Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde gepleşikler geçirdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýum we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň resmi web sahypasynda bellenilip gBu duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda maýa goýum, senagat, söwda we ykdysady, ulag we logistika, medeni we ynsanperwer ugurlar, şeýle hem suwdan peýdalanmak, sebitara hyzmatdaşlyk we azyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyldy.

Öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugry düýpli gözden geçirildi we geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.eçilýär.ÖZARA SÖWDA 1 MILLIARD DOLLARA ÝETIRILER

Taraplar ikitaraplaýyn söwdany ösdürmekde möhüm öňegidişligi bellediler: mysal üçin, soňky 4 ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda 5 esse, 2021-nji ýylda bolsa 65 göterim ýokarlanyp, takmynan 880 million dollar boldy. Bar bolan söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini öňe sürmek we ýakyn geljekde özara söwdanyň mukdaryny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak maksady bilen iki ýurduň telekeçileri we öndürijileri arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki işleri güýçlendirmek üçin özara taýýarlyk bildirildi.

Senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mundan beýläkki çärelere gepleşikde aýratyn orun berildi. Taraplar bu ugurda käbir pudaklarda gazanylan üstünliklere ünsi çekdiler we ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmäge we iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze teklipleri taýýarlamaga özara gyzyklanma bildirdiler.

SEBITARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILER

Sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti hem bellendi. Taraplar şu ýyl Özbegistan we Türkmenistan sebitleriniň ilkinji forumyna taýýarlyk görmek baradaky çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar, bu iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmak üçin möhüm meýdança bolar.

Mundan başga-da, suwy dolandyrmak, hyzmatdaşlyk we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, umumy ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr geçiş mümkiniligini ýokarlandyrmak we birnäçe ugurlarda düýpli meselelere garaldy.MÖHÜM YLALAŞYKLARA GOL ÇEKILDI

Duşuşykda oba hojalygynyň ýerlerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk önümleriniň hiliniň halkara standartlaryny girizmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň netijesinde iki ýurduň işewür wekilleriniň arasynda oba hojalygy, elektrotehnika, himiýa senagaty we gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly birnäçe maýa goýum we eksport şertnamalary baglaşyldy.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir