AJAP GAR Daşarda ýagýar ajap gar. Meňzäp edil saňa akja ýar. Ýarym ýada düşär. Agaranda bu uly zemin. Ýary arzuw edýär ýaganda akja gar. A men bolsa synlap bu ajap gary. Arzuwlaryň gujagynda uklaýan. Ýarymam ýatlaýan bolmaly. Synlap bu ajap gary. Köňlimize ýagýar ajap gar. Päkleýär dünýämiz päkize gar. Gyşyň günem edil ýaz ýaly. Ýatlamda men ajap ýarymy. Onuň mahmal sözleri. Ýatlatýar maňa bu ajap gary. Gar ýada salýar geçen iň ajap günleri. Hamala şu pursat men. Dostlarymyň ýanynda. Gynanma uzak bolsada ýollar. Hakyky dostlar mydam ýanyňda. Gar ýere nur bolup çökdi. Men kalbyma söýgi bolup. Gar ýagýar adamlara paýlap. Şatlykdyr söýgini, yşgym hasda güýjeýär. Ýaganda ajap gar. Ýaryň jemalyn ýatladýar maňa. Gursagymdan syzylyp çykýar. Eý mähriban ýar söýgim saňa. Batyr Şabasanow: “Ajap gar” goşgysy. Aşgabat 2011