Nä günüňe şat bolar sen, adamzat, Sansyz hatar ahu-zarlar alnyňda. Niçik takat kylar bir muşt toprak, Ýedi dowzah atly narlar alnyňda. Biwepada bäş gün bolan şadyňa, Aldanmagyn, ol gün düşer ýadyňa, Taňla onda hiç kim ýetmez dadyňa, Gabyr, lahat diýen darlar alnyňda. Biler sen, biwepa, ygtybaryň ýok, Ýaman iş kylmakdan özge käriň ýok, Eý, bigaýrat, namysyň ýok, aryň ýok, Howpu-hatar bişumarlar alnyňda. Zerre-zerre bir-bir sorsalar hasap, Rusyýa, şermende, berer sen jogap, Istär seni bermek üçin gaýyn, azap, Ýüz müň sansyz hyrydarlar alnyňda, Eşit bu dem eger bolsaň gaýratly, Halyň bolar günbe-günden haýhatly, Çakaýyn diýp, oturypdyr haýbatly,
ALNYŇDA
-
ozik
14 years ago
- gowy goshgy. Sag bol.
-
mahremchynar
14 years ago
- ozik doly adyngy aydayda
-
ozik
14 years ago
- mahrem chynar owezik@bk.ru e-maila hat yaz men shol yerde aydaryn doly adymy. Kopchilikde adyny aytmak gowy dal :-)
-
Broker
14 years ago
- Mahremchynar bu magtymgulyn goshgusy
mahremchynar 14 years ago- salam oz sozlerinizmi .men bu setirler ejizligi duyan