Sagat gije üç bolanda öýde telefon jyññyrdaýar. -Bu hammammy? - diýip, añyrdan ses eshidilýär. -Ýok - diýip, süýji ukusyndan oýarylan öý eýesi gaharly jogap gaýtarýar. -Onda näme tursili dursuñyz? ***** Iki sany ýolbars agajyñ ashagynda uklap ýatan demir lybasly rysaryñ üstüne topulýarlar. -Wah, içigar! - diýip, alyn dishi shatlap döwülen ýolbars arlaýar: - Ýene-de konserwa! ***** Gije sagat 3-iñ töwerekleri. Polisiýanyñ patruly geçip barýan bir adamy saklaýar: -Siz nirä barýañyz? -Ahlak temasyndan leksiýa diñlemäge. -Bashymy çishirmesen-aý! Kim shu wagt ahlak temasyndan leksiýa okajak? -Aýalym... ***** Ýash atyjylaryñ mekdebinde adaty türgenleshik gidýär. Hatara goýlan nyshanalaryñ gapdalynda mugallym dur. Nobatdaky ýash atyjy ok atýar. Ok nyshana däl-de, mugallymyñ uýlugyna degýär. Ol ýykylyp barshyna käýinip ýetishýär. -Wah, sen, ikilikçi! ***** Dünýäniñ ähli ýurtlarynda bolup gören deñizçi tutush ýagyrnysyna iññedir syýanyñ üsti bilen dünýäniñ kartasyny çekdiripdir. Günleriñ bir güni ol keselleýär. Ony barlap duran wraç sorag berýär: -Niräñiz agyrýar? -Braziliýanyñ ashak çeti, dogtor. ***** -Dünýäde iñ güýçli ýarag haýsyka? -"Awrora" kreýserindäki top. -O nädip? -Bosh pesheñ bilen ýeke sapar atdy welin, ýurtda 70 ýyllyk weýrançylyk döretdi. ***** -Ikinji jahan urshunda esasy nemesleri ýeñmage kömek eden zat näme? -Staliniñ çilim müshdügi. ***** Keýpleri kökräk iki ýigit dükana barýar: -A gyz, sizde balak barmy? -Ýok. -A satlykda berin barmy? - diýip, beýlekisi soraýar. ***** -Salam-ow, kursdash! Gör, näçe ýyldyr dushushmadygymyza! Sen shol garagözelek gyza öýlendiñmi ýa-da henizem öz kiriñi özüñ ýuwup ýörmüñ? -Iki soragyña-da "hawa". ***** ýene-de degishmeler ýazaýjakdym, ýaltandym! Bolmasa özüñizem dowam ediberiñ agzalar!
idealman 13 years ago- iki soragyna-da hawa))))))camry,betje degishmeler.ependini pensiya chykaran dalsina?iki bolup bile duzsenizem bolar)))