Bu gün Watanyma şatlygyn seçip,
Şowhun bilen, ynha, geldi täze ýyl.
Täze senenama ýene-de göçüp,
Türkmen topragyma geldi täze ýyl.

Beslän arzuwlarňyz hasylly bolsun,
Her kimiň gül ýüzi şatlykdan dolsun,
Lowurdap halkyma täze gün dogsun,
Buýsanç paýlap ile, geldi täze ýyl.

Saçaklar ýazylsyn süýjilik bilen,
Döwlet bilen gelsin, öýe her gelen,
Ömürlik ýylgyrsyn, bir gezek gülen,
Ýene bir ýyl münüp, geldi täze ýyl.

Her bir maşgalada gülsün gül-ýüzler,
Ýaşlansa begençden ýaşlansyn gözler,
Ýüreklerden çyksyn mähirli sözler,
Bagt nuruny eçip, geldi täze ýyl.

Işler şowly bolsun, gadamlar batly,
Süýjilikler bolsun, tagamlar datly,
Agzybirlik ähli zatdan gymmatly,
Saglyk bilen ýetip geldi täze ýyl.

Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir