Salam hormatly agzalar we dashyndan jyklayan myhmanlar! Gurban Berdiyew... Howwa, türkmen sporty diyilende ilkinjileñ hataryndan Gurban agamyz yadyña düshyar. Rubiniñ talimcisi hökmünde gazanyan üstünlikleri bilen özüni tanadan tälimcimiz Gurban Bekiyewic Berdiyew barada internet sahypalarynda gynansagam türkmence maglumatlar juda azlyk edyar..... Doly ady: Gurban Bekiyewic Berdiyew. Doglan yeri we güni: TSSR, Ashgabat shäheri - 25.08.1952y. Boyy: 178 sm. Agramy: 67 kg. Milleti: türkmen/rus. Wezipesi: Rubiniñ bash talimcisi, Rubiniñ vise prezidenti, SSSR-iñ sport ussady. Gurban Bekiyewic Berdiyew 1952-nji yylyñ 25-nji awgustynda Ashgabat shäherinde (TSSR) dogulyar. 1967-1971-nji yyllarda Ashgabadyñ döwlet demir yol aragatnashygy tehnikumynda okayar. Soñra 1971-1975-nji yyllarda Maksim Gorkiy adyndaky (hazirki Magtyguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetinde okayar. 1989-1991-nji yyllarda bolsa, Moskwanyñ Yokary tälimcilik mekdebinde okayar. 1959-njy yylda Ashgabadyñ futbol mekdebine gatnap ugran Gurban Berdiyew, 1966-njy yylda Ashgabadyñ ''Stroitel'' ("Kolhozchy") yetginjekler komandasynyñ düzüminde futbol oynap bashlayar. Professional futbolcylyk karyerasyna hem 1971-nji yylda shol toparda bashlayar. 1976-nji yyla cenli ''Kolhozcyda'' cykysh edenden soñ, 1977-nji yylda Gazagystanyñ ''FC Kairat'' toparynda cykysh edyar. Soñ (1978-nji yylda) yene Ashgabadyñ "Kolhozcysyna" dolanan Gurban, 1979-1980-nji yyllarda Orsyetiñ "SKA Rostov-na-Donu" toparynda oynayar. 1980-nji yylda ''Rostelmash'' toparynda oynan Gurban Bekiyewic, 1981-1985-nji yyllarda yenede ''FC Kairat'' toparynyñ düzüminde cykysh edyär. Futbolcylyk karyerasy 1971-1976y - "Kolhozcy" 134 oyun (16 gol) 1977y - "FC Kairat" 20 (5) 1978y - "Kolhozcy" 38 (3) 1979-1980y - "SKA Rostow-na-Donu" 35 (3) 1980y - "Rostelmash" 10 (4) 1981-1985y - "FC Kairat" 139 (28) Tälimcilik ishine 34 yashynda bashlan Gurban Berdiyew 1986-1989-njy yyllarda ''FC Himik Dzambul'' toparynda ishleyär. 1991-1992-nji yyllarda ''FC Taraz'', 1993-1994-nji yyllarda bolsa Türkiyäniñ "Genclerbirligi" toparlarynda tälimci bolup ishleyär. Soñ 1994-1995-nji yyllarda ''FC Kairat'', 1996-njy yylda ''FC Caspiy'' toparlarynda ishländen soñra, 1997-1999-nji yyllarda paytygymyzyñ ''Nisa'' topary bilen bir wagtda milli yygyndymyzyñ hem tälimcilik wezipelerini yerine yetiryär. 2000-2001-nji yyllarda ''FC Kristall Smolensk'' toparynda ishleyär. 2001-nji yyldan bäri bolsa "Rubin" (Kazan, Russiya) toparynyñ bash tälimcisi wezipesinde ishläp gelyär. Tälimcilik karyerasy 1986-1989y - "FC Himik Dzambul" 1991-1992y - "FC Taraz" 1993-1994y - "Gençlerbirliği" 1994-1995y - "FC Kairat" 1996y - "FC Caspiy" 1997-1999y - "Nisa" we Türkmenistanyñ milli yygyndysy 2000-2001y - "FC Kristall Smolensk" 2001y ...- "Rubin" Gurban Berdiyew tälimci hökmünde 1992-nji yylda ''FC Taraz'' bilen Gazagystanyñ Kubogynda toparyny finala cykarmagy, 1996-nji yylda bolsa''FC Caspiy'' toparyny yarym finala cykarmagy basharyar. 1998-nji yylda ''Nisa'' bilen Türkmenistanyñ Kubogyny eyelän Gurban Bekiyewic, 1999-nji yylda bolsa, Türkmenistanyñ cempiony bolmagy basharyar. 2002-nji yylda ''Rubin'' bilen Russiyanyñ 1-nji dwiziyonynda yeñiji bolup, premyer liga cykan yyly, yagny, 2003-nji yylda cempionatda hormatly 3-nji orny eyelemegi basharyar. Ol 2008-nji we 2009-njy yylda ''Rubin'' toparyny Russiyanyñ premyer ligasynda cempion etmegi basharyar. Bulardan bashgada 2010-njy yylda Rossiyañ Super Kubogyny eyelemegi hem basharyar. Bu yyl, yagny, 2010-njy yylda Gurban Bekiyewiciñ "Rubin" topary cempionatda hormatly 3-nji yer eyelemegi basharyar. Gazanan üstünlikleri 2008y, 2009y - Çempion Rossiya 2010y - Super Kubok Rossiya 2003y, 2010y - Rossiyañ cempionatynda 3-nji yer 2002y - Rossiyañ 1-nji dwiziyonynyñ yeñijisi 1999y - Çempion Türkmenistan 1998y - Türkmenistanyñ Kubogy 1992y - Gazagystanyñ Kubogynyñ finalisti Gurban Berdiyew tälimcilik karyerasynda 5 gezek Yewropañ yokary derejeli Kubok yaryshlaryna hem gatnashdy: 2004/2005y - UEFA CUP 2006/2007y - UEFA CUP 2007y - Intertoto Cup 2009/2010y - Champions League (soñ Euro League 1/8 final) 2010/2011 - Champions League (indiki oyunlary Euro League) Dowamy ashakda...

Köneler, Goool tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir