Gör-le muny! Edeýin diýibem edip bolmaz. Napoleon Bonapart 1760-njy ýylda dünýä inýär. Adolf Gitler 1889-njy ýylda dogulýar. Tapawudy – 129 ýyl. Napoleon bilen Gitleriň ikisi hem 44 ýaşynda häkimiýet başyna geçýärler. Ýagny, Napoleon 1804-nji ýylda döwlet baştutany bolýar. Gitler bolsa häkimiýet başyna 1933-nji ýylda geçýär. Tapawudy – 129 ýyl. Napoleon Wena 1809-njy ýylda çozup girdi. Gitler bolsa Wena 1938-nji ýylda çozup girdi. Tapawudy – 129 ýyl. Napoleon 1812-nji ýylda Russiýa garşy uruş yglan etdi. Gitler bolsa 1941-nji ýylda SSSR-e garşy uruş yglan etdi. Tapawudy – 129 ýyl. Napoleon şol uruşda 1816-njy ýylda ýeňildi. Gitler bolsa şol uruşda 1945-nji ýylda ýeňildi. Tapawudy – 129 ýyl. Berilýän maglumatlara görä Napoleon bilen Gitleriň ikisi-de tä ömürleriniň ahyryna çenli hiç kime ynanmandyr. Linkoln 1860-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti bolýar. Kennedi 1960-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti bolýar. Tapawudy – 100 ýyl. Olaryň ikisi hem hepdäniň anna güni öldürilýär. Linkolnyň ýerine 1808-nji ýylda doglan Jonson geçýär. Kennediniň ýerine hem 1908-nji ýylda doglan Jonson geçýär. Tapawudy – 100 ýyl. Linkolny 1829-njy ýylda doglan Uimer öldürýär. Kennedini 1929-njy ýylda doglan Oswold öldürýär. Tapawudy – 100 ýyl. Jenaýatkärleriň ikisi hem sud edilmän öldürilýär. Ýene bir täsin meňzeşlik: Linkolnyň sekretarynyň familiýasy Kennedi bolupdyr. Kennediniň sekretarynyň familiýasy Linkoln bolupdyr. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Linkolnyň sekretary oňa şol gün (kast edilen güni) teatra gitmezligi maslahat beripdir. Kennediniň sekretary hem oňa şol gün (kast edilen güni) Dalles şäherine gitmezligi maslahat beripdir. Emma Prezidentleriň ikisi hem edil dilleşen ýaly, öz sekretarlarynyň maslahatlaryny kabul etmändirler.
Taryhy paralleller
-
tatu
13 years ago
- Lezbiyanka bolsanam taryhy gowja bilyan Ogry | 2010-12-26 21:24:59
düşünmedim?
-
krokodyljyk
13 years ago
- Bet wakalar bolyaray
-
Gapyrjak
13 years ago
- Eý "ogry" diliñi sakla! Birä jan edip ýazýar señem sagbolsunyñmy! tatu sagbol dost, ýenede ýazyp dur shular ýaly täsin zatlar!
-
BERDII
13 years ago
- tatu tüweleme.on eşitmandımay bular yaly zatlar
-
yaya
13 years ago
- tatu sag bol dogan gaty tasin zatlar.
-
BETMAN
13 years ago
- hic zat yone yere bolmayar
-
krokodyljyk
13 years ago
- Dogry
-
Ayylganch
13 years ago
- Bäh bet ekenaý ikinji waka. Gitlere degishlini bilýädim öng. Ýöne ikinjini bilemokdymaý
Ogry 13 years ago- Lezbiyanka bolsanam taryhy gowja bilyan