Seni ýitirmeklikden gorkýan.

Kyn geçjek günlerden asla gorkamok,
Emma sensiz geçjek günlerden gorkýan.
Bizi bir-birekden aýra düşürjek,
Awy ýaly ýaman dillerden gorkýan.

Gorkamok,tenime düşjek ýaradan,
Ýüregime düşjek ýaradan gorkýan.
Kösençli ýollardan asla gorkamok,
Sensiz ýöremeli ýodadan gorkýan.

Sensi...

Dowamy »

1307 2
Edebiýat, 2 years ago


Ýylgyralyň,ýarymyza hemişe!

Göwnüňe kän degdim,kän degdim çenden,
Hem saňa hemişe gaharly bakdym.
Sen bolsa her gije agladyň ýatman,
Ýenede ir bilen ýylgyryp bakdyň.

Kän ynjydyp,agyrtsamda ýüregiň,
Şonda-da,birjigem gynanmadym men.
Gözleriňden dynman akanda ýaşlar,
Gaharly seretdim,gyýylmadym men.

Hiç hil...

Dowamy »

761 0
Edebiýat, 2 years ago


Göwnüň üçin.

Seň göwnüňi tapjak bolyp,
Kän ylggadym sagy solo.
Seň göwnüňi tapjak bolyp,
Düşdim men nätanyş ýola.

Seň göwnüňi tapjak bolyp,
Saňa görä boldymla men.
Seniň aglan wagtyň aglap,
Gülen wagtyň,güldümle men.

Seň göwnüňi tapjak bolyp,
Duşmanlary şat etdim men.
Dogan-do...

Dowamy »

723 1
Edebiýat, 3 years ago


Sen meňki däl,menem seňki däl indi.

Bes et,beýdip gözleriňden ýaş dökme,
Nätjek ,bolan işe alaç ýok indi.
Näçe gynansakda,gyýylsakda biz,
Sen meňki däl,menem seňki däl indi.

Aýralyk,aýralyk zalym aýralyk,
Islesekde,ismesekde geldi.
Kyn bolsada galmaly biz ýrylyp,
Men seňki däl,senem meňki däl indi.

Bile bolars di...

Dowamy »

835 1
Edebiýat, 3 years ago


Islegim.

Hudaýjandan etjek ýeke dilegim,
Çagalarym ýüregim agyrtmasyn.
Saýlap,seçip, söýip alan geregim,
Wagtyndan ir saçlarym agartmasyn.

Bu durmyşdan,etjek ýeke haýyşym,
Ýörejek giň ýolumy daraltmasyn.
Saraltsa saraltsyn,ýyllar ömrimi,
Ýöne welin saratlam saraltmasyn.

Her kim öz wagty...

Dowamy »

845 2
Edebiýat, 3 years ago


Saňa duşyp.

Tükeniksiz pikirlerim ýat boldy,
Gözlerime düşeninde nazaryň.
Saňa duşyp,hasratlarym unytdym,
Unutdym dünýäniň derdin azaryn.

Saňa duşyp,giňedi bir dar gursak,
Meniň was wasylyk derdim ýok boldy.
Ýyrgyrdy,ýylgyrşy unudan ýüzim,
Kem kemden şatlykly günlem köpeldi.

Saňa duşyp,meň...

Dowamy »

835 2
Edebiýat, 3 years ago


Ejemi.

Okap ýördim ýat ülkede,,ýat ýerde,
Günlerim gowudy ýokdyla kemi.
Paçtalýon öýmizden bir hat getirdi,
Küýsäp durkam maşgalamy,Ejemi.

Haty alyp gatyn açdym gyssanmaç,
Içinde alty söz,bardyla jemi.
Okadym,bu haty agam ýazypdyr,
"Inim,giň bol aldyrdyk biz Ejemi."

Asman inen ýaly bo...

Dowamy »

772 1
Edebiýat, 3 years ago


Ýüregiňde,ýeke biri ýaşasyn.

Ýüregiňde,ýeke biri ýaşasyn,
Ýüregiňem ynan birja adama.
Bir zenanyň näzini çek hemişe,
Ol näz çeksin,sen näz çekip ýadama.

Ýüregiňde,ýeke biri ýaşasyn,
Ýüregiňem ursyn diňe şol diýip.
Ýekeje adama diýgin hemişe,
"Ezizim gel,gujagyma dol"diýip.

Ýüregiňde,ýeke biri ýaşasyn,

Dowamy »

807 1
Edebiýat, 3 years ago


Men seni,unutmak üçin söýmedim!

Päk ýürekden söýdim diňe bir seni,
Özge gözellere,söýýän diýmedim.
A sen,gözlerimden ýaşlar akdyrdyň,
Men aglamak üçin,seni söýmedim!

Saňa sözlän ähli söýgi sözlemi,
Ynan,diňe ýürek bilen sözledim.
A sen,meni söýgiň oduna atdyň,
Men ýanyňa ýanmak üçin gelmedim!

Unut meni unut d...

Dowamy »

956 5
Edebiýat, 3 years ago


Unutma!

Her gün tümlik gurşanynda daşymy,
Bile geçen günlem ýadyma düşýär.
Ysgyn ýok,gurwat ýok ýykylyp barýan,
Aýralyk odunda jigerim bişýär.

Her gün tümlik gurşanynda daşymy,
Mylaýym ýylgyrşyň düşýär ýadyma.
Ýekelik laýyna çümip barýaryn,
Aýt öziň,kim ýetişmeli dadyma.

Gara saçlaň oý...

Dowamy »

771 0
Edebiýat, 3 years ago


Şonça.

Öz wagtynda,tomus,güýz,gyş,ýaz gelsin,
Öz wagtynda,güllerem açsyn gunça.
Gaýgyly günlerim goý,bolsa bolsyn,
Şatlykly günlemem,köp bolsyn şonça.

Bu durmyşyň çarhanlakly ýolynda,
Ýörämde büdiräp,ýykylsam ençe.
Seredip geçjekler,köp bolsa bolsyn,
Kömek etjeklerem,köp bolsyn şonça.

...

Dowamy »

867 2
Edebiýat, 3 years ago


Gojo tut.

Sol eli dolduryp gara kişmişden,

Sag elede alardykda gawun kak.

Obanyň,çetindäki goja tudyň,

Aşagynda oýnardyk biz çagakak.



Şeýde,şeýde bahym geçdi bu ýyllar,

Ol goja tut,ysnyşdyrdy ikimiz.

Aşagynda oýnan bolsak çagakak,

Ilden o...

Dowamy »

792 3
Edebiýat, 3 years ago


Ejemdir

"Iller näme diýse, diýibersinler"
diýip, maňa ynanan sen ýeketäk,
Begenen günümde, bile begenip,
Gynansam deň, gynanan sen ýeketäk.

"Men iýdim siz iýiň" diýip hemişe,
Açlygyna düşegine geçendir.
"Perzendimiň jany sag bolsun" diýip
Öz janyny aýamadyk Ejemdir.

Dowamy »

890 3
Edebiýat, 3 years ago


Şatlanyp ýaşalyň,ýaşan günümiz.

Men hemişe dileýärin hudaýdan,
Gaýgy gussa ýugrulmasyn ömrümiz.
Bu bäş günlik dünye geçer,bizdenem,
Şatlanyp ýaşalyň,ýaşan günimiz.

Basan adimimiz,bolmasyn şowsyz,
Ýürekdäki söýgimiz kül bolmasyn.
Aşyk magşugyndan düşmesin jyda,
Bilbiliň saýraýan,güli solmasyn.

Göwnüne degmäliň...

Dowamy »

848 5
Edebiýat, 3 years ago


Göresim gelýär!

Gelmezmiň sen indi yza öwrülip,
Men seni şeýle bir,göresim gelýär.
Tenimden janym çykmanka sogrulyp,
Gelsene,men seni göresim gelýär!

Ýaňja bir açylan bägül mahalym,
Soldurdyň,öwürdiň gyşa baharym.
Saňa näçe gelsede meň gaharym,
Şonda-da men seni göresim gelýär!

Sensiz meniň gü...

Dowamy »

901 3
Edebiýat, 3 years ago


Dostyma.

Seredip oturma giden ýoluna!
Bir gidensoň gaýdyp yza öwrilmez!
Ýaşap ýörme geçen güleň içinde!
Geçmiş asla asla yza dolanmaz!

Geçmişiňe asla umyt baglama,
Umyt bagla geljege şu güniňe!
Geçmiş saňa jebir berer,dert berer,
Şatlyk gerek bolsa seret öňiňe!

Daýan dostym daýansana dy...

Dowamy »

770 1
Edebiýat, 3 years ago


....

Alada,gaýgylar çökerip barýar,
Kellede at salýar müňläp pikirler.
Ýürege sygdyryp bilmän bar zady,
Kagyza siňdirdim ençe setirler.

Dost diýenim,duşman bolyp özime,
Ellerimden aldyla söýen gülüm.
Ýeke galdym,ýalňyz galdym tümlikde,
Ýürekde ot ýanýar,dodakda çilim.

Dowamy »

894 3
Edebiýat, 3 years ago


Sowoşamok henizem.

Gije gözüm ýumman ýetýärin daňa,
Seni küýseýärin,gelýär görsim!
Wah,indi sen menden juda uzakda,
Bizi aýyran aýralyk gu:rasyn.

Seni näce,küýseseňde gic indi,
Indi seň görküňden doýma ýok maňa.
Men seni asla günäkär saýamok,
Dine bagt,dileýärin men saňa.

Islesekde,islemesekde dü...

Dowamy »

938 9
Edebiýat, 3 years ago


Kakamyň aýdanlary.

"Goltugyň astyndan ýylan deý çykyp,
Öldirmeklik üçin çakjak bolany.
Öz gözleriň bilen görersiň"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.

"Daşyndan tanatmaz nähili adam,
Syrdaş saýma her bir gülip bakany.
Hemme ýylgyrana ynanma"diýip,
Kakamyň aýdany dogry ekeni.

"Yzyňa tirkap öýiňe get...

Dowamy »

848 5
Edebiýat, 3 years ago


Garaşmandym.

Garaşmandym senden beýle sowgada,
Garaşmandym ynan,graşmandym men.
Gözlerime sowgat berdiň ajy ýaş,
Ýüregime otlar sowgat berdiň sen.

Şatlykly günlemden jyda eýlediň,
Bagt guşymyň gyrdyňla sen ganatyn.
Ýalňyzlyk iiçinde galmaly boldym,
Päk söýgime guwanaýjak halatym.

Sensizlikd...

Dowamy »

964 3
Edebiýat, 3 years ago


Meňzäňok.

Başga gözelleri asla islämok,
Maňa ýekeje sen gerek,ynanaý.
Başga gözellere bägül beslämok,
Al,bu bägüllerim saňa do:lan aý.

Gözleriň meňzänok,özge gözlere,
Näzleriňem özge näze meňzänok.
Şoň üçin bakamok özge gyzlara,
Özgelerden asla bagtym gözlämok.

Şahyr,Kerim agaň aýdyşy ýa...

Dowamy »

888 1
Edebiýat, 3 years ago


Ejeme.

Sözüň süýji,mähir doly ýüzüňde,
Dünýäde sen deý mähriban adam ýok.
Gasynly elleňde,jady bar ýaly,
Seniň tagamlaňdan doýup bolonok.

Aladalam,gaýgylam uçyp gidýär,
Mähir bilen sypalaňda başymy.
Seň öňiňde entek,borjym kän meniň,
Allam uzak etsin seniň ýaşyňy.

Gara saçyň çalaranna...

Dowamy »

813 1
Edebiýat, 3 years ago


Ynan maňa.

Ynan maňa,ynan,saňa aşyk men,
Seni söýýän,söýgimden güman etme.
Ýylgyrda dünýämi ýaz eýle gülüm,
Ýüzüň sowup,dünýämi duman etme.

Bol mydama,gal mydama ýanymda,
Sensiz,günlerimde many göremok.
Bu dünýäde maňa diňe sen gerek,
Senden başgasyny,gözüm görenok.

Dowamy »

872 2
Edebiýat, 3 years ago


Söýdim seni.

Men seni,gül görkiň üçin söýmedim,
Söýdim seni,kalbyň päkligi üçin.
Mende-de gara net bolmasyn diýip,
Söýdim seni,netiň aklygy üçin.

Men seni,allamak üçin söýedim,
Söýdim seni,allanmazlygyň üçin.
Ýüziň şatlyk ýitmesin diýip,
Söýdim seni,gamlanmazlygyň üçin.

Men seni,agras gyz d...

Dowamy »

975 13
Edebiýat, 3 years ago


Gelin,gyzlar 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsyn.

Mart,mart,mart 8-nji mart,
Geldi ýigitler bolyň mert.

Sowulsa sowulsyn pullar,
Bal ýaly süýjesin diller.

Sowgat berip,süýjülikler,
Sowgat berip,gyzyl güller.

Ýylgyrdalyň enelermiz,
Ýylgyrdalyň uýalarmyz.

Sowyp manat,teňňeleri,
Ýylgyrdalyň ýeňňeleri.
...

Dowamy »

861 6
Edebiýat, 3 years ago