"Как победить Остеохондроз? А.В.Чижевский. Москва. «Советский спорт» 1990" diýen kitabyň bir parçasynyň terjimesini etdim. Özümde osteohondroz bolany üçin kitabyň käbir sözlerine düşünemokdym. Peýdasy deger diýip pikir edýän. 1-nji Toplum(Kompleks) Bu maşklar toplumy lukman, halkara sport klassynyň ussady W.Çelnokow tarapyndan işlenip düzüldi. Maşklar topumyny osteohondrozy bejermekde we ony profilaktika etmekde ulanylyp bilner. Bu maşklary her gün etseň maksada laýyk. Ýöne keseliň has güýçli derejelerinden başga ýadaýda. 1. Başky ýagdaý (B.ý.)- oturgyçda oturmak(1-8 maşklara degişli). Elleri göwräň uzynlygyna goýbermeli. Kelläni aýlap bildiginden çepe we saga öwürmeli. Haýal bat bilen. 5-10 gezek gaýtalamaly. 2. Kelläni aşak goýberip, eňegiňi döşe ýetirmeli. Haýal bat bilen. 5-10 gezek. 3. Kelläni yza arkan atmaly. Şol bir wagtyň özünde eňegiňi çekmeli. Haýal bat bilen. 5-10 gezek. 4. Maňlaýyňa eliň aýasyny goýmaly. Maňlaýyň bilen eli, eliň bilen maňlaýy basyp durmaly . 10 sekuntlap basmaly, 20 sekunt dynç almaly. 5 gezek. 5. Çekgäňe eliň aýasyny goýmaly. Çekgäň bilen eli, eliň bilen çekgäňi basyp durmaly . 10 sekuntlap basmaly, 20 sekunt dynç almaly. 5 gezek. 6. Ýokarky maşky(5) beýleki çekgäňde etmeli. 7. Elleri göwräň uzynlygyna goýbermeli. Egniňi(gerdeniňi) 10 sekuntlap galdyryp durmaly. 15 sekunt gowşatmaly(dynç). 6 gezek. 8. Boýnuňy, çigin bogunlaryňy, trapesiýa myşsalaryňy(boýnuň yzyndaky) owkalamaly(massaž). 9. Başky ýagdaý (B.ý.)- Arkan ýatmak(9-15 maşklara degişli). Eller kelläň aşagynda. Dem almaly. Kelläň bilen elleri basmaly(ba:t-haýal). Demiňi goýbermeli. Gowşatmaly(Dynç). Ýene-de dem almaly. 10 gezek. 10. Eller bilde. Gezekli gezegine aýagyňy epmeli(bükülmek). Bil egrelmesi peselmeli däl. Dabany ýere degrip etmeli. Her aýakda 10 gezek 11. Eller bilde, aýaklar epilen(bükük). Otyrýeriňi galdyrmak bilen egilmeli. Başky ýagdaý. Dem aldyň. 10-15 gezek 12. Aýaklary epmeli we garnyňa basmaly. Aýaklaryňy elleň bilen saklamaly(gujaklamaly). Kelläňi dyzyňa ýetirmeli. Demiňi goýbermeli. B.ý. – Dem almaly. 10-15 gezek 13. Eller iki gapdala goýmaly . Sag aýagyňy galdyrmaly. Çep eliňi dabanyňa ýetirmeli. Edil şeýdip beýleki el-aýak bilen etmeli. Her aýak bilen 10 gezek etmeli. 14. Eller bilde. Aýaklaryňy göni tutup 90o-a galdyrmaly. Demiňi goýbermeli. Aýaklaryňy goýbermeli, dem almaly. 15 gezek. 15. Eller kellede. Çep aýak we el bir tarapa goýmaly – dem almaly. B.ý. - demiňi goýberdiň. Beýleki el-aýak bilenem şeýtmeli. Her aýakda 10 gezek. dowamy bar...

Köneler, owreniji tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir