dowamy... 1-nji bölümini talyplar com-yň sag tarapky "tap" diýen ýere "teke polky" diýip ýazsaňyz okap bilersiňiz.
TEKEPOLKY2
-
tatu
13 years ago
- 1917-nji ýylyň 10njy awgustynda Kornilow Kerenskiý bilen duşuşmak – gepleşik geçirmek üçin Petrograda gelýär. Kornilowyň Petrograda çagyrylmagynyň sebäpleriniň biri-de, eger şowly bolsa Kornilowy tussag etjek ekenler. Emma daş-töweregi türkmen bilen gurşalan Kornilowy tussag etmäge häkimiýetleriň bogny ysmandyr. Üstesine-de awtomobillerden pulemýotlary düşürip, türkmenler köşgüň ähli girelgelerini eýeläpdirler we köşgüň töweregine janly-jemendäniň gelmegine mümkinçilik bermändirler. Şeýle waka 13-nji awgustda Moskwada-da bolupdyr. “13-nji awgustda Kornilow Moskwa Aleksandrowskiý (häzirki Belorus) wokzalyna geldi. Otly saklanan badyna wagonlardan Baş komanduýuşşiniň konwoýy tekeler böküp düşdiler we gapylaryň agzynda haýbat bilen durdylar” diýip G. Ioffe ýazýar.
Kerenskiý bilen gepleşikler netijesini gutarandan soň Kornilow 3-nji atly korpusyň komandiri Krymowa goşuny Petrograda sürmäge buýruk berýär. Kerenskiý bolsa Kornilowdan “Wagşy” diwiziýany Petrograda sürmezligi talap edýär. Kerenskiý “ruslaryň meselelerini “kesekileriň” çözmegi gaty gelşiksiz” diýip ulumsylyk bilen aýdypdyr.
Tiz wagtdan “Wagşylaram”, kazaklaram Kornilowdan ýüz öwürýärler. Olaryň arasynda-da rewolýusion tolgunyşyklar başlaýar. Netijede Kornilowyň pitnesi amala aşmaýar.
1917-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda generallar Kornilow, Lukomskiý, Romanowskiý we beýlekiler tussag edilýär. Olaryň üsti soňra generallar Denikin, Markow, Wannowsmiý, Erdeli we beýlekiler bilen ýetirilýär we jemi 32 adama ýetýär. Tussaglar başda Mogilýowyň “Metropol” myhmanhanasynda, soňra bolsa Mogilýowdan 50km. ýerleşýän Byhow şäherjigine geçirilýär. Olary köne katolik buthanasynda ýerleşýän aýallar gimnaziýasynyň jaýynda saklapdyrlar. Ol özboluşly türmä öwrülipdir. “Türmäniň” içki we daşky postlaryny Kornilowa ahyryna çenli wepaly bolup galan Teke we Kornilow polklarynyň esgerleri gorapdyrlar. Haçan-da “türmäniň” içki postlaryny Georgiý batalýonyna (Kornilow polkunyňky) berjek bolanlarynda türkmenler döwürdeşleriň biriniň aýtmagyna görä “gamçylaryny we gylyçlaryny bulaýlap haýbat atypdyrlar”. Bu zatlaryň özi hem türkmenleriň ýanynda Kornilowyň nähili abraýynyň bardygyny görkezýär.
Dogrusyny aýtsak, türmedäkiler özlerini kurortda ýaly duýupdyrlar. Günüň dowamynda birnäçe sagatlap bagyň içinde gezmeläpdirler. Munuň üstesine-de olaryň ýanyna hemişe Kornilowyň adýutanty Han Hajyýew gelip durupdyr.
“Men tussaglar bilen daşky dünýäni baglanyşdyrýardym. Tussaglaryň hatlaryny, dilden aýdan habarlaryny alyp, özümiň ak atym bilen günde 4wýorsty 4sagatda geçip, Mogilýow bilen Byhowyň aralygynda gatnaýardym. Sagat 11-lerde men Mogilýowa gelip, şol ýerdenem göni stawka ugraýardym. Tussaglaryň maşgalalaryna hatlary gowşuryp Serdaryň (Teke polkunyň komandiri) ýanyna baryp, agşamlyk bolsa Byhowa dolanyp gelýärdim” diýip bu barada Han Hajyýew emigrasiýada (Ýugoslawiýa) ýazypdyr. Birneme soňra Han Hajyýewa “Fransiýa” myhmanhanasyndan ýörite otag alyp beripdirler.
Türmäniň daşynda durýan georgiçiler bilen türkmenler oňuşmandyrlar. Soňra sorag edilende efreýtor Ýe. I. Lugowoý şeýle gürrüň beripdir: “Gorag işlerini amala aşyrmaklyk öňünden bellenenligi sebäpli biz georgiçilere hiç bir zat degişli däldi, tussaglary görmeýärdik, olary boşadanam biz däl – bu işleriň hemmesi tekeleriň boýnuna ýüklenipdi. Biz olara ynanmaýardyk…”
Şol wagtlar Zakaspiden hem “oblastda dowam edýän gurakçylyk türkmenleriň maşgalalaryny açlyk howpuna salýar” diýen mazmundaky hatlar gelip ugrapdyr. “Olary her kimiň gözsüz ýarag hökmünde ulanmazlyklary üçin we rus rewolýusiýasynyň çarhyndan uzaklaşdyrmak” maksady bilen oblast musulman komiteti Kerenskä iberen telegrammasynda Teke polkuny haýal etmän Watanyna ibermekligi haýyş edipdir. Ýigitleriniň biynjalyk bolýandyklaryny eşiden Kornilow, tussaglaryň maşgalalary üçin ýygnalan 40müň manadyň 30müňüni ýigitlere bermek barada buýruk berýär we haýal etmän Don kazaklarynyň atamany general Kaledine ýigitleriň maşgalalaryna däne kömegini bermek barada haýyş edip hat ýazypdyr. Kornilow: “Jenap Kerenskä Teke polkuna meni kyn günümde taşlamaga mejbur etmek hem-de olar giden soňam bizden öç almak başartmanyndan soň, indem Zakaspi oblast komitetiniň üsti bilen täsir edip, tekeleri aldawa salmaga dyrjaşýar” diýip ýazýar.
-
tatu
13 years ago
- Oktýabr rewolýusiýasy amala aşandan soň W. I. Lenin köne Rus goşunlarynyň Stawkasyna, Başkomandiýuşşiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän general Duhonin bilen telefon arkaly sözleşip, ondan wezipäni sowet hökümetiniň wekili praporşik Krylenko tabşyrmagy talap edýär. Emma Duhonin Leniniň buýrugyna boýun bolmaýar. Şonuň üçin hem Lenin Krylenkonyň ýolbaşçylygynda uly otrýady Mogilýowa iberýär. Rejäniň geň däldigine göz ýetiren Duhonin Byhowdaky “tussaglary” ýagdaý bilen tanyşdyrýar we olara tizräk Dona aşmagy maslahat berýär. Biraz öňe gidip aýtsak kasamyna wepaly Duhonin Stawkany taşlap hiç ýere gitmeýär. Üstesine-de Stawkany goraýan Teke polkunyň 4-nji eskadronyny hem haýal etmän Byhowa ugradýar. Duhonin Krylenkonyň tarapyna geçen rewolýusion – anarhistik esgerler tarapyndan Mogilýow wokzalynda zalymlyk bilen öldürilýär.
Duhoninden gelen habary eşiden Kornilow derrew ýerli komendant, Teke polkunyň podpolkownigi Ergardty ýanyna çagyryp, buýruk berýär:
- Haýal etmän generallary boşadyň. Sagat 12-lerde tekeler ýaraglanyp, taýyn bolup dursunlar. Men polk bilen gidýärin.
Soňra ol Teke polkunyň Mogilýowda ýerleşýän 4-nji eskadronyny çagyrmak barada görkezme berýär.
1917-nji ýylyň 19-njy noýabryna geçilýän gije türkmenler Kornilowa gara ahal-teke atyny getirip berýärler we general polk bilen Byhowdan ugraýar. Dnepriň köprüsinden geçip, garaňka siňýärler. Olar bilen birleşmek üçin Teke polkunyň komandiri Nikolaý fon-Kýugelgen hem 4-nji eskadron bilen Mogilýowdan ugraýar. Polkdaky ýardam beriji gulluklaryň esgerleri (arabakeşler, weterinarlar we başgalar) Kornilow bilen gitmek islemändirler. Olaram diňe ruslar. Mysal üçin 1-nji eskadronyň weterinar-feldşeri A.W.Hrapow soňra şeýle görkezme beripdir “Gije sagat birde ofiserler atlylary we arabalary trewoga bilen galdyrdylar. Nyzama düzülmegi buýruk berdiler. Hemme arabakeş ruslar gitmekden boýun gaçyrdylar we arabalary ata goşmadylar. Bizi gylyç bilen mejbur etdiler. Eskadron düzüldi we poruçik Kapkow ony Hammam köçesi bilen köprä tarap sürüp ugardy. Men 1-nji eskadronyň yzyndan atly barýardym. Köprüden çärýek wýorst geçip-geçmänkäk meniň yzymdan polk komitetiniň çleni uly unter –ofiser Hojanepes Jümmiýew ýetdi. Men ondan name sebäpli trewoga boldy, biz nirä barýarys?-diýip soradym. Ol türkmençeläp “boyar Kornilow gaçdy” diýip açyk aýtdy. Men öňümizdäki tokaýda gizlenmegi we Kornilowyň gaçanlygyny habr bermegi ýüregime düwdüm”
Kornilowyň türmeden gaçanlygy tiz aýan bolýar. “WIKŽEL”-iň (Bütinrussiýa demir ýolunyň ispolkomy) Maleskiý: “Şu gün Byhowdan 400sany teke bilen Kornilow gaçypdyr. Olar Žlobine tarap barýarlar. Kornilowy tussag etmek barada care görmeklerini ähli demirýolçylara buýruk berýärin…” diýip gyssagly telegramma iberýär.
Polk bolsa gündiz bukulyp, gijelerine ýol ýöräp uly aralyklary geçipdir. Ýigitler ýadawlykdan we sowukdan surnugypdyrlar. Arabaçylar bolsa (ruslar) garaşylyşy ýaly dyr-pytrak bolup gaçypdyrlar. Bäşilenji güni polkuň nirededigini anyklapdyrlar.
1917-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Klinsow şäheriniň komissary Saýkowskiý “Teke polky, hersi 300-den iki otrýad bolup Klinsowyň demirgazyk – günbataryndan geçip gitdi” diýip Smolna habar beripdir. Habarda “soňky duralgada 40at öldi, atlylaryň ýaryna golaýy öz atlaryny idip barýarlar. Bede daýhanlardan güýç bilen alynýar, çünki daýhanlar olara bede-de, çörekde bermeýärler. Olar ilata wagşy göz bilen garaýarlar” diýlip aýdylýar. Ýeri gelende “wagşylyk” barada bir-iki söz aýtsak kem bolmazdy. Bolşewistik taryh ylmynyň köplenç halatda birtaraplyga ýol berip gelendigi köplere aýan. Mysal üçin “Гражданская война в СССР» kitabynda ýokardaky “wagşylyk” dogrusynda-da durlup geçilýär. Kitapda türkmenleriň “wagşylygy” barada diňe bir bolşewikleriň ýazgylarynda däl, hatda ak generallarynyň hem muny tassyklaýandyklaryny delillendirjek bolup, general Denikiniň sözleri getirilýär. Kitapda awtorlar Denikiniň şu sözlerini peýdalanypdyrlar: “ýol ugrundaky obalaryň ilaty tekeleri görüp dyr – pytrak bolýardylar ýa-da olary gorky bilen garşylaýardylar” Emma Denikin ýaňky sözleriniň yzyndan: “Mogilýow guberniýasyny göz – görtele talaýan ýaragly garakçylaryň talaňçylygyndan bez bolan ilat, ilkinji gezek alan zatlaryna derek sahylyk bilen eçilýän, hiç kime degmeýän esgerleri görüp “wagşylary” geň galmak bilen ugradýardylar” diýip hem ýazypdyr. Emma bu sözleri welin awtorlar ulanmandyrlar.
-
tatu
13 years ago
- “Näçe uzaga gitdigimizçe üstünden ýolumyz düşen obalaryň ilaty, şonça-da duşmanlyk bilen garşylaýardylar. Olar hiç zada, hatda pula-da zat bermek islemeýärdiler. Biz haýsydyr bir obadan çykyp ugranymyzda, eýýäm öňümizdäki oba Kornilowyň şaýkasy gelýär – diýip habar berýärdiler...” diýip Han Hajyýew ýazypdyr.
Polkuň her bir ädimini yzarlapdyrlar. Olaryň içine bolşewikler jansyz göýberipdirler. Olar polkuň her bir hereketini rewolýusion goşunlara habar berip durupdyrlar.
26-njy noýabrda otrýad Suraždan günortarakda ýerleşýän Krasnowiçi obasyndan çykyp, Pisarýowka obasyna ýetýär we demir ýoldan geçip Mglin tarapa gitmegi niýet edinýär. Emma bolşewikleriň jansyzy otrýady bukyda garaşyp ýatan bolşewik goşunlarynyň üstünden eltýär. Bukyda ýatanlar polkuň edil alkymyndan tüpeňlerden we pulemýotlardan ot açýarlar. Köp ýitgi çekip kornilowçylar ýene-de Krasnowiçi obasyna yza çekilýärler.
Ertesi gün demir ýoldan geçilýän wagty Pesçaniki stansiýasynyň ýanynda otrýad ýetip gelen bronepoýezdiň seçeleýän artilleriýa we pulemýot güllelerine sezewar bolýar. Polk duwdagyn edilýär. Kornilowyň aty öldürilýär. Ýöne ölmezinden öň janawer – agyr ýaraly ahal – teke aty Kornilowy oduň içinden alyp çykyp, soňundan ýykylýar.
Görülýän görgüler, çekilýän jebir – jepalar türkmenleri halys ruhdan düşüripdir. Olar mundan beýläk gitmek mümkin däl, sebäbi “bütin Russiýa – bolşewik” diýipdirler.
Tapdan düşen Kornilow polkuň galyndylaryny ýygnap, olaryň öňünde çykyş edýär. Ol türkmenlere bolşewige boýun bolmazdan öň, özüni atmaklaryny teklip edýär. Emma 2-nji eskadronyň komandiri, rotmistr Natonson: “Tekeler! Eýsem-de siz özüňiziň söýgüli generalyňyzy taşlarmysyňyz? Bu beýle bolmaz, beýle bolmaz. 2-nji eskadron atlan!” diýip komanda berýär. Netijede polkdan galan 120 – 125 atly Kornilowyň ýolbaşçylygynda ýene-de ýoluny dowam edýär. Emma mundan beýläk uly otrýad bilen gitmegiň howplydygyna Kornilowyň özi-de düşünýär. Otrýad iki bölege bölünýär. Uly bölegi Kiýewe tarap ugraýar. Kiçi topar 11ofiserden we 32sany atlydan ybarat bolup, ol Kornilowyň ýolbaşçylygynda Günorta – gündogara – Dona tarap ugraýar. Bu otrýad soň ýene ikä bölünýär. 1917-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Kornilow ýanyna rotmistr Tolstowy we iki sany atly türkmeni alyp ýoluny dowam edýär. Bellenen ýerde olar Kornilowy garaşyp duran adamlara gowşuryp yzyna dolanýarlar. Teke polkunyň galanlary soňra Pogar obasynda birleşýärler. Olaryň diňe bir bölegi Kiýewe ýetýär we şol ýerde-de polky dargadýarlar. Beýleki bir bölegi ýesir alnyp, Brýansk şäherine iberilýär. Ol ýerdenem Watanyna iberilýär. Polkuň Kiýewe baran toparynyň bir bölegi soňra Ukrain radasynyň goşunlarynyň tarapynda durup Gyzyl Goşuna garşy söweşýärler.
Kornilowy barmaly ýerine eltseler-de bu operasiýa şowsuz tamamlanypdyr. General Denikin Teke polkunyň şeýle ejir çekmeginde, onuň ýigitleriniň bir toparynyň wepat bolmagynda polk komandiri polkownik fon – Kýugelgeni aýyplapdyr. Çünki ol polky ýörişe ýeterlik derejede taýarlamandyr.
Emma näçe ejir çekseler-de, kasamyna wepaly türkmenler öz borçlaryny ahyryna çenli ak ýürek bilen berjaý edipdirler.
Minnetdar rus ofiseri Bragin olara bagyşlap şu setirleri ýazypdyr:
Slawa wam, tekinskiýe džigity,
Wam Rossii gordost sberegli.
Podwig waş otnyne znamenityý,
Wspomnit letopis rodnoý zemli.
1918-nji ýylyň başlarynda polkdan galan 40-a golaý ýigide Nowoçerkasskä aşmak başardýar. Olary Kornilow gujak açyp garşylaýar. Polkuň dagadylandygyna garamazdan, olar nijeme menzil ýol geçip, bir maksat bilen: ondan öýlerine gaýtmaga rugsat soramak üçin gelendiklerini aýdýar. Kornilow garşy bolup durmaýar. Rotmistr Han Hajyýew bilen 7sany ýigit meýletinçiler armiýasyna girýärler we tä general wepat bolynça onuň ýanyndan aýrylmaýarlar.
1918-nji ýylyň 31-nji martynda Ýekaterinodaryň (Kranodaryň) eteginde Kornilowyň jaýynda top oky ýarylýar... Han Hajyýew we generalyň täze adýutanty bilen ony göterip daşary çykarýarlar. Emma Kornilow özüne gelip bilmän, bu dünýäniň azabyndan dynýar...
Kornilow jaýlanandan birnäçe gün geçenden soň, ol ýerleri Gyzyllar eýeleýärler. Goşundaky anarhistik we partizan elementler onuň jesedini mazardan çykaryp, şähere äkidýärler we asyp goýýarlar. Soňam şäheriň çetine çykaryp ony otlaýarlar.
Komandowaniýäni general Denikin kabul edýär. Türkmenlere ýüregi bilen ynanan general, olara özüne janpena bolmaklaryny teklip edýär. Olar razylyk berýärler.
Birinji Jahan urşy dowam edýän wagtlary Teke polkunyň hataryndan çykan ýigitleriniň öwezini dolmak üçin ilki patyşa häkimiýetleri, soňam Wagtlaýyn hökümet Köşüde ýörite atly diwizion saklapdyrlar. Emma Oktýabr rewolýusiýasynyň bolmagy bilen diwizion urşa iberilmän galýar. Ýöne bu-da sowet hökümetiniň tarapyna geçmeýär. Täze hökümet bu söweşjeň diwiziony ýaragsyzlandyrmak üçin birnäçe gezek synanyşýar. Emma bu olara başartmaýar. Bu diwizion soňra Ahal atly polkuna öwrülýär we graždanlyk urşy ýyllarynda aklaryň tarapynda durup gyzyllara garşy söweşýär. Oňa ilki podpolkownik S.Öwezbaýew, soňra bolsa sarahsly podpolkownik Çary Geldiýew komandirlik edýär. Tejen şäheri azat edilende – 1919-njy ýylyň iýunynda Ahal polky bütünleý dargaýar.
Şu makalanyň dowamynda ýene-de bir wakany ýatlamak gerek. 1918-nji ýylyň baharynda Guşgydan Tejene Stepanow atly bir çepçi – eser komissar gelýär. Ol Eziz handan özüne ýigit bermegini soraýar. Eziz han oňa 300sany atly berip göýberýär. Atlylary alyp Stepanow ilki Daşkende, ol ýerdenem 30-a golaý ýigidi Türküstan Halk komissarlar sowetiniň ygtyýaryna berip, Aktýubinsk frontuna ugraýar. Haçan-da olar Aktýubinskä gelenlerinde, Krylenkonyň baştutanlygynda Mogilýowa – Duhanini wezipesinden boşatmaga giden Žlobin polkunyň esgerleri bilen duşuşýar. Eziz hanyň ak telpekli, gyrmyzy donly, ýüwrük atly ýigitlerini gören žlobinçiler topalaň turuzýarlar. Olar Stepanowdan ýigitleri ýaragsyzlandyrmagyny talap edýärler. Olar: “Biz bu äpet telpeklileriň kimdigini Mogilýowda – Stawkada gördük, bular kontrrewolýusionerler, biz bular bilen bir tarapda durup, aklara garşy söweşmeris” diýip gygyryşypdyrlar. Stepanow ýigitleri ýaragsyzlandyrmakdan boýun gaçyrypdyr. Şonda žlobinçiler ony duran ýerinde atypdyrlar. Eziz hanyň ýigitleriniň bolsa ýaraglaryny alyp, köpüsini öldüripdirler. Diri galan ýigitler Tejene gaýdypdyrlar. Bu mysaly getirmek bilen biz olaryň Teke polkunyň ýigitlerine döwründe çäre görüp bilmän, “Alynyň aryny Ahmetden çykarandyklaryny” ýatlatmak isledik.
Taryhda uzak wagtlap öz döwleti bolmadyk türkmen ýigitleri Ak patyşadan başga-da, asyrlaryň dowamynda Hywa hanyna, Buhara emirine, Eýran şasyna, Owgan emirine gulluk edipdirler. Elbetde öz döwleti bolmadyk halkyň kysmaty hem şeýle bolýar. Ýöne kesekä gulluk etseler-de, türkmenleriň söweş ukyplary ýitmändir, hatda öňküsindenem beter kämilleşipdir. Nebsimiz agyrsa-da, Beýik Watançylyk urşy tamamlanandan soň türkmenler özleriniň asyrlar boýy dowam edip gelen harby sungatyny bary – ýogy ýarym asyra golaý wagtyň içinde ýitirdiler oturyberdiler. Muňada şol ýyllarda alnyp barlan kemsidiji syýasat sebäp boldy. Çünki pagtaçylyga ýöriteleşdirilen Türkmenistanyň erkek göbeklisi, gözüni açandan, eline kätmen berlip kolhozlara sürüldi. Ýogsam olaryň ata – babalary şindi 1916-njy ýylda-da “asly esger bolan batyr adamlar elleri kätmenli we külüňli işlemäge mynasyp däldirler” diýip gozgalaňam turzup bilipdirler. Kolhozlarda “komunistik zähmetiň zarpçylary” bolup ýetişen türkmen ýigitlerini topbak-topbak edip “stroýbada” sürdiler. Ine saňa ata-babalaryň müň ýyllyk harby sungaty.
Garşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaşlaryny ata-babalarymyzyň Gökdepe galasynda, Garrygala söweşinde, Saragt galasynda, Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenliklerini we Watansöýijiliklerini gürrüň berip tanyşdyryp dursak, nesip bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana we Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wepaly nesil bolup ýetişer diýip ynanýarys.
tatu 13 years ago- L. G. Kornilow Başkomanduýuşşilige bellenenden soň Teke polkunyň ýigitleri hemişe onuň ýanynda bolupdyrlar. Kornilowyň özi hem Teke polkunyň söweşen Günorta-günbatar frontunda diwiziýa komandirlik edipdi. Şonda ol türkmen ýigitleriniň söweşişini öz gözleri bilen görüpdi.
Bu gazak sypat rus generaly türkmen ýigitlerine hem ýarapdy. Oňa hormat goýupdyrlar. Olar Kornilowa “biziň baýarymyz” diýip ýüzlenipdirler. Kornilow hem öz ýigitlerini sylapdyr, olara her bir adamyň iň bir eziz zady - janyny hem ynanypdyr. Üstesine-de Kornilow ýigitleri bilen arassa türkmen dilinde sözleşipdir. Soňabaka Teke polky Kornilowyň şahsy konwoýyna öwrülipdir. Olary bir minudam ýanyndan aýyrmandyr. Bu bolsa polkuň ýigitlerini rewolýusiýanyň tarapdarlarynyň ýowuz duşmanlaryna öwrüpdir. Çünki Ak patyşa, onuň generallaryna kasam eden türkmenler üçin ikilik etmek, kasamyndan dänmek, Allanyň öňünde, öz halkynyň öňünde uly günä etmek, onuň asyrlyk abraýyny dökmeklikdi. Bulardan başga-da syýasatdan baş çykarmaýan sada, emma örän dogumly türkmen ýigitlerini Russiýada bolan rewolýusion wakalar düýbünden gyzyklandyrmandyr. Şol wagtlar şeýle degişme-de bolupdyr. Haçanda türkmenlerden “siz haýsy režimi (düzgüni) goldaýarsyňyz – könänimi ýa-da täzäni?” diýip soranlarynda: “Biz üçin bary bir, biz ýöne çapýarys (režem)” diýip jogap beripdirler.
1917-nji ýylyň 20-nji awgustynda Kornilow Rumyn frontundan “Wagşy” diwiziýany Newel-Nowosokolniki – Welikiýe Luki tarapyna – Petrogradyň golaýyna geçirmek barada buýruk berýär. Sebäbi Petrogradda rewolýusion çykyşlar gün-günden güýçlenýärdi. Munyň öňüni almalydy. Kornilowyň bu hereketi Wagtlaýyn hökümetde-de, Sowetlerde-de uly aljyraňňylyk döredýär. Çünki Kornilowyň bu hereketi rewolýusiýa garşy pitnäniň başydy