Sişenbe güni Orsýetiň gümrük gullugynyň resmileri ýurduň uzak gündogaryndaky Nahodka port şäherinde Ýaponiýadan getirilen import maşynlaryň ýedisinde howply radiasiýanyň bardygynyň anyklanandygyny habar berdiler. Nahodka şäheriniň gümrük gullugynyň metbugat sekretary Ýuliýa Tislenko žurnalistlere beren interwýusynda bu maşynlarda ýüze çykarylan radiasiýanyň derejesiniň maksimal rugsat berilýän derejeden hem ýedi esse ýokarydygyny aýtdy. Maglumata görä, häzirki wagt Ýaponiýadan getirilen bu ýeňil maşynlar we olary alyp gelýän ýük maşyny jemgyýetçilik üçin howpsuz ýagdaýda izolirlenipdir. Ýakynda Orsýetiň Wladiwostok şäherinde-de Ýaponiýadan getirilen import maşynlaryň 49-synda ýokary derejede radiasiýanyň bardygy anyklanypdy.
Orsýet: ýapon maşynlarynda radiasiýa bar
-
Fatality
13 years ago
- Nadip beyle radiasyya bolyara ol mashynlarda?
-
MerdanR
13 years ago
- atomelektrik stansiyanyn atylmagy bilen yaponyadan harytlar indi satyn alynmaymasa
-
gonurdepe
13 years ago
- байбааааа инди орсйеде баран машынларда радиасия бар болса. японянын хемме йерме йайрар онда
-
Auditor
13 years ago
- Umuman yaponiyan ilaty natdka shuwagt. Radiasiyada yashamaga mumkin daldrle?
-
anakkondaa
13 years ago
- yaponlaryn problemasy bilen nä işiň seň, gülnarjan, (auditor) sen maňa türsüjegiz razmerini aýtsana. menem onsoň özümiňkiň razmerini aýdaýyn.
Fatality 13 years ago- bah, gen galaymaly..