Näçe yz goýdum men seniň üstüňde Adyň ýazdym ýüregimiň törüne Ýalňyz goýman, şemal bolup öwüssem-de Ýene-de gonaryn öňki ýerime Ýollar, kä gaýgyly, kä şatlykly sen Kimseler aglaýar, kimseler gülýär Kimseler bar seni ýigrenýär çenden Gözlerinden ganly ýaşlar süzülýär. Geçip barýar adam ömri bu ýolda Bu ýol çukurlydyr belentli-pesli Soňra baryp düşleýändir ýat ilde Ýöräp, ylgap ýadandan soň ep-esli Saňa gelýän, artsa, gaýgy-aladam Derdimi seň bilen paýlaşýan mydam Derdimi seň bilen paýlaşýan mydam Şatlygymam senden asla gizlämok Çyn dostdan hiç haçan doýmaýar adam Başga dostlar saňa asla meňzänok Ara salmaň bu aýralyk ajyny Meniň arzuwymy bitiriň ýollar Olar bilen dadaýyn men süýjini Meni söýenleme ýetiriň ýollar Ynha bir gün ýoluň soňy görüner Duzaga düşene ajy ataşdyr Düşmedigiň nur çaýylar ýüzüne Söýýänleri bir-birine sataşdyr Senden geçip bilmän bolýan ykmanda Hem begençli günde hem-de ýasyňda

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir