Meň adym Myrat. Ýyllar boýy erbet işler bilen meşgullanyp gezdim. Ýalňyşlyklardan doly bu dünýäde bütin ömrüm kişi hakynyň nämediginden habarsyz geçdi. Adamlar hakynda aýtmanymda-da öýümiziň töweregindäki pişiklerdir, bagymyzdaky agaçlaryňam hakyny iýen ýerlem bardyr.Arkamda tonnalap günä toplansada, yzda ýüzlerçe hakyn iýen adamlarymy galdyranymy bilmeýädim. Ýöne bu gün, kakamyň ýasynda başymdan geçen wakalardan soň ähli zat üýtgedi. Ähli zady gurşaýan Rahmet gapysy ahyry meň üçinem açyldy. Indi men bütinleý başga adam. Boýnumdaky kişi haklaryň halas bolmagy, eden etmişleriň ählisinden saplanmagy şu gün ýüregime düwdim. Indi tanaýan adamlarymyň ählisini özümden razy etmegi isleýän.... (Gurbannazar Hojagulyýew) Men güna derýasyndan çykdym birje düýş bilen. Ahyrynda düşündim, görenim düýş däl eken... Men bir jahyl adamdym..., çöllere düşdi ýolum. Kişiň hakyn bilmezdim, seňki eken içen suwum... Toba... Toba.... Kişin haky galmasyn mende... Razy bol menden... Men toba etdim günäme... Razy bol menden... Razy bol menden...

Köneler, owreniji tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir