syr sizin başarjaňlygyňyzyň, iş edip bilijiligiňiziň, ähli arzuwlaryň hasyly, siziň ukybyňyzyň çägi, beýniňiziň pikir edip biliş çäginde tamamlanýandyr! граница ваших способностей и возможностей, в пределах ваших мыслей! göz öňine getiriň, nirede ähli siziň arzuwyňyz kabul bolýa, onyň ölçegine seretmän kabul bolýa!!! ähliňiziň soragy “nähili?” ähliňiziň iň başarýan zadynyz näme? arzuw etmek! dünýäde jedelsiz kabul edilen bir kanun bar, olam ýeriň dartyş güýji. ýene bir alymlaň subut eden zady, biziň pikirlerimiziň tolkundygydyr. geliň indi bolsa has düşinikliräk!beýik allatagalla zemini adam üçin ýaratdy, baýlar üçin däl. ýöne hakyky durmyş munyň tersini görkezýä. baýlar baýaýa, garyplar garyplaşýa! sebäbi? sebäbi baý näme hakda pikirlenýä elmydama, äz bergidarlary, pullary, we olary nädip mundanam köpeltmegi hakda, garyp adam tersine ol öz bergileri hakda, garyplygy hakda, ertirki güniň mundanam beter boljagy hakda pikir edýä. şeýdibem ol äleme öz islegini ýaýradýa. bizi diňläp duran perişde bolsa, biziň kalbymyzdakyy iň wajyp pikirlerimize “omyn” diýýä!!! parhy ýok, sen maňa garyplyk gerek däl diýip pikir edýän hem bolsaň. sen gitdigiçe garyplaşarsyň. sebäbi sen pikiriň, aladaň diňe garyplyk hakda. dartyş guýjine tapawudy näme sen gowy adam ya erbet adam jaýdan bökseň hökman gaçarsyň. geliň baýlyk hakda has takyk bagtly durmuş hakda pikirleneliň. günde azyndan ýarym sagat pikirleneliň, dünýäde uryş bolmasyn diýip dälde!!! dünýäde parahatçylyk bolsyn diýip.- dünýäde açlyk bolmasyn diýip dälde diňe dokluk bolsyn diýip. bir zada garşylyk görkezmek däl, bir gowy zada tarap razy bolyp çykyş edeliň. syr biziň kellämizde. biz özimizi nähili görsek şonyň ýaly hem bolar! iň esasy zat şoňa ynanmak. meselem: irden ters turyp dyrnagynyzy agyrtdyňyz, hemem bütin güniniz iň nejis günleň hasabyna goşyldy. näme üçin? sebäbi sen irdenden diňe erbet zatlara garaşyp kelläňde olary aýlaýaň, sen magnit, hemem beýniň näme pikir etse şony öziňe çekýä. sen ony kontrollyk edip bilmeýän, eger oz beýniňi kontrollyk edip bilmeseň! ähli pikiri yzarlap ony kontrollyk etmek mumkin däl, şonyň üçin biz özimizde gowy ýagdaý ýagny gowy keýp (настроение) döretmeli, iň gowy duýgular bilen özimizi gurşap almaly. nädip bizi gurşap alan ýagdaýy gowy ýagdaýa çalyşmaly? 1)şükür etmek 2)minnetdarlyk bildirmek 3)ähli edilen nejisligi bagyşlamak 4)arassalanmak 5)ylhamyň buýrýan işini ýerine ýetirmek! 1)eliňize kagyz galam alyp şu wagt nämä şükur edýanligi ýaz. 2)soňra ýaňky ýazan zatlaryňyza sag bolsyn aýdyň, kim nämä ynanýan bolsa şoňa minnetdarlyk bildirsin. 3)özinde göterip ýörren ahli nejis pikirleriňi taşla,unyt, bagyşla! sende diňe gowy pikirler, arzuwlar galsyn. diňe gowy zat hakda pikirlen, hem gowy zat isle. 4)arassalanmagyň 2 ýoly bar düşinmek, hem meditasiýa geçmek! menin edjek işlerim birden bolmasa diýen pikirden gaçyp gitmek! özinize duzak gurmakdan, ramka ýasamakdan gaçyň.
Syr_the secret_(üstünligiñ syry)
-
MUHAMED
13 years ago
- "the secret" govy film diydiler, yone men ony entega goremok...yone gormek niyetima bar,
Mainstream 13 years ago- dowamy
ylhamyň ýolbaşçylygnda näme
öň edip görmedik bolsaň, şony
barlap görmek!günde agşam öz
goýan niýetleriňize eýýäm ýeten
ýaly
begeniň! göziňizi ýumyp arzuw
edilýän ulagyň içinde nähili
gezelnç etmegiň ajaýypdygyny
duýyň! maňa ynanyň men ony
nädip alaryn diýip oýlanmaň
onyň özi geler! biri karz berer,
biri sowgat berer. ýöne geler
allatagalla oňa bir usul döreder!
esasy sen ynan, hem şoňa
begen!
çeşme “the secret” diýen filmi.
Netije çykar hususy pikirlenmek