Baý bir söwdegäriń örän gowy totyguşy bar eken. Biçäre totyguş kapasada ýaşaýandygy üçin, ýüreginden düwme-düwme bolup syrygýan ajy ýaşlary hiç dynmaýar eken. Söwdegär bir gün Hindistana gitmekçi bolýar. Hindistan üçin ýola çykmazdan öń dostlaryndan we hyzmatçylaryndan nähili sowgatlar isleýändiklerini soranmyş. Her biri öz arzuw-isleglerini aýdypdyrlar. Gezek totyguşa gelip ýetipdir. Jomart söwdegär: -Aýt, sańa Hindistandan ńähili sowgat getireýin? diýip sorapdyr. Totyguş: -Hindistandaky totyguşalara menden köp-köp salam ayt. Meniń kapasada yüregimiń ezilip duruşyny gürrüň ber. Şu kapasadan çykmagyń çäresi ýokmy sora. Olardan ýardam isleýandigimi hem ayt. Menem haçanda bolsa bir gün erkin, agaçlarda, daglarda ýaşap bilerinmikäm, diýipdir. Söwdegär totyguşyń hälki aýdanlaryny Hindistandaky totyguşlara hökman ýetirjekdigine söz berip, ýola çykypdyr. Ençeme ýollary söküp Hindistana gelen söwdegär, al-ýaşyl öwüsip oturan sähralykda, agaçlaryń üstüde oturan bir näçe tutyguşyny görenmiş. Atyny saklap, şol totyguşlaryń ýanyna baryp, öz totyguşynyń aýdanlaryny bildiripdir. Bu habary eşiden totyguşlaryń içinden biri birsalymdan titräp, ýere ýygylylyp, ölüp galypdyr. Söwdegär, bu totyguşyń ölmegine örän gynanyp, bulara aýdanlaryna puşman edip: -Belki hem bu meniń totyguşymyń garyndaşydyr, diýip, guman edipdir. Söwdegär ähli işini tamamlap, Hindistandan yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip getiren sowgatlaryny ýekeme-ýeke paýlapdyr. Totyguş bolsa ondan öz aýdanlary hakynda nämeler görendigini sorapdyr. Söwdegär eden-etmişlerine ökünip, hälki wakany gürrüň beresi gelmändir. Ýöne totyguş köp ýalbarandygy sebäpli, söwdegär bolup-geçenleri şeyle gürrüń berip başlapdyr: - Seniń aýdanlaryńy, ýolda gören totyguşlaryma boluşy ýaly edip aýtdym. Emma olaryń içinden biri seniń aýdanlaryńy eşidip-eşitmänkä, birden ýere ýygylyp, öläýdi, diýipdir. Söwdegär bu bolup geçenlere, özüniń örän gynandygyny hem bildiripdir. Totyguş, bu wakany eşideninden sońra edil Hindistandaky totyguş deýin, ýere ýygylyp, bütin endamy gas-gaty bolupdyr. Muny gören söwdegär elini dyzyna urup, özüniń owadan totyguşynyń ölendigine gynanyp, özüni iki-baka elendiripdir. Umydy doly egisen söwdegär, ölen totyguşyny kapasadan çykaryp ýere goýupdyr. Birden silkinip oýanan totyguş, derrew ganat baglap, bir agajyń şahasyna gonypdyr. Söwdegär bu bolanlara haýran galyp, totyguşa: - Eý toyuguşym, Hindistandaky dostyń näme etdi-de meni şeýle duzaga düşürdi, bir bolanlary düşündirseń, diýip, ońa bir sowal berdi. Totyguş hem: - Hindistandaky totyguş mańa öz hereketleri bilen öwüt berdi. Özüni öli görkezip, mańa da şeýle hereket etmegimi habar berdi. ‘Eger şol kapasadan halas boljak bolsań, meniń edişim ýaly ölen bol’ diydi, diýip jogap beripdir. Söwdegär, bu täsin jogapdan sońra hemme zada düşündi we bu wakadan ders aldy. Totyguş hem uçyp gitdi. Saň-gaty daşlar bahar geldi diýip janlanarmy hiç? Sen bolsa al-elwan gülleri ýetişdirip, meýdany maýsalyga öwürýän toprak bol.

Köneler, Broker tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir