NESILLER Abdullah ibn Mesudyň (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä, Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Adamlaryň iň gowylary meniň döwürdeşlerimdir (ýagny sahabalarym), soňra olardan soňra geljeklerdir (ýagny tabiynler), soňra bolsa olardan soňky geljeklerdir (ýagny etbau tabiynler). Olardan soňra şeýle adamlar dörär! Olaryň şaýatlygy kasam-andlaryndan öňde geler, kasam-andlary bolsa şaýatlyklaryndan öňde geler“. (Buhary). ŞERHI: Sahabalar-hakykatdan hem Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) mekdebinde, Allah (jelle jelaluhu)-yň garamagynda ýetişen nesildir. Şonuň üçin olar kyýamata çenli hemme mu'min-musulmanlara mysal we göreldeli nesildir. Olar Resulullahyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdyşy ýaly „Siziň üçin asmandaky ýyldyzlar ýalydyr. Olaryň haýsysynyň yzyna düşseňiz hidaýat taparsyňyz“. Olaryň her biri biziň üçin gözel mysal we ybratdyr. Seýýid Kutubyň (rahymahuLlah) aýdyşy ýaly, „Ýene bir gezek dünýäniň haýsy hem bolsa bir ýerinde, şol sanda, şol wasplarda Yslam jemagaty dörese, onda Yslam ýene-de ýer ýüzünde häkim bolar“. Olardan soňra tabiynlar nesili gelýär, ýagny sahabalary gören we olardan ylym-terbiýesini alan musulmanlar. Olar hem Yslama köp hyzmat edipdirler, hem ylymda, hem jihatda uly işler bitiripdirler. Etbau-tabiynler, ýagny tabiynleri gören nesil bolsa, hadys, tesfir we fykh ylymlarynda çygyr açypdyrlar. Ýöne musulman nesil näçe şol ajap Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) döwrinden (ýagny Asry-Sagadatdan) daşlaşdygyça, şonçada güýçli, imanly, çuňňur takwaly we Pygamber ahlakly adamlar diýseň azalypdyr. Ýöne olar hiç wagt ýitip gitmändir, näçe kyn bolsa-da, göreşmäge, päk Yslamy düşündirip-ýaýratmaga dowam edipdirler. Şol adamlaryň saýasynda bize päk Yslam üýtgemän, Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem)-iň öwredişi ýaly gelip gowuşypdyr. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle bir döwür gelip, musulmanlaryň içinde şeýle häsiýetli adamlaryň dörejekdigini aýdýar. Ýagny her bir işe, dogry bolsa-bolmasa şaýatlyk ederler. Kasam et diýseň welin ýaýdanarlar, sebäbi ýalandyr. Emma ilki pikirlenip, Allahdan (jelle jelaluhu) gorkup kasam etseler gowy dälmi? Dogrysy şol dälmi? Şaýatlygyň uly jogapkärçiligi bar ahyryn. Ýalan şaýatlyk iň uly günä dälmidir. Olaryň kasamlary öňde geler. Wallahi bu şeýle diýip kasam ederler. Onda nädogry zada nädogry, dogry zada dogry diýiň diýip şaýatlyk ediň (özüňizde we başgalarda) olar derrew öz aýdan wada-kasamlaryny unudyp gaçmak bilen bolarlar. Ýagny Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle bir döwir geler welin, ummatyň içinde içinde şahsiýetsiz, ygtybarsyz, ygrarsyz, dowamatsyz, öz bähbidine görä üýtgäp durýan adamlaryň köpeljekdigini aýdypdyr. Ýalňyşmasam, Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) şu zamandaky ymmaty salgy berýär. Hiç hili takwalyk we hikmet ýok, akmaklyk we tekepbirlik, gorkaklyk we betnebislik, ahlaksyzlyk we ş.m. bar. Ynamdar bil baglarlyk, syr ynanarlyk, arkalaşarlyk näçe musulman bar daş-töweregiňizde? Näçesi başyňa kyn gün düşende öňki ahlagyny, ant-wadasyny, şaýatlygyny üýtgetmän şol bir durkyny saklap bilýär? Näçesi dünýäniň bezeg we lezzetleriniň öňünde aljyrap özüni ýitirmän bilýär? Ýöne elhamdulilläh, zamana näçe bozgak bolsa-da, päk Yslamy boýunça ýaşamaga dowam edýän, kynçylyklara sabyr edýän mu'minler bar we olar Allaha (jelle jelaluhu) töwekgellik edip, ylym, hikmet, yhlas bilen Yslam ýolundan ýöremäge dowam edýärler. Olara hiç kimiň öwgisi, gollamagy hem gerek däl, olar öz sogaplaryny, muzduny Allahdan (jelle jelaluhu) garaşýarlar we şonuň üçin ýaşaýarlar. Ömürlerini, mal-mülklerini, bütin zehin-mümkinçiliklerini diňe Allah (jelle jelaluhu) razylygyny gazanmak üçin ulanýarlar. Musulmanlaryň sahaba nesli barada gowy öwrenmekleri gerekdir, olar hakykatdan hem Allahyň (jelle jelaluhu) we Pygamberiň (sallaLlahu aleýhi we sellem) öwen neslidir. Hasan Basri (rahymahuLlah) öz döwrüniň musulmanlaryna „Siz sahabalary görsediňiz olara däli diýerdiňiz. Ýöne olar sizi gören bolsalar, size kämil musulman diýmezdiler“ diýipdir. Sebäbi olar şeýle takwa ýaşaýyş alyp barýardylar welin, siziň üçin bu geň bolup görünerdi. Olaryň gözünde bolsa, siz Yslama şeýle ýüzleý garap ýaşaýaňyz welin, olar (sahabalar) bular musulman dälmi, nämemi diýip geň galardylar. Allah (jelle jelaluhu) bize sahabalaryň ahlagyny bersin. Ämin.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir