Dünyäde pocti her 10 adamdan biriniñ ulanyan "Facebook" sosial setini esaslandyryjy Mark Zuckerberg USA-nyñ abrayly "Time" zhurnaly tarapyndan 2010-njy yyl boyunca dünyäde "Yylyñ adamy" diylip yglan edildi. Bu hormatly adyñ eyesini gecirilen ses berlishikler esasynda "Time" zhurnalynyñ redaktory Richard Stengel düyn, yagny, 15-nji dekabrda USA-nyñ "NBC" teleyaylymynyñ "Today" telegepleshiginde eden cykyshynda yeñijini yglan etdi. Sheylelik bilen 26 yashly amerikaly miliarder Mark Zuckerberg, 1927-nji yylda 25 yashynda "Yylyñ adamy" diyen ada eye bolan Charles Lindbergh'den soñra, bu ada eye bolan iñ yash ikinji adam hökmünde hasaba alyndy. Mark Zuckerberg 1984-nji yylyñ 14-nji mayynda USA-nyñ New York shtatynyñ White Plains shäherinde dogulyar. Ol Garvard universitetinde okayar we entek talyp wagtlary "Facebook" sosial setini döretmäge bashlayar. Häzirki wagtda "Forbes" zhurnalynyñ beryan maglumatlaryna görä, öz 6,9 miliard dollary bilen Zuckerberg USA-da iñ bay 29-njy adamdyr... Zuckerberg'e "Yylyñ adamy-2010" diyen ady eyelemek ücin esasy garshydashlary Türkiyeniñ premyer ministri Recep Tayyip Erdogan, pop aydymcy Lady Gaga we "Wikileaks" saydyny esaslandyryjy Julian Assange dagylar boldular. "Yylyñ adamy" diyen ada esasan, gecen bir yylyñ dowamynda dünyade bolup gecyan gowy yada erbet wakalarda, dünyä metbugatynda öz adyndan has köp söz etdirden adamlar dalashgär görkezilyärler. "Yylyñ adamy-2010" dalashgärleri: •Julian Assange •Glenn Beck •David Cameron •The Chilean Miners •Arne Duncan •Recep Tayyip Erdogan •Jonathan Franzen •Lady Gaga •Robert Gates •Tony Hayward •Hu Jintao •LeBron James •Steve Jobs •Hamid Karzai •David and Charles Koch •Liu Xiaobo •Barack Obama •Sarah Palin •Nancy Pelosi •Imam Feisal Abdul Rauf •Jon Stewart and Stephen Colbert •The Unemployed American •J. Craig Venter Elizabeth Warren, Mary Schapiro and Sheila Bair •Mark Zuckerberg Bu ada 2009-njy yylda USA-nyñ Federal Reserve ministri Ben Bernanko, 2008-nji yylda USA-nyñ prezidenti Barack Obamo, 2007-nji yylda bolsa, Rusiyanyñ shol wagtky prezidenti, häzirki premyer ministri Vladimr Putin dagy mynasyp boldular.

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir