Gadym zamanlarda Çynma-çyn ýurdunyň bir ülkesinde zalym Aždarha mesgen tutupdyr. Ol öz jadysy bilen özüne köşki-eýwan gurnan badyna şol ülkäniň ýaşaýjylaryna çekip-çydar ýaly bolmadyk paç-hyraç salypdyr, üstesine-de her aýda bir owadan gyzy özüne owkatlyk bermegi talap edipdir. Il-gün birbada zalym Aždarhanyň zulumyna boýun bolman, iň edermen, batyr, mert ýigitlerini oňa garşy söweşmäge ýollapdyr.
Halkyň ak pata bermegi bilen Aždarhanyň üstüne gaýdan merdanalar gazap bilen söweş çakylygyna gygyryp, zalym jandaryň köşgüne urdurylyp giripdirler-de onuň bilen döwüşmäge başlapdyrlar. Ýöne...
Zalym Aždarhanyň köşgüniň derwezesi her bir merdana ýigdiň yzyndan ýapylandan soň, birneme wagt geçirip, Aždarhanyň hyzmatyndaky jarçy köşgüň eýwanyna çykyp, gaty ses bilen yglan edýän ekeni:
-Aždarha diri! Aždarha ýeňdi!
Şeýle halda ýüzlerçe merdana ýigitler zalym Aždarhanyň köşgüni zabt edip, onuň içine girenlerinden soň zalym jandardan ýeňlip, yzsyz-tozsuz zym-zyýat bolupdyrlar. Onsoň adamlaram bu rehim-şepagatsyz mahlugy güýç bilen ýeňip bolmaýandygyny görüpdirler-de, onuň erkine tabyn bolup, Aždarhanyň diýen salgydyny töläp başlapdyrlar.
Aram-aram bolsa, şol ülkede täze merdana ýigit döräpdir-de, ol hem özünden öňki gaýduwsyzlar ýaly, Aždarhanyň garşysyna göreşmäge rowana bolupdyr. Emma, her gezek şol öňki waka gaýtalanypdyr. Nobatdaky edermen ýigit söweş çakylygyny haýkyryp, zalym mahlugyň köşgüne urdurylyp giripdir-de, derweze yzyndan ýapylandan soňam, ondan yzyna dolanmandyr.
Şeýdip nijeme ýyllar geçenden soň, ýene-de bir mert ýigit, öz halkyny bu nägehan beladan dyndarmagyň höwesinde ýarag-şaýyny üpjünläpdir-de, zalym Aždar bilen döwüşmäge gaýdypdyr. Olam söweş çakylygyna haýkyryp, Aždaryň köşgüne urdurylyp girse, mähnet otagyň orruk-ortarasyndaky tagtyň üstünde garrylygyndan ýaňa lagşap giden Aždarha demini sanap ýatyrmyş. Onsoň mert ýigit güýmeň-samaň edip durman, hatda başyny galdyrmaga-da mejaly ýok mahlugy gursagyna gyljyny sanjypdyr-da, onuň janyny jähenneme ýollapdyr.
Onsoň mert ýigit köşkden yzyna çykyp, özüniň il-güni bela-beterden gutarandygy hakyndaky begençlu habary adamlara buşlamakçy bolanda, birdenkä, öz-özünden açylan äpet gapydan zalym Aždarhanyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda toplan genji-hazynasynyň üýşürilen mähnet otagyny görüpdir. Ol öz-özünden biygtyýar şol altyn-kümüşli, lagly-jowahyrly sandyklara imrigipdir-de, köşgüň çykalgasyna tarap däl-de, hazynaly otaga garşy ýönelipdir. Şol pille-de köşgüň derwezesi öz-özünden ýapylypdyr.
Mert ýigit bolsa, sandyklardaky ummasyz baýlygyň lowurdysyna aňk bolup, olaryň arasynda aýlanjyrap ýörşüne, öz bedeninde öz-özünden guýrugyň, ýiti dyrnakly penjeleriň ösüp emele gelýändigini, tenini bolsa özüniň öldüren aždarhasynyňky ýaly teňňe örtüginiň örtýändiginem duýmandyr. Ol şeýdip çar ýanyndaky genji-hazynadan gözüni aýryp bilmän aýlanjyrap ýörkä, birdenkä, köşgüň açyk eýwany tarapdan öňki zalym Aždarhanyň jarçysynyň:
-Aždarha diri! Aždarha ýeňdi!-diýip ulili bilen jar çekýändigini eşidipdir.
Jarçynyň bu sözlerine geň galan mert ýigit, birdenkä ukudan açylan ýaly bolupdyr-da, jarçynyň duran eýwanyna garşy haýdap barşyna:
-Sen näme üçin halky aldaýarsyň? Aždarhany men ýeňdim. Ol indi ýok!-diýip, gyssanyp gygyrypdyr.
Şonda, oňa tarap gamgyn garan jarçy, sesinem çykarman diwardaky uly aýna garşy ümläpdir.
Mert ýigit aýnanyň öňünde sakga durup seredende, aýnadan özüne bakan gözleri ganguýma gyzyl, ýaş, aç hem zalym Aždarhanyň dergazap bolup garaýandygyny görüpdir...
Hytaý hekaýaty.
Aždarha hakda hekaýat
-
Gözellik.
2 years ago
- BIR GÜN DUZA - MÜÑ GÜN SALAM...
Türkmen halk ertekileriniñ birinde çöl-beýewanda ýaş ýigit goýun bakyp ýörkä, onuñ goşunyñ ýanyna çuw-ak sakgally ýaşuly gelýär. Çopan tañry salamyny berýär. Almaýar. Saglyk-amanlyk soraşýar. Jogap bermeýär. Çaý-çörek, nahar berýär. Iýme kemini goýmaýar. Ýaşuly ugramakçy bolýar. Ýaş ýigit: "Hiç bolmanda, adyñyzy aýdyñ" diýýär. Onda ýaşuly: "Men - Ezraýyl. Janyñy almaga geldim. Eden hyzmatyñdan göwnüm çag bolup, häzirlikçe janyñy almaýyn" diýýär. Çopan: "Janymy haçan aljagyñyzy aýdyñ?" diýýär. Ezraýyl: "Öýlendirerler. Toý tutular. Nika gyýylar. Ak tutynyñ añyrsyndaky ak gelniñ ýanyna girmekçi bolup işikden ätläniñde janyñy jähenneme ibererin" diýip, jogap berýär.
Ýaş ýigidi ene-atasy öýermekçi bolýar. Birnäçe gezek razyçylyk bermeýär. Türkmen ýigidi-dä, sebäbini sorasalar-da, kelam agyz söz aýtmaýar. Ahyry ene-atasynyñ sözüni alýar. Öýlenýär. Toý tutulýar. Nika gyýylýar. Gelin oturan öýe girmekçi bolanda, görse, Ezraýyl öñünde häzir bolup dur. Ýaş ýigit: "Siz meniñ elimden duz-tagam datdyñyz. Allatagala: "Duzdan hormatly zat ýok" diýipdir. "Ýaradanyñ emrini ýada salyñ" diýýär. Ol Hudaýdan habar tutýar. "Çopanyñ duzuny dadan bolsañ, o ýigide uzak ýaş berilýär" diýen owaz eşidilýär. Ýaradanyñ emrine görä, Ezraýyl ynsanyñ elinden duz datmaly däl bolara çemeli. Duzuñ keramaty älem ýüzündäki musulmanlara ýaýraýar. Şeýdibem, "Bir gün duza - müñ gün salam" diýen nakyl döreýär.
Tatar ÜÝŞMEKOW.
# "Guwanjymyz" makalasyndan bölek.
-
Gözellik.
2 years ago
- EŞEGIÑ KITAP OKAÝŞY
Bir adam Kufe şäheriniñ häkimine bir owadan eşek sowgat eltip beren. Şonda meýlisde oturan adamlar şol eşegi taryplap başlaýarlar. Oturanlaryñ biri oýun-maza salyp: "Men şu owadan eşege hat okamagy öwretmäge taýyn" diýýär.
Häkim bu sözi eşidip, juda gahary gelýär we şol adama ýüzlenip:
- Şeýle sözi aýdýan bolsañ, şonuñ hötdesinden gelmeli bolarsyñ. Eger hötde gelmeseñ, saña ölüm jezasyny bererin. Eger-de şu eşege hat okamagy öwretseñ saña uly sylag bererin - diýýär.
Ol adam öz öýun edip aýdan sözüne puşman edip ökünýär. Näalaç häkimden puryja soraýar. Häkim bu iş üçin on gün möhlet berýär.
Ol adam eşegi idip, öýüne getirýär, haýran-sergezdan galyp, näme etjegini bilmänsoñ, bu işiñ soñunyñ näme bilen gutarjakdygyna-da gözi ýetmeýär. Alaçsyz galyp, eşegi öýde goýup bazara gidýär. Ýolda Bohlula sataşýar. Onuñ bilen köneden tanyş bolany üçin, oña ýalbaryp, bolan wakany beýan edýär we ondan hemaýat isleýär. Bohlul:
- Gaýgy etme, bu işiñ alajy meniñ elimde. Men saña nähili etmegi tabşyrsam, şoña görä amal et - diýýär. Soñra ol şeýle buýurýar:
- Eşege bütin günüñ dowamynda iým berme, ertesi biraz arpany bir kitabyñ sahypalarynyñ arasyna dök we şol kitaby eşegiñ öñüne tut-da, onuñ sahypalaryny ýeke-ýeke açyşdyr. Eşek aç bolany üçin, kitabyñ sahypalaryndaky arpany dili bilen ýalar. Şu işi sen her günde gaýtala. Onunjy gün ýene-de eşegi aç sakla. Häkimiñ ýanyna baranyñda bolsa, şol kitaby eşek bilen bile alyp bar. Emma bu gezek kitabyñ sahypalarynyñ arasyna arpa dökme. Häkimiñ huzurynda ýañky kitaby eşegiñ öñünde goý.
Ol adam Bohlulyñ aýdyşy ýaly amal edýär. Bellenen gün gelip ýetende, eşegi kitap bilen birlikde, häkimiñ ýanyna eltýär. Onuñ we başga-da birnäçe adamyñ huzurynsa kitaby eşegiñ öñünde goýýar. Eşek aç bolany sebäpli, gündelik adaty boýunça sahypalaryñ arasynda arpa bardyr öýdüp, onuñ hemme waraklaryny (listlerini) agtarýar, ahyrky sahypa ýetip, onda arpa ýokdugyny görenden soñ, aññyryp başlaýar. Eşek şeýle etmek bilen özüniñ açdygyny bildirmek isleýär. Meýlisde oturanlar hem häkim bu işde näme syryñ bardygyny bilmän, hakykatdan hem eşek kitap okamak isleýär diýip ynanypdyrlar, olaryñ hemmesi bu işe haýran galypdyrlar. Häkim näalaç öz wadasyna wepa edip, ol adama ep-esli sylag beripdir. Şeýdip, ol adam ölümden halas bolupdyr.
Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW.
-
Gözellik.
2 years ago
- GAÝTARMYŞ (KEMAL) ATA
Gaýtarmyş bolanmyş çopan,
Çopanlykdan kemal tapan,
Çölde köpeldip mallary,
Uly süri bolan eken,
Dowarlañ ýagdaýyn görüp,
Şatlanyan göwni hoş bolup,
Töweregine gözün aýlap,
"Bereket ber, Allam!" diyip.
Ine görse topar atly,
Gykuwlaşyp, yetip gelýär,
Olañ gara niýetleri,
Gaýtarmyşa aýan bolýar.
Diýdi: "Allam bergin medet
Belalary özüñ dep et!"
Mallaryna gamgyn bakan,
Gözli atadan diläp hūmmet.
Gudratyñy görkez Allam,
Ýeke-tak Özüñe sygynýan!
Zalyma dözme gulyñy,
Daşa öwür mallary, meni!,
Gaýtarmyş atañ dilegi,
Kabul bolupdyr şol pursat,
Giden sūri daşa öwrülip,
Gökden ýere inýär Gudrat.
Goýynlaryñ gapdalynda,
Şol çopanyñ kümmeti bar,
Zyýarata gelýänler kän,
Tutyş tūrkmen ymmaty bar.
Ili ūçin hem nesli üçin,
Başyn orta goýan çopan,
Bu gün seniñ nesillerin,
Saña hormat goýýar çopan.
# Goşgy Gaýtarmyş (Kemal) Atanyñ zyýaratgähinden gõçürilip alyndy.
-
Gözellik.
2 years ago
- ÝAZGYT
Ir döwürde obalaryň birinde bir ýigit ýaşapdyr. Ol ýigidiň görk-görmekden, akyl-huşdan kemçiligi bolmasa-da, hiç bagty açylybermändir. Çar tarapa ýollaýan sawçylary «tilki» bolup gelipdir. Ol obada bir ökde bilgiç ýaşaýar eken. Ýigit şol bilgijiň ýanyna baryp maňlaýyna ýazylanyň kimdigini bilip bermegini haýyş edipdir. Bilgiç öz emellerini, tilsimlerini, hasaplamalaryny ulanypdyr we ýigrimi iki ýaşan ýigidiň ýüzüne çiňerilip bakypdyr-da:
— Han ogul, seniň maňlaýyňa ýazylan-a ýaňy-ýakynda dünýä inipdir, ynha pylanynyň gyzjagazy — diýip, obalaryndan bir adamyň adyny tutupdyr. Ýigidiň dyňzap gelen gahary ýetjek derejesine ýetipdir. Ol bilgije agzyndan gelenini diýip, çykyp gidipdir.
Şol gün bu ýigit gyzyň ejesi daş çykanda, öýde ýeke galdyrylan gyzjagazyň garnyny päki bilen dilip: «Maňlaýyma şu çaga ýazylan bolsa, bu hem bozulsyn» diýip, obadan çykyp, gaçyp gi-dipdir.
Bu obanyň bilgijiniň ökde bolşy ýaly tebibi hem ökde eken. Ol ýaňky gyz bäbejigiň garny-ny tikip, ölümden halas edipdir.
Aýlar, ýyllar ötüpdir. Öz obasyndan gaçyp, başga bir obada mekan tutan boý ýigidiň bolsa ýaşy kyrka golaýlapdyr. Saçy çalaryp ugran ýigit öýlenmekden el üzüpdir. Ynha, şol günleriň birinde-de, onuň bagty açylyp duruberipdir. Bir ýetim galanja gyzy oňa gelin edip getiripdirler. Ýaş tapawutlarynyň uludygyna garamazdan, olaryň ýyldyzy düşüşip, bagtly günlere ulaşypdyr-lar. Gelin hamyla bolupdyr. Bir gün ýigit gelninden:
— Bu garnyňdaky büdür-südürlik näme? — diýip sorapdyr. Gelin bolsa:
— Men bäbejikkäm bir oglan meniň garnymy dilip, gaçyp gidipdir — diýip, jogap beripdir. Ýigit maňlaýyna urup:
— Wah, ýazgytdan çykma ýok eken — diýip, gelnini bagryna basyp, ötünç sorapdyr. Soň bir gün ol şol bilgijiň hem öýüne baryp, sowgat-serpaýyny ýetirip, ötünç sorap gaýdypdyr.
Mährigözel DURDYÝEWA,
Mary şäheriniň ýaşaýjysy.
Gözellik. 2 years ago- Sogap (ýa-da "Ilden çyksañ çyk, dinden çykma") / rowaýat
SOGAP
Ir döwürde bir obada uly bir dindar adam ýaşapdyr. Toýda-ýasda kethuda bolansoñ, obanyñ ulusy-kiçisi ony gaty hormatlaýan eken. Ähli dini däp-dessury berjaý edýän hakyky musulman maşgalasy bar eken. Onuñ üç ogly, iki gyzy bolupdyr. Körp oglundan başgasyny öýli-işikli edip, oña-da gelinlik gözläp, ugruna çykyp ýören eken.
Ýöne dindaryñ körpe oglunyñ öýlenmek o diýen bir küýünde-de ýok eken. Bir sapar onuñ saý-sebäp bilen daş ýurda söwda gitmegi, onuñ öýlenmegine ýol açyp duruberipdir. Ol giden ýurdunda tötänleýin örän görmegeý, ýöne dini başga gyza sataşypdyr. Gyzy görenden onuñ hak aşygy bolan. Ol gyzyñ dilinde gürleşip bilmänsoñ, gaty kynçylyk çekipdir. Onda-da üm bilen oñaýyny tapyp, oña söýgüsini her edip, hesip edip beýan edipdir. Gyzyñam daşky sypatyna garap ýigide syny oturypdyr. Şeýdibem, olar tanşyp, ysnyşypdyrlar. Ýürekleri bir bolansoñ, emelini tapyp özara gürleşenler, köplenç bolsa gözler bilen düşünişipdirler. Gysga wagtyñ içinde bular biri-birlerine mazaly ysnyşypdyrlar. Şeýlelikde, dindar adamynyñ körpe ogly sähetli güni ol gyzy öz öýlerine alyp gelipdir.
Körpe oglundan beýle töwekgelçilige garaşmadyk kakasy ilki gatyrganyp, eden işini halamandygyny aýdypdyr. Ýöne oglunyñ gulak asman oturanyny görübem, ol gyzy yzyna äkidip gelmegi towakga edipdir. Ogly şonda kakasyndan ötünç sorap, şol gyzdan başga uzyn eteklä öýlenmejegini aýdypdyr. Näderini bilmedik kakasyna ylalaşmakdan başga alaç galmandyr. Ol:
- Eden işiñ-ä birgiliräk boldy, oglum, ýöne dini başga bolsa-da Hudaýyñ bendesidir. Bu gyza öýlenseñ öýlenäý, dinden çykdyñ, ýöne ilden bir çykmagyn, oglum - diýenmiş. Ogly şonda:
- Kaka, arkaýyn bol, men dindenem çykan däldirin, ildenem çykman, ine, özüñ görersiñ - diýip, jogap berenmiş.
Oglunyñ näme üçin beýle jogap berenine ol ýuwaş-ýuwaş düşünip ugranmyş. Sebäbi ogly gelnini wagtyñ geçmegi bilen öz iline goşup ugrapdyr. Ilki bilen-ä oña ähli däbi, düzgüni düşündiripdir, eşigem edil türkmen gelniniñ geýnişindenem artyk geýmäni öwredipdir. Kynçylyk, azap baryny çekibem, oña arassa gürlemäni-de öwredipdir. Gelin hemmäniñ gözüniñ alnynda hakyky türkmen gelnine öwrülip oturyberipdir. Soñra bolsa adamsy oña namaz, aýat, töwir ýaly ähli musulman borçlaryny-da öwredip, doly öz däbine salypdyr. Şeýdip, ol çaga-çugaly hakyky musulman maşgalasynyñ ojak eýesi bolupdyr. Bu zatlary gözi bilen gören kakasy dini başga gyzy musulman däbine salyp bilen oglundan razy bolup bu dünýäden ötenmişin.
Dindaryñ ogly uly agyr, abraýly maşgala bolup, uzak ýyllar ömür sürenmiş. Onuñ öz aýalyndan hiç wagt närazylygy bolmandyr. Ol şeýle bir ýumry-ýumşak maşgala bolanmyş. Onuñ özüniñ-de aýalyny närazy eden ýeri bolmanmyşyn. Ömrüniñ dowamynda öz aýalyny musulman maşgala öwrüp bilenine öz-özünden razy bolanmyş.
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçip ol dindaryñ oglunyñ-da kazasy dolanmyş. Ähli üýşen mähelläniñ içinde onuñ aýalynyñ dady-perýady has zaryn eşidilipdir. Ahy-nalalar bilenem ol adamyny iñ soñky ýoluna ugradypdyrlar.
Gonamçylykda ol adamynyñ jesedini mazaryna salan wagtlary, obanyñ iñ uly saýylýan mollasy aýak uçda duran ýerinden mazaryń içine eglup bir seredipdir-de, ýuwaşjadan bir zady yzarlaýan ýaly asmana bakypdyr. Bu ahwalar oña görünse-de, ýaşuly töweregindäkilere ýagşydan-ýamandan şol wagt dil ýarmandyr.
Gonamçylykdan gaýdyp gelen gölegçiler sea edenden soñ, ol molla:
- Siz-ä ol bendäni jaýladym edip gaýtdyñyz, ýöne edil mazara goýýan wagtyñyz, perişdeler geldiler-de, ony tabydy bilen göterip, göni uçmaha alyp gitdiler. Çünki, ol bu dünýäde gaty sogap iş etdi. Dini başgany, hakyky musulman däbine saldy. Hudaý onuñ bu eden işini gaty hoş gördi, şonuñ üçinem, oña, ýagşylygy buýyrdy - diýipdir-de, merhumyñ hatyrasyna doga okapdyr. Dindar adamynyñ dindar oglunyñ Hudaý halap eden işini bendeler-de gaty halanmyş. Ol sogap işlerden, soñra olae ildenem, dindenem çykmaly däldigine düşünenler. Şeýtmek bilenem "Ilden çyksañ çyk, dinden çykma" diýen ýaly nakyl ýüze çykanmyş.
Toplan: Sona ILMUHAMMEDOWA.