Ol waka indi-indi meniň ýadymdanam çykyberipdi. Ýöne şu gün seýilgähde gezelenç edip ýören wagtym ýigit bilen gyzyň arasyndaky şowsuz duşuşygyň şaýady bolanymda ol döwürleri, seni ýatlamaga mejbur boldum.
Orta mekdebiň ýokary synpynda okaýardym. Senem goňşy obamyzda, daýzamlaryň obasynda, olaryň goňşusy bolup ýaşaýardyň. Edil meniň ýaly senem orta mekdebiň ýokary synp okuwçysydyň. Ol döwürler diýip uzaldanym bilenem seniň bilen baglanyşykly waka, meniň kalbymy lerzana salan pursatlara entäk bäş ýylam bolanok. Ýöne şol geçen ýyllar meniň üçin bütin ömrüme barabar boldy. Ýöne nätjek günä özümde bolsa-da şol gedemligim. Men sen nirede bolsaňam “bagyşla” diýmek isleýärin, ýöne kejir duýgularym, özümiňde halamaýan gedemligim aýagyma badak atyp dur.
Ilki-ilkiler siziň obaňyza baranymda, daýzamyň ogly Merediň ýanyna zol-zol gatnap durmagyňa, maý tapsaň maňa söz gatjak bolmagyňa ünsem bermedim. Ýöne seniň umman ýaly çyrpynyp ýatan mawy gözleriňde birhili yssy mähir duýdum. Sen örän çekinjeňdiň. Men beýlä geçsemem “Salam”, eýlä geçsemem “Salam”… Garaz daýzamlara baranymdan tä gaýdýançam üstümi salamdan doldurardyň. Başda men seniň adyňam bilemokdym. Soňra ýene bir gün gelenimde senem bir bahana bilen gelip, ýene öz “Salamlaryňy” ýagdyryp ugradyň. Menem saklanyp bilmän:
-Aý oglan, elmydama diňe “Salam” diýip ýörsüň. Sen näme başga söz bileňokmy? Ýa seniň adyň Salammy? –diýip soradym. Senem şol çekinjeňligiň bilen:
-Ýok, Aýhan-diýip jogap berdiň.
-Bolsa-da başga söz bilýän ekeniň-diýip, seniň üstüňden hezil edip gülüp durkam, Meret gürrüňimize goşuldy.
-Aýsuluw boldy-la, beýdip ýuwaş oglany köseme. Aýhan senem beýdip agzyňa suw alan ýaly bolup durma. Birazajyk gaýtawul bermeseň, bu şeýtanyň aýtjak gepi köpdür –diýdi. Menem:
-Ýokla, Meret meniň-ä bu ýigit bilen işim ýok. Ýöne “Salam” diýip gaýtalap duransoň başga söz bilýän-bilmeýänini barlap görjek boldum” –diýip siziň ýanyňyzdan daşlaşdym.
Biziň iň soňky jaň dabaramyza gelen myhmanlaryň arasynda Aýhana gözüm düşdi. Ol maňa şeýlebir mähirli seredýärdi. Men bolsa sowuk bakyşym bilen oňa üns bermediksirän boldum. Dabaradan gaýdyp gelýärkäk ýolda Aýhan duran eken. Elinde-de meniň iň gowy görýän güllerim, goýy gyzyl reňkli bägüller bardy. Ol güllerini maňa uzadyp:
“-Aýsuluw soňky jaň dabaraň gutly bolsun! Orta bilim hakyndaky şahadatnamaň yzy diploma öwrülsin”- diýip, mähirli sözleri aýtdy. Soňundanam: “Aýsuluw, men saňa bir zat aýtmakçy. Men seni ilkinji gören günümden bäri halaýan. Seniň gürleýşiň, edebiň, özüňi alyp barşyň maňa gaty ýaraýar. Eger sen razy bolsaň men saňa ynsanyň iň näzik duýgularynyň gözbaşy bolan ýüregimiň töründen hemişelik orun berjek. Sen elmydama meniň ýüregimde ýaşarsyň”-diýdi. Şol wagt meniň buz ýaly ýüregime seniň sözleriň gaty bir täsirem etmedi. Men: “Baý-bow, çekinjeň oglana dil bitäýipdir. Menä sen salamdan başga söz aýtmaňsoň, gaty geň görüp ýördüm. Ine geň görseň şol çekinjeň oglan şahyra dönüp gürläpjik otyr-diýsem, Aýhanyň ýüzi gyzmaga başlady. Menem:
“Bagyşla Aýhan! Her kim özüne mynasyp bilen bagtly bolar” diýip öz ugruma gitdim. Başyňy aşak salyp, men öýe girýänçäm yzymdan seredip galdyň. Soňra sen harby gulluga gitdiň. Menem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdebine okuwa girdim. Sen harby gullukda wagtyň birnäçe gezek maňa hat ýazypdyň. Meni söýýänligiňi, mensiz ýaşap bilmejekdigiňi ähli hatlaryňda beýan edýärdiň. Nijeme gezek saňa jogap ýazmaga başlapdym. Ýöne erkimi duşaklan gedemligim üstün çykyp, saňa ýazýan hatlarymy soňlamakdan saklaýardy. Harby gullugy tamamlanyňdan soň, Meretden meniň nomerimi alyp jaň edipdiň. Gullugy abraý bilen tamamlanyňy buýsanç bilen habar berip maňa duşuşmagy teklip etdiň. Men garşy boldum. Ýüregim saňa tarap näçe atygsa-da özüme erk etmäge çalyşdym. Sen: “Aýsuluw, seniň buza dönen ýüregiňe meniň gyzgyn ýüregimden çogup çykýan duýgularym hiç hili täsir edenokmy? Maňa ýekeje mümkinçilik beräý. Seniň gül keşbiňi görmek meniň iň uly arzuwym. Haýyş edýän birje gezek görüşäýeli” diýip ýalbardyň. Saňa dözmän men razy boldum. Sen şeýlebir begendiň. Şeýdip öýlänlik wagt belleşip, seýilgähde duşuşmagy wadalaşdyk.
Belleşilen wagtda seýilgähe baranymda sen maňa garaşyp duran ekeniň. Owadan bägüllerden bogulan çemeni maňa uzadyp, hal-ahwalymy soraşdyrdyň. Gülleriň hoşboý ysyna maýyl bolup durşuma:
“Gözüň aýdyň! Sag-aman geldiňmi?-diýip soradym.
“-Hawa. Aýsuluw geleniň üçin sag bol. Meni gaty begendirdiň. Bilýäňmi, seni gaty göresim geldi. Ýazýan hatlaryma jogap ýazmaňsoň birje suratyňy ugradaý diýmegem gelşiksiz gördüm. Aýsuluw men seni ýürekden söýýän. Saňa bolan söýgimi nädip beýan etjegimi bilemok. Şygyr ýazsam sözler, aýdym ýazsam saz ejiz gelýär. Eger sen häzir okuwymy okajak, jogabymy soň bererin diýseňem men razy. Sebäbi menem lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebine girmekçi. Men saňa ömrüm ötýänçä garaşmaga taýýar. Sen diňe meniňki bolsaň bolýar –diýip, ýürek sözleriňi beýan etdiň.
Adamy synamaga ýeterlik wagt bolandyram. Ýöne men ýene-de öz ykbalyma özüm garşy bolup, “Aýhan men saňa jogabymy öň aýdypdym öýdýän. Meniň pikirim entägem üýtgänok” –diýip jogap berdim. Soňam sagadyma seredip “Wagtam gijigip barýar men gideýin. Sag bol!” diýip umumy ýaşaýyş jaýyna tarap ýola düşdüm. Seniň gözleriňdäki gynanja, ahmyrly söýgüden ýaňa balkyldap duran gözleriňe gözüm düşende ýüregimde nätanyş yza peýda boldy. Şeýdibem seniň bilen bagly söýgime özüm nokat goýdum. Eýýäm men bäşinji ýyl talyp. Seniň bilen bagly ýatlamalara gark bolup oturşyma, “O-how, Aýsuluw şeýtan, nähili gowumy?” –diýip aňyrdan ýylgyrjaklap gelýän Merede gözüm düşdi. Meret obanyň täzelikleri, garyndaşlarymyzyň ýagdaýy bilen tanyşdyryp, tizlikde Aýhanyň agasynyň toýunyň bardygy, Aýhanyňam şol toýa gelýändigini duýdurdy. Ýüregimiň eýesiniň jigisi Jeren Meretden ýörite maňa çakylyk ugradypdyr. Menden toýa hökman gelmegimi sorapdyr. Toýa gitjegimi-gitmejegimi bilmän kösenmeli bolmadym. Sebäbi bu gezek ýüregim rüstem geldi. Toýa iki gün galanda oba gitdim. Ejem-kakam meni görüp şeýlebir begendi. Toý güni ejeme hemme zady gürrüň berip, maslahat soradym. Ejemem: “Gyzym, jogap seniň ýüregiňdedir. Ýüregiň näme diýse şony ediber” diýdi. Ejemjanyň maslahatyny alyp, ýüregimi diňledim. Ýüregim diňe “Aýhan” diýip urýardy.
Daýzamyň gelni bilen agşamlyk toýa bardyk. Jeren bizi mähirli garşylady.
“-Aýsuluw geleniňe sag bol. Aýhan görse juda begener” –diýip, yzyny üzmän gürledi. Biz tansa goşuldyk. Tans etsegem meniň gözlerim diňe Aýhany gözleýärdi. Oňa aýtjak zatlarymy kellämde aýlap durşuma, Aýhanyň golaýjagyma gelip, tans edip ýöreninem duýmandyryn. Birden gapdalyma seretsem Aýhan dur. Şu pursat dünýä doňan ýaly boldy. Birek-biregiň gözlerine siňip, näçe ýylky aýralyk zerarly güýjän söýgimizi gözümiz bilen beýan edip durkak, agaň öz öýlenýän gyzy bilen biziň aramyza geldi. Bagtly juwanlara seredip, biziň söýgimiz has-da möwjedi. Şol pursat meniň has golaýyma süýşüp, egniňi-egnime diräp, nurana bakyşlaryň bilen agaň bilen gelnejeňi ümläp, ýene maňa seretdiň. Menem bagtdan ýaňa uçaýjak bolup, diňe başymy atyp, saňa razylygy bildirdim…
Gülşat Orunowa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň talyby.