Türkmen estradasynda özboluşly däp emele geldi. Ol hem ýylyň dowamynda öz zehini bilen halkyň söýgüsini gazanan ýaş estrada aýdymçylarymyz «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýlip yglan edilýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda bu hormatly derejä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada aýdymçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begençmyrat Çaryýew mynasyp boldy. Şirin mukamlara ýugrulan ajaýyp aýdymlary, özboluşly owazy bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salmagy başaran Begenji Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda gazanan üstünligi bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik toparynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik:

Begenç, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolanyňyzda başyňyzdan geçiren bagtly pursatlaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

«Bagt duýdansyz gelýär» diýleni. Menem şeýle bagtly pursatyň eýesi bolaryn diýip pikir etmeýärdim, ýöne arzuw edýärdim. Sebäbi bu bäsleşige gatnaşýan ýaş estrada aýdymçylarynyň zehini biri-biriniňkiden zyýada. Olardan ýeňijini saýlamak aýdymlarymyza ses beren diňleýjilerimize-de aňsat düşen däldir. Şol gün, şol pursat meniň durmuşymda iň bagtly günleriň biri boldy. Täze ýylyň öňüsyrasynda döredijiligime berlen bu ýokary baha maňa ajaýyp toý sowgady boldy. Bu bolsa meni täze-täze eserleri döretmäge borçlandyrýar.

Aýdym-saz sungatyny ykbalyňa öwürmek üçin, ilkinji nobatda tebigy zehin galyberse-de, irginsiz yhlas gerek. “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly siziň aýdym-saz sungatyna gelmegiňizde maşgalaňyzyň, has dogrusy kakaňyzyň täsiri uludyr!

Elbetde, halkymyzda “Ata kesbi — ogla halal” diýlişi ýaly, maşgalamyz sungat maşgalasy. Kakam Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Amanmyrat Çaryýew. Kakam sungat adamsy bolansoň, özümizi bilelimiz bäri aýdym-saza imrinip, kiçiligimizden sungatyň içinde ulaldyk. Çagalyk ýyllarymdan bäri kakamyň pianino çalşynyň aşygydym. Eliniň hereketlerine seredip, menem ulalamda şular ýaly çalyp bilermikäm diýip pikir edýärdim. Umuman, özümizi bilelimiz bäri, göreldämiz kakamyz. Galyberse-de, aýdym-saza bolan söýgim 8 ýaşymda 2-nji synpda okaýarkam, orta mekdebiň daşyndan Bäherden etrabyndaky Nury Halmämmedow adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň fortepiano bölümine gatnamagyma sebäp boldy. Sungata ýüregiňi berseň, ol öz dünýäsinden aýratyn orun berýän ekeni. Mekdebi tamamlanymdan soňra, häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümine okuwa girdim. Çagalykdan kompozitorçylyk, aýdym döretmek ugruny saýlasam-da, onuň daşyndan aýdymçy bolmaga höweslenip başladym.

Ilkinji ädimleri, ilkinji üstünlikleri ýatlamak hemişe ýakymly. Şol ilkinjilikler siziň göz öňüňizde nähili janlanýar. “Dostluk”, “Parla baýdagym!”, “Ajaýyp Diýarym”, “Watan” atly aýdymlarym ilkinji ýerine ýetiren aýdymlarym hökmünde häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Ilkinji üstünliklerim mekdep döwründe geçirilýän bäsleşiklerde eýelän orunlarym, aýratynam, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan günüm bilen ýadymda galypdyr. Şondaky begenjim, tolgunyşym şu günki ýaly ýadymda.

Begenç, söhbetdeşligimiziň başynda-da belleýşimiz ýaly, aýdym-saz sungatyna gelmegiňize sebäp bolan ynsan — kakaňyzyň döredijiligi sizde özbaşyna eser döretmek ukybyny-da kämilleşdiren bolsa gerek?

Elbet-de, halypa gatnap tälim almak bir başga, onuň (halypanyň) bir parçasy bolmak düýbünden başga zat. Sazçylyk mekdebine okuwa girmänkäm, kakamyň döredijiliginden täsirlenip, birnäçe sazlary nota geçirip, kompozitorçylyk sungaty bilen meşgullandym. Galyberse-de, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döredijiligini irginsiz öwrenmegim aýdym-saz sungatynda tejribämiň artmagyna ýardam berdi. Ussat kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň, daşary ýurt kompozitorlary Friderik Şopeniň, Lýudwig Wan Bethoweniň, Iogan Sebastian Bahyň meşhur sazlaryny gowy görüp, söýüp diňleýärdim. Olardan fortepianoda yzygiderli ýerine ýetirip türgenleşdim. Sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, 2008-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girdim. Talyplyk ýyllarymda aýdym-saz sungatynyň ençeme ussatlaryndan tälim almak miýesser etdi. Sazçylyk mekdebinde fortepiano bölüminden Gözel Babanyýazowa sapak berdi. Ýokary okuw jaýynda kompozitorçylyk ugrundan halypalar Rejep Allaýarowdan, Röwşen Nepesowdan, Meret Ataýewdan tälim aldym. 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde halypa aýdymçy-sazandalar bilen bir ojakda zähmet çekmegim döredijilik gatnaşyklarymyzyň giňemegine, tejribämiziň artmagyna ýardam berýär.

Maşgalaňyzda başga-da sungat ýolundan gidenler barmy?

Biz maşgalada bäş dogan — dört oglan, bir gyz bolup ulaldyk. Iň uly agam Orazmyrat. Ondan kiçimiz Mämmetmyrat dutar çalýar. Häzirki wagtda Bäherden etrabynda bilim ulgamynda zähmet çekýär. Menden uly agam Şamyrat aýdymçy hem sazanda. Ahal welaýat medeniýet öýünde işleýär. Aýal doganym Aýgül sungat ugrundan gitmese-de, onuň maşgalamyzyň döredijiligine hormaty uly.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir