenap ýoldaş Prezident bakydyr!” diýiñ-de gutaryñ, gepi uzaldyp oturmagyñ geregi ýok, adamlar düşüner, olar meni ölemen gowy görýärler. Ýöne ýaşululary üýşürip, palaw bermeli bolmagy-myz ahmal... – soñ ol ýazyjylara gözüni gypdy. – Geliñ, men size gowy görýän içgiñizden guýup bereýin. – Döwrüñ depesindäki adam ellerini owkalap, hezil etmekden ýaña oturgyçda loñkuldanyny-da duýmady, derrew elini uzatdy. – Ýok... – Köşk eýesi çalaja nägile boldy, – ýörüñ, beýleki jaýa! Bu taýda gelşiksiz, gapyñ añrysy daşa-ry ýurtly myhmanlardan doly. Jenap ýoldaş Prezident bolup işleseñ, asyl birje minudam arkaýyn oturmak ýok, ýöne üstüñe dökülişip durlar, men olardan halys ýadadym, göwün açasym gelýär. – ol gymmatbaha köwşüni çykaryp, aýagyna atasyndan miras galan harby ädigi sokdy. – Ýörüñ! Meniñ yzym bilen geçmişe tarap öñe!
Köşk eýesi pil süñkünden ýasalyp, gyralaryna altyn çaýylan gym-matbaha kürsüden özüne gelişmeýän ýeñillik bilen böküp turdy-da, çyglyp, kürsüsini gapdala süýşürdi, soñra diwardaky äpet halyny galdyryp, gizlin gapynyñ gulpuny açdy, ony añryk itdi. Şonda Döw-rüñ depesindäki adamynyñ çala çyzlan gyzyl gyýkmak gözleri aşak-lygyna gidýän basgançagy saýgardy. Olar üç tirkeşik bolup, bas-
210
gançakdan aşak düşdüler-de, alagarañky koridor bilen öñe ýörediler. Birnäçe ýüz ädim geçip, üç dost ýene-de daş basgançaklardan ýoka-ryk çykdylar we bir alagarañky otaga gelip ýetdiler. Otagyñ içi baş-ly-barat oklanan köne-küşül aýakgaplardan, egin-eşikden, boşan çüýşelerden ýaña gyzyl-ýaýyrtdy. Darajyk hem bulam-bujar jaýda öñki döwürde dynman içen arzan araklaryny görenlerinde, Döwrüñ depesindäki adam bilen Gaşlagyñ gözleri ýanyp gitdi, soñra-da ola-ryñ gözlerine ýaş aýlandy. Olar edil metjide girýän ýaly deriñ-kiriñ ysy demiñi tutup barýan bu jaýyñ gädik-gemrik bosagasyndan edep bilen ätlediler. Jenap ýoldaş Prezident duýgudaşlyk bilen gezegine olaryñ arkasyna kakdy. Arakdan boşan agaç gaplaryñ üstünde orna-şyp, olar mañlaý çakyşdyryp oturdylar. – Içjegiñiz arak bolsun, men-de kän, alyñ hany, ine, siziñ gowy görýän granlanan bulguryñyzy-da tapyp goýdum. – soñ ol aşagyndaky çüýşeden boşan agaç ýaşigi jygyldadyp, Döwrüñ depesindäki adamynyñ gulagyna ýakyn egildi. – Men bahalap gymmatlamanka, arakdan ýükümi tutup goýdum, ýogsam indi şuny tapjak bolsañam gara görgi, il-gün nädip başyny çaraýar, haýran galaýmaly! Neneñ meniñ olara ýüregim awamasyn, neneñ saçym agarmasyn, bu ýurtda jenap ýoldaş Prezident bolubam başyñy çarar ýaly däl, garamaýagyñ dagyn dat gününe. Ýöne siz halka düşündiriñ, halk darykmasyn, bu günlerem geçer, biz baýarys, meniñ, ynha, eýýäm her welaýatda goşa-goşadan köşgüm bar, dagyñ eteginde-de telimsi bar eken, bilmän ýörsem nätjek. Arada maşynly gezelenje çykamyzda görkezdiler, haýran galdym, adam aýagy sek-mejek ýerde maña mermerden Köşk gurup goýaýypdyrlar, zaluwat-lar, halalyñ bol-a! Tüweleme, bizde parlament, ene dilimizde näme-dir oñ ady?
– Mejlis! – diýip, Gaşlak ilgezik ýatlatdy.
– Ana, şol Mejlis gowy işleýär, men öz deputatlarymdan razy. Dö-redijilik adamlarynyñ hemmesi diýen ýaly seniñ eliñde bolsa-da, seniñ Diller institutyñ entek meniñ tamamy ödänok. Hany seniñ wada beren ölmez-ýitmez halk döredijiligiñ? Hany läleler, monju-gatdylar, hüwdüler, ertekiler? Siz näme meni öz wepalylygyñyz hem söýgüñiz hakyndaky gury söz bilen bakmakçymy? Bilip goýuñ, men siziñ çak edişiñiz ýaly geçirimli däldirin, sabrym tükenip barýandyr. Sebäbi men bir zady gowy bilýärin: bu Köşgi-eýwanlar ýykylar, daş ýadygärlikler owranar, demirden heýkellerim poslar, diñe edebi eser-
211
ler, halk döredijiligi meniñ şöhratymy asyrlardan asyrlara ýetirip biler. Bu hakykata düşünýändigim üçin özüñiziñ häzire deñeç aç ölmändigiñizi bilip goýuñ! Alyñ, hany, götereliñ, onda! – olar arakly bulgurlary dik göterdiler, yzyndan ýumruklaryny ysgadylar. Jenap ýoldaş Prezident içki joşgunyny saklap bilmän, oturan ýerinde tans etjek ýaly ellerini ýokary galdyryp, barmaklaryny gezegine şarkyl-dadyp goýberdi. – Içgi diýibem, şuña aýdaýsañ, galanlarynyñ diña ady arak, şwed Absolýuty-da munuñ ýanynda hiç zat bolýar galy-berýär. Allajan, ors aragyny öz penañda aman saklaweri! Beýleki içgileri diñe resmi banketlerde göteräýmesem, öz keýpime içemok, aýratynam Käbä gidip gelelim bäri. Dagysyny biljek däl, ýöne aragy gadyryny bilýän adamlar bilen içäýseñ, bu meselede men döredijilik işgärlerine uly hormat goýýaryn. Arman, men siz bilen naharymy bölüşip bilmen, sebäbi meniñ aşpezlerim nahary diñe bir adamlyk bişirýärler, onsoñ men ony nädip siz bilen bölüşeýin?! Daş gulakdan eşidişime görä, çaý bilen çöregiñem bahasy keýigiñ şahyna çykyp-dyr. Diýmek, halkyñ iýmiti meniñkidenem gymmat bolup çykýar, görşüñiz ýaly, kemsinmäge, arz etmäge halkda esas ýok. – ol elindä-ki bulguryny ýokaryk göterdi. – Sadagasy gitdigim, bizi şundan bir aýyrmasyn, alyñ onda, gitdik! – soñ ol ýene-de ýumrugyny burnuna ýetirip, hopugyp ysgady-da, soñam zöwwe ýerinden galyp, otagyñ burçuna ylgady, hüñürdäp, burçdaky köne gaplary dörüşdirdi. – Eý, Hudaý, nä döwür, nä zamana boldy, ejem pahyr bu zatlary gören bolsa, wagtyndan öñ ölerdi, namysjañdy pahyr, gulagy göründen ýaña! – ol egniniñ üstaşyry jaýyñ alagarañky burçuna garşy tüýkürip goýberdi-de, birdenem begençli seslendi: – Serediñ-ä muña, gözüñe söweýin, ýumruk ýaly düýp sogandan birki sanysy galypdyr, alyñ, ynha, adam başyna birini! – olar gözlerini ýumup, sogan ysgadylar. – Ýöne muny iýip bilmeris, sebäbi başga ýok, import sogan gelýänçä mydar etjek bolmaly, aýyplaşmañ, men sizden zadyny gysganan däl, ýaz çykarak ýanyma geliñ, şonda biz bulary hezil edip, tamdyr çöre-gine ýanap iýeris, ah, ol döwürler nähili gowudy! – jenap ýoldaş Prezident Döwrüñ depesindäki adamyny gujaklady. – Öz halkymy çyn ýürekden söýmeýän bolsadym, eger walla, bu ýurtdan başymy alyp giderdim! Nirede bolsamam, şunça ýaşajagymy bilýän, meni wezipe ýa-da gymmat bahaly sowgatlary almak üçin jenap ýoldaş Prezident bolandyr öýdýänler ýalñyşýarlar, men olary halamok, şo-
212
nuñ üçinem beýle adamlaryñ ýene-de näçesiniñ galandygy bilen-de gyzyklanamok. Beýleki tarapdan seretseñ, eger hiç kim maña gym-mat bahaly sowgat etmese, onda men nähili jenap ýoldaş Prezident bolýarmyşym?! Ýöne meniñ iñ gymmatly sowgadym – öz mähriban halkym! Men öz halkymy gaýyş ädiklerim, aw tazylarym ýaly eý görýärin! – ol aýasyny ediginiñ gonjuna şarpyldadyp urdy. – Ýok, meniñ ýüregim çydanok, men irde-giçde öz söýgümiñ güýjünden ýüregim ýarylyp ölerin! Ýöne indi meniñ mundan artyk siz bilen samahyllaşyp oturmaga wagtym ýok, işim kän, gapyda hytaýlylar ýa-da arap şyhlary gözlerini ýyldyradyp oturandyrlar, wagtynda ka-bul etmesem, olaryñ keýpi gaçar. Dogrusy, men olaryñ aýal adam ýaly başbogularyny süýräp ýörüşlerini halap baramok, halys ýürege düşýärler. Ýöne zaluwatlañ elleri göni, gulan-keýik ýa-da guş-gumursy bolup, olaryñ öñünden gaçan özüñ bolma, amanyñy-zamanyñy berjek gümanlary ýok. Bu gidişine gitse, olar çölde janly-jandar goýjak däller, asyl meniñ gaýgymy edýäne meñzänoklar, öñünden çykan jandary gyr-ýapyr edip barýarlar. Haýwan gutarsa, men bu ýurtda näme işlemeli? Siz bilýäñiz-ä, meniñ öler aşym aw!
– Olara: ”Biziñ keýiklerimiziñ hemmesini gyrmañ!” diýip bola-nokmy?
– Onda maña gyzyl puly kim bersin, senmi, it ogly? Ýa-da jenap ýoldaş Prezident bolup otursañ, islän kişiñe islän soragy beribermeli-dir öýdýäñmi? Beýtseñ, ömrüñ jyzlanyñky ýaly bolaýmazmy? Baş egmeseñ, baş egdirip bilmersiñ. Durmuş gazaply zat, diri galmak üçin gündelik göreşmeli: ýuwutmasañ, ýuwudýarlar. Men bir gezek hut özüme klizma goýmaly boldum. Goýdum. Diri galdym. ýogsam, kim bilýär, süñklerim haýsy öwlüýäde çüýrärdi. Ýok, dogrusy, men özümiñ jenap ýoldaş Prezident boljagymy çagalygymdan bilýärdim, sebäbi men ony bäş ýaşymdakam düýşümde gördüm. Şonuñ üçinem kime hyzmat etmeli bolsa-da, ýokuş görmedim, ahyrsoñy haklaşjak-dygymy bilýärdim...
Duýdansyz ýerden Döwrüñ depesindäki adamynyñ çakyr horruldy-sy çykdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ muña gahary geldi.
– Bu gäbi azana seretsene, sorag berip, jogabyny diñlemäge-de ýaranok. Mähriban tebigatýñ goragçysy, halkyñ arkadaýanjy! Näme diýsene, sen bu peşmege-de Diller institutyndan ýer taýynla. Bu özü-ni hamana ýazyjydyryn öýdýär, arak köküni gulkudyp, horlap ýatyr,
213
işigaýdan. Menden soñ hiç kese guýrugyny bulamaz ýaly ätiýaçdan bir aýagyny-da kes bu zaññaryñ. Sowet hökümediniñ mürdüni iýip, Lenine, Staline wepa bermedik, maña-da wepa bermez.
– Buýruk ýerine ýetiriler! Onuñ işini gaýtarmaly! – harbylarça ýerinden turan Gaşlak gyllygyny akdyryp, horlap ýatan Döwrüñ depesindäki äpet adamy arkasyna alyp, ýegşerilip ädimledi. Emma göterilýäniñ aýaklarynyñ ýerden süýrenip barýandygyny gören jenap ýoldaş Prezident başyny ýaýkady.
– Ýok, sen ony häzirlikçe burça taşla, soñ äkidersiñ, garañkyda. Adamlary Diller institutyna Köşgüñ töwereginden gönümel äkitmek bolmaz, munuñ üçin bazarlar, köçeler, edaralar bar. Ýöne adamlary tutmagyñ iñ göwnejaý ýeri – olaryñ öz öýleridir! Şonda görenleriñ-de, görmedikleriñ-de gözi gorkar we göwnüne güman gider: ”Aýa-gyny gyşyk basan ýeri bardyr” diýerler. Onsoñam, meniñ diýenimi etseñ, Lariniñ mülküne aýagyñy sekme, çöregiñden kesilersiñ. Bütin ýurt seniñ eliñde, başyñy çarajak bol! – ol Döwrüñ depesindäki ada-mynyñ üstüne köne güpjegini atdy-da, ýene Gaşlaga ýüzlendi. – Sen rezin şarpyldawuk bilen ýüregedüşgünç güýz siñeklerini öldürip görüpmidiñ?
– Ýok, men olary awy bilen gyrmany gowy görýän...
– Seniñ zehiniñ köpçülikleýin gyryş ýaragyna ýykgyn edýär. Gel-jekde seni Goranmak ministri edip bellemeli bolsam gerek. Ýöne ýeke-ýekeden öldürmäniñ-de öz keýpi bar, sen her bir pidanyñ jany-ny aýratyn alýarsyñ. Onsoñam, gyzygyna düşseñ, siñegiñem beýleki aw haýwanlaryndan tapawudy ýok, bir kemi – iýip bolanok, meniñ azabym şonuñ üçin harama çykýar. Eger seni aw eti bilen baksam niçik görýäñ? Bu pikiriñ meniñ kelläme öñräk gelmeýişini diýsen-e! Indiki hepde ikimiz awa çykarys, özüñi gowuja seýis-le, iküç gün zat iýme, ýogsam ögärsiñ.
– Elbetde... – Gaşlak ýüzüni ýakymsyz ajydyp, guraksy ýuwudyn-da. Onuñ ähli içen aragy tasdanam duran ýerinde paglap yzyna gaýdypdy, zordan saklandy. – Iriräk haýwan awlasak işdäliräg-ä bolardy...
– Awçy iri bolsa – boldugy, aw nähili bolanda nä? Ikimizem hezil ederis: aw keýpi-hä meniñki, eti-de seniñki. Ikirjiñlenýän bolsañ aýt: ýa men adalatsyzmy? 214
Gaşlak bokurdagyna gelip dykylan gusugyny itinip ýuwutdy-da, ýüzüni garaört edip, wepaly seslendi:
– Hudaý saklasyn, heý, menem beýle pikir ederinmi! Hemmesi edil bolmalysy ýaly, jenap ýoldaş Prezident! Siz nämäni awlasañyz, şol hem meniñ üçin keýigiñ etidir!
– Menem şu pikirde. Gör, indi ikimiziñ pikirimiz niçik deñ gelýär! Emma ýadyñdamy, ir döwürde sen meniñ üstümden gizlin edara maglumat bereniñde: ”Ol şeýle bir nalajedeýin, hatda siñegi-de öldü-rip bilmez” diýen ekeniñ. Ine, indi meniñ siñek öldürip bilýän wag-tym geldi, muña sen guwanman, kim guwansyn?
– Men ony ýagşy niýet bilen diýipdim, ol bir ýöne degişmedi... – ýüregi bulanmakdan ýaña halys haýy gaçan Gaşlak reñkini agdyryp, pyşyrdady.
– Belki, şeýledir. Ýöne partiýanyñ çür depesinde oturanlaryñ içinde degişmä düşünjegi bardyr öýdýän bolsañ, onda bu seniñ öz akmak-lygyñ. Seniñ ol awuly diliñ tasdanam meniñ syýasy karýeramyñ işini gaýtarypdy. Larine bu meseläni düzetmek añsat düşmändir.
– Meniñ günämi ötüñ, galan ömrüm sizden...
Onuñ hökümli gürrüñdeşi awuly gülümsiredi.
– Näçe ömrüñ galandygyny sen nireden bilýäñ, myrryh?!
Gaşlak jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagyna ýykyldy.
– Ýaşan günüm seniñ wepaly guluñ bolaýyn, rehim et!
– Bu akmagyñ diýýänine seret, wepasyz gulam, heý, ýaşarmy! Ýeri, tur ýeriñden halymsyrama, men seniñ içiñde näçe tezegiñ ýatandy-gyna belet. Gowusy sen meniñ gepime gulak as, gel bärik! – Jenap ýoldaş Prezident Gaşlagy ýykyk jaýyñ hoñkaryp ýatan aýnasynyñ ýanyna çagyrdy, oña iki agyz ýüregini dökdi: – Sen bu harabanyñ meniñ ýykdyran ýadygärliklerimden näme tapawudynyñ bardygyny bilýärmiñ?
– Köne ýadygärlikler paýtagtyñ görküni gaçyrýar...
– Gör, sen nähili düşbi bolupsyñ. Bilip goý: ýadygärlikler menden başlanmaly. Yrym üçin täze Köşgümiñ düýbüni munuñ kerpiçlerin-den tutdurdym. Seniñ wezipäñ – bu jaýy folklora girizmek! Bu hara-ba meniñ üçin mukaddes! Sebäbi ýumruk ýaly çagakam ejem, mu-kaddes Gursoltan öz eli bilen getirip, meni bu Ýetimhanada taşlap gidipdi: ”Sen şu taýda oýnaber, men derrew gelerin!” diýdi. Menem oña ynandym. Şondan bäri-de oña garaşyp ýörün, ol bolsa henizem 215
gelenok… Ah, meniñ ejem, mukaddes Gursoltan, haçan sen gelip, meni töweregimdäki bu aldajylaryñ elinden alarsyñ, haçan men seniñ dyzyñda arkaýyn ýatyp ukymy alaryn?.. Daşym her demde meni düýt-müýt etmäge taýyn ýyrtyjylardan doly, olaryñ meniñ üstüme haçan towusjagy belli däl: ýuwudanym özümiñki, çeýnänime – ynam ýok! – jenap ýoldaş Prezident ýüzüni tutup, möññüripler aglady, ýeke galyp, itiñ art aýagyndan suw içmeli bolan günlerini ýatlady, erbet hapa boldy. – Gören ähli horluklarym üçin ejemiñ birje gezek başymy syparyna garaşýan. Başga hiç kim, hiç zat meniñ bu ölümlik derdimi egsip bilmez!
Jenap ýoldaş Prezident gyzyl gözleriniñ ýaşyny süpürip, edil hinine giren kör alaka deýin harabanyñ içinden ýeriñ teýine gidýän bas-gançakdan aşak sümlüp gitdi. Gaşlak-da salpy gulak it kimin señkil-däp, öz hojaýynynyñ yzyndan garañkylyga sümüldi. Olar tirkeşip, aşak düşdüler we Köşk bilen köneden galan Ýetimler öýüniñ haraba-syny birleşdirýän gizlin geçelge bilen gelen ýerlerine ugradylar. Soñ-ra Köşgüñ aşagyna gelip, dik ýokarlygyna dyrmaşdylar, gizlin gapy-dan gelip, diwardan asylan agyr el halysyny galdyryp, alagarañky ýerzeminden gös-göni Köşgüñ Mawy zalyna ätlediler. Jenap ýoldaş Prezident özüni pil süñkünden ýasalan owadan haşamly zerli kürsä atansoñ, ýakynyndaky düwmäni basdy. Gapyda görnen uzyn köýnekli garagözelek ýaş gyzda nazaryny durlady, oña uzak wagtlap seretdi, gyz agaç ýuwudan ýaly bolup galdy, arasynda eýlesine-beýlesine garanjaklap dynjyny aldy, hat-da beýlesine öwrülip, bil-dirmän, ýuwaşjadan pallamaga-da ýetişdi, emma sorag bermäge milt etmedi. Onsoñ ol ”indi-hä wagty bolandyr-da?” diýen ýaly bir elini ýokaryk galdyryp, howada iki ýana galgatdy. Pil süñkünden ýasalan zerli kürsä çümüp oturanyñ ýüzüne dykgat edip, onuñ gözleriniñ üýtgemeýändigini bilensoñ, bu ýagdaýa düşüş bolan sekretar gyz, süýem barmagyny dodagyna eltip, Gaşlaga ”ýuwaş!” diýen yşaraty etdi-de, goñur agaç mebelleriñ biriniñ çekerini çekdi, ondan çykaran gurama körpençesi bilen hojaýynynyñ aýaklaryny örtdi, ýapon so-wudyjylarynyñ işini sazlap, kabulhananyñ daşky otagyna çykdy. Ol ýerde onuñ näzik sesi hökümli ýañlandy:
– Kabul edişlik ýene-de dos-dogry iki sagatdan başlanar. Ilki De-mirgazyk bilen Günorta, soñra arap şyhlary, soñ etniki we syýasy dogan-garyndaşlarymyz girmeli. Demokratik ýurtlar soñ bir gün, bu
216
hepde jenap ýoldaş Prezidentiñ keýpi ýok. Hawa, tas ýadymdan çy-kan ekeni, wagt galsa, öñki doganlarymyz-da kabul ediljek. Sowgat-ly gelenler adyny aýratyn ýazdyrsynlar! – soñra ol myhmanlaryñ öñüne düşüp, olary Köşge aýlamaga, jenap ýoldaş Prezidentiñ beýik işleri bilen tanyşdyrmaga alyp gitdi. – Görýäñizmi? – diýip, az wagt-dan onuñ sesi koridordan geldi, – bu suratda siz jenap ýoldaş Prezi-dentiñ çagalygyny görýärsiñiz. Ol entek üç ýaşyndaka halkyñ alada-syny edip ugrapdy. Emma onuñ ejesiniñ ýatlamalaryna görä... ine, onuñ mähriban ejesi paýtagtyñ köçeleriniñ biriniñ gyrasynda ýaşaýy-şa umytdan doly gözlerini balkyldadyp dur, bu wagt onuñ küýüniñ-köçesiniñ halkymyza mynasyp jenap ýoldaş Prezident dogrup ber-mekdigini soramazdan bilse bolýar – gyz saralan köne suratdan bäri-ligine gözlerini çerreldip duran, ýañaklary emelsiz gyzardylan do-dakman aýala görkezme taýajygyny uzatdy. – Jenap ýoldaş Prezident entek emme bäbekkä: ”Halky nädip bagtly etmeli?” diýen oýa ba-typdyr. Ol bu pikirinden häzire deñeç-de el çekenok, ony üstünlikli ösdürýär. Biziñ halkymyzy ýaşadýan – jenap ýoldaş Prezidentiñ çäksiz arzuwlaryna bolan tükeniksiz ynamdyr!
Bu wagt Köşgüñ arka ýüzünden gelen Larin basgançaklardan sessiz basyp ikinji gata çykdy-da, içki gapydan Mawy zala girdi. Ol daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek üçin gerek boljak taýynlyklary gö-renden soñ, jenap ýoldaş Prezidentiñ eliniñ aşagyndaky düwmäni basdy. Folklorçynyñ bady bilen gapydan gelen sekretar gyz onuñ gaşynda edepli baş egdi.
– Bellenen tertipde myhmanlary kabulhana goýberiñ!
Ilki bolup gapydan Demirgazyklylar girdiler. Olar iki adamdy. Ge-lişlerine Larin bilen garsa gujaklaşdylar, olaryñ biri:
– Bu ýurtda seniñ ýüregiñ gysanokmy? Ne söz azatlygy bar, ne-de demokratiýa. Gazy, nebti bolmasa, bir günem durarlyk ýok. Bu taýda adam ýaşaýana meñzänok – diýdi.
Onda beýlekisi:
– Bu ýerde adamlar ýaşanoklar, olar diñe öz hökümdarlaryny wasp edýärler! – diýip degişdi.
Larin Gaşlaga gözüniñ gyýtagyny aýlap, ýüzüni çytdy.
– Size söz azatlygydyr demokratiýa gerekmi ýa-da gaz, nebit?
217
– Elbetde, gaz bilen nebit! – diýşip, Demirgazyklylar deñje seslen-diler. – Söz azatlygy bilen demokratiýa biziñ özümizde weşeñ-weşeñ!
– Onda gepleşige başlabereliñ. Siz taýýarmy?
– Muny oýarmarysmy? – Demirgazyklylaryñ baştutany ikirjiñlenip, zerli kürsä garşy barmagyny çommaltdy.
– Tas ýadymdan çykan ekeni, elbetde...
Ol jenap ýoldaş Prezidentiñ üstünden gurama şahy körpençäni çek-di, jübüsinden çykaran gutusyny açyp, onuñ ýüzüni-gözüni atyr ysly çygly kagyz bilen süpürdi. Stoluñ üstünde taýynlanyp goýlan demli çäýnekden zerli käsä gyrmyzy çaýdan guýdy-da, agzyna tutdurdy. Jenap ýoldaş Prezident gyrmyzy çaýdan ýogyn-ýogyn owurtlap, myhmanlara gözlerini manysyz mölertdi.
– Bular kimler? Çaý gowy demini alypdyr. Men näçeräk irkildim? Ýurt ümsümmi? Dälihanalar, zyndanlar niçik? Olara wagtynda iýmit eltilýärmi? Başgaça pikirlenýänleriñ birjik-de kem zady bolmaly däldir: ähli zerur zatlary kameralaryna eltip duruñ!
Gaşlak:
– Diýşiñizdenem beter ederis! – diýip, jogap berdi-de, kabulhana-nyñ gapysyndan añrylygyna boýnuny uzadyp, özüniñkilere berk tabşyrdy: – Eşitdiñizmi? Ýerine ýetiriñ!
Tabşyryk alanlaryñ ädikli aýaklarynyñ güñleç dükürdisi Köşgi ýañ-landyrdy. Lariniñ sesi adatdan daşary mylaýym çykdy.
– Jenap ýoldaş Prezident, görşüñiz ýaly, ynha, siz bitarap döwletiñ ýolbaşçysy hökmünde iñ ýakyn strategik arkadaşymyz, beýik De-mirgazyk goñşymyz bilen resmi gepleşiklere başlaýarsyñyz.
– Ýok! – diýip, Köşk eýesi birdenkä öýkeli aýtdy. – Her öñýeten bilen gepleşik geçirmäge meniñ wagtym ýok. Goý, olaryñ jenap ýoldaş Prezidenti gelsin!
Larin başyny ýaýkap ýerinden turdy-da, onuñ ýanyna baryp gula-gyna pyşyrdady.
– O nämüçin seniñ wagtyñ ýok? Sen näme bir ýere atlanýañmy? Entek günortana çykmaga wagt kän. Ýöne bu gepleşik başa barmasa, banket bolmaz, sen näme ýadyñdan çykardyñmy? Men saña öñ näçe gezek düşündirdim, çaga ýaly, bolgusyz ýerde hötjetligiñe tutma, meñ bilen işleşjegiñ çyn bolsa, bu häsiýetiñi goý! Onsoñam sen oýun etme – diýip, onuñ gulagyna has ýakyn egildi we semiz gyzyl ýüzli
218
myhmana barmagyny uzatdy, – Bu oturan kişi ullakan bir edaranyñ Prezidenti. Onuñ bilen gürleşseñ, näme armanyñ bar? Kesirligiñi goý!
– Hawa, – demirgazyklylaryñ baştutany söze başlady. – Biz siziñ tebigy gazyñyzy mümkin boldugyça arzan almakçy.
– A siziñ muña mümkinçiligiñiz barmy? – jenap ýoldaş Prezident gözlerini owkalap, öz söýgüli kürsüsinde oýkandy.
– Elbetde...
– Elbetde! – Larin onuñkyny tassyklady. – Bularda mümkinçiligiñ uludygyny senem bilýäñ, menem, mönsüremek nämä gerek? Onso-ñam bular bizi asmana çykarmakçy. Biz bilen al-asmanda Asyryñ Kontraktyna gol çekişmekçi.
– O nähili? – jenap ýoldaş Prezident haýran galdy.
– Nähilesi ýok. Seniñ bu günki öiş günüñe bagyşlanan telegepleşi-giñ birinji bölümi gutaran badyna bileje daşaryk çykyp, Köşgüñ de-pesinden asylyp duran aýlampaçly uçara müneris, şol ýerde-de Asy-ryñ Kontraktyna gol çekersiñ. Bilip goý, henize çenli al-asmanda Asyryñ Kontraktyna gol çeken ýok. Sen birinji. Seniñ nä adamzat taryhyna giresiñ gelenokmy?
– Giresim gelýär! – jenap ýoldaş Prezident begençli seslendi.
– Onda näme näziñi artdyrýañ? Onsoñam bilip goý – Larin sözüni hasam berkitdi: – seniñ ýerliksiz soraglaryñ bankedi gijä goýup biler. Sen näme bankedi halañokmy?
– Ýok, ýok! – jenap ýoldaş Prezident gyssandy. – Mende beýle pikir ýok, nahar wagtyny üýtgedip bolmaz, meniñ süýjülik keselim bar ahyryn, iýmeli wagtymy geçirsem, hudaý saklasyn, kim bilýär onuñ yzy nämä ýazjak?! Men öz Köşgümde düzgün-tertibiñ bozul-magyna ýol bermen, goý, muny hemmeler bilip goýsun!
– Ine, munyñ başga gep... – Larin ýylçyr mañlaýynda bulduraýan goşa damjany elýaglygyna basyp-basyp siñdirdi-de, bilini ýazdy. – Onda men häzir telewideniýäni bu ýere çagyrmazdan öñürti hemme zady başdan-aýak gözden geçirmek isleýärin. Onda häzir kada boýunça myhmanlar ýañadandan gapydan ýylgyryp girýärler. Hor-matly Prezident, öz delegasiýañyza baş bolup, ýañadandan gapydan giriñ! A siz bolsa, – ol Köşgüñ eýesine ýüzlendi, – siz bolsa, hemişe-kiñiz ýaly olary ýylgyryp, gapyda garşylañ. Bu ýerde başarmaz ýaly hiç zat ýok, siz munuñ hötdesinden gelýäñiz, hany turuñ ýeriñizden!
219
Ýoldaş Prezident, siz gapa! Jenap ýoldaş Prezident, siz bolsa, olara garşy ýylgyrmak bilen! – Larin edil ökde kinorejisser kimin, olaryñ her ädimini ölçäp, ýöredip gördi. – Ajap! Indi telewideniýäni, jurna-listleri çagyrýan, taýyn boluñ! – emma gapa tarap ýöräberende, bir-denkä surat alynjak ýerde gür gaşlaryna bukulyp çugutdyryp oturan Gaşlaga gaýtadan gözi düşdi: – Ýogsa-da, Köşkde bu näme işleýär? – ol jenap ýoldaş Prezidentden berk sorady. – Diller institutynyñ direktory beýdip göze dürtülip ýörmeli däldir.
– Ýok, ol bu ýere häzir ýazyjy hökmünde geldi. Könäni ýatlaşdyk.
– Bu halkyñ içinde düýä münüp hiñlenmedigi ýa-da öz keýpine goşgy düzüp märeke güýmemedigi barmy? Onsoñ olaryñ haýsy biri-ni siz Köşge saljak, eklejek? Ýüz berseñ, ýüzin düşýärler. Añyrdan ýöne bosuşyp gelýärler. Özleri-de, zeý suwy ýaly, Köşgi öwgi bilen ýykjaklar. Elbetde, siz bularyñ birini-ýarymyny getirip, göwün açar-lyk goşgy okadyp bilersiñiz, isleseñiz tansam etdiriñ, ıöne duıgulary-ñyz hetden aşmanka, jynsyna seredeweriñ, ýogsam ýazýan goşgula-ryny diñläb-ä, bularyñ jynsyny bilmek kyn... Ýalñyşmaýan bolsam, bu oturan erkek jynsyna degişli bolmaly. Hany, üfle! Tüf... seniñ bir diýsäni, erkek ýaly... agzy hüýpüpigiñ göti ýaly añkap dur! Häziriñ özünde Köşkden çyk! Ýok, dur entek, indi giç! – Larin kellesini tut-dy. – Indi giç, girelgede daşary ýurt jurnalistleri üýşüp durlar. Gowu-sy biz saña bir rol bereli. Sen bu gepleşige gatnaşyp, jenap ýoldaş prezident Demirgazyk goñşymyza gazy öñküsinden iki esse arzan bermek baradaky Şertnama gol çeken dessine ýazyjylaryñ hem bütin halkyñ adyndan oña ullakan gül dessesini gowşurarsyñ, düşnüklimi? Ine, indi hemme zat ýerbe-ýer bolaýdy öýdýän, Prezidentler bar, möhüm şertnama gol çekiljek, halkyñ wekili tapyldy... Onda başla-dyk!
Larin dözümli ädimläp, gapa ýöneldi, yzda galanlar üst-başlaryny düzedişdirdiler. Gapy açyldy, Köşgüñ ullakan baý otagyna jurnalist-ler örän ätiýaçlylyk bilen boýunlaryny uzadyşyp garaşdylar, emma biri-de içeri girmäge milt etmedi. Diñe Lariniñ ýörite çakylygyndan soñ olar reportajçynyñ häsiýetine gelişmeýän aýratyn salykatlylyk bilen baş atyşyp, salam berşip, tertipli ýagdaýda kabulhana girdiler. Surat alyjy enjamlar gurlup, çyralar ýakylanda, golçekişlik dabarasy başlandy. Emma telewideniýeçiler jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüzünde ýag gatlagy lowurdaýar, ”Efirde bu onuñ görküne zyýan beräýme-
220
sin?” diýip howatyrlandylar. Surata almak bes edildi, dörän kynçyly-gyñ çözgüdi gözlenildi. Demirgazyklylar jenap ýoldaş Prezidente öz grimçileriniñ hyzmatyny hödürlediler.
– Ýok, biziñ öz grimçilerimiz gelsinler. Biz bu ugurdan öz doly garaşsyzlygymyzy yglan edýäris! – jenap ýoldaş Prezident kejirlik etdi.
– Haçandan bäri beýle dokmäde bolduñyz?! – diýip, Demirgazykly-laryñ baştutany edil teatr sahnasyndaky ýaly çete ýañsyly hüñürdedi.
– Biz ony öñ yglan etdik, emma entek öz grimçilerimiz ýetişenok. – diýip, Larin ony köşeşdirdi. – Ýöne biz olardan seni milli äheñde grimlemegi haýyş ederis. Olar muña ökdedir, bu ugurdan birnäçe asyrlyk tejribeleri bar, onsoñam bu olaryñ özüne-de bizçe gerek, olaryñ nä ikimiziñkiden aýry bähbidi barmy?
Şondan soñ ýat ýurduñ grimçileri jenap ýoldaş Prezidentiñ keşbini telegörkezişe ýararlyk derejede timarlamaga girişdiler. Bu iş kän wagt almady, derrew boldular. Telewizion kameralar gaýtadan işe girişdiler. Iki Prezident garsa gujaklaşyp, şertnama gol çekişdiler, soñ ýene gujaklaşyp, ýene örüşdiler. Soñra telekameralaryñ öñünde üçünji gezek bu hereketleri ýalñyşsyz gaýtalap, ýazga arassa düşdü-ler.
– Men häzir al-asmanda öz halkymyñ ýagty gelejegi üçin Asyryñ Kontraktyna gol çekjek! – jenap ýoldaş Prezident dabara bilen yglan etdi.
– Menem! – Demirgazygyñ tebigy gaz söwdasynyñ Prezidenti gys-gadan dabaraly duýdurdy.
Onsoñ taraplar Köşgüñ depesindäki meýdança çykyp, ýokarda gü-türdäp asylyp duran aýlampaçly uçaryñ merdiwanyna dyrmaşyp ugradylar. Jenap ýoldaş Prezident ilki götinjeklejek boldy:
– Ýok, ýok, men beýle ýokaryk dyrmaşyp bilmerin!
– Bilersiñ! Men seni ýokaryk iterin! – Larin elinde baryny etdi. – Dyrmaşyber!
Basym olar uçaryñ kabinasynda ýitirim boldular. Ýere dolanyp gelenlerinde, Larin kameralaryñ öñünde halkyñ wekili Gaşlaga söz berdi.
– Jenap ýoldaş Prezident! Bu bark urýan ter-tämiz gül dessesini bütin halkymyzyñ, aýratyn-da onuñ döredijilik işgärleriniñ adyndan kabul ediñ! Biz size guwanýarys, biz siziñki, siziñ ýazyjy-
221
şahyrlaryñyz, siziñ adyñyz bilen ýatyp-turýarys, siz biz üçin ede-biýat, kitap, depder, galam, kagyz. Siziñ döwlet şertnamalaryna gol çekmegiñiz bizi has-da ruh... gije-gündiz...
– Men telewizorda nähili görünýän, gowumy? – diýip, jenap ýoldaş Prezident onuñ gepiniñ arasyny ýolup, telejurnalistlerden ynjalyksyz sorady. – Gerek bolsa, men öz kärdeşimden haýyş edeýin, biz doku-mente ýañadandan gol çekişeli ýa-da ýañky görnüş efire ýararmy?
– Hemme zat gül ýaly! – diýip, telewizorçylar baş egip jogap berdi-ler. – Bu gün agşam özüñizi telewizorda görüp, hezil edip bilersiñiz. Biz sizi esasan iri hem orta planda aldyk, myhmanlaryñ grimçileri işine ökde ekeni, sap iri planda görkezse-de boljak, owadan hem adatdan daşary ynandyryjy düşýäñiz. Siziñ bu günki duşuşygyñyz taryhyñ üstüne altyn harplar bilen ýazylyp dur!
– Siz meni utandyrdyñyz – diýip, jenap ýoldaş Prezident, çym gy-zyl bolup seslendi. – Onda siz ätiýaçdan bu ýazyjynyñ men baradaky çykyşyny daşarda baglaryñ, guşlaryñ arasynda ýazyñ-da, ony duşu-şygyñ arasynda içki hekaýat görnüşinde telegörüjilere ýetiriñ, şonda gepleşik has şüweleñli bolar. Baryñ onda, iş bilen boluñ, bu taýyny indi meniñ özüm oñararyn! – soñra ol Gaşlaga barmagyny çommalt-dy, – Bar, Döwrüñ depesindäki adamyny-da al-da, daşarda guş-gumursylaryñ, gülleriñ arasynda birsalym gepläñ! Ýöne sen ol ha-ramzada tä ýazgy gutarýança çig suw bermegin, ýogsam gusar. Ýa-dyñdamy, geçen ýyl içip-içip, goñşy ýurduñ myhmanhanasynda ba-lagyny pohlap zyñyp gaýdyşy? Biz goñşy ýurda gaznadan ullakan jerime tölemeli bolduk, tas halkara ýagdaýyny pohlapdy, zaññar. Sen oña näme diýdirjek bolsañ, şu gezek diýdir-de, soñ kölege ýaly bolup ýörmesin, ýygna. Ýöne ýolda-yzda onuñ hiç ýerini ganatmagyn, gany durmaz, onuñam süýji keseli bardyr.
Gaşlak birsalymdan garader bolup, gizlin gapydan Döwrüñ depe-sindäki adamyny arkasyna alyp çykdy. Göterilýäniñ aýaklary ýerden süýrenip barýardy. Muny gören jenap ýoldaş Prezident başyny ýaý-kap, hyrçyny dişledi.
– Bular hiç haçan başyny çarajak millet däl, seret bulañ biri birini göterişine! – soñra ol gaz edarasynyñ Prezidentine ýüzlendi. – Ýeri bolýar, nätseler şeýtsinler, ”Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa – haba-rym!” Bu ýurtda öz başyñy çarasañ-da az däl, hany sen, aýt, meni
222
siziñ ýurduñyzyñ telewideniýesi görkezermi? – Görkezseñiz, erbed-ä bolmazdy.
– Hökman görkezeris. Sebäbi täze ýyl biz siziñ çig mallaryñyzy mundan-da arzan almagy göz öñünde tutýarys. Dünýä bazarynda çig malyñ bahasy ýyl-ýyldan ýokarlanýar, diýmek, siziñ goñşy ýurtlaryñ telewizorlarynda görünmek şansyñyz-da gitdigiçe artýar. Öz halky-myzy gowy ýaşatmak biziñ borjumyz.
– Meniñ ýurdumda-da adamlaryñ gapysynda ne bir göleli sygry bar, ne-de aýagulagy. Ýöne men muny ilkibaşda wada beren ekenim, soñra bu meniñ gulagyma degdi. Muny diýýänler rugsatsyz ýalan sözlejeklerden däl. Men olara ynanýan. Şondan soñ men toba edip, Mekgä zyýarata gidip geldim.
– Görýäñizmi?! – diýip, onuñ gürrüñdeşi begençli gygyrdy. – Biziñ umumy bähbitlerimiz kändir: hemmämizem musulman, hemmämi-zem hristian! Biz siziñ suratyñyzy hökman telewizorda görkezeris. Bu meselede siz bize bil baglap bilersiñiz!
– Ýene-de bir zat... – diýip, jenap ýoldaş Prezident sagyndy, Larine yşarat etdi. Larin dessine goñur mebeliñ ullakan çekerini açdy-da, ondan ullakan bir düwünçegi getirip, jenap ýoldaş Prezidentiñ öñün-de goýdy. – Ine, kyn görmäñ-de, bu sowgady meniñ aýalyma, çaga-laryma gowşuryñ. Goý, olar meni gaýgy etmesinler, bu ýerde meniñ günüm gowy geçýär. Hudaýa şükür, kem zadym ýok.
Delegasiýanyñ ýolbaşçysy duşuşygyñ protokol dokumentlerini açyşdyryp, gaýtadan ser saldy. Soñra hoşniýetli seslendi.
– Elbetde... Bu ozaldan protokolda ylalaşylan, sowgatlaryñyzy äkitmek biziñ borjumyz. Aýalyñyz we çagalaryñyz sizi söýýärler. Protokolda şeýle diýlip ýazlypdyr. Diýmek, siz muña ynanyp bilersi-ñiz.
Jenap ýoldaş Prezident ýerinden turdy, onuñ sesi dabaraly çykdy.
– Men bagtly! Meniñ söýgüli aýalym, çagalarym maña salam iberip durlar. Eýsem maşgalabaşy üçin mundan uly niçik bagt bolup biler? Eýsem, bu olaryñ meni ýatlaryndan çykarmandygynyñ alamaty däl-midir?!
– Elbetde... – diýip, Demirgazyklylar Protokola görä örän adam-kärçilikli jogap gaýtardylar.
– Onda näme, jenap ýoldaşlar, ýörüñ banket zalyna geçeliñ!
223
– Ýok, jenap ýoldaş Prezident – diýip, Demirgazyklylaryñ gyzyl ýüzli baştutany başyny ýaýkady. – Gapyda siziñ Günorta goñşyñy-zyñ delegasiýasy, ýagny mor sakgallylar garaşyp otyrlar. Biziñ yzy-myzdan siziñ gezegiñiz diýip, biz Injilden ant içdik. Ýogsa-da, ynha, siziñ Injil paýyñyz, alyñ, nesip etsin, bulap siziñ güýjüñize güýç goşar!
Demirgazyklylar banket zalyna geçen dessine jenap ýoldaş Prezi-dent Larine şeýle diýdi:
– Olar ýene Gurhan getirendirler, men olara belet boldum. Wagt ýitirmäliñ, telewideniýeçiler gelsinler, hiç hili taýynlyk, repetisiýa gerek däl, ugrubir ýazaly, men ajygýan!
Larin daş çykdy-da, mor sakgally dört adamyny yzyna tirkäp Mawy zala gaýdyp geldi. Egninde telewideniýäniñ enjamlary asylgydy. Ol myhmanlardan ozup gaýtdy...
– Jenap ýoldaş Prezident, edil şu wagt daşarda siz barada nobatdaky köpseriýaly film surata düşürilýär. Köşk jurnalistleriniñ hemmesiniñ işi kekirdekden, olaryñ syrtyny gaşamaga eli degenok. Bu taýdaky reportajy özümiz taýynlamaly boljak: men wideokamerany işledeýin, sen özüñ alypbaryjy bol, derrew dynarys. Al, mikrofony!
Jenap ýoldaş Prezident eline tutdurylan mikrofony aldy-da, ýüzüniñ ugruna gepläp başlady.
– Hormatly teletomaşaçylar, häzir dünýäniñ iñ abraýly jenap ýoldaş Prezidentiniñ, ýagny meniñ Köşgümden gurnalan telereportaja toma-şa edip bilersiñiz. Men öz wagtymyñ çäklidigine garamazdan, Gü-norta goñşymyzdan gelen delegasiýany kabul edýärin. Delegasiýa diýseñ görnükli – dört adamly, iñ öñden gelýän Aly Saddam Helaýa-ty, Daşary işler ministri. Ol meniñ dostum. Häzir men oña gujagymy açýaryn. Ine, siz meniñ ony mähirli gujaklaýan pursadymy görýärsi-ñiz!
– Hoş gördük, hormatly Aly Saddam Helaýaty! Hoş gördük, sapa gördük! Nähili ýürekdeş adamlar! Ýoldaş, Larin, bu sahnany iri planda al!
Günortalylaryñ delegasiýasynyñ pyçagarka inçe ýüzli baştutany jenap ýoldaş Prezidenti gujaklap, ellerini gara sakgalyna ýetirdi.
– Omyn! Byradarym, meniñ hökümdarym, ýagny seniñ kyýamatlyk doganyñ, öz Köşgünden saña dogaý salam gönderdi. Ol seniñ baş saglygyñy isleýär. Biz öz doganlygymyzy bildirip, saña ýurdy do-
224
landyrmaga ýardam bermek üçin, halkyñ ýüregine giñlik salýan Gurhany-Kerimden birnäçe müñüsini sowgat getirdik. Isleseñiz, bulary ilata arzy bahasyndan satyp, harçlanyp-da bilersiñiz.
– Köp sag boluñ, minnetdar! Ýöne entek meniñ sowalgam bar. Gaz diýdi, nebit diýdi, tüweleme, özüñi oñarsañ, bu ýurtda baýlyk gyt-my? Ýöne, kyn görmän, siziñ halkyñyzyñ meni nähili söýýändigini biziñ teletomaşaçylarymyza aýdaýsañyz.
– Siz hakynda biz aýylganç köp zat eşidýäris...
– Gördüñizmi, hormatly teletomaşaçylar, dünýäde meniñ sylagym ýetik. Meniñ sylagym – siziñ sylagyñyz, gözüñiz aýdyñ! Biz näçe asyrlap bu ajaýyp günlere garaşdyk, ynha-da ol günler gelip ýetdi. Günortaly doganlarymyzyñ iberen Gurhanlaryny we Demirgazykly doganlarymyzyñ getiren Injillerini men özüm metjitlere we buthana-lara aýlanyp halka elin paýlaryn, müñläp maşgalalar Gurhaný-Kerimi we keramatlý Injili ýüzlerine sýlýp, maña alkyş okarlar, Alladan we Isadan meniñ baş saglygymy dilärler, bu meniñ size bolan çäksiz söýgümiñ ýene-de bir subutnamasy bolar. Täze Gurhanlaryñyz, Injil-leriñiz gutly bolsun, adamlar! Şunuñ bilen meniñ Mawy zalymdan gurnalan telereportaj tamamlanýar, ýene-de efirde duşuşýançak, hoş sag bol, eziz halkym!
Larin telekameranyñ düwmesine basyp durzan badyna Aly Saddam Helaýaty ýene-de bir gezek jenap ýoldaş Prezidenti garsa gujaklady we şowly telereportaj bilen öz hökümediniñ adyndan gutlady.
– Siz duranja zehin! Sizde haýsy ugurdan diýseñ ukyp bar. Indi bize-de öz mübärek keşbiñizi surata düşürmäge rugsat ediñ. Yslamyñ kadasyna görä surat haram-da bolsa, size bu halal, çünki müñlerçe ynsanlar biziñ ýurdumyzda siziñ ýüzüñiziñ nuruna mätäç. Ýöne biziñ grimçimiz siziñ ýüzüñize az-kem millilik girizmekçi, onsoñ siz ha-kyky Gündogar soltanyna meñzärsiñiz. Ine, bu Şertnama siz hakyky soltanlaryñ edişi ýaly zerli galam bilen gol goýuñ. Netijede siz biziñ ýurdumyzyñ millionlap tomaşaçysy üçin çaý başynyñ gürrüñine aýlanarsyñyz. Ine, Şertnama boýunça bu siziñ bize ibermeli gaz-nebtiñiziñ möçberi, bu-da biziñ onuñ deregine size ibermeli sogan-sarymsaklarymyz. Ynha, ujundan siziñ hut özüñize dadymlyk! Edil ýöne agzyñyzda erär ötägider, tagamy üýtgeşikdir. Sowuklamañ dagyn tüýs emi: indi siz asgyryp-üsgürmersiñiz. Üstesine-de, sarym-sagyñ ysyndan jyn-arwaham gaçagan bolar. Entek siz öñki diniñiz-
225
denem daşlaşan dälsiñiz, şol sebäpden biz sizi köne jynlaryñyzdanam goramakçy.
Jenap ýoldaş Prezidentiñ göwni göterildi, mor sakgallylary ýürek-den gujaklap, elindäki altyn tesbisini olara güjeñledi.
– Muny maña arap şyhlary mugt berdi, olar meniñ dostum. Ýöne bu ýekeje, şonuñ üçinem ýanymda götermäge çekinýän: ogry bar, jümri bar. Elbetde, men özüni oñarmaz añkaw däl, onda-da, ätiýaçlylyk gowy zat, özüñiz bilýäñiz, Köşkde her hili adam bar, jübüñe berk bolmasañ, edil ýöne aññalak gapdyraýjaklar. Gepiñ keltesi, siz maña indiki geleñizde, mundan ýene birini getirip beräýseñiz diýjek bolýan. Kim bilýär, öñüni görüp gelen barmy, adamyñ sowalgasy-da gutaryp biler. Galyberse-de, onsoñ meniñ iki altyn tesbim hem üç sany göwher gaşly ýüzügim bolar! Meniñ kärdeşlerimiñ içinde tylla bilezik dakynyp ýöreni-de bar, ýöne men ony oñlamok, suwjuk görýän. Onsoñam, Makiawelli aýtmyşlaýyn, halkyñ göwni aýnada-nam synykdyr, hökümdar hergiz ägä bolmaly. Eger muny Makiawel-li aýtmadyk bolsa, onda meniñ ejem pahyr aýdandyr. Işi adamlar bolansoñ, ol olaryñ kimdigini ilden sorap bilmeli däldi, ýakyndan tanaýardy. Söýgüsi çäksiz bolany üçin ony bütin ýurda, her bir ada-ma aýratynlykda ýetirjek bolardy. Meniñ partiýalaýyn tejribäme ynanyp bilersiñiz, ejem meni halk üçin dogrupdyr. Onsoñ men, heý, halkyñ menden göwnüniñ geçmegine ýol berip bilerinmi, ýok! Hiç haçan! Söýgi – ikibaşdan! Söýýän adam talapkärdir, menem talapkär. Men ili söýdümmi – ilem meni hökman söýäýmeli! Ýekimde ýigren-digim: harsydünýä hannaslar, öz halkyna itiñ art aýagyndan suw içirýän gurrumsaklar, siz muny ýañky telereportajdan-da añansyñyz. Nahar başynda biz has-da gowy düşünişeris. Siz et iýýäñizmi? Men wegetarianlar bilen demokratlary itden beter ýigrenýän. Adamyñ sypjygy şolardyr, ýüpleriniñ üstünde odun goýup bolmaz. Olar ilki: ”Döwleti halk köpçüligi dolandyrmaly” diýýärler. Haçanda men olara: ”Köplük – bokluk!” Köp bolup döwleti dolandyrmak kyn, ony bir özüñ dolandyranyñ has gowy!” diýsem, olar: ”Demokratik gurluş añsat diýen zat ýok, ýöne erbet ýeri – adamzat entek jemgyetçiligiñ şondan kämil dolandyrylyşyny oýlap tapmandyr!” diýip, takal okaýarlar. Bu barypýatan demagogiýa. Ynha, men tapdym-a! Meniñ ýurdumda döwlet halkyñky, menem halkyñ ogly, onsoñ döwleti men dolandyrsam, şol halkyñ dolandyrdygy bolmazmy eýsem! Üstesine-
226
de, halk horlanmasyn diýip, halkyñ atasy hökmünde-de men öz üs-tümden berk gözegçilik edýän. Şundan beter ýene näme gerek?! On-soñam, Larinem demokratiýany halap baranok, onsoñ saña başga merk gerekmi?! Men açyk göwünli adam, öz pikirimi hiç kimden gizlämok, ile-de gizletmejegim çyn. Men gönümelligi halaýan, kim-de meniñkiden üýtgeşik pikir bar bolsa, gelsin-de, göni meniñ ýüzü-me aýdaýsyn. Bu meselede metbugatyñ, radionyñ, telewidenýäniñ roly örän uly: olar meniñ pikirimi halka gündelik ýetirip durlar. Kimde üýtgeşik pikir dörese-de, meniñ ýörite gulluklarym ony maña günübirin ýetirýärler, onuñ üçin syýa zaýalap oturmagyñ ýa-da ga-zet-jurnalyñ geregi ýok. Men her bir işde halkymyñ bähbidini araýan: nädemde halkym hezil etjek, hor-homsulygyny ýadyndan çykarjak, menden razy boljak – ine meniñ gije-gündiz küýüm. Düýp-teýkaryna seredeniñ-de, adamlara bir zat eçilmek bilen olaryñ iñ soñkujasyny ellerinden gañryp almagyñ arasynda ullakan tapawut ýok. Haýsyny edeniñ-de halk ümsüm otursa, şony-da etmeli. Halky nädeýin diýseñ edip bolar, diñe ugruny bilmeli: ilki horla-da, soñun-danam: ”Halk horlanýar” diý, başga kişiniñ-de muny diýmäge haky bolmasyn, nädersiñ onsoñ adamlar seni hossar tutunaýsa! Halkda ýetimeklik duýgusyny terbiýelemeli, goý, ol sen bolmasañ, özüni oda ýykyljak ýaly duýsun. Şonda seniñ azabyñ ýerine düşer. Dogrusy, bularyñ hemmesi meniñ hut öz açyşym, belki, olar aşa duýgur ýüre-giñ önümidir we ile açardan has inçedir. Ýöne nätjek-dä, göwnüñ açyk bolsa, içiñde gep ýatýarmy, adamlary her ädimde begendiresiñ gelýär. Hökümdaryñ ilden aýratyn çöregi-de, şatlygy-da, bagty-da, ýokdur, diýmek, olaryñ üçüsini-de öz eliñde berk saklamaly. Onsoñ sen adamlar bilen, isleseñ, demokratiýa oýnuny oýna, isleseñ-de, diktatura. Bularyñ ikisi-de düýp-teýkarynda şol bir zatdyr, haýsyny saýlajagy – hökümdaryñ öz islegi, esasy zat, halkyñ ýüregini gys-dyrmasa bolany. Halk hökümdaryñ özüni gowy görýändigine hemişe tüýs ýürekden ynanýar. Bu ynam-da ähli döwürleriń hökümdarlary-nyñ ömrüne ömür goşýar. Şonuñ üçinem halkyña söýgüñi beýan etmekden birjik-de çekinmeli däl, muny gündelik onuñ gulagyna guýup durmaly. Halk hökümdaryñ söýgüsi bolmasa, ýaşap bilenok, şonuñ üçinem iñ bolmanda ýok ýerinde ony toslap tapar, ýöne söýgüsiz oñmaz. Akyllysyramagyñ geregi ýok, çünki akyl bilen ak-maklyk – şol bir zat. Olaryñ ikisiniñem bahasy bir, ýöne kimiñ ag-
227
zyndan çykýanyna bagly. Güýç kimiñ elinde bolsa, şol wagt ol akyl-lydyr.
Ilçileriñ biri jenap ýoldaş Prezidentiñ gürrüñine goşulmaga syna-nyşdy.
– Bagyşlañ, ýöne siz bir zady inkär edip bilmersiñiz ahbetin...
Jenap ýoldaş Prezident bu gödeklige geçirimlilik bilen başyny ýaýkady.
– Ýok, meniñ hiç wagt nämedir bir zady inkär etmek endigim ýok. Men diñe adamynyñ öz pikiri we ynamy bilen arasyny açýaryn. On-soñ onuñ pikiri-hä baýlyga, özi-de kölegä öwrülýär. Elbetde, käte adamynyñ öz ynamy bilen bile ýitip gidýän wagty-da bar, pikirinden aýrylyşyp bilmese. Ýöne biziñ işimizde bu bir adaty zat. Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez! Adamlaryñ üstünden höküm sürmek – bu sungat. Onda-da mümkin bolmadyk sungat. Hökümdar halkyñ söýgüsine garaşmaly däl, ony özi gurnamaly. Munuñ üçin ulanyp bolmajak zat ýok: urşdyr, parahatçylygam, milletçilikdir internasio-nalizmem, watançylykdyr watansyzlygam, söýgüdir ýigrenjem, açlykdyr doklugam, garaz, islän zadyñ! Gep siziñ ugurtapyjylygy-ñyzda. Meselem, men öz ýurdumy söýgi bilen dolandyrýaryn, ýagny halkymy gije-gündiz söýýärin, Freýd aýtmyşlaýyn, tükeniksiz söýgi aktyny ýerine ýetirýärin. Eger muny Freýd aýtmadyk bolsa, aýyp-laşmañ, ýöne meniñ filosofiýam şeýle: hiç kes meniñ söýgümden gutulmaz! Ýörüñ, onda banket zalyna geçeliñ, meniñ halkymyñ saçagy siziñ üçin hemişe açykdyr! – Jenap ýoldaş Prezident ir-iýmişli stoluñ başynda öz ýerini eýeledi. – Garşylyk bolmasa, banke-di özüm alyp baraýyn, içiñizde menden gepe çeperiñiz ýokdur-la?
Demirgazyklylar öz guwançlaryny gizläp bilmediler:
– Biz sizde öz şöhratly geçmişimizi görýäris!
Günortalylar-da olardan kem galmadylar, salykatly seslendiler:
– Sizsiz bu ýurt bize haram!
Jenap ýoldaş Prezident bu görülmedik ýürekdeşlige hapa boldy.
– Siz meniñ goşa ganatym, goşa dinim, goşa imanym! Men bagtly. Nämüçin bagtly bolmaýyn? Goñşy ýurtlarda meni tanaýarlar, öz ýurdumda teletomaşaçylar menden razy, Larin ikimiziñ aramyzdan gyl geçenok. Şundan uly bagt nämäme gerek?! Arman, bu saçagyñ başynda meniñ mähriban halkym ýetenok. Ol bu wagt jokrama Gü-nüñ aşagynda depesinden gum sowrup işläp ýörendir. Meniñ öz hal-
228
kyma mynasyp bolasym gelýär. – ol goşaryndaky göwher gaşly sa-gadyna seretdi. – Zähmetkeşler ýene-de dogry ýarym sagatdan çaýa çykmaly, ana, şonda menem garbak-gurbak edinerin, oña çenli me-niñ bokurdagymdan iýmit geçmez, hany, onda bulgurlary dolduryñ!
Larin guraksy ýylgyryp, jenap ýoldaş Prezidentiñ hem myhmanla-ryñ bulgurlaryny doldurdy. Şonda iki ýurduñ orruk ortasynda şaga-laña çümen jenap ýoldaş Prezidentiñ demirgazyk ýañagy Demirga-zyklylara, günortakysy-da, agynjak Günortalylara meñzedi.
– Ah, Larin, sen meniñ biygtyýar akan bagt gözýaşlarymy ýakyndan ullakan edip, teletomaşaçylara görkez, goý, meniñ mähriban halkym öz oglunyñ bagtyna guwansyn! Eýsem, men öz halkymyñ hem ogly, hem atasy dälmi nä, eý, meniñ mähri-ban enem, mukaddes Gursoltan!
229
-
aysyzgije
13 years ago
- 12. Göçme paýtagt
Halk jenap ýoldaş Prezidentiñ gözýaşlaryna çyn ýürekden ynanýar-dy, olary ýürekden söýýärdi, ol gözýaşlar halkyñ derdini egisýärdi, oña ýaşamaga kuwwat berýärdi. Üstesine-de jenap ýoldaş Preziden-tiñ üznüksiz televizion çykyşlarynda diýýänlerinden käbir sözi tö-tänden hakykata gabat gelip, adamlary añk edýärdi. Meselem, ol: ”Biziñ ýurdumyz Demirgazyk bilen Günortanyñ orruk ortasynda ýerleşýär” diýende, ol çynyñ edil bäbeneginden urdy we halk onuñ çynçylygyna kaýyl galdy. Onsoñ ol ýene-de şeýle diýdi: ”Meniñ nazarymyñ düşen ýeri – paýtagtdyr!” Muña ilki ynanmajak bolanlar-da tapyldy, ýöne olar basym özleriniñ syýasy şowakörlügini boýun alyp, gözden düşüp, ýitip gitdiler. Çünki basym paýtagtdan Çarwa obasyna lowurdap duran asfalt ýol çekilip ugrady. Ýoluñ yzyna dü-şüp dag eteginden lemmer-lemmer bolşup gaýdan bulutlaryñ suraty aýna dek asfaltyñ ýüzüne gaçyp, ogşuk kimin owşanaklap oýnady.
Bu ýol gurluşygyny Döwlet komiteti, ýagny Döwkom alyp barýar-dy. Ýöne il içinde basym oña Komitet döwleti, ýagny Komdöw diýdiler. Çünki döwletiñ özi tiz wagtdan bu Komdöwe öwrüldi we ýoluñ bütin dowamynda adamlaryñ, obalaryñ we şäherleriñ, çopan goşlarynyñ ygtyýary onuñ eline geçdi. Komdöw muny, dogrusy, isläbem duranokdy, oña bu kararyñ, bu wezipäniñ özi ullakan ýükdi: hem ýol çekmek, hem ýoluñ iki gyrasyndaky halky edara etmek añ-sat iş däldi. Ähli ýerde bolşy ýaly ýol ugrunda dawa-jenjelleriñ, ogurlyklaryñ, tut-da-baslygyñ bolup durjakdygy, toý tutuljakdygy, adam öljekdigi, elbetde, öz-özünden düşnükli. Şonuñ üçinem Kom-döw ýol gurluşygynyñ dowamynda tas ýüz esse çişdi, haýbatlandy, daş-töweregine gol ýaýratdy. Soñabaka onuñ öz sud-prokuratura guramalary, türmeleri, goşuny, jeza beriji bölümleri döredi. Ýoluñ ugrunda Komdöwe gönümel hem gytaklaýyn garaşly: ýarym, üçden-bir, dörtdenbir Komdöwler döredi. Ozaldan bar bolan döwlet, jem-gyetçilik edaralary, grajdanlar Komdöwüñ, ýarym, üçden bir ýa-da dörtden bir Komdöwleriñ garamagyna geçdiler.
Komdöwüñ müdüri edilip bellenen adamyny ozal bu illerde ta-naýan, gören, bilen ýokdy; paýtagtda-da: ”Onuñ bilen elleşdim, ýü-
230
züni gördüm” diýip biljek tapdyrmasa gerek? Ol adamynyñ bu eda-rada işlemelidigini haçan-da bolsa bir wagt güman edenem bolan däldir; ol welin, bütin ömrüniñ dowamynda gizlin ösüp gelipdir we iñ soñunda-da ösüp-ösüp, Komdöwüñ müdiri derejesine ýetipdir; bu ýurtda şundan uly wezipäni nireden aljak?
Başda muña köp adamlar düşünmediler, hatda onuñ garşysyna git-jek bolanlar-da tapyldy, emma munuñ niçiksi betbagtlykdygyny olar tiz wagtda gördüler, çünki ol adamlaryñ özi soñra muny oturan-turan ýerlerinde gürrüñ etdiler; bu wakany başdan-aýak synlan we özleri-de bir aýlawda Komdöwüñ müdürine garşy çykaýmak meýlinde gezenler onda-munda şol gürrüñleri edip ýörenleriñ ilkibaşda Kom-döwüñ müdüriniñ garşysyna çykanlar däldigini, olaryñ diñe mysaly keşbi bolmagynyñ ahmaldygyny güman etdiler. Bu çaklamalar Komdöwüñ abraýyny has-da artdyrdy, ýönekeý halk onuñ adyny dilinden düşürenokdy, hatda ”Komdöw basym halka mugt çörek berjekmiş!” diýen enaýy gürrüñler-de ýaýrady. Kim bilýär, belki Komdöwüñ şeýle planlary bolsa-da bolandyr, ýöne näme-de bolanda, ýoluñ geçýän ugrunda asudalygyñ hem dymyşlygyñ, hatda dym-dyrslygyñ çuñ ornaşmagynda Komdöwün hyzmatynyñ bardygy dura-bara äşgär boldy. Edil şonuñ ýaly-da, Komdöwüñ müdüriniñ adynyñ Hyrly Durgur ýa-da Gaşlak bolaýmagynyñ ahmaldygy ile mälim boldy; onuñ ägirt adamdygy baradaky gürrüñ çekilýän ýoluñ uza boýunda edil rowaýata öwrülip barýardy; ýol gurluşygyny irde-giçde gören adamlar Komdöwüñ müdiriniñ käýarym gurluşykda peýda bolýandygyny gürrüñ edýärdiler, şol gürrüñlere görä, Hyrly Durguryñ ýa-da Gaşlagyñ sypaty hormat goýarça-da barmyş, kim-de bolanda, ol piliñ bäbegi ýaly semiz göwresi bilen meşhurlyk gazanyp bilmese, onda, megerem, harby egin-eşigi bilen gazansa-da gazanar diýişýärdiler; aslynda bu harby däl-de, harby matadan tikilen adaty egin-eşik bolsa-da bolar; dogrusy, Komdöwüñ müdüriniñ belli bir daş keşbi ýokdy, hut şonuñ üçin-de tenindäki geñ-tañlyk uzak wagt-lap özüni bildirmedi, ýagny ol kişiniñ çep böwründen aşaklygyna, yza sömelip, ujy ýokaryk gañtarlyp duran zat näme? Ilki oña Kom-döwüñ müdüriniñ gapyrgasydyr öýtdüler, çünki iñ bärkisi onuñ ga-pyrgasynyñ uzyn hem haýbatly bolmalydygyna şübhe bolup biljek däldi, şonuñ üçinem onuñ gapyrgadygy barasyndaky jedelsiz haky-kat oba-kentlerde, aýratynam olaryñ gyrak-bujaklarynda ýaşaýan
231
ýönekeý halkyñ arasynda çalt ýaýrady; paýtagtdan gaýdan asfalt ýol tä Çarwa obasynyñ çetinden girýänçä müdiriñ böwründen yza, aşak-lygyna gözilginç çykyp duran şol zadyñ gapyrgadygyna şübhelenýän galmady diýerlikdi, emma haçanda asfalt ýol Çarwa ýetiberende, bu jedel ýañadandan tutaşdy; munuñ sebäbi ol zat gapyrgadyr diýenleriñ faktlara däl-de, abstrakt pikirýöretmä daýanandygynyñ dilden-dile geçmesi boldy; şübhe täzeden güýçlendi; has ýakyndan synlap gö-renlerinde, ýol gurluşyk Komdöwüń müdiriniń harbypisint köýnegi-niń aşagyndan direlip duran ol näbelli zadyñ ýalañaç gylyç bolma-gynyñ ähtimaldygy güman edildi. Onuñ ýörände göwresini dim-dik tutup, ýöne öñe azajyk egilmesi we zol-zol sag elini şol gapyrgasy-nyñ etegine ýetirjek bolmasy, isleseñ-islemeseñ-de, böwrüñi diñ-ledýärdi; adatça, bili gylyçly harbylar elini çep gapdalyndan asylgy gylyçlarynyñ dessesinde goýup ýöremäge endik edýärler; ýöne Komdöwüñ müdiriniñ teninden artyk gapyrga ýaly somalyp çykyp duran zadyñ tüýli guýrukdygyny güman edýänler-de ýok däldi.
Asfalt ýoluñ gelmegi bilen Çarwanyñ köçelerinde ata-baba görül-medik täsin özgerişler başlandy: gazly suw, doñdurma, çigit satyldy; dükanlar çyranyñ ýagtysyna gijesi bilen işlemäge başladylar, resto-ranlar açyldy we olarda agşamlaryna ýarym-ýalañaç aýallar çuw-ak tenlerini güjeñläp, ýylan ýaly suwlunyp tans etdiler; geýnüwli hem murtly gelmişekler ol aýallaryñ tansyna seredip, şamlyk edindiler, gijeden gije şerap süzdüler; ymgyr gijelerine Çarwanyñ garañky köçelerinde ýaş aýallaryñ nähilidir bir azarlydan ýakymly sesleri çykdy; obanyñ ýaş gyzlarydyr oglanlary öz mysapyr ata-enelerini ýigrenip, gijeki restoranlary, kabareleri, barlary we gijeki klublary hossar tutundylar; gündizlerine obanyñ köçelerinden egin-başy ýyr-tyk eleşan pagtaçylar pagta meýdanlaryna ýa-da yzyna, oba garşy geçýärdiler; olaryñ doýa garna iýip-içmeýändigi, pagta ýükli äpet maşynlaryñ öñünden öz wagtynda sowlup bilmeýişlerinden-de bes-bellidi; pagtaçylar ysgynsyzlykdan ýaña äpet tekerleriñ aşagyna dü-şüp, myjjyklary çykýança süýrenip gidýärdiler, ol maşynlaryñ kabi-nalarynda oturan nätanyş sürüjiler ilki erbet käýinip, soñra-da duýgudaşlyk bilen başlaryni ýaýkaýardylar: betbagtlar! Gündüzlerine köçede görünýän gelin-gyzlaryñ ýüzleri dowamly azganlylykdan kokuşyp dursa-da, agşam düşüp, restoranlarda we tans meýdançala-rynda dürli yşyklar şöhle saçanda, bu ýerde hakyky gijegözelleri,
232
ýarym-ýalañaç näzeninler peýda bolýardylar; edil uly şäherlerdäki ýaly obada indi gijelerine ötegçi erkeklere süýkenýän erni çilimli aýallar restoranlaryñ, kazinolaryñ we beýleki keýp ojaklarynyñ tö-wereginde garawulçylyk çekmäge girişdiler; çarwalylaryñ çorly ten-lerine ýaraşmajak nakysja altyn, kümüş, göwher bezegleri satýan dükanlaryñ töründe bir hana pagta göterse inçe bili üzüljek gün gör-medik zenanlaryñ näzik gülküleri ýañlandy; çarwalylar bu özgerişle-riñ gymmatyna düşünmän, gündizlerini pagta meýdanlarynda geçi-rip, gijelerine horaşaja tamlarynyñ aýna-gapylaryny içinden mäkäm temmeläp ýatdylar; olar munça üýtgeşiklikleriñ içinde hatda öz iýmitlerini-de täzelemediler; kaşañ dükanlarda satylýan ir-iýmişlere, gymmatbaha oýunjaklardyr öýdüp, ozalkylary ýaly çaýdyr-çörek bilen mydar etdiler ýördüler; bir günden bir gün daşy ýaldyrwuk kagyzly harytlaryñ iýmitdigini güman edip, satyn almaga baranla-rynda-da, dükanlar olara öz nepis harytlaryny satmakdan boýun gaçyrdylar, daýhanlaryñ uzadýan milli pullary tapawutly bolup çyk-dy, onsoñ olar uzur ötünip, öýlerine gaýdyp, ýene çaý-çöreklerini öñüne aldylar.
Ýol gurluşyk Komdöwüñ müdiri paýtagt-Çarwa ýolunyñ gurlup gutarylan güni gumuñ etegindäki kaşañ Köşgüñ gapysynda durup, Kakabaý Garasöýmez bilen egin-egne berip, ýadygärlik surata düşdi we Çarwany bu günden beýläk ýurduñ paýtagty diýip yglan etdi. Şonda onuñ asla Hyrly Durgur ýa-da Gaşlak däl-de, eýsem jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi bolmagynyñ-da mümkindigini güman etdiler. Daýhanlaryñ begenjiniñ çägi bolmady: çarwalylar indiden eýläk – paýtagtly! Paýtagtlylar bolsa, elbetde, dok ýaşamaly!.. Diýmek, ýol gurluşyk Komitet döwletiniñ Çarwa obasynyñ ýaşaýyş derejesini ýokary göterjek bolmasy ýöne ýere däl eken! Onsoñ elleri gyzyl dañyly komdöwçüleriñ bu ýerde günsaýyn köpelip barmagyna çarwalylar begenmän, kim begensin? Komdöwçüler Çarwanyñ için-de köçeme-köçe aýlanyp, ilki bilen ilatyñ ýeke-ýekeden fiziki agra-myny çekip çykdylar, şonda adamlaryñ ortaça agramynyñ sesli mä-lim ederden has ýeñildigi belli boldy; bu ýerde uly adamlaryñ agra-my – ýetginjekleriñ, ýetginjekleriñki – çaganyñ, çagalaryñky – içdençykma bäbekleriñ agramyna gabat gelýärdi; gyzyl bellikliler ”näme etmeli?” diýşip, öz-özlerine sorag berdiler-de, Komdöwüñ müdüriniñ agzyna garadylar, ol obanyñ agramyny umumylykda yg-
233
lan etmeli diýen karar çykardy, ýagny: ”Çarwa obasynda elli tonna adam bagtly ýaşaýar!” Wessalam, gep tamam! Gezek boý ölçegine gelende, ondan-da ýeñil çözgüt tapyldy: erkek jynsly pagtaçylara ”pälwansypat”, aýal jynsly pagtaçylara ”pagtaçy gözel” diýmeli – bolany şol! Ýogsam, olar paýtagtly diýip yglan ederden çüprek. Şondan beýläk ýol gurluşyk Komitet döwleti pagtaçylaryñ hakyky agramyny we boý ölçegini döwlet syry diýip yglan etdi we berk go-rag astyna aldy.
Soñra Komdöw bütin ýurtda degişli agram hem-de boý ölçegini girizdi. Paýtagtyñ Çarwa göçüp gelmegi bilen Komdöw şuña meñzeş peýdaly täzelikleriñ müñlerçesini durmuşa ornaşdyrdy, bu bolsa, ýurduñ ýaşaýyş standartyny dünýä derejesine laýyk getirmäge we, gerek bolsa, ondan islendik demde ozup geçmäge zerur esaslary dö-retdi. Onsoñ ýol gurluşyk Komitet döwletiniñ müdiri ötegçi daşary ýurt jurnalistiniñ elinden wideokamerasyny aldy-da, täze paýtagtyñ durmuşyndan reñkli film almaga girişdi. Bu işde ol özüniñ guýma-gursak zehindigini görkezip, asfalt ýoluñ gurluşygynyñ gutarmagy mynasybetli gurnalan hökümet bankediniñ dowamynda halkyñ ýa-şaýyş derejesinden gürrüñ açýan reñkli filmleriñ onlarçasyny almaga ýetişdi. Komdöwüñ müdüriniñ filme baş rejissýorlyk edip, üstesine-de onda baş roly oýnamagy we şol bir wagtda-da dabaranyñ tamada-sylygy dokumental kadrlary çeper sungatyñ derejesine deñeç ýokary götermäge zerur şertleri döretdi we bu filmler ýüzüniñ ugruna jenap ýoldaş Prezident adyndaky Halkara baýraklaryñ hemmesini aldy.
Täze paýtagta näçe diýseñ oñat geýnüwli adamlar gerekdi, onsoñ Komdöw olary bu ýere getirip dökdi, eleşan geýnenleriñ welin bu ýere özleri dökülişip geldiler. Olar şeýle bir tiz köpelýärdiler welin, hatda aram-aram olary buldozerler bilen sürüp, allowarradan çykar-maly bolýardy, ýöne onda-da çäresi ýokdy, her zat etseñ-de, bary-ýogy birnäçe günden, edil saçakçylar ýaly, ýene-de paýtagta dolýar-dylar; bir görseñem, olar edil ýarlykly gedaýam däl ýalydylar, käbi-riniñ güne pide bolan kiteliniñ ýakasynda ”Ýurt gahrymany”, ”Zäh-met gahrymany”, ”Uruş gahrymany” diýen ýaly orden-medallar-da göze ilýärdi; elbetde, orden-medallary olar ýoldan-yzdan tapyp döş-lerine dakynypdyrlar diýýänler-de ýok däldi, nämemiş, olar iýer-içer ýaly zatdan horluk çekýärmişler, ýöne welin, reñkli filmleri Halkara
234
baýraklara mynasyp bolan ýurtda beýle zadyñ bolup biljegine kim ynanar?!
Ýöne täze paýtagtyñ şöhratyny zerur derejä götermek üçin hars urýan Komdöw müdüriniñ Çarwanyñ diwarlarynyñ görnüşine göwni ýetmedi, onsoñ ol goltugyndan öz gyzyl saçly ullakan suratlaryny çykaryp, täze paýtagtyñ jaýlarynyñ diwarlaryna çüýläp çykdy. Çar-wanyñ içi bir demde özgerdi, diwarlaryñ ýykyk-ýumruk ýerleri göm-lüp, ýylmanak dul heleýiñ baýtal münen lälik ogluny ýatladýan dok-mäde posalak ýüzli kişi dumly-duşdan gülüp bakdy, onuñ duw-ak saçydyr, bir tutum gaşlary, goşa-goşadan gymmatbaha ýüzükli pos-sujak barmaklary täze paýtagtyñ diwarlaryny diwara meñzetdi; bu suratlar iñ şöhratly fotonusgalyk zenanlary-da ompa oturtdy, ýogsam bolmanda ol zenanlar ýarym-ýalañaçdy, eginleri, göwüsleri ”men bärde!” diýşip, albaý bulaşýardylar, emma bu ýurtda olar erbet utu-lyp, diwardan sypyryldylar – şondan soñ Komdöwüñ şöhratly müdü-riniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi bolmagynyñ mümkindigine mundan beýläk şübhe galmady.
Netijede adamlar täze bir görnüşe geçen jenap ýoldaş Prezidentiñ gepini ýakyn aradan diñläp, heýjana geldiler, onuñ gepinde belli bir many ýokdy, özüñ näme many alsañ alybermelidi, köpçülik şony-da edýärdi, her bir sözüne her kim özüçe düşünip, özüçe-de netije çy-karýardy; şonuñ üçin-de kimse bu ýurtda hemme zat basym mugt bolar diýse, kimsi öñki mugt zatlar, meselem, howa, Günüñ ýagtysy, ýyldyz şöhlesi-de tölegli bolar diýýärdi. Jenap ýoldaş Prezidentiñ sallahdygy baradaky habar täze paýtagta onuñ özünden has öñürti geldi, onsoñ pagtaçy gelin-gyzlar obanyñ folklorçylaryna basdaşlyk edip, uçdantutma aýdym-saza ýatdylar; basym Çarwada ne deprek, ne tüýdük, ne gopuz, ne dutar, ne-de abat egin-eţik galdy, onsoń gelin-gyzlaryń bir topary jenap ýoldaş Prezidente öz sungatyny ýa-rym-ýalañaç hödürlemeli boldy, şonda ol adamçylygyñ ýokary nus-gasyny görkezip, olardan ýüz öwürmedi, bu enaýy tomaşany golda-dy, asla mundan beýläk çeper höwesjeñligi özüniñ esasy işi diýip hasaplaýandygyny aýratyn möhüm kararynda yglan etdi; basym bu töwereklerde başýuwlugyñ bir litriniñ bahasy owlakly geçiniñ baha-syna çykdy, käbirleri saçym has ýumşak bolsun diýip, gatyga-da ýuwdular, Çarwanyñ kyrk çakrym töwereginde haltada süzme, golçada başýuwluk galmady, emma jenap ýoldaş Prezidentiñ ýany 235
bilen täze paýtagta ýylmyldaşyp gelen anjaýyn zenanlar oba gelinle-riniñ tamasyny tala dañdylar; ol aýallaryñ biriniñ gözleri möledi, ala däldi, synasy göwüslekden deşlidi, egindeş kemi ýokdy; ikinjisiniñ gözleri alady, möle däldi, oña derek onuñ kirpikleri uzyn-uzyn, en-damy näzikdi, sesi mähirli oýnaklaýardy, onuñ käbir bolşy edil artist ýalydy, ýöne gara çyny bolmagy-da ahmaldy; onuñ jenap ýoldaş Prezidentiñ tenine-de, syýasatyna-da deñ derejede täsir edýändigi eýýäm daşary ýurtlarda bilnip, oña ençeme halkara baýraklary gow-şurylypdy; Larin ol aýaly sylaýar diýýärdiler, bu, elbetde, daşary ýurt baýragyndan has çynlakaý zat, bu ýurtda ony kim bilenok? Larin bilen jenap ýoldaş Prezident awa çykanlarynda, ol aw etini duzlap berýärmiş, onuñ adynyñ Aýjan bolmagy has-da gözilginçdi, çünki Aýjan atly gelniñ mundan birnäçe ýyl öñ eýýäm ýaşap geçendigi güman edilýärdi, soñ ol ýitirim bolupdyr we hatda onuñ jesedini Garagum çölünde, çägelikde gördüm diýýänler-de barmyş: tilki ala-kanyñ hinini gazanda, gyzyl keteniniñ ygyndysy çykanmyş; ol ölen-den soñam owadandy diýýärler, nädip ynanmajak? Ýöne ikibaşdan diri Aýjanyñ diridigini anyk bilmänsoñlar, ondan üýşenmän bilenok-lar; elbetde, öli aýal keýik etini duzlap bilmez, bu öñden belli; Larin bilen jenap ýoldaş Prezident gije-gündiz ýatman müñlerçe kilometr ýoly geçýärmişler olardan keýik ýa-da gulan bolup gutulmak müm-kin dälmiş, gaçyp barýan gulanyñ ýa-da keýigiñ yzyndan bir ok atsa-lar, ol janawaryñ endam-jany eleme-deşik bolýarmyş, kim bilýär, nämesindendigini? Olaryñ eli göni, biri çeneýär, beýlekisi atýar, ýöne şu çaka deñeç olaryñ haýsynyñ çenäp, haýsynyñ tüpeñleýänini bilýän ýok; onsoñ isleseñ-islemeseñ-de, iliñ oñýan rowaýaty bilen oñmaly bolýar: olar goşa kelleli awçy!
Ýene näme? Bu sowala jogap tapylmanka köne paýtagtdan bäriligi-ne çekilen asfalt ýol bilen Çarwa dag getirdiler; ýasama dagyñ üs-tünden gaýdyp, Çarwany parran iki bölmeli çeşme jenap ýoldaş Pre-zidentiñ süýji ukusy üçin getirildi, çünki dag çeşmesiniñ owazy bol-masa, onuñ ukusý bozuljakdý.
Dag bolsa, añrysynda hökman daşary ýurt hem bolmaly, onsoñ uzak oýlanyp oturman, emeli dagyñ añrysyna derrew daşary ýurdy göçürip getirdiler. Çarwalylara ýeteni: guwanmak, haýran galmak, agzyñy öweltmek. Guwandylar. Jenap ýoldaş Prezident iñ soñky aýratyn möhüm kararynda ahlak tygşytlylygyny göz öñünde tutup,
236
ýurduñ ýaşaýyjylaryna iñ köp ulanylmaga degişli duýgulardan gala-nyny gadagan etdi; aslynda zerurlygy bolmandygy üçin ol duýgular il içinde öz-özünden-de ulanyşdan galypdy; diýmek, adamlaryñ ar-tykmaç duýgularyny ýatyrmak üçin aýratyn möhüm kararyñ geregi-de ýokdy, ýöne onda-da nämüçin karar çykmaly dälmiş?
Dagy Çarwanyñ edil ilerisinde oturtdylar, töweregiñ howasy derrew üýtgedi we jenap ýoldaş Prezident hoşal boldy, indi gumuñ etegin-däki Köşguniñ gapysyndan hakyky dag çeşmesi akmalydy; köne paýtagtdan bäriligine ullakan turbalar bilen getirilip, dagyñ dik depe-sine çykarylan emeli çeşme şaglap aşaklygyna gaýdanda, jenap ýol-daş Prezident onuñ kenarynda halka garap, mähirli söz sözledi: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Ýüregi ýuka garrylar uzak geçmişi ýatlap, gözlerine ýaş aýladylar...
Bu çuñ manyly görkezmeden ugur alan Kakabaý Garasöýmez ýala-ñaç egri gylyjyny bulaýlap, köçeme-köçe aýlandy. Jenap ýoldaş Pre-zidentiñ buýrugyna görä, ýurduñ ähli ýerinde çeper höwesjeñleriñ çykyşlary guraldy we olaryñ sesi pagta meýdanlarynyñ gyrasyna eltilip goýlan äpet eşitdiriji gurallardan gije-gündiz ýañlandy; ol aýdymlar jenap ýoldaş Prezidentiñ gahrymançylygy baradady. On-soñ daýhanlaryñ agşamyna öýe gaýtmak zerurlygy büs-bütin aradan aýrylyp, olar atyz-çillerde ýatyp-turdular; aýratyn-da aýallar erjellik görkezýärdiler, olaryñ gowaçaly pellerden asla çykaslary gelenokdy, aýal-gyzlar ekiniñ zeýli ysyna, awuly himiki dökünlere şeýle bir öwrenişipdiler welin, gowaçaly atyzdan çyksalar, demleri gysyp, çabalanyberýärdiler; bu watançylyk baradaky ”myş-myşlar” jenap ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýetende, ol ömründe ilki gezek öz hal-kyna añrysy bilen guwanyp, bulanyk gözlerinden süýji gözýaş dökdi, et ýüregi ezilip, öz halkyny başdan-aýak, aýratynam öñi pagta ýy-gylýan fartukly gelin-gyzlary ýeke-ýekeden bagryna basasy, olara erkek adamynyñ mährini gysganman eçilesi geldi; onsoñ şol günden beýläk billerinden pagta ýygylýan fartuk asylan ýaş gelin-gyzlar Köşgüñ öñünden ertir-agşam ikiýana geçdiler; jenap ýoldaş Prezi-dent ýalañaç mañlaýyny aýna diräp, ýumşak aýalaryny salpyk alky-myna söýget edinip, pagtaçy gelin-gyzlary tä usurgaýança synlardy, olaryñ ýesir görki bedenine ýaş wagtlary az wagt myhman bolan güýçli hyjuwyny oýararly görnerdi, şol umyt bilen ol tä galyñ aýnada küti mañlaýynyñ yzy galýança oturardy; pagtaçy gelin-gyzlar hiç
237
haçan onuñ üstünden gülmezler, ah, onuñ açylmadyk bagty! Enaryñ deputat gelin-gyzlardan ybarat folklorçy topary jenap ýoldaş Prezi-dentiñ bu bagtyny uzaltmak üçin jan edýärdi; folklorçylar garañky gatlyşansoñ-da Köşgüñ öñünden gitmän, pagtaçy gelin-gyzlaryñ milli striptizini görkezýärdiler, şonda olaryñ köýnekleri halta, içki geýimleri-de ak fartukdy; deputat gelin-gyzlar saýlama ak tenlerini haltadan çykaryp, uýat ýerlerini ýapýan ak fartuklaryñ bagyny gö-rülmedik näziklik bilen şeýle bir ussatlarça çözýärdiler welin, jenap ýoldaş Prezidentiñ öz halkyna guwanmakdan ýaña halys gyllygy akyp gidýärdi: wah, nämüçin bütin halk pagtaçy däl, menem – kol-hoz başlygy, onda hemme zat itiñ añsady bolardy!..
Daýhanlar köpçüliginiñ aladasy başgady. Gowaçaly atyzlaryñ gyra-laryndaky aýdym-saz eşitdiriji maşynlardan gije-gündiz kuwwatly aýdym-sazlar ýañlanýardy, olar halkyñ ruhuny bellenen derejeden aşak düşürmän saklaýardylar; aýdym-sazyñ sesi eşidilende, ilat du-ran-duran ýerinden gowaçaly atyzlara çozýardy we edil dagdan şag-lap gaýdan sil ýaly ýol ugrunda duşan ähli zatlary ýer-ýegsan edip geçýärdi; dañyp saklaýmasañ, çagalar-da ene-atalarynyñ yzyna dü-şüp, meýdana eñýärdiler; onsoñ garabagyr eneler, dagy alaç tapman, öz çagalaryny öýde dañyp, gaçyp gaýtmaly bolýardylar, ýöne olaryñ öz ýüreginden önen perzentlerini uzyn günläp aç-suwsuz goýjak gümanlary barmy nä, çagalaryny ýatylýan sekiniñ aýagyna örkläp, öñlerindäki ýalaga hökman iýmit guýardylar, onsoñ çagalar tä agşa-ma çenli ýaldan göwünlerini hoşlap, ýalakdan suw içip, hezil ederdi-ler; agzy ýeteni golaýdaky otlardan geregini edinerdi; arasynda it bolup çyñsap, möjek bolup uwlap görýäni-de bardy, şonda allowar-rada meýdanda işläp ýören eneler öz çagalarynyñ mähriban sesini tanap, olar guwanmak guwanardylar: ”Ine, bu meniñ köşegimiñ se-si!”, ”Bu meniñ balamyñ sesi!” Gowaçalygyñ içi yzgarly, dymyljyk hem ýürekbulançdy, tüýs ýaş gelinleriñ isleýänidi, olar gowaçalaryñ düýbüni gujaklap, hezil edip çuñdan dem alardylar. Çary-kitabyñ gelni Gül aýagy agyrka awynyñ güýjüne çydap bilmän ögände, ge-linler ylgaşyp gelip, onuñ kellesini gowaçalygyñ içine basdylar, daý-han gelin olaryñ elinden sypjak bolsa:
– Beýtme, wah, garabagt, dem al çygly ýerden! Çuñrakdan! Teniñ ölsün, öwrenişseñ – tä ölýänçäñ ýaşarsyñ! Çydajak bol, bizem şeýde-şeýde öwrenişdik! – diýip, göwünlik berdiler.
238
Onsoñ tä özünden gidýänçä ýaş gelne añkap, akjaryp ýatan çygly ýerden dem aldyrardylar, soñra-da ony arkan ýatyryp, öz atyzlarna gitdiler. Ol awuly dökünleriñ dymyljyk ysyndan düýrügip-düýrügip ögedi, gaýtarardy, soñam keşiñ içinde guma garylyp ýatan ertirligine tukat seretdi: ýañy ereşip başlan gowurdaklary eline alyp ysgaşdyr-dy, käsini ýañadandan agzyna atdy:
– Ah, ýigrenji durmuş, sen niçiksi süýji!..
Gelinler her gezek gowaçalygyñ içine girende, ärleri ýadyna düşüp, bagryny ýere oýkardylar; awuly himiki dökünler olara gül ýaşlygyny ýatladardy, ýüreklerinde öçmejek romantiki duýgulary oýarardy, olar şu atyzlaryñ içinde tanşyp, söýşüp, durmuş gurardylar, olaryñ iñ ýakymly ýaşlyk döwri gowaçalykda geçerdi, öz ýarlarynyñ bu ýerde ilkinji gezek ellerinden tutuşyny ýatlardylar, traktoryñ nurbatlaryny towlaýan açarlaryñ näzik demriniñ terligi olaryñ ýüregini erederdi; iki juwan tozap ýatan himiki dökünleriñ depesinde goşa gumry kimin uzak wagtlap biri birine seredişip durardylar; garañkynyñ gatlyşyp barýanlygyndan peýdalanyp, ýarlary öz azotly dodaklaryny gyzlaryñ superfosfatly dodaklaryny basanda, olar üçin bu dünýäde himiki dökünleriñ tagamyndan lezzetli tagam galmazdy; sowuklasalar-da, üşütseler-de, gyzdyrsalar-da, bir gysym superfosfat bolsa, gelinler derrew bäri bakmak bilendiler; işdäsi tutulyp, gowy howadan ýürek-leri bulansa, gelinleriñ dermany ýene şol: bir çümmük ýaladygy – tut ýaly! Erbedi – aş saýy, şonda gelinleriñ süññüniñ çuñlugynda bir ýerde ähli himikatlaryñ garşysyna aýylganç pitne gopýar, olaryñ diñe adyny eşidenlerinde-de ögäp, urunýarlar, gök dalak bolýarlar, müm-kin bu ýañy emele gelip başlan çaganyñ öz ejesiniñ garşysyna tu-ruzýan pitnesidir? Kim bilýär, näme-de bolanda, wagt geçýär, göw-redäki çaga jan girýär, onsoñ ol ýene-atasynyñ garşysyna topalañ turuzmasyny goýýar, ýagty ýalança inmäniñ aladasy bilen ýaşap başlaýar; adatça, jan giren çaga eýýäm pagtaçy hasap edilýär, ýöne tä on alty ýaşap, zähmet depderçesi açylýança olara aýlyk tölenmeýär, olar ýok hasabyna; hökümet diñe bir ýagdaýda gapyl galýar, ol-da eger bäbejik atyzyñ içinde dogulsa; bujagaz zandyýamanlar iç-dençykma halyna işe topulyp, derrew özlerine zähmetgüni edinip başlaýarlar, olara çäre tapyp bolanok, iş üstünde doglanlygyndan eden-etdilikli peýdalanyp, derrew pagta ýygmaga başlaýarlar; olar, adatça, günortana deñeç näçe oýnajak, depirjejek bolsa depirjäp,
239
öýlän eýýäm işe başlaýarlar, onsoñ olara näme çäre tapjak? Entegem olaryñ köpüsiniñ tüýs zähmet çekjek çagynda, hyjuwyna bäs gelip bilmän ölmesi bar, ýogsam dagyn olar ene-atalarynyñ işini elinden alyp, ululary aç dañjaklar, niçiksi nesil!..
Bäbekleriñ işe berlendigini olaryñ ölşündenem biläýmeli, olar çyr-lap, ene-atasyny azara goýup ýörmän, mertlerçe, ses-üýnsüz, ýöne sulugyp ýatyberýärler, ilki birnäçe gün agyr zähmetden dynjyny alýan dek gözjagazlaryny balkyldadyp, işdäden kesilip ýatýarlar, soñ bir aýlawda kellejiklerini galdyryp, unaş içirseñ, burçy ýetik bolsa, tamşanaýjak ýalam edýärler-de, soñra uly adamynyñ gözleri bilen seredip, ”birazajyk irkileýin” diýen manyda süzülýärler: bu-da git-dikleri. Dil çykaryp ýetişmäni üçin zähmetkeş bäbekler ähli diýjegini gözjagazlary bilen diýmäge endik eden, onsoñ olaryñ içki syry matal bolup galýar, ýöne welin soñky deminde olaryñ: ”Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident!” diýip, ölýändigini bu ýurtda adam ogly şübhe astyna alyp bilmez, çünki bu resmi taýdan gutarnykly subut edilen.
Umuman, Çarwanyñ durmuşynda resmi tassyklamanyñ ähmiýeti uly. Ýogsam nämüçin çarwalar gowaça ekmeli? Merkeze pagta gerek – şonuñ üçin! Bu ylmy taýdan subut edilen, garşysyna çykmak mümkin däl. Merkez uly, okumyş hem güýçli, ol hemme zady bilýär, onu aýdany – aýdan, diýeni – diýen!. Daýhanlar kiçijik, ejiz hem akmak. Onsoñ olara şeýle görkezme berilýär, meselem, indiki ýyl pagtany iki esse köp ekseñiz, iki esse, dört esse köp ekseñiz, dört esse gowy ýaşarsyñyz. Emma, adatça, bu başgaça bolýar: olar pagta-ny iki esse köp öndürseler, äpet maşynlar hasyli merkeze iki esse, dört esse köp öndürseler – dört esse çalt daşaýarlar. Onsoñ ýyl ahyr-da görseler, olaryñ: öñki gullugy – öñki dullugý, artan zatlary – egin-eşikleriniñ ýamasý hem el-aýaklarynyñ çory! Emma çarwalylar erjel, soñky ýyl ondanam köp ýer sürüp, ekin ekýärler, onsoñ garaşyp baş-laýarlar. Olar öz hasap-hesiplerinde haýsydyr bir näsazlygyñ hö-würtge edinendigini añsalar-da, onuñ anygyna ýetip bilenoklar, çün-ki onuñ üçin pikir etmeli, pikir etmek üçinem, elbetde, wagt gerek, ony nireden aljak: çarwalylar ýa ekin içinde ýa-da birahat ukuda. Uky çarwalylaryñ ýaşaýyşa garşy görýän iñ degerli çäreleriniñ biri, olar islendik ýagdaýda uklap bilýärler: ýatyp, dik durup, söýenip, gyşaryp, ýaplanyp, aýbogdaşyny gurap, çommalyp, aslyşyp, çök düşüp, başaşak asylyp, elleri işli, aýaklary ädikli, eşikli, ýalañaç,
240
gözleri ýumuk ýa-da açyk. Aýratynam iñ soñky uka gidenlerinde... Bular pagtaçylaryñ ukularynyñ sanlyja görnüşi. Çarwalylaryñ iñ gowy görýäni-de – agzyñ çörekli uklamak. Bu olaryñ milli ukusy. Oýananlarynda, begendikli ýaly bolup oýanýarlar, sebäbi, görseler, jenap ýoldaş Prezidenti tüýs ýürekden söýjek ekenler. Iñ erbedi ölüm, ýöne Çarwada ölüm bilen ölümiñ parhy kän.
Meselem, obanyñ Kommunistik petik köçesi diýseñ şowly öldi. Nobatdaky Halk Maslahatynyñ açylan güni köçe bolup başbitin amanadyñy tabşyrmak, eýsem bagt dälmidir? Onsoñ neneñ iliñ muña gözi gitmesin, käşgi bu her kime ýetdirip duran bagt bolsa?! Çarwa-lylaryñ köpüsi adaty günlerde ölýär gidýär, birenteginiñ jesedi-de tapylanok, patasy çen bilen alynýar. Onsoñ Kommunistik petigiñ ölümini: ”Hudayjan, bize-de şeýle ölüm nesip etsin-dä!” diýip, küren oba ýüzüne syldy, ýogsam Kommunistik petik köçesi bir günde öler diýip, ozal kimiñ kellesine geljek?
Adamlaryñ böwrüni diñleden zat – ol köçäni haçandan öldi hasap etmeli: ýaşaýyjylaryñ iñ soñky gezek işde görnen günündenmi ýa-da görünmedik gününden? Kommunistik petigiñ resmi taýdan ölen güni aýdyñ, ony daýhanbirleşigi kesgitleýär, ýöne adamlaryñ jan beren güni köneçil garrylara gerek: ölenleriñ üçüni, ýedisini haçan berme-li? Olar öýlerinde ile görünmän, birnäçe gün ýaşapdyrlarmy ýa-da, hezil edip ölüp ýatypdyrlarmy? Näbelli günleri işiñ hasabyna urma-lymy ýa-da nobatdaky zähmet rugsadynyñ? Eger Kommunistik peti-giñ ýaşaýyjylary öz ölmeli wagtynda ölen bolsalar, elbetde, bu baş-gaça bolup-da bilmez, onda olaryñ bagtynyñ getirendigi ikuçsyz – o dünýä ýollary açyk. Mesele olaryñ ölendiginde däl, bu ýerde hiç hili ýalñyşlyk ýok, hemmesi gülala-güllük, ýöne ölen köçäniñ yzynda gerekmejek matal döreýär. Göräýmäge, kynçylyk ýok ýalydyr welin, beýle däl. Başda bu işi añsatdyr öýdenler soñra bir-birden ökje ogur-lap, çöplüge urdular, bu ýöne ýerden däl. Kommunistik petigiñ ýa-şaýyjylary işde iñ soñky gezek hepdäniñ ahyrynda görnüpdirler, soñra olary daşda-içde gören ýok, şenbe güni olar işe gelmändirler, onsoñ munuñ dümew däldigini añypdyrlar, ýogsam dynç alyş güni-de, heý, daýhanbirleşiginiñ işinden galyp bolarmy? Kommunistik petiklileriñ aglabasy, elbetde, göreldeli daýhan hasabynda, ýöne onda-da birdenkä bütin köçäniñ ölmegi geñ, içlerine näme düşüpdir, gör, kim bilýär?! Birnäçe gün mundan ozal-da, olaryñ bu dünýäniñ
241
azabyndan köpçülikleýin dynjagyny görkezýän alamat görülmändi, olar bagtly görünýärdiler, ýöne olar ”dilleriniñ eýesi däl” diýýänler-de bardy, ilçilik; olaryñ öz başlaryna ýetjek gürrüñ eden bolmaklary-da ahmaldyr, ony kim bilýär? Onda-da olara ne döw çalanyny anyk bilýän ýok, hemmesi çaklama. Nämüçin olaryñ bary birden ölüp ýatybermeli? Adaty pagtaçylardan olaryñ nämesi tapawutly? Dogry, olaryñ içinde yssyda – kölegä, sowukda – peçli öýe höwes edýänleri-de ýok däldi, ”Biz adam şekilli işläp, adam şekilli-de ýaşamaly!” diýen ýaly hökümet üçin ölüm gorkuly pikiri aýdýanlaram bardy, onsoñ olaryñ çen bilen näwagt ölüp biljekdigi öñünden bellidir we bu köçäni ölen gününden beýläk öldi hasaplasa bolar; garamaýak ölse, adatça, üç günden soñ öldi hasap edilýär. Bu ýurtda üç güne deñeç adamynyñ ölümi kanuny däl, çeper höwesjeñlik. Jenap ýoldaş Prezident ýurtda bu kanuny ”Garyp öldi diýdiler, üç günden soñ duýdular!” diýen çuññur halk pähimine esaslanyp girizdi. Şeýlelikde, bazar güni geçip, Kommunistik petikliler daşda-içde görünmänsoñ-lar, pagtaçylar nämedir bir zat añjak ýaly edipdirler, ýöne añmaga elleri degmändir, köçäniñ ”öldi” habary gelende, hemme zat bula-şypdyr: olaryñ ýarawsyzlygyny gören, agyzlaryna pamyk bilen suw damdyran ýok, onsoñ nädip olar ölmeli? Geñ. Belki, bu kakyn-silkindir, ýedi ýoldan şaýlyk tapandyrlar? Belki, bütin köçe bolup, ýakmaz zat iýendirler? Belki, ýerden darak tapyp, başlaryny daran-dyrlar? Ýoldan monjuk tapyp, boýunlaryna dakynandyrlar? Az iýip, añsat ölüm!..”
Goñşy köçeler Kommunistik petiklileri iñ soñky gezek haçan gö-rendiklerini ýatlap bilmediler. Olaryñ gepinden çen tutsañ, ölenleri bazar gününiñ ertesi irden daşda-içde gören bolup çykýarlar, ýöne köçäniñ ümbilmez uşaklarynyñ gepinden çen tutsañ, onda olaryñ ene-atalary has öñräk, belki bir ýyl mundan öñ ölen bolmaly; çagala-ryñ käbiri: ”Enem bize hiç wagt iýere zat bermedi, biz onuñ elini ýalap oñduk” diýişýärler; olar açlykdan surnugyp, hepdäniñ ikinji güni howa ýagtylanda siñekläp, goñşy köçelere bosup çykypdyrlar. Bu taýda çagalaryñ gürrüñine gulak gabartmasañ, alajyñ ýok, olaryñ gürrüñi-de üzlem-saplam, kiçileri: ”Meñ enem uklap ýatyý” diýseler, ulujalary: ”Meñ enem düýn däl, öññun däl, ho-ol gün öldi” diýýärler, emma käbiri: ”Enem ölenok” diýip, uly doganlaryny ýumruklaýar, olaryñ haýsy birine ynanjak?
242
Bu hadysa barada nämedir bir anyk habar eşitjek bolanlaryñ lapyny keç eden zat – çagadan başga gürrüñdeş tapylmandygy, ýogsam bu ýere ygyp-sagyp hatda daşary ýurt jurnalistlerinden-de düşen barmyş diýip gürrüñ edýärler. Ýöne olaryñ çaganyñ gürrüñine gulak gabart-maga haklary ýokmuşyn. Ýöne onda-da edil häzir balajalaryñ gepini diñlemeseñ, dagy alajyñ nä, ulularyñ gepe-gürrüñe eli degerli däl, olar köçäni jaýlamaly, ýöne nirede: ölüleri öwlüýä äkitmelimi ýa-da öwlüýäni oba getirmelimi? Bu keýpine dörän sorag däl: uzyn köçäni göterip gonamçylyga göçürmek – duşmany güldürmek, gowusy – gonamçylygy oba getiren ýagşy, sebäbi öwlüýäni gozganyñ bilen dünýä gapyşmaz, oña daşary ýurtlar-da garşy bolup durmazlar, hatda ünsem bermezler, diýmek bu amatly.
Bu habar jenap ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýetende, ol elektron hasap maşynynyñ düwmelerine basyp, öz ýurdunyñ ýetim ýetişdir-mekde dünýäde birinji orna çykandygy bilen ýanyna baranlary tüýs ýürekden gutlapdyr. Onuñ: ”Men özümiñ ýetimleriñ çyn hossarydy-gymy bütin dünýäniñ öñünde subut ederin!” diýen sözlerini gazetler şol günki ýörite goýberlişde halka ýetirdiler. ”Ýetimler – biziñ döw-letimiziñ gülleridir!” ”Ýetimler – biziñ gelejegimizdir!” diýen şygar-lar halkda öz geljegine uly umyt döretdi.
Ozalky wagtynda oýanyp, Kommunistik petigiñ çagalary öz ene-atalarynyñ arkaýyn serlip ýatandyklaryny görüpdirler, ”Ýöne reñkle-rini halamadyk” diýýärler; käbiri: ”Ahyrzaman gopandyr, ýogsam ulular Gün dogmanka meýdanda bolmaly!” diýşip howpurgapdyr-lar”; onsoñ jyñklaryny çykarman, birnäçe gün garaşypdyrlar, emma köçede tirsegine daýanan tapylmandyr. Ençeme gezek guşluk, günor-tan geçipdir, Gün dogup, Gün ýaşypdyr, beter garaşmaga çydaman, ümbilmezler ýatanlaryñ daşyna üýşüpdirler, ellerinden, aýaklaryndan çekeläpdirler, depibem görüpdirler – netije bermändir; soñabaka öýleriñ içi siñekden dolup, ýatanlaryñ üstüne hüjüm edipdirler, si-ñekden ýaña demsiz-düýtsüz ýatanlarýñ agzynda-burnunda barmak basara ýer galmandyr, olar siñekden goranjagam bolmandyrlar; on-soñ çagalar tä elleri guraýança ýaglyk bilen ölüleriñ ýüzüni ýelpäp, olaryñ dirilmegine garaşypdyrlar; şeýdip, ençeme gezek garañky düşüpdir; siñekler ýatansoñ, usurgan çagalar-da hiç zada ýaraman, ýykylyp uklap galypdyrlar; ertesi irden turup, ene-atalar hemişeki ýaly oýanarlar, çaý-çörek iýerler, ýüzlerini ýelpänleri üçin özlerine
243
sagbol aýdarlar öýdüpdirler, emma beýle bolmandyr, oña derek ýene-de siñekler guduz açypdyrlar, öýleriñ içine agyr ys aýlanypdyr; onsoñ çagalar ol köçeden gaçyp çykypdyrlar. Süýrenişip, daş çykan-larynda, siñekleriñ ýarysy çagalaryñ daşynda ekeni, gara bulutdan enaýy däl diýýär; Kommunistik petikden beýle hapysalyga garaşan-lar hem garaşmadyklar çagalaryñ ters yzyny çalyp, olaryñ gapyla-ryndan barsalar, öýler durşy bilen siñekleriñ ygtyýarynda ekeni. ”Wah, diýip, soñra goñşulary dyzlaryna urdular, gapylarynda göleli sygyrlary bolanlygynda (jenap ýoldaş Prezident ilkibaşda her hojaly-ga göleli sygyr wada beripdi), molap, goñşy-golama duýdurardy, bir kemi adam dilinde gepläp bilmeýäni diýmeseñ, sygyr maly eýesine it dek wepalydyr, arman, olar bu ilde hojalyklaryñ gapysyndan gelme-di.
Meseläniñ çözgüdini çözülmeze goýup, oba Kommunistik petigi ertir guşluk jaýlamaly etdi. Şol günem welaýat merkezinde Halk Maslahaty açyldy, mundan uly abraýy nireden aljak? Onsoñ köçäni jaýlamaga höwesegiñ köp boljagy öz-özünden düşnükli, adamlar edil norma boýunça berilýän arzan döwlet harytlaryny almaga barýan ýaly hatar tutup, sanma-san geliberdiler, ellerinde-de: ”Adam wag-tyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ganatly şygar.
Kommunistik petigi jaýlamaga ugramazdan öñürti çarwalylar kon-toryñ agzyna ýygnanyp, bu gün welaýat merkezinde açylýan Halk Maslahatyna wekil saýlanan obadaşlarynyñ şanyna dabara guradylar. Bu iki çäräniñ gabat gelmegi olary begendirdi. Obanyñ adyndan: Kakabaý Garasöýmez (erkeklerden), Abat (aýal-gyzlardan), Şaly (hyjuwly ýaşlardan) üçüsini ýola salyp, adamlar uly ruhybelentlik bilen ölüleri eginlerine alyp ugradylar. Gölegçileriñ gidişi çaltdy, şonuñ üçinem obadan çykan ýeriñdäki dört çatrykda ýap-ýañyja özleriniñ Halk Maslahatyna saýlan wekilleri bilen ýollary kesişdi. Wekillere ýol bermek üçin gölegçiler ölüleri ýerde goýmaga çeme-lendiler, emma şol wagt kimdir biri däp boýunça hergiz gölegçä ýol berilýändigini ýatladyp hüñürdedi: ”Eger biz ölüleri Gün ýaşandan soñ depin etsek, onda bu bendeleri o dünýäde ilki jynlar garşy alar-lar, olary bogup gynarlar, olar-da erbet-erbet çygyryp, uzyn gije oba-ny ýatyrmazlar!” Däp-dessur ýatlaryna düşende, gölegçiler tolgunjak boldular. Ýöne Halk Maslahatyna barýan wekiller aralaryna girip, bu
244
gelşiksizligiñ öñüni aldylar, olar Halk Maslahatynyñ öli ýerländen has möhüm işdigini çalasowat märekä iki sözde düşündirdiler:
– Samsyklar, akyllyja boluñ! Biz ýygnaga barýarys, diýmek, biz eýýäm häkimýet!
Märeke öz eden etmişine ökünip, uludan ýuwudyndy: ”Aman bolan bolsa, belki, bir zat diýerdi – diýşip, adamlar, ah çekdiler. – Ol ýer-den ýeke çykan, tüwmaýak, oña kişi gepini çekmegiñ geregi ýok, biziñki kyn – çagaly-çugaly, doganly-garyndaşly – biz gözi bagly guş. Aman almasa, biziñ arymyzy kim alar?”
Professional gabyr gazyjy görman Sapar-ýalañaç telpeginiñ etegin-den elini sokup, takyr kellesini hartyldatdy.
– Siziñ diýýäniñize näler ynanjak, ýöne men Amana belet, birewiñ aryny alardan onuñ boýy kelte, satanynyñ arasyndan şemal geçenok. Siz kölege güýmenjesini Öwez bilen bulaşdyrmañ. Arman, Öwez takyr tümmek boldy, ýogsam…
– Çary-kitap näder? – diýişdiler.
– Günüñize ýanaýyn: ”Barym-ýogum – bir Nazar, ölse, görüm kim gazar?” Bir adam ot bolanda, niräni ýakjak?
– Köpçülik diýeniñ maldyr, başyny başlan tapylsa, yzy sürrek bor, özüñ gaýrat etjek dälmi?
Sapar-ýalañaç märekäniñ bir çetinde galanyny görüp, derrew köpüñ içine özüni urdy.
– Gaýratdan başga näme diýseñiz tapylar. Men nä siziñ biriñiz däl-mi? Kommunistik petigiñ aladasy – meniñ boýnuma! – Biziñki bol-jak däl-ow... – gölegçiler uludan dem aldylar. – Ah, Aman, haçan sen il üçin janyñy gurban edersiñ?
Märekäniñ içinden görmanyñ gyryljyk sesi eşidildi.
– Ol heleýini alyp, çöle çykdy. Sakgal goýberip, çölde aşyk oýnap ýör!
Gölegçileriñ biri tutuk hüñürdedi:
– Sakgal goýberen bolsa, ýurdy ýykanda, kim onuñ öñünden çyk-jak.
Halk Maslahatynyñ wekilleri gölegçileriñ arasyndaky ”hyşy-wyşyny” eşidenlerinde, ýygnak çagyryp, adamlaryñ badyny almaly-dygyny bildiler: ölüler haçan gömlende nä, gyssanyp gitjek ýerleri barmy? Prezidium saýlandy, çykyş etjekler atlaryny ýazdyrdylar,
245
reglament bellendi. Ýygnagy alypbaryjy gün tertibini yglan eden badyna Halk Maslahatynyñ wekilleri öñe çykdylar.
– Hawa, adamlar! – diýip, olaryñ hyjuwlysy resmi söze başlady: – Bilşiñiz ýaly, men nyzamly goşunda gulluk eden! – gölegçiler onuñ Şalydygyny derrew tanadylar. – Ylgamakda, tüpeñ atmakda, zat götermekde, iñ esasy-da – syýasy okuwda – tapawutlanan! Döşüm-däki nyşanlara serediñ! – köpçülik seretdi. – Meniñ diýjegim: her bir adam ölüp biler, emma her kes Halk Maslahatynyñ wekili bolup bilmez! – gölegçiler gürrüldili el çarpyşdylar: ”Berekella!” diýen sesler dumly-duşdan ýañlandy. Bir çetde eginlerini gysyşyp ýatan ölüler bu şowhuna tisginişip, olaryñ üstüne atylan gara seçekliler galgaşdylar. – Dogrusy, ölmek üçin ullakan bir akyl, sowat, gerek däl, adamynyñ ajaly ýetýär – ölýär – wessalam, gep tamam! Şonuñ üçinem, ”öldi” diýip, geliñ, adamyny öz bolşundan ulaltmalyñ!
Kakabaý Garasöýmez meseläniñ gölegçileriñ ünsüni meseläniñ syýasy tarapyna çekdi:
– ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Eýsem, ýaşaýyş hakynda şundan beýik pikiri aýtmak mümkinmi? Ýok, hiç haçan! Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident!
Garasöýmeziñ çykyşy gölegçileriñ arasynda syýasy taýdan görnetin öñegidişlik döretdi, märekäniñ ruhy göterilip, tabytlary taşlap, yza gaýdarly göründi; adamlar ölüleriñ bolup ýatyşlaryna düşünmän, señriklerini ýygyrdylar. Halk Maslahatynyñ wekilleri özlerine yna-nylan işi añry ýany bilen berjaý edip, ýygnagy şarpa ýapdylar.
Ýöne çekinjeñlik bilen orta çykan Abat ýygnagy, haýyş edip, ýaña-dandan açdyrdy.
– Men bir näzik aýal maşgala hökmünde söz sözlemekçi. Mede-niýet işgäri bolsañ, gözüñ köp zady görýär. Gözlerimiñ gyzgyn ýa-şyny saklap bilmeýişim ýaly, bu wagt men gursagymdan çogup çykýan sözleri-de saklap biljek däl. Hawa, ýañky aýdyşym ýaly, näzik aýal maşgala, hökümet-partiýanyñ oñlan güni geljekki ene hökmünde, men bu adamlary gömmäge garşy. Nädip bulary gara ýere dözjek? Eýsem, bular biziñ merdana zähmetkeşlerimiz dälmi näme? Amerikalylar, men ol ýurt bilen içgin gyzyklanýaryn, bu tetel-li adamlara: ”He made himself”, ýagny ”Özüni özi ýasady” diýýärler. Bu adamlar şeýle bir üýtgeşik, bularyñ ýadygärligini ýasamaga älemde mynasyp material tapdyrmaz! Bulara meñzeş – bularyñ diñe
246
özünden önýär, diýmek, bu adamlara mynasyp ýadygärlik dikmek biziñ ýaş döwletimize bäri-bärde başartmaz. Şonuñ üçin-de, zerur işleri geçirip, ýagny kakadyp hem aýna gaplara salyp, bulary öz ga-pylarynda hemişelik dikmeli. Goý, geljekki nesillerimiz bütin köçe bolup tarpa-taýyn ölýänçäler dilsiz-agyzsyz işlemegiñ nusgasyny görkezen bu merdanlardan nusga alsynlar! Çarwanyñ zähmetkeşleri-niñ adyndan bu meseläni Halk Maslahatynda goýmagy maña rugsat ediñ. Biz her bir adamyny öz ýerinde ulanmalydyrys! Geliñ, indi gölegçileriñ adyndan welaýat merkezinde açylýan Halk Maslahatyna gutlag ibereliñ!
Gölegçiler ýedi ýoluñ çatrygynda durup, dabaraly gutlagyñ tekstini biragyzdan kabul etdiler.
– Gaty sowamankalar ölüleriñ hut özi-de bu ýüzlenmä gol çekäýse-ler, gowy boljakdy... – diýip, Kakabaý Garasöýmez ikirjiñlenjek ýaly etdi. – Ikibaşdan olar entek kepen paýlaryny alandyklaryna-da gol çekmeli.
– Ýok, görşüñiz ýaly, bu ýerde otuz dört kişilik kepen tygşytlanýar. Şeýle dälmi, Şaly?
– Hawa, Sosialistik geçelge bilen çatrykdaky öýüñ ýaşaýyjylary bilen – dogry otuz dört!
– Diýmek... – Abat Kakabaý Garasöýmezi dikanlady, – wagt-laýynça işden galan daýhanlar hökmünde bular resmi käýinçden gutulyp bilmezler. Ýöne men oba müdiriniñ adyndan Kommunistik petigi hut häziriñ özünde ”Köçe-muzeýi” diýip yglan edýärin we bulary muzeýe eksponat edip işe alýaryn.
Görmanyñ gyryljyk sesi bu gezek aýratyn basyk çykdy:
– Dirileriñ öwlüýäsine diýseñizläñ...
Abat bilen Kakabaý Garasöýmez ynjalykdan gaçjak bolup garan-jaklaşdylar, ýöne soñra hüñürdi gara ýerden çykandyr öýdüp, aýakla-rynyñ aşagyna seredip oñdular. Şaly depderine nämedir bir zatlar aladaly çyrşady.
– Köçe-muzeýinden gelen girdejiler obamyzda döredilen jenap ýoldaş Prezident adyndaky Ýetimler öýüni maliýeleşdirmäge sarp ediler. Kommunistik petige aýak basanyñ her biri – oña aýak bas-mazdan obada ädim ätjek gümanyñ ýok – muzeýiñ tomaşaçysy hasap ediler. – Abat soñra Kakabaý Garasöýmeze tabşyryk berdi: – Ekspo-natlaryñ geljek hepdäniñ başyndan işe çykmagyny üpjün ediñ!
247
Hemmeler hoşal boldy. Wekiller şol ýerden welaýat merkezine gitdiler. Aýylganç ruhlanan gölegçiler bolsa, ölüleri eginlerine alyp, yzlaryna jünediler. Köpçüligiñ ruhubelentligi zadyñ çaky däldi, ýa-damak-ýaltanmak bu wagt adamlaryñ ýadyna-da düşenokdy. Nire-dendir bir ýerden ýetip gelen molla, muzeýde işe başlamankalar, ölüleriñ jynazasyny çykdy; ol aýat-töwiri şeýle bir labyzly okaýardy welin, diñläniñ añkasy aşyp barýardy, onsoñ adamlaryñ öli gömesi gelip, gylmany gyl kesdi. Kommunistik petiklileriñki ýaly bagtyñ getiräýmese, häzir bu mähelläniñ elinden ýere gömülmän sypaýmak çetindi.
Gölegçiler dolanansoñlar, obanyñ dabarasy has-da artdy, çünki welaýat merkezinden Halk Maslahatynyñ ertesi Çarwada dowam etjek habary geldi; muny eşidende, halkyñ gözüne bagtdan ýaña ýaş aýlandy: diýmek, obada iýilýän zat satylsa gerek?..
Ýasy gowy görýän garry-gurtular öz öýlerine dykyldylar, oña derek köçeleri dürli şygarlar doldurdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ dumly-duşda galgaýan: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen pähimi daýhanlaryñ hüşgärligini artdyrsa, ”Palaw – Halk Maslahatynyñ manysydyr!” diýen ganatly sözleri olaryñ agyzlaryny suwardyp, gyllygyny akdyrdy. Eli egri gylyçly hünni gara adam obany köçe-köçe syryp, adamlaryñ ýüzüne çiñerilende, öz obalaryna jenap ýol-daş Prezidentiñ geljekdigine daýhanlarda birjik-de şübhe galmady, olar bu waka şeýle bir begendiler, hatda eli ýalañaç gylyçly kişiniñ ýanyna golaý-golaý baranlaryny-da duýmadylar.
– Sen Kakabaý Garasöýmezmi? – olar ondan ýöwsel soradylar. – Sen biziñ öz obadaşymyzmy?
Çekge süñkleri çykyşyp duran, gözi gyýkmak, saçsyz, gulaklary şapbat ýaly, höküdik pyýada:
– Ýogsam näme?! – diýip, gylyjyny syrdy-da: – ”Degene gözüm menden däl!” – edip haýkyryp, ony töweregine bulaýlady, şonda ýakyn gelenlerden birnäçesiniñ gulagy, burny kirşeniñ içine patlap düşdi.
Hünni gara pyýada soñra dişlerini syrtardyp, gylyjyny süýredi ötä-gitdi, eýsem ol kime näme diýsin? Onsoñam ol daşyndan ýadaw görünýärdi, asyl dilini ýarasy gelenokdy, belki, gylyç süýräp çykany-da şonuñ üçindir? Kimdir biri ýene sorag berjek bolanda, ol it ýaly hyñranyp, gylyjyny süýr depesinde bulaýlady, adamlar dyr-pytrak
248
bolup, sag-aman öýlerine sümüldiler. Sorag beren öýüniñ gapysyna ýetende, büdräp ýykyldy, görseler, onuñ takga jany çykan ekeni, ýüregi ýarylypdyr, onsoñ oña gaçmak gerek bolmady. Sag-aman özüni öýe atanlaryñ bagtdan dilleri tutuldy, olaryñ aýallary geljek ýylyñ hasylyndan Hudaý ýoluna çörek aýdyp, öz ärleriniñ diliniñ açylmagyna garaşdylar. Jenap ýoldaş Prezident olara göwünlik berdi: ”Täze ýyl hasyl bol bolar, men size Hudaýyñ adyndan söz berýärin!”
Ertesi ýygnak başlananda, eli egri gylyçly Kakabaý Garasöýmezi jenap ýoldaş Prezidentiñ ýanynda görüp, daýhanlar gutarnykly yn-jaldylar: ”Diýmek, ol bir gezip ýören garakçy däl, hökümediñ işini edýär!”
Kakabaý Garasöýmez obadaşlarynyñ içki begenjine goşulyp, endi-gine görä, dişlerini syrtartdy. Onuñ gözleriniñ o diýen bulanyk däl-digini obadaşlary diñe bu gün, haçanda ol jenap ýoldaş Prezident bilen ýanaşyk oturanda bilip galdylar: häzir onuñ gözleri dag çeşme-siniñ suwy dek dury göründi… Ýöne onda-da Kakabaý Garasöýme-ziñ her adamyny aýratynlykda görüp bilmeýändigini daýhanlar der-rew bildiler, megerem, ol diñe jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüzüni ta-naýandyr, galan kişiler onuñ üçin köp kelleli mähelledir. Onuñ otu-ryşy ykjam, gyljynyñ ujundan gara gan damýar: jop, jop, jop...
Diýmek, Halk Maslahaty açylar. Garaşdylar. Ýöne açylmady. Hany palaw? Hojam Şükür elewredi: jenap ýoldaş Prezident palawdan nägile bolsa, oña jyzlanyñ ömri uzak görünmezmi?
Şol demde gerşi aýlampaçly uçak arlap, göge göterildi. Gijäniñ ýarynda ýadaw gütürdäp yzyna gelende, onuñ içinden idirdedip, ala donly ýesiri ýere düşürdiler. Bu ýesire kyrk hyzmatkär berdiler, ýöne ol ysnada iş ynanmady: bir özi ojak gazdy, käşir, et, sogan dogrady. Dañdana deñeç gazanlapyñ daşynda ala don dynman galgady. Onsoñ dañ tilkiguýruk bolanda, kyrk ojakda atapylan kyrk sany kyrkgulak gazandan pagta ýagynyñ gyzgyn tütüni göge göterildi. Ala donly ýesiriñ hyzmatynda duran kyrk hyzmatkär onuñ eline kyrk kündük-den suw akytdylar. Ýesir bilini ýazanda, Gün göge naýza boýy göte-rilip, palawly gazanlardan agzyñy suwardýan ys burkutdy. Buga goýlan tüwiniñ oduny az gören kyrk hyzmatkär ýesiriñ ýadawlygyn-dan peýdalanyp, kyrk ýerden kyrk ojaga elleri ojar odunly topuldy-lar, şol bada-da olaryñ süýr depesinde:
– Kaç! – diýen haýbatly ses ýañlandy.
249
Ýanyp duran ojary eline alyp, ýesiriñ özi gazanlaryñ daşynda hoza-nak boldy: elindäkini gazma ojaga sokýar-da, gazanyñ aşagyndan dem salym aýlap alýar. Gyzgyn gazanyñ düýbüne oduñ ysyny berýär. Onsoñ Gün guşlukdan aganda ilde-günde ýok palaw taýyn boldy. Şol demde-de aýlampaçly uçar ala donly ýesiri alyp, göge göterildi. Netijede Halk Maslahaty öz-özünden açyldy. Adamlaryñ süýr depesinde jenap ýoldaş Prezidentiñ elektron usulda milli gulak-lara ýakymly edilip guýulýan çakyr sesi ýañlandy.
– Halka gerekli kararlaryñ hemmesini men eýýäm kabul etdim. Halky gaýgy etmäñ. Gaýgy adamynyñ ömrüni gysgaldýar. Siz par-tiýa tejribesi ýetik adamlar: agyñ – gapa, garanyñ-da – akdygyny gowy bilýärsiñiz. Onda Halk Maslahatynyñ işdäsini açyk diýip yglan edýärin! Bissymylla – bereket, elimiz bilen – hereket: iýiñ, içiñ, sem-räñ!
Ak, gara, çal, mor sakgallylar we doga köseler saýlama was tüwü-sinden bişirilen şireli palawa agzybirlik bilen el urdular. Berre guzy-nyñ ýumry eti, gyzyl käşir bilen lükgelenen şireli tüwi sakgal-murtlaryñ arasyndan ýol salyp, kakadylan erik kişdesidir saryja kiş-miş çeýe barmaklara dolaşyp, iýijileriñ gylmanlaryny gyl kesdirdi. Kararlaryñ kabul edilişi ýokary döwlet derejesinde gitdi: wekiller agyzlaryna atan tüwüsini çeýnäp ýuwudan uçurynda nobatdaky karar okalyp, ses berişlik olaryñ indiki ýuwdum tüwi üçin tabaga agzybir el urýan wagtyna ylaýyjak gabat gelýärdi. Şeýlelikde, biragyzdan ýagly ses her demde üpjündi. Aksakgallaryñ tabaga ellerini has ýo-kardan aýlap urmasy Maslahatyñ dabarasyny aýratyn-da artdyrýardy. Bu agzybirlige jenap ýoldaş Prezident atalyk mähri bilen guwanýar-dy, şeýle pursatda öz ýurdunda halka geñeşsiz iş etmejegine ol ýü-rekden ynanýardy we bokurdagy dolup, halkyñ erkine guwanmakdan ýaña onuñ bulanyk gözlerine dury ýaş aýlanýardy. Jenap ýoldaş Pre-zidentiñ gözlerine gözi düşenler olaryñ reñkiniñ garadygy ýa-da däldigi dogruda jedel ederdiler, ýarysy: ”Gara” diýse, galan ýarysy kes-kelläm ylalaşman: ”Ýok, ne gara, ne goñur, ne gök, ýöne hem gara, hem gök, hem goñur!” diýerdiler; olaryñ gepini diñleseñ, onda jenap ýoldaş Prezidentiñ gözleriniñ reñkini biljek gümanyñ ýokdy; olar çal bolmalydy, çal bolmasa, onda nähili bolsun? Belki, onda onuñ gözleri goýun göz bilen geçi gözüñ aralygydyr, belki-de, çal-dan geçiren mawy ýalçykdyr, kim bilýär? Onuñ gözleriniñ hakyky 250
-
aysyzgije
13 years ago
- reñkini gören tapylmasa, ony nädip biljek? Görenler bar bolsa, hany olar nirede? Jenap ýoldaş Prezidentiñ gözleri dogrudaky jedel assy-rynlyk bilen kä güýjäp, kä gowşap gidip otyr, eger oña döwlet dere-jesinde nokat goýulmasa, bolgusyz gürrüñleriñ çişmeginiñ ahmaldy-gyny añanda, jenap ýoldaş Prezident öz gözleriniñ hem saçýnýñ reñ-ki dogruda halka peýdaly ýörite perman çykarmaly boljakdygyny pikir etdi, ýogsam onuñ takýrkelledigini, her gözüniñ reñkiniñ dürli- dürlüdigini-de güman edewersinler! Bu pikir onda aýratynam edil häzir güýjedi, sebäbi tribunanyñ halka jenaýatçylykly golaý gurlany üçin märekäniñ içinden öz gözlerine bilesigeliji añkarylýanlaryñ sanynyñ artýandygyny ol derrew gördi, Musanyñ gözleri has-da ýitidi, nazarlary çaknyşanda olaryñ ikisi-de oturan ýerine suw çykana döndi. ”Muny Baş oba müdiri belläýin, halkyñ içinde oturyp, maña gözüni dikmesin” Musa şol demde barýp, ondan ötünç sorap, min-netdarlýk bildirmelidigini sýzdý, ýöne gedemlik etdi, haýp, şonuñ üçinem guýruksyz galdy...
Jenap ýoldaş Prezident ýakymsyz oýlardan gutulmak üçin öz agzy ullakan Köşk şahyryny ýanyna çagyrdy.
– Taryh maña kän garaşdy, ynha, indi men taryhy fakt! Meniñ bir gysga, bir-de uzak terjimehalym bar. Gysgasynda – men ýetim, uza-gynda – men antiki döwürden başlanỳan. Ỳöne ýüregimiñ çuñunda – men şol bir adam, düşnüklimi! Dünýäniñ Täze taryhy ertire deñeç taýyn bolsun, kagyz-galamy gaýgyrma, küti kitap ýaz!
– Ýok!- diýip, agzy ullakan şahyr näz etdi. – Men...
Emma şondan soñ ol bir söz aýtmaga-da ýetişmedi, prezidiumda oturan Diller institutynyñ müdiri Gaşlak üstüne topulyp, derrew elle-rini syrtyna dañdy-da, ony idirdedip, öñüne salyp ugrady.
– Atmaga äkidýän bolsañyz, oña meniñ ”Ýagşylyklar” fondumdan bir saýawan! – Döwrüñ depesindäki adam jomartlyk bilen seslendi. – Ýogsam, onuñ depesinden Gün geçer. Gün geçse – sowuk uran bilen des-deñdir, erbet eder.
Halk Maslahatyna tötänden düşen halk wekili gorkuly seslendi:
– Elleri syrtyna dañylgy adam saýawany nätsin?
– ”Ýagşylyklar” fondy diñe sowgat berýär, maslahat berenok! – Döwrüñ depesindäki adam onuñ jogabyny nagt etdi: – Saýawany ulanmagyñ düzgüni onuñ ýany bilen berilýän gollanmada bardyr…
251
– Ýo-ok! – diýip, onýança agzy ullakan şahyr bagyrdy. – Men je-nap ýoldaş Prezidenti eýýäm şu gün agşam taryha saljak! ”Kitabym eýýäm taýyn” diýjek boldum!
– It ogly! Başdan şeý diý-dä! Nämüçin sözlemi grammatiki taýdan ters düzýäñ?! – Gaşlak müdir dişinden syzdyrdy. – Men hiç kese öz mähriban ene dilimizi harlatman!
Mekirleç gözleri hanasyndan çykara gelen agzy ullakan şahyr Gaş-lagyñ elinden sypyp, jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagyna ýykyldy.
Köşk şahyrynyñ etlek owurtlaryndan ýel alýan ullakan agzyndan göwnühoş jenap ýoldaş Prezident onuñ ýazyjy kellesini atalyk mähri bilen sypalady, öz-özüne guwandy.
– Ýeri, nädip men muny edindim, nesibe-dä! Aýdyber, bally!
– Eý, halk! – ol sesine bat berip, gözüne ätiýaçdan ýaş aýlady. – Kakam pahyr bu günlere kän garaşdy, dilegde-dogada boldy. Bärde esasy zat umyt, ynam, dileg, doga, kasam! Men dogmaly wagtymdan giç doglandyryn öýdýärdim, asyryñ başynda doglanlygymda, has uly işlere ýetişerdim diýýärdim, emma beýle däl ekeni, jenap ýoldaş Prezident wagty durzup, ony yzyna öwürmegiñ hötdesinden geldi. Bu diñe beýik adamlara başardýan iş. Eger enem meni giç dogran bolsa, onda diñe bir zat üçindir – ol jenap ýoldaş Prezidentiñ taryhyñ sahnasyna çykmagyna garaşandyr! – ol etlek barmagyny öz hojaýy-nyna garşy batyrgaý çommaltdy. – Dünýäde şundan beýik jenap ýoldaş Prezident ýok, bolubam bilmez! Beýigi öwmek üçin mertlik, paýhas, beýik zehin gerek. Mende şol zatlar bar, bolmadyk bolsa, heý, men bu beýik adamyny görüp, oña guwanyp bilermidim, elbet-de, ýok! Ýöne Hudaýa şükür, maña duýmak, syzmak bagty berlipdir. Bir zady açyk aýdyp biljek: bu oturan adam... – ol ýene-de töweregi-ne dokluk şöhlesini ýaýradyp oturan jenap ýoldaş Prezidente ýagly barmagyny ine-gana çommaltdy, – ...ine, adamlar, bu oturan adam – adamlaryñ iñ adamy! Bu beýik hakykaty inkär edenlere baky nälet bolsun!
Aksakgallar ellerinden palawyñ ýagyny sarkdyryp, gürrüldili el çarpdylar. Elini ugursyz çarpan iki aksakgalyñ sakgalyndan şol bada çal gyl tapyldy we olar yzyna it salnyp, ýygnakdan kowuldylar. Itler adam ýarmany öwredilendi. Alasakgallar gaçyp baryşlaryna obanyñ ýagly çeleklerine ýykyldylar.
252
– Olar näme öldülermi? – diýip, daşary ýurtdan bu ýere saý-sebäp bilen düşen saryýagyz inçemik jurnalist uly ili bilen möññürdi.
– Ýok... – diýip, Diller institutynyñ müdiri gaşlaryny darap, otury-şyna eliniñ tersi bilen onuñ gözýaşlaryny süpürdi. – Olar ölmezler, olar diñe ýaga çümdüler, diýmek, olar asyrlar boýy ýaşarlar! Jenap ýoldaş Prezidentiñ adam zaýalajak gümany ýok, ol ikisi-de zaýalan-maz, adam ýagda çüýremeýär, haçan isleseñiz, gelip görüp bilersiñiz. Seslerini eşiderin diýseñiz, dil biteli bäri diýen zatlary Diller institu-tymyzyñ degişli bölüminde bardyr, geliñ, diñläñ, lezzet alyñ! Bizde hiç kim unudylanok, hiç zat ýatdan çykarylanok!
Bu wagt Derwüş baba märekä ýüzlendi:
– Sakgaldaşlar! Men ähli ak, gara, çal we mor sakgallylaryñ adyn-dan bir teklip girizmekçi... – adamlar aşak bakdylar. – Ana, şony ikelläp goldamak üçin Döwrüñ depesindäki adama söz berilýär!
Döwrüñ depesindäki adam edep bilen garnyny gäberdip öñe çykan-da, jenap ýoldaş Prezident erinlek ýylgyrdy, ýerinden turup, onuñ at gaýtarym ýasy ýüzüni öz elýaglygy bilen süpürişdirdi.
– Adamlar, jenap ýoldaş Prezidentiñ gije-gündiz biziñ ugrumyzda at çapýandygyny obrazly aýtsa bolar. Oña uky haram. Oýalyk-da. Iýgi-içgi-de, dynçlyk-da. Ol ýaşanok, diñe alada edýär, ol ýadanok, diñe alada edýär! Obrazly aýdanyñ-da, ol biziñ birimiz hem-de biziñ – barymyz! Obrazly aýdanyñ-da, ol biz üçin hemme zat! Onsoñ bize hemme zatdan daşgary ýene näme gerek? Diýmek, men ony müdü-milik jenap ýoldaş Prezident saýlamagy teklip edýärin! Ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, kim garşy bolsa, özünden görsün! Ses berdik: ýaş-şasyn! Ana, boldy, indi biziñ müdümilik jenap ýoldaş Prezidentimiz bar! Görüp bilmedigiñ, gözi çyksyn! – ol yzyna öwrü-lip, eline berlen käsäni başyna çekdi, ýogyn-ýogyn gägirdi, dowamly synçgyrdy. – Ýene-de bir teklip. Spirtli içgileriñ deregine ýurdumyz-da ant içmegi girizmeli!
Sakgally märekäniñ gozgalañ tapandygyny gören jenap ýoldaş Pre-zident zerur takyklamany girizdi:
– Sakgaldaşlar, bu kanun Halk Maslahatyna däl-de, halk köpçüligi-ne degişli. Onsoñam arak bir soñky çykan zat: Gurhanda diñe şerap gadagan, onda gitdikmi?!
253
Müñlerçe käse birdeñ ýokary galyp, ak sakgallaryñ içinde müñkül-deýän saññy dişli garañky agyzlara erñegini diredi. Prezidiumdan agzy ullakan şahyryñ ekspromt dörtlemesi ýañlandy:
Gaça dur dowzahy
Şerapdyr gantdan.
Başyña çek datly
Kasamdyr antdan!
Jenap ýoldaş Prezident ör turup, gysgaça minnetdarlyk sözüni söz-ledi.
– Siz meniñ mährime mähir goşýañyz. Geliñ, aradaky hemme res-milikleri aýralyñ: indiden eýläk maña ýurduñ Müdiri diýseñizem bolar – aksakgallar gözlerine ýaş aýladylar. – Ýöne entek bu barada Perman çyksyn, gyssanmañ. Ah, kiçigöwünlilik meni halys igletjek... – Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!
Aýylganç el çarpyşyk gopup, ýer-gök lerzana geldi.
– Bagyşlañ... – şol wagt daşary ýurtly jurnalist agzy ullakan Köşk şahyryna çekinjeñ ýüz tutdy, – ýalñyşmaýan bolsam, ýañy gepiñiziñ bir ýerinde siz wagtyñ gürrüñini etdiñiz. Sagadym döwleli bäri aýy-günüñ hasabyny ýitirip, halys añkam aşdy, heý, siz bu günki senäni aýdyp bilmezmisiñiz?
Köşk şahyrynyñ gyýkmak gözlerinde ynamsyzlyk göründi.
– At oýnatmañ, kärdeş, jenap ýoldaş Prezidentiñ zamanynda ýa-şaýandygymyzy sizem mençe bilýänsiñiz-le?!
– Elbetde... – jurnalist ätiýaçly hüñürdedi. – Ýöne öz ýurduma ma-terial iberenimde, men anyk sene görkezmeli bolỳan-da...
– Diýmek, onda jenap ýoldaş Prezidentiñ zamany siz üçin anyk wagt däl-dä? – bu gyryljyk sese allaniçigsi bolan jurnalist öz arka-synda Diller institutynyñ müdiri Gaşlagy gördi. – Onsoñam bilip goýuñ, wagt – bizde döwlet syry! Siziñ bu çylkasyz bilesigelijiligiñiz jan saglygyñyza peýda bermez!
– Elbetde, elbetde... men bir gelmişek, siziñ ýurduñyzyñ öz mukad-des kanunlary bar, halkyñyz olary hormatlaýar, şonuñ üçinem tä öz ýurduma dolanyp barýançam wagtyñ maña geregi ýok...
– Ine, munyñ başga gep! – gaýtadan tribuna çykan jenap ýoldaş Prezident gulagynyñ eşitgirligi bilen daşary ýurtly jurnalisti añk etdi. – Men jurnalistleri we ýazyjylary söýýärin, olaram meni söýýär. Olar edil ýaşuly adamlar ýaly paýhasly, ýaş gelin kimin çekinjeñ. Aksak-
254
gallar hakynda meniñ has çuññur pikirim şeýle: ”Bazar görki bakgal, ýigit görki – sakgal!” Onda bu käsäni sakgal üçin götereliñ – ýaşasyn sakgallylar! Biziñ daýanjymyz, buýsanjymyz, geçmişimiz, geljegi-miz sakgal! Sakgal – ýurduñ garaşsyzlygyny berkitmegiñ iñ zerur şertidir. Şonuñ üçinem men, ýagny jenap ýoldaş Prezident, karar edýärin: Birinjiden, şu günden beýläk meniñ garaşsyz ýurdumda kyrk ýaşa ýeten garamaýaklar hökman sakgal goýbermeli. Ikinjiden, olaryñ sakgaly kyrk bäşde çalaryp, ellide-de agarmaly! Üçünjiden, garamaýagyñ garasakgalyny üçünji derejeli, çalsakgalyny ikinji dere-jeli, aksakgalyny birinji derejeli grajdanlar diýip yglan edýärin! Dör-dünjiden, şu günden beýläk adamlara sakgalyna görä aýlyk tölejek! Ynha, aýratyn permanym! Bäşinjiden, men Derwüş babany siziñ obañyzyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygy edip saýlaýaryn we oña ”Il ýaşulusy” diýen ordenimi gowşurýan.
Jenap ýoldaş Prezident gürrüldili elçarpyşmalaryñ astynda añrysyna öwrülip, öz göçme ussahanasynda ”Il ýaşulusy” diýen ordeni ýasa-maga girişdi. Onuñ çekijiniñ gütdüldisi gulaklarda ýañlandy. Nyşan taýyn bolanda, ol ony Derwüş babanyñ döşüne dakdy.
– Derwüş baba, ine, siz indi Çarwanyñ Aksakgallar geñeşiniñ baş-lygy! – Derwüş baba ýerinden turup, gyzyl gözlerini märekä içgin dikdi. Şonda onuñ prezidiumda oturandygyny görüp galdylar. – Ka-kabaý Garasöýmez obañyzyñ müdiri bolar. Haýdaberiñ! Musa Çöli özüme gerek. Köşkde.
Agzy ullakan Köşk şahyry bu wagt eýýäm Döwrüñ depesindäki adama öwrülip, kitabynyñ ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ ordeni” diýen jemleýji bölümini ýazyp otyrdy. Kitabyñ daş ýüzünde awtoryñ ady lowurdady: Hyrly Durgur. Onsoñ iş uzaga çekmedi, çekmäge haky-da ýokdy, sebäbi eýýäm Gün öýleden agyp, kitap diýeniñ bolsa, ag-şamlyk hökman neşir ediläýmelidi. Onsoñ Döwrüñ depesindäki adamynyñ dürli syýasy ýagdaýlarda diñe sözbaşysyny üýtgedip, üstünlikli ulanyp bolýan kitaplaryndan peýdalanmasañ, işiñ Diller institutyna düşjegi görnüp durdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ yzynda gezip ýören göçme neşirýat bu kitaby ýassy namazyna deñeç çap edip, Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryñ düwünçegine saldy. Bu wagt eýýäm aksakgallaryñ ýatar wagty bolupdy, emma olaryñ agşamlyk iýen ýagly naharlary siñişmän, garaşylmadyk syýasy ýagdaýy emele geldi. Kynçylygy göz öñünde tutup, aksakgallaryñ içini silkmek üçin
255
hökümet guma iki maşyn gyz-gelin getirip dökdi. Gyz-gelinler gana boýalan şapagyñ öñünde aksakgallara gyýa-gyýa garap, monjuk atyşyp, läle kakdylar:
Çañ gelýär-ä, çañ gelýär!
Tozan bilen çañ gelýär.
Jenap ýoldaş Prezident
Hemmelerden öñ gelýär!
Yhhymmyl! Yhhymmyl!
Yhha-yhha, yhhymmyl!
Halk Maslahatynyñ bol saçagyndan garynlaryny göjäp, hinlerine sümmäge taýynlyk görýän mör-möjekler bu gije çölde özlerine ýa-tuw ýokdugyny duýup, çoz-da-çop boldular; gije ýarymdan agansoñ gyz-gelinleriñ lälesi gitdigiçe inçelip, aksakgallaryñ sesi, tersine, has çasly çykdy: ”Haa-aaw! Haa-aaw diýdim!”
Delegatlaryñ nasly agzyndan hem dagap ýatan boş çüýşelerden töwerege ýaýran güýçli ysdan bez bolan mör-möjekler hinlerini taş-lap, çölüñ jümmüşine çekildiler. Bu töwerekde kiçi-girim jandar başyny çarap bilmez, basym çölüñ hojaýyny, endigine görä, oguz süýdüni emmäge çykar! Onsoñ gije ýarymdan agansoñ, aksakgalla-ryñ ”şagal mesliginiñ” ses ýetiminde, gumuñ içinde çölüñ hojaýyny Zemzeniñ sudury peýda boldy. Onuñ birdenkä nireden çykyp, soñra ýene nirä ýitirim bolandygyny aýsyz gije görer gözden gizledi. Ýöne edil häzir ol apañ-apañ basyp, çölüñ içi bilen ýöräp barýardy; özi ýaly mör-möjekleriñ içine aralaşansoñ, ol özüni barha ynamly duýdy: adamlar ýüregedüşgünç! Ol ýaýkyldap barşyna, gijäniñ sal-kynlygyna añyny aldyryp, hininiñ agzynda irkilmäge meýil eden atýalmany ýüzüniñ ugruna kakyp, lak-luk atdy gitdi; şonda onuñ ýüregi dokundy, öñküsinden has agyrrak, ýöne has ynamly ýöredi, Maslahatda ertirden agşama deñeç iýmeli bolan tagamlaryny ullakan mejburlyk hökmünde ýatlady, şonda onuñ alkymy nägile çişdi; gijä-niñ içi durşy bilen, täsin seslerden doludy, her kim öz aladasy bilen, kimsi aw awlaýar, kimsi awçydan gaçyp, özüne aw añtaýar, kimiñ kimdigi näbelli, emma bu galmagalyñ içinde Zemzen-hojaýyn örän beletlik, özüne göwnüýetijilik bilen apañ-apañ basyp barýar. Jandar-laryñ hemmesi onuñ öñünden sowulmak bilen, biriniñem durasy gelenok, Zemzen-hojaýynyñ welin muña girre gahary gelýär, ol mör-möjekleriñ öz barýan ýolunda hatar tutmaklaryny isleýär, emma bet-
256
bagt jandarlar tertibi näbilsin? Onsoñ Zemzen-hojaýyn çişip ýetjek derejesine ýetip, gizlin mawy öwüsýän melemtik gözlerine gan indi; mör-möjekleridir akmak haýwanlary ikini islemez ýaly etmegi ýüre-gine düwdi: goý, indikilerine sapak bolsun! Ol amatyna garap, ýene birnäçe depe aşdy, indi ýylgynly oý bireýýäm yzda galdy, kaşañ jaýyñ garasy-çyrasy ýitdi, ol erkin! özünden erkin! Hiç kes onuñ näme edip, näme goýýanyny bilmez, görmez, añmaz, duýmaz, syz-maz! Ol ürgün çägä bagryny oýkap-oýkap süýşdi, agyr haşyrdap, töweregine tarp urdy; akmak jandarlaryñ haýsyny bijebaşy edip tut-maly? Haýsyna göz görkezmeli? Ol bir sazagyñ düýbüne baryp, onuñ aşagynda ýatyp dynjyny almakçy boldy; gijelige diñşirgenmek hezil, edil huwwalanýan ýaly; ol irkiljiredi, öñinçä ýuwudan atýal-many onuñ içinde ýakymly eräp, ony meýmiretdi... Birsalymdan oýansa, beýlesinde bir keýik owlagy ýatyr, Zemzen-hojaýyn muña monça boldy, agzyny giñden açdy, owlajygyñ ýylylygyndan çen tutup, onuñ bilen öz arasyndaky giñişlige ser salansoñ, onuñ ýene-de girre gahary geldi: ine, onuñ sapak bermeli jandary! Bu betnyşanla-ryñ sürüsiniñ daş toýnaklarynyñ astynda galyp, onuñ kowmundan heläk bolany gytmy?! Elbetde, indi bularda süri-de ýok, sürrek-de, ymgyr çölüñ içinde iki-ýeke ygyndy, çölden birçak atlary öçdi, ýöne Zemzen-hojaýynyñ gahary ýatyşanok, ol keýik owlajygyna göz gör-kezmese, oñup biljek däl. Ol ýüregine düwenini amala aşyrmak üçin usullyk bilen sazagyñ düýbünden çykdy, ol muny şeýle bir my-laýymlyk bilen etdi welin, hatda sak jereniñ balasy näzik teninden awuly dişler parsyldap geçýänçä gara tegmilli sary monjuk garakla-ryny-da açmaga ýetişmedi, soñam çekräp turdy-da, ümdüzine tutdur-jak boldy, emma hoñ ýaly ýere ýetmänkä aýaklarynyñ ysgyny gaçyp, serrelip gitdi, ýerinden turup, ýene ylgajak boldy, onuñ endamyna ornap barýan duýdansyz agyry bilen-de, agyrlyk bilen-de oñşasy gelmedi, emma birnäçe ädimden edil duşaklanan ýaly sakga durdy, ümezläp barýan gözlerini mölerdip, gijeligi böwüsmäge çytraşdy, ýere temegini degrip ysyrgandy, enesiniñ ysyny yzlady: bu töwerek-den ejesiniñ ysy gelenok, onsoñ ol niräk gaçsyn? Owlajyk ýene-de serrelip gaýtdy, ýañy ýere ram eden toýnajyklar az wagt howada däbşenekledi, ol naýynjar lägirip, töweregi lerzana getirdi, soñam köşeşdi, boýnunyñ ýüzündäki ýyrtylan gan damaryndan akýan gana seredip uklady... Zemzen-hojaýynyñ öñküden-de beter gahary geldi,
257
ol keýik owlajygynyñ amanadyny beýle tiz tabşyrmagyndan nägile boldy, gapdalynda bukulyp, onuñ süýtli enesine garaşdy; olam uzak garaşdyrman, gorka basyp, bu ýere geldi; Zemzen-hojaýyn ýylysy gitmedik owlagynyñ jesedini ysgap duran keýigiñ arkasyndan tiz baryp, guýrugy bilen onuñ artky aýaklaryny çalasyn duşady; keýik sypjak bolup urundy, emma sypma nire! Zemzen-hojaýyn ene keýigi lägirdip, emmäge başlady, ol tä keýigiñ emjekleri boşaýança ony sypdyrmady, şol sokjady durdy, soñabaka süýt azalansoñ, köhi gelip, keýigiñ emjeklerini göz-gülban çeýnedi. Keýigiñ dady dik asmana göterildi, emma ymgyr çölde kim oña kömege ýetişin? Keýik süýdünden keýpini köklän Zemzen-hojaýyn ahyrsoñy ony ölüm ha-lynda boşadyp goýberdi, keýik janawar janhowluna sary ýaýdan atylan peýkam kimin bu ýerden gijeligiñ içine siñip gitdi; özünden göwni hoş Zemzen-hojaýyn bolsa, bu taýdan yzyna döndi; ýüzüniñ ugruna gabat gelen haýwanlardan ýene birnäçesini awundyryp, çe-mine gelmedigini gorkuzyp, çölüñ içinde bagtyýar gezim etdi; keýik owlajygynyñ deregine ol hininiñ agzyna çykyp timisgenip oturan ýene-de bir alakanyñ bilinden alyp, ony tä jany çykýança silkeläp çygyrtdy; soñ ol başyny galdyryp, guýrugyny haýbat bilen tarpyldat-dy, yzly-yzyna iki alañ aşdy, öñündäki çöketlige düşübem, duýdan-syzlykdan ýaña doñup galdy. Aljyrap, agyr haşyldady, gapdala gi-dermen boldy, emma derrew özüne gelip, yzyna dolandy, garşysynda owsun atyp duran Kepjebaşyñ gözlerine tiñkesini dikdi, iki mahluk çölüñ ýyldyzly asmanynyñ astynda büküdişip, biri birini siññin syn-ladylar, iki jübüt sowuk gözleriñ düýbüne aýsyz gijäniñ ýyldyzlary ownujak almaz bolup sepildi. Ilki bilen Kepjebaş özüne geldi, ol özüniñ gäp basandygyny, ýowuz duşmana duşmasyz ýerde biwagt duşandygyny bildi. Indi nätmeli? Zemzen-hojaýyn öz syrynyñ köpe paş bolmagyny islemez, Kepjebaşa diri galmak başardarmyka? Ol öz düşen ýagdaýyny görüp, uzur ökündi: bu gije çöle nähak çykan eke-ni, aw ýerine özi añsat aw boldý, näletsiñmiş!
Kepjebaş ölümini boýnuna alyp, garşysyndaka haýbat atyp gördi, Zemzen-hojaýyn çalaja yza çekilip, amatyna garady; Kepjebaş halys ugruny ýitirip, ýene öñe dyzady, Zemzen-hojaýyn daşrakdan öwrüm berdi; birdenkä-de Kepjebaş özüne gargynyp, hüşgärligini bir dem gowşadanda garşydaşy onuñ
258
üstüne topulyp, kellesinden agyz saldy. Kepjebaş onuñ azna-wur ýaly awuly dişlerinden iñ soñky deminde zordan gutuldy. Onsoñ hakyky garpyşyk başlandy, olar birmeýdan dönüp-dönüp söweş etdiler, kow-ha-kow, gaç-ha-gaç! Aldym-berdimli tutluşykda telim depe aşyldy. Bu iki aldajynyñ urşun-dan heder eden mör-möjekleriñ ählijesi ýumlugyp, deşikli de-şigine, hinli hinine sümüldi, uçup bilýäni uçup gaçdy, süýşe-nekläp bilýäni – süýşenekläp. Kepjebaşa Zemzen-hojaýyny üç öwre çakmak başartdy, emma ol her gezekde az salymlyk özü-ni ýitirip, entiräp durýardy-da, ýykylar-ýykylarda gaýtadan özüne gelýärdi, ýene garpyşýardy. Kepjebaş ölüm gorkusy bilen garşydaşyny halys ahmalladyberende, ikinji gezek hüş-gärligini ỳitirip, atymyny aldyrdy; duýdansyz çemini tapan, Zemzen-hojaýyn garşydaşynyñ guýrugyndan agyz saldy-da ony ýuwutmaga girişdi... Kepjebaş janhowluna bar güýji bilen dyzady, guýrugyny üzüp, hoñ ýaly ýere atylyp gitdi. Näçe ko-walasa-da, Zemzen-hojaýyn soñra onuñ yzyndan ýetip bilmedi. Kepjebaş edil dälirän ýaly gaçdy we iñ soñky deminde gijelige garylyp, ýitirim boldy. Zemzen-hojaýyn garşydaşynyñ ejizlä-nini görüp, aýylganç çişdi, soñra-da şeýle bir haỳbatly haşyr-dady welin, çölüñ janly-jandarlary hinleriniñ, sürenleriniñ için-de busuşyp, uzyn gije sandyraşyp ýatdylar.
259
13. Ýylan jadysy
Janly-jandaryñ hinine, sürenine sümülýän, janyny gutarmak üçin özüni kölegä atýan wagty bolan süýr günortanyñ ýakyp-ýandyryp barýan tüp yssysyny gabatlap, gözden-dilden çetde, ymgyr çölüñ içinde ojaryñ şahasyna oraşyp, aşak sallanyp ýatan ýoñsuz ýylan owadan gözlerini bakgardyp kimedir birine galagop hem bilesigeliji-lik bilen garaşýardy; onuñ niýeti bu ýurtda özüne kuwwatly arka edinmekdi, bu oña öz maksadyna ýetmek üçin diýseñ zerurdy; mu-nuñ üçin ol atam döwründen galan rowaýaty taryhy gaýtadan janlan-dyrmakçy bolýardy; elbetde, ol taryhyñ düyş däldigine onuñ özüniñ-de şübhesi ýetikdi, ýöne eger okumyş ýylanyñ ýadynda galan bolsa, onda her niçik-de, ol düýş däldir, çyndyr; belki bu taryhy wakanyñ mysalynda oña öz gürrüñdeşini ynandyrmak, ony öz tarapyna çek-mek başardar? Belki, şonda arka gözleýän täze hemşerisi onuñ sözü-ne ynanar we jenap ýoldaş Prezidenti goldamakdan el çeker? Ýylan ol kişä bu ýere gelen dessine tas müñ ýyl mundan ozal bu öwrelerde ýaýbañlanan aldym-berdimli wakalary gaýtadan janlandyryp görke-zer, oña öz gynanjyny bildirer, eger yhlasyñ bu topragyñ çyn jan-köýerleriniñ yhlasy bilen goşulsa, onda indiden beýläk biziñ üstümi-ze ganly betbagtçylyk abanmaz diýer, onuñ bilen bagt, betbagtçylyk, mertlik, namartlyk, dosta wepalylyk dogrusynda açyk hem ýürekdeş gürleşer. Elbetde, bu örän ullakan töwekgelçilik. Ýöne töwekgelçilik etmese, Kepjebaşyñ indi dagy alajy galdymy? Gepiñ keltesi, ol häzir bu ýere özi bilen gizlin duşuşyga geljek Larine: ”Ýaşaýşyñ hatyrasy-na bu topragy söý!” diýmeli. Elbetde, onuñ näme jogap berjegini bilmek kyn, şonuñ üçinem gürrüñdeşine ilki bilen gadym zamanda adamzadyñ başyndan inen iñ aýylganç ganly jeñiñ, tükeniksiz gyr-gynçylygyñ hut şu toprakdan bat alyp, soñra öz ýoluny Ewropa garşy dowam edendigini subut etmeli. Onsoñ ynanmak ýa-da ynanmazlyk, onuñ öz işi. Kepjebaş bu gün ymgyr çöle hut şu maksat bilen çykdy; Zemzen-hojaýyndan asgyn gelensoñ, ynamly ýaran edinmese, öz niýetiniñ başa barjagyna onuñ ikirjiñlenmesi artdy; öz geljekki ýara-nyna güýjüni görkezmek onuñ üçin ýöne bir gepbaşydy, onsoñ ol
260
adaty ýylan jadysyny ulanyp, öz sowuk gözlerinde bu gyzgyn çöllük ýurduñ uzak taryhyny gaýtadan köretdi.
...Gypjak sähralarynyñ içinde ýap-ýañyja derbi-dagyn edilen mon-gol goşunlary ygym-sagym yzlaryna gaçýar. Horezm şazadasy Jela-leddin Meñgüberdi kowalap söbügine münüp barşyna, ençeme men-zilläp olary gyryp-gyrjaýar. Soñra ol ruhybelent ýeñiji goşunlarynyñ öñüne düşüp, paýtagt Ürgenje gelýär. Köşge girip, atasynyñ öñünde baş egýär.
– Merhemetlig soltan atam! Minge ganymlarnyñ sülsadyny başdyn-aýak kyrmakga idin ber! Min ularnyñ ölgenini kördüm: sarygjak ýaýnyñ oky içleridin perran kiçür, naýza sançgaç atdyn agyp turur-lar, kylyç urgaç başlary eginleridin kaçyp turur! Ular hem adam imiş, atam!
Muhammed şa Tekeş elini gorkuly daldalady.
– Bes! Küfr sözleme! (Gyssanmaçlyk ony enesiniñ şiwesine go-laýlatdy.) Bu sözüñ hak tagalanyñ gazabynyñ bizniñ başymyzga kiltürür!
Şazada Jelaleddin öz enesi Aýjäjegiñ dilini saýlady.
– Atam! Merhemetlig soltan! Külli älemniñ hökümdary! Sin minig ularnyñ karşusyga ýiberdiñ: bardym, kördüm, ýeñdim, hoş habar ýolladym...
Muhammed şa Tekeş agyr göwher gaşly altyn ýüzükli barmaklary-nyñ başky ikisi bilen haýbatly yşarat edip, tagtyñ mirasdüşerini Köş-güñ aýnasynyñ öñüne çagyrdy.
– Mana sinniñ ýangylyk ýollagan çaparyñ! Azandyn berü aýaklary ýirge ýetmegen, asmanda hallanlakgan...
Şazada Jelaleddin öz gulaklaryna, gözlerine ynanmady. Onuñ we-paly ýigitleriniñ biri – Gyzyl Goçak Köşgüñ gabadynda gurlan dar agajyndan asylgy durdy. Bu etmişi özüniñ-de ýigrimi ýyldan soñ Mesopatamiýanyñ düzünde üýtgewsiz gaýtalajagyny, ”Iñ uly duş-manymyñ öz ajalyna öldi habaryny getirip, meni namysa goýduñ!” diýip, ýaraly arslan kimin arlap, ýazyksyz çaparyñ ganyna galjakdy-gyny bilmezden, şazadanyñ bogazy doldy.
– Soltan atam... Kyzyl Koçak sinniñ duşmanlaryñ karşusyda ar ile suñuşdy, undyn ýeñiş söýünjini ýiberişmiz mana munuñ uçun.
– Ýakymlyg bolsar hem ýalgan söz kerek imes!
Şazada Jelaleddin başyny egdi. 261
– Minniñ bu ajunda islegim, atam, ol-da Çingiz hanyñ sülsadynyñ körejimiz birle deñle Horezmin torpagyga koýmazdyn, kül etsem. Duşman bizniñ illerge kirmese, uja kalalarymyzny ýykmasa, karaja başlarmyzny kesmese...
– Çingiz kaganny ýengen ýok! Ejuj-mejujny tañgan ýok! ”Sabyr Rahmandan, äwmek şeýtandan”! Bizge imdi lakin sabr-kanaat birle öz muhkem kalalarymyznyñ içide busan faideli! Samarkandga 140 miñ, Buharaga 100 miñ, Maru-Şahu-Jahanga 100 miñ suñuşçi be-rürmen! Koşunymnyñ kalgany berüde, Ürgençde bussun! Bu bir keçiji duşman, Horezminde turmaz, usy Kaf tagyda, bularnyñ soñy dahy Kaf tagyda ýetür. Ýawuz niýet birle Horezminde kalursalar, nejadyn özüm körsem, min öz welaýatymdyn koşun ýygmakga kitür ersem tiýürmin.
Şazada Jelaleddin ýuwudyndy.
– Ular-da adam imiş...
– Kes!
Şazadanyñ güni gypjak enesi Türkan hatyn onuñ ýumruk ýaly ene-başga inisiniñ elinden tutup, orta çykýar.
– Soltan balam, mana bu balany mirastüşer kylursen! Atasynyñ sözüni ýykgan baladan kara taş ýakşyrak!
Şazada Jelaleddin mirasdüşerlikden bir demde namut galdy. Başyny aşak salyp, Köşkden çykdy. Soñra ymgyr çölüñ içi bilen ygyp barýan Muhammed şa Tekeşiñ sulbasy ýeliñ ugruna gitdi. Samarkant, Buha-ra, Köneürgenç, Maru-Şahy-Jahan syndy. Adam kellesinden daglar döräp, al gan sil bolup akdy. Gan-kokuñ içinde soltan Jelaleddiniñ ar gylyjy lowurdap, yssy çölüñ içinde onuñ astynda ýüwrük türkmen aty dabyrady. Ýöne tozgun ýurtda oña daýanara daýanç ýok, Horez-miñ iñ soñky soltanynyñ ýüzi Günbatara, daglara garşy...
Şahadan sallanyp ýere düşen ýylan adam sypatyna girip, Baş oba müdirine öwrüldi.
– Bu Azyýa – diýip, ol Larine ümledi. – Ol gelýän – Çingiz han. Onuñ yzyndan sozulyp gelýäni gara bulutdyr öýdäýme, ol onuñ leş-geri. – Larin agzyny açdy. – Görjegiñ duşuñdan geçmesin!
– Men bulary komsomol-partiýa okuwynda geçipdim. – Larin ýalta pallajak boldy.
– Her kesiñ okan okuwy özüne nesip etsin, görübilmezçiligimiz ýok. Islemeseñiz, ygtyýar özüñizde, men bu çakyr süñkleri öñki ga-
262
byrlaryna süsdürip-de bilerin. Ýöne men size taryhyñ hut özüni gör-kezmekçi boldum. Ýogsam, partiýa hojaýynlaryna taryh okadylýar-myş-ş diýip eşidipdik, soñra olaryñ ondan goranyp bilmegi üçin...
– Bu tomaşañy dowam et, Azyýa meni gyzyklandyrýar.
– Azyýa kommunistlerem, anarhistlerem gyzyklandyrýar.
– Beçebazlary-da... – Larin perwaýsyz hüñürdedi.
– Bu ýeri – Orta Azyýa. Ikimiz häzir dünýäniñ iñ gyzgyn çölünde otyrys. Hany tabany çägä çaýkap al, Teýmirleñ gelýänçä, men saña Gün heýgenegini bişirip bereýin!
Kepjebaş tabany howurdan agaran ürgün çägäniñ üstünde goýup, içine bir bölek ak ýag oklady, soñra bäş-dört sany towuk ýumurtga-syny tabanyñ gyrasyna urup döwdi-de, taba çakdy. Iki sanysyny onuñ özi şol durşuna agzyna atyp, ýuwudyp goýberdi. Tabadaky ýumurtgalar dessine jazyrdap, töwerege ýag syçradyp, gowruldylar. Teýmirleñ gelip, bu ýurtda ýumurtga togarlabermeli edende, Larin ýumurtgadan geregini edinip, tomaşanyñ yzyny dokmäde synlamaga taýyn bolup otyrdy. Bir aýlawda ol:
– Bujagazlar dagyn nämejik?! Jenap ýoldaş Prezident, islese, mun-dan beterini-de görkezip biler. Ýöne biziñ taryhymyzda seniñ bu şama-şaýyrdyña orun ýok: Muhammed şa Tekeşi biz jenap ýoldaş Prezidentiñ ata-babasy diýip yglan etdik, onsoñ mongollar nämüçin ony ýeñmelimiş? Bu gepiñden syýasy duşmançylygyñ ysy gelýär.
– Ygtyýar özüñizde... – Ýylan ätiýaçlygy elden bermezlige çalyşdy. – Ýöne taryha el gatylsa, onuñ çyn bilen arasy bozulmazmy? Ho-rezm şalygy Çingiz hanyñ öñünde dyza çöküp, Russiýany mongol-tatarlara ýal etdi. Muhammed şa Tekeş…
Larin yssydan basylyp, ýalta pallady.
– Taryh näme? Ol şahsyýetiñ aýak tozy. Nämäni ýazga geçirseñ, seniñ ”taryh” diýýäniñ şoldur. Bizde galam-kagyz ýeterlik.
Ýylan çeýe delil agtardy.
– Ýöne ykrar edilse diý...
Larin gürrüñdeşiniñ türkanalygyna geñ galdy.
– Dünýäniñ öz hasaby bar, biziñ – öz. Halkyñ taryhy – jenap ýoldaş Prezidentiñ terjimahalydyr! Bu ýerde nähili çylşyrymlylyk bolup biler? Siziñ aýlawyñyz maña ýat görünýär. Muny size resmi suratda duýduryp goýmak meniñ borjum. Elbetde, entekler siziñ geljegiñiz
263
öñüñizde, soñky öwrüme çenli wagt bar, ýöne hüşgärligi elden ber-señiz, bilmedim.
Ýylan öz ýolunyñ uçudyñ gyrasyndan daşlaşmaýandygyny bilýär, bu gezek ol muny has-da içgin duýdy; emma rehimsiz hökmürowan-lara bu yssy toprakda özüniñ-de hilesiniñ barlygyny duýdurasy gelýäni çyn, eger bu çaka deñeç duýdurmadyk bolsa, onda ol minneti öz tebigy sowukganlylygyndan çekmeli. Bu zatlara asla pitiwa etmek islemeýän Larin üstüni-başyny kakyşdyryp, ürgün çägeden ýeñillik bilen turdy. Onuñ üstünden göçme üzüm dalbaryny aýryp, ýygnady-lar.
– Men gitdim. Paýtagta. Dogrusyny aýtsam, ýüregim bir zatlar syzýana meñzeýär, ýöne nämedigini özümem bilemok. Kim bilýär, belki kimdir biri geçmişi görkezip, bizi şu günümizden aýyrmak isleýändir?
– Muny nämüçin edendigimi özümem bilemok: belki, bu özüñden ökdä sarpa goýmakdyr. Belki-de, hökümdarlaryñ mydama meñzeş-digini duýdurmak uçindir?
– Sen ejizläp ýörsüñ öýdýän... Hoş onda!
Aýlampaçly uçak arlap, göge göterildi.
Bir özi galan badyna Musa Çöli gaýtadan ýylana öwrüldi-de, çölüñ içi bilen oba garşy gönüledi. Duşuşyk onda añrybaş ýakymsyz täsir galdyrdy, alasarmyk ýagdaýa saldy. Onuñ ykbaly gutarnykly pitige münen bolmasa-da ýagşydyr?.. Obada onuñ möhleti gutaryp barýar, paýtagtda-da nämäniñ garaşýandygy entek anyk däl. Süýnüp gidip oturyşyna ol çöpüñ düýbünde çugrulyşyp ýatan tikenleri jüýjäniñ tüýi ýaly mymyjak, entek gözleri-de açylyp ýetişmedik kirpi çagala-rynyñ üstünden bardy; olaryñ etiniñ-de jüýjäniñkiden enaýy däldigi-ne belet ýylan, kirpi çagalaryny ýüzüniñ ugruna lak-luk atyp geçdi. Ýylyñ bu günleri mundan datly lukmany nireden aljak?
Ertesi irden edara gelip, ýañy işe girişip-girişmänkä sekretar gyz Musa Çölüniñ gapysyndan boýnuny uzatdy.
– Ýoldaş müdir, Enaryñ ene-atasy geldi, näme diýmeli?
– Ýoldaş Baş oba müdiri!
– Ýoldaş Baş oba müdiri, Enaryñ ene-atasy geldi, näme diýmeli?
– Girsinler!
Tirkeşip kabinete giren är-aýala ýalta göz aýlan müdir: ”oturyñ!” diýen yşaraty etdi-de, ümsüm öz işine gümra boluberdi. Adamlaryñ
264
arasyna özüni ataly olaryñ endiklerinden özüne geregini edinendigini bu wagt onuñ her bir hereketinden görse bolýardy. Munuñ üçin zerur gedemlik, sowukganlylyk zannynda öñden ýeterlik bolansoñ, oña özüni beýle alyp barmak kyn düşüp duranokdy. Bir burçda ýazykly ýaly busuşyp oturan är-aýala ”barmysyñyzam?” diýmän, hamana, öz işine aşa gümra bolşundanam onuñ guýmagursak ýolbaşçylaryñ hi-lindendigi güman etdirýärdi. Musa gelenleri garaşdyrmak keýpinden çykyp, ahyrsoñy başyny galdyrdy, selçeñ gaşlaryny çytyp, sorag berdi.
– Keýpinemi ýa-da işlije geldiñizmi?
Är-aýal biri biriniñ ýüzüne seredişdiler. Uzynak garaýagyz trak-torçy Hoşgeldi özüne görä has akýagyz aýalynyñ ýüzüne garap: ”özüñ aýt” diýen manyda yşarat etdi. Şondan soñ folklorçy Enara meñzäp duran orta boýly dolmuş aýal çekinjeñ dillendi.
– ”Gelsin” diýen ekeniñiz, bizem geläýdik. Enaryñ ejesi-kakasy biz. Men-ä Badamjan, biýem meñ ärim – Hoşşy. Muña men ”Hoşşy” diýýän, çyn ady Hoşgeldi, il arasynda Hoşjan diýýäler.
– Kim Enaryñ? – Musa är-aýalyñ ýüzüne çynyrgadyp seretdi. – Enar bolanda, kim bolýar?
Aýalyñ sesi bu gezek ýuwaşdan gaýgyly çykdy.
– Folklorçy Enaryñ, araky ýylan çakan...
Müdir çaltlyk bilen ýerinden turdy. Gaýtadan aýalyñ ýüzüne sere-dende ol: ”agynjak özi!” diýenini duýman galdy. Soñam oturanlaryñ üstüne abanyp, olary ýerinden turuzdy-da, stoluñ başyndaky otur-gyçlara geçirdi, geplände haşyrdysynyñ artyşyndan tolgunmasy duýuldy.
– Geçiñ, geçiñ... Enaryñ ejesi diýseñizläñ! Uçursyz zehinli gyz. Işde-de, folklorda-da oña taý geljek ýok. Üýtgeş-şik maş-şgala! Onuñ belent derejelere ýetjekdigine men birjik-de şübhelenemok, ol biziñ döwlet baýlygymyzdyr. Men sizden ol baýlygy gözüñiziñ göre-ji ýaly goramagy berk talap edýärin! – Musa bu wagt gürrüñdeşlerine gezek bermeli däldigini ýadynda saklap, yzyny dowam etdi. ”Döw-let” sözüni eşidenlerinde, är-aýalyñ gobsunyşlaryny görensoñ, müdir has-da beter şelaýynsyrady. – Biziñ obamyz folklor boýunça eýýäm döwletimiz boýunça hormatly orunlaryñ birini eýeleýär, elbetde, bu-da Enaryñ hyzmaty. Ş-şonuñ üçinem biz sizden razy. ”Nädip beýle çagany dogrup bildiñiz?” diýesimiz gelýär. Onsuz biziñ obamyz
265
görküni gaçyrýar. Ýöne onuñ gelejegi paýtagtda, şonuñ üçinem bize muña guwanmakdan gaýry çäre galmaýar. Biz hökman guwanmaly! Ýogsa-da, Enaryñ ýagdaýy niçik, derman-däri gerekmi? Dogtorlar aladasyny edýärmi? Etmeseler, göni maña habar ediñ! Men olara berk tabşyrypdym. Aý, ol eýýäm sagalandyram-la, mör-möjegiñ zäheridir-dä, ondan adama zelel gelmez, aýratynam ýaş-ş maş-şgala, ha-ha-ha! Ýöne tersine bolaýsa welin, işiñ gaýtdygydyr! Bir gezek ýakyn garyndaş-şlarymyñ biriniñ agzyna bir adam ir bilen, tutup, tüýküripdir welin, ol Gün guş-şluk bolmanka, jan berdi. Gynanyp-gynanyp, towlanyp-towlanyp öldi. Maña ynanaýyñ, iñ güýçli awy adamyñ agzyndadyr!
– Wah-wah! – uzynak garaýagyz traktorçynyñ orta boýly akýagyz aýaly müdiriñ aýdanyna ýüregi bilen gynandy. – Adama adamdan gutulma ýok-da, biajal ölüm! Ýöne siziñ ol garyndaşyñyzyñ agzyna tüýkürilýänçä öwelip durmasy geñ, şoña düşünmedim...
Gepinde näsazlyk goýberendigini añan ýylan derrew yzyny düzet-mek, ýuwmarlamak bilen boldy.
– ”Garyndaş-şym” diýdimmi? Ýok, ol bir ýöne hälki gaty daş-ş-şky-la, çorbanyñ çorbasy, biziñ öz gumlymyz diýäýmeseñ, iki dogup bir galanym däl, özüñiz bilýäñiz, çöl-dä, birek-birege zol onda mun-da-munda duş-şýañ...
Badamjan daýza ”hümm” edip oñdy, onuñ gürrüñiñ ujuny ýitiren-digi bildirdi. Musa ätiýaçdan demini dürsemek hem indiki diýjegini çemelemek üçin aýnanyñ öñüne bardy, daşaryk seretdi. Edil konto-ryñ töweregindäki iki-ýeke taly hasap etmeseñ, giden meýdan şorlap ýatan boşlukdy. Salmanyñ iki gyrasyna mekgejöwen ekdireni jüpüne düşüpdir, ýogsam töwerek-daş küpürsäp ýatan şor, çöl – çölmi ýa-da oba çöl, bilip bilseñ bil-dä! Ol möwjäp gelen gaharyny sop-sowuk gözleriniñ iñ düýbünde gizläp, folklorçy gyzyñ ene-atasynyñ gowşak damaryny sermeledi.
– Bilmedim haýsyñyzdadygyny, ýöne siziñ biriñizde-hä çuñ zehin bar bolmaly. Ene-atasy körzehin çaga beýle zehinli bolup bilmez. Welaýat Ýaş-şulysynyñ-da pikiri hut ş-şeýle...
Badamjan daýza oturyp bilmedi, ol galoşly aýaklaryny jüpläp tutup, utanjyrady.
– Men boý gyzkam goşgy düzýädim. Ejem pahyr meni okuwa-da iberjek bolupdy ir döwürde, kakam etmändir... Soñam men tä başym 266
bogulýança ýeke özüm galsam, monjugatdy-zat aýdardym, öýi için-den gulplap. Ýöne soñ galdy o zatlar, bu illerde äre barañsoñ, başga zada eliñi degýärmi: ”Eýläm tärim, beýläm – ärim!” diýleni...
Musanyñ köhi geldi.
– Tapsañyzlañ ş-şeýle bir zady! Tarp ýerden zehin çykmajagyny kim bilenok? Haýp, ýöne bizde zehini gömmegi hiç zatça görenok-lar. Bu bir ýurt däl-de, zehinleriñ gonamçylygy! Giden bir öwlüýä! Äh-hem... Dogrusyny aýtsam, zehinleriñ özünde-de günä ýok däl, gepden-gürrüñden çekinýärler, gep-gürrüñem näme görüpçilikden çykýar. Alyp göreliñ, siziñ Enaryñyzy, onuñ bagty çüwdi welin, eýýäm töwereginde gybat ýaýrajak bolup durandyr, rastmy ýa ýok, aýdaýyñ?
– Wah, heý, bolmazmy, ilçilikde...
– Biz olara berk gaýtawul bereris! – müdir uzyn süýem barmagyny ýokaryk çommaltdy. – Ýöne esasy zat, siziñ öz gyzyñyzyñ zehinine guwanmagyñyz gerek. Ene-atanyñ öz gyzyna islendik ýagdaýda guwanyp bilýändigini görkezseñiz, bu siziñ hem biziñ bu asyrdaky iñ uly bilelikdäki ýeñşimiz bolar. Merhemetli jenap ýoldaş Prezident-de bizden hut ş-ş-şuny talap edýär.
Folklorçynyñ ene-atasy göwrelerine gelişmeýän çalasynlyk bilen tarsa ýerlerinden turup, bir akýagyz hem bir garaýagyz ýüze desbi-dähel many çaýdylar.
– Wah, menem şony diýýän-dä! – Badamjan daýza ot alyberdi. – Ýokaryk çekiliberseñ, öz biri-biriñem görüp bilenok, ”Enar eýlemiş, beýlemiş...” Gulak asma diýýän men kakasyna-da, ile gulak assañ, Aýda-da menek bar! Ýöne bu gürrüñleri ýatyrmak üçin onuñ başyny bellemeli…
Meseläni çözdüm edensoñ, müdir stoluñ bir çetindäki düwmäni basdy. Hamana, öñden gapynyñ tutawajyny elläp duran ýaly, sekre-tar gyz şol demde kabinete girdi.
– Bar, Enara ýazlan pul baýragy hem halyny alyp gel! Ýöne öñürti meniñ günortanlygymy getir!
Dem salymdan gyz ýaýbañ tabagyñ üstünde iki sany janlyja böwre-gi bökdürip gapydan girdi. Ol tabagy stoluñ üstünde goýdy-da gaýra çekildi, ganly böwregiñ ysyny alan müdiriñ boluberşine gorka toma-şa etdi. Är-aýal-da ýerlerinden turup, stoluñ üstünde goýlan geñ iýmite agyzlaryny öweltdiler. Müdiriñ terziniñ üýtgäp barşy mese-
267
mälimdi. Ol kimdir biri bilen gepleşip oturandygyny ýadyndan çyka-ryp, böwrekler bilen gara başyna gaý bolaýdy. Onuñ boýnuny süýndürip, ganlyja böwrekleriñ üstünden işdämen bakyşyny, lezzet bilen owsun atyşyny görmäge göz gerekdi. Badamjan daýza hem onuñ garaýagyz adamsy böwrekleri hamana özleri ýuwutmaly ýaly ýogyn-ýogyn gultunyşdylar. Eger edil bu wagt kimdir biri bulary kesesinden synlasa, onda, böwrekleri haýsy biriniñ ýuwutmalydygy-ny bilse, zor boldugydy. Tomaşaçylaryñ agzy ýuwdarhanyñkydan beter açykdy. Soñra ýagdaý kem-kemden üýtgedi, müdir ganly böw-rekleri ölemen gabanyp, onuñ daşynda öwrüm etmäge, agzyny öwel-dişip duranlaryñ üstüne abanyp, olary böwrekli tabakdan haşyrdap, kowmaga başlady. Är-aýal az salymdan otagyñ bir burçuna gysyldy-lar. Onsoñ bu täsin tomaşanyñ jemleýji bölümi başlandy. Müdir uzyn boýnunyñ çür başynda ogar-ogar oýnaýan kellesini tabagyñ üstüne egip, taýly gezek owsun atdy-da, böwrekleriñ birini demine çekdi. Burçda gysylyşyp duranlar muny görüp, allaniçigsi bolşup gitdiler. Müdir bolsa, boýnuny gözgyny süýndürip, ýuwudan böwregini añ-ryk ibermäniñ alajyny etdi. Soñra ol sähel salymdan beýleki böwre-gi-de ýuwudyp goýberdi. Tabagyñ daşyna gan damjalary syçrady. Müdiriñ boýny adatdan daşary süýnüp, ýumry iýmitiñ onuñ bokur-dagyndan geçip gidişi göründi. Haçanda goşa böwrek yzly-yzyna bogazadan ötüp, müdiriñ gözleri melul-melul süzlende, tomaşaçyla-ryñ-da ýüki ýeñledi, olar uludan dem alanlaryny duýman galdylar. Kabinetiñ hojaýyny stoluñ başyna geçip, birsalym lezzet bilen meýmiredi. Ol bu wagt burça gysylyşyp duranlary görýärdem, göre-nokdam. Gözleri garşysyndakylary açyk saýgaranda, ol, hamana, hiç hili geñ-tañlyk bolup geçmedik ýaly, gürrüñini edil üzenje ýerinden aldy gidiberdi.
– ...Ş-ş-şeýle, diýmek, biz zehinli, onda-da diýseñ zehinli gyz Ena-ryñ, geljekki üstünliklerine garaş-şmaga haklydyrys! Men onuñ üýtgeşik guýmagursakdygyny görenimden bildim, ýalñyşmandygym, ynha, indi belli boldy. Ýogsa-da, hany onuñ halysy! puly!
– Edil häziriñ özünde!
Sekretar gyz salymyny bermän, elleri sowgatly bu ýere gaýdyp geldi.
– Indiki ýyl bize bir täze traktor geljek – diýip, müdir folklorçynyñ kakasynyñ uguny ýekeledi. – Sesiñi çykarma-da iş-şläber, hökümet-
268
partiýa seniñ gadyryñy biler. Bu adamlara gulak assañ, aç galarsyñ, sen garnyñ doýanyny bil! Ine-de, gyzyñyzyñ gazanan baýragy. Bu entek diñe buşlukçysy, galany öñde, garaş-şyñ!
– Bor, garaşyp otyrys-da.
– Ýo-ok, öýüñizde garaş-ş-şyñ!
Är-aýaly kabinetinden çykaryp goýberen Musa özünden hoşal bo-lup, arkasyny kürsä berip, gözlerini süzermen boldy, emma ýetişme-di, Badamjan daýza uýala-gorka yzyna girdi.
– Gyzymyzyñ durmuşa çykmak ýagdaýy niçik borka? Obaçylykda bize şolam uly gaýgy boljak. Biziñ giýewi dannawymyz ýok, esasy zat – abraý hem galyñ.
Baş oba müdiri ”bizar-peteñimi çykardyñyz!” diýen terzde elini salgady.
– Men bu meseläniñ Býuroda goýulmagyny gazanaryn. Sebäbi bu döwlet ähmiýetli mesle. Toýuñ sähedi belenende, sizi habarly ederis – hoş geldiñiz, sapa geldiñiz!
Folklorçynyñ ejesi alkyş ýagdyrydy.
– Tañry ýalkasyn, eliñiz-gözüñiz dert görmesin! Siz uly iliñ hossa-ry, hernä Tañrynyñ özi jenap ýoldaş Prezidentiñ ömrüni uzak ede-wersin! Sizi-de, bizi-de onuñ saýasynda aman saklasyn!
Gapy ýapylaryna mähetdel Baş oba müdiri otagyñ aýnasyndan boýnuny çykaryp, lagta-lagta gan gusdy: ”...öz mertebesini bilýän iliñ ýylany bolaýsañ!”
Soñky hepde Baş oba müdiri welaýat merkezinden bu meselede degişli görkezmäni aldy. Ol tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin şol gün günortanlar obadan çykdy. Ýeñil maşynyñ burnunyñ aşagyna towla-nyp girýän urpak gumak ýola peýwagtyna seredip oturan Baş oba müdiri daşyndan diýseñ tukat görünýärdi. Enarly meselede ol inçe pirim gurdy, iñ bolmanda onuñ öz çaky þeýledi, emma, göwnüne bolmasa, beýleki başlangyçlaryndaky ýaly bu işde-de inisiatiwa onuñ elinden gidip barýana meñzeýär. Ol haýsydyr bir wakany döredip ýetişdigi, salym geçmänkä, onuñ synçysyna öwrülenini duýup galýar, ýogsam hyýaly – höküm etmekde; bu onuñ öz gowşaklygy-my ýa-da garşydaşlarynyñ çeýeligi? Enarly mesele-de eýsem hut şeýle bolmadymy? Ol kämilleşmeli, ýogsam onuñ ugran ugry – pe-tik.
269
– Seniñ, heý, öýlenmek hyýalyñ dagy-ha ýokdur-da? – diýip, ol obadan arany açansoñlar, öz sürüjisine perwaýsyz sorag berdi.
Bu wagt Gün süýr depä çykyp, içinde jany bary kölege gözläp ýör-meli edipdi. Töwerek-daşda iñlär siñek ýokdy, bolaýanda-da iñlemä-ge ýarajak däldi. Gögeýinler – başga gep, Baş oba müdiri adam sypa-tynda-da eýmenmän olara seredip bilmedi – ýakymsyz jandarlar. Olaryñ özüne näme ýamanlyk edip biljegini bilenok, ýöne gorkusy aýrylanok. Eýsem Şalydan oña näme zyýan gelip biler? Bu belli däl, ýöne timisgenip ýörmesi gorkuzýar. Musa sürüjisine gyýa garap, jogaba garaşýandygyny bildirdi.
– Obada syýasy taýdan örän taýýarlykly bir maşgala bar. Men şo-nuñ aşygy, onuñ-da göwni mende ýaly – Şaly gedemlik bilen alky-myny galdyrdy. – Menden mynasyby tapmak oña başartmasa gerek, galan oglanlaryñ hemmesi gurluşyk batalonynda gulluk edenler. Meniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ ynamyny ödäsim, öz saýlap-seçenim bilen onuñ şahsyetine sejde edip ýaşasym gelýär. Arman, ýönekeý oba sürüjisiniñ jenap ýoldaş Prezidente öz wepasyny subut etmäge mümkinçiligi o diýen kän däl-dä. Bu, elbetde, barypýatan adalatsyz-lyk!
– Gaty dogry aýdýañ. Men seniñ bilen müñde bir razylaşýan. Bu dünýäniñ adalatsyzlygy tükenjek däl, ol seniñ ýaly watançylaryñ müñlerçesiniñ ak gar ýaly päk arzuwlarynyñ, hyjuwlarynyñ we yl-hamlarynyñ içine sogan dograýar! Ah, dünýä! Ah, pelek! Ýöne, ynha, käwagt adamynyñ birdenkä aşygynyñ alçy gopaýmasy-da bardyr. Seniñem bagtyñ getirdi, Şaly, sen bu gün-erte Enara öýlenýärsiñ! – müdiriñ sesi bu gezek dabaraly çykdy.
Ýöne oña derek Şaly tüýküligine düwündi.
– O nähili? O nähili men Enara öýlenýärin? Men onuñ bilen tirkeş-mesem näme?! Ýok, ýok, men ony başarjak däl, gyz maşgala boý bolmasa, gyzygy ýok...
– Onuñ boý däldigini saña kim aýtdy?
– Ýylan çakanda, gananok... ganjarýar.
– Şony bileniñ üçinem... sen oña öýlenmeli bolarsyñ.
Şalynyñ dili tutuldy.
– Men... me... me...
270
-
aysyzgije
13 years ago
- – Edil özi, hut sen! – Musa äwmezek gürledi. – Ganhorlar, adam öldürenler, elbetde, türmäniñ daşyny guçmaga mynasyp. Ýöne sen mañlaýly ýigit ekeniñ.
– Men hatda adam öldüreniñ ýanynda-da durup göremok! – diýip, Şaly uly ili bilen gygyrdy. – Onsoñ men nämüçin türmäniñ daş ýas-sygyny guçmalymyşym?!
Onuñ bu sözi Baş oba müdiriniñ ýeñse damaryny kiriş ýaly etdi. Musa jäheksiz agzyny giñden açyp, onuñ ýüzüne awusyny pürkerli göründi. Ýöne özüniñ kimdigi hem nirede ýörendigi ýadyna düşüp, ýuwaşady, kinaýaly gürledi.
– Eý, akja jüýje, sen, heý, Öweziñ nädip ölenini-hä gören dälsiñ-dä? Ol nä, ýatdy-da, ýöne çabalanyberdimi? Beýle bolsa, meselem, sen nämüçin şeýdip öläýeñok, hä? Belki, kimdir biri Öweziñ kellesi-ni alandyr?
Şaly gürrüñdeşiniñ ýüzüne agzyny öweldip seretdi, ol öz gulaklary-na ynanjagyny-da bilmedi, ynanmajagyny-da. Ol öz boýnundan ýo-gyn syrtmagyñ howlukman ilip gelýändigini duýdy, hopukdy. Bu beladan başyny gutarmak üçin başardygyndan gep owadanlady.
– Öwez çekimde päk zähmet çekip ýörkä gahrymanlarça wepat boldy. Onsoñ zähmetkeşleriñ islegine görä, gahrymançylygyñ bolan ýerine jenap ýoldaş Prezidentiñ ady dakyldy. Öwez şehitleriñ sanyna girdi. Biziñ duşmanlarymyzyñ ony o dünýäden gelip öldürip giden bolmagy-da ahmal. Olar bizi ýüzügara etmek üçin hiç zatdan gaýtmazlar.
– Belki, sen ony iñ soñky gezek haçan göreniñi aýdarsyñ?
– Elbetde, men ony ölmezinden öñ gördüm. Bir gün irden işe gel-sem, ol çekimiñ daşynda aýlanyp ýören ekeni, özem kä ýerde-kä ýerde aşak oturýar, kirşeniñ üstlerini siññin synlaýar, seredişi gaty ykjam. Töwerek ýañy ýagtylyp barýardy, men ol wagt traktor sürýärdim. Ana, onsoñ Öweziñ bolup ýörşüni geñ görüp, men ony kesesinden synlap durdum.
– ”Näme how – diýdim, – ýitirdiñmi bir zat? Ýer bilen ýaman yh-lasly-la?” – ol dikeldi-de, ap-ajy ýylgyrdy. Men haýran galdym. Dañ bilen adamyñ beýle ajy ýylgyryşyny men öñ hiç wagt görmändim, ýogsam, özüñiz bilýäñiz, men nyzamly goşunda gul...
– Ony bilýän, yzy!
Maşyn siltenip, ýoldan çykjak-çykjak boldy, ýene dograldy.
271
– Hawa, onsoñ ol başyny ýaýkady, uludan demini aldy, birini göz-leýän ýaly garanjaklady, dymdy. Neressäñ bokurdagy gurap duran bolarly, geplejek bolanda, kän wagtlap ardynjyrady.
– ”Ýiten zada-ha bar-la welin, arman, yzyndan ýeterden güýjüm asgyn gelýär. Bir peläket ukudakam, ejizkäm her gije gelip, meni bogup gidýär. Adam, uklasa, biçäre. Şunça oýanaýyn diýýän welin, eger oýanyp bilemok, olam gelip bokurdagyma münýär, demimi berenok.”
– ”Ol” diýýäniñ kim?”
Öwezem ýene ýañky aýdan ýylgyrmamy etdi.
– ”Kimdigini bilsem, bolaýmajakmy? Ol maña kimdigini aýdýar-my? – soñra ol gapylary kül-uşak bolup ýatan, penjireleri goparylan Bakja garşy elini salgady. – Şunda bir bela barmykan diýýän. Gijele-rine bu taýy ümsüm däl... Elime panusy alyp, içine aýlanyp gaýdýan, hiç kim ýok, çykdygyñam, ýene yzyñda iññildi... Ýeri bolýar-da – diýip, ol soñra gürrüñi başga ýana sowdy. – Ýör, çaý içeli, tañkany oda goýupdym, gaýnandyr.”
– ”Eýýäm odam ýakyp ýetişdiñmi?”
– ”Hüm-m... – Öwez hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Uzyn gije ot ýakyp geçdiñmi diýsene? Maña ýatuw barmy? Meniñ yzym köle-geli...”
Ol gözlerini süzüp, uzaklara gaýgyly seretdi. Şonda men onuñ çek-ge damarlarynyñ dartylyp gidişinden dişlerini gapyşdyryp gyjynýan-dygyny bildim, gulagyma onuñ azy dişleriniñ gyçyrdysy geliberdi. Biz onuñ gije ýatan ýeriniñ beýle ýanynda, oduñ başynda oturyp, ajy gök çaý içdik. Ol ikimiz ganybir aga-ini ýalydyk. Öwez öldi – me-nem ýetim galdym. Men bu hakynda eýýäm ähli gazetlere interwýu berdim, radioda, telewideniýede-de çykyş etdim. Halk meniñ çykyş-larymy gowy kabul etdi. Bu hakynda dokumental tassyklamalar oba arhiwinde saklanýar.
– Meniñ gazet okamaga wagtym ýok, özüñ bilýäñ, hojalyk işleri meni halys alyp ýatjak... – Müdir köpbilmişlik bilen kellesini öñe salgady. – Sür, ş-şuş-şu ýerden jenap ýoldaş Prezident adyndaky çekime!
Az salymdan Şalynyñ maşyny gugaryp ýatan çekimiñ çetinde sak-landy. Musa maşyndan düşüp, ýurda belli äpet suratyñ ýüzüniñ toza-nyny süpürişdirdi-de, pagta ýüklenýän çukuryñ gyrasyna ýöneldi. Ol
272
çukuryñ gyrajygynda howply oýun görkezmäge taýynlanýan dar-bazçy kimin leññer atyp durdy.
– Ş-ş-şaly! Bärik! – onuñ sesi çekimde güñleç hem haýbatly ýañ-landy. – Düş-ş maş-şyndan!
Ýüregine gorky kürsäp uran Şaly aýaklaryny sandyradyp, Musadan gözlerini aýyrman, maşyndan düşdi. Onuñ ulag bilen ganawyñ ara-lygyny geçmegi uly görgülige aýlandy. Atuwa höküm edilen je-naýatçy dek, her ädimini gorka ätläp, ahyrsoñy Musanyñ elýeterine geldi. Şol wagtam ol öz töwereginiñ bar-ha garalyp, özüniñ gara basýan ýaly hala düşendigini duýdy; Musanyñ çakyry çykan sesi indi onuñ süýr depesinde ýañlandy, ol edil kellesine kerpiç degen ýaly entiredi; çakyr ses onuñ gulagyny gazady, batnyksyz haşyrdy gula-gyna golaýlanda, gözleri köwlenen kör dek ellerini öñe serip, ýapy-şalga gözledi.
– Beýle tomaş-şany sen kyýamatda-da görmersiñ! Sere-et, seret! – bu tümlükde Şala Musanyñ sesinden başga ýapyşalga galmady, şo-nuñ üçinem ol howatyr edýän haşyrdysyna garşy ýöredi. – Se-e-re-et, gö-özüñ – nä-äme-e – gö-rýä-ş-ş-ş!
Bu wagt Şalynyñ gözüniñ öñünde şeýle elhenç görnüş janlandy. Ol gijäniñ ýarynda öz traktoryny tarladyp, öñündäki ganawyñ günbatar çetinden aşak okdurylýar, çukuryñ içinde bolsa, Öwez nämedir bir zady gözlenip, ýer sermenip ýör, onuñ elinde ne çyra bar, ne yşyk...
– Aýryl! Sowul ýoldan, Öwe-eez! – ol garabasýanyñ boguk sesi bilen çukuryñ gyrasyndan aýylganç gygyrdy.
Öwez ”diýýäñmi-de?” diýenok, gaýta kellesini Şalynyñ traktorynyñ gelýän gapdalyna öwrüp, öñküdenem beter aşak ýapyrylýar. Şalynyñ bolsa gözleri depesinde, ol ganawyñ kertiniñ üstaşyry nirädir añryk bir ýerlere seredýär; huşy başyndan göçen Şaly çukuryñ gyrasynda elini serip, ikiýana elewreýär, gygyrýar, onuñ süýr depesinde bolsa, Musanyñ içýakgyç gülküsi pelesañ urýar.
– Ha-ha-ha-ha! Ş-ş-şeýle-ş-ş!
– Dur! ”Dur!” diýdim men saña, Öwez! Traktoryñ öñünden sowul!
Şaly garañkynyñ içinde özüni bu beladan gutarmak üçin traktoryñ öñünden çykaýyn diýip, ganawyñ gündogaryna ylgady. Emma ol ýetişmedi, hemme zat edil geçen güýz gijesindäki ýaly bolup geçdi. Traktoryñ üstünde oturan Şaly çukuryñ gyrasynda elewräp ýören Şala: ”Maña diýýäñmi ýa ite diýýäñmi-de?” diýmedi, oña garşy gañ-
273
rylybam bakmady. Musa bolsa, edil ýüreginden turýan geñ-enaýy tomaşany görýäni üçin ellerini çarpyp, şol ”ha-ha-haýlady” durdy, ol Şalynyñ perişan halyna heziller edindi. Şol barmana-da, traktor gum diwara garşy arkan serpilen Öweziñ dikana üstünden geldi. Büdenek-läp, onuñ iñ soñunda kellesini öz traktorynyñ ýalaw ýaly pilçe-azallarynyñ aşagynda goýşuny Şaly içini aýylganç çekip synlady. Gaýtadan çukuryñ gyrasyna dyrmaşyp, oýuñ gyrasy bilen traktory-nyñ garşysyna emedekläp barşyna ol Öweziñ betbagt kellesiniñ añry-lygyna togalanyp gidenini, Öweziñ ony alyp, gaýtadan ýerinde oturt-jak bolşuny gördi. Etjegi bolmansoñ, gany joralanýan gara kellesini ýere gaçyryp, onuñ läşi Şalynyñ edil gözleriniñ alnynda elhenç jebir bilen düýrülip-ýazyldy, dyzanaklady...
Şalynyñ haýkylygyndan ýaña gum-gukluk bolup ýatan çekim ler-zana gelip, onuñ sesi allowarrada işleşip ýören daýhanlaryñ ýüregini sarsdyrdy, emma jyzyrdadyp ýakyp barýan Günüñ astynda köýüp ýören görgüliler muny ýagşylyga ýordular: ”Ertir erbet jala geler, bizem bir gün dynç alarys!” Şaly öz haýkylygyna köki sogrulan içi pakyr agaç kimin ikiýana leññer atdy, soñam kirşeniñ üstüne jalkyl-dap gaýtdy. Ol birsalym Musanyñ gözüniñ alnynda guma agynady. Musa tolgundyryjy ýagdaýa düşdi, ol maşynynyñ ýanyna gidip, özi üçin içer ýaly suw getirindi. Şalynyñ başujynda oturyp, owurtlap içdi. Agzy kepäp ýatan Şalynyñ kem-kemden özüne gelerine sabyr-lylyk bilen garaşdy, oña suw dadyrdy. Kepjebaşyñ ýüreginde rehim-sizligiñ ýetmezçilik edýäni bildirdi.
Şaly özüne gelensoñ, gözlerini açmaga gorkup, ýene birsalym ýat-dy, soñra gabagyny galdyryp, öz başujuny saklap oturan adama kü-tek agyrydan sarsgyn alan gözleri bilen dykgatly seretdi; şonda onuñ çekgelerine ýelmeşen täsin gulajyklaryny, ýylanyñka meñzeş tenini, ýap-ýasy alkymyny, saçy seýrek ýylçyr kellesini gördi, üstüne aba-nyp oturanyñ sowuk gözleri onuñ endamyny dyglatdy, ol kirşeniñ üstünde ýatan ýerinden bir gyzdyrdy, bir üşetdi; ol häzir birnäçe aýdan bäri gapdallaşyp ýören adamsynyñ gözlerinde ozal görmedik alamatlaryny saýgardy, ysgynsyz göwresine erk edip bilmän ýatdy. Ol nädip bu gorkunç adamynyñ eline galdyka? Kim Şalyny munuñ elinden alar? Bu adam birdenkä ony öldüräýmez-dä hernä? Ýadyna ölüm düşende, Şalynyñ bütin göwresi elendi. Bu görnüşden tiz ýadan
274
Musa onuñ boýnundan tutdy-da, gaty ýeriñ üstün basyp, süñksüz elleri bilen,demligini mylaýymdan berk gysyp ugrady...
– Larin kim?..
Şalynyñ jany bokurdagyna geldi.
– Bilýän bolsam, takyr tümmek bolaýyn!
– Halymsyrama!
Musa Çöli öz pidasynyñ demligini öñküden-de beter gysdy.
– Onuñ çyn adyny bilemok, ýöne häzir haýsydyr bir ”Şyh” Larin bolup işleýär-r-r... bokurdagymy goýber! Hoja, seýit, ors, pars, türk ýa-da garaçydyr… Hakynatutmanyñam bir milleti bolarmy: Larin – Larindir-dä...
– Däliniñ müñ gepi telek, bir gepi – gerek… Akylly gürrüñ... – Baş oba müdiri pidasynyñ bokurdagyny gowşatdy-da, gürrüñi derrew özi üçin gorkusyz ugra sowdy: – Dünýäde adalat galmady! Ah, dünýä, dünýä! Dost dosty ş-şeýle doñýüreklik bilen öldürer diýip, kimiñ kellesine gelsin?! Kimiñ! Ýeri, näme diýip, näme aýdarsyñ, goñşy goñşa, oba oba, adam adama ýagy! Olar biri-biriniñ çignini gemir-jek! Ýok, hemmesi gutardy! Gutardy! Neneñ gutarmasyn, adamlar biri-biri bilen ilki-hä saçagyñ başynda bile oturýarlar, arak içýärler, soñundanam onuñ kellesini kesip, güýz gijesi arkaýyn öz öýlerine ýatmaga ötägidýäler! Eger-de muny eş-şitmeli edaralar eşidäýse, kim bilýär, yzy nämä ýazjak? Ýöne bu jenaýaty göreniñ welin, muny olara ýetirmek, elbetde, jana-jan borjy. Ellerine takyk maglumaty alan hökümet edaralarynyñ beýle elhenç jenaýaty edene nähili jeza berjekdigini bilibermeli. Çekimiñ garawulynyñ kellesiniñ nämüçin alynýandygyny kim bilenok? Derñew başlandygy geçen ýylyñ hasy-lyndan näçe ýetmeýändigi derrew belli bolar. Onsoñ Gulluşyñ tarpa-taýyn ölümine gözi gidenler tapylsa gerek. Olar ertiriñ özünde gan-horyñ ellerini syrtyna dañyp, obadan südürläp alyp çykarlar. Men ony edil ş-şuş-şu wagtam görüp durun! Heý, bu ýerde düşnüksiz zat barmy? Kim muña geñ galar? Ýok, geñ galan tapylmaz, ol kümsük jellada uly il nälet okar: nälet! nälet! nälet! Wah, Öwez neresse... Ol nähili zähmetsöýer, ynsaply hem hoşgylawdy!
– Ýoo-ok! – Şaly jynssyz gygyrdy. Ol edil gummajäjegi pozulan çagajyk kimin bagyryp, gum tozatmaga oturdy. – Ýo-ok, men Öwezi öldüremok! Sen özüñ gördüñ, meniñ traktorymyñ aşagyna ol öz aýa-gy bilen gelip girdi, men günäkär däl!
275
Musa onuñ samany çykan saçlaryny şagyrdadyp sypalap, başardy-gyndan köşeşdirdi.
– Düş-şünýän... düş-şünýän... dünýäniñ doñýürekligi çakyñ däl, käşgi biziñ adam ş-şekilli... äh-hem, kanunlarymyz bolan bolsady, gör, nähili gowy bolardy Emma, heý, bu biweç dünýäniñ adamynyñ ahy-zary bilen işi barmy, kelle keseni ”sen günäkärmi?” diýip dur-man, gös-göni gümlama iberjekler, elbetde, diñe üsti açylsa! Açyl-masa, tersine, wezipesi beýgelibem biler, özem kelläni näçe köp kes-digiñçe, ş-şansyñ ş-şonça-da artyk. Bir kelle kesen jenaýatçy, müñ kelle kesen – serdar! Ýöne, hany, ýönekeý oba oglanynyñ kelleden dag ýasamak mümkinçiligi barmy näme? Ol, añry gitse, ýekeje kelle kakyp bilýär, olam, soñ görseñ, hut öz obadaşynyñ kellesi bolup çykýar. Ýöne munuñ üçin onuñ gadyryny biljek barmy? Ýok, tersi-ne, derrew zeýli zyndana atjaklar. Bary-ýogy ýekeje kelle üçin! Ah, bipeýan dünýä! Namart dünýä! – müdir sözüniñ arasyna dyngy be-rip, öz pidasyna işdämen nazar aýlady, aýak astynda guma bulaşyp oturan ýaş ýigide onuñ tasdanam haýpy gelipdi. – Bu bolýan zatlara hiç akylyñ çatanok, heýem adam adama beýle-bela sütem edermi? Partiýanyñ çagyryşlaryndan: ”Adam adama – dostdur, dogandyr!” Eger-de biz özümizi araga-ş-şeraba berip, çem gelen ýerde ýatyp-turup, öz obadaşlarymyzyñ kellesini pyzlawuk kädi ýaly kakyp ýör-sek, gören ýerde çüýş-şe döwüp, dünýäni çüýş-şe döwüginden dol-dursak, onda biziñ nesillerimiz soñra nirede süýş-şeneklesin? – Musa Şala garşy eglip, onuñ betbagt başyny öz gursagynda goýdy, kirşeni-ni tozadyp, saçyny sypady. – Ikimiziñkem kyn. Ýöne ol hiç, munuñ ýaly ýagdaýda esasy zat – özüñi ýitirmezlik. Gel, bileje pikirlenip göreli, öz geljegimizi biziñ özümiz getirmelimi ýa-da başga biri? Elbetde, baş-şga! Ikimiz ony getirip bilmeris, onuñ üçin atyñ ýüregi ýaly ýürek gerek, ýöne olam – tüf! – diýmäýin diýsem, her kimde ýok, meniñkem özüme gerek; ýöne sen hötjetlik etme, ýogsam bagt guşy seniñ depäñe gonmagyñ deregine gözüñi çokaýmasyn! Bir zady bilip goý, seniñ ol guşdan gaçyp sypjak ýeriñ ýok! – müdir ýerinden turdy, çaky ol indi öz keýpihon monologyny ahyrlap barýardy. – Hany, tur ýeriñden, tur! Indi seniñ bilen düş-şnükli gürrüñ bar. – Şaly yra-dara ýerinden turdy, hassa haýallygy bilen üsti-başyny ka-kyşdyrdy. Musa jemleýji pelsepe otarýan şekilde gürrüñini dowam etdi: – Elbetde, Enar ýaly päkize gyz seniñ kimin jenaýatça mynasyp
276
däl, görş-şüñ ýaly, seniñ ýeriñ zyndanyñ töründe, sen Enaryñ näzik bilini däl-de, eýsem zyndanyñ sowuk daş-şlaryny guçmaly, ýöne biz seniñ özüñ bilen deñ bolmarys. – Musa şeýle diýip, edil drama aktýory kimin ajaýyp pauza saklady we öz sürüjisine tüýs ýürekden möññürip goýbermäge wagt berdi. Şaly mundan ussatlarça peýdala-nyp, gugaryp ýatan çekimi ýañlandyrdy. Alyp barýan terbiýeçilik işiniñ netijesine göwni ýeten Musa-da hamsykjak ýaly etdi, ýöne öz tebigatyndan uzaklaşmady. Eline gelen awuny lak-luk atyp goýber-mezden öñ ol pişigiñ syçany edişi dek ýene birki gezek onuñ o taýy-na-bu taýyna kakyp gördi: – Onda, diýmek, sen türmä gitmäge razy-da?
– Ýo-ok! – diýip, Şaly dişinden syzdyrdy. – Razy däl! Men türmä-de gitjek däl, Enara-da öýlenjek däl! Men syýasy taýdan sowatly gyz almakçy. Meselem, Syýagüli!
– Onuñ aýaklary gowky ahyryn! – müdir öz sürüjisiniñ mädesiniñ iriligine haýran galdy.
– Oña derek – ol partiýa agzasy! – diýip, Şaly ýüregini dökdi.
Bu gezek ýylanyñ sesi hökümli çykdy.
– Oña derek Enar – jenap ýoldaş Prezidenti gören! Bu ýerde kelle döwesi iş ýok, sen Enara öýlenmeseñ, ol saña äre çykýar. Bu Býuro-nyñ karary, düşnüklimi?!
Şaly lak boldy. Wakanyñ aýratyn mana eýe bolmagy ony öz gözü-niñ öñünde bir gez beýgeltdi. Ol düýbünden başga terzden gopdy, salykatlylyk bilen ýerinden turdy, üst-başyny kakyşdyrdy.
– Toý haçan?
– Onuñ habary indi gelmeli. Toýda seni partiýa agzalygyna almak barada-da karar bar, ykjamlanyber. Ýöne bilip goý, Enaryñ islegine garşy giden günüñ – iş-şiñ gaýtdygydyr! Ş-şol günden soñ görjegiñ – türmäniñ aýşy-eşreti bolar. Gyzy eliñ aýasynda sakla!
– Düşünýän... – Şaly boýnuny burdy.
Baş oba müdiri uzaga bakyp, öñdengörüjilik bilen pelsepe satdy.
– Ählihalk deputatyny dört diwara gabap, üstünden ärlik satyp ýö-rüp bolmaz, ol bir erkin guşdur. Ol bütin jemgyetiñ baýlygy, ol milli baýlyk! jemgyetiñ öñdebaryjy böleginiñ adyndan berk duýduryp goýýaryn: Enaryñ aýdany – aýdan, diýeni – diýen bolmaly. Sen er-tirden... ýok! – düýnden baş-şlap, özüñi onuñ hyzmatkäri diýip ha-
277
saplarsyñ! Onda toýa taýynlyk görüber, al, saña sowalga, suwa düş-ş, saçyñy aldyr, üst-baş-şyña seret. Nähili toý etsem diýýäñ?
– Elbetde, dabaraly! Ilde ýok toý! Goşundan harby orkestr çagyr-maly bolar.
– ”Guş-ş ganatsyz bolmaz, adam – arzuwsyz!” – Musa ýañsylady, onuñ erni-de azajyk gyşaryp gitdi. – Seniñ päk arzuwyñ hasyl bolar, begen! Seniñ toýuña wezipeli adamlar geler, hatda Býurodan-da wekil gelmegi ahmal, geñ galma. Asla sen indiden eýläk hiç zada geñ galma, ýaşa... Ýaş-şaýyş-şdan lezzet al!
Soñra olar müdir bilen yzlaryna, oba gaýdyp gelýärkäler, ertesi gün üsti naz-nygmatly stollaryñ başynda oturyşlaryny göz öñne getirdi... Toý, dabara, şatlyk, iýgi, içgi, welaýat häkiminiñ hut özi gelip, onuñ nika toýuny gutlaýar, onuñ bu welaýatda nyzamly goşunda gulluk eden ýeke-täk ýigitdigini ýörite belläp, toýuñ çelpegine ýetişmändigi üçin ötünç soraýar, oña öz eli bilen arak guýup berýär. Huşy göçen Şaly bulgurlary yzly-yzyna başyna çekýär, dabara dik asmana göte-rilýär. Bir görse-de, gijäniñ ýary, daş-töwerekde toýuñ şowhuny, olar bolsa, Enar bilen bir düşekde çolaşyp-çyrmaşyp ýatyrlar. Ýöne bu wakanyñ bolmagyna entek wagt bar, häzirlikçe müdir ikisi gumak ýoldan torgaýlary ürküzip, öñe okdurylyp barýarlar.
”Bu bolýan zatlara seretsen-e... – müdir içini gepledýär. – Gö-räýmäge, bu welaýatda indi ondan güýçli adam ýok. Welaýat häki-miniñ özi-de, ondan eýmenýär, onda-da ugran ugry – garañkylyk, basan ýeri gap-çanak. Folklorçy Enar, onuñ ”tur, otur-kersen getiri” ondan öñürti Ählihalk deputaty boldy. Onuñ indi bir aýagy paýtagt-da. Paýtagt, belki, folklorçylaryñ yzyna düşüp, bu ýere göçüp gelen-dir? ”Tüf!” – müdir agzyna giren çägäni gyçyrdadyp, gapdala tüýkürdi. – Durmuşyñ göze görünýän bölegi bar, görünmeýäni bar. Olar biri-biriniñ dowamymyka? Görünýän hem görünmeýän bölekler sepleşip, bir bütewi ýaşaýyşy emele getirýärmikän? Belki, ol entek adamlaryñ ýaşaýşynyñ düýbüne ýetip bilen däldir? Ol olary tanap ýetişdimi? Häzirlikçe onuñ öwreneni: adamlara öz diýenini etdirmek. Munuñ üçin ol ýylan jadysyny ulanýar, ýalbarýar, haýbat atýar, ant içip, awy ýalaýar, hile gurýar... Ýüz ugruna bitmedik işini şeýdip bitirýär. Bitirýärmikäm diýýär. Emma bir aýlawda görse, bitirdim eden işi öñki ýerinde ýatyr. Adamlar şeýle bir hile tapýarlar, hoşuña gelsin! Olara doly erk ýetmäge okumyş ýylanyñ güýji ýetmese nä-
278
dersiñ. Her ädimde adamlaryñ sapagy onuñkydan üstün çykarly gö-rünýär. Nädip? – ýylan ynjalygyny ýitirdi. Soñra ol şeýleräk netijä geldi: – Adamlaryñ okuwynyñ zor gelýäniniñ düýp sebäbi, olar biri-birini aldaýarlar, kast edýärler, zadyny ogurlaýarlar. Onsoñ biri-birinden asgyn gelmejek bolup, gije-gündiz gözlegde, aýaklaryny uzadyp, arkaýyn ýatjak gümanlary ýok. Biriniñ tapan emelinden beýlekisi öñe geçjek, täze pirim edinjek, üçünjisi bu tapylan pirim-den gutuljak, onsoñ ol ýene-de bir açyş edýär... Şeýdibem durmuş, ýaşaýyş çylşyrymlaşyp gidip otyr. Onuñam bir çeti gelip, çöle degýär. Ýogsam ol öz dogduk depesini terk edip, bu ýürekbulanç ys-koklaryñ arasyna gelermidi? Adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolarmydy? Gelipdir – tañ edipdir, öz maksadyna ýetmek üçin ol indi näme etme-li? ”Namartja olam, sagja olam” diýip, yzyna gaçmalymy? Nä ýüzü-ne çöle dolanyp barsyn? Ol taýda onuñ orny kül üstünde bolar. Bet-nyşan alahöwreni nätjek? Ol diñe ş-şu waka garaşyp ýatandyr. Kep-jebaş ysgyndan düşüp, yzyna gaçyp barsa, onuñ göhi gelmezmi? Ol ähli gum depelerini süýşenekläp aýlanyp çykmazmy? Çölüñ depe-sinden inen ähli betbagtçylygy Kepjebaşyñ ýazygy edip goýmazmy? Onsuzam günsaýyn daralyp barýan çöl soñra Kepjebaş üçin darajyk kapasa dönmezmi? Kemsidilip ýaşamagyñ ölümden nämesi gowy? Ol müzzermeli däl, gidişmeli, asgyn gelen ýerinde zäherini, ýogsa-da jadysyny ulanmaly, nämüçin ol özüni ýa-da kimdir birini gaýgyrma-ly? Kepjebaş üçin çydap bolmajak diñe bir hasrat bar, ol hem bu biweç adamlardan ýeñlip, çöle dolanmak. Ol ölümden gorkanok, bir başa – bir ölüm her ýerde-de bardyr, ol başyny dik tutup ýaşamak bagtyny gidermekden gorkýar. Ýeriñ aşagynda busup ýaşar ýaly ol nä eýse gömülgenmi?! Ýok, Kepjebaş başyny dik tutup ýaşar, ýogsa-da ölüm!
Kepjebaşyñ sowuk gany ýene-de gaýnara golaý geldi. Ol ikiýana owsunýanyny bilmän, gapdalyndakyny kemsiz gorkuzdy. Bu wagt ol özüne erk ederden ejizdi. Müdiriñ her bir hereketini gabak astyndan synlap oturan Şaly arasynda halys ynjalykdan gaçýardy. Muny duýan ýylan özüne zoraýakdan basalyk berdi. Şala öýkünip, kirşenli ýola gözlerini dikdi. Ýöne loñkuldap, ýoly kesip geçen dok atýalma-ny görende, owsunanyny duýmady. Şaly öz hojaýynyna garşy ýene-de gözleriniñ gyýtagyny aýlady.
279
– Ýalman... – Musa ony ynjaltmak üçin başardygyndan per-waýsyz seslendi. – Düşnüksiz jandarlar, gowy görjegiñem bilip bolanok, ýigrenjegiñem – edil adamlar ýaly...
280
14. Garañky çyralar
Gowy görülse-de, erbet görülse-de, jenap ýoldaş Prezident ömrüniñ dowamynda hiç haçan ätiýajy elden bermedi. Çünki, onuñ göwnüne bolmasa, bu ýerde bir geñlik bardy: şol bir gylygy üçin kimse ony gowy görse, kimse ýigrenerdi. ”Diýmek, gep seniñ gylygyñda däl, kimligiñde” diýip, ol mundan özüçe netije çykardy. Kyn ýeri, onuñ kimligi uzak wagtlap belli bolmady: itde san bar, onda ýok. Näçe kemsinse-de, onuñ üýtgedip bilen zady bolmady. Özünden ökdeleriñ kölegesi ony eýikdirmedi. Onsoñ ol niçik ýoly saýlap almalydygyny bildi, onuñky göze ilmezlik. Ol öz-özüniñ kölegesine öwrülmegi başardy: baram ýaly, ýogam ýaly! Özünden wezipesi uly näme iş buýrsa-da, kiçi näme iş buýrsa-da, ýüzüni çytman ylgady. Şeýdibem, ol ahyrsoñy Günüñ aşagyndan özüne ýer edindi. Ony bu dünýä sy-gyrmajak bolanlar, soñra bir aýlawda onsuz gününi görüp bilmez bolup galdylar. Ýumuş oglany bolmasa, ýumuş ýerde ýatmazmy? Onsoñ oña bütin töwerek bolup öwrenişdiler, ony geñ duýgy bilen söýdüler. Alaçsyz. Onuñ wezipesi ösdürilende ne uludan ses çykdy, ne-de kiçiden. Töweregindäkiler özüni ondan akylly saýýardylar, şonuñ üçinem onuñ wezipesiniñ ulalmagyndan gorkýan ýokdy. Ana, şeýtdi-de, ol edil zäherli ýylan kömelegi ýaly, ýerden ýeke çykyp, adamlaryñ gözüniñ alnynda telpegini tegeledi gidiberdi. Elbetde, bu ýol oña añsat düşmedi, kän güýjüni aldy. Huşuna zarba urdy. Onsoñ huşsuzlykdan häkimiýeti elden gideräýmezlik üçin ol ätiýaçdan ähli ünsüni diñe bir zatda jemlemeli boldy: kim oña boýun egýär, kim-de boýun egenok? Şondan uly zada akyl ýetirerden ol indi ejizdi. Gowy geýinmegi hem boýun egýänleri boýun egmeýänleriñ garşysyna ula-nyp bilmegi ýurtda syýasy durnuklylygy döretdi. Munuñ üçin ol minneti Ýokary partiýa mekdebinden hem ýetimler öýünden çekme-lidi. Bu işi ýola goýansoñ, ol birneme arkaýynlaşdy: bu ýurtda gü-nüñ-güni öz emri bilen bolup geçýän zatlara oña synçy hökmünde keseden sowukganlylyk bilen syn edibermek galdy.
Jenap ýoldaş Prezident ak saçlarynyñ gyryndysyna elini ýetirdi-de, aýna seredip, ”ah” çekdi, gör, bu bolýan işleri: ýüzi bäbegiñ ýüzi ýaly, emma başy süzme çalnandan enaýy däl, duw ak. Dagy näme:
281
onuñ başyna çet ýurduñ gary köp ýagdy, ýöne Tañry şaýatdyr, ýat ýurtda ol öz erkine entemedi, bilim-terbiýe aldy, kämil çykdy, öz ýurduny dolandyrmagy öwrendi. Bir günden bir günem yzyna dola-nyp geldi. Ol ýeñiji bolup gaýdyp geldi, emma adamlar ol döwürde entek muny bilenokdylar, þonuñ üçinem ondan hiç kim eýmenmedi, asla eýmenmelidirem öýtmedi. Ol bolsa, howlukman öz atynyñ çyk-jak wagtyna garaşdy. Ol bir gurlup goýlan duzakdy. Gözlükör adam-lar bolsa, ony itiñ güjügiçe-de görmediler, onuñ içini güldürdiler. Hemme zady öñünden bilip durka, eýsem nämüçin onuñ içi gülme-sin? Adamlar ýetişiksiz gara gündediler: işlidiler, başagaýdylar, zähmetsöýerdiler. Aýaklarynyñ aşagynda togarlanyp ýören ýumuş oglanynyñ olar üçin baryndan ýogy ýakyndy. Ýumuş buýurmaly bolanda göze iläýmese, galan wagt kimiñ onda gözi äginsin? Onuñ-da ýumuşdan gaçmasy ýok, buýrmaga utanmasalar, bitirmäge utana-nok. Iki gapdal-da mundan hoşal. Onsoñ ol ösmän, eýsem kim ös-sün? Adamlar ýylgyrýar oñaýýardylar. Ol-da edil öñküsi ýaly öz hojaýynlaryna-da, golastylaryna-da çaý goýup, çäýnekleri çaýkaşdy-ryp ýörendir...
Oña ynam şeýle bir güýçlüdi welin, ony hatda adam hasabyna-da görmezdiler! Mesçilige, keýp çekmäge gidenlerinde-de, ony gapyny saklaýan aragezen aýaly güýmetmäge äkiderdiler. Ol garşylyk gör-kezmezdi, giderdi. Onuñ hojaýynlary içki jaýda ”men” diýen ýaş gelinler bilen şerap süzüp, keýpi-sapa ulaşanda, ol daşky jaýda öý eýesi – gartaşan aýal bilen ümmüldeşerdi. Keýpi kök hojaýynlar içgi ýa-da gaýry hyzmat isläp, arasynda daşky jaýa boýunlaryny uzadan-da, ýetişip, gyra çekilerdi. Ýöne bir gezek daşky jaýa boýnuny uza-dan Larin onuñ aragezen aýaly sokjap oturanyny gözi bilen gördi. ”Näme edýäñ?” diýip, ol içini tutup güldi. – ”Wagtymy geçirýän” diýip, ýumuş oglany arkaýyn jogap berdi. – ”Hezil berýärmi?” – ”Tomsuñ aýy buz ýaly gujak kemem däl!” diýip, ol öz orunbasary-nyñ keýpini öñküden-de beter göterdi. Emma basym ol Larine ýüz tutmaly boldy: ”Gaýrat et-de, bir çäresini tap, aragezen göwresindäki çagany aýyrtmajak bolýar...” Hüwügöz Larin ýalañaç mañlaýynda nika ýüzükli barmagyny gezdirip, böwrüne doñuz diñini saldy, how-lukman gürledi: ”Ertir onuñ ýanyna bile gideli. Sen gaýtadan yna-myna gir-de, ony gujagyña al, dyzyñ üstünde oturt, galanyny özüm oñararyn...”
282
Ertesi bular tirkeşip, hötjet aragezeniñ öýüne bardylar. Onuñ bilen şerap süzdüler. Keýpleri ýetjek derejesine ýetende, ol aragezeni dy-zynyñ üstüne aldy. Şol wagt Larin goltuk jübüsinden naşyja fotoka-merany çykaryp, bagtly pursaty surata almakçydygyny aýtdy. ”Men surata owadan düşemok” diýip, ala gargany ahmal görýän aragezen azajyk tyýkyrajak boldy. Larine geregi-de şoldy, ol derrew ”aşyk-magşuklary” suratda owadan görner ýaly oturtmak üçin üst-başlaryny düzedişdirip, eýläk-beýläk öwrüşdirmäge girişdi. Şol wagt-da kameranyñ düwmesi öz-özünden birnäçe gezek basyldy. Bolany şol. Kameranyñ ýalpyldysy öýüñ aýnasyna ýalkym salan badyna-da, gapy jyññyrdap, içerik uçastok miliöioneri bilen goly gyzyl bellikli iki sany meýletin halk kömekçisi sürrekleşip girdiler. Olar ”goñşulardan signal” düşdi bahanasy bilen oturanlaryñ jübüsini barlaşdyrdylar; Lariniñkiden naşyja fotokamera, aragezen ikisiniñki-den bolsa, barmagyñ başy ýaly tirýek çykdy. Aýñalyp ýetişmänkä-de, aragezen ikisiniñ elleri bir zynjyra baglandy. Az-kem aljyraññy-lyga düşen Lariniñ kamerasy jübä girmezden ozal ”tötänden” ýene-de birnäçe gezek töweregine ýalkym saçdy. Emma ol bu ýalñyşyny derrew ýuwdy. ”Hukuk goraýyjyny” çete çekdi-de: ”Bu adamyny maña ynansañyz, ömri ötýänçä özüm göz-gulak bolaýyn” diýdi. Uçastok milisioneri onuñ ýanyna geldi-de, ýüzüne mylaýym ýylgy-ryp seretdi: ”Larin meniñ köne tanşym bolup çykdy, sen bütin ömrüñ oña alkyş aýdyp ýaşamaly bolarsyñ. Men seni onuñ eline tabşyraýyn. Ýöne onuñ diýeninden çykan günüñ aragezeniñe ýañadandan gow-şarsyñ. Bu biçäräniñ senden gowy är tapmajagyny, bütin ömrüboýy türmede ýoluña gözüni dikip garaşjakdygyny özüñ añýansyñ...”
– ”Är başy gowgasyz bolmaz!” – diýip, ýolda barýarkalar Larin onuñ arkasyna kakdy. – Ine, indi sen hakyky erkek bolduñ – işiñ suda düşdi.. Ýöne men ýanyñdakam hiç zady gaýgy etme. Esasy mesele – aragezeni gözden salmazlyk. Beýlekileriñ hiç birine men sypalga goýan däldirin, hemmesi, ine, meniñ jübümde! – ol fotoka-meraly jübüsine kakdy. – Sözlerinde durmajak bolubam bir görsün-ler! Saña indi diñe ösübermek galýar. – Ol duýdansyz ýerden hyjuw-lanyp, öz başlygynyñ elini tüýs ýürekden gysdy. – Eger, walla, men saña guwanýaryn! Bu agşam ikimiz, hamana, ýakyn garyndaş bolduk diý-de düşünäý!
Ol welin nalaçlykdan ýaña ejizläp, Lariniñ boýnuna oraşdy, horkul-
283
dady:
– Men onda indi ýetim däl-dä? Şeýlemi?
– Elbetde! – Larin ony köşeşdirdi: – Sen indi ýetim däl. Seniñ ar-kañda indi biz bar.
”Siz kim?” diýip ol ne şol wagt, ne-de soñra sorap bildi. Larin-de bu dogruda hiç haçan açyk pyşgyrmady. Şonuñ üçin-de ol hut şu wagta deñeç-de özüni kimleriñ ogullyga alandygyny bilenok. Ýöne her ädimde öz aladasynyñ eddilýändigini welin bilýär: ol indi ýetim däl.
– Bu günki şowsuzlygy şowly jemlemeli! – pyýadalap, gijeki şäheri kesip gelýärkäler Larin oña ýüzlendi. Ine, bu jaýyñ ikinji gatynda meniñ iki saný gowý tanşým ýaşaýar. Biz nämüçin gijäniñ içinde aýagymyzy süýräp, şäheriñ ol çetine gitmeli, irden ilden öñürti bu ýerdenjik işe bararys!
Larin ony elinden tutup jaýyñ ikinji gatyna mündürdi. Bu öýde onuñ üstüne howp abanmaýandygyna onuñ göz ýetirmegini isledi. Öýdäki gyzlaryñ ikisi-de mylaýym maşgalady, ýöne biri has-da ýum-ry-ýumşakdy.. Ol gyz geljekki adamsynyñ hyzmatyny edýändigini öñünden bilip duran ýaly ýa-da tötänden ýüregi syzan ýaly oña uzyn gije hyzmat etdi ýatjak bolsa-da ýatyrmady. Ir bilen-de ony deñli-derejeli edip, işine ugradyp, perişan görnüşde gözýaş edip galdy. Bozulma bilseñ bozulma. Entek duşmadyk ýyly mähri ony pagyş-para eretdi. Şonuñ üçin-de, ol bu öýe gaýdyp dagy-duwara golaýlaş-maly däldigini bildi. Durmuş oña mähir tapan ýerinden gaça durma-gy öwredipdi. Ýogsam onuñ özünden birnäçe ýaş uly maşgala öýle-näýmegi ahmal. Onsoñ ol dogry üç gün öz hyjuwyna bäs gelip, ol maşgalany ýatlaman gezdi, emma dördülenji gün ir bilen aýak ýolu-na gidende, öz halynyñ harapdygyny gördi: ujudynyñ ujunda iriñ göründi…
– Munuñ, heý, bir alajy bolmazmy, doganym? – ol Larine arzyny aýtdy.
Larin hyrçyny dişledi:
– ”Işiñ gaýtsa, dogan daýzañdan sifilis tutarsyñ!” diýleni-dä. Sen mojugyna sataşypsyñ, ýöne bir zady bilip goý, kim bilen ýatyp-turanyñy aýtmasañ, lukmanlar bu keseli bejermezler. Ýat aýal bilen ýatyp-turanyñy aýtdygyñ, syýasy karýerañ gutardygy bil!
– Onda men nätsemkäm? – ol Lariniñ elinden ýapyşdy.
284
– Beýtme, sen meni elleme, erbet bir zat ýokuşdarmagyñ ahmal. Ikimizden birimiz bir arassa galaly. – Larin onuñ elini añryk itdi. – Görýän welin, ol gyza öýlenmeseñ, seniñ işiñ pyrryk. Sebäbi özüñi bejertjek bolsañ, onuñ adyny sorarlar, aýtmasañ – bejermezler, aýtsañ, olam: ”Belañ körügi munuñ özi: bu keseli maña şu ýokuş-dyrdy” diýse, seniñ dadyña kim ýetişsin? Bilkastlaýyn jyns keselini ýaýradyjy diýip, seni gözenegiñ añrysyndan bakdyrarlar, işigaýdan!
– Ol beýle nadaramydyr? – ol halys aljyrap sorady.
– Ýok, ol bir ýumry-ýumşak maşgala, partiýa agzasy, hiç kesiñ ýüzüne gelip bilenok. Ýogsam bolmanda, beýle ýokanç kesel ol maşgalada nireden bolsun? – Larin oña halys haýpy gelip, başyny ýaýkady. – Ýöne sen oña öýlenmeseñ, onuñ ömründe bir gezek na-daralyga ýüz urmaga haky barmyka diýýän. Oña öýlenip, bileje syr-kawhana barsañyz welin, adam ogly sizi ahlaksyzlykda aýyplap bil-mez. Aýalyñ arkañda dag ýaly bolup durka, kim saña aýyp ýöñke-sin? Ýöñkejek bolaýanda-da, biz beýle adalatsyzlyga ýol bermeris. Onda öñdäki şenbede seniñ öýleniş toýuñ – Larin öz iş bloknodyna bellik etdi. Birdenem ol dabaraly yglan etdi: – Bilýäñmi näme, meniñ kelläme ajaýyp bir pikir geldi: biz seniñ toýuñy ýowar edip sowarys! Sebäbi seniñ durmuş toýuñ leninçilik ýowar gününe gabat gelýär! Onda näme, oñ bolsun, dabarañ ugruna çykyber!
– O nähili?! Men nädip üç günde ömürlik bile ýaşaşjak maşgalamy tanap ýetişeýin? Munuñ üçin wagt gereg-ä!
Larin onuñ hötjetligine geñ galdy:
– Wagt däl, isleg diýsen-e: wezipe edinmäge, adam bolmaga! On-soñam, sen nä saglygyñy ýerden tapdyñmy? Soñky bazar güni gaty daş, oña çenli seniñ boljagyñ bolar, işigaýdan! Gowsy edaradaky adamlar öýli-öýüne dargamankalar, olary toýuña çagyr, eglenseñ, bujurygy artar.
Ana, onsoñ ol eýýäm işini gutaryp, keýpi kök halda öýlerine darga-şyp barýan adamlaryñ yzyndan ýetip, olary ýeke-ýekeden öýleniş toýuna çagyrdy. Kimdir biri gelinliginiñ ady bilen gyzyklandy, şon-da ol Larinden öz gelinliginiñ adyny soramaly boldy.
– Ine, siziñ ahlagyñyz! – Larin şol gezek çyny bilen käýindi. – Adyny bilmeýän aýal maşgalañyz bilen ýatyp-turýañyz-da, soñra-da ýok belalara sataşyp ýörsüñiz!
– Men onuñ adyny eşitdim, ol ir bilenem meniñ dilimiñ ujundady...
285
– Hany diliñi görkez! – Larin oña howsalaly seretdi. – Aç, aç agzy-ñy! Şeýledirem öýtdüm-le... Sen indiden beýläk meniñ ýanymda ”dilim bar” diýip öwünme, başarsañ ony dişiñ añrysynda sakla, ujy-dyñdaky simptomlar diliñde-de görnüp ugrapdyr. Toýuñy çaltla!
Üç günden hiç kimiñ ynanmadyk ullakan toýy boldy. Ol jübüsine elini sokup, zerzawa dönen ujydyny gysymlap, märekäni abraý bilen sowdy. Paýtagtyñ iñ haý-haýly restoranynda dörän bolçulygy gören märeke oña irde-giçde uly hormat goýmaly boljakdygyny bu gije bildi. Ol hem adamlaryñ kesekiniñ hasabyna iýip-içmäni, şatlanmany gowy görýändiklerini, aýbyñy ýaşyrjak bolsañ, orta pul dökmelidigi-ni gördi. Adamlaryñ öler aşy – dabara. Olaryñ terziniñ üýtgemesi itden añsat. Saçak başynda onuñ özüni goç ýigit, tötänden tapynan aýalyny-da – gökdäki Aýyñ bölegi diýip yglan etdiler. Ol şonda La-rine gözüni gypdy: ”Gördüñmi, adamlar meni nähili sylaýarlar. Se-nem muny bilip goý!” Soñra-da ellerini jübüsinden çykarman, bütin ömrüni adamlara bagş etjekdigini dabaraly yglan etdi.
Adamlar gülşüp dagadylar. Ol diñe ýylgyryp oñdy, gülmäge gys-sanmady...
Çola köçeden deñ ýöreşip barýan iki pyýadanyñ bu waka ýadynda-dy. Ýöne indi geçeni ýatlamak gadagandy, gorkulydy. Şonuñ üçin-de olaryñ gürrüñi mesawydy.
– Eý, meniñ wepaly wezirim, – uzyn ak köýnekli, başy ýaşyl selleli, eli gymmatbaha tesbili kişi gürrüñdeşine göwher gaşly ýüzükli tom-puk barmagyny çommaltdy.
– Gulak asýaryn, tagsyr Hökümdar.
– Azyýada men hakda näme gep bar?
– Şol öñki gep-gürrüñ, tagsyr Hökümdar.
– Ewropada?
– Näme diýjegiñi biler ýaly däl...
– Göripler...
Wezir kyn ýagdaýda galdy, ol mawy gözlerini ýaşyl öwüsdirip, ýaýdanjyrady. Aslynda ýaşyl reñk onuñ gözlerinde hergiz aşaklyk bilen körär durardy, edil mawy ýalnyñ üstüni örtmek üçin oýlanyp tapylan reñk ýaly...
– Siz dünýä belet, tagsyr Hökümdar, şol köne heññam: ”berenejem gowy” diýleni.
– Gaznada näçe gyzyl pul bar? 286
– Gazna boşady, tagsyr Hökümdar.
– At ýatakda näçe at bar?
– At ýatak gum-gukluk, tagsyr Hökümdar.
– Nireden tapsañyz tapyñ-da, töwerekdäki agyzly goñşulara ýene birlaý at ýollañ: ”Iýen agyz uýalar!” Olar meni ýadyndan çykarsalar, gelşikli däl. Adymy ýatlajak bolup kösenişlerini görmäýin, ýüregim awamasyn. Biraz gaýrat etsek, ýene gyş geler, onsoñ olar oda gelen kebelek ýaly ýagty hem ýyly küýsäp, bu ýere ýagyp ugrarlar. Nebit-gaz meniñ elimdekä zady gaýgy etme. Elbetde, ejiz hergiz güýçliniñ oýnuny oýnamaly bolýar, onuñ özbaşyna oýny ýok. Ýöne ol oýny men bu gün görmeli däl. Häkimiýeti elde saklamak üçin oýunçy bolmaly, çynçy däl. Gazna biwagt boşapdyr, agzyny ýaglamalymyz entek bir ýa iki däldi.
– Günä sizde däl, tagsyr Hökümdar, siz dünýäni dolandyrmaga mynasyp. Emma siziñ geniñiziñ açylmagy üçin ýurt dar bolýar. Ol siziñ syñraklaryñyzyñ arasyndan akyp gutarjak.
– Meniñ senden ynamdar kimim bar? Men saña diñe ýurdy däl, öz ýekeje janymy-da ynandym, sen muny gowy bilýäñ. Ýöne at ýatagyñ boşdugyna men ynanyp biljek däl. Özi gutarmanka, bu halkyñ aty nädip gutaranmyş? Ýa sen bulary entegem tanañokmy?
– Birje baýtalymyz galdy, ol täze ýyl taý bermeli. Höwürlik birje garry atymyz galdy, nädeli...
– Munyñ – başga gep. Baýtal gulanlansoñ, atasynyñ geregi ýok, ony sowgadyñ hasabyna geçiriñ.
– ”Taý ýetim galsa, kürre bilen dost bolar!” Ol taýyñ gylygy kime çekerkä? Goñşular bedew tanaýandyr, dilleri-de sala gulaç.
– Taý – taý bolanda, oña ata ne derkar? Meselem, men öz atamyñ suratyny görüp ulaldym, ýöne özüñe çekmäweri...
– Sizçe bolup bilsem, armanym ýok, tagsyr Hökümdar, bir çemçe ganymy geçiñ...
– Ýeri, bolýar, ”ýañka-ýañkany” goýaly, netijesiz zat. Häkimiýet dawasynda serişde saýlamak – ýeñilkellelik. Häkimiýeti elde sakla-mak üçin daşary ýurtlarda meniñ abraýymy götermeli. Nämüçin sen bu işe baş galdyrañok?
Weziriñ injigi buza döndi, ol öz janyna abanýan gorkyny onki süññi bilen syzdy. Geçmişden haraý gözledi, göwnüne bolmasa, dek
287
düýnüñ özünde-de dünýä gülala-güllükdi... Emma zamanalar düýpli üýtgedi, indi oña ätiýaçlylyk hemme zatdan beter gerek.
– Tagsyr Hökümdar, abraýyñyzy halkara derejesinde öñdäki bäşýyllykda azyndan bäş esse artdyrmak boýunça zerur çäreler gö-rülýär: dälihanalaryñ, zyndanlaryñ daşyna ak mermer örüp, töwere-ginde gül ýetişdirýäris. Goñşy döwletlerden iñ gowy gül tohumlary getirilip, olar bilen bu meselede içgin işleşip başladyk. Bendilere ýüregi awaýanlara biz akyl jaýlarynyñ daş-töwereginde päk zähmet çekmäge ähli şertleri döretdik. Halýpamýz aýtmýşlaýýn: ”Zähmet maýmýndan adam döredipdir”
– Näçe adam?
Wezir aljyrady.
– Sanyny bilmedim.
– Bilmeseñ, öñki halypamyz diý!
– Hawa, elbetde, ozalky... Gezek siziñ abraýyñyza gelende, tagsyr Hökümdar, men ondan arkaýyn: ol üýtgeýän ululyk däl. Ýöne daşary ýurtlara çykaryp, onuñ gymmatyny terezä salyp bolmaz. Biziñ hal-kymyzyñ gözüniñ göreji ýaly görýän milli baýlygyny beýle töwekgel söwda salmak – ýeñilkelleli bolar. Siziñ at-abraýyñyz – biziñ milli buýsanjymyz, tagsyr Hökümdar. Milli baýlyk, buýsanç bolsa, ýurduñ çäginden çykarylmaly däldir... Ol biziñ öz halkymyza ölemen gerek, biziñ özümize-de ýetenok, üsti tut-da-bas, il siz diýip, gyrgyna beril-jek! Onsoñ biz özümize ýetmeýän gyt harydy nädip daşary ýurtlara çykaraly? Siziñ ugruñyzda halkyñ bagry elek. Bu gün Köşgüñ agzy-na daýhanlar üýşüp geldiler, Çary-kitabyñ aýaly-da aralarynda. Olar siziñ merhemetiñize zar, ”duşuryñ” diýip, hut ýer bagyrtlap ýatyrlar, ýanlarynda-da – ümbilmez çagajyklary.
– Dileýänleri näme?
– Suw gerek.
– Men saña öñ duýdurypdym, Larin: ýer berseñ, adamlar ”suw!” diýer, suw berseñ – ýene gör! Indi olar meniñ üstüme çekirtge ýaly ýagar durarlar! Men olary nädip başymdan sowaýyn?
– Çagajyklarynyñ diliniñ düzelmändigi bahana edineris. Olar siz hakyndaky goşgularda sakyndylar. Galan iş añsat.
– Çary-kitabyñ aýalynyñ menlik näme işi bar?
– Ol adamsynyñ janyny diläp gelipdir.
288
– Ýagşam bir işini tapypdyr. Meniñ öz janyma-da Tañrynyñ elinde, şoña-da erkim ýok, onsoñ men nädip iliñ janyny gutaraýyn?
– Ynjalyksyzlanmañ, tagsyr Hökümdar, ol gelniñ sözlem düzüşi bilen Diller instituty gyzyklanyp ýördi. Ýöne näbileýin-dä, ol dil öwrenip ýetişäýse, ýürek agyrysy bar diýen ýaly etdiler: ”Il agzy – keramat”, bir zat eşitseñ, yzy çyn bolýar çykaýýar, käte öz ýüregi-ñem gyýylýar... Adamsy-da türmede inçekesele ýolugypdyr, belki ol eýýäm ölübem ýörendir, betbagt maşgala...
– Hawa, öýüñde ölüp, duluñda süýnmezlik – bagtlylyk däl. Sen meni begendirmediñ, wezir. Agyr hekaýatlary gürrüñ berip, meniñ ýüregimiñ saryny gaçyrýanyñy bilip goý, ýöne ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Men öz halkymyñ bagtyna uzak ýaşamaly. Hany me-niñ ýürek dermanym? – ol weziriñ uzyn ak köýneginiñ jübüsine elini sokup, öz dermanyny aldy-da, naşyja çüýşejigiñ agzyny açdy, bar-magyñ başy ýaly tegelejik dermany agzyna atyp goýberdi. – Eger, walla, şunça ýyllap jogapkärli wezipelerde işlesem-de, dermany gury ýuwutmany öwrenmän geçdim. Hany, bu ýurtda çem gelen gapa sowlup, bir käse suw dilejek gümanyñ barmy, töwerek-daşyñ ga-hatçylyk, haçan bu lellimler başyny çarajak – Alla bilýär. Bular, berseñ – aljak, ursañ – öljek. Mensiz biri gününi görüp biläýse nä-dersiñ, halalyñyz bolaýyn! Beýle-de bir nalajedeýin millet bolar eke-ni, men döremedik bolsam nätjekdilerkä? Ysnatlar... Onsoñ töwere-giñe at paýlamabilseñ – paýlama, hany göreýin, janyñy nädip sakla-jak?! Käşgi, iliñki ýaly ”sen dur, men öleýin!” edenli halkyñ bolsa. Ýok, men bulardan ýanan-la, gowusy meni gepletme. Ertiriñ özünde ýañky bedewiñ suratyny aldyr-da, gäp ýasat, ol maña gerek boljak. Gäp däl, bedewiñ özi. Gäbi taýçanagyna goýuñ, tapawudyny bilip durasy ýok-la, taýçanakdyr-da...
– Diýseñizem-ä, tohum atdandyr...
– Bolanda nä, ol siziñ gäbi ýasap bilşiñize bagly. Çynaberimsiz etseñiz, nädersiñ özi sowgada ýaraýança nämäniñ nämedigini añman geçäýse! Çapmagy öwredeñizde, meýdanda gäbi onuñ ýanyndan sürüñ. Serediñ, ýöne gaty çapdyryp, daljykdyryp öldüräýmäñ.
– Taýymy?
– Ýok, gäbi. Taý şoña görä bolar. Yñdarma tohumdyr. Indikide baýtaly höwre goýjak bolanyñyzda, öñürti pikirleniñ, onsoñ goýuñ.
– Haýsy ata?
289
– Kimiñ haýsy at münüp geljegini men näbileýin? Kim gelse – şo-nuñka goýarsyñyz, nesibe işidir, belki iki-ýeke tohum at-da gabat geler? Onsoñ ýylda bir taýy – Hudaýyñ berdigi bil, özem çöpdüýbi. Alhamdil-küh...
Tagsyr Hökümdar gymmatbaha tesbisini şygyrdadyp, ellerini eñe-gine ýetirdi. Weziriñ bükülgi barmaklary döşünde haç ýasady.
– Dogrusyny aýtsam, men bu zatlaryñ soñy bardyr öýdüp çekinmä-nem duramok.
– Eý, meniñ wepaly wezirim, ýadyñda sakla: hergiz jenaýat eden-den däl-de, ony geregiçe edip bilmedikden hasap soraýandyrlar. Taý ýetişýänçä, töwerekdäki hökümdarlara meniñ ýazyjylarymyñ kitapla-ryndan iberiñ, goý, okasynlar, şonda olar meniñ barja baýlygymyñ dört aýakly mal däldigini bilerler. Goý, olar meniñ esasy baýlygy-myñ halkymdygyny berk belläp goýsunlar!
Weziriñ gözlerindäki alawlaýan mawy ýalyn ýaşyl örtgüniñ astyn-dan gysga wagtlyk jyklap, ýene-de yzyna gizlendi.
– Tagsyr Hökümdar, gabadymyzdan agyr ys gelýär, sowlup jynaza-syny çykyp gitmesek bolmaz, bu ys bunde-düýnde öleniñkä meñzä-nok, öz eliñ bilen kepenini biçmeseñ, hossarlary garaşyp oturandyr-lar. Howada yssy.
– Eý, Alla! Göreniñ-eşideniñ ýaman, bun göreniñ erte ýok diýlen dünýä. Hernä gulak eşidenini göz görmesin, göz göreni – başa gel-mesin! Bir kişilik kepen!
Alagarañky köçede tagsyr Hökümdaryñ yzyna eli kagyz-galamly garama-garama düşüp gelýän Köşk şahyry goltugyndaky düýrmek ak matadan bir kişilik kepen kesdi. Soñra tagsyr Hökümdar ýanyndaky-lary yzyna tirkäp howla girdi-de, öten bendäni ýuwup-ardyp, kepene dolap, ediljek gömäýmeli edip goýdy.
– Ertir öwlüýä hoş geldiñiz!
Tagsyr Hökümdar Köşk şahyrynyñ indiki kitabyna ýeterlik aýak tozuny eçilip, aşa salykatlylyk bilen ýene-de öñe ýöredi. Onuñ uzyn hajy köýnek-balagy çyrasyz köçelerde hamana gonamçylygyñ ak baýdagy ýaly hol öñden akjaryp barýardy. Hyrly Durgur señkildäp barşyna köçäniñ gyrasynda kä ýerde-kä ýerde kibtini gysyp oturan agaçlaryñ düýbünde aýak çekip, olary gujaklap ogşaşdyrýardy, gö-zünden gury ýaş döküp, birnäçe ajaýyp setiri zerli depderine çyrşap
290
-
aysyzgije
13 years ago
- geçýärdi. Hökümdar öñe ýörände şahyr-da ondan galanokdy, yzyny eýgerýärdi. Ol edil türkmen iti kimin öz eýesine wepalydy.
– Bu barýanymyz haýsy köçe? – birnäçe köçe geçensoñlar tagsyr Hökümdar wezirinden sorady.
– Bu köçe siziñ adyñyzy göterýär, tagsyr Hökümdar.
Ýene bir meýdan ýörediler, tagsyr Hökümdar ýene sorady:
– Hany, aýt, indi biz haýsy köçeden ýöräp barýarys?
– Bu köçe-de siziñ adyñyzy göterýär, tagsyr Hökümdar.
– Bu meniñ göwnüme ýakanok. Daşary ýurtlar näme diýer? Ol ýerde meniñ dostlarym kän, men olaryñ dilini gysga edip bilmerin! Onsoñam, ýurduñ ähli köçeleri atdaş bolsa, men azaşmanmy? Ýeke özüm gezmäge çyksam, nädip başymy çaramaly? Yzyma taksi tutup gaýdaýynmy? Bu işi edenler meni öz ýurdumda yzymy tapmaz ýaly etjek bolýandyrlar. Nämüçin köçeler garañky, çyralar ýananok?
– Tagsyr Hökümdar, köçeler siziñ adyñyzdan ýagtylýar… – wezir alagarañkylyga gülümsiredi. – Belki, çyralaryñ şöhlesi biraz garañ-kydyr… Bu düzgüni üýtgedip bolmaz. Bütin halk siziñ adyñyzdaky köçelerde ýaşamak isleýär. Bu meseläni çözmek Mejlisiñ işi. Mejlis size berk garşylyk görkezer, deputatlara gep düşündirmek kyn, ola-ryñ öz – diýeni, öz – aýdany.
Tagsyr Hökümdar uludan demini aldy:
– Ýurt üýtgeýär. Bir zamanlar diýenim geçerdi, indi ýurdy imisala dolandyrmak kyn. Mejlis halys elden-aýakdan çykdy. Diýeniñ ýer kertenok. Bu zatlaryñ hemmesiniñ masgaraçylygy-da syrylyp gelip, kimiñ boýnuna düşýär – meniñ! Mejlisiñ başlygynyñ ýakasyna erti-riñ özünde ýene-de bir orden dakmaly bolaryn, nejisler! Hiç kesiñ jogapkärçiligi deñ bölüşesi gelenok. Men bu halka oturyp-oturyp haýran galýaryn. Nämüçin biziñ ýurdumyzda demokratiýa ýok? Nä-müçin biz hukuk döwletini gurup bilemzok? Nämüçin adamlar kem-sidilýär? Olar bu ýurtda itçe görlenok. Eýsem, biziñ esasy baýlygy-myz adamlar dälmi näme? Olaryñ duýgy-düşünjeleri, işleri-güýçleri, adamçylygy, görki-görmegi! Ine, biziñ baýlygymyz! Emma, haýp, bu gymmatlyklar bizde äsgerilenok, gadyry-da bilnenok, irde-giçde äsgeriljegi-de belli däl, meniñ ol zatlary görüp ýetişmejegim hak. Eýsem biziñ yzagalaklygymyzyñ, ykdysady çökgünligimiziñ düýp sebäbi şu dälmi näme? Ýöne, hany, bar-da gepiñi düşündir-dä, gö-reýin, kime düşündirýän bolsañ! Bu zatlaryñ üstüni men açmasam,
291
açjak ýok. Ýöne nämüçin hemme zady men aýtmaly, nämüçin özge-ler däl? Eger halkyñ özi bu hakda gürrüñ gozgamaýan bolsa, onda olara hiç zat gerek däldir. Men olaryñ boýnundan ýat gymmatlyklary dakyp, sütemkär adyna galyp bilmen. Diýmek döwri gelen däldir, halk ol derejä ýeten däldir, ruhy garypdyr, özüne ynamy ýokdur. Bu hut şeýledir. Ýogsam, olar eýýäm süssenekleşip, meniñ üstüme eñip gelerdiler. Men rahat oturan bolsam – diýmek, hemmesi düşnükli. Günä ilde. ”Her halkyñ özüne mýnasýp häkimi bar” diýenler hak aýdýpdýrlar. Men ot bolanýmda niräni ýakaýýn?! Bu köçäñ ady näme?
– Ozal bu köçe siziñ atañyzyñ adynady. Düýn Gaşlak telewizorda çykyş edip, ony eneñiziñ adyna geçirmegi teklip etdi. Ýöne ýaşaýjy-laryñ özi bu pikire öñräk gelen ekeni, Gaşlak gürrüñini gutarmanka, ýaşaýyjylaryñ köpüsi jaýlaryna eneñiziñ ady ýazlan tagtajyklary kakyp ýetişdiler.
– Galanlary näme?
– Dañ atansoñ kakanlaryñky hasap edilmedi, bu eýýäm başgaça pikirlenmek bolýar.
– Eý, Tañrym, ine saña ýene bir giden pida! Menden razy bol! Ah, men elmydam ejiziñ arkasynda. Ilkibaşdan. Ejemi kakamdan ileri tutýanym nämedendir öýdýäñiz? Ejem pahyr kakamy halamazdy, ”öýdeçil, gümbaş” diýerdi, ejem il gezmäni gowy görerdi. Onuñ öler aşy köçedi. Ol maña: ”Oglum, bu köçeleriñ niçik hezildigini, olaryñ meniñ ýüregimi gozgaýyşyny bir bilsediñ!” diýerdi. Belki, bu köçe-ler ejemjanyñ ýeñiljek aýak sesini entegem ýadyndan çykaran däldir-ler, ah, mukaddes Gursoltan, ýurduñ köçeleri sensiz gugaryp ýatyr! Neneñ men gum-guklugy ýigrenmäýin?!
Olar ýolaýyrtdan öwrülip, goñşy köçä düşen ýerlerinde iki sany ýakalaşyp duran oglanjygyñ üstünden bardylar. Olara durup tomaşa etdiler. Oglanjyklaryñ ekabyry kiçisini aldygyna ýumruklaýardy, kiçisi zordan ýüzüni sowup ýetişýärdi.
– Sen näme üçin ony beýle ýençýäñ? – ahyrsoñunda bol köýnekli tagsyr Hökümdar, özüni tanatmazdan, ekabyr oglanjykdan sorady.
– Bu jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasatyna garşy gidýär, ony äsgere-nok, men muny tä aklyna aýlanýança urjak.
– Belki, onuñ erbet göreldesi bardyr? – diýip, wezir oglanjygyñ arkasyny tutdy. – Kakañ ady näme? Ejeñiz barmy? 292
– Bar, ýöne olaryñ bizi terbiýelemäge elleri degenok, olar biziñ garabokurdagymyzyñ ugrunda, biz biri birimizi terbiýeleýäris, düýn uly agam meni tä akylyma aýlanýançam ýençdi, bu gün meniñ geze-gim: öz düşünen zadymy inime düşündirmeli.
– Mundan kiçi iniñizem barmy?
– Muñ ady Ataş, onnoñ Çary, onnoñ Bäşim, Altymyrat, onnoñ...
– Boldy-boldy, sen akyllyja oglan ekeniñ, me saña kemput, ýöne bijaý ýerine urmajak bol, bu ýurtda owalam maýyp ýeterlik, bize sagdyn adamlar gerek, hassajugy biz başymyza ýapalymy? Biri biri-ñize agyr ten ýarasyny salman ýençmäni öwreniñ. Ertir men siziñ maşgalañyza ”Paýhaslar” kitabymy hem ýumşak simden örülen dürre ibererin, beden jezasyny nädip dogry ulanmalydygy barada onda ýörite bölüm bardyr, şondan öwreniñ, hany onda pak ber?- tagsyr Hökümdar urulýan oglanjygyñ satanynyñ arasyna elini serdi. – ”Pak ber!” diýdim men saña, bokjagaz!
Oglanjyk jüllüjegine elini ýetirdi-de, näler ikirjiñläp, bol köýnekli nätanyşyñ aýasyna elini golaýlatdy.
– Daýy, men eýýäm öten ýyl sünnete ýatdym-a, meñ pakym ýok...
– Bolmasa, seni ýene-de bir gezek sünnete ýatyraýarys! – tagsyr Hökümdar gara gijäni gorka salyp, ha-ha-haýlap güldi. – Ýogsa-da, urar ýaly bu näme günä etdi, aýtmadyñ-la?
– Ol eşeklere gün berenok, saýgylap ýör, ”Nämüçin beýdýäñ?” diýseñem gülýär, onnoñ bizem munuñ bolşundan gorkýas, birden kimdir biri bu ýagdaýy Köşge habar beräýse, biziñ işimiz gaýtmaz-my? Onsuzam kakam işsiz, ejem öýdeçi, biz aç, uly gorkymyz ölüm.
– Ýeri, eşegi uranda näme? – tagsyr Hökümdar haýranlar galdy. – Goý, özüne haýpy gelmese, eli agyrýança ursun?
– Ýok, ýok! – diýip, oglanjyk garañkynyñ içinde üstüne abanyp duran adama aşakdan ýokaryk dikanlady, – bu wagt akyly bolan adam eşege degmez. Hudaý saklasyn, birdenkä ol tüýsüni üýtgedip, iliñ içine diñ salyp ýören hökümet adamsy bolup çykaýsa nätjek?! Kakam pahyr: ”Haýsy haýwanyñ nä wezipede oturanyny biler ýaly döwür boldumy?!” diýerdi.
– Kakañ dünýäden ötdümi?
– Hawa diýseñem boljak, ýok diýseñem...
– O nähili?!
293
– Ol diri. Ýöne özi: ”Men öli” diýýär. ”Çagasyny ekläp bilmedik diri däldir” diýýär.
Oglanjygyñ şondan soñky gürrüñini diñlemäge tagsyr Hökümdaryñ höwesi gaçdy, ol ”hm-m...” etdi, aýasyndaky paky agzyna atman, hajy köýnegine süpürdi-de, ýüzüni ajy sortduryp, añrylygyna ýöredi: ”Düşnükli, bu şol bozgaklardan...” Tagsyr Hökümdaryñ oglanjygyñ ykbalyna gyzygynyñ gaçandygyny onuñ yzyndan gelýän janpenalar derrew duýdular, şonuñ üçinem oglanjyk gijäniñ içinde suwly salma ýykyldy; ýap-ýañyja kötek iýip durka aglamadyk inisi erbetligi ýüre-gi syzyp, wägirip aglady, salmanyñ içinde sulugyp ýatan agasynyñ üstüne egildi, iñ yzdan haýal ýöräp gelýän iñ soñky janpena lägirýän oglanjygyñ deñine gelende:
– Hüş-ş! – edip, barmagyny agzyna ýetirdi. – Aglama, daýyñ başy kel bolar!
Daýysynyñ başyndan gorkan oglanjyk sesini tapba kesdi. Janpena ýylgyryp, ýoluna gitdi. Indiki öwrümde bularyñ öñünden eli kündük-li, goltugy namazlykly Musa çykdy. Tagsyr Hökümdar alagarañky köçede ýassy namazyna durdy.
– Allahyekber! Allahyekber! Allahyekber! Allahyekber!
Wezir bilen Musa-da onuñ yzyndan namaza durdular. Namaz okap bolansoñlar tagsyr Hökümdar namazlygyñ üstünden düşmän, mesa-wy gürrüñ gozgady.
– Musa, seniñ pikiriñçe, ýurdy düzetmek üçin nämeler etmeli? Isle-señ, jogap bermänem bilersiñ, men senden gaty görmen, ýöne sen ösmeli, men seni öz ýanyma ýöne ýerden almadym, meniñ garama-gymda işlemek üçin gerek zatlaryñ hemmesi sende bar, ikimiz düşü-nişdik, sen meñ kimdigimi bilýäñ, menem – señ, şeýle dälmi, Musa?
Musa zagyrdady, ol edil kerebe düşen siñek ýaly urundy.
– Tagsyr Hökümdar, men entek öz ömrümde Siziñ kimin adalatly, Siziñ kimin parasatly adam göremok!
– Siz meniñ şahyrlarymyñ bir döwüm çöregini elinden aljak bol-mañ. Geliñ, kyssa bilen düşünişeliñ!
Musa haýsydyr bir täsirli sahnany ýerine ýetirýän ussat aktýor deýin tagsyr Hökümdaryñ çat mañlaýynda ellerini döşünde goýup, iki bükülip, doñup galdy.
– Ýok! – Tagsyr Hökümdar birdenkä edip oturan gürrüñini şarpa ýoldy-da, namazlygyñ üstünden towsup turdy. – Eger men aja nan,
294
ýalañaja don berip bilmesem, meniñ men boldugym däl! Hany, öñü-me düşüñ-de, maña ýañkyja oglanjyklaryñ öýüni görkeziñ! Men ol maşgala ak ýürekden kömek etjek, öz halal aýlygymdan! – köçe-köçe aýlanyp, gijäniñ bir wagty tagsyr Hökümdar garañky köçede ýañky oglanjyklaryñ öýüni tapdy, gapylaryndan girdi. – Men siziñ tagsyr Hökümdaryñyz, siz meni tanadyñyzmy?
Howlynyñ içindäkiler gyrgy gören serçe kibi dyr-pytrak boldular, emma tagsyr Hökümdar wezire garşy öwrülip, eginlerini gysýança janpenalary bu öýdäkileri onuñ çat mañlaýynda dikdiler.
– Uýam – diýip, tagsyr Hökümdar ebti agyk aýalyñ bilinden gujak-lady, – basym biziñ hemme zadymyz bol bolar, çydañ, men size hä-zirlikçe öz aýlygymdan iki halta un, bir gap gök çaý, bir tokga-da kir sabyn berýän. Muny siz, isleseñiz, hüşür-zekat diýip, isleseñiz-de öz tagsyr Hökümdaryñyzdan sýurpriz, ýagny garaşylmadyk sowgat diýip hasap edip bilersiñiz. Utanmañ uýam, meni göreniñizde utan-jyñyzy düýbünden taşlañ, onuñ geregi ýok... Hany un bilen çaý?! Getiriñ, beriñ bulara! Uýam, tiz wagtdan siz meniñ garaşsyzlygymyñ hözürini görersiñiz, ýöne ogluñyza buýruñ! – aýal gijäniñ içinde howlynyñ gapysyndan salnan iki halta uny görüp, tagsyr Hökümda-ryñ öñünde guma çökdi, oña alkyş aýtdy, soñam beýle ýanynda agaç sekiniñ üstünde sulugyp ýatan ogluna gahar-gazap bilen topuldy. – Uýam – diýip, tagsyr Hökümdar ony saklady – degmäñ, goý, ol en-tek özüne gelsin! Ol tamkepbäniñ añrysyndan bärik jyklap duran gulakjynly erkek kim? Äriñizmi? Uýam, men gije-gündiz diñe siziñ aladañyz bilen ýaşaýaryn, men gijesine ýatmamy-da goýdum, a siz ýatýañyzmy?
– Hawa… – aýal aglady, – biz ýatýas, başga näme iş edeli? Biziñ ömrümiziñ manysy – ant-kasamda. Şony bize bereniñ ömri uzak bolsun, biz ony suw deregine içýäs! Derman deregine-de. Çagajykla-rymyza-da içirýäris. Gün yrman. Aýu, kakasy! çagalar! Geleweriñ, agşamkymyzy içeliñ!
Maşgala şol demde gapa ýygnandy-da, hor bolup, ant içdi
Eziz Çölüstanym – ata Watanym,
Gurban bolsun saña bu janym-tenim!
Eger-de men saña tötänden şek ýetirsem,
goý, meniñ elim gurasyn!
Eger-de men saña dil ýetirsem,
295
goý, meniñ dilim gurasyn!
Eger-de men öz Çölüstan Watanyma
Jenap ýoldaş Prezidentime äwüp-säwüp
dönüklik etsem,
Goý, meniñ ömrüm kül bolsun!
Hajynyñ eşigindäki tagsyr Hökümdar maşgalanyñ sesine guwanyp, olara bu aýdymjygy kän gaýtalatdy. Çagajyklar kemput paýlaryny alyp, üçünji gezegem kasama başladylar. Ýöne bu wagt tagsyr Hö-kümdar eýýäm köçeden ýöräp barýardy.
Bu wagt gije ýarymdan agyp, aladaly gygyryşýan horazlaryñ sesini basyp, gapdaldaky jaýlaryñ birinden adaja goh eşidildi, bu eşidilýän, megerem, ýaş oglanlaryñ sesidi. Tagsyr Hökümdar öz adamlary bilen ýoldan sowlup, aýnadan içerik yşyklady, içerde kart oýnaýardylar. Tagsyr Hökümdar, weziri hem Musa howla sowlup, karta goşuldular. Täze gelenleriñ orta oklanynyñ şykyrdaşyp duran iri pullardygyny gören kartkeşler hakyky oýunçylaryñ gelendigini soraman bildiler we süýşüşip, olara aralaryndan ýer berdiler. Oýunyñ ulusy onsoñ başlandy, ortadaky goýum gitdigiçe ýokary galdy, tozan gyra çekildi, içinde mellegini orta goýanam tapyldy, ýöne nätseler-de, ýurduñ aýagyny kesen kartkeşleriñki bu gün paşmady: hajy lybaslylaryñ eli ýalaw ýalydy, orta bir zat düşse, kakyp otyrdylar. Ahyry ymgyr gijä-niñ başy aýlananda, olar kartkeşleri jüllük-göten goýup, salykatlylyk bilen öýden çykdylar.
– Bu günlükçe gezelenji bes edäýeliñ – tagsyr Hökümdar ha-jynyñ giñiş balagynyñ kisesine daşary ýurt pullaryny gysym-gysym dykalap durşuna ýadaw, emma göwnühoş seslendi, raýatlarym-da ýatyşyberdi. Ýok, men öz işimden müñde bir razy, eger walla, razy! Şundan gowy işi men başyma ýa-paýynmy?!
296
15. Belli köçedäki näbelli jaý
Bu ýurtda adamlaryñ iş dannawy ýokdy, näme tabşyrylsa, şoña-da hoşaldy. Islegli işini gözlemek hiç kesiñ kellesine-de gelenokdy, näme iş buýrulsa, şol hem isleglidi. Goñşyñ kimdigini bilmegiñ kyn bolşy ýaly, goñşy jaýda näme iş edilýändigini bilmek-de çetindi. Şonuñ üçinem paýtagtyñ orta gürpündäki jaýda kimiñ näme işleýän-digini bilýän ýokdy. Ol ýerden çykýan sesleri eşidýänler nähili eda-ranyñ deñinden geçip barýandyklaryna düşünip bilenokdylar; sesler üýtgeşikdi: bir-de möjek uwlaýan, bir-de – düýe bagyrýan ýaly; adamynyñka meñzeş seslerem az däl, ýöne gülkümi ýa agymy – bilip bolanok. Jaýyñ gapysynda ne bir göze görnüp duran ýazgy bar, ne-de yşarat, gapysynyñ näwagt açylyp-ýapylýanyny-da biljek gümanyñ ýok, onuñ gapysy asla açylyp-ýapylýana-da meñzänok, berk. Ýog-sam, ol jaýyñ daşy ”guş uçmaz” howluly-da däl, daşyndaky haýat diñe ýarpy-ýalta aýlanan, ýagny ýoldan sowlagada on-onbäş ädim ýöreseñ, howlynyñ içine päsgelsiz girip bolýar, onsoñ ýene biraz ýöräp, sagyña aýlansañ – jaýyñ girelgesine mañlaýyñ direljek, ýöne muny edýän ýok; adamlar köçeden baryşlaryna, nämüçindir, ýoldan sowulman, hatda bu jaýa gönüläp seretmän, onuñ niçik jaýdygyny, gapysynda ýazgy barmy-ýokmy, bar bolsa, onuñ manysy näme – biljek bolýarlar; onsoñ ötegçiler bu öýüñ ne reñkini belli edip bilýär-ler, ne-de beýikligini; onuñ reñkine çal diýýän-de bar, sary diýýän-de, kä adamlar bu öýi goñurdyr öýdýär, ýene birleri – zäher tagamly ýaşyl; ol öýüñ asla hiç hili reñki ýok, ol düýbünden reñksiz diýýän-ler-de tapylýar; bu näbelliligiñ düýp sebäbi onuñ daşky reñkiniñ ýylyñ paslyna görä üýtgäp durmasyndan diýen çaklama-da ýok däl; ýok, ol jaýyñ reñki adamynyñ öz gözüniñ reñkine görä üýtgäp dur diýýänler-de bar; garaz, başyñ çaşmabilse – çaşmasyn, giden bir matal, düşnüksizlik.
Onsoñ bu jaýyñ boýy barasyndaky jedeliñ-de şondan pes bolmajagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek? Adamlar hamana san sanamak ukybyny ýitiren ýaly bu jaýyñ näçe gatdan ybaratdygyny asyl belli edip bilenoklar, ýurduñ içindäki gürrüñlere gulak gabartsañ, onuñ näçe gatdygyny biljek gümanyñ ýok: ol bir görseñ – bir gat, ýene bir
297
görseñ – on bir gat; näçe diýlende-de, geñ görerlik däl, her kes öz gözüniñ kesenini diýýär, anygyny bilýäni gözlemeli, onam tapsañ diý; kän adamynyñ gepini di~ledigiñçe-de, beter aljyraýarsyñ: ol öýüñ reñkini belli edip bilmeýişleri ýaly, adamlar onuñ näçe gatdy-gyny-da kesgitläp bilenoklar; jaýyñ töweregi agaçsyz däl, ýöne – onuñ näçe gatdygyny bilmez ýaly – halys tokaýa basyrynybam otu-ran däl, pür-pudaksyz bäşlek-üçlek kel agaç. Ýöne howsalaly ”hyşy-wyşydan” dykyn alan kellesini egninde çalamydar göterip, onuñ deñinden geçip barýan ötegçileriñ gözleri ümezläp, bu syrly jaýyñ gatlaryny adam şekilli sanap biläýse nädersiñ?! Gabat garşysyndan ötüp barýan-da bolsa, hamana çakrym ýoldan görjek bolýan dek, adamlar öz-özüni bulaşdyrmak bilen: aşakdan ýokaryk, ýokardan aşak telim öwre sanan ýalydyr, emma deñinden geçen ýerinde, onuñ näçe gatdygyny sora – agzyna suw alan ýalydyr, gözlerini balkylda-dar durubiýr; haraý gözläp, töweregine sereder, sorag salmaga adam agtarýany bes-bellidir; reñkini, gatynyñ sanyny görüp ýetişmedik adamynyñ ol jaýy görendigine nädip ynansa bor? ötegçileriñ özleri-de galaba muña şübhelenýärler: ”görenim şol jaýmyka?” diýýärler. Gepiñ keltesi, ol jaýyñ deñinden geçende adamlar kesekden edilen binany däl-de, eýsem öz gorkusynyñ gabarasyny görüp geçýärler. Onsoñ her kimiñ gat hasaby başga hili: bu hasabyñ jaýyñ gatlary bilen ne işi?!
Içiñi ýakaýyn diýen ýaly bu jaýyñ gapysynda hiç hili ýazgy-da ýok; haýsydyr bir ýazgynyñ haçandyr bir wagt bolandygyny äşgär edýän solgun tegmiliñ gapynyñ reñkiniñ üstünde galan dörtgyrañ yzy häli-häzire çenli belli bolup dursa-da, ol ýerde näme ýazgynyñ bolandy-gyny ýurduñ paýtagtynyñ iñ gojalarydyr gözleri kütelişip, añy haýal-lan kempirleri-de açyk aýdyp bilenoklar; ýöne olaryñ öz janlaryndan gorkup, syr saklaýan bolmagy-da ahmaldyr: jan kime gerek – garra gerek! öññe wagt eñeklerine jañ dakylan ýalydyr, ýöne bu meselä gelende, demleri çykmaz. Dikanlap soraýanyñda-da: ”Ýazgy bardy diýip, könelerdenem eşitmändik” diýişerler. Ana, onsoñ reñki, gaty-nyñ sany, dogrusyny aýtsañ, ýerleşen ýeri-de anyk bilinmeýän bu jaýyñ deñinde kimdir biri dereksiz ýitse, ony nädip geñ görjek? As-lynda bu jaýyñ deñesinden arkaýyn geçmek endigi hiç kimde ýok, sebäbi paýtagtyñ orta gürpünde adamlaryñ biwagt-näwagt gürüm-jürüm bolýandygyndan çen tutsañ, olaryñ içinde bu jaýyñ reñkini,
298
gat sanyny, gapysyndaky ýazgyny okap ýetişenleriñde bolmagynyñ ähtimaldygyny güman etse bolar; bu jaýyñ başga ýerde däl-de, eýsem hut şol güman edilýän ýerde, ýagny paýtagtyñ orta gürpünde, iñ şagalañly köçäniñ ugrunda ýerleşýändigine mundan ynandyryjy delili nireden aljak?
Elbetde, adam garradygyça jany süýjeýär, töwekgelçilikden daş durýar, töwekgelligi etse, ýaşlar eder, duzaga düşjegem şolar; edil şonuñ kimin ýaş oglanlaryñ biri bilesigelijilikden ýaña köçeme-köçe syryp ýören daşary ýurt habarçylarynyñ birine bu jaýyñ gapysynda ýap-ýañylar hem ”Metbugat öýi” diýen ýaly bir ýazgynyñ bolandy-gyny aýdypdyr, soñra-da öz aýdanyna özi ikirjiñlenipdir: ”Bu ýerde ”Derikellebaşaýak” ýa-da ”Diller instituty” diýen ýaly bir ýazgy bolan bolmagy-da ahmal, onsoñam siz bir zada üns beriñ, ”Metbugat öýi” diýseñ, bu taýyk gelişmese gerek, ýuwan geler, ýöne ”Diller instituty” sözi bilen ”Derikellebaşaýak” sözüniñ ýerini erkin çalşyrsa bolar, şonuñ üçinem bu gapydaky ýazgy şol sözleriñ haýsy-da bolsa, biri bolandyr. Çet ýurtly şondan soñ bu köçelerde ol ýaş ýigide gaýdyp duşmandyr, beýleki köçelerde-de ony gören ýok, ýöne onuñ beren düşündirişi gelmişegiñ göwnüne jüñk bolupdyr. Ol muny öz depderçesinde bellän ekeni; dynçlyk ýurtda tötänden it dalap öldüren betbagt çet ýurtly habarçynyñ ýazgy depderçesinden bu ýazgyny okanda, jenap ýoldaş Prezidentiñ oña haýpy gelmekden ýaña gözün-den boýur-boýur ýaş dökendigi dogruda il arasynda gürrüñ ýatanok; eger-de jenap ýoldaş Prezident bu meselede öz wagtynda metbugat-konferensiýasyny geçirip, gynanjyny dünýä ýaýmadyk bolsa, kim bilýär ýurduñ daşarysynda bu betbagt hadysany, gör, nämä ýorardy-lar? Emma jenap ýoldaş Prezident her bir zatda bolşy dek bu işde-de iki pikire ýol goýmady, hemme zady çöp döwlen ýaly etdi oturyber-di: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Deñesinden geçmäge gor-kulýan ýa-da deñesinden gorkup geçilýän jaý hakynda-da ol bir agyz: ”Milletimiziñ ruhy sagdynlygyny zerur derejesinde saklarys” diýdi, gürrüñ gutardy. Garañky gatlyşansoñ setanda-seýranda bu ýerden ýalñyşyp, azaşyp-tozaşyp ýoly düşenleriñ ýakalaryny towlap gürrüñ bermegine görä, bu jaýyñ täsinligi şundan ybaratmyş, ýagny üç gat jaýyñ iñ ýokarysyndan köçä ýiti ýagty düşýärmiş, ol ýerden her hili çykyşlar, kasamlar hem öwgüler eşidilýärmiş, özem her söz-de jenap ýoldaş Prezidentiñ ady tutulýarmyş, ýagny onuñ müñ bir
299
adyndan haýsy-da bolsa biri; aýtmaklaryna görä, bu jaýyñ içindäkile-riñ sesinden çen tutsañ, onda olaryñ gylla ýary aklyndan azaşan gar-ry-gurtulardyr pensionerler, galany bolsa, ýaş ýigitler bolmalydy; ikinji gatdan tamdyranyñ owazy, aýdym ýa-da labyzly goşgy oka-mak diýen ýaly zatlar eşidilýärmiş, aslynda goşgy-gazalyñ iñ ýokar-ky gatdan hem eşidilýändigini güman edýänler bar; aşaky gatyñ çy-rasy hemişe öçük, ol taýda kim bar, kim ýok, biljek gümanyñ ýok, ümsümligiñ içinde käte bir şübheli sesleriñ gulaga degýändigi hak-myş, ýöne olaryñ hiç biri oña näme diýjegini bilip bilenok, ol ýerden hem goşgy, hem aýdym, hem saz eşidilýärmiş, ýöne hemmesi gü-mürtik hem garym-gatym, agy gatyşykly, megerem, bu taýda ýokar-ky gatlarda aýagy ýer tutmadyklar ýerleşýändir? Şol jaýyñ edil deñe-sinden ötüp barýarkañ aýagyñ aşagyndan gelýän ahy-nala hem iññil-di hakynda bir adamdan-da açyk gep alyp bilmersiñ; hiç kes bu bara-da dil ýarmaz; diñe il ýatyp, it uklansoñ, iñ ýürekli adamlar başy bilen ýorgana bukulyp, öz aýallaryna bu hakda gürrüñ berýärmişler, olam başdaşy bolsa; iñ aşaky gatda gaýdyp ýagty jahany görmek gadagan edilenleriñ saklanýandygyny güman edýänler hergiz özle-rinden gorkýarlar, ol ýerde partiýanyñ weteranlary saklanylýarmyş, partiýany guran özleri bolansoñ, olar köp bilýärler, şol sebäpden-de, soñky ösdürimler olary ýerzeminde berk saklamasalar, onda partiýa-da hiç hili öñegidişlik mümkin dälmiş, yzagaýdyşlygam; olara galsa, asyl partiýany bir duran ýerinden butnatjagam dälmişler, hatda par-tiýanyñ adyny üýtgetmäge-de ýol berjek däller; ýöne indi partiýanyñ köne adynyñ müddeti gutardy, bundan beýläk ýaşaýyşyny üpjün etmek üçin onuñ adyny üýtgetmeseñ, gitjek ýeriñ ýok. Jenap ýoldaş Prezidentiñ bu taglymatyny tüýs ýürekden söýmedikleriñ näçe mü-ñüsiniñ jaýyñ iñ aşaky gatyna ýerleşendigi bilen gyzyklanjaklaryñ hemmesi bu gatyñ özünde bolaýmasa, başga ýerde, şäheriñ köçele-rinde, bazarlarda ýa-da kiçijek hususy dükanlarda olar gabat gele-noklar. Umuman, ýolda-yzda gabat gelmeýän adamlaryñ öz öýünden girip çykmaýanlarynyñ hemmesiniñ-de bu jaýda bolmagy ahmal, olar ýogsam nirede bolsunlar?
Belli köçedäki bu näbelli jaýdan gorky ýetjek derejesine ýetip, da-şary ýurtlarda bu barada nähilidir bir düşünjäniñ ýaýramak howpy emele gelende, Larin jenap ýoldaş Prezidente mylaýymlyk bilen duýdurdy. Onsoñ jenap ýoldaş Prezident çet ýurtly habarçylary çaýa
300
çagyryp, olar bilen metbugat-konferensiýasyny geçirmeli diýen kara-ra geldi.
– Ýok – diýip, Larin ýylgyrdy, – olary metbugat-konferensiýasyna çagyryp, ak ýürekden çaý bermeli...
– Bu ikisiniñ tapawudy näme? – diýip, Köşgüñ eýesi, belki-de, ömründe ilkinji gezek çyndan haýran galdy.
– Sammyjak... – diýip, Larin oña mähirli garady. – Biz Gündogar demokratiýasyny gurýarys ahbetin, inçeräk bol. Günbatarlylar agy-garany seljerýärler. Olary öz-özleri bilen jedelleşdirmeli. Onsoñam olar agzyna salanyny yzyna çykarmagy halanoklar, ýuwudanyny-ha – asyl-da. Hemme zat sypaýy bolmaly. Onda çagyrdykmy?
– Çagyrdyk!
Daşary ýurt habarçylary metbugat-konferensiýasyna banket zalynyñ içinden geçmeli edildi. Onsoñ jenap ýoldaş Prezidentiñ her sözi ola-ryñ sülekeýini akdyrdy. Ahyrsoñunda ol ýylgyrdy-da, aýaklaryny stoluñ üstüne çykaryp goýdy, ýöne aýagynyñ aşagyna akyp gelen sülekeýden onuñ köwüşleri eýýäm öl-myjjyk bolupdy. Bu bolsa, Köşge ýygnanan jurnalistleriñ ýakyn geljege umytly bakýandykla-ryndan habar berýärdi.
– Geliñ, bu gün bir zady gürleşip goıalyñ, eısem adam hukuklary näme? Biziñ pikirimizçe, bu adamlaryñ arkaıyn ıatyp-turmagy we iıip-içmegi. İöne biz olaryñ nirede ıatyp-turıany we näme iıip-içýäni bilen işimiz ýok. Elbetde, nirede ýatyp, nirede turjagyny hem näme iýip-içjegini her kesiñ özi gowy bilýär. Kim gaýkyny söýer, kim-de küýküni diýip, bu barada biziñ gymmatly nakyllarymyzyñ birinde ýörite bellenilip geçilýär. Diýmek, bu mesele bizde eýýäm atam döwründe çözülip goýlan bolsa nätjek?! Umuman her bir adamynyñ ömri biz üçin gönümel ýa-da gyýtaklaýyn häsiýetli materialdyr. Şon-dan beýlesi biziñ ýurdumyzda añsatlyk bilen çözülýär, ýagny graj-danlaryñ egnine hiç hili guramaçylyk ýa-da maliýe kynçylyklary düşmeýär, döwlet islendik meseläniñ çözgüdini öz üstüne meýletin alýar. Elbetde, menem adam, ýöne onda-da men bu ýüki çekmeli bolýaryn. Men öz halkyma mugt tebigy gaz, elektrik energiýasyny we suw berýärin. Ilatyñ ep-esli bölegi bolsa, öý kireýini tölemekden-de mydamalyk ýa-da uzak möhletleýin boşadylan. Gepiñ keltesi, bize aýralygyñ we ölümiñ ajysyny süýjütmek başartdy: biz ony maşgala-nyñ girdeji maddasyna öwürmegiñ-de hötdesinden geldik. Nädip?
301
Bu biziñ öz syrymyz. Ýene-de bir zat. Men demokratiýa we adam hukularyna öz Köşgümden, öz ýanjagazymdan ýer berdim. Indi me-niñ ýanjagazymda demokratiýanyñ öz aýratynja jaýy, adam hukukla-rynyñ-da öz aýratynja kabineti bar. Aýlykly! Men bu hukuklara yg-tybarly gözegçilik edýänlere ýörite aýlyk belledim. Hany, aýdyñ, eýsem haýsy ýurtda siz beýle elpe-şelpelige duşduñyz? Galyberse-de, biz hukuk isleýänleriñ kelle beýnisini, ýagny, siziñ diliñiz bilen aýdanyñda, psihologiýasyny ýörite institutlarda öwrenýäris. Lazer şöhlesi bilen. Zerur bolan halatynda kese kesigini. Olaryñ kelle beýnisinde üýtgeşiklikleriñ bardygy köre hasa. Dürli dermanlaryñ täsiri astynda adamynyñ kelle beýnisindäki demokratik pikirleriñ özgerişi baradaky ylym biziñ ýurdumyzda ylmyñ iñ hasylly pudakla-rynyñ biridir. Eýsem munuñ özi adam hukuklarynyñ bizde daşary ýurtlardakydan has çalt depginde ösýändigine güwä geçmeýärmi näme?
Daşary ýurt habarçylarynyñ biri ýerinden turdy.
– Otur ýeriñde! Men birinji meseläni çözdüm diýip hasaplaýaryn, ýoknasyz bolmañ! – jenap ýoldaş Prezident medeniýetli ýylgyrdy. – Indi ikinji meselä geçýäris. Ine, siziñ käbiriñiz biziñ ýurdumyzda nähak ýerden adam tutulýar diýýärsiñiz. Bu mesele gürrüñ edeniñe degýär. ”Tutmagyñ” hem ”tutmazlygyñ” çylşyrymly bolşy ýaly, ”tutulmak” bilen ”tutulmazlygam” bir göräýeniñ ýaly ýönekeý zat däldir. Adam tutulybam biler, tutulmanam: onuñ tutulmanlygynyñ tutulmajagyny añlatmaýşy ýaly, tutulmagy-da tutulandygyny añla-dyp bilmez. Siz bu iki düşünjäni elmydama bulaşdyrýarsyñyz. As-lynda ”adam tutmak” diýmek näme? Bu örän we örän irnik mesele. Ol hemişe kesesinden düşnükli bolup durmaýar, ony diñe azabyny çeken biler. Biz bu ugurdan iñ öñdebaryjy demokratik ýurtlaryñ biri bolsak-da, entek meseläni doly çözüp bilemzok. Kimleri tutmaly, kimleri tutmaly däl? Adamyny tutsañ peýdalymy ýa-da tutmasañ? Men entek bu taýda döwletiñ bähbidini göz öñünde tutamok, her adamyñ öz şahsy bähbidini göz öñünde tutup aýdýan. Ine, aýdalyñ, haýsydyr bir adam tutulypdyr diýeliñ, elbetde, beýle zat islendik döwletde bolup biler, ol tutulan adamynyñ günäsi barmy ýa-da ýok-my – bu ikinji mesele, bu hakynda biz gürrüñimiziñ dowamynda aýdarys, adamynyñ tutulmagy biziñ ýurdumyzda diñe onuñ öz bäh-bidinedir, aýratynam, ol günäsiz bolsa! Haýran galmañ, diñe ýüzleý
302
düşünen adam bu diýleni geñ görer; diýmek, adam şondan soñ hiç hili günä iş edip ýetişmez, adam öldürmez, çilim çekmez, aýal zor-lamaz. – jenap ýoldaş Prezident çilim otlandy, birküç gezek işdämen sordy, gözlerini süzdi. – Hawa, şonuñ ýaly päkize adamynyñ adyny soñra biz öz mekdeplerimize-de dakyp bilerdik, nämüçin dakmaly däl? Ýöne bu ýerde olaryñ nähak türmä basylmagy bu meselede ýeke-täk päsgelçilige öwrülip biler we eger olaryñ atlary okuw jaýla-ryna, seýil baglaryna dakylmaýan bolsa, sebäbi diñe şudur. Adam tutulýar, ýagny türmä basylýar, eýsem muny siziñ käbiriñiziñ edişi-ñiz ýaly tragediýa öwrüp görkezmek dogrumydyr? Biziñ ýurdumyz-da adam tutulmagyny beýleki ýurtlardaky bilen gatyşdyrmak bol-maz. Çünki biz demokratik ýurt. Biziñ milli demokratiýamyz şeýle bir derejä ýeten, ýagny indi bu belentlikden bizde tutulan adam bilen tutulmadyk adamynyñ arasyndaky tapawut ýitdi. Ýagny islendik tutulmadyk adam özüni eýýäm tutulan ýaly, tutulanlar bolsa, tutul-madyk ýaly syzýar. Gepiñ keltesi, meniñ halkym des-deñ iki bölege bölünýär: tutulanlar hem indi tutuljaklar. Hany aýdyñ, haýsy bir ýurtda adam özüni şeýle erkana duýup bilýär? Haýsy ýurtda şeýle deñlik bar? Meniñ halkym üçin bu indi adaty zada öwrüldi.
Daşary ýurt habarçysy ýene ýerinden turdy.
– Otur! – diýip, jenap ýoldaş Prezident oña ajy tüteýän çilimini uzatdy. – Otur! Men şeýle bir zady gürrüñ bereýin. Şährizada diýip, bir aýal bolan, köne zamanlarda. Onuñ ýaşap geçendigini adam ogly inkär edip bilmez ýaly men bu hakda ýörite Perman-da çykarmakçy. Ana, onsoñ ol aýal gije-gündiz erteki aýdyp, öz ärini güýmäpdir.
– Ärini däl, dogrusy – patyşany! – diýip, press-konferensiýa gat-naşýan daşary ýurt habarçylarynyñ biri batyrgaý seslendi.
– Otur! – diýip, jenap ýoldaş Prezident hoşamaý ýylgyrdy. – Patyşa milletiñ hem atasy hem äridir.
– Niçiksi batyrgaý pikir! – jurnalistleriñ biri begençli gygyrdy. – Freýdiñ ölmez-ýitmez teoriýasy Gündogarda döwlet derejesinde tassyk bolýar! Heýjan, original material taýyn!
– Geregiñiz original material bolsun, ol meniñ çep elimden gelýär. Ýagşy, bu meselä biz ýene dolanyp geleris, häzir tutulmak hem tu-tulmazlyk meselesine dolanalyñ. Birinji bellemeli zat, bu taýynyñ Ewropa däldigidir; ikinji bellemeli zat, bu taýynyñ Azyýalygydyr; üçünji bellemeli zat, Azyýa bilen Ewropanyñ arasynda tapawut bar-
303
lygydyr; dördünjiden bellemeli zat, bu tapawudyñ ululygydyr. Şonuñ üçin meniñ soragyma üns beriñ, jenaplar! Siziñ pikiriñizçe, tutulan bagtlymy ýa-da tutulmadyk?
– Tutulmadyk! – diýip, ýaş habarçylaryñ biri örän türkana seslendi.
Jenap ýoldaş Prezident bu jogaby eşidip, atalyk mähri bilen ýylgyr-dy. Ol hatda başynam ýaýkady, agzyna ullakan bir mampazany atyp, üstünden çaý owurtlady, dodagyny şapbyldatdy.
– Ine, siziñ hemmäñiziñ esasy ýalñyşyñyz! Meseläniñ düýp özeni nämede? Zatlaryñ siziñ çak edişiñiz ýaly däldiginde! Sizde tutulma-dyk bagtly, bizde tutulan. Sebäbi tutulan adam eýýäm tutulmakdan dynýar, tututlmadyk adamynyñ welin, islendik pursatda tutulmagy we türmä atylmagy mümkin – nähili elhençlik?! Özem nämäniñ üs-tünde tutuljagy belli däl. Belki, ol gös-göni atuwa gitmeli bolar? Diýmek, logiki taýdan yzarlanyñda, bir gün öñürti tutulsañ – bir peýda. Tutuldyñmy – ertesi tutulmarsyñ, atyldyñmy – soñra gülleden gorkman bilersiñ! Diýmek, öz erteki günüñden seniñ ýasy ýanyñ ýerde, näbellilik aradan aýrylyp, adamynyñ ýaşaýşy belli bir tertibe girýär. Emma munuñ tersine, her günüñi bitmejek umytda geçirmek, günüñ-güni nämedir näbelli bir zada garaşmak ynsanyñ aşyna awy gatýar, onuñ bu gününi-de, ýagny köplenç iñ soñkuja gününi-de onuñ elinden alýar. Onsoñ rehimsizlik däl-de, bu eýsem nämemiş? Eýsem adam hukuklarynyñ şundan beter bozulmasy bolup bilermi? Men düşünýärin, häzir size kyn, siz täze bir filosofiýa bilen ýüzbe-ýüz bolduñyz, siz hemme zady öz yzagalak demokratik düşünjäñiz bilen ölçejek bolýarsyñyz, ol hem, elbetde, sizi azaşdyrýar, kejebäñi-zi daraldýar – jenap ýoldaş Prezident giñgöwrümli ýylgyrdy. – Biz welin eýýäm demokratiýanyñ täze eýýamyny gurup ýörüs, biz adam-lara diñe bir ýaşamak däl, eýsem erkin ölmek hukugyny-da eçildik, olaryñ özi ilki öljegini ýa-da ýaşajagyny saýlaýar, onsoñ biz olaryñ erkine hormat goýup, isleglerini añry ýany bilen bitirýäris. Uzyn sözüñ gysgasy, bizde bitmejek isleg ýok. Ýöne biziñ ýurdumyzda bolup geçýän wakalara dogry baha berjek bolsañyz, hergiz meniñ sözlerimden ugur alyñ, şonda ýalñyşmarsyñyz. Bu bolsa, meniñ öñümde siziñ abraýyñyzy artdyrar we siziñ saglygyñyz ýaramazlaş-maz. Ine, bu mampaza serediñ! – ol eräp ýülmenen mampazany syñ-ragyna gysdyryp agzyndan çykardy-da, oturanlara görkezdi. – Mu-nuñ ähli gorkusy ony agzyña atýançañ, agyz boşlugyna düşensoñ,
304
onuñ gorkusy sypyrylýar. Soñky galýany – diñe tehnika: sürülmek, sürtülmek, ýülmenmek we ýuwdulmak – wessalam. Elbetde, adamlar mampaza däl, ýöne meñzeşligi kekirdekden.
Biz tutulanlar bilen tutulmadyklaryñ ýaşaýyş derejesini deñleşdir-megiñ hötdesinden geldik. Netijede olaryñ hiç biriniñ beýlekisiniñ gününe gözi gidenok. Bu biziñ hökümetimiziñ alyp baran düýpli syýasy, ykdysady we medeni işleriniñ netijesinde mümkin boldy. Onuñ üçin-de, olaryñ biriniñ ýagdaýyny beýlekisiniñkiden tapawut-landyryp görkezjek bolmak – bu biziñ dostlarymyzyñ işi däldir. Men size bir zady aýdaýyn, hatda tutulanyñ tutulmadykdan bagtlydygy indi biziñ halkymyza düşnüklidir, enşalla onuñ beýleki halklara-da düşnükli bolmagy üçin çalşarys we bu açyş diñe biziñ üstünligimiz bolup galmaz diýip, umyt edýäris. Ol bütin adamzadyñ hyzmatyna berlip, onuñ şatlygynyñ hem bagtynyñ gözbaşy bolmalydyr. Bizde bu eýýäm şeýle. Üstesine-de bizde indi her maşgalanyñ öz aýratyn türme güni bar. Maşgala başbitinje gelip, öz oglan-uşagy bilen her ýylda bir gijäni kamerada geçirýär. Ynanaýyñ, ösüp gelýän ýaş nesli watançy edip ýetişdirmekde munuñ ähmiýeti aýdyp-diýerden uly. Onsoñ Watanyñ adyny eşidenlerinde, olaryñ gözlerine ýaş aýlanýar. Eýsem adamda mundan güýçli watançylyk duýgusyny terbiýelemek mümkinmi?!
Ýurtda başgaça pikirlenýänleriñ ýagdaýy barada aýdylanda, men olary görmäge hergiz ölemen höwesek. Men muny açyk aýdýaryn, haçana deñeç biz kimdir birinden çekinip gezmeli? Ýok, bes, mun-dan beýläk meniñ ýurdumda hemme zat ap-aýdyñ bolmalydyr. Bu meselede pikiriniñ aýdyñ däldigi üçin özümiñ Larinden nägiledigimi ýaşyrmaýyn. Dogrusy, maña onuñ käbir bolşy düşnüksiz. Onda bu meseläni çözüldi hasap edýäris, maña artykmaç sorag bermek gelşik-siz.
Çet ýurtly habarçylaryñ biri jesedi dört bölege bölünen başgaça pikirlenýäniñ suratyny görkezende, jenap ýoldaş Prezidentiñ gözle-rinden boýur-boýur ýaş döküldi; muny gören müdirler-de sessiz ag-laşdylar. Jesediñ birnäçe gün mundan öñ bir ýygnanyşykda özüne degerli sowal beren ýaş ýigidiñkidigini görende-hä jenap ýoldaş Pre-zident edil göhert kimin bozlaberdi, gözüniñ ýaşy bäbeneginde egle-näýse nädersiñ.
305
– Şol neressäñ dagyn oññul ýaşam ýokdur. Wah, onuñ ömrüniñ uzak bolmajagyny men şol wagtam añdym-la, ýöne jenap ýoldaş Prezident halyña dowul turzup ýörmek gelşiksiz-dä. Neressäñ ýatan ýeri ýagty, hüýr gyzlar ýoldaşy bolsun! Ýogsam-da, onuñ yzynda maşgalasy dagyn galdymykan? Galan bolsa, duşuşsak kem bolmaz-dy, ýöne muny Larine duýduryp oturmagyñ geregi ýok; goý, ol öz işi bilen bolsun, men öz etjek işimi özüm gowy bilýärin. Ol ýigidiñ adyny onuñ okan mekdebine dakyñ, döwletimiñ gimnini ýazyp bolan dessime, ol betbagt ýigit hakynda dokumental poema ýazjakdygymy-da yglan edýärin. Goý, ol ýigidiñ o dünýäde görjegi gowy bolsun. Nätjek-dä, başgaça pikirlenýänler meniñ ýurdumda başgaça-da ölýär-dä, bu olaryñ eýsem ilkibaşdan öz islegine gabat gelmeýärmi näme? – jenap ýoldaş Prezident ahyrsoñy gözýaşyny sylyp, özüne hem mä-rekä göwünlik berýän şekilde uludan demini aldy. – Başgaça pikir-lenýänleriñ ömürleriniñ öz ýurdumda ortaça ýaşdan gysgalygy üçin olara we olaryñ maşgalalaryna çuññur gynanç bildirýän. Munuñ düýp sebäbini men ýurtda olara daýanara sosial bazanyñ ýoklugyn-dan görýärin, ony gizläp nätjek? Olaryñ aýny ýaşda juwanamerk bolup, garaşylmadyk ýowuz betbagtlyklardan ölmeginiñ düýp sebäbi diñe şundadyr, eýsem başga nämeden bolsun? Men bu barada ertir öýlän öz çuñ mazmunly ylmy monografiýamy ýazaryn. Aslynda bu gutulgysyzlyk, meniñ ganatly sözlerim muny añry ýany bilen subut edýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!”
Elbetde, siziñ hemmäñiziñ meniñ paýtagtymdaky iñ syrly jaýy gö-resiñiz gelip, ýüregiñiz üzülip barýandyr. Meniñ sizden gizlin zadym ýok, ol jaýy janym-tenim bilen size görkezmekçi, ýöne siz meniñ halkymyñ islegine garşy gidýändigiñizi unutmañ. Eger-de halk sizi daşlap öldürse, ony maña ýapmañ, aýtmady diýmäñ.
Onsoñ jenap ýoldaş Prezident habarçylary belli köçedäki näbelli jaýyñ üstüne hüjüme alyp gitdi. Habarçylar ok geçirmeýän egin-baş geýnip, kellelerini eteklerine salyp, köçä çykdylar. Ilki olary elleri duz-çörekli gelin-gyzlaryñ giden bir hatary garşylady. Olar habarçy-laryñ üstüne hoşniýetlik bilen ýagdylar. Emma paýtagtyñ orta gürpü-ne golaýlaşdyklaryça ýagdaý üýtgeýäne çalym etdi. Indi aksakgallar güreldi. Añry gitdigiçe olaryñ ýüzüniñ ruhy gaçyp, gyrmyzy donla-rynyñ aşagyndan ýaraglar somlaşdy. Olar tiz wagtdan ot açdylar, içinde eli ýaragsyzy ýokdy. Şeýle bir ot suwurýardylar welin, kelläñi
306
ýerden galdyrar ýaly däldi. Habarçylar ýere ýapyrylyp ýatyşlaryna jenap ýoldaş Prezidentiñ demir gulakjynly başyna seretdiler.
– Yzym bilen öñe! – ol ala-galmagal turzup, edil gaz çagasy ýaly öñe moýmuldady.
Habarçylar çagba ýaly ýagýan okuñ içinden onuñ yzy bilen gözle-rine urlan dek öñe dyzasalar, ýaşulular edil guduzlan ýaly ot so-wurýardylar. Olaryñ gyrmyzy donlarynyñ işligi durşy bilen adam gyrýan ýaragdy.
– Gördüñizmi?! – jenap ýoldaş Prezident habarçylaryñ gulagyna gygyrdy. – Meniñ halkym bu binany gözüniñ göreji däldir öýdenok. Abraýymyz barka bu taýdan yza çekileliñ, ýogsam sizi güjük gyran ýaly ederler. Gödek halk, ýöne ölemen goşguçyl. Bularyñ içinde meniñ waspymy etmedigi, goşgy düzmedigi ýok. Ýürekden gowy göräýişleri çakyñ däl, edil ölüp-öçüp ýatyrlar. Serediñ, hat-da meniñ atan okumyñ öñünden sowulmany-da bilmezler! – jenap ýoldaş Pre-zident goltugyndan sapançasyny çykardy-da, añyrdan eñşip gelýän aksakgallardan bäş-üç sanysyny it atan ýaly tükgertdi. – Indi yza çekileliñ, gözleri gan görensoñ, bulardan gaçyp gutulsañ – zor bol-dugyñdyr! Maña tapawudy ýok, ýöne men sizi gaýgy edýän. Bularyñ sakgalyndan çen tutan – utular, sebäbi hemmesi-de ozal ýarag göte-ren zaññarlardyr, hezil bermezler. Üstesine-de, geçmişden bäriligine gelmek islemeýärler.
Jurnalistleriñ biri ýere ýapyrylyp ýatyşyna sorag berdi:
– Siz nädip bu ýurtda başyñyzy çaraýañyz?
Jenap ýoldaş Prezident onuñ başujunda çommaldy.
– Meniñ bagtly ýerim – öz halkymyñ ogludygym. Men bulara gaty gowy düşünýärin. Bilip goýuñ, taryhda iki sany müdümilik ululyk, iki sany güýç bardyr: olaryñ biri – Häkimiýet, biri-de – Halk. Galan ululyklaryñ hemmesi bu ikisinden gelip çykýar we ikinji derejelidir. Halky eliñe aljak bolsañ, häkimiýete, häkimiýeti eliñe aljak bolsañ-da – halka daýanmaly. Meniñ eden taryhy açyşym şundan ybarat, ýagny men bu iki ululygy-da ýatyrdym!
– Nädip? – daşary ýurt jurnalistleriniñ biri gulagynyñ ganyny sark-dyryp, janhowluna gygyryp sorady.
Jenap ýoldaş Prezident özünden göwnühoş, rowaýaty gahrymanlar dek, çawup gelýän oklardan sowuljagam bolup durman, arkaýyn gürledi:
307
– Men olaryñ ikisini goşdum! Goşdum-da, Halk Maslahaty diýen täze ululyk ýasadym, ony-da Halk Häkimiýeti diýip yglan etdim. Ýöne bu ne halk, ne-de häkimiýet, başynda-da – özüm! Netijede olaryñ ikisiniñ-de ozaldan gelýän gylyklary ýok boldy: ne biri birine gözegçilik edip bilýär, ne-de biri beýlekisinden – talap. Halk-a halk däl, häkimiýetem – häkimiýet. Bu ýurtda indi hiç kese daýanara daýanç, ynanara güýç ýok. Meniñ şahsy häkimiýetimiñ sarsmazly-gynyñ gözbaşy şunda!
Jenap ýoldaş Prezident añkasy aşan daşary ýurt habarçylary-nyñ başyny çekip, soñra çagba ýaly ýagýan okuñ astynda bu ýerden merkezi köçe bilen öz Köşgüne garşy yza çekildi. Ga-zaply söweş köşeşen badyna gapdaldan arlaşyp çykan traktor-lar bomba düşüp oýulan ýerleri tekizläp, merkezi köçä ýokary depginde gaýtadan asfalt ýazmaga girişdiler.
308
-
aysyzgije
13 years ago
- 16. Ýoldaş Larin
Aýna ýaly asfalt ýoldan paýtagta garşy myçyp barýan Musa Çöli öz syýasy karýerasynda iñ kert öwrüme gelip ýetendigine düşündi: bu añrybaş ynam, şundan ýokarda bu ýurtda hormat ýok. Çünki jenap ýoldaş Prezident onuñ yzyndan hökümet ulagyny iberdi. Diýmek, bu günden beýläk Musa Çöli ýurduñ iñ ýokary häkimligine aýak basýar. Paýtagtyñ köçelerinde birnäçe aýlaw eden hökümet maşyny ahyrso-ñy jenap ýoldaş Prezidentiñ ejesiniñ adyny göterýän köçäniñ orta-syndan wazlap girdi-de, gelip Köşgüñ arka ýüzünde saklandy. Ma-şyndan ýylmyldap çykan Musa Çöli salymyny bermän, Köşgüñ için-de peýda boldy. Labirint şekilli gurlan koridordan ýöräp barşyna ol ýönekeý adamlaryñ jenap ýoldaş Prezidentiñ ýanyna ugranda ýöre-dilýän ötlem-ötlem koridorlary barasynda oýlandy, ol ýol bilen ýurt eýesiniñ gaşyna ýetmek üçin näçe ýyl ýol ýöremeli boljagyñy bilmek mümkin däl. Gapdalyñda-da Larin: ajyksañ – çörek berýär, suwsasañ – suw, özem içýär. Lariniñ ýürekdeşligi bolmasa, ol ýol bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ ýanyna ýetmek mümkin bolmazdy; Musa Çöli-de başda hut şu ýola salnypdy we şonda ol iki hepde ýol ýöräpdi; alaga-rañky koridor bilen öwrüm-öwrüm ýol geçip barýansyñ, her öwrüm-de-de zompuldap, öñüñden Larin çykar, özem onuñ wezipesi her gezekde tapawutly: birinde eliñe çörek berýär, beýlekisinde – eliñdä-kijäni-de alýar. Köplenjem ol kagyzlaryny goltuklap, hamana, öz işi bilen öñüñi kesip geçip gidýär. Peýwagtyna. Onsoñ awun-da ýör. Pete-pet gabat gelende, ýüzüniñ ugruna indi haýsy egniñe aýlanma-lydygyñy, nämeden häzir bolmalydygyñy öwreder, naharlar, çaý-çilim berer, ýarañy dañar; şonuñ üçinem: ”Larin biziñ bagtymyza dörän adam” diýip, bütin halk onuñ tarypyny edýär. Musa Larini birinji gezek görende bialaç halady, orta boýly, kellesi ýylçyr, gözle-ri ýitiden ullakan, gaşlary mylaýymdan şübheli gerjeşip duran bu orta ýaşly adamyny gowy görmezlik mümkin däl. Musa muny duýdy. Ony jenap ýoldaş Prezidentiñ özi-de jan-dilden gowy gören-soñ, başga näme gerek? Bu yssy ýurtda şondan akylly kim bar?
309
Musa jenap ýoldaş Prezidentiñ kabulhanasyna girende, Hyrly Dur-gura gabat geldi, onuñ goltugy kagyzly. Musa baş atyp, onuñ deñin-den geçiberjek boldy.
– Ýaşuly, nobatyña garaş!
Musa näme etjegini bilmän, hamana, öz-özi bilen gürleşýän şekilde seslendi.
– Meni jenap ýoldaş Prezidentiñ özi çagyrdy!
Hyrly Durgur etlek badamjan dodaklaryny göwnüýetmezçilik bilen gyşartdy.
– Ýok, bu mümkin däl. Siz Köşkde poeziýadan öñe geçip bilmersi-ñiz. Muña hat-da Firez Razan Atdaş-da milt edenok. Äñet, – Hyrly Durgur kabulhanada garaşyp oturan eşik geýdirilen daşkädi sypatly jortmak pyýada barmagyny çommaltdy: – Hamana, Günbatarda me-şhur jurnalist, biziñ ganym duşmanymyz, emma bu ýerde adaty ow-nuk söwdagär, edeplije bolup, öz gezegine garaşyp otyr. Ýogsam, onuñ menden öñürti jenap ýoldaş Prezidentiñ nuruna çoýunasy gelýän däldir öýdýäñmi?
– Ýagşy... – ýylan adamçylyk etdi, – men garaşmaga taýyn, ýöne sen ýurduñ syýasaty üýtgän bolsa bildiñmi? Üç adam bir wagtda görnüşe çagyrylýar...
– Nädip üýtgesin? – Hyrly Durgur hötjetlik etdi. – Ol syýasat meniñ goşgularyma esaslanýar, onsoñ ol mensiz nädip üýtgesin? Men düýnden bäri täze goşgy ýazamok, öñki ýazanlarymy zerli syýa bilen aklama göçürdim! – ol ýukajyk nepis matadan tikilen salkyn ak bala-gyny ýokaryk çyzgap, aýaklaryny ýaýratdy. – Men ýüñi ýeten şahyr, oýun eden, soñra öküner.
Çöpüriñ ysyndan eýmenen Musanyñ bady gaçañkyrlady.
– Men siziñ kitaplaryñyzy höwes bilen okaýan. Siz beýik.
– Men ony bilýän. Bu hakynda basym jenap ýoldaş Prezidentiñ ýörite karary çykjak. Onsoñ meniñ duşmanlarym bu hakykaty hiç haçan şübhe astyna alyp bilmez. Men olary Taryh muzeýinde çüýre-derin!
– Beýle ganym daraşar ýaly duşmanlaryñyz size näme ýamanlyk etdi? – ýylan Köşk şahyrynyñ köpükläp duran erinlerine eýmençli seretdi.
– Olar edebiýat meýdanynda meniñ aýagyma çolaşýarlar, okyjyla-ryñ ünsüni bölýärler.
310
– Bäsdeşleriñi ýok etmek adalatsyzlyk bolmazmy?
Köşk şahyry ýogyn barmagy bilen gürrüñdeşine ”gulagyñy tut!” diýen üm etdi:
– Bu dünýäde adalatsyzlyk şeýle bir kän welin, biri artyk ýa-da kem bolany üçin pelegiñ terezisi öñküsinden beter gyşaraýasy ýok! Eger meniñ ýerimde olaryñ özi oturan bolsa, olaram meni ýok ederdi. Hiç kes Köşgi diñe şygyr bilen güýmäp bilmez. Köşge tragediýa-da ge-rek. Umuman, şahyrçylyk diýeniñ kyn hünär, ýöne meniñ üçin däl, sebäbi men çöregi şygyrdan iýýärin. Men onuñ inçe tilsimini ir ele aldym: ilki adamyñ ýüregini awatmagy, soñra-da şygyr düzmegi öwrendim. Onsoñ hemmesi taýyn boldy duruberdi. Eger siz şahyrçy-lyk etmekçi bolsañyz, hökman meniñ ýanyma geliñ, baş üstüne, men öwredeýin. Bu kyn däl, men indi halk şahyrlaryny ýetişdirmek bilen meşgullanýaryn. Halk şahyry üçin kapyýa, bogun sany hökman däl, goşgynyñ temasy möhüm. Şuña düşünseñiz tiz ösersiñiz.
Biziñ maşgalamyzda kakamyñ aýdany – aýdan, diýeni – diýen ýe-rindedi. Bir gün ol maña: ”Men seni şahyr etjek” diýdi. Men uzyn gije aglap çykdym, ýöne nirä gaçyp gitjek: kakam aýtdymy – gutar-dy! Ertesi ol maña goşgy düzmäni öwreder ýaly şäherden birini ha-kyna tutup getirdi; ol pes boýluja, tyñkyja, gözleri zordan açylýan, depip oýnabermeli bir ýumşajyk şahyrjykdy; kakam ony demirýol wokzalyndan tapypdyr; başga ýerden paýtagta gelýän şahyrlaryñ wokzalda ýa-da bazarlarda ýatyp-turýandygyny kim bilenok; kakam iliñ içini özünden gowy bilerdi, onuñ zehinsiz adamyny hakyna tut-majagy belli; onsoñ ol şahyr iýýän çöregini ödejek bolup, maña goş-gy düzmegiñ syrlaryny öwretdi, kakam bolsa, näme hakda ýazmaly-dygyny. Ol maña: ”Häkimiñ ýüzünde nur görüp bilseñ, hiç haçan hor bolmarsyñ!” diýip sargady. Men onuñ diýeninden çykmadym, şonuñ üçinem hor bolmadym.
– Entekler ömür uzakdyr – ýylan sypaýyçylyk etdi, – görjegiñiz öñüñizdedir…
Köşk şahyrynyñ gulagy diñe bir adamynyñ gepini eşitmäge uýgun-laşansoñ, ol häzir gürrüñdeşiniñ diýenini alga almady, özüniñkini dowam etdi.
– Ana, meniñ çagalygym şol garynlajyk şahyryñ garnynyñ üstünde geçdi. Sapak şundan ybaratdy: ol arkan ýatan ýerinde goşgy okardy, men ony diñläp, soñra gaýtadan düzerdim. Soñra onuñ äheñi meniñ
311
öz äheñim bolup çykdy, emma ol deýýus muny boýun almasa näder-siñ! Meni ogurlykda aýyplajak boldy. Onsoñ onuñ ömri kelte boldy. Emma poeziýa söýüjiler muña gynanan däldirler, gynanmazlaram: olar üçin esasy zat adam däl, poeziýa!
– Bu siziñ poeziýa bolan ägirt höwesiñizden habar berýär – Musa ýaramsaklady.
– Eýsem näme! – Hyrly Durgur badamjan dodaklaryny giñden açdy. – Eger şeýle bolmasa, men bu derejä ýetermidim? (Ol haşamly diwara altyn ýüzükli barmagyny çommaltdy.) Men nire, bärleri nire? – birdenkä ol azajyk gussa batdy, şonda onuñ gyýkmakdan ullakan gara gözlerine nem çaýyldy, emma basym özüne geldi, gözlerinde gussanyñ ýerini eýelän ýukajyk ýigrenç örtgüsi munda güman goýmady. – Men maksadyma ýetdim, kakam pahyr bolan bolsa, gör, ol nähili begenerdi! Emma kütek hem tüntaw, samsyk hem gödek halkyñ, içigara, wenezzyna adamlaryñ, biparh hem bitertip mähellä-niñ meniñ ýazýan inçeden nepis, duýgur, ter-tämiz meñzetmelerim-den, täzeçe ulanylan sözlerden, bu yzagalak poeziýa düýbünden ýat söz düzümlerim, bärde menden öñküleriñ hiç biriniñ ulanmadyk aýlawlaryndan doly naýbaşy döredijiligimi ýazyp başlan badyma ykrar etmändikleri zerarly kakam pahyr aýny ýaşynda ýigrenjiniñ gurbany boldy, ol dünýäniñ bolşuna çydamady, ejemiñ ýüregi berk, ol entegem bar.
Musa bu gaýgyly hekaýaty eşidip, tes-tegelek gözleriniñ gus-gury ýaşyny syldy. Hyrly Durgur Musanyñ özüne ýakyn syrdaş bolup biljekdigini derrew syzyp, goltugyndaky kagyzlaryny şagyrdadyp, ony bagryna basdy. Musa bu äpet şahyry garsa gujaklap, çekgelerine ýelmeşen gulaklaryny onuñ şapbat ýaly gulaklaryna gezegine oýka-dy. Dogrusy, onuñ ullakan gulaklaryna gözi gitdi: nähili ajaýyp gu-laklar! Beýle gulaklary bolan şahyr hiç haçan hor bolmaz. Onýança Firez Razan Atdaş-da gelip, bulary gujaklady. Içki jaýdan çykan Larin bularyñ ýürekdeş dostlara öwrülişlerine keseden guwanyp kän durdy, ýöne ahyrsoñy:
– Sizi jenap ýoldaş Prezident çagyrýar! – diýmese, dagy alajy gal-mady.
Olar üç tirkeşik bolup goltuklaşyp içki jaýa girdiler, bosagadan ätlän batlaryna jenap ýoldaş Prezident olary bilelikde bagryna basdy. 312
– Meniñ goçaklarym! – ol bozuldy. – Men öz halkymyñ adamlary-nyñ hemmesiniñ şeýdip, ikiden-üçden gujaklaşyp gezmeklerini öle-men küýseýän, aslynda bu meniñ baş arzuwym. Men size garaşsyz-lygy diñe asudalyk höküm sürsün diýip alyp bermedimmi näme?
– Biz garaşsyz boldukmy? – Firez Razan Atdaşyñ gujagyndan zor-dan sypan badamjan dodakly şahyr begenç bilen gygyrdy. – Biz indi garaşsyzmy? Siz bizi garaşsyz etdiñizmi?
Ýylan bu şahyryñ söz ulanyşyna señrigini ýygyrdy, emma şahyrlar şeýle gürlemelidir öýdüp, señrigini ýazdy. Hyrly Durguryñ begençli sesi diwarlary milli nagyş bilen bezelen gupbaly Köşgüñ içini göçü-reýin diýýärdi; jenap ýoldaş Prezident oña ”ýuwaş” diýmedi, çünki onuñ bu täzeligi Hyrly Durguryñ sesi bilen dünýä ýaýasy gelýärdi, nämä göwni ýetmese-de onuñ Hyrly Durguryñ agzyna göwni ýetýär-di, şonuñ üçinem ol ”heýjan elek! jan elek!” diýip bökjekläp ýören agzy ullakan şahyry gujaklap, mähirli seslendi:
– Öten agşam men bir düýş gördüm, gaty gowy düýş. Düýşümde bir gyzyl kekeç owadan horaz, kekeji-de biraz gyşyk, o diýen bir gyşygam däl-de, çalaja gyşyk, ýelekleri reñbe-reñ, şeý diýilýä dälmi edebi dilde, Hyrlym? – jenap ýoldaş Prezident öz gepinden göwnü-hoş ”loh-loh” güldi, Hyrly Durguryñ arkasyny sypalady, soñ dos-dogry onuñ gözlerine bakyp dowam etdi: – Ana, şol ýañky horaz bir ýykyk haýatyñ üstüne çykýar-da, dañ atanyny buşlap, yzly-yzyna gygyrýar. Men şol horazyñ sesine oýandym, gözümi açsam, başu-jumda Larin otyr, ol:
– ”Siz basyrgandyñyz” – diýdi.
– Menem: ”Ýok, men basyrganamak, men ýykyk haýatyñ üstünde owadan horaz gördüm, bu biziñ ikimiziñ garaşsyzlygymyz bolmaly” diýdim... Şeý diýdim dälmi, Larin? – Larin başyny atdy. – Ana, on-soñ, Larin ikimiz oturyp, geñeş etdik, meniñ eziz halkym garaşsyz bolmalymy ýa dälmi? Mundan beýläk men öz eziz halkymy kesekä depgiledip biljek däl, şeýle dälmi, Larin? – Larin açyk gapydan boýnuny uzadyp, mylaýym ýylgyrdy, baş atdy. – Şu günden beýläk biz garaşsyz! Men eýýäm degişli Permana gol çekdim, Larin ony tertibe salyp, halka ýetirer. Ýöne päliýamanlaryñ eline düşäýmez ýaly, belki-de, häzirlikçe ol ony öz demir sandygynda saklar. Bilme-dim. Nämüçin men şeýle ownuk-uşak zatlar üçin kellämi agyrtma-lymyşym?! Meniñki – Permana gol çekmek, galany Lariniñ işi. Ine,
313
Hyrlym, indi ikimiz garaşsyzam bolduk! – jenap ýoldaş Prezident Musadyr badamjan dodakly agzy ullakan şahyrynyñ arasyna girip, olary üýtgeşik gujaklady.- Indi näme etsek – öz elimizde. Hiç kim bize ”edýäniñ näme” diýip bilmez, çünki biz garaşsyz! Eşidýäñmi, Hyrlym, biz garaşsyz! – soñra ol uly alada galyp, öz şahyrynyñ gol-tugyndaky kagyzlara seretdi. – Döredijilik nähili? Agşam näçe goşgy ýazdyñ?
– On goşgy ýazdym, dokuzysy – naýbaşy, biri-de – gowy. Iki sany makala-da ýazdym; biriniñ ady ”Tupan asyry”, beýlekisiniñki: ”Jon Lennon”.
– Jon Lennon diýýäniñ kim bolýar? – diýip, jenap ýoldaş Prezident alada galyp sorady. – Olam Ýazyjylar guramasynyñ agzasymy?
– Ah, jenap ýoldaş Prezident! – Hyrly Durgur badamjan dodaklary-ny süýjedip ýalady. – Siz niçiksi hoşniýetli adam! Siz öz merhemeti-ñizi bütin dünýä çaýmaga höwesek. Eger-de Jon Lennon diri bolan bolsa, bu günki gün, gör, ol niçiksi sylaga ýetjek ekeni! Onuñ siziñ eliñizi öpmegi özüne bagt saýjagyna men birjik-de şübhelenemok. Arman, ol iñlis öldi. Meniñ poemam siziñ ölmez-ýitmezligiñize ba-gyşlanan, Jon Lennon bu ýerde ýöne bir perde, şol perdäniñ añry-synda Siziñ gahrymançylygyñyz ýaýbañlanýar!
– Sen onda bularyñy agşama çenli kitap edip çykart, agşamlyk Enar ony maña okap berer; häzir men gyssanmaç, köwşümi geýdigim Kuweýte gitmeli. – ýanyndakylar onuñ aýakýalañaçdygyny görüp galdylar... – Meniñ öz garaşsyz döwletimi Kuweýte meñzedesim gelýär, Kuweýtiñ soltany muña garşy däl. – soñra ol Musa garşy ymykly aýlandy – Musa, Larin ikiñiz agşama deñeç garaşsyz döwle-timiziñ Konstitusiýasyny ýazyp goýuñ, Larin eýýäm başlandyr, iki-ñiz dowam ediñ-de gutaryñ, ertir men gelip, gözden geçireýin, şol bada-da ile jar ederis. Halkara praktikasyna görä, Konstitusiýanyñ teksti kabul edilmezinden öñürti ýazylmaly, şeýle dälmi, ýoldaş La-rin?
Larin edep bilen ýylgyrdy.
– Edil özi, men ony eýýäm gutaryp barýaryn.
– Konstitusiýany şeýle bir şahyrana ýazmaly... – jenap ýoldaş Pre-zident dostlaryny gujaklap, joşgunly gürledi, – ýagny meniñ öz hal-kymy nähili gowy görýändigimi bütin dünýä bilmeli! Onsoñam söýgüli halkymyñ islegine görä, meniñ heýkellerimiñ sanyny günü-
314
birin on, ýok ýigrimi esse artdyryñ. Çünki heýkel bolmadyk ýerinde döwlet ýokdur! Eý, Tañrym, nämüçin men ýat ýurda elim boş gitme-li? Garaşsyzlygymy yglan edenime eýýäm, gör, näçe sagat geçdi, meniñ bolsa, entegem öz alnyma Konstitusiýam ýok. Beýle ýagdaýa ýol berip bolmaz. Biz wagty eşrepi ýaly tutmalydyrys!
– Lepbeý.
– Diýmek, ol taýynmy ýa-da ýok?
– Elbetde, taýyn, jenap ýoldaş Prezident. Men ony öten agşam dü-züp goýdum!
– Edil şu wagt meniñ kelläme bir zat geldi. Ol şol ýerde barmy?
– Hawa. Men ony ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ çäksiz ygtyýarlygy” diýen bölüme girizdim: ”Jenap ýoldaş Prezidente we onuñ döwletine dil ýetirmek gadagan. Bu kanuny bozana we onuñ dogan-garyndaşlaryna berk çäre görülýär.”
– Meniñ söýgüli halkyma beýle rehimsiz daraşma, Larin. Garşydaş artsa, meniñ özüme elim degmez.
– Biziñ iñ uly duşmanlarymyz garşydaşlarymyz däl. Meniñ ynjaly-gymy gaçyrýanlar – tarapdarlarymyz. Olar edil ýylan kömelegi ýaly köpelýärler. Bu, elbetde, döwlet syýasatynyñ we ykdysadyetiniñ añrybaş oýlanyşykly alnyp barylýandygyny tassyklaýar. Ýöne erbet ýeri tarapdarlarymyzyñ hemmesine-de çörek gerek. Aýagulag di-leýäni haýsy, jaý diläp ýatany haýsy! Işdäleri edil kyrk otuna ýatan gurçugyñky ýaly, öñüne oklanyñy sümrüp barýarlar. Döwletiñ býu-jeti olaryñ agramyny göterenok, gazna gutarnykly tozjak. Bu pro-blemany çözmek üçin men garşydaşlarymyzyñ we başgaça pikir-lenýänleriñ sanyny ýene birneme azaltmagy teklip edýärin. Deña-gramlylyk üçin. Aslynda garşydaşyñ ýok ýerinde tarapdar nämäniñ alnyndan?
– Ýöne ägä boluñ, men eýýäm taryha giren adam, agzyboşlara ýal bolmañ: asudalyk isläne asudalygy bozan, garaşsyzlyk isläne garaş-syzlygy bozan hökmünde çäre görmek – biziñ mukaddes borjumyz-dyr. Bir süri edip, men ýazyjy-şahyrlary oýnamaga ýallamok, olar iýenlerini ödemeli bolarlar! Olary Hyrla tabşyr-da, özüñ döwlet işi bilen bol. Hany Musa? Ony gözden salma.
– Ol Konstitusiýany halkymyzyñ milli ruhuna ýugurýar. Göwnüme bolmasa, Musa bu ugurdan örän ýiti, onuñ ”Ululary sylamak” diýen bölümi ýazyşy göwnümden turdy. Tapýan zadyna seret: ”Ýurduñ
315
ýaşlary öñünden çykan sakgalla gürrüñsiz boýun sunmalydyr, ulynyñ aýdany ýaşkiçä kanundyr.” Nähili görýäñiz? Tüýs bize gerek kanun: hem düşnükli hem halkyñ öz ruhundan dömüp çykan. Sakgallylar-da – siziñ gullaryñyz. Diýmek, indiden eýläk biziñki, ýagny siziñki – hezil! Ulynyñ diýeninden çykyp, biziñ söýgüli çölümize ýat düşünje getirjek bolan bulagaýy it dek pislemäge ýol açyk. Aksakgallary ajykdyrmasak, galany hiç.
– Olarda näme işdä bar, bäş-üç sany añkasy aşan gojany doýrup bilmedik döwletden döwlet bolmaz. Onsoñam Diller institutym işläp dursa, men öz halkym bilen her günde-de Maslahat geçirmäge taýyn. Onuñ näme zyýany bar?
Ol elindäki kitaby Lariniñ öñüne oklady. Kitabyñ daş ýüzünde: ”Daşary ýurtly ildeşlerimiziñ folklory” diýen ýazgy lowurdaýardy. Has aşakdaky ”Halk döredijilik öýi” diýen sypaýy bellige gözi dü-şende, Larin ýylgyrdy.
– Men bu oglanlaryñ zehiniñ öýjügidigini görenimden bildim. Gaş-lak öz işiniñ ussady, onuñ eline düşen özüñ bolma... Aksakgallar meselesinde meniñ diýýänim: goltuklaryna bir zat gysdyrmasañ, olar Halk Maslahadynyñ bolup geçendigini ertesi unudýarlar. Akly çaşan gojalar-da. Düwünçek bermeseñ, hiç zat ýatlarynda galanok, öýleri-ne-de gidesleri gelenok. Bu ýurtda Azyýany gaýtadan gurmak bize añsat düşjek däl, para berip tozup gitmesegem biri...
– Käşgi biziñ başga çykalgamyz bar bolsady... Kofe!
– Jenap ýoldaş Prezident, ilerki goñşularymyz size ýörite çaý dem-läp iberipdirler – gözüñe söweýin guşdyrnak çyn çaýy! Meniñ diýe-nimi etseñiz, çaýdan daşlaşmañ, ýüregiñiz çydamaz. Ewropanyñ harytlaryny ýurda goýberseñiz, olaryñ yzy bilen ol ýeriniñ düzgünle-ri-de bu ýere geler. Bilip goý: ilki zat gelýär, soñra-da – ýat düşünje. Günbataryñ başyndan inen belalardan sizi diñe ol ýurtlara belet kişi gutaryp biler. Atam pahyr meni ol ýerde okatmak üçin ruhuny şeýta-na bagş etmeli bolupdy. Ýöne ol: ”Men munuñ üçin birjik-de ikirjiñ-lenip durmadym. Sebäbi başga bir alyjy-da üýşüp ýatanokdy” diýip-di. Men Günbatary halamok. Sebäbi ol ýerde adamlaryñ hemmesi deñ hukukly. Eýsem özüni sylaýana şundan beter kemsitme nämä gerek?
– Şoña düşünýänleriñ hemmesi biziñ dostlarymyz. Azyýany ýitirdi-gi – Ewropanyñ özüni ýitirdigidir. Sensiz men näderdim, Larin... – 316
jenap ýoldaş Prezident Larini özüne garşy çekip, onuñ ýylçyr depe-sinden duýdansyz öllenen dodaklary bilen taýly gezek ogşady.
Lariniñ añrysy bärisine geldi. Ol elýaglygyny çykaryp, duýdurman, depesini süpürdi, özüne zor salyp gürledi.
– Ah-hem... siz... özüñiziñ niçiksi beýikdigiñize gadyr goýañzok – adamlary ýygy-ýygydan ogşaýarsyñyz. Munyñyz tarhandökerlik bolýar. – soñra ol ätiýaçdan öz gepini ýuwmarlady: – Ýöne men size düşünýän, siz edil dünýäniñ özi ýaly köptaraply. Gezek maña galan-da, men öz ynamyma gulluk edýärin: ”Her bir demokratiýa öz gulla-ryna mätäçdir” diýen akyl hiç haçan könelmez. Demokratiýa näçe kämil boldugyça, öz gullaryny şonça-da uzakdan tutunýar. Diýmek, halkyñ tabynlygy biziñ ikimize deñ gerek. Ikimizi diñe ölüm aýryp biler. Şundan añrysyny planlaşdyrmak – ýöwsellik bolar.
– Ah, Larin, dünýä dursun, sen dur! Men seniñ şanyña başga näme diýeýin? Men özümiñ bir agşamy şahsy durmuşym üçin mähriban halkymdan ogurlamaly boljagyma utanýaryn, ýöne nädeýin, menem adam ahbetin!
317
17. Ogurlanan agşam
Bagtlylaryñ nämüçin özleriniñ bagtlydygyny düşündirip bilmeýşi ýaly, betbagtlar-da özleriniñ nämüçin betbagtdygyny düşündirmek-den asgyn gelýärler. Olar bu hakynda diñe pikir öwrüp bilerler. Eý-sem bagtyñ hem betbagtlygyñ gözbaşy nirede? Muny nädip bilmeli? Çäklendirilmedik häkimlige ymtylan we bu kötel ýolda adamlara ynamyny ýitiren, iñ soñunda-da ýalñyz galan kişi öz ruhundan daş düşmezmi? Iru-giç özüni geçmişden hem geljekden agtaryp, töwere-gine aljyraññy garanmazmy?..
Jenap ýoldaş Prezidentiñ şahsy durmuşy ugruna barmady, belki, şondandyr ol gitdigiçe adamlardan özüni saýlap, nazaryny belentlige gönükdirmegi endik edindi. Gökde gijesine ýyldyzlar, Aý, gündizle-rine – Günüñ otly halkasy görünýär. Ýyldyzly asman ony gitdigiçe beter özüne çekýär, ýere seretse, ýüregi gysýar, eýsem ýerde gözüñ äginerlik näme bar? Adamlar ony barha beter irizýärler. Ýalñyz ga-landa, ol öz kalbyny nähilidir bir adatdan daşary, köki ýerden uzak-daky güýjüñ gurşap alýandygyny syzýar, hyýalynda arşyñ gatlaryna çykýar. Göwnüne bolmasa, ol ýerdäkiden tapawutly, başy ölümlile-riñ hiç haçan şaýat bolup bilmejek güýçleri bilen goşulyşýar. Käte-de, tersine, göwnüne bolmasa, Ýeriñ üstünde onuñ bir özi adam, beýlekiler – mör-möjekden enaýy däl, ownuk bolup görünýärler. Garaz, her niçik bolanda-da, öz oýlarynda oña adamlary özi bilen deñ derejede goýmak barha kyn düşýär. Bu jedelsiz, üstesine-de bu duýgynyñ güýçlenmegi dowam edýär. Soñky döwürde ol adamlar-dan gitdigiçe beter ýadaýar, olar öz irginsiz talaplary bilen onuñ deg-nasyna degýärler. Dogrusyny aýtsañ, bu meselede ol öz dostlaryndan duşmanlaryny has eý görýär. Duşmanlar hakynda gündelik hem juda köp gürrüñ edilýändigine garamazdan, ol olar bilen seýrek ýüzbe-ýüz bolýar, duşmanlary oña artyk ýük däl, olar emelsiz, nalajedeýin, diñe ýüregiñi awatmaga mynasyp! Dogry, bir wagtlar ol öz garşydaşla-ryndan öler ýaly gorkardy, olary mekir, hilegär, güýçli, atyşmaga-tutuşmaga türgen, islendik wagt öz elinden häkimiýedi gañryp alyp biljek adamlardyr öýderdi. Emma munuñ beýle däldigini indi ol anyk bilýär. Olar indi onuñ ýüreginde añry gitse – ýigrençli goşançlyk 318
duýgusyny oýarýarlar. Eger ol jenap ýoldaş Prezident bolmadyk bolsady, onda, belki mätäçlere haýyr-yhsan kömegini edýänleriñ arasyna goşulardy, şonda, belki, ol öz syýasy garşydaşlaryna-da, başgaça pikirlenýänlere-de ýagşylyk etse ederdi. Ýöne häzir onuñ muña ne wagty bar, ne-de islegi. Öz duşmanlarynyñ häkimiýede däl-de, eýsem adamkärçilik kömegine has beter mätäçdigini ol indi gowy bilýär. Onuñ ynjalygyny gaçyrýanlar duşmanlary däl-de, eýsem at-syz-owazasyz tarapdarlarynyñ sülsady. Olar ondan iýmit, aýakgap, geýim-gejim hantama, gündelik ondan nämedir bir zada garaşýarlar, kellesini agyrdýarlar, wagtyny alýarlar. Onuñ bolsa, bar zady undup, arşyñ gatlarynda perişde kimin erkin gaýyp ýöresi gelýär, ýerdäki aladalaryñ öz aýagyna duşak bolmagyny islänok. Gepiñ keltesi, onuñ bagtly bolasy gelýär. Ýöne erkek tohumynyñ içinden diñe seni saýlap tutan wepaly aýalyñ gyzgyn söýgüsi bolmasa, nädip bagtly boljak? Ýerdäki Hudaýyñ ornunda oturyp, ol başy ölümlileriñ ara-syndan beýle saýlantgysyny nädip tapmaly? Asla bu mümkinmi? Belli däl, ýöne onuñ synanyşyp göresi gelýär. Şonuñ üçinem ol bu gije ýene Enara garaşýar. Belki-de, ahyrsoñy onuñ bagty getirendir? Iñ bolmanda häzire çenli-hä Enar öz janyndan gorkup onuñ düşegine girýändigini syzdyranok. Ol hem näzik folklor tansçysy, hem onuñ sessiz-üýnsüz gyrnagy, hem suýasy pikirdeşi bolup biljege meñ-zeýär. Belki-de oña töweregindäkiler üçin öñküsi ýaly Hudaý dereje-sinde galyp, şol bir wagtda-da bu aýal bilen panynyñ iñ gizligin aýşy-eşretlerini boýlap, olardan adaty adamlaryñky ýaly lezzet almak bagty miýesser eder? Ýañy ýüzi ýyrtylan bu ýaş maşgala oz näzikli-gi, ýakyp-ýandyryp barýan ody, agraslykdan – alçaklyga, salykatly-lykdan – köçe gezen jenanlara mahsus utançsyzlyga çenli baryp ýetýän, soñra-da, gerek bolsa, derrew ýene yzyna öwrülip duran gy-lygy bilen onuñ ýüreginiñ özgelere başartmadyk, hiç haçan-da ba-şartmajak çuñluklaryna aralaşmagy başardy. Başdan-aýak gymmat-baha nepis eşik geýnip, ýa-da, tersine, näzik tenine ”üf!” diýseñ, ülkeden aşjak añrysy görnüp duran matadan gysgajyk köýnek iltäp, çöl jereniniñ seýkin basyşyny edip, öñünden kemsiz taýynlanan tür-gen hereketleri bilen golaýlap gelende, birdenkä-de, sen-men ýok, egni köne-küşülli, gedaý aýalyñ sypatynda öz öñünde peýda bolanda, onuñ hut demi tutulýar. Ýüreginde harasat gopup, ýönekinden hiç
319
haçan üsti açylmajak, başbermez, bulanyk duýgulary bäriligine ýagty dünýä garşy dyzaýar.
Eger-de Enar gitdigiçe onuñ mähriban enesi, mukaddes Gursoltana meñzäp gidip oturmadyk bolsady, onda ol onuñ ýüreginiñ düypsüz çuñluklaryna aralaşyp bilmezdi, – hökümli hem elýeterli, boýnegiji hem sypjyk, owadan hem eleşan… – onuñ her bir hereketi jenap ýoldaş Prezidentiñ kalbyny lerzana getirip, bütin süññüni sarsdyrýar. Ejesi-de edil şeýle sypatda ebedilik onuñ ýadynda galdy. Çagalyk hem has soñky düýşlerinde ol elmydama ejesiniñ adyny tutup, yzyn-dan el serip galýar, ejesini özünden daşlaşdyryp, sähralyga garşy alyp barýan atarabanyñ yzyndan tä usurgaýança ylgap, soñra-da gözýaşyna ezilip oýanýar. Dogrusy, ol düýşünde nämüçin atarabanyñ ejesini sähralyga alyp gidýändigine düşünip bilenok, hakykatda bu başgaça bolupdy ahyryn: ejesi ony elinden tutup, şäheriñ çetindäki ýetimler öýüne getirdi-de: ”Sen şu taýda oýnaber, men derrew gele-rin!” diýip, höre-köşe bilen bir özüni taşlap, hemişelik ýitip gitdi. Ýöne nämüçindir düýşlerinde ol hergiz arabaly daşlaşyp gidýär, ara-bany çekýän atyñ üstünde-de, nätanyş bir murtly erkek otyr, özem ol kişi gözden ýitmezden ozal, her gezek egniniñ üstaşyry oña yzgytsyz seredip ýetişýär, gözýaşyna boglup duran kiçijek, ejizje oglanjygy albassydan enaýy görmeýändigini duýdurýar. Soñra murtlak aty gamçylaýar, arabanyñ tigirleri jygyldap, zaryn seslenýär, ol bolsa, ellerini serip ejesiniñ yzyndan ylgaýar: ”Gitme, gal, arabadan düş! Meni ýeke goýma, men gorkýan!” Ejesi oña düşnüksiz öýke gaty-şykly mähir bilen seredýär, dymýar, iñ soñunda-da: ”Men daýyñ bilen pata görnüp geljek.” diýip, ýazykly dil ýarýar. Düýşünde ejesi oña hiç haçan men yzyma gaýdyp gelerin diýip wada berenok, hiç haçan!..
Ol oglanjykka başyndan geçen zadyñ düýşündäki görýäni bilen nämüçin tapawutlydygyna hiç düşünip bilenok, ejir çekýär; kellesine şunça agram salsa-da, murtly daýysynyñ bardygy-da ýadyna düşe-nok, ýöne ejesiniñ entek kakasy dirikä, käte onuñ çetine degýäni düýş ýaly ýadynda: – ”Nämüçin illerde murt bar, sende ýok?”, kaka-sy: – ”Oña derek meniñ aýalym iliñkiden owadan!” – ”Görsene, aýaly iliñkiden owadanmyş! Täzelik aýtdy, käşgi men ony bilmeýän bolsam…” Şondan soñ kakasy onuñ göz öñüne gelenok, ýadyndan çykyp gidýär. Hojalyk ejesiniñ eline geçýär, ol bolsa: utanjañ hem 320
hökümli, hökümli hem utanjañ. Düýşünde ol ejesine ”Meni ýeke goýma!” diýip ýalbarsa-da, hakykatda ol oña ynanyp, ýat ýerde gal-dy. Emma ejesi ony aldady, oña dönüklik etdi, gaýdyp yzyna köw-lenmedi. Ýat aýallaryñ biri geldi-de, elinden tutup, ony şondan soñ ençeme ýyl ýaşamaly bolan nätanyş howlusyna saldy. Bu howluda ol aç ölmedi, ýöne, gören güni-de ýok: özi ýaly enesiz-atasyz oglanla-ryñ arasyna düşüp, itiñ art aýagyndan suw içdi! Özünden ekabyrla-ryñ hyzmatyny etdi, işi jorap ýuwmak, iliñ ýorganyny ýygnamak boldy, ýumruklap, içkisini ýuwduranam tapyldy, ol, elbetde, boýun egmejek bolup gördi, ýöne, kötek güýçli bolsa, ýüñ gazyk ýere git-mezmi?
Bu ýat öýde oña dözmezlik eden diñe başda elinden tutup howla salan aýaldy, düýşürgäp, ýakasyny gözýaşyna ezip turanda, käte onuñ başyny sypan ýene şol boldy. Ol ony dura-bara ejesine meńzet-di, ońa imrikdi, ýöne asman gözli bu mährem aýal-da, has sońrak Larine öwrülip dolanyp gelmek üçin, bir günden bir gün onuń dur-muşyndan sessiz-üýnsüz gaýyp boldy. Emma tä şoña çenli ol öz galagoply düýşleri hem ony eljiretmezine tutan durmuş bilen ýekme-ýek galdy: düýşünde murtly kişi ejesini ýesir edip, atarabaly äkitse, huşunda özünden ekabyrlar degnasyna degdiler. Netijede onuñ gö-zünde güýçlüden hemişelik gorky galdy, onsoñ ol hiç haçan dagy-duwara özünden ökdä ynanmady, ynamsyzlygyñ – gorka, gorkynyñ ýigrenje öwrülmegi kynmy nä?
Çagalyk düýşleri ony şindi-şindem yzarlap, gynap ýör, ol basyrga-nyp, hemişekisi ýaly ejesiniñ yzyndan el serip, gygyryp oýanmagyny goýanok. Beýle pursatda indi Larin oña enäniñkä berimsiz mähir bilen garaşyk edýär, başyny sypap, başardygyndan ýakymly sözler bilen köşeşdirýär. Şeýle pursatlarda ol Larini uçursyz gowy görýär, ejiz hem goragsyz haýwan balasynyñ tebigy söýgüsi bilen oña be-rilýär, ony hossar tutunýar. Jenap ýoldaş Prezident özüniñ bu söýgü-sini Larinden gysganmaly däldigini bilýär, entek Larini bu söýgi bilen apalaýarka, öñünden sowlup bolmajak gorkynyñ öz başyndan inmejekdigine gowy düşünýär, diñe bir düşünmegem däl, muny hut on iki süññi bilen syzýar…
Ejesi-de hiç wagt onuñ ýadyndan çykanok, onsuz bir güni-de geçe-nok, ýöne ol onuñ ýadynda bir wagtda: owadan hem betnyşan, mä-hirli hem ähdiýalan bolup galypdyr. Şol sebäpdenem jenap ýoldaş 321
Prezident ony eý görjegini-de, ýatlaman oñjagyny-da, hudaýlaşdyr-jagyny-da ýa-da, tersine, ýere sokjagyny-da bilip bilenok. Bu onuñ üçin çözgüdi garañky matal. Netijede gursagynda onuñ bilen bagla-nyşykly aýdyp-diýip bolmajak güýçli hujuw möwjeýär, bu hyjuw onuñ ýaşyryn duýgularynyñ jemine öwrülip bilen islendik aýaly ýakyp-ýandyryp biljek. Enar özüniñ günüñ güni gylyjyñ päkisiniñ ýüzünde ýöräp ýörendigini, ölüm bilen ýaşaýşyn arasyndan ýol salýandygyny gümanam edenok…
Bu gije jenap ýoldaş Prezident ýene-de Enara garaşýar. Onuñ öz ýüregini nämüçin beýle çuññur gozgap bilýändigine häzirlikçe oña düşünmek kyn. Munuñ üçin wagt gerek. Garradygyça adamynyñ öz aslyna golaýlaýandygyny, elbetde ol ozal eşidip görüpdi. Ýöne me-sele diñe şundamyka? Enaryñ onuñ öz geçmişini ýatladýanlygynda-myka?..
Edil şol demde Enar eli gyzgyn çaýly çäýnekli Köşgüñ iñ içki ota-gynyñ bosagasyndan bärik ätledi, sülmüräp, gapyda eglendi. Bir wagtlar, ol entek başy päki bilen syrylgy oglanjykka, ejesi – mukad-des Gursoltan añzakly günler gaşlaryny aýaza çirkizip, öz çagalaryny tas dilegçiniñ gününe laýyk, garypja agşamlyk berjek bolup, ojakda çaý gaýnadyp, soñra eli bugaryp duran gyzgyn gara tüñçeli içerik girerdi. Ol döwürde nirelerdedir bir ýerde aýylganç Jahan urşy barýan ekeni, jenap ýoldaş Prezident muny soñ-soñlar bilip galdy; belki ony atasyndan müdümilik aýran-da, eneli ýetim goýan-da şol näletsiñmiş urşdur? Ah, diñe şeýle bolanlygynda, onuñ ömri, gör, nähili düşnükli bolardy…
Bu gün aýratyn syrly geýnip, bu topragyñ köne däbine görä, aşaky dodagyna ýukajyk ýaşmak alan Enar bäriligine garşy ýene birnäçe ädim ädip, onuñ ünsüni gutarnykly özüne çekdi. Jenap ýoldaş Prezi-dent kümüş dyrnak alynýanyny gapdala oklap, ejesi, mukaddes Gur-soltanyñ ýylgyrmasyny edip, eli zerli hum çäynekli özüne ýakynla-şyp gelýän Enara kaýyl galyp seretdi. Birdenkä-de gelniñ elindäki zerli käseleriñ biri ýere gaçyp döwüldi, otaga çyn jäjiniñ owazy ýaý-rady.
Jenap ýoldaş Prezident ýerinden turdy.
– Seniñ eliñden gaçyp döwlen käse bagtyñ buşlukçysydyr, Enar! Seret, dos-dogry dört bölek: biri Aý, biri Gün, biri men, biri-de sen! Gel, bileje oýnaly! Iki jäç maña, ikisi – saña... Utanma, gel, bärik,
322
entegem ýakynrajyk... ana, şeýle... Gel, ikijigimiz döwlet işini edeli. Bilýäñmi näme, döwlet işinde esasy zat ýurdy dolandyrmak däl, adamlary aýlandyrmak. Şonda olar sen döwleti dolandyrýansyñ öýdýärler, düşündiñmi? Ah, meniñ akyllyjam, sen düşünmän, maña kim düşünsin? Sen pikir etme, men Abady halamok, onuñ ömri kelte boljaga meñzeýär, men bolsa halys ýasdan iripdirin. Göwnüme bol-masa, saña golaýlaşdygymça, öz geçmişime ýakynlaşýaryn, sen me-niñ ejeme meñzeş, şeýle bir meñzeş, her göremde inim dyglap gidýär, ah, meniñ mähriban ejem, mukaddes Gursoltan! Aýagymdan başla-da, owkalaber, utanma, döwlen käsäniñ gaýgysyny etme, döw-lete ýolbaşçylyk etjek bolsañ, ýiten zada gynanmaly däl, ony nädip öz peýdaña ulanyp biljekdigiñi pikir etmeli. Ine, meselem, sen häzir eliñden gaçyryp, tötänden bir käse döwdüñ, şeýle dälmi? Ol altyn çaýylandy, gymmatdy, ýöne indi oña gynananyñdan ne peýda? Go-wusy, bu hadysany il bähbidi üçin nädip ulanyp boljagyny oýlanma-ly! Nädeñde döwlen jäjiñ owazy ile peýda berer? Tapdym! tapdym! Derrew Larine ýetir, goý, ol milli telewideniýäniñ aznawur habarçy-laryny çagyrsyn-da, jäjiñ owazyny ýazgy etsin, onsoñ ony ertir-agşam halka görkezip dursunlar, bu biziñ çäýnek-käsä zar bolup, agaç susakdan çaý içip oturan halkymyzyñ zerur islegini kanagatlan-dyrar. Goý, olaryñ jäjiñ owazyndan gulagy gansyn! Ýöne özüñ der-rew gel, meni garaşdyrma, sen maña öýñüzden mampaza getirdiñmi? Larin meni mampazasyz goýýar, ol maña düşünenok...
Enar jenap ýoldaş Prezidentiñ islegini şol demde ýerine ýetirdi, soñra yzyna gaýdyp gelip, haly bukjasyndan bir gapyrjak mampaza çykardy.
– Size daşky otagda daşary ýurt ilçileri garaşýar.
– Bar, aýt, goý, olar maña ippodromda garaşsynlar. Men ol ýere at çapyşygyna tomaşa etmäge barjak, şonda işimiñ başymdan agdykdy-gyna garamazdan, men daşary ýurtly doganlarymyzy kabul ederin, şeý diý-de aýdaý. Sen olara bir halk tansyny-da edip ber, goý, gö-wünleri açylsyn, ýogsam olar soñ bolgusyz gürrüñ ederler. Bilýäñmi näme, olar meni äsgermejek bolýarlar: ”Ýurduñ bütin territoriýasyna kontrollyk edip bilenok” diýýärler, ýöne sen muña ynanma, men olaryñ gözlerine görkezerin! O nähili men kontrollyk edip bilemok-myşym? Larin bu töhmede basym döwlet derejesinde gaýtawul be-rer! Ýöne tans edeñde, ýaşmagyñy açmagyn, ikimiz hakynda erbet
323
zady pikir etmesinler! Men indi bagta garaşmakdan ýadadym, seniñ hatyraña öz dünewi döwletimde köpaýallylygy girizmeli bolarmy-kam diýýärin. Şonda meniñ öz ýurduma doly erk edýändigimi hem-meler görer! Üstesine-de, bu meniñ sosial bazamyñ gerimini giñel-der. Ah, meniñ guşjagazym, belki-de, seniñ üçin köpärlilik girizilse bähbitlidir? Ýöne bu ýurtda saña menden başga düşünjek bardyr öýdemok. Muña hatda Larinem düşünmez... – ol küti dodaklaryny Enaryñ gulagyna degirdi, – onsoñ ikimize kimdir birine añsat aw bolmak nämä gerek? – gelniñ näzik dodaklaryndan aşak sypyrylan al öýmesiniñ ujuny ala gözleriniñ aşagyna deñeç öz eli bilen ýokary galdyran jenap ýoldaş Prezident süýji gerindi. – Seni gören gelmi-şekler meniñ ýurduma aşyk bolarlar. Tans edip bolañsoñ, edep bilen epilmegi unutmagyn, bu olaryñ göwnüne aýratyn gowy ýarar, eýjeji-gim!
Şondan soñ jenap ýoldaş Prezident agzyna bir gysym mampazany atdy-da, ýurduñ ykbaly barada çuñ oýa batdy. Enar onuñ halka gere-kli pikirlerini bozman, otagyñ burçundaky gymmatbaha kürsüniñ içine hem basym bitjek arzuwlaryna boýa-boý çümüp, gözlerini süz-di.
– Oýan, tur, Enar, men ähli meseläni çözüp boldum. Sen, bar-da, Larine aýt, goý ol ýarym sagatdan meniñ ýurdumda süýrgünortan bolandygyny hut şu wagt yglan etsin. Projektorlarymyzyñ güýji gü-nortanyñ ýagtysyna ýetmese, onda ikindin diýäýsin.
Ymgyr gijäniñ içinde, dogry ýarym sagatdan ýurtda günortanyñ zañy urdy. Ippodroma ýygnanan halk hyñ berýärdi, adamlar bütin görnüşi bilen gündizligi alamatlandyrýardylar, äpet çyralar gijeligi dyr-pytrak etmäge dyrjaşyp, oturanlaryñ üstünden sowuk şöhlesini çogdamlap guýýardylar. Tomaşaçylar özlerine timar bermäge ýeti-şipdirler, emma olaryñ ýellenen gabaklary ýarygijäni aldamagyñ mümkin däldigini görkezýärdi.
Mikrofonyñ öñüne geçip:
– Men öz halkymy gowy görýärin! – diýende, güýçli çyralaryñ aşagyna düşen jenap ýoldaş Prezidentiñ bäbegiñki ýaly ýylmanak duluklaryndan hemişekisi ýaly äpet der damjalary paýrap döküldi. Soñra ol öz söýgüsini umumylaşdyrma derejesine deñeç ýokary gö-terdi: – Biz, ýagny Bütin dünýäniñ jenap ýoldaş Prezidentleri, öz halklarymyzy ölemen gowy görýäris, biz olary hiç kime bermeris!
324
Hiç kes biziñ halkymyzy bizden artyk söýüp bilmez, diñe bozgaklar hem päliýamanlar biziñ halkymyzy bizden beter söýmäge milt edip bilerler. Men gije-gündiz Alladan özüme uzak ömür dileýän, sebäp diýseñ meniñ öz mähriban halkyma uzak ýyllar başyma täç edesim, ony ýeñişlerden ýeñişlere alyp gidesim gelýär. Ýöne halkymyñ meni gowy görşi – zadyñ çaky däl, halk meni gözüniñ görejine deñeýär. Ine bir ýönekeýje mysal, ony size ýurdumyzyñ meşhur folklorçysy Enar jar eder. Siziñ öñüñizde şöhratly Ena-a-ar!
Jenap ýoldaş Prezidentiñ iñ ýokary hünärli ökde artistleriñ dereje-sinde aýratyn dabara bilen yglan eden bildirişi märekäni heýjana getirdi. Uzyn-uzyn gaty oturgyçlarda ornaşan märeke edil dälirän ýaly bolup el çarpýardy. Bu şowhun daşary ýurtlulary ukudan açdy.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ örän ýerlikli belleýşi ýaly, biziñ halky-myz öz ogluny tüýs ýürekden söýýär. Bu mukaddes ippodromda men halkymyzyñ onsuz bir günem, bir sagadam ýaşap bilmejegini kasam edýärin! Adamlar ör turup, ýeke-ýekeden hem bilelikde kasam etdi-ler. Soñra Enar goltugyndaky haly bukjasyndan bir petde kagyz çy-kardy-da, dözümli mylaýym ses bilen ýene-de gijeligi böwüsdi: – Jenap ýoldaş Prezident, Çarwanyñ babadaýhanlary sizi sekizinji suw baýramyna çagyryp, telegramma iberipdirler. Ynha, olaryñ umumy çakylygy, ine, bular bolsa, oba adamlarynyñ aýry-aýrylykda ýollan çakylyklary. Olar iýmän-içmän, siziñ ýoluñyza göz dikýärler. Halk sekizinji suw baýramyny sizsiz tutmak islänok, olar siziñ nurana ýüzüñize zar, merhemet ediñ, halkyñ gözüni ýolda galdyrmañ!
Jenap ýoldaş Prezident çakylygy kiçigöwünli kabul etdi:
– Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!
Soñra hemişekisi ýaly halkyñ gürrüldili elçarpyşmasyndan lezzet alyp, ol gözlerini süzdi-de, kemsidilen çagalyk döwrüniñ galagop ýatlamalaryna çümdi. Şonda ejesiniñ özüni idirdedip, ýetimler öýün-de taşlap gaýdyşy, ol ýerde özüniñ ekabyr oglanlaryñ içki geýimleri-ni, joraplaryny ýuwup oturyşy onuñ göz öñüne geldi, ”erbet ýuwup-syñ” bahanasy bilen özüne ýürekbulanç süýkenişleri ýadyna düşen-de, hamsykdy, göz ýaşyny sylanyny duýmady: ”Ah, ejem jan, mu-kaddes Gursoltan!” diýip, samrady. Bu agyr ýatlamalardan ony mä-rekäniñ güwwüldisi oýardy.
– Bu tozan näme? – ol gözlerini owkalady. – Çapyp barýanlar atmy ýa eşek? Hany daşary ýurtly doganlarymyz?
325
– Bu çapyp barýanlar atlar... – Larin mylaýym ýylgyrdy. – Daşary ýurtly doganlarymyzyñ aladasyny özüm ederin.
Aýlawa siñe sereden jenap ýoldaş Prezident çapyp ýören janawarla-ryñ eşek bolaýmagynyñ ahmaldygyny güman etdi, ýöne Larin diýýän bolsa, alajyñ näme, olar hökman atdyr. Daşary ýurtlularyñ jyñky-da çykmaz, olar Larine boýun. Eşekleriñ atdygyny we biziñ ýurdumyzda milli demokratiýanyñ gurulýandygyny olara eýýäm düşündirendir. Eger olar muña düşünseler, bu Azyýa-da, Europa-da bähbitli bolar.
– Eşek – eşekdir-dä, birden aññyraýsa nätjek: şu çapyşykdan soñ olaryñ hemmesiniñ agzyna torba geýdiriñ!
Jenap ýoldaş Prezidentiñ gury dodaklary hökümli gozganan dessi-ne:
– Daşary ýurtlularyñmy? – diýip, Diller institutynyñ müdiri profes-sional alada bilen gyzyklandy.
– Ýok, eşekleriñ...
Gaşlak suslandy.
Şondan soñ eşekleriñ hemmesine iki çapyşygyñ arasynda ýeke-ýekeden at derisini geýdirdiler. Ol derileri et kombinatyndan, bedew-leriñ ete geçirilýän ýerinden jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagulagy bilen alyp geldiler. Çapyşykda eşekleriñ haýsydyr biri büdräp ýykyl-dy-da, harrylda tutdy, agzy gum garbady, ol dyzyna galjak bolup, küpürsäp ýatan gumy peşäp, gazap bilen naýynjar hynçgyrdy, çünki büdrände onuñ agzynyñ sargysy gaçan ekeni. Muny gören hökümet işgärleriniñ hemmesi betbagt eşegiñ üstüne eñdiler; hynçgyrmasy aññyrma ýazyp ýetişmänkä, gyra çekip, hökümet adamlary onuñ damagyny çaldylar. Hyrly Durgur eşegiñ damakganynyñ üstünde tragiki pozada durup, ”Bedew sen!” atly elegiýasyny ýazdy. Jenap ýoldaş Prezident gullugy çapyşygyñ dowamynda bu elegiýany aýra-tyn kitap görnüşinde zerli harplar bilen neşir etdi, onsoñ Hyrly Dur-gur ony döwletiñ adyndan daşary ýurtlulara daşary ýurda äkitmäge ýadygärlik berdi. Myhmanlaryñ minnetdarlyk bildirjek bolany-da şoldy welin, onýança edil ýerden çykan ýaly bolup, olaryñ ýanynda saçy tekiz syrylan bir okyjy peýda boldy.
– Ynanmañ! – diýip, ol ýangynly pyşyrdady. – Men onuñ neşir etdirýän kitaplaryny okap, akylymdan azaşdym. Onuñ soñky roma-nynda, meselem, bir öýde üýşüp jenap ýoldaş Prezidentiñ saglygyna
326
içip otyrkalar gahrymanlaryñ biri daşaryk buşukmaga çykýar-da, gaýdyp yzyna gelenok, ýitip gidýär. Men ilki onuñ haýsydyr bir gü-näsi bardyr öýtdüm, özüñiz bilýäñiz, biziñ ýurdumyzda ”Adam wag-tyndan öñ ölüp bilmez!” Emma hormatly ýazyjymyz Hyrly Durgu-ryñ täze romanynda jenap ýoldaş Prezidentiñ bu beýik ýörelgesi gödek bozulypdyr. Düşünýäñizmi, edebi gahryman daşaryk siýmäge çykýar-da, ýitirim bolýar! Ýagny, bu gahryman ýatdan çykypdyr we netijede ol öz çekmeli jezasyny çekmän gutulýar. Bu barada men eýýäm degişli edaralara hat ýolladym, olaryñ ünsüni bu aýylganç waka çekmek başardar diýip umyt edýärin, diñe tarpa-taýyn ölmesem bolany, meseläniñ düýbüne ýetjekdigime ynanýaryn. Biziñ ýurdu-myzda beýle eden-etdiligiñ bolmaly däldigi anyk, jenap ýoldaş Pre-zidentiñ ölmez-ýitmez taglymaty eýsem munuñ mizemez subutnama-sy dälmi nä?!
Okyjy takyr kellesini hartyldadyp gaşady, ýene-de nämedir bir mö-hüm zady diýmäge çemelendi, ýöne ýazyjynyñ ondan öýkeländigi bildirdi, sebäbi onuñ yşaraty boýunça okyjynyñ bokurdagyny my-laýym owkalap, bu ýerden alyp gitdiler.
Hökümet adamlary daşary ýurtlulara at çapyşygyndan lezzet alma-lydyklaryny myhmansöýüjilikli ýatlatdylar. Bu wagt bäsleşik gyzy-şyp, tozan dik asmana galýardy. Tötänden eşekleriñ ýaryşyna düşen bedewden başga ähli bäsdeşler gezekli-gezegine birinji baýragy aldy-lar; at janawara beýle bagt ýetdirmedi, sebäbi eşeklerden saýlanyp, olaryñ syryny açmazlygy üçin oña-da ham geýdirdiler; ol ham-da oña halys dar bolup, gysyp-gowrup alyp barýardy, onsoñ bäsleşikde at eşekleriñ tozanyny-da eýgermedi. Çapyşyk gutaransoñ baryp gör-seler, at janawar namysdanmy ýa-da eşekleriñ tozanyndan demigip ölüpdir-de, aýlawda häliden bäri öli atyñ gäbi haltyldap aýlanyp ýören bolsa nätjek.
Larin daşary ýurt delegasiýasyny alyp, Köşge ugrady. Jenap ýoldaş Prezident halkyñ arasynda galdy, onuñ öz halkyndan eger bir sagat-da aýrylasy gelenokdy: at çapyşyk gutarsa, it urşdurar, itler bir-biregiñ gulagyny-burnuny goparyp, bogazlaryny çeýneşensoñlar, bedenä geçer, bedeneler güýçden gaçsa, horaz urşdurar! Aýyn bol-masa: ”Gorkmasañ, onuñ gulagyny elle!” diýip, oglanjyklary biri biriniñ üstüne küşgürer, garaz, gyrlyşdyrara gara tapsa, il içindedir. Jenap ýoldaş Prezidentiñ öz iti-de ýaryşa goşulýar, onuñ yzgytsyzly-
327
gy görlenden däl, garşydaşlarynda gulak-guýruk goýanok, ýapyşan ýerini alyp düşýär. Jenap ýoldaş Prezident itine tüýs ýürekden guwa-nyp: ”Ine, öz duşmanlaryñy şeýle dalamaly!” – diýip gyjynýar, göze görünmeýän syýasy garşydaşlaryna haýbat atýar, emma it urşy guta-ryp, onuñ daşyny minnetdar mähelle alanda, ýüregi ýumşaşyp: – ”Ýeri bolýar, meniñ garşydaşlarym aç ölse-de bolar” diýen oñşukly pikire gelýär. Bu wagt welin, ol gabyrdaşyp, gazaply gemrişýän ga-zankelle köpeklere tomaşa edip oturyşyna Musadyr Lariniñ daşary ýurtlular bilen näme gürrüñiñ başyny agyrdýandygyny biljek boldy: ”Larin hiç kimden pes düşmez – ol mañlaýny sylyp, dogup gelýän Güne seretdi. – Larinsiz, meniñ mermer Köşgümiñ çarwanyñ çatma-syndan tapawudy nä?!”
– Nämüçin siziñ ýurduñyzda ähli ýerde şol bir perdeden saz ça-lynýar, şol bir aýdym ýañlanýar? – daşary ýurtlularyñ biri Köşge barýarkalar Larinden ätiýaçly sorady.
Larin myssa ýylgyrdy.
– Sebäbi biz eýýäm gerekli sazy düzdük, gerekli aýdymy ýazdyk, zerur perdäni-de tapdyk. Bize indi diñe täze-täze aýdymçylar gerek. Näçe köp bolsa, şonça-da gowy. Bu ýurtda adam akyly kesjek açyş-laryñ hemmesi bireýýäm edildi, indiki ösüş diñe jenap ýoldaş Prezi-dentiñ gudratyna bagly. Ýagşy... – diýip, ol Köşge gelensoñlar daşa-ry ýurtlulara ýüzlendi, – siziñ maksadyñyzy bilmek biz üçin örän gyzykly. Çünki biz garaşsyz hem baky bitarap ýurt, entek aýak üstü-ne galýançak, demimizi dürseýänçäk azyndan ýüz ýyl wagt gerek. Men size bir Gündogar tymsalyny aýdyp bereýin – meniñ öler aşym Gündogar tymsallary – olarda bize gerek parasat bar. Hawa, ana onsoñ, ýañky aýdyşym ýaly, ir döwürde Ependi gawun ogurlygynda garawula üstüni gapyl basdyrypdyr. Sypara ýer galmansoñ, ol çer-megini sypyrypdyr-da, beýlesindäki sygyr lapbyjyñ üstünde çomma-lyp oturyberipdir. Añyrdan gelen garawul muny görüp: ”Ýeri, molla Ependi, günortanyñ garañkysynda bakjada sümsünip ýörmäñ näme?” diýip herrelende, ol: ”Men meýdan edip otyryn” diýip çyglypdyr. ”Onyñ sygyr lapbyç ýaly-la” diýip, garawul onuñ üstüne abanybe-ripdir welin ol: ”Eýse, sen nä maña adam şekilli meýdan etmäge wagt berdiñmi!” diýip, aşakdan ýokaryk onuñ üstüne herrelýärmiş. Biz öz ýurdumyzda demokratiýany ýokary depginde gurýarys, ynanmarsyñyz, iş şeýle bir gyzgalañly gidýär welin, hatda käte gülüp
328
kese ýykylaýmaly zatlar bolýar. Ine, meselem, bizde eýýäm ösen demokratiýanyñ bardygyna garamazdan, entek özümize demokratik partiýanyñ biledinem çap edip ýetişemzok, agzalyk salgydymyzy öñki kommunistik biledimiz boýunça töleýäris. Meniñ sizden ýekeje haýyşym: jenap ýoldaş Prezidente ynanyñ, onsoñ bizem size ynana-rys.
Daşary ýurtlularyñ iñ ýaşy sorag bermän durup bilmedi.
– Aýtsañyzlañ, siziñ ýurduñyzda öñ dine ýnanmak, aýat-töwir ga-dagandý, indi ýagdaý nähili?
– Siz piliñ gulagynda uklaýarsyñyz. Biz Hudaýa iñ golaý durýan partiýa. Bütin kommunistik partiýamyz bolup, ýañy-ýakynda Mek-gäniñ mukaddes gara daşyna mañlaýymyzy degrip geldik. Biz öz mähriban halkymyza-da bu mümkinçiligi döretmekçi. Ýöne, özüñiz bilýäñiz, biz entek ýaş döwlet, halkymyzy uçdantutma Mekgä uçur-maga ykdysady mümkinçilik ýok, şonuñ üçinem biz Käbäniñ gara daşyny lükgeligi bilen satyn almagy karar etdik.
– Küpür geplemäñ, külli musulmanyñ çokunýan mukaddesligini ýerinden goparmak bolmaz ahbetin! – diýip, dini başgalar musul-manlarça töwella etdiler. – Käbäniñ üstünden güljek bolmak – külli günädir. Gözüñiz gapylar.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüne getirilmese, indiden eýläk ol gara daş kime derkar? – Larin ýylgyrdy. – Biziñ pygamberimiz bar, daşymyz ýok! Enşalla, Alla bizlik bolsa, Mekgäniñ gara daşy basym bu ýerde gögerer! Onsoñ biziñ ýurdumyz dünýäniñ merkezine öwrü-ler. Dünýä sary öküziñ şahynda duran bolsa, biziñ bagtymyz-da je-nap ýoldaş Prezidentiñ merdana eginlerinde, ol öz ömrüni halkymyza meýletin pida berýär. Garaşsyzlyk paýlananda, öz paýyny alyp otu-ryberşindenem siz onuñ niçik garadangaýtmaz adamdygyna göz ýetirensiñiz. Ol ilki maña: ”Nädeli?” diýdi, menem: ”Gör-dä – diýdim, – başga çykalga ýok bolaýmasa...” Olam mundan tüýs ser-darlarça netije çykardy, aldy-da ony yglan edäýdi. Ine, indi biz alla-näme garaşsyz döwlet. – myhmanlar iñlislere çalym edip, biri-biriniñ ýüzüne syrly seredişdiler, yzyna gulak asdylar. – Biz öz ýurdumyzy dünýäde iñ dynçlyk söýýän ýurda öwürmekçi, munuñ üçin zerur zatlaryñ hemmejesi bizde bar: Halk, Watan, jenap ýoldaş Prezident – Larin gök gözlerini ýaşyl öwüsdirip, daşary ýurtlulara dikdi. – Jenap
329
ýoldaş Prezident ýurdumyzy aýylganç baýatmakçy, bu gizlin syr däl. Ol eýýäm bu ugurdan başarnygyny görkezdi, özi puldan kösenenok.
– Nädip? – daşary ýurtlular geñ galmakdan geçdiler.
Larin derrew bloknodyna bellik etdi.
– Ýerlikli sorag. Men muny jenap ýoldaş Prezidente ýetirerin. Do-ganlyk belligiñiz üçin halkymyz size baky minnetdar bolar.
Daşary ýurtlular garşy bolup durmadylar.
– Şeýlelikde... – Larin Musanyñ ýüzüne ne manyly, ne-de manysyz seretdi, – geçen hepdäniñ sişenbe gününden bäri, ýok, ýok, çarşenbe gününden bäri, ”Çarşenbe güni çar tarapa!” diýen pähimden ugur alyp, biz garaşsyz ýaşap ýörendiris, hezil eken-le, öñ bilmän ýörsek nätjek! Meniñ bir nakyl aýdasym gelýär, bilýäñizmi, bu ýurtda asyl nakylsyz bir ädimem ätjek gümanyñ ýok, eýläñem nakyl, beýläñem. Sişenbe güni garaşsyzlygymyzy almagymyza aksakgallar kes-kelläm garşy boldular, onsoñ jenap ýoldaş Prezident tüýs halkyñ gursagyn-dan çogup çykan hyjuwy gije düýşünde görmeli boldy, menem ony derrew – ýormaly. Ana, onsoñ ertesi bütin dünýä şanly wakanyñ şaýady boldy. Galanyny, ynha, meniñ egindeşim, hökümetiñ jogap-kär işgäri, garaşsyz ýurdumyzyñ Baş kanunyny milli ruhumyza ýu-grujy komissiýanyñ başlygy Musa Çöli aýdar.
– Biziñ halkymyz aşa gowy halk, ýöne çöli tozdurmasy telek – diýip, Musa Çöli gapdalyndan geçip barýan çybynmydyr çirkeýe owsun atdy, ilçiler gozgalañ tapdylar. – Ýöne bu biziñ partiýamyzyñ günäsi däl, aýry-aýry adamlaryñ günäsi. Aýry-aýrylykda. Çöl hapa-dan gömük, içi jandarsyz, iýmitsiz, ýok bolsun basybalyjylar!
– Bu ikisiniñ arasynda baglanyşyk nämeden ybarat? – myhmanlar aýdylany ýazmaga taýynlyk gördüler.
– Biz aç – ana, baglanyşyk!
– Siz indi garaşsyz, baky bitarap ýurt, ýöne ajykmañyz welin, gulçulykdan habar berýär.
– Hawa-da, janly-jandar bokurdagyndan birzat ötürmeli-dä. Günde-lik. Adam ogluna aýlyk-günlük, erk-ygtyýaram gerek, diñe garaşsyz-lyk, bitaraplyk bilen oñsa, oña adam diýiljekmi?!
Myhmanlar başlaryny galdyrman, bellik etdiler.
– Biz çykyş ederis.
– Ýöne häzirjek bolup çykyş-ş ediñ, birden biziñ duşmanlarymyz size-de duzak guraýmasynlar.
330
– Siziñ duşmanlaryñyz kimler? Aýyplaşmañ, bu bize ätiýaçly here-ket etmek üçin gerek.
– Düşünýäs... Olar bir ýa iki däl, öñüñizden çykan – biziñ duşma-nymyzdyr, ýatyryp sanaberiñ. Biziñ daşymyz durşuna duzak. Biz olary halamzok. – myhmanlar düşünmeýän terzde eginlerini gysdy-lar. – Ýöne häzirjek boluñ, size tor gurup bilmeseler, gelip, ýene bize azar bererler, biz olara belet, gowusy ş-şol çykyşyñyzy goýbolsun ediñ! – Musa Çöli ýerinden turup, gepleşik geçirilýän otagyñ içinde adam ogluna ýat üýtgeşik çeýelik bilen gezim edip ugrady. – Biz olary tüýs ýürekden günäleýäris! Ş-şäherleşmesek biziñ indi dagy çärämiz ýok, çöl iýmitsiz galsa, biz eýsem nätmeli? Imperiýa gowy ýykyldy, ýöne ol tasdanam biziñ üstümize gaýdypdy...
Larin gülümsiredi.
– Onuñ aşagyndan çykyp, ýerimize özgeleri iteklemek bize arzan düşendir öýtmäñ, ýurdy tozdurdyñyz diýip tyýkyramak añsat, ýöne jenap ýoldaş Prezident bu taýda Azyýany gaýtadan gurmagy başar-dy, eýsem çig mala, ýangyja baky mätäç Ewropa ol şondan uly nähili ýagşylyk edip biler?
– Biziñ Baş-ş-ş kanunymyzda halkymyzyñ iñ pynhan arzuw-islegleri gizlenendir! – diýip, Musa Çöli myhmanlara kirpiksiz gözle-rini dikdi.
Myhmanlar çintgediler.
– Biz şol arzuw-islegleri görmegiñ höwesinde, eýsem olar nämeler-den ybarat?
– Biziñ isleglerimiz jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ terjimehalynda ş-şöhlelenýär. – ”şeýle dälmi?” diýen äheñde ýylan Lariniñ ýüzüne ýaramsak seretdi. Larin makullaýyjy baş atdy. – Diýmek, jenap ýol-daş-ş Prezidentiñ terjimehalyny beýan etmek – bu biziñ halkymyzyñ isleglerini beýan etmekdir, diýmek, biziñ halkymyzyñ isleglerine düşünmek üçin ilki bilen jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ isleglerine dü-şünmeli, ş-şonsuz biziñ ýurdumyzda haýsydyr bir zada düşünmek mümkin däl, hatda biderek. Ýagny Lariniñ berk belleýişi ýaly, jenap ýoldaş-ş Prezident biziñ mertebämizi aldy-da, gaýdyp berdi otury-berdi.
Myhmanlar ýene-de biri-biriniñ ýüzüne seredişdiler.
– Ony ýap-ýañyja siziñ özüñiz aýtdyñyz ahbetin...
331
– Siz ýalñyş-ş düşünensiñiz, beýle jogapkärli beýannamalary biziñ ýurdumyzda diñe Larin aýdyp biler! jenaplar, siz meni synap görjek bolduñyz öýdýän, ýöne men siziñ tutan guşuñyzy bireýýäm ütmän lak-luk atandyryn, ş-ş-şony berk belläp goýuñ! Diýmek, ş-şeýle... çölüñ arassaçylygy – kyn mesele, oña düşünmek üçin ilki bilen onuñ içinde ýaşamaly, demir-beton jaýlaryñ içinde ýaşap, tebigata düşün-mek, ony ýürekden söýmek kyn iş-ş, adamlaryñ çöli ýürekden gowy görýändigine mende ş-şübhe kän. Üstesine-de, biziñ halkymyz ençeme asyrlap öz islegini açyk beýan edip bilmän geldi. Onsoñ jenap ýolaş-ş Prezident aldy-da, halkymyzyñ saýrak diline öwrüldi, indi, görşüñiz ýaly, biziñem dilimiz bar! Ol dil näçe islese, gepläp bilýär!
– Bagyşlañ, birhili biz sizi sorag edýän ýaly bolduk.
Musa Çöli ulumsy gülümsiredi.
– Kän geplemek bilen, düýbünden geplemezlik – des-deñdir, ýagny ikisiniñ-de netijesi birdir, ynjalyksyzlanmañ...
– Meselem, öñ men dilimiziñ häzir bardygyny bilýärdim. Ýok, ter-sine, men onuñ häzir bardygyny bilemokdym-da, onuñ öñ ýokdugy-ny bilýärdim. Ýöne eger-de jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ islegleri bol-madyk bolsa, onda biziñ garaşsyzlygymyz-da, bitaraplygymyz-da bolmazdy. Jenap ýoldaş-ş Prezident nämedir bir zady islese, bolany ş-şol, ol zat hökman bitäýmeli.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ islegleri nämeden ybarat? – myhmanlar ýene-de ugrukdyryjy sowal berdiler.
– Diýmek, ş-şeýle... – Musa guraklygyndan ýańa syńraklarynyń arasy çańjaryp duran süńksüz barmaklary bilen selçeń saçyny sypa-lady, gephaltasynyñ düýbüni dörüp, wagt utmak üçin kellesini ogar-ogar etdi, emma pikirlenmäge däl-de, owsun atmaga görin kelleden suwytly zat çykmady. – Diýmek, jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ islegle-riniñ düýp manysy biziñ halkymyzyñ gursagynda çüýräp ýatan isleg-leriniñ açykdan-açyk beýanydyr...
Musa tes-tegelek gözleriniñ jübüt sary monjugyny, bukara düzüwli gaş tapman, myhmanlara çerreltdi, olar ýüzlerini aşak saldylar, syr-dam boýlaryny büküp, gaşlaryna çenli sap-sary, owadan mawy göz-lerini ýazgylaryna dikip, uzak wagtlyk dymdylar. Larin ilçilere näme-de bolsa bir maglumat edinmäge kömekleşmek islegi bilen Musanyñ sözlerini dowam etdi.
332
– Biziñ geljekki planlarymyz şeýle: jenap ýoldaş Prezident öz ähli etsem-petsemlerini durmuşa geçirmek üçin Konstitusion meýdan döretmeli, bu oña öz adyny asyrlarda galdyrmaga ýardam eder. Biziñ halkymyzda şeýle bir gowy gylyk bar... – ilçiler Lariniñ özlerine juda meñzeşdigini añladýan garaýyş bilen biri birine seredişdiler, Larin, hamana, muny duýan ýaly mylaýym ýylgyrdy. – Biziñ halky-myzda örän gowy gylyk bar: ol: erbetlik Allanyñ emri bilen, gowu-lyk-da – jenap ýoldaş Prezidentiñ emri bilen bolýandyr diýip dü-şünýär. Erbetligi bendesinden däl-de, Hudaýyñ özünden görmek – bu örän beýik gylyk! Biziñ halkymyzyñ bu tapylgysyz gylygyndan siz-de öz halkyñyza äkidiñ, ökünmersiñiz!
Musa Çöli galagop gobsundy, nämedir bir zat diýmse oñmady.
– Biziñ halkymyz jenap ýoldaş-ş Prezidentsiz bolmaz, hiç haçan!
Syrdam boýly, gaşlaryna deñeç şypyr sary ýaş ilçi bu aýdylany bloknodyna belledi, baş atyp, Musa minnetdarlyk bildirdi. Şol wagt olaryñ ýanyna hökümediñ adamlaryndan ýene biri geldi, bu geleniñ ýüzi süýrüdi, özi süñklekden deşli, garaýagyz, içki pikiriniñ ýoklugy daşyndan görnüp duran kişi. Gözleri ne mylaýym, ne-de hyýrsyz.
– Gel, Mätýakup! – Larin ony gapdalynda oturtdy we myhmanlar bilen tanyşdyrdy: bu Mätýakup, öz adamymyz, görşüñiz ýaly munuñ süñkbaşy iri, boýy ortadan uzyn, agramy togsan sekiz. Hany, agzyñy aç Mätýakup, myhmanlara dişleriñi görkez! Ine, dişleri uzyn, dili kelte, aýdyber, Mätýakup!
– Jenap ýoldaş Prezident size salam aýtdy!
Mätýakup äpet aýalaryny gürrüldili çarpdy, burnuny çekdi.
Şondan soñ daşary ýurtlular ondan bir agyz-da söz alyp bilmediler, ol öz wezipesini ýerine ýetirensoñ gözüni açyp, uka gitdi. Larin bilen Musa özleriniñ dogry ýoldan barýandyklaryny Mätýakubyñ getiren dogaý salamyndan bildiler, gepleşikleriñ şüweleñi artdy; netijede iñlisler özleriniñ Azyýanyñ tüýs jümmüşinde oturandyklaryna göz ýetirdiler, ýöne olaryñ bu gezekki görýän Azyýasy asyryñ başyndaky görüp giden materiklerine meñzänokdy, üýtgeşikdi. Tüýs jaýdar wagtynda oýanan Mätýakup gepleşigiñ ahyrynda myhmanlaryñ je-nap ýoldaş Prezidente näme sowgat getirendiklerini resmi suratda sorady we alyş-berşiñ ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhümdigini olara berk duýdurdy. Ol goltugyndan altyn götergini çykaryp, myh-manlaryñ öñünden geçdi. Ilçiler altyn sagatlaryny, ýüzüklerini, çilim 333
gutularyny, beýleki gymmatbaha ownuk zatlaryny göterginiñ üstün-de goýup, eginlerini ýygyrdylar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ sowgat beren bedewine üç bolup artlaşyp, onuñ adyndaky şaýoldan adybir uçarlar meýdanyna garşy tüññi mañlaýlaryny öwrenlerinde, özlerin-den bidin uludan dem aldylar: ”Hutma-hut-a çykandyrys-da hernä!”
Ilçileri ugradan Köşk indiki geljeklere garaşyp, özüne serenjam bermäge girişdi. Bu iş hysyrdylydy, hemmeler ýetişiksiz gara günde bolup görünýärdiler; aýratynam Daşary işler müdüriniñ işi kyndy: ol indiki ilçileriñ nireden geljegini anyk bilmänsoñ, ätiýaçdan dünýädä-ki ähli kyn soraglara taýynlyk görmelidi, olaryñ içinde iñ gorkulysy-da adamlar baradaky soraglardy. Bu ýurtda şondan gorkunç sorag ýokdy. Şol sebäpli ol jenap ýoldaş Prezidentiñ ”Pähimler kitabyny” gije-gündiz elinden düşürenokdy. Kitapda bu barada şeýle diýilýärdi: ”Jenap ýoldaş Prezident adamzadyñ howandarydyr we onuñ ähli hukularynyñ goragçysydyr!”
Daşary işler müdiri ýanyndan geçip barýan Musa Çölä bu sözleri guwanç bilen görkezdi, ýat tutmagy maslahat berdi. Tizden müdirler bir-birden nirädir gürüm-jürüm boldular, olar edil öz kölegelerine öwrülip, ýitip gidene döndüler.
334
-
aysyzgije
13 years ago
- 18. Çygly çuñluklar
Köşgüñ ötlem-ötlem koridorlarynda müdirler kölege ýaly sessiz-üýnsüz sümsünişip ýörmeseler – onda bu ýurtda gije düşenliginiñ alamaty. Olar esli wagtdan bäri görnenoklar, diýmek, gijäniñ ýary boluberendir. Ýurduñ Baş oba müdiri arkan agdarylyp, gözlerini ýalpa açdy, ellerini, aýaklaryny ýygnady, düýrülip-ýazyldy, ýatan ýerinde towlanjyrap ugrady...
Bu wagt daşarda Aý süýt reñk ak nuruny töweregine gysganman saçyp, ümsüm oturan agaçlaryñ başy onuñ nuruna çümüp-çümüp çykýardy. Akly-saryly-mawuly çyralar Köşgi tebigatyñ ýat şugla-syndan gorajak bolup, gara heläkdiler, emma asman ýagtyltgyçlary-ny öçürmek eýgertmänsoñ, olar Köşgüñ daşyny halkalap, aşakdan ýokaryk pitjiñ atýardylar.
Bu wagt Baş oba müdiri Musa Çöli az salym towlanjyrap, Kepjeba-şa öwrüldi-de, otagyñ ýarym açyk gapysyndan çykyp, Köşgüñ içine gezelenje çykdy. Ol bu güne deñeç özüne gizlin Köşk muzeýleriniñ görkezilmedigine kemsinýärdi, üstesine-de Köşk şahyrynyñ öz bäs-deşleriniñ birine: ”Men ony Taryh muzeýinde çüýrederin!” diýen haýbatyny eşidensoñ, bu syr ony öz gününe goýmady. Onsoñ ol gije-lige duwlanyp, bu binanyñ gatlaryny elek-soky barlamakçy boldy. Bu ýerde özi üçin gorkuly syryñ bolaýmagyny güman etse-de, öýke bilen bilesigelijilik garyşyp, onuñ erkini elinden aldy; herniçik-de bolsa, ýylany bu gorkuly gezelenje iteren duýgy öýkeden bilesigeliji-lige has ýakyndy.
Gijeki Köşgüñ içi aýylganç täsindi. Alagarañky burçlary saýlap süýşenekläp ýörşüne Kepjebaş gündizlikde görmedik hem, belki, hiç haçan görmejek zatlarynyñ uçursyz känisiniñ üstünden bardy. Ýyla-nyñ ter bedeni nagyş ýaly parket poluñ astynda gizlenip ýatan çygly çuñluklary syzýardy, ol bu çuñluklaryñ islendik demde gapysynyñ açylyp, onuñ üstünden barýany hopup biljekdigini duýdy, bu çuñluk-lar çaky Köşgüñ her burçunda bar bolmaly, çünki Kepjebaş ýañy bir towlanyp bat alyberjek bolanda, çuñlukda üsti haşamly parket bilen örtülen gizligin ýerzemin duýulýardy, olam onuñ aşagynda nämäniñ bardygyny anyklajak bolup eglenýärdi, olaryñ käbirinde ýylan üçin o
335
diýen düşnükli bolmadyk haýsydyr bir demir enjamlar küde-küde baslygyşyp ýatyrdy, käbirinden adam ýylysy gelýäne meñzeýärdi. Ol ýerden syzylýan sesler çakdanaşa ysgynsyz hem naýynjardy. Ýylan gorky bilen diñşirgendi, şonda oña ýeriñ çuñlugyndan adamlaryñ zarynlaýan sesleri eşidilen ýaly boldy. Kepjebaşyñ bilesigelijiligi çekinjinden öñe düşdi, onuñ aşakda, ýeriñ çuñunda nämeleriñ bolýandygyny göresi geldi, öz ýerliksiz bilesigelijiliginiñ üstüni basmak üçin ol hatda bu ýerden haýal etmän gitsem diýdi, emma şol wagt nätanyş demir abzallaryñ şakyrdysy ony ýene-de yzyna dolady. Ýylan bu bolýan işi gözi bilen görmän, bu taýdan gidip bilmejegini bildi, aşak, ýerzemine sümelge agtardy; elbetde, munuñ üçin ol uzak kösenmedi, bary-ýogy birnäçe aýlawdan soñ, Köşgüñ aşaky gatyna düşüp, ýerzemine suwlunyp girdi...
Oña öz gözleriniñ görýänine ynanmak birbada añsat düşmedi: bu ýerde Köşgüñ kanselýarisiniñ görer gözden sowa aşaky gaty ýer-leşýän ekeni. Ýeriñ aşagyndaky kanselýariý otaglary çakyñdan giñdi, ötlem-ötlem ýerasty otaglaryñ, zallaryñ sütünleri ýogyndan göwne-jaýdy, ýerzeminiñ tutumy aklyñy haýran edýärdi; onuñ bu döwrüñ gurluşygy däldigini derrew güman etse boljakdy. Kepjebaş Köşgüñ ozal özüne näbelli bir gizlin çuñlugyna aralaşanyny bilip, batly-batly tolgunjyrady. Görüp otursa, asyl Köşgüñ ýeriñ üstündäki bölegi hiç zat bolsa nätjek! Onuñ esasy binasy ýeriñ çuñlugynda bolup çykdy. Megerem, Köşk haçanda bolsa bir döwürde bu ýerde ygtybarly gur-lan orta asyr zyndanynyñ üstünde dikeldilen bolmalydy; Kepjebaşda muña hiç hili ikirjiñlenme galmady; belki, garañky çuñluklardan zaryn sesleri eşidilýän biçäre bendiler-de bu döwrüñ adamlary däldir-ler-de, garañky orta asyrlardan galandyrlar? Olaryñ ýanyna ýetmek üçin ýene näçe gat aşak düşmeli? Ýerzeminiñ ýokarky gatynda aras-sa otaglar görünýär, umumy girelgäniñ ýüzünde ”Köşk kanselýarisi” diýen owadan ýazgy bar. Otaglar teatr sahnasyndaky dekarasiýalara meńzedilipdir. Bu ýerde ümsümlik, rahatlyk höküm sürýär, bir adamlyk alagarańky otaglaryń içinde oturan adamlaryń egin-başlary arassady, hiç neneñ däldi, Kepjebaş tä has golaýlaryna barýança olaryñ eşikleriniñ könelip, pide bolup gidendigini bilmedi. Ol garañ-ky çüñkleri peýläp, öñi açyk eýwanly otaglaryñ çetkisine has golaý geldi. Ol ýerdäki çepiksije gyzyñ daş keşbi Kepjebaşyñ ünsüni çekdi, ol zaryn ses bilen ýuwaşjadan aýdym aýdýardy. Tamyñ garañky 336
çüñki bilen süýşenekläp, görünmän, oña golaýlaşan Kepjebaş gyzyñ dodagynyñ üstündäki nokat ýalyjak meñi synlap, ony bir ýerde göre-nine meñzetdi; bu kimkä? Belki-de, ýylan bu gyzy geçen aýda ki-taphana-da görendir, ol şol ýerde işleýän gyzlaryñ birine uçursyz meñzeşdi; elbetde, beýle horja gyz diñe kitaphanada işläp biler, baş-ga nirede işlesin? Gyzyñ ýaryk-ýaryk ýukajyk dodaklary aýdymyñ sözlerini öz ugruna sanaýardy, ýöne owazy welin ýürekdendi, biçäre! Gyzyñ jaýtarylyşyp duran uzyn-uzyn kirpiklerine öz kirpiksiz gözle-rini diken ýylan alaçsyz endiredi: beýle jeza çeker ýaly bu näme günä etdikä?
Kepjebaşa öz-özüni sowal bilen uzak dürrelemäge wagt bolmady, ýokarky gatdan aýak sesleri eşidildi; bu ýere gijäniñ içinde egni içki eşikli, aýagy ýumşajyk mesili kimdir biri golaýlap gelýärdi. Adaty adamlardan tapawutlylykda onuñ yzynda azyndan dört-bäş kölegäniñ salgym atyp görünýänliginden çen tutup, Kepjebaş gelýäniñ ýönekeý adam däldigini güman etdi. Dem salymdan-da ol özüniñ ýalñyşman-dygyny bildi, bu gelýän – jenap ýoldaş Prezident bolup çykdy. Kep-jebaş aljyrajak ýaly etdi, towlanyp, has garañkylyga çekildi.
– Muzeýiñ işleri neneñ? Baýlaşýarmy? Täze eksponat barmy? – jenap ýoldaş Prezident añyrdan gelşine adaty soraglary berdi.
Muzeýiñ müdiri, çal saç hargulak kişi ukusyzlykdan gyzaran gözle-rini owkalap, onuñ öñünde dim-dik sömeldi.
– Bar. Muzeý gün-günden baýlaşýar. Soñky günlerde biziñ elimize birnäçe gymmatly eksponatlar düşdi. Biz olary deslapky barlagdan geçirdik, ýöne siziñ berjek gutarnykly bahañyza garaşýarys: olary bu ýerde galdyrmalymy ýa ýok?
– Nähili nalajedeýin adamlar, mensiz bu ýurtda birje işiñ-de bitjek gümany ýok. Eysem olaryñ öñkülerden näme tapawudy bar? Belki, jenaýat edendirler?
– Ýok, ýok, Hudaý saklasyn! – müdir howlukmaç samyrdady. – Bu ýerde biz diñe päli düzüw, arassa adamlary saklaýarys. Terjimahaly tegmilliler üçin akyl jaýlary ýeterlik. Heý-de Köşk muzeýinde je-naýatçylary saklap bolarmy! Biziñ eksponatlarymyzyñ köpüsi ozal siziñ bilen bile işleşenler ýa-da olaryñ iñ ýakyn hossarlary. Olar häzi-rem özlerini size gerekli saýýarlar. Şonuñ üçinem olar muzeýde sak-lanýar we her sözleri ýazga geçirilýär. Eksponatlaryñ bir bölegi bu ýere öz aýagy bilen gelýän arzaçylardan ybarat.
337
Onýança alagarañky jaýyñ bir burçundan: ”Ah, näletsiñmiş ykbal!” diýen ses çykdy. Şol bada-da ol gyzyñ golaýyndaky stoluñ üstünde çyra ýandy we stoluñ başynda oturan boýny inçejik gara galstukly ýigit eksponadyñ şahsy depderini açyp, onuñ dilinden sypdyran söz-lerini belledi.
Ýazgy edilýärkä ýylan başyny galdyryp ses gelen ugra üşerildi. Ol betbagt gyzy tanady. Gyz bary-ýogy bir hepde mundan ozal döwlet kitaphansynda işleýärdi. Kepjebaş ol ýere adamlaryñ tebigata gatna-şygy dogruda nämedir bir zatlar bilmäge barypdy; durmuşdan görýänleriniñ üstüni bu dogruda kitapda ýazlanlar bilen ýetiresi gel-di. Elbetde, çaky dogry çykdy: tebigaty sandan çykarýan, ýerleri şorladýan adamlar däl, döwlet gurluşy, has dogrusy, döwleti edara ediş usuly. Alymlaryñ biri Gündogarda birnäçe müñ ýyl ozal gurlan gadymy döwletiñ ýeriñ şorlamagyndan ýykylandygyny belläp, ol döwletiñ ýalñyş dolandyrylandygyny aýdyp boljakdygyny tassyk-laýardy. Halk däl, döwlet zyýankeş bolup bilýär! Ol kitaby ýylana hut bu gyz gizligin getirip beripdi. Ine, nämüçin ol bu ýerde otyr! Ine, nämüçin ol kitaplar bu bu ýurtda gadagan! Diýmek, añtawçylar ýylanyñ yzyndan galanoklar. Gyz düşünjesi üçin öz ömrüni pida edipdir.
Muzeýiñ müdiri bu wagt ýurt eýesini bäş barmagy ýaly belet zatla-ry bilen tanyşdyrmagyny dowam edýärdi, diñleýjiniñ mundan aýra-tyn lezzet alýandygyny görmek üçin bu çygly ýerzemini ýagtyltma-gyñ zerurlygy ýokdy, ony ýylan şonsuzam görýärdi…
– Siz häzir Taryh muzeýinde işiñ gidişi bilen tebigy ýagdaýda tanyş bolýarsyñyz. Görşüñiz ýaly, eksponadyñ ýekeje sözi-de ýele gide-nok, hemmesi ýazga geçirilýär.
Jenap ýoldaş Prezident arkasyndan sessiz baryp, üstüne abananda muzeýiñ gözegçisi tarsa ýerinden turdy. Ol tüññi mañlaýyndan jora-lanýan deri sylyp, söm boldy:
– Saçly!
– Elbetde, siz bu adyñ toslanyp tapylandygyny bilýänsiñiz, aýratyn möhüm döwlet işini ýerine ýetirýändikleri üçin muzeýiñ işgärleri, siziñ buýrugyñyz boýunça, lakamdan peýdalanýarlar. – Muzeýiñ müdiri eglip, jenap ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýene-de nämedir bir zatlar pyşyrdady. Soñra ýene-de eşitdirip, dowam etdi: – Bu ýigit
338
biziñ öñdebaryjy işgärlerimiziñ biri. Taryh muzeýi hut şular ýaly ýigitleriñ egninde dur.
Saçly öwlenine monça bolup, gorkarak söze goşuldy:
– Men öz kärimi tüýs ýürekden söýýärin. Elbetde, meniñem açyk howany göresim gelýär, ýöne bu taýda-da biri işlemeli ahyryn. Taryh muzeýi – döwlet işiniñ möhüm ýeri. Men etmesem, ol etmese, bu iş ýerde galmazmy? Maksadym Köşgüñ sarsmazlygy, ýurdumyzyñ gülläp ösmegi. Jan aýaman işleýärin. – Tüññimañlaý ýuwaş, ýöne dabaraly dowam etdi: – Men öz zehinimi we zähmetsöýerligimi wa-tanyma bagyş edýärin. Meniñ Watanym – siz! Size hyzmat etmek – watançylyk! Adamlaryñ arzyny başdan-aýak diñlemek meniñ üçin bagt. Olaryñ her bir sözi size söýgüden, wepadan doly. Aýratyn-da iñ soñky sözleri. Onsoñ muny geljekki nesillerimiz üçin ýazyp almak maña lezzet berýär. Ine, meselem, bu adam Köşge ýedi ýyl öñ arza geldi. Ol ýokary bilimli ykdysadyýetçi. Men başdan munuñ bilen işleşýärin, eýýäm maýor çinine ýetdim. Ýöne indi munuñ başga su-wytly aýdýan zady ýok. Öz hünäri boýunça ýekeje-de abat sözlem düzüp bilenok, diñe aýry-aýry sözleri ýatlaýar, olaryñam indi daşar-ky dünýä bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol sözler munuñ öz içki duýgularynyñ galan-gaçaklaryny beýan edýär. Onuñ soñky ýyllarda-ky gepi köplenç görýän düýşleri bilen baglanyşykly diýmäge mende professional esas bar. Munuñ pikiri gutardy. Bu – işlenen material. Biz her bir eksponadyñ üstünde hut şeýle ýadawsyz zähmet çekýäris. Esasy zat: olaryñ bir sözüniñ-de gulagyñ duşundan geçmezligi. Biziñ wezipämiz şunda. Häzire çenli bu kişiniñ arzy ýigrimi iki toma ýetdi. Tomlaryñ her biri-de bäş ýüz sahypadan ybarat. Ine, onuñ iñ soñky sözleri: ”Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident!”
Jenap ýoldaş Prezident golýazmanyñ üstüne eglip, eksponadyñ bokurdagyndan çykan zözleriñ belgisini synlady.
– Seniñ hünäriñ baýraga mynasyp. Men bu barada pikir ederin.
Saçly gyzyl horaz ýaly gabaryldy.
Muzeý müdiri ara goşuldy:
– Ine-de, kitaphanaçy gyzyñ ýap-ýañyja diýen sözleri. Ol bize birki günlükde gowuşdy, emma, görşüñiz ýaly, eýýäm bir tom ýazgy edil-di. Adatça eksponatlar ilki günler aýratyn öndümli bolýarlar.
Jenap ýoldaş Prezident ýene-de egildi we görkezilýän ýazgyny syn-lady. Bu ýazgylary edeniñ öz işine yhlasyny onuñ hat ýazuwyndan
339
biläýmelidi: ”Ah, näletsiñmiş ykbal!” diýen sözleri mundan owadan ýazmak akyla sygjak däldi.
– Adyñ näme?
– Köse – mismañlaý gözegçi çym-gyzyl bolup jogap gaýtardy.
– Ajap. Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez! Muny ýatdan çykar-mañ!
Muzeýiñ müdiri alñasak dillendi:
– Ýok, ýok, heýem biz ony ýatdan çykararysmy? Ol biziñ işimizde iñ esasy gollanmamyz. Elbetde, biz onuñ manysyny entek doly bilip bilemzok...
– Köp bilsañ, tiz garrarsyñ… – jenap ýoldaş Preizdent oña ýuwaş-lyk bilen duýdurdy.
Muzeýiñ müdiri gorkudan sazanaklap, onuñ ünsüni başga ugra gö-nükdirmäge çalyşdy:
– Täze eksponatlar bilen tanyşmak hyýalyñyz barmy? Aýratyn gymmatly…
Müdir jenap ýoldaş Prezidentiñ öñüne düşüp, ony ala-garañky otag-lara aýlamaga başlady. Bir adamlyk tussag kameralaryna meñzeş otaglar ýürek gysdyryjydy. Olaryñ ortasynda bir oturgyç bilen bir stol goýlupdyr, stoluñ üstünde bolsa, emeli güller. Gözleriniñ şöhlesi öçen adamlar ýagşa galan suratlardan görünýän ýaly bolşup, reñkle-rini sargardyp olaryñ töründen bäriligine manysyz bakýardylar.
– Bu görgüsiýamanlar ozal tä siz hökümet başyna gelýänçäñiz, öz arzlaryny kime ýetirjeklerini bilmän, kösenip gezipdirler. Indi, Hu-daýa şükür, bularyñ arzy gije-gündiz diñlenýär. Onuñ üçin bular size baky minnetdar. Indi halkyñ alnyndan Gün dogdy, biz altyn asyra aýak basdyk, halka öz arzyny aýtmaga adam bar. Halkyñ gepi ähli ýerde diñlenýär…
Jenap ýoldaş Prezident ýiti professional derejedäki soraglara geçdi:
– Eksponatlaryñ taryhdan düşünjeleri niçik?
Müdir ýaýdanman jogap berdi:
– Taryhyñ sizden başlanýandygyna olar bu ýerde gutarnykly göz ýetirýärler.
– Eksponatlar muzeýe tabşyrylan ilkinji günlerinde we soñra söz-lemiñ haýsy grammatik görnüşlerine ýykgyn edýärler?
Muzeý müdiri örän sypaýy gülümsiredi.
340
– Bu soraga Köse professional derejede jogap berip biler. Çünki bu onuñ ugrundan.
Bu ýerde şol demde häzir bolan Köse utanjañ ýylgyrjaklap söze başlady:
– Käriñi ýürekden söýseñ, iñ ownujak zatlar-da ýadyñdan çykmaz ekeni; ýagny meniñ diýjek bolýanym – eksponatlar ilkibaşda habar we ýüzlenme sözlemleri köp ulanýarlar. Sorag sözlemleri-de duşýar. Onsoñ biz bular bilen ýakyndan işleşip başlaýarys. Netijede ekspo-natlaryñ duýgulary çuñlaşýar, sözlemleri bolsa, sadalaşýar. Adatça, olar öz ömürlerini ümlükler bilen tamamlaýarlar...
Muzeý müdiri gözegçä ”bes” diýen yşarady edip, özi dabaraly do-wam etdi:
– Elbetde, biz her bir işde siziñ ýalkymly şygaryñyzy baýdak edinýäris.
– Yöne siz olary adam hukuklary bilen berk baglanyşykly ulanyñ. Adam hukuklary – bu adamlaryñ ýüregine barýan gara ýoldur!
Müdir aljyraññy seslendi:
– Biz halkara düzgünlerinden habarly. Degişli kitaplar bilen yzygi-derli tanyşýarys. Galyberse-de, adam hukuklaryny berjaý etmekde biziñ muzeýimiz bütin ýurdumyzda birinji ýerde barýar! Elbetde, geçiş döwründe ähli hukuklaryñ diñe siziñkidigine gowy düşünýäris. Şonuñ üçinem bu işe örän jogapkärli çemeleşýäris. Adam hukukla-ryny her öñýetene ynanyp bolmaz. Beýtseñ, olaryñ gymmaty gaçar. Biz olary ätiýaçdan demir sandykda saklaýarys.
Jenap ýoldaş Prezident sözüni dowam etdi:
– Elbetde, ilçilik, ýurtda süwümsiz adamlar näçe diýseñ tapylýar. Olar özbaşyna hukuk soramaga meýil edýärler. Bu barada mende maglumat näçe diýseñ bar. Olar ýalylaryñ ýeri Diller institutynda we beýleki ylmy, medeni ojaklardadyr. Taryh muzeýine-de bu meselede uly ynam bildirýärin. Özüñize degişli eksponatlary wagtynda gözläp tapmaga we muzeýde ýerleşdirmäge çalşyñ. Adamlara galsa, onda olar adam hukuklaryny hut alan-alda öwürjekler! Betnebisler! Hajy-melikler! Doýmaz-dolmazlar! Onsoñ men nätmeli, Köşgüñ içinde ertirden-agşama büküdip oturmalymy? Her kimiñ hukugy öz elinde bolsa, onda jenap ýoldaş Prezidentiñ kime geregi bar?! Eýsem olar meni kimdir öýdýärler? Azatlyk, adam hukuklary pişme däl, oba-oba, köçe-köçe paýlaşar ýaly. Bu baýlykdan kime näçe eçilmelidigini
341
men özüm gowy bilýän. Ha-ha-ha! – Çylkasyz gülkini eşiden janly eksponatlaryñ ini düýrükdi, olar ellerini daldalap, kimsi ýüzüni, kim-si kellesini, kimsi-de bilini goraklady. Jenap ýoldaş Prezident bolsa, hamana hiç zat bolmadyk ýaly salykatly dowam etdi: – Ertir agşam bu ýere daşary ýurtdan myhman geljek: Jon Smit diýdimi, Adam Smit diýdimi, hamana Smit bolmasa, adam däl ýaly… Olar meniñ adam hukuklaryny berjaý edişimi barlajakmyşlar. Nämemiş, men bu barada Halkara dokumende gol çekenmişim. Tapdylar bu ýerde keçe telpegi! Nähili gülkünç isleg. Belki, men halkara derejesinde kagyza gol çekmäni öwrenýändirin?! Ha-ha-ha! Näme, türgenleşmek gada-ganmy? Daşary ýurtlylar bilen nähili gepleşmelidigi meniñ mukad-des ”Ru” kitabymda bardyr, okañ-da, gürleşiberiñ!
Olar añrylygyna ýörediler. Muzeý müdiriniñ şaññy sesi eşidildi.
– Wagt azaldy. Size beýleki muzeýlerde-de garaşýandyrlar. Aýra-tynam, stadionyñ aşagynda…
Jenap ýoldaş Prezident süýem barmagyny dodagyna ýetirdi.
– Çüş-ş… Stadion barada ýönekeý gözegçileriñ ýanynda dil ýarmak gadagan… Ol adatdan daşary gizlin ýer...
Muzeý müdiri gorkuly ýalñyşlyk goýberendigini syzdy.
– Günämi ötüñ…
Olar tirkeşip, ýene-de añryk ýörediler. Kepjebaş indi olary düýbün-den gözden ýitirdi, onsoñ ol bar ünsüni jemläp, başyny galdyrdy.
– Bu kim?
– Jenap, ýoldaş Prezident, bu biziñ size taýynlap goýan ajaýyp sowgadymyz!
– Nämüçindir munuñ ýüzi tanyş görünýär…
– Elbetde… bu siziñ söýgüli şahyryñyzyñ enesi.
– Aý ýog-a! Görsene muny! Agynjak özi-dä… Sen meniñ Hyrly-myñ enesimi? Onda sen meniñem enemsiñ, bilip goýgun. Men seni edil öz enem ýaly sylaýandyryn, söýýändirin. Hany, gel ýanyma, ýakynrak gel, bakaly… Göwnüñe degýän barmy? Degseler, aýtgyn, men seniñ ýanyña geler duraryn… Hany muny añrysyna öwrüñ… Ýok, beýle däl, ynha şeýleräk, ana boldy, boldy, tutuñ… Hiç zady gaýgy etmegin, hemmesi gül ýaly bolar, gül ýaly, gül, gül, gü…
Zaryn aýal sesi bukulyp ýatan otagyna gelip ýetende Kepjebaş ol ýerde nähilidir bir elhençligiñ bolup geçýänini bildi, ýöne buky ýe-rinden çykmaga milt edip bilmedi. Az salymdan zaryn ses dowamly 342
aga ýazdy; hümürdi bolsa, has daşlaşdy; şondan soñ ýylanyñ bary añşyryp bilen zady ol ýerde Çary-kitabyñ aýaly Gülüñ saklanýandy-gy boldy. Emma ol betbagta näme sütem edilenini näçe diñşirgense-de bilip bilmedi. Bu çygly çuñlukda bolup geçýän işleri görende Kepjebaşyñ sowuk endamy düýrükdi, ol özüne gaçara ýer gözledi. Birnäçe wagtdan soñ tanyş sesler ýene-de bärik golaýlaşdy.
– Bu çaga näme? Nämüçin munuñ bir özi? Hany munuñ ene-atasy ýokmy? Men senden soraýan!
Muzeý müdiriniñ gorkuly sesi eşidildi:
– Munuñ atasy Diller institutynda. Enesi öýlerinde, ýöne…
– Ol nämäñ ýönesi? Heý, ýumruk ýaly çaganyñ-da bir ýeke özüni muzeýe tabşyrmak bolarmy? Meni-de öz mähriban enem hut şunuñ ýaşlarynda ýeke taşlapdy. Bu diýseñ aýylganç adalatsyzlyk. Men öz ýurdumda dagy-duwara beýle gabahatlyga ýol bermerin: derrew munuñ enesini ýanyna getiriñ!
Muzeý müdiri tötänden goýberen bu ýalñyşynyñ öz başyna ýetip biljekdigini syzyp, elewredi.
– Lepbeý… Biz ony göz açyp-ýumasy salymda bu ýere getireris.
Jenap ýoldaş Prezident şondan soñ Köşgüñ aşagynda, çygly çuñluk-larda ýerleşen beýleki muzeýlere aýlanmaga gitdi. Kepjebaşyñ-da onuñ yzyna düşüp, dañ atýança Geografiýa, Fizika, Ülkäni öwreniş muzeýlerini-de göresi geldi, emma çydamsyzlyk edip, öz üstüni açmakdan çekindi. Rugsatsyz gelip, bu ýerden yzyna diri çykjak janly-jandaryñ, megerem, diñe özi bolmagynyñ ahmaldygyny oýlan-dy. Diýmek, oña bu ýerden garasyny saýlamaga çen bolandyr, eglen-se, bujurygynyñ artmagy mümkin…
Ýokarlygyna süýşenekläp barşyna ol bu elhenç ýerzemine düşülýän basgançagyñ durşy bilen gözüñ ýagyny iýip barýan täsin nagyşlar bilen bezelişine geñler galdy. Bu nämäniñ alamaty? Belki, bu deñiz añrysyndan geljek myhmanlary garşylamaga görülýän taýynlykdyr? Belki-de, dowzaha barýan ýolda bir pursat adamlaryñ gözüni alda-mak üçindir?
Ýokardan bir ýerden adam aýagynýñ sesi çykana meñzedi. Kepje-baş diñşirgendi. Garaşdy. Ymgyr gijäniñ içinde Köşkde ýene-de kimiñ ukusy tutanok?.. Ol göwnüne giden gümany barlamak üçin ýokaryk çykdy-da, birinji gatyñ garañky öwrümlerini saýlap, öñe süýşenekledi.
343
Ýöne tä Köşk şahyrynyñ bezemen kabinetine ýetýänçä oña janly-jemende duşmady. Onsoñ ýylan gapynyñ ýarym açyk galanlygyndan peýdalanyp, otagyñ içine boýnuny uzatdy. Hyrly Durguryñ entek ýatmandygyny görüp, geñirgendi. Otagyñ içine aralaşyp, gije ýa-rymdan agansoñ ýazuw stolunyñ başynda güberilip oturan pyýada-nyñ sesli pikirini diñledi...
”Men nädip özümi halkyñ başyna täç etmeli? Nämüçin meni adam-lar depesinde götermeli däl? Meniñ elimi ogşamaly däl? Belki, olara görelde gerekdir? Akmaklar! Adamlar niçik tüntaw, eýsem men je-nap ýoldaş Prezidentiñ elini oşanymda, bu menden pesleriñ-de meniñ elimi ogşamalydygyny añlatmaýarmy näme?! Adamlar nämä ym-tylýarlar – kämilligemi? Eýsem kämillige barýan ýol hany? Belki, adamlar meniñ ol islegli ýoly birçak tapandygyma ynanýan däldir-ler? Olar munuñ hut şeýledigini görüp dursalar-da, bu hakykaty boýun almagy isleýän däldirler? Ýogsam, meniñ jenap ýoldaş Prezi-dentiñ mübärek ellerini mañlaýyma togap edişim deýin olar meniñ aýak tozumy öz gara mañlaýlaryna togap etmeli dälmidirler? Şahy-ryñ öñünde müdimilk duran bir sowal bar, ol-da gözellige barýan ýoly tapmak. Eýsem maña gözellige barýan iñ gysga ýoly tapmak bagtynyñ miýesser edendiginden olar habarsyzmy? Ýurduñ gözelli-gine barýan ýol hemişe Köşgüñ üstünden geçýändir! Men bu haky-katy açdym hem ony öz hyzmatymda goýdum. Onuñ hakykata näde-rejede gabat gelýändigini garamaýaklar meniñ durmuşymda görüp bilmeýärlermikän? Eýsem bagt näme? Şahyryñ bagty? Gülleriñ hem gyzlaryñ göwnüni tapmakda! Gör, şahyrlar menden öñ näçe asyrlap bu inçe ýoly agtaryp, heläk bolupdyrlar. Menem ol ýoly agtardym. Men öz goşgularymda gülleri, gyzlary öwenimde, olar menden ýyl-dyz ýaly daşdadylar. Iñ naýbaşy goşgularymy okap berenimde gyzlar näzik duýgulara gark bolmagyñ deregine diñe eginlerini gysyp oñar-dylar. Haçanda men goşgy ýazmamy gündelik adata öwrenimde, olar menden ýüz öwürdiler. Kişi maşgalasyna goşgy bagş edip, men näme gördüm, gaýtam ol meni çoçgara çolaşdyrdy. Öñünden bilenli-gimde, men ol näletsiñmiş duşuşyga barmazdym...”
Köşk şahyry, hamana, entekler-de arkasyndan bir zat direlip duran dek, ynjap, ýüzüni-gözüni çytdy, gobsunjyrady. Kepjebaş oña haýpygelijilik bilen tiñkesini dikdi: iliñ namysyna degseñ, il seni nämüçin aýasyn? 344
Köşk şahyry içini gepletmesini dowam etdi: ”Men kyn mataly añsat çözdüm. Gyzlaryñ, gülleriñ deregine jenap ýoldaş Prezidenti wasp etdim, şonda gyzlaram, güllerem meniñ elimdäki arzan bahaly oýnawaja öwrüldiler. Paýtagtyñ ähli gözellikleri indi meniñ elimde. Kim indi meniñ göwnümi ýykyp biljek? Men öz göwnümi nätmeli-digini bildim: ony men mäkäm ýygnadym. Indi meniñ özbaşyma göwnüm ýok, ol jenap ýoldaş Prezidentiñ göwnüniñ içinde bukulgy. Köşkde diñe jenap ýoldaş Prezidentiñ göwni bar, hany onsoñ ony ýykjak bolup bir görsünler, gözleri näme göräýerkä! Beýle adamyñ bu dünýäde aýagyzy-da galmaz. Elbetde, ýurt adamsyz däl, olaryñ içinde özüne göwni ýetýäni-de ýok däl, ýöne meniñ göwnüm, merte-bäm indi gizlençekde, hiç kes meniñ golaýyma gelip bilmez, guş gelse, ganatdan, gulan gelse – toýnakden aýrylar! Men ýok, diñe jenap ýoldaş Prezident bar! Men diñe onuñ bar ýerinde bar, ýok ýe-rinde – ýok. Jenap ýoldaş Prezidentiñ içinde gizlenmek nähili hezil, bu elhenç gowy. Hany, gelsin indi meniñ duşmanlarym! Gelsin, göz-lerine görkezeýin! Siz jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagynyñ astyna düşersiñiz! Güýjüñizi synap görjek bolsañyz, öñürti özüñize öwlüýä-den ýer belläp, onsoñ meniñ ýanyma geliñ! – onsoñ ol öz duşmanla-rynyñ iñ köpsanly bölegi bolan – ozalky dostlaryny ýatlady. Olar ýadyna düşende Köşk şahyrynyñ keýpi göterilýärdi: ownujak dostlar, ýaşytdaşlar... Olaryñ günäsi onuñ kimdigini bilenliginde, bilmese, güman edýänliginde. Olaryñ diri galmak isleýänleri onuñ üzeññisin-den üç geçmäni öwrendiler. Galanlary baradaky ýatlama kitabyny ýazmak onuñ ahlak borjy. Ol irde-giçde bu borjunyñ aşagyndan çy-kar. Kim-de kim hyzmatkär bolmagy ýokuş görse, onuñ bilen duş-man bolmagyñ agramyny egninde çeker. Asla olar hakynda indi pikir edeniñe bir degýärmi? Onuñ iñ ýakyn dosty şygyr, şonuñ üçinem ol şygyr sungatyny ýeke taşlap, niçiksi bigäne adamlaryñ pikirini edip otyr?!”
Hyrly Durgur haýsydyr bir setirini göwnüne jaýlamak üçin täze goşgusynyñ üstüne egildi.
Ýylan Köşk şahyrynyñ tanyş göwresini siññin synlap, oña düýbün-den düşünmeýändigini ýene-de bir gezek öz ýanyndan boýun aldy. Durşy bilen garyn bilen syrt bolup duran mekirleç gyýkmak gözli, hüwjük saçly bu adama ýylan eýsem nähili düşünmeli? Onuñ gözle-rine seretseñ, ”Suwly äkidip, suwsuz getirjek”, emma çekýän aza-
345
byndan çen tutsañ, barypýatan akmak. Çünki ol munça azap etmez-denem, Köşkde ýaşap biljekdi, ýylan jenap ýoldaş Prezdentiñ şygyr sungatyndan baş çykarmaýandygyna bireýýäm düşünipdi, onda nä-müçin bu mekir adam gijeden-gije azap çekýär, eýsem munuñ goşgu-lary diñe bir adam üçin düzülenokmy? Megerem, bu azaplar düşnük-siz şöhratparazlygyñ emri bolsa gerek? Setirlerni göwnegeldik tas-laşdyryp, sesine bat beriberse-de, netijesi häzirkisinden pes bolmaz-dy, ýöne, görnüşine görä, öz şahsyetparaz goşgujyklary bilen bu edebiýadyñ töründen ýer-de hantamadyr? Jenap ýoldaş Prezidentiñ mana däl-de, dabara sarpa goýýandygyny bu betbagt Köşk şahyry, belki, bilýän däldir? Ýylan Hyrly Durguryñ bärisinden baragada oña bu gümanyny aýdaýsam diýdi, hatda gapydanam girdi, ýöne soñra bu etlek adamynyñ ýöne-möne däldigini, hatda jenap ýoldaş Preziden-tiñ-de keýpiniñ kök wagty muña azda-kände gulak gabardýandygyny ýadyna salyp, sagyndy, gahar bilen alkymyny çişirip, öz göwresiniñ aşak etegine ýersiz ýere agram salyp oturan adama alagarañky burçdan ýene birsellem bakgaryldy: her hili adam bar!
Köşk şahyryna seretdigiçe ýylanyñ barha gahary geldi – nähili nala-jedeýin hem hökmürowan; soñra ýylan öz-özüne teselli berdi: başga hili bolanda, jenap ýoldaş Prezident ony bu ýerde başyna ýapsynmy? Onýança ýylanyñ zähresini ýaryp, Hyrly Durgur göwresine geliş-meýän çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, otagyñ içinde ikiýana batly-batly gezmelemäge başlady.
Eý, sen beýik ynsan, eý, adambaşy!
Siz bilen ederis biz ähli işi!
Hyrly Durgur elindäki galamynyñ ters ujuny çeýnäp, eli sebetli dolmuş bazarçy aýal ýaly ikibaka hallan atyp ýöredi, ýazyp oturan ullakan eseriniñ, megerem, iñ bir belent pafosly ýerini dürli röwüşde, öwrüp-çöwürdi:
Eý, sen, beýik ynsan, eý, sen, özbaşy!
Çölleriñ jereni, asmanyñ guşy!
Ol töwereginde garamça ýoklugyny anyklap, ”hi-hi” etdi, şonda onuñ ullakan gyýkmak gözlerinden diñe dilkaw çyzyk galdy. Her-niçik ätiýaçlygy elden bermän, ol derrew gapa baryp, iki gapdalyna ýaltaklady, koriridoryñ ugrunda hiç kim ýokdugyny anyklap, ol ga-pyny jebis ýapdy, şeýdibem bilesigeliji ýylanyñ işini gördi,. Ýylan içerik gabaldy. 346
Eý, sen, beýik ynsan, eý, adambaşy!
Siz bilen ederis biz ähli işi!
Size ýa-da maña garşy çykanlañ
Kül bolsun aýagy, kül bolsun dişi!
”Boldy! – diýip, ol seslendi, – boldy, ýöne... ýöne, şujagaz sözi çalşyrmaly: mysal üçin, mysal üçin...” Ol ”maña” diýen sözüñ üstüni çyzdy, soñam ”aýagy” diýen sözüñ, soñam ”dişi” sözünde ”d” har-pynyñ...
Siziñ ýoluñyza garşy çykanlañ
Kül bolsun maksady, kül bolsun işi!
” – Ine, indi hakyky poeziýa eseri boldy!”
Köşk şahyry otagyñ içinde has-da gerimini giñeltdi we betbagt ýy-lany tasdanam basyp mynjyradypdy; ýylan tüýs jaý wagtynda şahy-ryñ stolunyñ aşagyna özüni atyp ýetişdi. Bu ýeri birneme garañky hem ynjalyklydy. Bu ýerden ol şahyry has-da gowy synlap biljekdi, ol şony-de etdi. Onsoñ ol Köşk şahyrynyñ ozal çak edişindenem has äpetdigini tiz boýun almaly boldy: onuñ otyrýeri gymmatbaha kürsä ýerleşmän, çogup çyksam diýýärdi; şahyryñ gyllak aýaklary, semiz butlary bir ýerde duranokdy, jenap ýoldaş Prezidentiñ gaşynda sagat-lap gozganman otursa-da, häzir bu oña başardanokdy, şonuñ üçinem ýylan onuñ sabyrsyzdygyny güman etdi. ”Elbetde, Köşkden başga ýerde bu öz göwresini ekläp bilmezdi, aç ölerdi” diýen netijä geldi, Köşk şahyrynyñ halyna ýüregi awady, ýöne onuñ öz ýagdaýy-da häzir meniñki bolsun diýer ýaly däldi. Kabinetiñ gapysy ýuwaşjadan açylyp, bosagadan bärik ýaş aýal maşgala ätledi, ýylan ony görüp tenine köz basylan dek towlandy: Enar!
– Giç ýagşy, şahyr!
Hyrly Durgur galamyny taşlady, ýerinden turup, biwagt gelen go-nagy garşylady:
– Gelen ýagşy… sen nire – bu ýerler nire? Gijäniñ ýarynda...
– Men gije bilen gündüziñ tapawudyny ýitirdim. Poeziýa meniñ aklymy aldy. Siziñ poeziýañyz… Bütin halk siziñ kitaplaryñyzy elinden düşürenok, nädip düşürsin?..
– Bilýän, bilýän! Ýöne meniñ goşgularymy jenap ýoldaş Preziden-tiñ hut özi söýýär! Meniñ üçin mundan beýik söýgi-de, baha-da bo-lup bilmez.
Enar sakyndy, ýöne uzak dymmady.
347
– Men çagalygymdan poezia aşyk, şonsuz günüm geçenok. Men ozal diri şahyry görmändim, siz birinji…
– Siziñ kimin näzeninden beýle sözleri eşitmek maña lezzetli!
– Kitap dükanlarynda diñe siziñ kitaplaryñyz satylýar…
– Bilýän. Bu ýurtda meniñ bilen poeziýada dikleşip biljek ýokdur. Men öz bäsdeşlerimiñ hemmesini bireýýäm tozana gardym, guma diýseñ-de bolar... – Köşk şahyry, endigine görä, batnyksyz kikirdedi.
Gijeki dostlaryñ gitdigiçe jyny jyñkyryşdy. Şondan soñkusyny ýy-lan diñe üsti gymmatbaha örtgüli stoluñ aşagyndan görünýän iki jübüt aýagyñ hereketinden hem olaryñ agyzlaryndan bilniksizden çykýan ümlüklerden çen tutup, añşyrdy. Başda Enaryñ aýaklary Köşk şahyrynyñ aýaklaryna boýun egmejek ýaly etdiler, ýylanyñ göwnüne, gelniñ aýaklary siltenjiräp, näz etdiler: öñe, yza süýşdüler, jüp basdylar... Ýöne bu uzaga çekmedi, onsoñ ýylanyñ göwnüne düşnüksiz güman gitdi.
– Men siziñ ýanyñyza poezia ynanyp geldim, beýtmäñ... Jenap ýol-daş Prezident bilse, ikimizem erbet eder…
– Bilinsek, toba edäýeris!
– Toba bilen iş bitermikä?
– Elbetde, biter, eýsem meni bu derejä ýetiren toba dälmi? Men tobany pyçakdan ýiti işledýän: toba – meniñ ganatym, ýüzümiñ tu-wagy, döredijiligimiñ gözbaşy; men ilki toba edýärin, soñra-da toba edenime – toba! Bu janrda men öndümli işleýän. Basa oturyp, ilki aýry-aýry tobalary, soñra ”Toba depderini” ýazdym, basym saýlanan tobalarymyñ ýygyndysyny neşir etmekçi. Meniñ döredijiligim bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylar mundan habarlydyrlar. Jenap ýoldaş Prezident-de meniñ toba janrynda ýazan eserlerimi gowy görýär, onsoñ nämüçin men özüme ölmez-ýitmez şöhrat getiren ugurdan ýüz öwürmeli? Kakam pahyr maña: ”Oglum, wezipä ýetjek bolsañ, iliñ gepini diñlemegin – diýerdi. – Ýazybergin, biriniñ üstünden arza ýaz welin, eliñ dek durmasyn!” Öz pikirini-de kemer bilen jemlärdi, on-soñ onuñ bir sözi-de ýadymdan çykanok, zehin meniñ endamyma otyrýerimden ornady. Kakam ýadyma düşse, entegem syrtym awa-berýär.. – Köşk şahyry syrtyny sypalady, şonda onuñ ýüzi çytylana meñzedi. – Ynamy güýçli bolmasa, ol munça azap etmezdi... ”Seni şahyr edip ýetişdirermesem, gözümi açyp giderin!” diýerdi. Ýene-de biraz ýaşan bolsa-ha, men onuñ gözüne görkezerdim welin... – Hyrly 348
Durgur düşnüksiz ahmyr etdi: – Ol diri bolanlygynda, meniñ wezi-päme guwanardy, goñşular oña epilip salam bererdiler. Men ony, belki, Köşge-de getirerdim. Eger jenap ýoldaş Prezident oña öz elini ogşatsa, kakam nähili begenerdi!
– Men size gowy düşünýärin! Biziñ ikimizem garamaýakdan çykan. Ikimizi adam eden – jenap ýoldaş Prezident! Şonuñ üçinem, biz oña baky minnetdar bolmaly, öz zehinimizi, tenimizi, gerek bolsa, jany-myzy-da oña bagş etmeli. Siziñ şygyrlaryñyz näzikligini ýitirmeli däl, ýogsam jenap ýoldaş Prezident ynjalykdan gaçar. Larin şeýle pikirde…
Gylly aýaklaryñ bady gaçdy, böwrüne diñ salýan ýekegapanyñ aýaklary dek, az wagt butnaman durdular, emma soñra ýene öñe dyzadylar.
– Kakam diri bolsa, indi ol çagakam göwnüme degenine düşünerdi. Men onuñ hiç kimdigini boýnuna goýardym! Ah, ýöne ol biziñ ejem ikimizi nähili horlady, it ogly! Şonuñ üçinem men ony öz atam ha-saplap bilemok, meniñ atam – jenap ýoldaş Prezident. Bu hakda eje-me ýüregimi dökemde, ol meni utandyrjak boldy: ”Şarpyk çaldy diýip, atañy çalyşmak ýokdur!” diýip, ör-gökden geldi. Ol meniñ göwnümi ýykyp, Köşge garşy gidýändigine düşünenok. Belki, oglu-nyñ gül-gunça däl-de, ýurduñ patyşasy hakynda gazal düzýäni onuñ gaharyny getirendir? Men gözellige barýan iñ gysga ýoly tapdym, ýöne muña hut öz mähriban enem-de düşünmedi. Onuñ pikiriçe, men gözelligiñ guly bolmalymyşym, bütin ömrüm zar-zar aglap geçmeli-mişim, ýok, goý, güller aglasyn! Bu gün gözellik meniñ gulum! Isle-sem, men gujak-gujak gülleri aýagymyñ aşagyna düşäp bilýärin. Köşgüñ çykdajylar kitabynda bu göz öñünde tutulan.
Ak aýaklar köpmanyly gozgandylar.
– Siziñ poeziýañyzyñ näzik bolmagy üçin mundan eýläk menem özümi jogapkär duýýan. Resmi taýdan. Biziñ söýgümiz resmi üçburçlyga meñzeýär...
Gylly aýaklar ätiýaçly jogap gaýtardylar:
– Resmi dörtburçlygy dälmi, eýjejigim?
Enar şonda gijeligi ýañlandyryp, jak-jaklap güldi:
– Dördünji burç şeýle bir kütek welin, ony hasap edeniñe-de dege-nok. Ol gury san.
Köşk şahyry ahmyrly seslendi:
349
– Keýpiñi bozýan aýalyñ ýa-da äriñ bolsa, onda işi añsat, ýöne hut dogran eneñ saña düşünmese, şonda nätmeli? Diller institutyna iber-melimi?
– Dogran eneñ bilen deñ bolsañ, bolmaz – çomuç ýaly dolmuş bal-dyrlar arkadan gelen güýç bilen garpyşdylar. – Sen ony gowusy ”Ta-ryh muzeýine” ýerleşdir.
Kepjebaş kinaýaly bakgaryldy: nähili ýürekdeş maslahat! Ýöne biraz…
Oña öz pikirini jemlemäge wagt bolmady, Hyrly Durgur içki duýgusyny daşyna çykardy:
– Ah, meniñ tüntaw enem! Sen öz ykbalyñdan nalama, ony men geregiçe owadanlaryn. Ogluñ ozal taryha girmegiñ arzuwyndady, indi taryhy özi ýazýar! Jenap ýoldaş Prezidentiñ enesini milletiñ enesine öwrüp bilen galamyñ ýanynda sen dagyn nämejik? Ah, Enar, hany, aýt, gülleriñ özüni wasp edip, heý, Köşge ýetip bolarmy? Düzi öwseñ – düzde ýaşarsyñ, çöli öwseñ – çölde! Meniñ gülzarlykda ýaşasym geldi. Gülleriñ iñ köp ýeri – Köşk! Näziklik diñe Köşkde ýaşap biler, başga ýerde ol wagşy gödeklige uçrar, ýok bolup gider. Iýmit ýetmezçiliginden ölmegi-de mümkin. Meñ göwnüm güldenem näzik, onsoñ men Köşkden gaýry nirede ýaşaýyn?
Köşk şahyrynyñ pelsepesine pisindi oturmadyk Kepjebaş bu ýerden sypmak üçin kellesini stoluñ aşagyndan çykardy, ustüne abanan we-jeraçylygyñ çetini gören dessine-de yza çekildi. Ol bu azgynçylygy halamady, emma bu işde öz eliniñ-de bardygyny boýun almaly bol-dy: eýsem Enary ilkibaşda ýoldan çykaran kim? Ony Köşge iteklän kim? Onýança düşnüksiz sesler güýçlendi, tüýli aýaklar ak baldyrla-ryñ içinden geçip, olaryñ haýsynyñ öñde, haýsynyñ yzdadygyny saýgarar ýaly bolmady. Ýylanyñ göwnüne, dört aýak çakyndan agyr ýüki göterjek bolup, kösenýäne meñzedi. Bu ýerde artyk durmak – wejeralykdy. Başda Enara kömege ýetişmäge taýyn bolsa-da, onuñ suwmeýilliligini görensoñ, alkymy ýasy-ýaýman çişdi. Çöpüriñ ysy onuñ has-da gaharyny getirdi, ol wagt tapyp, gapa garşy süýşdi. Gu-lagyna Enaryñ:
– Ah, jenap ýoldaş Prezident! – diýen iññildisi ilende, ol: ”Gözüñi ýandak bilen süpür!” diýdi-de, suwlunyp, öz ýoluna gitdi.
350
-
aysyzgije
13 years ago
- 19. Paltahaky
”Ah, jenap ýoldaş Prezident!” diýip, bu ýurtda adamlar, adatça, öz ömründe azyndan birnäçe gezek biygtyýar seslenerdiler: ilki –zyndana atylanlarynda, soñra-da – günägeçişlik yglan edilip, daşyna çykanlarynda. Adamlary ilki zyndana atmak, soñra-da günägeçişlik yglan edip, olaryñ alkyşyny almak – jenap ýoldaş Prezidentiñ iñ gowy görýän güýmenjeleriniñ biridi. Ine, bu ýylam wagty gelende, ganhorlar, öý ogrulary, neşe söwdagärleri, talañçylar, adatdakysy ýaly, azatlyga çykdylar. Bu günägeçişlikde Çary-kitabyñ atylmaly güni-de üç aý gaýra süýşürildi. Çünki ol ilkibaşdan “Diller instituty-na” däl-de, saý-sebäpden iñ agyr jenaýatçylaryñ saklanýan türmesine düşüpdi. Bu-da ony gutulgysyz ölümden az wagtlyk alyp galdy. On-soñ atylmaly güni jenap ýoldaş Prezidentiñ günägeçişlik Permany dadyna ýetişdi. Baş türme müdiri, düzgüne görä, onuñ eline üç aýlyk ömür ýazyp berdi. Möhürli kagyz: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bil-mez!” diýen ganatly sözler bilen başlanýardy.
– Altyn güýz geldi. Git-de, pagta ýyg, Watan harmanyny beýgelt! Biz saña ynanýarys. Seni gyş atarys, ýöne özüñ gelgin! Bizde ýene bir ýakymly täzelik bar: örän döwrebap hyzmat! Biz indi atylýanyñ islegine görä, ony öz melleginde atyp gaýtmagy ýola goýduk. Bu hyzmatyñ iki tarapa-da bähbitli ýeri kän: biz-ä atylanyñ jesedini süýräp ýörmekden dynýarys, atylanam – öz öýünde, çagajyklarynyñ arasynda süýnýär. Eýsem, bu her bir ynsanyñ iñ soñky päk arzuwy dälmi näme? Biziñem ýüregimiz daşdan däl, atylanyñ geýim-gejiminiñ onuñ maşgalasyna neneñ gerekdigine düşünýäris! Bizde ýokary hünärli spesialistleriñ uly topary bar, olar adamynyñ ýeñ-seçukuryndan bir okda atyp öldürmäge ezberleşen. Belki, atylýanyñ göz monjugy ýaly çagajyklary onuñ eşigine zar bolup oturandyr. Onsoñ biz ony mümkin boldugyça adamçylykly atmaga çalyşýarys, eşigine zyýan ýetirmejek bolýarys, ”Goý, atylýanyñ ölümi maşgala-nyñ mañlaýyndan diresin!” diýýäris, biziñ ýüregimiz päk. Iñ bärkisi çagalarynyñ birini-ýarymyny köýnek-balakly etse, zyýanmy? Eger atylanyñ aýalynyñ elinden dür dökülýän bolsa-ha, onda beýle aýal maşgala atalarynyñ eşiginden uşaklarynyñ telimsini-de geýindirip
351
biler. Wah, ýöne bu ýurtda indi onuñ ýaly eli işli aýal galdymy diýsene?! Jenap ýoldaş Prezidentiñ janyna berekella, şu bikär adam-lary dolandyryp, ýurdy – ýurt edip otyr, özüm bolsam-a birçak däli-rär giderdim, çydar ýaly däl. Bolýar onda, güýze çenli hoş! Ýöne, ýañky aýdanym, aýagyñy süýräp gelip ýörme-de, isleseñ, biziñ işgä-rimizi öýüñe buýraý, barar-da, elin atyp gaýdar, bu özüñ üçin gowy bolar. Çykdajysy-da uly däl, belki, karza geçersiñ?
– Bilmedim. Men gaýdamda, öýmüzde pul ýokdy. Pul düşen bolsa, men çakylyk ederin – Çary-kitap güñleç söz berdi.
Onsoñ ol üç aýlyk ömür ýazlan kagyzy döşüne berkidip, ýurduñ köçelerinden, türmä basylan hem indi basylmaly adamlaryñ arasyn-dan pyýadalap, öz obasyna gitdi. Birnäçe günden soñ aýagyny süýräp, oba geldi, öýlerine ýetmäge howlugyp, ilki duşan gapa so-wuldy.
– Salawmaleýkimler! Adam barmydyr?
Dym-dyrslyk, jogap ýok. Gapy gulply. Onsoñ ol hatary syryp, ýo-karlygyna ýöredi. Köçeden gygyryp barýar:
– Adam barmydyr-how? Habar alan?
Bokurdagy gurap, ahyrsoñunda duldegşir goñşusynyñka gelip ýet-di. Içimlik suw gözledi. Bedreleriñ içindäki suw läbik, gan ýylysy bar, porsy. Çary-kitap bir käse suwy dik durup, başyna çekdi-de, açlykdan ýaña ýogyn gägirdi. Onsoñ içi garañky tamyñ gapysy usul-lyk bilen açyldy-da, mükrüm garry daşaryk, yssy howa boýnuny uzatdy.
– Essalawmaleýkim, garry ene! Hany öýüñ erkekleri, birki agyz gürrüñim bardy!
– Olar öldi, sen igde iýjekmi?
Kempir başatgyjynyñ ujundan çykaryp, garganyñ aýagy ýaly elini Çary-kitaba uzatdy.
– Hany paýtagt?
– Pagtanyñ ýüzi gaýdan badyna ol yzyna göçdi. Ýöne Aman muny bilýän däldir, onuñ şol oduna diýip gidişi.
Çary-kitap kempiriñ aýasyndan ýekeje igdäni agzyna atdy-da, çök düşüp, bu ojakdan ötüp gidenlere degsin etdi. Soñra ol ýene öýüne dolandy, içki jaýda düwdek bolup ýatdy. Garañky gatlyşyp, göz bag-lanansoñ, onuñ ýanyna aýaly geldi...
352
– Men seni bu dünýäde gaýdyp görerin öýdemokdym – Çary-kitap ýaýdandy. Näme günäm bardygyny bilemok, ýöne ykbalym şeýle boldy. Meniñ günämi öt!
– Çagajyklañ ötsün. Meniñ seniñkiden aýry ykbalym ýok.
Aýaly onuñ bilen näler derdinişjekdi, emma ýadawlykdan dili kent-lewügine ýelmeşensoñ, adamsynyñ ýüzüne naýynjar garady, guraksy pyşyrdady.
– Meni henizem hiç kim işden boşadanok. Unudypdyrlar... Onsoñ il bilen deñ zähmet günümi çykmaly bolýan. Çagajyklar horlanýan-dyr... Ýat, ýat, ukla, ertir...
Dañdanlar Çary-kitabyñ gulagyna ýene-de Gülüñ pyşyrdysy eşidil-di. Göwnüne bolmasa, aýaly oña gysmyljyradam.
– Söýgülim... Men türmeden geldim.
– Bilýän. Gowaça akganatlyja möjek düşdi. Biz atyzlary ýaglyk bilen ýelpäp goraýarys. Çagalary boşatmagyn, olaryñ ümdüzine tut-durybermegi ahmal. Onsoñ meniñ gözümden ganly ýaş akar.
– Meniñem... – diýip, äri hañlap ýatan boş öýde howany gujaklap, möññürdi. Birwagtlar ot ýanan ojagynyñ külüni ýüzüne sürtdi. – Meniñ çagalarym irde-giçde saña gaýdyp gelerler, garaşgyn! Olaryñ başga ody-da, ojagy-da ýokdur.
Çary-kitap bulam-bujar saçlaryny barmaklary bilen daraşdyrdy-da, dañdanyñ ümüş-tamşynda öýden çykdy. Goñşularynyñ igde agajy-nyñ çür depesinde bir ýetginjek oglanyñ igde iýip oturanyny görüp, allaniçigsi boldy.
– Düş aşak! Ýykylaryn öýdüp gorkañokmy?
– Ilki gorkýadym, ýöne eýýäm ýykylyp gördüm.
Çary-kitap öz ýetginjekligini ýatlap ýylgyrdy – üýtgän zat ýok.
– Sen kimiñ ogly?
– Kakamyñ.
– Nirede ýaşaýañyz?
– Hatapgalada.
– ”Hatapgala” diýeniñ nirede bolýar?
– Şeýtangalañ ”guk” ýanynda!
Çary-kitap kitap gülüp bilmese-de, ýürekden ýylgyryp, oglanyñ deñinden geçiberdi: ”Eý, Tañrym, bu köne heññamy üýtgedip biljek kimse bar?” Onuñ ýüzi çöle garşydy. Çöle çykansoñ, onuñ ýüzi ýag-tyldy, gussasyny guma gardy, çägä ýatyp bagryny oýkady, çöpe-
353
çöre, sazaga-ojara ýüzlendi, derdini egisjek boldy, ylgap baryp, bir ullakan ojaryñ bilinden gujaklady.
– Ojar, ojar, eý, ojar! Söwündigim ojar, sygyndygym ojar! Otsuzyñ geregi, çölüñ diregi ojar, sözümi diñle, halyma gyýyl! Men bir öz ilinde dogmuna bäs gelmedik, öz ýurdunda ilinden awaramy? Neçün men nalyş çekdim? Neçün aýakda galdym? Eýsem men gyzaryp, ilden öñe düşdümmi, garalyp, yzda galdymmy? Hakyma kaýyl bol-madymmy? Köprüñ aşagynda ýatyp, eşek ürküzdimmi? Iliñ malyna kiltimi dikdimmi? Il maşgalasyna gyýa garadymmy? Meniñ ýazy-gym nämede, ojar? Ojar, ojar, aý ojar, maña dogryñy diý, sen bir heññam bilen ýaşyt ojar, hydyr gören çöp, çölüñ diregi iliñ geregi! Neçün meniñ edenim ugruna bolmady? Neçün meniñ duşmanym çalt, dostlarym çaman boldy? Men ýüregimiñ çuñunda halkyma döwlet gurmadymmy? Janymy gul-gula salmadymmy? Dilimi-dinimi, ynamymy goramadymmy? Neçün haýasyzlar meni depgile-meli boldy? Neçün? – Çary-kitap ojaryñ birçak jan ýöräp, indem ýaşaýyşyñ geçen ýoluny salgy berşip duran pür-şahalarynyñ arasyn-dan dik depesine seretdi: gök çuñdy, ötlem-ötlemdi, aýlawlydy, yn-jylydy, ynjalyklydy, ynjalyksyzdy, öwüşginlidi, tutukdy. Çary-kitabyñ gözlerine gögüñ bir bölejigi gaçyp, ýaş damjasyna öwrülip, yzyna togarlanyp çykdy, bir damja gamgyn gözýaşyñ içine girip, gök asman ýere gaçyp, çägä siñdi. – Aýak diränim, topragym, kuwwat ber, ýene ejir çekeýin, ejirden doýmaýyn, sütemden ganmaýyn, emma aga ”gara”, gara ”ak” diýmäýin, ýeñmäýin, ýöne ýeñilmäýin, özümçe bar-ýokdan gep çekmäýin, adym tutulan ýerde oglum-gyzymyñ ýüzi gyzmasyn! Ojar, ojar, eý, ojar, çölde senden kän ýa-şan ýok, köpi gören-de, sözümi diñle, manysyny tir!
Ojardan jogap bolmady, Çary-kitap alaçsyz ýola çykdy. Bir meýdan ýöränsoñ, salgymlap, öñünde bir mahluk göründi. Endam-janyny çöpür basan jandar gorkunçdy, kä bukulyp, kä towsaklap, ony gap-dallap barýardy. Çary-kitap durup bilmän, oña habar gatdy:
– Sen kim?
– Adamzat.
– Ymgyr çölde näme işleýäñ?
– Hiç zat. Obamyzyñ gyrasy jeññeldi, keýik kowalap, obadan çyk-dym, awum oñup yzyma dolansam, ne jeññel bar, ne ýol-ýoda, ugran
354
ugrum – ok ursañ geçmez gowaçalyk, gedaýçylyk – indi çölde gü-nümi görýän.
– Ýuwhalaryñ obasyny bilýäñmi?
– Beter edýän. Ol obanyñ guýusyndan gije-girim suw içmäm bar. Ýöräberseñ bararsyñ! Hoş!
Mahluk depeden-depä ylgap, gözden gaýyp boldy. Onuñ yzyndan kowan Çary-kitap garry ojaryñ düýbünde garrylygyndan ýaña boýny kesmek baglap, üç ýüz ýyly arka atan pyşdylyñ üstünden bardy. Çary-kitap onuñ ýanynda halka aşak çökdi, kiçijik çaga dönüp, bar-maklarynyñ arasyndan ürgün çägäni akdyryp oýnady, özüne gedemsi bakgarylýan gemmik pyşbaga ýüzlendi:
– Eý, ölmezek pyşbaga! Gojalaryñ gojasy, synçylaryñ synçysy, bu çölde, heý, iki ýüz ýyl ozal meniñ kimin ile gülki bolan barmy? Üç ýüz ýyl ozal barmydy? Olar uly iliñ derdini özüne gürrüñ berip, di-wanalyga ýetipmidiler? öýüni ýykdyrypmydylar? Ah, pyşbaga, pyş-baga, meniñ kimin akmagy bu düñle çöl döräli görüpmidi? Hany sen maña aýt, Aman nirede? Ol dirimi?
Pyşdyl: ”Yzyma düş!” diýýän ýaly etdi-de, ýola rowana boluberdi. Onuñ gidişi şeýle çaltdy, suwsuzlykdan gany gatan Çary-kitap eme-dekläp, onuñ yzyny zordan eýgerýärdi, ýöne özüni dürsemäge onuñ wagty ýok, çölüñ içinde gaçgaklar üçin gazylan ”gürpbasdylara”, gurulgy duzaklara düşmän, Amanyñ ýanyna ýetmelidi.
Aman bu wagt aýaly özüne duzak gurjak bolýandyr öýdüp, onuñ ýüzüne dikanlap seredip otyrdy. Ol entek aýal adamynyñ gyzylödegi agzyndan gelýänçä ögänini görmändi, şonuñ üçinem ol bu ýerde bir ýakymsyz syr bardyr diýip çaklady, hüşgär boldy. Emma ol çakynyñ ugrunda ýokdugyna dura-bara göz ýetirdi: süñksüz-süýeksiz Şemşat indi öñküsini tapman, bulanyp ýatyr. Onda owal näme jan bar? Ýüp-den işilip ýasalan ýaly. Onsoñ Aman aýaly gaty gowurdakdan bir zat tapynandyr öýtdi, bilip bolýarmy, gowurdak diýlen iýmit iki adam-dan birine ýakanok; Şemşadam Amanyñ gözünde şatyr-şallah däl, kesirem bolsa, näzik, näzik bolmasa-da teni ter, bili dagyn gysymyña gyssañ, jorta uçjak. Aman assyrynlykdan muña buýsanman bilenok: obada indi bili inçe zenan galdymy? Hemmesiniñ bili pagtaly ganar götermäge uýgunlaşan: ýogyn, berdaşly. Iñ agynyñ reñki bugdaýreñk bilen garaýagyzyñ aralygynda, onsoñ olaryñ içinde Şemşat hüýr-periden enaýy däl, Amanyñ oña aýratynam ilkiler mähri gidipdi,
355
ýöne soñ-soñlar halys mäşleri bişişmänsoñ, ol Şemşatdan sowaşdy, hasam bir gün dañdanlar üsti açyk galan Şemşadyñ göbek ýeriniñ tep-tekizligini görende, onuñ ýüregine gorky düşdi; elbetde Rahman molla ýalan sözlän däldir, Şemşadyñ ýüzünde adam ruhy az, ýöne beýleki aýallaryñ nämesi artyk? Bu heleýleriñ haýsyny goýup, haýsyny aljak? Barynyñ azary bir. Hamana, Amanyñ ýüreginiñ özi gapdalynyñ ýumşaşandygyny añşyran dek Şemşadyñ gün-günden hyk-çoky artýar, özi-de indi iki hepdedir – eli sypynsa, gözlerini balkyldadyp, ýöne ärine seredip ýatyr işigaýdan! Bir zatlar diýjek bolýar, diýip bilenok. Eger heleýi amanadyny tabşyraýsa, Aman nädip guýyny gazyp gutarar? Suwa ýetip bilmese, onuñky – ölüm! Her ýuwdum suwlaryny hasaplap otyrlar. Ýöne ymgyr çölde kyrk gulaç guýyny gazyp gutaraýmak-da iş bar. Şemşat gapdalyndan aýrylman durka-da, onuñ jan deri çykýar, ýeke özüñ-ä miltem etme! Her gezek gowany dola-bara edip ýüpi siltände, Amanyñ göwnüne aýaly ony çekip çykarjak bolup, guýa dik-başak gaýdaýjak ýaly, ýöne gaýdaýanok, süýrenip alyp çykýar. Käte Aman onuñ gowany çykaryşyna kaýyl galýar: halalyñ bolsun, ediljek ýöne ýylanyñ bar-da, suwlunyp gidip barýany hatda guýynyñ içinde-de duýulýar. Aman aşakda: ”Hudaý bardyr” diýip otyr, edip bilýän kömegi ýok, basym suwa ýetse, ana, bary edibiljek ýagşylygy.
Suwa ýetmänkä ol ýene-de bir gezek hemmesini ölçerip-dökdi: ”Nätmeli, ýene bir günden pöwşüldäp suw çykaýmagy ahmal, onsoñ, Rahman mollanyñ pirimi puç! Nädeñde gowy boljak? Eýsem aýa-lyndan dynmak üçin ony çöle alyp çykmadymy näme? Indi nämüçin ol ikirjiñlenýär?” Amanyñ pikir ede-ede kellesi çişdi, ol her gezek gowany dolduransoñ, ýokarsyna garaýar. Ogryn. Näme etjek bolsañ, suwa ýetmänkäñ etmeli, soñ giç boljak, mollanyñ piriminiñ suwly ýerde güýji ýörejek gümany ýok. Aman ony ýene bir gezek ýatlady: bu diñe iki aýaklynyñ tapyp biljek hilesi. Rahman mollanyñ ajdarha ýa-da ýuwha däldigine ol kepil geçip biljek: ol adamdyr.
Aman ”kelläm agyrýar” bahanasy bilen guýudan çykdy.
– Ýör, çatma!
Añk-tañk bolan Şemşat gowanyñ ýüpüni elinde saklap durdy-durdy-da, ouñ yzyna düşdi, alaçsyz. Häzir aýalynyñ Amana mähri bildirýär, bir diýenini iki gaýtaladanok, nämüçin diýseñ, ymgyr çö-lüñ içinde bar mydary – gunt ýaly äri, eger ol kejine tutsa, onsoñ
356
itgyranyñ çölünde bu wagt ol nädip başyny çarasyn? Är gazabyna tutsa, ýuwha nämemiş?! Şemşat häzir adaty aýal ýaly ejir çekýär, Aman mundan bihabar, entegem ikirjiñlenmesini goýanok, Rahman mollanyñ pirimini haçan ulansa ulanaýmaly – bellisi ýok. Gözüniñ gyýtagy töwereginde. Ýuwha içinden: ”Duzaga düşdüm – diýip, urunýana meñzeýär, – Bu kakabaş işimi gördi! Düşegimi aýralama-dym, ýalñyş etdim, öz sowuklygyma uýdum...” Şemşat ýüzüni sal-lap, äriniñ yzyndan çatma girdi.
– Näme?
– Düşek sal, ýatjak, kelläm ýarylyp barýar.
– Ýok! – Şemşat onuñ gapdalyndan syçrap turdy. – yssyñ içinde señki näme! Owal janymy zordan saklaýan! ”Kelläñ agyrany haçan, gylmanyñ gyl keseni haçan.
Aman hyrçyny dişledi, oña gözüni ýuman bolup ýatybermekden başga alaç galmady, soñam irkilip turdy-da, günortanlygyny edinip, jokrama yssy gowşaşan badyna ýañadandan guýa sallandy... ”Men-den bu gün saña kömek ýok, öz günüñi özüñ gör!” diýip çatmada galan Şemşat jany durman, birsalymdan guýynyñ agzynda salgymlap göründi; Amanyñ oña rehimi indi, derdiniñ sebäbini bilmese-de, Şemşadyñ biline urlan ýylan ýaly ýeten ýerde sulugyp ýatmasy, tursa süýrenip ýörmesi onuñ badyny aldy: ”Aýal diýilýäniñ düşnüksiz zatdygyny, kowsañ gaçýar, gaçsañ, kowýar, edil itiñ bar-da!” Ol pirimini agşama goýdy. Agşam ýagşy garañky düşüp, şamlyklaryny iýensoñlar, aýalyna ”düşegi giñden ýaz” diýip emr etdi, Şemşat kaýyl boldy, ýöne arasynda Amanyñ gözüne güýdüşüp, çatmanyñ daş işiginde suwly kündügi goýdy...
Olar düşege geçdiler. Ýuwha Amanyñ är güýjüne boýun boldy, diýlenini etdi. Işini bitiren Aman gaty ýadan kişi bolan bolup, gözle-rini ýumdy, horrulda berdi... Aýaly uzak eglenmän, ýorgandan ýyla-na öwrülip, towlanyp çykdy, Aman gözüniñ gyýtagy bilen aýalynyñ şondan soñky bolşuny demini alman synlady. Şemşat, ýagny ýap-ýañyja Şemşat bolup ýatan äpet ýylan usullyk bilen suwlunyp çat-madan çykdy, kellesini ýokaryk galdyryp, suwly kündügiñ boýy bilen boýdaş boldy, soñam kellesini kündügiñ agzyndan sokdy, zor-dan saýgardýan gymyldyny gorkudan ýaña titräp seredip ýatan Ama-nyñ guýruga ýetýänçä gözleri ýadady gitdi, ýylan kündügiñ içine şol girdi gitdi oturdy... Az salymdan-da kündükde ýitip giden äpet ýyla-
357
nyñ kellesi çatmanyñ agzynda göründi... Aman içinden kelemesini öwürdi-de, doññara daşa dönüp ýatyberdi, ýylan oña zyýan etmedi, düşege geçip, ýene-de aýal sypatyna girdi, Amana gysmyljyrady, usurgap ýatan Amanyñ togar-togar saçyny diñe onuñ özüne düşnükli sowuk mähir bilen sypalady; şübhä ýer galmady, Amanyñ aýaly – ýuwha; Rahman mollanyñky hak... Ýöne indi bu işigaýdanyñ ögäp ýörmesi nämeden? Aş saýlap ýören-ä däldir-dä?
Ertesi howa ýagtylan dessine Aman hasyrdap düşekden turdy-da derrew daşaryk çykdy, uly hossaryny gören dek Güne bakan ýöredi, ony ýüzüne syldy. Güneşe gark bolup ýatan dünýäni görende, onuñ birneme göwrümi giñedi, ýöne bu uzaga çekmedi, gaýgy-alada gaýtadan basmarlady; ol aññatdan aññada münüp-düşüp, öñküdenem beter gaýga çümdi: näme etmeli? Bu işigaýdan iki gat bolupdýr, özem ýuwha; ýýlanam bolsa, içýanam bolsa, indi göwresinde öz çagañ bar... Aman howlap, depe-depe aşdý, düýrmegi bilen aññatdan aşak togarlanybam gördi, çägäni bagyrtlady, iñledi: ”Betbagt Aman, betbagt! Indi seniñ ýuwhadan çagañ bolar! Şu çaka çenli aýalyñam ýokdy, çagañam, indi aýalyñam bar, çagañam boljak, ýöne olardan nädip dynmaly? Rahman mollanyñ pirimini indi ulanyp boljakmy? Şemşadyñ özüni ýaksañ, göwresindäki çagany nätjek, olam ýanar! ”Itden bolan gurbanlyga ýaramaz!”, mundan önen çaga iru-giç meni çakyp öldürmese ýagşydyr, öz edip bilmedigini çagalary eder, bu öz göwresinde maña duşman ýetişdirýär, hä diýmän meniñ daşymy ýylan çagalary alar! Eý, Alla! Men nä günlere düşdüm?! Müjerret öten bolsam, mundan müñ paý gowy bolardy! Dynmaly, dynmaly, çaltrajyk nätmelem bolsa etmeli! Kime geñeşjek? Kim saña maslahat berjek? Hany häzir onuñ toýunda saz çalanlar, ýagly palaw iýip, murtuny ýaglanlar? Olardan nepaga ýok, näme etse, ýeke özi etmeli, öz başyny özi çaramaly, o-da dilde añsat, çaga gerekmi ýa-da jan derrew belli etmeli! Agşama galmaly däl, öýlän guýudan suw çykar, onsoñ hemmesi gutardygy. Suwa çenli birki depik galandyr, guýa girdigi ol depikleri almasa, çäresi ýok. Ýöne bu ölüm howply...
”Guýynyñ çöwlügine göwnüm ýetenok, berkideýin” bahanasy bilen Aman ýene-de bir günlük wagt utdy. Ine-de, bu gün öýlän olaryñ suwy tañkyrady, pamyk bilen dodak ölläre-de damja galmady, eşek bilen iki düýe iki hepde bäri ýandak iýip, suwsuz mydar edýärler,
358
olaram eñegini suwa basmasa, bu itgyranyñ çölünden çykyp bilmez-ler, ýöne kündük görnenok, Şemşat ony nirede gizledikä?
Aman çöwlük üçin sözen ýygmaga gitdi, Şemşat çatmada süýnüp ýatyr, onuñ sary getiren ýaly zerewşan ýüzündäki ýukajyk dodaklary kemşerýär, uzyn dili bilen zol-zol kepäp duran dodaklaryny ýalaýar, haly teñ; Aman içini hümledip, guýa çöwlük örýär, bir getireni bilen oñman, iki gitdi, üç gitdi, wagt utjak bolýar, ölçerip-dökýär, belli bir karara gelip bilenok...
Ýuwhadanam bolsa, Amanyñ öz çagasyny göresi gelýär, ol nähili çagajyk bolarka? Hemme ýeri ýuwha meñzäp durubermez-ä, azda-kände Amana-da meñzemeli bolar-a, diýmek, onda hökman adam sypaty bolaýmaly, a belki... Aman çapmaga baran sözeniniñ düýbünde düýrlenip, dyzyny gujaklap oturdy; belki, onuñ ogly bo-lar?! Amanyñ ýüregi ersip gitdi, ogul...
Aman kyrka bardy, ol indi zürýatsyz ötmelimi? nämüçin! onuñ ilden nämesi kem? Obada sümügini dyzyndan edip, şapadañlap ýö-ren çagalaryñ arasynda nämüçin onuñkylar bolmaly däl? Ýok, – Aman öz-özüne gahar etdi: – ola-ha ýuwha ekeni, al-arwah dogursa-da – ol meniñki, adamlaryñ arasynda ýaşasa, iru-giç adam hasabyna girer; adam ogluna adam diýerler, başga näme diýsinler? Amanyñ ogly diýerler. Diýerlermi – ýokmy?! Aman iki oduñ arasynda galyp çabalandy, muny indi belli-bes etmeli, ertir giç bolar, şu gün, şu gün çözmeli: ýa Şemşatdan dynmaly, onda çaga-da gidýär, ýogsa-da ýuwhadan bolan çaga kaýyl gelmeli: çakyp öldürse-de, diriligiñe ýuwutsa-da öz çagañ; göwredäki çagañ ganyna galyp, Aman dowza-hyñ oduna ýanmaz!
Ol guýy bilen sözenligiñ arasynda gatnap ejir çekýär, Şemşadam – çatmanyñ dulunda; onuñam endişesi özüne ýetik, ”ah” çekýär, ahmyr edýär: Göwredäki çagany nätmeli? Kowumdaşlaryñ arasyna ýol ýapylýar. Olar ony üýşüp, çakyp öldürerler. Iki arada dar ötüge duçar boldy, gäp basdy, ahmal däldi, ýöne ahmal galdy. Adamlaryñ arasy-na girip, olardan özüni ýokarda saklamak oña eýgertmedi. ”Dynma-ly... – diýip, ol bir aýlawda yzgytsyz pikire geldi. – Çoçgara çolaş-maýyn, adamzat bilen haýwanatyñ arasynda serimsal bolup galsam, men kime gerek? Ýa eýläk, ýa beýläk bolmaly: çaga dogdugy älem-de menden betbagt tapdyrmaz; onsoñ men kim bolaryn? Ol çatma-
359
nyñ yşyndan salgymlap görünýän ärine seredip, uludan demini aldy: betbagt...
Aýgytly karara gelen Şemşat ýerinden syçrap turdy, ylgap daş çyk-dy-da, çatmadan taýak atym beýledäki ýarysy çägä gömlen gara öýüñ üstüne dyrmaþyp ugrady; gujagy sözenli alañdan inip gelýän Aman bu bolýan işe düşünmän, añkaryldy: Şemşat näme etjek bolýar? Aýaly eýýäm gara öýüñ tüýnügine ýetip barýar. Gujagynda-ky sözenleri başyndan aýlap uran Aman gara öýe garşy eñdi. Ol eýýäm nämäniñ nämedigini añana çalym etdi.
– Dur! ”Dur!” diýdim men saña! – aýalynyñ öýüñ çür depesine ýetip barýandygyny gören Amanyñ huşy başyndan uçdy. – Dur! Beýtme, Şemşat, beýtme! Näme diýseñ, men kaýyl, çaga rehimiñ gelsin! Saklan! – onuñ aýagy sazaga ilip, şarpyldap ýere ýazyldy, ýene turup ylgady. – Şemşa-at! Päliñden gaýt! Men hemmesine kaýyl, baryny bilýän, Şemşa-at, meniñ senden başga hiç kimim ýok, ýaşaşa-aly! Men saña hiç zat diýmäýin, ertir suw çykýar, Şemşat!
Şemşat oña añkarylyp, aýagynyñ aşagyna seretmedi, şol barmana-da, ýagyşa-ýagmyra, Günüñ jöwzasyna pakyry çykan uklaryñ biri döwlüp, ol aşak, gara öýüñ içine kelemenläp gaýtdy. Şemşat jynssyz ses etdi, Aman okdurylyp, öýüñ içine kürsäp uranda, ol özüni bilmän ýatyrdy. ”Işigaýdan!” diýip, Aman ony gujaklady, soñam ýigrenç bilen itip goýberdi.
– Sen bilgeşli şeýtdiñ, ýuwha!
Şemşat onuñ gykylygyna usullyk bilen gözlerini açdy.
– Ýuwaş, oglan, gören-eşiden näme diýer...
Aman başyny alaçsyz aşak saldy, gozganman oturdy. Şemşat onuñ ýüzüne duýgudaşlyk bilen seretdi, Amandan ses-üýn ýok. Onsoñ ol ýagşydan-ýamandan dil ýarman, aýalynyñ başyny sypalady-da, öýden çykyp, ýüzüni sallap, guýa garşy gitdi hem-de şondan soñ tä suwa ýetýänçä guýydan çykmady...
Çary-kitabyñ çöle çykandygy paýtagta ýetende, jenap ýoldaş Prezi-dent dag jülgesinde, üzüm dalbarynyñ kölegesinde öz ”Pähimler” kitabynyñ bu ýyldaky elli ikinji tomuny ýazyp otyrdy. Şondan soñ ol tä täze ýyla deñeç döredijilik işlerinden dynç almakçydy. Ol ýurt möçberindäki täsin habary alan badyna öz halypasynyñ kitabyny açdy-da, ”Uçgundan ýalyn tutaşar!” diýen jümläni okady. Ony: ”Kiçijik otdan uly ot tutaşar!” diýip, öz ”Pähimlerine” goşdy-da,
360
ýañy-ýakynda ýurduñ ”Ümsümlik” müdiri edip bellenen Kakabaý Garasöýmezi öz ýanyna çagyrdy.
– Men seni watançylaryñ watançysy edip belledim, Watany halas et: Çary-kitaby tap! Bellenen tertipde hereket ediñ, Aman sesini çy-karmaz, basym onuñ ekiz çagasy bolmaly, onda ata mähri oýanyp ýörendir. Bar!
Kakabaý Garasöýmez göwresine ölçelip tikilen harby lybasyna ykjam öwrenişipdi, şonuñ üçinem ol dürli şertlerde gaty ýöremäge ökdedi. Hiç bir pidanyñ ondan gutulyp bilmejegi görnüp durdy. Amanyñ gözleginde çölde aç-suwsuz entäp ýören Çary-kitap bu wagt pyşdylyñ yzyndan ýetdi.
– Eý, pyşbaga! – ol mytdyldap barýan pyşdyly eline aldy, onuñ daş arkasyny sypalady. – Sen niçiksi okumyş, köpügören? Nädip bu dünýäde beýle arkaýyn ömür sürmäni öwrendiñ? Maña-da il üçin ezýet çekmän ýaşamany öwret, daş çanagyñy karz ber, bes, menem kösenmäýin, köýmäýin, üç ýüz ýyl ýaşaýyn.
Çary-kitap pyşdylyñ yzyna düşüp, çölden-çöle aýlandy, ol ne güni bildi, ne hepdäni, ne aýy. Käte bir eglenip, öñünden gidip barýan pyşdylyñ guzlan ýumurtgasyny lak-luk atýardy-da, ýene gidiberýär-di. Bir günden bir gün ol Amanyñ ýaşaýan obasyna ýetdi, salamlaş-dy, agzyny öweltdi. Amanyñ bir özi küren oba: öz eli, öz ýakasy, partiýa-da ýok, Býuro-da, müdirem ýok, arçyn-da. Çary-kitap sesini çykarman, Amanyñ hataryñ çetinde edinen sümelgesini, oraçanyñ orruk ortasynda hana-bizar bolup oturan boýny uzyn aýalyny ykjam synlady, daş işikde çägäniñ üstünden tirsegine daýanyp, gyşardy.
– Hany Aman?
– Aman awda, meýdana çykyp, guş-gulan urýar.
Çary-kitabyñ sorag bereni-bermedigi des-deñ boldy, Şemşat şondan soñ oña kemteresinden ”barmysyñam?” diýmedi. Çary-kitap onuñ ekiz çaga dograýmagynyñ ahmaldygyny güman etdi-de, öz ýoluna gitdi. Giç öýlänler keýik-towşan awlap ýören Amanyñ yzyndan ýet-di.
– Salawmaleýkim!
– Waleýkimessalam!
– Aw ganly bol-a!
– Tañryýalkasyn!
– Güzeran niçik, nirede otlap, nirede suwlaýañ?
361
– Güzeran ýok, ýöne aç-da ölemok: ot çyksa-ha otlaýan, suw çyksa-da – suwlaýan, kişä garaşly zadym ýok. Şeýle bir garyp düşdüm – hatda hiç kime bergimem ýok! Men öñ il içinde ýetim däl ekenim, ýetim indi boldum. Bu dünýäde meniñ barym-ýogum deñ, adam ogluna gerekdirin öýdemok, sen meni nädip tapdyñ?
Çary-kitap özüni çägäniñ üstüne goýberip, ýerde ýatan sazak çöpja-gazýný alýp, pýşdýlýñ etiniñ öz dişiniñ arasynda galan bölejigini gorjap çykardy-da, gapdala ”püfläp” goýberdi.
– Obanyñ ýagdaýý agýr.
– Haýsý obanýñ?
– Ikimiziñ obamyzyñ.
– Günortanyñ garañkysy. Meniñ ýatyp dynjymy almaly wagtym boldy, öýkeleme. Sen paýtagtdan geldiñmi?
– Ýok. Sen piliñ gulagynda uklaýañ, ol ýene öñki ýerine göçüpdir, özüm gördüm.
– Seniñ munyñ erteki: obanyñ ilersine göçürilip getirilen dagy, onuñ çür başyndan şaglap gaýdan bulagy nätjek? Dagy öñki ýerine göçürdiñ-dä, onuñ añrysyna göçüp gelen daşary ýurdy nätjek? Dag – geografik päsgelçilik: onuñ añrysynda hökman daşary ýurt bolaýma-ly, bu – gutulgysyzlyk! Sen ony bileñokmy?
– Belki, bilsem bilýändirin, ýöne ýadyma düşenok. Ikimiz dilimizi birikdirip, oba dolanaly, adamlar ikimizden umyt edýäler. Sen nä-muçin halky ýeke goýduñ?
Gözýetimde keýik ýa towşan görnäýmezmikä diýip, uzaklara eser-deñ seredip oturan Aman añrylygyna gülümsiredi:
– Bilýäñmi näme, men saña bir wakany gürrüñ bereýin. Arada men aw awlap, gaty uzaga gitdim. Ýadap, suwsap, iñ soñunda ymgyr çölüñ içinde bir kölüñ üstünden bardym. Kölüñ içi durşy bilen aw guşy: ördek, gaz. Görsem, onuñ ýakasynda biri gezelenç edip ýör. Süýşenekläp baryp golaýyndan seretsem – jenap ýoldaş Prezident! Gozganmaga gorkup, demimi alman ýatyberendirin, onýança-da peýwagtyna gezip ýörşüne ol partyldadyp şeýle bir ýel goýberendir welin, kölüñ sürli ördegi güsürdäp, dik asmana göteriläýse nädersiñ! Meniñem hut imanym goçdi, ynanaý, onuñ güýji güýç däl, ol bize başartmaz…
362
Onýança depäniñ añrysyndan bili egri gylyçlý, eli aýpaltaly Kaka-baý Garasöýmez göründi. Ol gelşine Çary-kitaba ýüzlenip zeýren-mäge başlady:
– Erbet suwsadym! Sen maña içigaraçylyk edip, çöle çykansyñ. Meni suwsuz öldürjek bolansyñ. Bu haty oka-da, derrew gol çek!
– Men ölümimi öýüme buýrmadym. Meniñ oña pulum ýok. Sen nämüçin geldiñ?
Garasöýmez möhürli kagyzy onuñ gözüne sokaýjak boldy.
– Seni ilkinjileriñ hatarynda mugt atmak barada hökümediñ karary çykdy. Haýyr-yhsan kömegi hökmünde ýetirinip bilmeýän maşgala-laryñ bu çykdajylaryny indiden eýläk oba müdirlikleri öz üstüne almaly. Şu gün irden jenap ýoldaş Prezident degişli Permana gol çekdi.
Çary-kitap kellesini tutup oturdy, ýöne öz gözleriniñ gyzgyn çägä-niñ üstüne gaçmagyndan gorkup, ýüzüni galdyrdy.
– Jenap ýoldaş Prezident meniñ günämi geçmedimi? Geçen ýyl hat iberipdim.
Garasöýmeziñ sabrynyñ azalyp barýandygy bildirdi, ol gylyjyny syrdy.
– Sen nä poçta gullugynyñ işiniñ haýaldygyny bilmän, Aýdan düş-düñmi?! Jenap ýoldaş Prezidentiñ özi-de möhüm permanlaryny bize daşary ýurt radiosynyñ üsti bilen ýetirýär!
– Meniñ näme günäm bar? Men hiç bir jenaýat edemok, diñe sesimi çykardym.
– Nä indi meniñ çagajyklarym seniñ jenaýat ederiñe garaşyp otur-malymy? Meniñ aýlygym – eden işime görä. Sen meniñ keýpime sogan dograjak bolma. Günäñi geçseler, soñ geçibersinler: patañy alarlar, aýat-töwir ederler, şondan beter saña näme hormat gerek?!
– Bilemok... – Çary-kitap egnini gysdy, – haýsynyñ gowydygyny näbileýin: ýaşaýyş gowymy ýa-da ölüm...
– Ine, bilmeseñ! – Garasöýmez aýpaltany Çary-kitabyñ boýnundan salmak üçin howada galgatdy. Ýöne birden birzat güpbe ýadyna düşüp, saklandy: – Hany, meniñ paltahakymy ber!
– O nähili paltahak? Sen nä meniñ kellämi palta bilen çapjak bolýañmy? – Çary-kitap ör-gökden geldi.
Garasöýmeziñ öz ene diline nebsi agyrdy:
363
– Seniñ hak ýeriñ Diller institutynda, arman, ýöne indi oña wagt ýok. Paltahaky bilmän, sen näme işleýäñ? Men öz etjek işimiñ haky-ny talap edýän, kellesiz adamynyñ jübüsinden pul çykaryp bilmejegi belli. Ýagşylyk edip, özüm gözläýemde, jübüñden paltahakylyk pul çykjakmy?
– Maña az-owlak karz bermeseñ boljak däl, men obadan sowalga-syz çykdym, ol ýerde pul ýok – Çary-kitap Amana ýalbardy. – Maña karz berseñ, dilhaty bereýin, eline pul düşse, aýalym meniñ bergimi üzer.
Aman oraçasyna gidip geldi-de, oña paltahakylyk getirdi.
– Çölüñ içinde kagyz pul ýok. Men bulary çägäniñ içinden çöple-dim: gyzyl-kümüş şaý-sepler. Bolarmy?
Şaý-sepleri eline alan Çary-kitap Garasöýmeze ýalbardy:
– Aýalyma, çagajyklaryma iñ soñky salamymy ýetirseñ, onuñam hakyny ”paltahakyñ” üstüne goşaýyn...
– Bolýar. Ýöne sen meni parahordyr öýdäýme, men muny pul üçin däl, obadaş bolanyñ üçin edýän.
Gyzyl-kümşi Garasöýmeziñ eline tutduran Çary-kitap Amana dilhat çyrşap berdi. Aman ony epläp balagynyñ jübüsine dykdy-da, atdan-lykdan palta degäýmesin diýip, gyra çekildi. Şaý-sepi görende çykyp duran çekgeleriniñ üstündäki bulanyk gözleri ýalpa açylan Gara-söýmez:
– Onda işe başladyk! – diýip, zähmetsöýerlik bilen seslendi.
– Men Amanyñ myhmany! – diýmäge ýetişen Çary-kitabyñ kellesi şol demde çägäniñ üstünden togalanyp gitdi. – Ol meniñ ganymy alar!
Garasöýmez başyny ýaýkady.
– Görýäñmi, bu çyn bozgak, özem gaty howply. Ol seni-de boz-gakçylyga çekjek bolup gelendir. Ýöne ony diñleme, sen nesil ön-dürmeli, özüñi aýa! Biziñ senden tamamyz uly.
– Sen ony öldürmeli däldiñ, ol meniñ myhmanymdy…
Jellat çapgy ýassygy ýaly ýasy ýeñsesini gaşady.
– Nämüçin sen muny öñünden aýtmadyñ? Aýdan bolsañ, men töle-gine görä bolardym. Seniñ gyzyl-kümşüñ gutaran däldir-ä?
Aman goltugyndan birki sany agyr gülýaka, bukaw çykardy:
– Ine…
Jellat bezegleri gözden geçirdi, hoş boldy:
364
– Bu başga gep. Ýöne bilýäñmi näme, hökümediñ kararyna garşy çykanyñ üçin men seni tussag diýip yglan edýärin. Seniñ ýañky ge-piñden pitnäñ ysy gelýär. Diliñ düzüw däl, şonuñ üçinem seniñ hak ýeriñ Diller institutynda – ol arkan gañryp, Amanyñ ellerini dañdy: – Düş öñe!
– Men aýalym bilen hoşlaşaýyn. Onuñ aýagy agyr.
– Belet. Sen ony azara goýma. Bu taýy – onuñ öz hak öýi, başyny sensizem çarar. Ýöre!
Olar uzak ýörediler. Soñra görseler, yzlaryndan bir kowgy gelýär. Jellat Şemşady tanap, hoş bolup ýylgyrdy.
– Haklaşmaly gün gelip ýetdi. Meni iki bolup entedeniñiz ýadyñyz-damy? Gel bakaly, sen gyrnak!
Şemşat kä ýylana öwrülip, kä aýal sypatynda jellat bilen bir meýdan gidişdi. Ýöne ýaragly erkek bilen onuñ döwi nädip deñ gelsin? Gara-söýmez ony öldürdim edip taşlady-da, çägä gömlüp ýatan Amanyñ böwrüne depdi:
– Ýöre! Ýogsam men ajygýan hem suwsaýan!
Olar ürgün çägä batyp-çomup, öñe ugradylar. Kesilen kellä meñzäp, alysdaky alañyñ üstüne gaçan Gün bu wagt ony gan reñkine boýap, añrylygyna aşyp, ýaşdy gitdi.
365
20. Kepjebaş, Zemzen we Kişmir
Ertesi ir bilen göge göterilen Gün alañlaryñ arasynda ýiti nazaryny näçe gezdirse-de Çary-kitabyñ jesedini düýnki ýerinden tapmady. Gije turan ýel ýyldyzlaryñ ýagtysyna onuñ jesedini ürgün çägä duw-lapdyr, üstüne-de çala sudur gubur galdyrypdyr, aỳal jynsly ýylanyñ bolsa, yzy-da galmandyr. Onsoñ dem saýyn belentlige göterilip barýan Gün öz şöhlesini giñişlikde bedew kimin gezdirip ýörşüne, uzak eglenmän paýtagtyñ çetinden girdi, bu ýerde basym onuñ san-syz otly naýzalary jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüniñ altyn gupba-syna direldi. Soñra-da gitdigiçe töwerege ýaýrap, güberilip oturan binanyñ aýnalaryndan gezekli-gezegine jyklap, içindäki bolup geçýän zatlary synlamaga başlady. Köşgüñ çetki otaglarynyñ birinde bu wagt Kepjebaş ”Jan gerekmi, pyçak?” diýen aldym-berdimli so-raga dürs jogap agtaryp, janyny gynaýardy: başyñy gutarmak üçin Köşkde galmalymy ýa-da Köşkde galmak üçin – başyñy gutarmaly? Özi üçin iñ haý-haýly pursadyñ gelip ýetendigini ol añlaman dura-nokdy, soñky günlerde öz töwereginde bolup geçýän hadysalaryñ hemmesiniñ-de diñe bir zatdan – bu ýerde gününiñ sanalgydygyndan habar berýändigini ol bireýýämden bäri bilýärdi. Köşge nämüçin getirilendigini-de güman etmän duranokdy, megerem, ilkibaşdan onuñ içini bilip, onsoñ gije-gündiz gözleriniñ alnynda saklamak is-ländirler? Diýmek, ol bu ýere gelmek bilen ilkibaşdan gurulgy duran duzaga aýak basypdyr. Eýsem indi dem salymdan ýazjak bolup du-ran duzakdan başyñy gutarmak üçin näme etmeli?
Ol uzynly güni bu kyn sowalyñ çözgüdini gözläp geçirdi, ýöne Gün Köşgüñ aýnasyndan oña iñ soñky gezek nazar aýlanda-da, ol öz-özüne şol bir soragy berýärdi: nädip abanyp gelýän aýylganç howp-dan gutulmaly? Nädip ozal-başdan ýüregine düwen maksadyna ýet-meli, öz kowumdaşlarynyñ, ümmülmez giñişliklerde ardurja burça gabalan janly-jandarlaryñ örüsini giñeldip, olara ata-baba ýazylgan-lygyny gaýdyp bermeli? Eýsem şunça ýollary geçip, horluklary gö-rüp, iñ soñunda onuñ bar başaryp biljegi diñe öz başyny gutarmak-my?..
366
Gep şuña gelende, başga bir jandar däl-de, eýsem bu gyzgyn topra-gyñ hut öz perzendi, yzgytsyz Kepjebaşdygy ony töwekgelçilikden doly gorkuly ädim ätmäge itekledi. Öz üstüne abanan ölüm gorkusy-ny añry ýany bilen duýsa-da, haýsydyr bir öwrümde onuñ gedemlik damary şaklap gatady-da, oña etjegini etdirmedi, howply ýoldan sowulmaga idin bermedi; netijede ol iñ soñuna çenli näme bolsa görmeli diýen karara geldi: çöli tozduran, kowumdaşlaryny gyran-jyrana salan, onuñ dünýäsine elhenç talañ salan adamlar bilen iñ soñuna deñeç gidişmeli! Şeýlelikde, entek gözleri öz ýerinde tegele-nip durka gahar ony kör etdi...
Ýogsam çölüñ betbagtçylygynyñ diñe bir janly-jandarlaryñ däl-de, eýsem adamlaryñ hut özleriniñ-de iñ uly betbagtçylygydygyna Kep-jebaş bireýýäm göz ýetiripdi. Onsoñ, ýeri, kimden hem nämüçin ar almaly? Öz boýnundan syrtmak salyp, asylmaga taýynlyk görýänden ar almak dogrumy? Asla ar almak maksatmy ýa-da ýöntem hyjuw? Tozdurylan tebigatyñ, aýak astyna salnan biçäre janly-jandarlaryñ ähli betbagtçylyklarynyñ simwolyna öwrülen Köşk eýeleriniñ mer-kini bereniñ bilen meseläniñ çözüldigimi? Kepjebaş ikirjiñlendi: belki, ol başgaça göreşmelidir, ýöne nädip? Onuñ mundan öñki eden synanyşyklary puç boldy, rehim-şepagaty bilmeýän gurluş ony ýü-züniñ ugruna özüne peýdaly nurbata öwrüp, peýdalandy gitdi. Do-grusy, onuñ şu güne deñeç adamlaryñ arasynda eden işleriniñ hem-mesi öz tutan maksadynyñ garşysyna bolup çykdy. Onda adamlaryñ arasynda galyp, ol mundan beýläk näme peýdaly iş edip biler? Belli däl. Belki, iñ gowusy oña birnäçe biweç adamynyñ teninden öz ýiti dişlerini geçirip, diri galmak we çöle dolanmakdyr? Göräýmäge, bu ýerde ullakan bir kynçylyk ýok ýaly, ýöne munuñ üçin pursat gerek. Pursat üçinem Larin bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ arasyna düşmegi başarmaly. Kepjebaş öz ýylan paýhasy bilen ölçerip-döküp, bir zady belledi: oña ýa-ha şol iki aradan özüne ýer edinmek, ýogsa-da ölü-mini boýnuna alýp, olar bilen başa-baş garpýşmak galýar. Eger ol pälinden gaýdýp, çöle gaçsa, başýný gutarsa näder? Ýok, onda-da aman sýpjagýñ belli däl, Köşgüñ jansyzlary gije-gündiz onuñ yzyn-da, görünmeseler-de, Kepjebaş olary syzýar. Köşkde onuñ ýekeje hereketini-de gözden salanoklar, şonuñ üçinem gös-göni Larine ekje-şip görmeli. Belki-de, jenap ýoldaş Prezident ondan dynyp bilmän
367
ýörendir? Eger şeýle bolsa, onda Kepjebaşyñ diri galmak şansy artýar...
Görsene muny, entek Köşge aralaşmanka, onuñ öñünde birnäçe ýol ýatyrdy, bu gün ol ýollar gömüldi: indi ýa-ha ýaşaýyş üçin göreşme-li, ýogsa-da Köşge boýun sunmaly. Kepjebaş ýylan gedemligi bilen dikleşigi saýlap aldy. Ol Köşgüñ içi bilen öñe süýşenekläp ugrady. Imisalalyk. Näçe aýlansa-da, tä jenap ýoldaş Prezidentiñ ýatýan ota-gynyñ gapysyna golaýlaýança onuñ öñünde gara görünmedi, ýogsam her öwrümde entek burçdan öwrülmänkä añyrlarda bir ýerde nähili-dir bir aýak sesleri, düşnüksiz hümürdiler hem gijeki zarpçy zähme-diñ alamaty bar ýalydy.
Lariniñ ymyzganýan otagynyñ gapysyndan boýnuny usullyk bilen uzadanda, onuñ öz ýerinde ýokdugyny gören ýylan tolgundy, ol ni-redekä? ”Larin!” Ol tasdanam onuñ adyny haşyrdap tutupdy, ýagşy wagty saklandy, haçja kimin dilini çykardy, gapydan boýnuny uza-dyp, otagyñ içine mazalyja ser saldy, kim bilýär Lariniñ niçiksi oýun gurýanyny? Belki, ol kürsüniñ aşagyna girip, onuñ bu taýyk gelerine garaşyp ýatandyr? Lariniñ öz garşysyna gurup biljek ýat pirimleri göz öñne gelende, okumyş ýylanyñ sowuk teni gyzyp gitdi... Emma ýylanyñ ozal-ebedinde zandyna guýlan bilesigelijilik ölüm howpun-dan-da ökde çykdy, şonuñ üçinem az salymdan daşky jaýda onuñ diñe jontuk guýrugy galdy, göwresi suwlunyp, jenap ýoldaş Prezi-dentiñ ýatýan jaýyna süýşenekläp girdi, şonda onuñ gözleriniñ so-wuk sary jübti nämeleri gördi! Larin bilen jenap ýoldaş Prezident, hamana, bu wagt gijäniñ birmahaly däl-de, eýsem gündüziñ günorta-ny ýaly garşyma-garşy oturyp, ýurduñ syýasy kartasynyñ üstünde pully humar oýnap otyrdylar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ tirseginiñ aşagynda galan ýeriñ ölçeginden çen tutup, ýylan ýurduñ ýagdaýy-nyñ gowy däldigini añşyrdy, dünýä ýagtylýança, megerem, jenap ýoldaş Prezidentiñ şahsy güýmenjesi – garaşsyzlygy çaga oýnawajy dek elinden gitse gerek? Ýylan onuñ üçin tenini gyzdyrmaz, ýöne bu söwdanyñ gynançly ýeri – çölde ýene-de çüýşe döwügiñ, zir-zibiliñ artjagy. Ýurdy gul dolandyrsa, ýykgynçylyk üçin kimden hasabat sorajak? Guldanmy ýa-da gul eýesinden? Iñ bärkisi ýönekeýje düş-nükliligiñ hatyrasyna ýylanyñ häzir jenap ýoldaş Prezidenti goldasy geldi, derrew oña kömege ýetişjekdem, emma nädip onuñ ugrundan gopmalydygyny biljek? Aslynda onuñ ugry barmy? Jenap ýoldaş 368
Prezident gijeki humary diñe Larin bilen oýnaýar, Lariniñ-de bu oýna özünden başga adam ogluny goşmajagy aýdyñ, ýöne Kepjebaşy näderkä?
Ýylan öz janyny gul-gula salýandygyny bilse-de, indi iş-işden geçipdi, ol jenap ýoldaş Prezident bilen Lariniñ arasynda oýnalýan oýna goşulmagy ýüregine düwdi, ony bu wagt indi hiç kim, hiç zat ýolundan gaýtaryp biljek däldi. Ol aslynda adamlaryñ arasyna nä-müçin geldi: bu oýna goşulmak üçin dälmi? Adamlaryñ birine öw-rülmek üçin dälmi? Oýna girmezden, nädip olary öz oýnunda utjak? Gyzza-gyzza gelende janyny humara goýmajak bolsa, onda nämüçin ol çöli taşlap gaýtdy, munça görgüleri gördi? Eýsem bu ýolda ol ýaman işleriñ haýsy birinden gaýtdy? Olaryñ içinde gulagy eşidende, entekler adamlaryñ inini tikenekletjegi az däldir, birnäçesini nämüçin edendigine onuñ özi-de düşünip bilenok: gabadyna geldi – etdi, ol nä kimdir birine hasabat okamalymy? Häzir ol iki öwrüm bärde adam sypatyna girip, içki jaýda ýurduñ syýasy kartasynyñ üstünde humar oýnap oturan jenap ýoldaş Prezident bilen Lariniñ üstünden barar. Tötänden. ”Ukym tutmady, sizi göresim geldi” diýen bor, olar muña jinnek ýaly-da ynanmazlar, ýöne kowmazlaram. Nähili aýylganç pursat... Eýsem okumyş ýylanyñ ömri şeýle paýawlamalymy? Eýsem onuñ özi başgalaryñ janyny almak üçin ýaradylan dälmidir? Ýöne edil häzir ol awça däl-de, eýsem awa, jellada däl-de, pida has ýakyn. Elbetde, bu rehimsiz duşmanlary ony duran ýerinde tike-tike edäýmezler, ýok, Köşgüñ içinde gan-kok göresleri gelmez, ýöne Taryh muzeýi näme işleýär?! Elleri orta asyrlarda ýasalan gödeñsi, posly demir gysaçly ýigitleriñ eline düşeni aman sypdyrmajagy gör-nüp duranokmy näme? Adamynyñ gutulmadyk belasyndan ýylanyñ gutulybiljegine onuñ indi gümany güýçli. Ýylan öz pikirine özi haýran galyp, badyny haýallatdy... ”Adamynyñ gutulmadyk belasyn-dan ýylana-da gutulmak ýok...” Nämüçin bu pikir oña çölde erkana gezip ýörkä gelmändir? Ýerlikli pikir, arman, entek onuñ dogrudygy, nädogrydygy anyk däl, haýsy-da bolanda, subuda mätäç. Ýeriñ ýü-zünde adam tohumynyñ tükenenini görmän, nädip belli bir netijä geljek? Adamlar bilen jandarlar dünýäden bir wagtda göterilseler niçik bor? Ýok! ýok! Beýle däl, beýle bolmagy mümkin däl! Ada-mynyñ rysgy aýry, emeli, onuñ ýoly çäkli, onuñ gitse-gelmeze barýany görnüp dur, muny onuñ özi-de her kesçe bilýär, jandaryñ
369
rysgy – tebigatyñ rysgy, onda nämüçin men häzir Larin bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ üstünden barýan: ajalyma howlugýanmy? Bu meniñ kyrk ýyllyk okuwumyñ iñ soñky sapagymy? Ýylanyñ näçe diýseñ içini hümledýändigi onuñ alkymynyñ ýaýrap barşyndan belli-di, belki, ol gizligin ýigrenç bilen gülümsirändirem? Bir zat welin belli: ol öz ölümine ynanarly däl, ähli janly-jandarlardaky ýaly oku-myş ýylanda-da öz ölümiñe ynanmazlyk duýgusy bar zatdan güýçli. Belki-de, hut şonuñ üçindir, ol barmaly ýerine ýetmänkä bir silkinä-ge-de, adam sypatyna girdi-de, öz ömrüniñ iñ gorkuly öwrüminden öwrüldi...
Selçeñ saçlaryny sypalap, ýylgyrjaklap golaý gelen Baş oba müdü-rini görenlerinde dyzynyñ üstünde ýatan akja guzujygy sypalap otu-ran gara saçly jenap ýoldaş Prezident bilen Larin asyl geñ galmaly-dyram öýtmediler, hamana, öñden oña sabyrsyz garaşyp oturan ýaly, biri biriniñ ýüzüne täsin ýylgyryşdylar-da, bu ýagdaýdan özleriniñ örän hoşaldygyny sessiz-üýnsüz añdyrdylar, emma daşlaryndan we-lin oña iñ bärkisi: ”Gelen ýagşy!” diýäýseler nädersiñ! Dogrusy, Kepjebaşyñ özüniñ-de az-küş tolgunan bolmagy ahmaldyr, çünki ne şol wagt, ne-de soñ – jany gul-gula düşende, ol özüniñ humarbazlara: ”Giç ýagşy!” diýenini-diýmänini teý ýadyna salyp bilmedi. Onuñ ilki bilen gözüne ilen zat – jenap ýoldaş Prezidentiñ saçynyñ gün-günden garalýandygy boldy: eýsem bu ýurtda wagt öñe ýöreýärmi ýa-da yza? Bularyñ ymgyr gije, hamana gündüziñ günortany dek kart oýnap oturmaklary nämäniñ alamaty? Belki bu ýurduñ ykbalynyñ humara goýlandygynyñ subutnamasydyr?
Köşk eýeleri azajyk süýşüp, oña öz aralaryndan ýer berdiler. Onuñ burçda goýlan uzyn gara sandykdyr öýdeni bolsa, ýakynlaşanda, egni harby lybasly, eli egri gylyçly general-leýtenant çinli Kakabaý Gara-söýmez bolup çykdy. Bu demde okumyş ýylan öz gedemliginiñ gur-bany bolaýan bolmagynyñ ahmaldygyny, bu adamlaryñ öz çakyndan ýokardan gelýändigini iş-işden geçensoñ boýun alman bilmedi, ýöne, haýp, indi giçdi!
Oýny täzelemek üçin jenap ýoldaş Prezident elini uran ýerinden ellenmedik gaply kart dessesini aldy. Larin gardy. Onsoñ oýun baş-landy. Bu Baş oba müdüriniñ öñde-soñda gören oýunlaryna meñzeş däldi, adamlaryñ arasynda humarly oýunlaryñ alyna düşýänleriñ kändigini eşitse-de, ol entek akyl ýeterden uly gymmatlyklar, mese-
370
lem, haýsydyr bir ýurt humara düşüp biler öýdenokdy. Bu güne de-ñeç ol öz oýnuny oýnap, onuñ düzgünlerini garşydaşynyñ boýnun-dan dakmagyñ tärini gözlän bolsa, ynha, indi iñ bir adaty oýunça öwrülip, kesekiniñ oýnuna girmelidi.
Humara başy bilen çümýänçä Baş oba müdiri bu oýun artykmaç zehin, batyrgaýlyk, hemmesinden beteri-de hile-al, elhenç içigaraçy-lygy talap edýändir öýdüp, ýatsa-tursa düýşüne-de girmändi, emma görüp otursa, entekler onuñ bu dünýäde almaly sapagy kän ekeni. Bu gezek Larin utdy, onsoñ bu giñişlikdäki daşary ýurt pullarynyñ ep-eslisi onuñ öñüne süýşdi, ýurduñ syýasy kartasynyñ üstüne Larinden ýaýrap gaýdýan gyzyl reñk bolsa, jenap ýoldaş Prezidente garşy süýşdi; kellesi oýna gyzansoñ ol Baş oba müdüriniñ ýüzüne-de se-retmän:
– Ýene bir el otur... – diýip, ol utugyny yzyna almak üçin ellerini owkalap, oýna şüweleñ berdi.
Kart garylyp, öñküsi deýin iki adama paýlandy jenap ýoldaş Prezi-dent öz üstüne düşýän göze ilmeýän agramdan ýaña bu gezek ýagyr-nysyna deñeç şorlady, ýöne utdy. Onsoñ ýurduñ syýasy kartasynyñ üstünde gyzyl reñk azalyp, ýaşyl reñkiñ meýdany artdy. Ýylan kar-tanyñ diñe bir reñkiniñ özgermän, eýsem oýna görä, onuñ üstünde haýsydyr bir abberwiaturalaryñ-da görnüp gidýändigini saýgardy, kartada: birde SSSR, birde SNG, ýene bir gezekde Ewraziýa diýen ýazgy görünse, arasynda özbaşdak ýurduñ-da ady ýyldyrap gidýärdi.
Ahyrsoñy ýylany oýna saldylar. Bu gezek karty jenap ýoldaş Prezi-dent gardy. Ýylan garşydaşlaryndan arassa oýna garaşmansoñ, der-rew pirime ýatdy: olaryñ elini gördi, görşi ýaly-da, elheder alyp, ini dyglady, onuñ eli ikisiniñkiden-de pesdi. Oýun başlandy... Ýylan öz garşydaşlarynyñ diliniñ birdigini başdan añsa-da, dil ýaryp bilmedi, ýöne basym iki adamynyñ göçümi deñ gelip, ony alarladyp ugrady-lar, onuñ ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşdy; garşydaşlary sessiz düşü-nişip süründiler gitdiler oturdylar; ýylan elini düzetjek bolup şunça jan çekse-de, bolmady, döwi deñ gelmese nädersiñ?! Iki humarbaz onuñ eliniñ içini üzdüler-de, ha-ha-haýlaşdylar; indikide karty özü-niñ garjakdygyna bil baglan ýylanyñ örüsi azajyk giñedi, ol hatda täze başlanjak oýundan öñünden lezzet almakdan ýaña birneme al-kymynyñ çişenini-de duýman galdy; Larin bilen jenap ýoldaş Prezi-dent çilim otlandylar, guzujyk tussäni halamdy, mälejek boldy; soñra
371
ýene-de kart, garylyp, paýlandy, ýylanyñ eli erbet gelmedi, bu gezek ol utduran pullaryny yzyna aljagyny öñünden syzdy. Aldy. Emma onuñ bu şatlygy uzaga çekmedi, sähelçe salymlyk daş çykan Larin gaýdyp gelen badyna oýun täzelendi, jenap ýoldaş Prezident çuñ pikire batdy, ortadaky puluñ goýumyny ýüz esse köpeltdiler, Larin muny sessiz-üýnsüz oñlady; ýylan hyrçyny dişläp, adamlaryñ ara-synda gazanan ähli puluny ortada goýmaly boldy, edil şol pursatda onuñ göwnüne bolmasa, jenap ýoldaş Prezident kinaýaly ýylgyran ýaly etdi, Baş oba müdiri öz gurak gözlerine ynanman, muny ýöne bir göwnüne gelen hadysadyr öýdüp çaklady, eline seretdi – hiç zat ýok! Şol wagt telefon jyññyrdady, jenap ýoldaş Prezident guzujygy generalyna berip, özi trubkany aldy:
– Munça bolsa oñat! – diýip, jenap ýoldaş Prezident general-leýtenant Kakabaý Garasöýmeziñ elinden telefon trubkasyny alyp, ony egni bilen gulagynyñ arasyna gysdyrdy; añyrdan gepleýäni my-laýymlyk bilen habarly etdi: – Hemmesi plana görä, tolgunasy iş ýok, gözüñ awusyny aljak bol. Ýok, ýok, bu wagt seniñ bize näme kömegiñ degsin? Arkaýyn bol, özümiz bir alaç ederis. – ol elindäki kartlaryny dörüşdirip oturyşyna: – Hojam Şükür salam aýdýar, ”ýa-typ bilemok” diýýär, ”derman ataý!” diýdim, nädipdirin? – diýip, Larine gözüni gypdy.
– Oñarypsyñ, ony edäýmelisi-de şoldur – Larinem kartlaryny saýhallady. – Salamyny yzyna gaýtar!
– Lariniñem diýýäni şol, köpsalam, hoş onda!.. – trubkany general-leýtenantyñ eline berip, jenap ýoldaş Prezident eşidiler-eşidilmez hüñürdedi: – Diýmäýin diýsem, öwladyñ maly ýaly, şu-da ýaşab-a bildi! Tal Taganyñ janyna berekella!
Ýylanyñ biline urlana döndi saññyldady, sowuk teni gowşady, ol özüniñ gurulgy duzaga düşendigini güman etdi, beýle ejiz el bilen ol indi nädip bu oýundan baş alyp çykar? Ol bu jaýda öz piriminiñ pes gelýändigine düşündi, ýöne sebäbini bilip bilmedi, ýaýdandy, muny Köşgüñ howasyndan görjek boldy; soñam öz-özüne kinaýa etdi: ”Ýa demrinden, ýa kömründen...” diýleni-dä.
Oýunçylaryñ kellesi gyzana meñzedi, kimdir biri arasynda ýalñy-şypmy ýa-da ýöriteläp, ýylanyñ aýagyny basdy, şonda ol tebigy en-digine görä, göz açyp-ýumasy tizlikde alkymyny ýasy-ýaýman çişir-di we özüni göze görünmeýän garañky çukura ýene-de bir ädim go-
372
laýlatdy; oýun has gyzyşanda, ýylan durup bilmän, ýañadandan pi-rime ýatdy, bir seretse, jenap ýoldaş Prezidentiñ elinde eýýäm üç tuz jemlenipdir, Lariniñ elinde-de üç korol, olar şonuñ üçinem oýny guduzladyp ugradylar. Owsunjy başyny gahara aldyran ýylan nädip utulanyny bilmän galdy, Lariniñ ýañky daş çykyp gelmesiniñ ýöne ýere däldigini, ol indi añdy, dawa etmegiñ ýeri gelendigini-de bildi, ýöne bu taýda kimi arka tutunjak? Onsoñ ol zyrrajym utulandygyny boýun alyp, iki elini galdyrdy, ýüzüni sallady.
Ana, şonda jenap ýoldaş Prezident:
– Sen bize bergili – diýip, çilimini çeýnäp, onuñ ykbalyny kesgit-leýiji äheñde loh-loh güldi.
– Kime? – Baş oba müdiri ýakymsyz geñ galmakdan ýaña uşajyk saññyldady.
– Bize... – Larin sözüne aýratyn ähmiýet berip, ynjyk gaýtalady. – Näme düşünmediksireýäñ? Jenap ýoldaş Prezident saña düşnükli aýtdy: bize!
Baş oba müdiri aljyrady, ol, näderini bilmän, bilbiliñ ketegine dö-nen jübülerini gezekli-gezegine janserek sermeşdirdi.
– Içigara... öýe ýetip gaýtmasam hezil bermez, rugsatmydyr?
Larindir jenap ýoldaş Prezident haýal etmän biri biriniñ ýüzüne seredişip, köpmanyly ümleşdiler. Onsoñ Larin olaryñ gelen netijesini beýan etdi:
– Ýok. Sen öz janyñy orta goýarsyñ! Seniñ biziñ bilmeýän zatlary-myzdan habarlydygyñy bilmeýändir öýtme, şonuñ üçin-de biz seni bu ýerden butnadyp biljek däl. Belki, seniñ maksadyñ ilkibaşdan-da bize gulluk etmek däldir? Belki, seniñ ýüregiñde her dürli pislikler küdelenip ýatandyr?! Seniñ haýyn bolmagyñ ahmal, asyl biz saña haýyn diýjek. Sen haýyn! Jenap ýoldaş Prezidentiñ yzyny añtarça sen kim bolupsyñ?!
Bu başlanan gyzgyn sene-menä, hamana, o diýen bir ünsem ber-meýän sypatda şerap süzmäge başlan jenap ýoldaş Prezident ”dalaber!” diýen äheñde göwnühoş güldi.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ halkara abraýynyñ günsaýyn artýan, mukaddes garaşsyzlygynyñ elhenç şöhratlanyp, äleme şugla saçýan wagtynda sen tetelliler onuñ aýagyna çolaşmakçymy?
Ýylan adam sypatynda iñ soñky gezek özüni aklamaga synanyşdy.
– Men... men... me...
373
Emma:
– Gap sesiñi! – diýen haýbat Baş oba müdürini bir demde lak etdi.
Jenap ýoldaş Prezidentiñ çekip oturan çiliminiñ küli köýneginiñ ýakasyna gaçdy. Ol muña ýene-de ”loh-loh” güldi. Ýöne nämüçindir Lariniñ gülküsi tutmady, gaýta ol gülküniñ çykan tarapyna gyýa garady. Şonda ýurt eýesi ýakasyndaky mawy küli kakyşdyryp, Baş oba müdüriniñ alkymyna dykylyp geldi, ony gyssady.
– Senmi meniñ emelimi elimden aljak?! Seniñ tutan guşuñy birçak ütüp goýandyryn, ojagaz ýylan öwrümleriñ bilinmeýändir öýtmegin! Muny men Larine wagtynda duýduryp ýetişdim, ýogsam, gör, ol men barada näme pikir ederdi?! Seniñ niýetiñ meni aññalak gapdyr-makdyr, suwlunyp goltugyma giren bolup, ahmallykda kebzämden çakmakdyr! Şeýlemi?! Emma Larin indi saña belet bolandyr, sen ahmal galdyñ, uzyn möjek, teletin, gaýyş!
Baş oba müdiri özge çykalga görmän, janyny gutarmak üçin gapa garşy okduryldy. Köşkden gaçyp çykanda, ol: ”Atdaş” firmasyndan söýgüli jenap ýoldaş Prezidente”, ”Ýagşylyklar” firmasyndan jenap ýoldaş Prezidente säher gülleri” diýen ýazgyly gül desselerini gujak-laşyp, bu ýere il örmänkä bukdaklaşyp ýetip gelen pes boýly, kellesi ýylçyr, togalajyk we onuñ ýanyndaky ýüzi ýasy daýaw kişi bilen tas süsüşipdi. Bulary ozal nirede görenini ýatlajak bolup, ol bir dem eglendi. Larindir jenap ýoldaş Prezidentiñ öz generaly bilen yzyndan atylyp çykanlaryny görübem, ol äpet Kepjebaşa öwrülip ümdüzine tutdurdy, emma, arman, dem salym egleneni oña gymmat düşdi – ol kowguçylara atymyny berdi...
Jenap ýoldaş Prezident onuñ yzyndan zemzen bolup kowdy, Köş-güñ daşyndaky bagyñ içinde zemzen Kepjebaşyñ yzyndan ýetdi, ikisi garpyşdylar; Kepjebaş birnäçe gezek Zemzen-hojaýyny çakyp ýetişdi, ýöne ol, çakylansoñ, az salym yranyp durýardy-da, ýene aýak üstüne galyp, agzyny hatap ýaly açýardy we Kepjebaşyñ üstüne topulýardy, bular uzak gidişdiler, ahyrsoñunda Zemzen-hojaýyn asgynlady. Kepjebaşyñ üstüne ölüm gorkusy edil şonda abandy, ol ahmal galdy, ýogsam Zemzen-hojaýyn bilen aldym-berdimli urşa giren dessine Lariniñ nirädir gürüm-jürüm bolandygyny ol bilmelidi. Ine, indi Larin onuñ arkasynda peýda boldy. Muny duýan Kepjeba-şyñ sowuk teni elhenç titredi: Kişmir!
374
Kepjebaş her zat etse-de, şondan soñ uzyn aýakly, togalak kelleli möjege öwrülen Larin oña birjik-de sypalga goýmady, elhenç haýal-lyk bilen öñe süýşmegini dowam etdi; ýylan öz işiniñ gaýdandygyny bildi, ol indi her näçe urunsa-da, çabalansa-da ýürekbulanç Kişmir öz barmaly ýerine – ýylanyñ iki garagyna barar, depesinden abanyp, onuñ gözlerine ýeter, ony indi hiç bir güýç öz ýolundan gaýtaryp bilmez. Ownuk ýyrtyjylaryñ içinden saýlanan Kişmir ata-baba ýörel-gesine eýerip, garşydaşynyñ aman-zamanyny bermän, janhowluna urunýan ýylanyñ gözlerini elhenç lezzet bilen çomup iýmäge giriş-di...
Kepjebaş öz gözleriniñ ýakymsyz kitirdisini urnuplar, alaçsyz diñ-ledi. Edil şol wagt niredendir bir ýerden uçup gelen äpet gara ýarga-nat onuñ üstüne dik ýokardan jagyrdap gaýtdy. Gele-gelmäşe-de, ýiti dyrnaklaryny çümdürip, ýylanyñ ter etinden gopardy, gaýtadan bat bilen inmek üçin ýene ýokary göterildi. Ýylan sessiz ah çekdi, ol Garasöýmez ýarganady tanady. Yzysüre bu ýere däbşenekläp gelen tüýi buýraja akja guzujyk onuñ üstaşyry göge towusdy-da, aşaklygy-na ownujak ak möjege öwrülip syrady, onsoñ olar onuñ ýaraty gözü-ne, endamyndaky awaýan ýerlerine örç etdiler. Ak möjejikler tüke-niksizdi, irginsizdi, iýijidi. Olaryñ öz tenindäki ýaralaryna, gözlerine hüjüm edişinden elheder alan Kepjebaşyñ Derwüş babanyñ belaly ak sakgaly ýadyna düşdi.
Bu wagt ýylanyñ gözleriniñ ak ýagyndan göwnüni hoşlan Kişmir ony ownuk mör-möjeklere çekelemäge goýup, atan-satan ýöräp, Zemzen-hojaýynyñ yzyndan ýetdi. Emma onuñ bilen gapdallaşyp ýöremek oña mundan soñ uzak miýesser etmedi, ýeñişden gylaw alan we tulum ýaly çişen Zemzen-hojaýyn bir aýlawda guýrugyny tarpyldadanda, Kişmir honda zyñlyp düşdi. Muña gahar edip, gaýta-dan yzyndan ýetip, bardygyny bildirmek üçin Zemzen-hojaýynyñ guýrugyndan agyz salanda, ol bu irginsiz goşanç möjegi guýrugy bilen ýañadandan bir kakyp goýberdi welin, Kişmir garagörnüm ýere tozalanyp gitdi. Bu gezek onuñ ölmese-de, ölümligini tutandygyny, iñ bärkisi indi gaýdyp adam sypatyna girip bilmejegini Kepjebaş añlady. Zemzen-hojaýyn welin, göýä hiç zat bolmadyk ýaly yzyna-da garaman, abşanaklap, añrylygyna ýoluny dowam ediberdi. Otuñ-çöpüñ içinde urnup ýatyşyna Kepjebaş onuñ ýarganat-Kakabaý Ga-rasöýmezi yzyna tirkäp, Köşge sümlüp barşyny, töweregini çala
375
saýgarýan ýaraty gözleri bilen synlap, ah çekdi. Ol özüniñ adamlaryñ arasynda gutulgysyz şowsuzlyga uçrandygyny boýun almaly boldy, hopugyp, asmana ýüzüni öwürdi; şonda öz depesinden ýerläp uçup barýan guşjagazy saýgardy. Onýança-da guşjagaz onuñ üstüne çüñ-kündäki akja ýaglygyny gaçyrdy welin, ýylanyñ teni ýiti awuşap ugrady; ol ýaglygy-da, onuñ eýesini-de tanady – Abat!
Onsoñ Kepjebaş diri galmak üçin soñky güýjüni jemläp, çabalandy, ysgynsyz diliniñ haçjasyny töwerek-daşyna somlady, adamlaryñ dünýäsini olaryñ özlerine goýup, bu ýerden baş alyp çykmagyñ ýo-luny agtardy, iñ soñky deminde aşsa-da, dadyna ýetişjek harlanan guba çägeleri ýatlap, öñe ümzük atdy, towlandy.
Köşgüñ aýnasyndan bolsa bu wagt biwagt gygyran horazy ýat-ladýan adam sesi belent ýañlanýardy:
Gözüñ aýdyñ, uly ilim, oba-kent!
Sen ýatyber, goragyñda elmydam,
Gahrymanyñ – jenap ýoldaş Prezident!
376
-
aysyzgije
13 years ago
- Ak Welsapar, türkmen ýazyjysy
1956 ýylda Türkmenistanda doguldy.
1973 ýylda türkmen mekdebini,
1979 ýylda Moskva Döwlet Universitetiniñ jurnalistika fakultetini,
1989 ýylda Moskvanyñ Edebiýat institutynyñ Ýokary edebiýat kurs-laryny bitirdi.
1979-85 ýyllarda Türkmen televideniýesinde redaktor,
1985-86 ýyllarda ”Magaryf” neshirýatynda uly redaktor,
1986-87 ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyñ rus dilindäki ”Aşhabad” jurnalynyñ proza we publisistika bölüminiñ müdiri.
1982 ýyldan SSSR Jurnalistler guramasynyñ,
1987 ýyldan SSSR Ýazyjylar guramasynyñ agzasy.
”Kepjebaş” romany ýazyjynyñ onunjy kitabydyr. Belli eserleri: ”Gawunkelle”, ”Ahal aýak ýeterde”, ”Böwsülen tümlük”, ”Egri gy-lyç”, ”Tilkiler tiresiniñ ary”, ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy”, ”Halkyñ haky” we beýlekiler.
Türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ agyr ýagdaýy, pagtanyñ mono-kulturasy, ýurtdaky kommunistik diktatura garshy makalalary, söz, metbugat, demokratik azatlyklar we adam hukuklary ugrundaky çy-kyshlary sebäpli 1993 ýylyñ 25-nji awgustynda Türkmenistan Ýazy-jylar we Jurnalistler guramalaryndan çykaryldy. Resmi häkimiýetle-riñ uzak yzarlamalaryndan, ýanamalaryndan soñra ýurdy terk etmäge mejbur boldy.
Sweden Ýazyjylar guramasynyñ agzasy, şeýle-de Ýazyjylaryñ Hal-kara Pen-klubynyñ hormatly agzasy. Erkin döredijiligi üçin Halkara amerikan grantyna we Sweden Ýazyjylar guramasynyñ edebi stipen-diýalaryna birnäçe gezek mynasyp boldy.
aysyzgije 13 years ago- Huwwa, körpe, huwlanar,
Suwda balyk köwlener.
Balyk diýip tutanmyz,
Ýylan bolup, towlanar... Hüwdi
BIRINJI BÖLÜM
1. Anna agşamy
Anna agşamy gonamçylygyñ ýanyndan geçenden Kakabaý Gara-söýmeze arkasy bilen gara daş çekeni has ynjalykly, onda-da ol ja-nyny gul-gula salmasa oñanok; ýogsam ýandakdyr-gyzgana, gamyş-dyr-hyşa basyrylyp, diñşirgenip ýatan geriş-geriş köne tümmekleri görende, her gezek injikleri tibirdäp, ýasy mañlaýynyñ epinlerine gara der inýär. Gonamçylygyñ hem gara güýçleriñ öñündäki bu düş-nüksiz howsalany bu illerde entek beýnisi bekemedik çagalar ýaş başyndan ene süýdi bilen bile emýärler, onsoñ ony dep edip biljek güýç ymmatda ýok, niçeme döwürden bäri onuñ arkaba-arka geçip gelýänini aýdyp biljek-de...
Kim bilýär haçandygyny, ýöne ir wagtlarda, entek adamlaryñ gaýraty häzirkisinden has känkä bu ýurtda çola obalaryñ birinde gijäniñ ýarynda gyzgyn jedel tutaşypdyr. Ganygyzgyn adamlar saçak başynda biri birinden batyr gürrüñ edipdirler. Içinde biri has-da ba-tyrlyk satypdyr: ”Men edil şu ýerden ýeke özüm öwlüýä baryp gele-rin!” diýip, ol töweregindäkilere gözlerini alardypdyr. Oturanlar onuñ gözsüz-batyrlygyndan heder edip, ilki çökder haýalçyrapdyrlar, soñra-da özlerine gelip, onuñ eline gol boýy aksaplyny tutdurypdyr-lar: ”Şuny gonamçylygyñ ortasyndaky köne gabra dikip gaýtsañ, erkekdigiñi bileli!”
Beýle töwekgellige bu illerde özünden özge döwtalabyñ tapylmaja-gyna gözi ýetik dyzmaç kişi oturanlaryñ üstaşyry ”ha-ha-haýlap” gülüpdir-de, gözedürtme gijelikde gös-göni gonamçylyga garşy gi-dipdir. Elbetde, oba bilen gabrystanyñ tapawudy uly, garañkynyñ içinde birki gezek köne tümmege büdränsoñ bady haýallap, injigi buza dönen kişiniñ ýolugra batyrlygyndan kän egsilipdir, ýöne onda-
3
da yzyna gaýtman, ol tekepbirlik bilen öñe gidipdir. Diýlen ýere ýetende welin, gabra göni seretmäge bogny ysman, pyçagy gaty tümmegiñ gerşine ýüzugra sanjyp, yzyna öwrülmekçi bolupdyr. Muny halamadyk ýaly köne gabyr birdenkä onuñ donunyñ synyndan çalyp tutupdyr. Şol ýerde-de oba batyrynyñ takga jany çykypdyr. Uzyn gijäni oña biderek garaşyp geçiren ülpetleri dañ atyp, töwerek ýagtylanda, sürrekleşip gonamçylyga gidipdirler. Baryp görseler, ile belli garadangaýtmaz kişi köne gabry bagyrtlap ölüp ýatanmyş. Gol-boýy aksaply-da, donunyñ synyndan mazara boýa-boý dikilgi diýýär...
Bu hekaýata ynanan ynanar, ynanmadygyñ öz işi. Ýöne bu illerde gabrystanlygyñ üstünden ýoly düşen hergiz Tañrynyñ Güni batman-ka ol ýerden garasyny saýlamak bilen. Çarwa obasynda oturýan Ka-kabaý Garasöýmezi ol adamlara goşsañ-da boljak, goşmasañ-da, onuñ bolşy tapawutly: öwlüýäden gorkýanyny-da bilip bolanok, gorkmaýanyny-da, ýöne küýli ýaly gonamçylygyñ töwereginde süm-sünip ýörmesini welin goýanok. Belki, onuñ ”Garasöýmez” lakamy-ny almagynyñ düýp sebäbi-de şundadyr? Adamlar bilen ümmüldeş-mesi ýok, ömür ýeke. Ýogsam nä, öwlüýä bilen ysnyşanyñam, heý, jemende bilen hüýi alşarmy?
Onuñ atasynyn ady – Gara, öz gümbaşlygy, iliñ toýuna-ýasyna görünmeýänligi üçin-de yzyna “söýmez” lakamyny ýabşyrypdyrlar welin, edil ýöne jüpüne düşüp duruberipdir – bagra ýapyşan dalagyñ barda! Ana, Kakabaý Garasöýmez, iliñ tersine, her anna agşamy Gyzganly öwlüýäniñ ýanyndan geçýär; islese-de geçýär, islemese-de; dogrusy, ol nämedir bir zady üýtgetjek bolýana-da meñzänok, hamana bolmalysy şeýle ýaly, biwagt-näwagt diýmän, öz yrsgalyny iliñ üýşenýän ýerinden agtaryp ýör. Ýogsam, Gyzganlynyñ deñesin-den ýolunyñ ömür biwagt düşmesi onuñ özüne geñ dälmidir? Ýöne bu ýerde nähilidir bir alaçsyzlyk bar bolmagy-da ahmal: içiñi ýa-kaýyn diýen ýaly, bu ýerden ol, nätse-de, şondan irem geçip bilenok, gijem – hergiz agşam uçuryna galýar. Içden-daşdan aýak ýygnanyp, dünýä syrly imi-salalyk aralaşan wagtyna...
Munuñ oñly gutarmajagyny onuñ özem añman duran däldir, ýöne obada-da: ”Garasöýmez iru-giç bir bela-beteriñ üstünden barar...” diýýärdiler. Adamlar hiç haçan bilmän bir zat aýtmazlar. Anna ag-şamy ölüleriñ öz görlerinden çykyp, töwerege ýaýraýandyklary ba-
4
radaky gürrüñ oña ynanmazlyk ederden has köne. Anna agşamyna “öliniñ-diriniñ azat güni” diýilmegi ýöne ýerdenmidir?
Emma olam edil şol ”kelte bazara” üýşülýän güne gabat gelýär. Kakabaý Garasöýmezem gar ýagsyn, buz doñsun, yrman, oña ýetip gaýdaýmaly. Onsuz onuñky bolanok. Ýogsam, henize bu güne deñeç onuñ ”kelte bazardan” sürläp goýun getirenini ýa-da bolmasa, o ýere sürüli goýun äkidenini gören adam bu töwerekde ýok; onuñ sakgalla-ry döşüne düşüp duran bakgallaryñ hataryna goşulyp, zat satyp otu-ranyny-da gören ýok. Ýöne gyzan bazarda nyrhy soralmaýan, nähili-dir bir düşnüksiz harytlary bahaladyp duranynyñ, käte-de özüniñ gelene-geçene assyrynlyk bilen şonuñ ýaly bigadyr zatlary satjak bolup oturanynyñ üstünden baranlar bar. Oña-da ynanan-a ynanýar, ynanmadygam kibtini gysyp oñaýýar. Obaçylyk. Hany bu zatlaryñ yzyny derñäp ýören?
Onsoñ ol bazardan gelip, eline bir kesemen çöregi alar-da, eşegine atlanyp ota gider. Endik-dä. Kän ýylyñ endigi. Gidýän ýerem bäri-bäri däldir, şo-ol aşaky gumuñ etegi, “itiñ ölen ýeri”. Gidişin-gaýdyşyn Gyzganly öwlüýäniñ ýanyndan geçmeli. Gidişin-ä ýol – ýagtylyk, gaýdyşynam – garañkylyk. Maly köpelip, eşegini araba goşup başlaly bäri-hä ol indi has-da gijä galýar. Onuñ geçýän ýoluny ýeke geçmek añsat däl, ýöne ýeke gitmejek bolsañ, yzyña ýoldaşlyk otçy tirkemeli, onam Kakabaý Garasöýmez ömür etjekmi? Iliñ aýa-gynyñ ýetmeýän, çet, gizlençek ýerindäki haşyrdap ýatan otlugy: semzegi, peçegi, suwotyny kimdir birine görkezenden, ol janyny gul-gula salanyny müñ paý gowy görer. Her gezek bu taýdan biwagt çagy geçende, janynda jan galanok, ölüp-dirilýär, emma amana-da geläýenok. Indiki anna agşamy, hamana, hiç zat bolmadyk ýaly, onuñ ýoly ýene-de Gyzganlynyñ üstünden düşýär. Gyzganlynyñam ir wagtlardan bäri bu etraplarda gürrüñi ýetik, özem gorkunçdan-gorkunjy bar. Käbirini dagyn eşideniñde, iniñ tikenekläp gidenini duýman galýarsyñ, Gün ýaşyp, iñrik garalansoñ, öýden daşaryk aýa-gyñy sekesiñ gelenok.
Munuñ derdini Kakabaý Garasöýmeziñ özünden bilseñ, owaldan gulagy gangyn bolany üçin ol dyrnakman gyzganlara basyrynyp ýatan tümmeklere golaýlanda, edil ysytma tutýan ýaly saññylda-berýär. Ine, häzirem onuñ töwerek-daşy gözedürtme garañkylyk, iñlär siñek ýok. Bar, ýöne siñek däl, olaryñ niçiksi jandardygy düş-
5
nüksiz: jürrüldi, çyrryldy, uwwuldy; şagallar miwleýän ýaly, çöp-çalamlar şagyrdaşýan ýaly, töwerek-daş şübheli, ýakymsyz seslerden doly. Hüýt gara gijäniñ içinde garasöýmez Kakabaýyñ iñ ýakyn hos-sary – çal eşegi. Ol şony gyssaýar:
– Hyh! Hyh! Haram ölmüş!
Eşek diýeniñ onuñ üçin howlugyp durmy? Göwni bir ýaly. Arabany öñküsinden çaltam çekenok, haýalam, mytdyldap baraýar, eşek näme adam dälmi? Olam ýadaýar, suwsaýar. Ýamanalgyly ýaly üstüñe bassalar nätjek basybilen otlaryny! Kakabaý Garasöýmez-dä. Oba oña belet, çal eşegem. Ýöne oba onuñ otuny çekenok, çal eşek çekýär; eý, Tañry, çal eşegiñem beýle gara mañlaýlysy boljak ekeni! Araba otdan mas ýüklengi, üstünde-de Kakabaý Garasöýmez, onuñ ýeke özem aç eşege ýük: süñkbaşy iri, ýüzi ýasy, çekgeleri somaly-şyp çykyşyp duran, gözleri gyýkmakdan dar, eginlek, erinlek, hünni gara bir kişi; ýapbyldabam ýöreýär, kellesem gyşyn-ýazyn telpekli. Nämüçin ol hebeşi bolup dogulmandyr, Hudaý bilýär! Onda-da ka-kasynyñ adynyñ dagyn gabat gelşine seret – Gara. Onuñ asyl häsiýe-tini añlatmak üçin obadaşlaryna ýekeje söz gerek bolupdyr, olaram ony tapypdyrlar: aýrara, goşara zat galmandyr. Iliñ ýagşysyna-ýamanyna ýaramasañ, saña ýogsa başga näme at daksynlar? Onsoñ onuñ ogullary öýlenip, gyzlary wagtynda äre çykyp bilmän, dulunda garraşyp otyrlar. Bu öýde edil jadygöýler ýaşaýan ýaly il-gün olaryñ gapysyny açmaga-da heder edýär. Hamana, haýsydyr bir ýakymsyz syryñ bardygy öñden belli ýaly...
Ýöne oba onuñ bu geñ gylygyna öwrenişen: eýsem Garasöýmezden onuñ garasöýmezligini kim gaty görsün? Gaýta duýdansyz ýerden toýuñ ýa ýasyñ gyrasynda görnäýse, şonda adamlar iñkise gidýärler: eýgiligemikä? nämüçin geldikä? Ýogsam, düýp-teýkaryna seretseñ, ol bu ýere ýörüteläp gelendenem däldir, ýoly düşendir-de sowlandyr, garnyny otarar ýa-da iliń çetinde gonup, bir çäýnek ajy gök çaý içer-de turar gider, ne gep bardyr, ne-de – söz.
Kakabaý Garasöýmez agyzdyrygyndan çekip, eşegini saklady. Al-lowarrada gumak ýoluñ gyrasynda garalyp ýatan gabrystanlyga tiñ-kesini dikdi. Sägindi. Soñ eşegine haýbat atdy:
– Hyh! – diýdim men saña!
Bu garasöýmez adam hakynda onuñ duldegşir goñşularynyñ içinde-de, ”men oña belet” diýip, arkaýyn aýdyp biljegi ýok, gürrüñleri
6
üzlem-saplam düşnüksiz. Gatnaşmasalar, duz-emek boluşmasalar näbilsinler, ”gybat bilen iş bitýärmi? Kakabaý Garasöýmeziñ bolsa bu zatlar piñine-de däl, iliñ üýşenmesinden onuñ eger-eger müñ tüýünden birisi-de gymyldaýana meñzänok, ol edil bir möhüm waka garaşýan ýaly, bütin ömri diñşirgenip ýaşap ýör. Geñem bolsa, mu-nuñ nämäniñ köýüdigini onuñ özi-de anyk bilenok. ”Kelte bazar” güni ýüzüni çoýun ýaly edip şäher bazaryna gider, ýeriñ pesini saýlabam, yzyna geler. Ýüp işip satýarmyş diýýärler, nas satýarmyş diýýärler, ýöne bularyñ bary ”myş-myş”, bu golaýda entek: ”Meni Kakabaý Garasöýmeziñ nasy tutdy” diýip, jaýyñ çüñküne ýapyşyp ögäp durany gören ýok, onuñ ýüpünden asylyp öleni-de. Kakabaý Garasöýmez bir ýagşy iş etse, uly il geñ galjak, ýöne onuñ entek ili geñ galdyran ýeri ýok.
– Hyh! Hyh! – gamçynyñ ujy şuwlap, eşegiñ türresine degýär. – Hyh!
Arabanyñ çala-çula ýaglanan tigirleriniñ jygyldysy mör-möjekleriñ jürrüldisini basýar, şagallaryñkyny basyp bilenok. Olaryñ sesi Gyz-ganlynyñ içinden çykýar. Näçe gyssansa-da, bu gün Kakabaý Gara-söýmez nebsine çolaşyp, beter garañka galdy, eşegi-de mytdyk. Bil-mersiñ nämeden, bu gün onuñ howsalasy-da öñküsinden gala, ýüregi nämedir bir zat syzýan ýaly.
– Hyh! ”Hyh” diýdim men saña, toýnagy gyrkylan!
Bu gün ýolam hemişekisinden garañky. Sagat näçeräk bolup ýörkä? Diýseñ-diýmeseñ, eşege bir bela bolana meñzeş, öñki eşek däl. Ýas-sy namazyna deñeç öýe ýetse, galany hiç. Ýetermikä? ”Käşgi namaz okaýan kişi bolsañ, wagtyñy namaza gabatlar ýaly!” Ol señrigini ýygryp, burnuny çekdi, edil ýakyn hossaryny gözleýän ýaly gözlerini çarhlap, garañkylyga ýiti-ýiti seretdi.
– Hyh! – suwly çybyk çal eşegiñ türresinde towusýar. – Hyh, çala-jan bigaýrat! Meñ eşegim bolanyñ haçan, beýle bigaýrat bolanyñ haçan!
Eşek başyny nägilelik bilen yzyna öwürýär. Ikisiniñ nazary çakny-şanda, Kakabaý Garasöýmez çöl-beýewanda gijäniñ içinde öz çal eşeginiñ gözleriniñ obadakydan has akyllydygyna haýranlar galman durup bilenok. Ol ýüregine howsala düşüp, bir eşegine, bir-de syrly dymyp ýatan töwerege seredýär. Mör-möjekler niräk gürüm-jürüm bolduka? Şagallar hany?
7
Ol eşegarabanyñ üstünde dyzyna galyp, töweregine göz gezdirdi, emma saýgaran zady bolmady. Şonuñ üçinem halys lapy keç boldy.
– Hyh! Diýmäýin diýsem!
Çaman eşege çybyk neýlesin, onuñ öñki bolşy, gaýta hötjetligi artýar. Çagşan arabanyñ jygyldysy gijäni byçgylaýar. Töwerek tüm garañky. Onda-munda jandar ýogam däl, jürrüldi-çyrryldy çykma-nam duranok, çykýar, ýöne ugursyz. Töwerek nämedir bir zada ga-raşýar. Kakabaý Garasöýmez gañrylyp, sähelçe salym mundan öñ ot ýygan garañky uzaklygyna galpyldap seredýär: wagtynda göteri-läýipdir, ýogsam, ýalym-ýulum edişip, şallaklaşyp ýören jögi şagal-lar bilen ýüzbe-ýüz bolaýmagy-da ahmal ekeni.
– Hyh! Hyh!
Gyzganly öwlüýä indi öñ ýanynda, gyzgana basyrylyp, garalyp ýatyr. Kakabaý Garasöýmez bu öwlüýäniñ taryhyny bilýärem, bile-nogam, aslynda bu ýerde ”meñki bolsun” diýer ýaly taryham ýok – bu taýda gaty ir döwürden bäri adam jaýlanypdyr, kän adam. Bir çaklar Gyzganlynyñ töwereginde küren oba bar ekeni, aşak etegin-däki gumdan entek-entegem küýze döwükleri çykyp dur. Ýarym asyr mundan öñ egni gaýyş güpjekli, syrty sapançaly gyzyl komissarlar gelip, bu ýerden adamlary öñlerine salyp, bagtly ýaşatmaga äkidip-dirler, soñam yzyna getirmegi ýatdan çykarypdyrlar. Hötjetlik edip, gitmedikleriñ süñkleri heniz-henizlerem çägäni ýel tozatsa, gumuñ aşagyndan saralyşyp çykyşyp dur. Çakyr süñkler bagtly ýaşamaga gidenleriñ üstünden gülýäne meñzeş, özleriniñem düşen güni, ine. Her zat etseñem, indi bu töwereklerde oba görjek gümanyñ ýok, gaz uçup, garga gonan ýer, baýguşlaryñ mekany, syrly künjek. Gyzgan-lynyñ ýeri şeýle beýik ýerden saýlanypdyr, ol gapdalyndan geçýänle-riñ üstüne abanyp dur. Ýol gyradaky gyzganlar ýokardan üstüñe eglişip, ýykylyşyp ýatyrlar, ahmal bolsañ, ýüzüñden penjesini urjak, hasam gije-girim.
– Bedibagt!
Degýän çybygyñ badynyñ gowşaklygyndan eşek öwlüýäniñ deñe-sine ýetendigini bildi, ol hatda burnuny arçap, eýesiniñ dyzmaçlygy-nyñ kemsiz gowşanyna heşelle kakyp, üýtgeşik bir lezzet bilen myt-dyldady. Kakabaý Garasöýmez bolsa, bu wagt gözlerini elek-çelek edip, ýoluñ iki gyrasynam synlap ýetişjek bolýardy. Onuñ pikiriçe,
8
näme howp abansa, gapdalyndan abanmalydy: bir ýany-ha ölüleriñ mekany, beýlesem – jeññel.
– Hyh, eýesiz galan!
Ýöwsellese-de, Kakabaý Garasöýmez Gyzganlynyñ deñesinden biwagt geçmekden boýun gaçyrmaýan ýeke-täk adam. Bu ýolda en-tek biwagt çak onuñ bilen iki gezek gabatlaşan ýok. Muny ilem bilýär, özem. Ondan üýşenýänleriniñ bir sebäbi şu dälmi näme?
– Hyh! Hyh!
Gyzganlynyñ içinden ep-esli saýlanyp, kä ýerde-kä ýerde kelte diñ ýaly bolşup oturan çogmak-çogmak hyşalara Kakabaý Garasöýmez uzak seredip bilmedi. Töweregine ýaltaklamasyny goýup, gözüni garañkynyñ içinde çalaja akjaryp ýatan kirşenli gumsalt ýola dikdi, çybygyny galgatdy, ätiýaçdan şaldyrynam gapdalynda taýynlap goýdy. Galpyldamakdan ýaña eşegarabany özi arkasyna alyp barýan ýaly ýadap lüti çykyberende, Gyzganlynyñam soñy göründi, şonda ol uludan bir demini aldy. Emma eýesine ýañy arkaýynlyk arala-şaýan wagty birdenkä eşegi tebil tapyndy. Ol arabanyñ arşlarynyñ arasyndan çykjak bolup, ikibaka urnup ugrady, burnuny parryldatdy. Üsti otdan mas ýüklengi araba ýaýkyldady. Şobarmana-da eşek ýö-remesini bes edip, kürtdürdi. Kakabaý Garasöýmez ýañadandan gal-pyldap başlan göwresine zordan erk edip, gumak ýola tiñkesini dikdi. Görsene muny! Gumak ýoluñ orruk ortasynda ap-akja guzy ýatyr! ”Eý-ho! – allaneneñsi bolan Kakabaý Garasöýmez sazanaklap, bir dem eglendi. – Bu näme boldugy? Gijäñ içinde ýoluñ üstünde guzy ýatyr-la!” Onuñ gözleri hanasyndan çykara gezek geldi. Öñe sürjek-mi ýa-da yza? Yza bolanda, niräk? Ol taýdan ýañy dälmi gaýdanyñ? Ýa başga ýol barmy? Ýok, öñe sürmeseñ, gidere ýeriñ ýok. Kakabaý Garasöýmez öñe ümzük atyp, ýoluñ üstünde ýatan akja guzyny içgin-içgin synlady, gözlerini batman ýaly ýumruklary bilen gazaply owkalady. Ýok, gözüne görnenok, öñünde hakyt guzy ýatyr! Tüýü-niñ dagyn buýrajadygyny, edil el bilen towlanan ýaly, töweregine ýalkym saçyp ýatsa nädersiñ! Akja guzyny ýene bir gezek işdämen synlansoñ, onuñ howsalasy egsilen ýaly boldy.
– Hyh! Hyh!
Eşek öñe ätmekden geçen, gaýta bulanyp, urnup, sypjak bolýar, oñarsa, arabadan boşanyp, ýazzyny berjek. Özi bilen bir perdeden gopmaýany üçin Kakabaý Garasöýmeziñ eşegine erbet gahary geldi,
9
şonuñ üçinem suwly çybygyñ deregine bu gezek çaman eşek şaldy-ryñ tagamyny dadyp görmeli boldy.
– Hyh, bedibagt!
Şobarmana-da guzujyk ýatan ýerinden süýkdürip, naýynjar mäledi: ”mä-ä-ää!”
Kakabaý Garasöýmeziñ şübhesi onsoñ hasam azaldy, ol töweregi-ne, arabanyñ tigriniñ aşaklaryna siñe-siñe seredip, ýañyrak geçen goýun sürüsiniñ yzyny gözledi, göwnüne bolmasa, gumak ýoluñ üstünde aýagyzam, çör-çömürem bar ýaly boluberdi: ”mää-ää!..”
Kakabaý Garasöýmez arkasynda garalyp ýatan öwlüýä gorky bilen garanjaklap, arabadan syrylyp düşdi. Göwnüne bir az salym geñe-şenden soñra, aýaklarynyñ gurşugyny ýazyşdyryp, üsgürinjiredi, gorkaragada öñe ýöredi. Guzujygyñ üstüne abanyp, ony ýene bir gezek içgin synlady: ”Beýle-de bir akja guzujyk bolar oguşýa! Häzir alyp gitmeseñ, jahan ýagtyldygy garbykdyrarlar, munuñ ýaly guzy-nyñ ýoluñ üstünde uzak ýatjak gümany barmy? Gije-de gelewersin-ler-de, alawersinler!” Guzynyñ içiñden geçip barýan düşbüje gözle-rine gözleri düşende az-kem ýaýdanjak ýaly etse-de, nebsine boýun sunup, Kakabaý Garasöýmez ony gujagyna aldy, getirip, arabanyñ üstünde, gapdaljygynda ýatyrdy.
– Hyh! Hyh, haram ölmüş! Indi bir ýöre gatyrak!
Eý görmüş, şondan soñ eşegiñ gidişi göz-görtele çaltlandy, ol edil gerşine ýagy münen ýaly dazanaklady gidiberdi. Kakabaý Gara-söýmeziñ welin, keýpi göterildi: ”Görsen-e muny, asyl bu gün ýüregi bir zat syzan ýaly-da etdi-le, begenjek ýeri bar eken-dä! ”Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna!” Ol bir elinde eşegiñ uýanyny, beýleki elinde tal çybygyny galgadyp barşyna tasdan aýdyma-da hiñlenipdi. Eger Kakabaý Garasöýmez eneden doglup, aýdym aýdyp görenliginde, şuş-şu wagt aýtmalydy, emma ol ýekeje aýdym hem bilenokdy, şonuñ üçinem bökdendi, bokurdagyndan ýogyndan taga-şyksyz ses çykaryp oñdy. Oña derek ol gapdalynda birgeñsi bolup ýuwaşja ýatan akja guzujygyñ buýraja tüýüni sypalaşdyryp hezil etdi: ”Baý, munuñ tüýüniñ enaýyjadygyny, aýaña-da bildirip dur! Ýatakda durup köpeläýse-hä, gyzylly hum tapana dönderer. Munuñ kimin ýoldan-yzdan tapylan mal köpelekgerem bolar! Ýogsa-da, bujagaz erkejikmikä ýa-da urkaçymyka?”
10
Bu pikir bilen ol eýýämden özüne tiñkesini dikip ýatan guzujygyñ satanynyñ arasyny sermeledi. Kakabaý Garasöýmeziñ eli ujydyna degende, guzujyk ilki bir hikirdejek ýaly etdi-de, soñra ýerinden turup, onuñ gözleriniñ içine seredip, sorag berdi:
– Daýy, özüñkiçe barmy?
Kakabaý Garasöýmez ilki öz gulaklaryna ynanman, hamana edil adam bilen gepleşýän ýaly ýanyndaka samsyklaç sorag berdi:
– Näme diýdiñ? Haný gaýtala!
Ol kimdir biri özüni oýnajak bolýandyr öýtdi, töweregine ýaltakla-dy. Emma guzujyk aýratyn bir göwniýetmezçilik bilen ernini gyşar-dyp, her sözüni bihaýa hetjikläp, onuñ üstüne herreldi:
– Näme gulagyñ kermi? Özüñkiçe barmy diýýän?!
Golaýynda adam ýokdugyny, gürrüñdeşiniñ guzudygyny anyklan Kakabaý Garasöýmeziñ gözleri tes-tegelek bolup, huşy başyndan uçdy, dili tutuldy, depe saçy syh-syh dikeldi. Hatda onuñ gytyk tel-peginiñ tüýleri-de herekete geldi. Tasdanam ol oturan ýerinden diñ arkan gaýdypdy, arabanyñ gyrasyndan ýapyşyp, zordan saklandy. Şol wagtam, göwnüne bolmasa, onuñ arkasynda, garañka gaplanyp ýatan Gyzganlynyñ içinde aýylganç bir gümmürdi gopdy. Guzujyk bolsa, gulaklaryny şapyrdadyp gürre silkindi-de, has ýakyna gelip, ne öli, ne diri, sandyraklap, gözleri hanasyndan çykara gezek gelen Garasöýmeziñ bykynyna dözümli oýkanjyrap, arassa adam dilinde ýene-de:
– Daýy, senden soraýan, özüñkiçe barmy? – diýip, añrybaş utançsyzlyk bilen dikanlady. Onuñ gözleriniñ içine gözlerini dikdi. – Gulagyñ kermi, daýy? Men saña diýýän!
Guzynyñ gözleri adamyñka şeýle bir meñzeşdi welin, onuñ buz ýaly garaklaryndan ýaña Kakabaý Garasöýmez “hybbaýlap”, üşüdip başlady. Munuñ tersine, guzy barha ekezlenmek bilendi, ol süýkenji-räp, işigaýdan ýolagçynyñ bir eýlesine, bir-de beýlesine geçýärdi. Onuñ bilenem oñman, sowuk, öl temegini onuñ ýüzüne degrip, gyz-gyn demini saldy. Soñra gyllygyny sarkdyryp, edil gulagynyñ düýbünde hoññuldady. Belki, şonuñ üçindir onuñ sesi-de bu gezek has ýogyn, has gyryljyk çykdy:
– Daýy, men saña özüñkiçe barmy diýdim?
Kakabaý Garasöýmez janhowluna guzyny arabadan depip goýber-di-de, eşegini saýgylady:
11
– Hy-yh! Hyh, aç ölmüş! Hy-y-y!..
Özüne çensiz zor salmakdan ýaña ysgyny gaçyp, bokurdagy gyrlan ýolagçynyñ sesinden soñabaka diñe jagyrdy bilen hyrkyldy galdy. Ol soñky deminde oba aşdy. Bu agşam wagtynda uklamadyklar gijäniñ ýaryndan soñ obanyñ çetinden giren şakyrdyny hem gyrlan bokurda-gyñ ýakymsyz owazyny diñlediler. Çyrasyz oturan obanyñ üstünden inen bu ses iniñi düýrükdirijidi.
Akja guzujyk şol gije yzyndan galman, Kakabaý Garasöýmezi Çarwa obasynyñ gyrasyna deñeç kowalap gelenmiş. Muny onuñ hut öz agzyndan eşidenem bar diýýärler, ýöne onuñ kim-digini bilýän ýok. Bir zat anyk, bu wakadan soñ onuñ köpçüli-giñ üýşen ýerinde görünmesi düýbünden kesildi. Obadaşlary ondan öñküden-de beter eýmendiler, ýüzünde adam ruhunyñ galmandygyny syzyp, gözi çaknyşan derrew ýolundan sowul-dy. Adamlar: ”Bu ýöne ýerden boljak zat däl, añrysynda hök-man bir gizlin syr ýatandyr – diýişdiler. – Bizi synap görýän Tañrymyka ýa-da onuñ ýerdäki kölegesiniñ hut özümikä?..”