Göwnüňe kän degdim,kän degdim çenden,
Hem saňa hemişe gaharly bakdym.
Sen bolsa her gije agladyň ýatman,
Ýenede ir bilen ýylgyryp bakdyň.
Kän ynjydyp,agyrtsamda ýüregiň,
Şonda-da,birjigem gynanmadym men.
Gözleriňden dynman akanda ýaşlar,
Gaharly seretdim,gyýylmadym men.
Hiç hili gynanman edýän zadyma,
Gazap bilen,hökümimi ýöretdim.
Sen şonda-da gözüň ýaşyny gizläp,
Maňa diňe mähir bilen seretdiň.
Işlerim bulaşyp,batga batamda,
Ýylgyranlam geçip gitdi deňimden.
Şol pursadam ýenede ýarym boldy,
Mähirli ýylgyryp,çykan öňümden.
Ýylgyrýan ýok eken,ýaryňdan başga,
Eger birden bulaşaýsaň şer işe.
Şonuň üçin,geliň bizem oglanlar,
Ýylgyralyň,ýarymyza hemişe!