Baş gahrymanymyz Gaýgysyz, ady Gaýgysyz bolsa-da özi gaýgyly, bar gaýgysy siz bolan Gaýgysyz, ýokary bilimini Türkiýede tamamlap, „Hasam bilimli bolaýynla“ diýip ýewropanyñ iñ ösen şäherleriniñ wii ýurtlarynyñ biri bolan Estoniýa mastera gitdi. Öran üstünlikli okap nijeme konferensiýalarda çykyş etdi. Aý indi ata watana gaýdyp getiräýelile, ýa ýene ýewropada galjakmyka? Borla men bir getireýin. Türkmenistana giñ düşünjeli adamlar gerekdä, bolmasa ýewropadan, medeniýetiñ ojagyndan(!) ony nämçün goparaly? Ana onda geldi ata watana. Uçardan düşdi. Tomusyñ birinji aýy we howa yewropañ howasyna „bar añyrrakda dur“ diýjek derejede ýyljajyk. Ýyly ýürekli adamlaryñ ýurdy nädip ýyljajyk bolmasyn? Gaýgysyz näçe wagtlap öz ýurduna gelmänligi üçin migrasiyanyñ işgärleri ony gaty gowy garşylady. Hiçhili kösenmänjik geçip gitdi, “Jigim hol gapa bar.” diýen gepi eştmedi, eştdirmersem. Sebäbi buwagt bar zat biziñ elimizde. Meniñ hyýalym. Gaýgysyzam otur diýsek oturar, tur diýsek turar. Başga alajy ýok, ýöne biz ony gaty hezil, ajaýyp wakalara duçar ederis nesip bolsa. İlki aşyklar şäheri bolan Aşgabada aýlaly. Aşyklar şäheri Aşgabat bolsa-da oña öz yşgy bilen Daşoguzda garşylaşdyrarys. Ýewropada herhili gelşiksiz, her tüýsli reñkli jaýlardan bizar bolan Gaýgysyz Aşgabadyñ ak mermerden salynan birmeñzeş jaýlaryna haýran galyp, olardan gözüni alyp bilmeýär. Maşynlara çenli akja. Asmanda-da diñe ak kepderi, gara gargalara ýer ýok.
„Söýgi näme?“ diýdim bir gara garga.
Ol diýdi: „Sataşyp yşk diýen urga
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal.“İtlerine çenli akja. Gaýgysyz bu ýagdaya ak guş yaly uçaýjak bolýar, ýöne bu başartmaýar, sebäbi onuñ egnindäki ýük şeýle bir agyr.
„Söýgi näme?“ diýip ýüzlendim serçä.
Ol diýdi: „Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
İñ uly guşdum.“Ak ýürekli, birbirinden doýan göwnaçyk adamlar ony hasam haýran edýärdi. Borla, gepi uzatman asyl waka geleli. Dogduk mekan Daşoguz. İñ gowy adamlar Mardan bolsa-da Gaýgysyz üçin bu beýle däldi. Onuñ üçin dünýäde iñ gowy adamlar Daşoguzdandy. Gaýgysyz önüp-ösen, ulalan ýerine geldi. Bärde nämä haýran galarka? Aý adam haýran galjak bolsa haýran galara zat köple. Yöne Gaýgysyzyñ özem haýran galakgarjady. Haýran-haýran içini gürledip daş töweregine garanjaklap añkaryp barýar; “Beeeý, seredä, gör nähili ajaýyp gorapdyrlar jan Daşoguzymy? Hiçzady üýtgetman nädip saklapdyrlar? Haýran galaýmaly. (Arassa howany ulydan içine çekip) Tozany diýseñ tozany, suwy diýseñ suwy. Ýewropalylar bolsa, hymh.”
Gaýgysyzjanyñ garşysyndan uzyn boýly, inçe billi, yaşyl gözli, belkem mawydyr, ýa garagözmikä, çeşme ýaly akyp duran boýagsyz saçlary, ýüzünde makyažyñ betnyşanlygyndan nam-nyşan ýok, men diýeýin peri, siz diýiñ misli bir hüýr, şeyle owadan türkmen gözeli ýöräp gelýär. Owadanlyk nämä gerek, onuñ terbiýesi, edep-ekramy ýöreýşinden, ýere seredipjik ýöreýşinden hem görnüp durdy. Adam edil özi ýaly owadandy. Näme bolsun ady? Mmmm. Leýla, Leýla bolsun ady. Özem mugallym bolsun. Mugallym gyzlary gowy görýärdä biziñ milletimiz. Ýaşyna garamazdan ony mekdep müdiri şol ýyl XI synplaryñ synp ýolbaşçysy edipdi. Ol öz okuwçylaryna okuwy oñat gutardyp, synaglaryny şowly tamamladypdy. Ony mekdepde bolsun başga ýerde bolsun hemme kişi gowy görýärdi. Gowy görülmäge hem mynasypdy. Leýla geçip baş gahrymany ýatdan çykaraýdyk. Siz bir ýatladyña how.
Gaýgysyz, eeeý Gaýgysyz! Gaty görüp oturma-da öñüñe seret! Eeeý, türkmen, seredä öñüñe! Menä ýazyp oturan ýerimden gabanyp otyrn seni, sen bolsa öýkelän bolup, kimow sen? Hawa gabanýan, sebäbi nämçün özümi däl-de seni duşurýan Leýla bilen, haýran galaýmaly. Bolýar-da. Gaýgysyz içini hümledip añkaryp barşyna, Leýla-da aýagnyñ ujuna seredip barşyna hawa çeper filmlerdäki hadysa ýüze çykar. Leýlañ elindäki bar zat pytrap gitdi. Göz-göze gelip ikisem özlerine gelmedi-de hasam beter özlerinden gitdiler. Asmanda ýekeje hem bulut ýokdy, ýöne ýyldyrym çakyp gitdi, özem betinden. Gaýgysyz ýere gaçan zatlary çöpleşmek niýeti bilen ýere egilse näme görsün? Ýerde birgiden attestat. Gaýgysyzyñ nerwisi doñdy. Bu jöwzaly yssyda onuñ nerwisini doñduran zat nämedi? Ol öz attestatynam näme etjegini bilmän yördi ahyry. Gözegine bu attestatlar bilen uniwersitete giren, girýän, girjek talyplar gözegine geldi. Beýle doñan nerwini diñe herkimiñ öz Leýlasynyñ ýylylygy, yşkyñ ýylylygy çözüp bilerdi. Ýogsa-da Gaýgysyz! Şu Leýla şol Leýlamyka? Hawa hawa, şol bolmaga çemeli. Bolmasa attestat gören Gaýgysyzyñ doñan nerwisi beýle gysga wagtda ýumşasy ýokdy. „Bagyşlañ!“ diýdi Gaýgysyz. Leýla utanyp ýere giräýjek bolýardy, bular ýaly utanara näme bardy? Nijeme adamyñ öñünde konferensiýa geçip ýörenje Gaýgysyzam „Bagyşlañ!“dan başga söz sözläp bilmedi. Görýäñmi Gaýgysyzjan, durmuş üýtgeşik. Saña konferensiýa däl bu durmuş. Şol günden soñ Gaýgysyz ýatsa düýşünde Leýla, tursa huşunda Leýla. Huşunda Leýla diýýänim özi Leýla. Ýok diñe Gaýgysyz beýle däl. Şuwagt Leýlañ ýanyna baryp, „Söýgi näme?“ diýseñ Kerim agañ setirleri bilen şeýle jogap berjegini aýnadanam açyk bilýän:
„Söýgi näme?“ diýdim bir ajap gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: „Söýgi meniñ edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!Gaýgysyz nädibem bolsa birzat edip Leýlasyny tapmalydy. Kellesini işletdi, ýere gaçan zatlar nämedi? Attestatdy ahyry. Ana doñdy ýene kelle. Ýok bu gezek doñmady, sebäbi bir ujunda Leýla bardy. „Diýmek ol mugallym bolmaly-da. Hawa hawa. Garaş maña Leýla!“ diýip ýola düşdi. Şol süsüşen ýerleriniñ töweregindäki mekdepleriñ sanawyny ´google map´den derrew bilen Gaýgysyz, mekdepleri añsatlyk bilen tapdy. Birgün o mekdebiñ öñünde, birgün bu mekdebiñ öñünde. Leýla bolsa otpuskada(zähmet rugsady). Gün geçdigiçe Leýlañ otpuskasy, Gaýgysyzyñ bolsa umydy tükenýär. Eý borlaý olar ýalam nejis bolmaly. Ýa Gaýgysyza näme bolsa bolsunmy? Gaýgysyz owarramla welin, Leýlañ näme günäsi bar. Oýun edýän how Gaýgysyz, olar ýalam erbet biri däl men. Gowuşdyrjak sizi, arkaýyn bol. Ýöne iñ soñunda pasy saña berjek, bar jogapkärçiligi özüñe goýup, bir gyrada duran ýassyjagymy gujaklap arkaýyn ýatjak. „Şugünem gabatlaşmasam boldulaý indi, ýöne bir salgyma kowalaşyp ýörn.“ diýdi Gaýgysyz. Şol gün ýazyjyñ, ýagny meniñ rehmimiñ gelen günidi. Biri gynansa maña bolonok, ýüregim agyrýa. Meñki dogry hem bolup, garşymdaky gynansa bolonok. Gaýgysyz şular ýaly ýuka ýürekli bir yazyjynyñ eline düşeni üçin örän bagtlydy. Ýöne mundan onuñ özem bihabardy.
„Birgiden adam özüniñ bagtsyzdygyny bilýär, ýöne ondan has kän adam özüniñ bagtlydygyny bilmeýär.“
Şol gün Leýlañ otpuskasy dynypdy. Aslynda Leýlañ otpuskasynyñ dynmagyna ýene 1 aý bardy. Ýöne şuwagt güýç bizde. Biz haçan dyndyrsak dynybermeli. „Gowurga dişliñki, döwür güyçliñki“ diýipdirler. Ýöne buwagt dişli bolubam gowurga iýmek gaty añsat däl. Bu ýazgynyñ gutarmagyny menem gaty isläp baramok, ýöne hemme gowy zatlar ýaly bu yazgynyñ hem soñy ýakyn.
Olar ýene öñküje süsüşen ýerlerinde gabatlaşdylar, tanyşdylar. Leýla Gaýgysyzy birnäçe kişiden sorady, soratdyrdy. Ol Gaýgysyzdan näme-de bolsa birzady gizleýärdi. Gaýgysyz Leýlanyñ oñat gyzdygyna gözi yetensoñmy ýa ýokary-ýokary bilimine guwanany üçinmi nämemi Leýlany hiçkimden soramady. Ýok ondan dälle, ol Leýla ynanýardy. Soraýanda-da Leýlany ýamanlap biljek adam ýokdy. Sebäbi oña yazyjy kepildi. Leýla gizläp ýören zadynyñ birgün ýüze çykjakdygyny bilýärdi, ýöne şonda-da ol gizlemegi saýlady. Günler geçdi, birek-biregi oñat tanadylar. Yna-da bugün Leýlañ gizläp ýörenje zady hem gün ýüzine çykdy. Gaýgysyzyñ üstünden gaýnag suw dökülen ýaly bolup gitdi. Leýla şeyle owadan, agras, asylly, terbiýeli başly, aýdymdaky ýaly („Aýdyma laýykdyr seniñ jemalyñ, Aýdyma laýykdyr seniñ kemalyñ 🎶🎼🎶”) jemaly-da kemaly-da aýdyma laýyk. Ýöne ýekeje kemçiligi bardy. Näme, bir kemsiz gözel barmy? Tikensiz gül barmy?Dokuzyny düzüg edip bilen ýoga. Bir kakam bar dokuzyny düzüg eden, olam zor bilen. Öñler içäýýän ekendä birazajyk. Türkmen pahyr gaty zehinli bolonsoñ ‘içýär’ diýilse göni näme içýänligine düşünýär. Häzir gidip ýewropaly yza galaklara ‘içýär’ diýseñ „Näme içýär?“ diýip sorar jahyllar. Birazajyk içýär eken ýöne, peýan bolýança. Peýan bolandan soñam içýän eken welin, olar hasap däl. Sebäbi ondan soñ bilip içenok eýýäm. Menä bilemok, ýöne gürrüñ berdiler. Şol wagtlar birgün içip otyrka almany bir dişläp gygyrypdyr “Biziñ dokuzymyz düzüg dälmi?” ýanyndakylar “Hawwaaa” bir dişlenen alma malç istena. Ýene bir zat alýar “Biziñ dokuzymyz düzüg dälmi?” “Hawwaaa” malç. Başga-da ýok bolaýmasa dokuzy düzüg bolan. Bar bolsa aýtsyn. Hä däliler bar biram dokuzy düzüg bolan. Nä dokuzyñ düzüg bolsa-da söýgiñ özi tapýar seni.
„Söýgi näme?“ diýdim zynjyrly dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
„Men, men, men…
Ynha, Söýgi men!..“
Allajana şükür soñ toba etdi. Şuwagt şolar ýaly zatlary ýatlatsañ „Agzyma alyp gören zadym däl. Töhmet atma.“ diýýär. Kakam dogry aýdýar. Sebäbi:
„Toba eden(soñ gaýtalamasa) ol günäni hiç işlemedik ýalydyr.“
Nireden nirä geldigaý Gaýgysyz? Seni aýlajakdym aýlamasyna welin, bular ýaly aýlajagymy özümem bilemokdym. Hawa hawa, yekeje kemçiligi bardy Leýlañ. Ol hem, Leýla ýokary bilimini Türkiýäniñ kiçirajik şäherleriniñ birinde, kiçiräjikligi adyndanam belli şäheri bolan Uşakda alypdy we Leýla gynansakda uniwersitede attestat bilen giripdi. Muny öwrenen Gaýgysyz indi näme ederkä? Gaýgysyz Leýlany bu uşak, ýöne oña görä ullakan kemçiligi bilen kabul edermikä ýa öz söýgisinden ýüz öwürip ony yüreginiñ, yürejiginiñ jümmüşine gömüp özi uşalarmyka? Munuñ jogabyny men hem bilemok eziz okyjylar. Munuñ jogaby diñe baş gahrymanymyz Gaýgysyzda. Ýöne menä „Gabyr bol attestat.!“ diýip öz Leýlamy kemçiligi bilen kabul ederdim. „Hemme kişi artykmajy bilen söýüpdi, men bolsa kemçilikleri bilen hem söýüpdim.“
„Söýgi näme?“ diýdim şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: „Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!”
Hany bäri gel ýassyjagym..