Üç sany ýer urup, ýetim galan dogan bolupdyr. Olar günleriň bir güni çölde ýaraman ýatan goja duşýarlar, ony göterip öýlerine getirip däri-derman edip, ýerli-ýerden ugruna seredýärler. Görüp otursalar, ol üç dogany synap görmek islän ýagşyzada eken. Bir gün ýagşyzada olara özüni tanadýar, baýlyk baryny berýär. Ýigitler öýlenip öýli-illi, mally-hally bolýarlar. Gelinlerem, allanämemiş, günleri bal bilen ýag ýalymyş. Günleriň bir güni üç dogan işe gideninde, ýagşyzada uly doganyň gelniniň ýanyna baryp: — Gyzym, meniň müddetim doldy, men ýola gitmeli, näme gerek-ýaragyň bolsa dile — diýýär. Uly gelin baýlyk, tylla-teňňe dileýär. Goja ikinji gelniň gapysyndan hem barýar. Olam: — Gitseňiz, sag-aman baryň. Bize şu-şu baýlyklary berseňiz bolýar — diýen. Goja ýagşyzada onuň diýeninem bitirip, haltasyny göterip, kiçi gelniň öýüne barýar. — Gyzym, meniň barmaly ýerim köp, näme baýlyk gerek bolsa, dile, men gitmeli — diýipdir. — Atam, ozalky eden ýagşylyklaryňyza hem Alla ýalkasyn. Galsaňyz, didämiziň üstünde ornuňyz bar, gitseňiz hem sag-aman baryň... Bize beren baýlygyňyz bolýar, agzybirligi goýuň-da gidiberiň! Ýagşyzada lampa özüni ýere goýberipdir: — Haý, gyzym, men agzybirligi goýup, hanjak gideýin. Meniň bar baýlygymyň açary agzybirlik. Men ömürlik siziňkide galmaly boldum. (ruhnama 168-nji sah.)
Agzibirlik(rowayat)
-
betjebiri
13 years ago
- su dunya name u,m 5 gunluk diyilya so esasy bas gun haysylar
-
ynsan
13 years ago
- betjebiri...
1. Ruhlar älemi.
Allah Tagala ruhlaryň hemmesini
ýaradan gününden başlap, ene
göwresindäki çaga ruh
üflenýänçä bolan aralykdyr.
2. Dünýä durmuşy.
Ene göwresinden tä şu
dünýäden ötýänçä dowam
edýän synag döwri.
3. Berzah älemi.
Dünýäden ötenden soň haşr
gününe çenli bolan aralykdyr. Bu
ahyret durmuşynyň ilkinji
menzilidir.
4. Ahyret älemi.
Haşr gününden soňky ýaşaljak
döwürdir. Ynsan ahyret
äleminde şu menzilleri ýaşap
geçer: gabyr (berzah) durmuşy,
kyýamat, haşr we magşar, amal
depderiniň berilmegi, hasap,
mizan, syrat, şefagat, jennet ýa-
da jähennem.
5. Ene garnyndan ahyryet gününe cenli ýa$an bu ýalancy dunýandir 4menzili icine alýan
-
RTS
13 years ago
- gowy zatlara yazypsyn...yazylary göz önine alyp yashasadyk...
-
ynsan
13 years ago
- yashamak, amal etmek ol oz elimizdaki zatlar. Biz oz newsimize buyrup bilsek bolany, sholar yaly durmushda yashap bashlarys
-
EZIZIM
13 years ago
- Dogry aýdýañyz dostlar.sagboluñ.
ynsan 13 years ago- agzibir bolalyn ildeshler, name peyda bar millet paryzlykdan! Her bir zada jogap bermelidiris, aldanmalyn yalancy 5gunli dunya. Namaz okalyn yaradanymyzy tanalyn, biz musulman halkydyrys. Hany ildeshler ozumizi tanalyn. Nirden gelip nira baryas