kyn sorag berip, “google” ýaly güýçli gözleg saýtyny çykgynsyz ýagdaýa salaýmak aňsat däl. ýöne müsür bu işi etdi. “google” saýtynyň 25-nji ýanwarda başlanan protestleriň guramaçylyk işlerine gatnaşan işgäri öten hepde, 7-nji fewralda, türmeden boşadyldy. 12 günläp türmede saklanan işgärinden bir derek tapmak üçin “google” naçe tagalla etse-de, bu tagallalaryň beren netijesi bolmandy. wael gonim şondan bäri müsüriň düýpli oppozision hereketiniň garaşylmadyk ýolbaşçysy hasaplanýar. 8-nji fewralda tahiri meýdançasyna ýygnan on müňlerçe adama ýüzlenip, “müsür ähli zatdan ýokary” diýip gygyrmak bilen märekäni galkyndyran hem şol. “men gahryman däl” tahiri meýdançasyndaky adamlaryň aglabasy şondan bir gije ozal, protestlerde ölenleriň suratlaryny göreninde, gonimiň ýerli telewideniýede gözüniň ýaşyny saklap bilmän aglanyny görüpdiler. tahiri meýdançasyndaky adamlar protestlerde ölenleriň suratlaryny göreninde, gonimiň ýerli telewideniýede gözüniň ýaşyny saklap bilmän aglanyny görüpdiler. ol ýerli habarçylara beren interwýusynda özüniň gahryman däldigini aýtdy: “men bir gahryman däl. men 12 günlap uklap ýatdym. gahryman köçelerde bolup, demonstrasiýalara gatnaşanlar, janlaryny gurban edenler, urlup-ýenjilip, türmä dykylyp, howp astyna düşenler”. “associated press” agentliginiň habar bermegine görä, şol interwiýudan soň, 130 müň adam “facebook” saýtyndaky topara goşulyp, müsüriň rewolýusiýaçylary tarapyndan geplemegi üçin özleriniň gonimi wekil edýändiklerini bildiripdirler. ”google” kompaniýasynyň işgäri 30 ýaşly gonim 28-nji ýanwarda gürüm-jürüm boldy. bu ýagdaý köp adamlary aladalandyrdy. onuň “biziň hemmämiz haled said” atly facebook toparynyň atsyz dolandyryjysydygy hem şondan soň bilindi. haled said bir hadysada polisiýa tarapyndan ýenjilip öldürilen 28 ýaşly müsürli. halediň öldürilmegi oppozisiýanyň soňraky protestlerine itergi boldy. gonim 25-nji ýanwardan bäri köçelerde dowamly bolan adamlary protestçiler bilen hökümetiň tarapyny çalýan güýçleriň arasynda turan çaknyşyklarda ölen 300 töweregi adamyň hatyrasyna 11-nji ýanwary “şehitler güni” diýip yglan etmäge çagyrdy. “google” öz işgäriniň arkasynda durdy “google” kompaniýasy gonimi güýçli goldady. ol boşadylmazdan öň onuň nirededigini bilýän adamlaryň gonim barada maglumat bermekleri üçin ýörite telefon liniýasyny döretdi. ýöne onuň alyp barýan syýasy işleri barada kompaniýa hiç hili beýanat bermedi. “google” daşary ýurtlarda bolýan senzura sebäpli köp tankytlanýan kompaniýa. şonuň üçin köp adamlar: “onuň öz abraýyny gowulandyrmak üçin gonim meselesini ulanmagy mümkin” diýýärler. emma “daily news egypt” gazetiniň işgäri amira ahmediň pikiriçe, “google” kompaniýasynyň gonimi goldamagy müsürde syýasy iş alyp barýan işgärlerini işden kowýan kompaniýalaryň ünsüne gönükdirilýän tankyt. “olar ondan ýüz öwrüp bilýärdiler. onuň “google” kompaniýasynyň işgäridigi ulaldymasa, media oňa diňe bir aktiwist diýip garardy. ýöne olar ”google” bilen gonimiň ilteşiklidigini asla inkär etmediler. bu olaryň gonimi, ýagny öz işgärlerini goldaýandyklaryny aňladýar. bu örän oňyn zat. aktiwistler we blogçular barada bu iş müsürde ozal bolan zat däl” diýip, ahmed aýdýar.

Köneler, shohlejik tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir