Gatnaşyklar ynama esaslanýar. Başgalaryna ynanmasaňyz, özüňizi adamlardan, manyly gatnaşyklardan we hakyky durmuşdan mahrum edersiňiz. Belki, kimdir biriniň size ýakynlaşmagyna ýol bermekde tebigy kynçylyk çekersiňiz. Garşy çykýan ýaly görünse-de, aslynda “Hiç kime ynanamok” diýmek, “özüme ynanamok” diýmekdir.
Hemme adamlaryň “gowy” we “erbet” taraplardan ybaratdygyny bilýärsiňiz. Başga bir söz bilen aýdanyňda, biziň hemmämiziň ideal ynsan däldigimizi ýadyňyzdan çykarmaň.
Özüňiziň garaňky, ýakymsyz we ýönekeý taraplaryňyzy tanaň. Üýtgedip boljak zadyňyzy üýtgediň, edip bilmeýän zadyňyz bilen ýaraşyk ediň.
Geçmişdäki dönüklikleri taşlaň. Size zulum edenlere we olaryň dönükligine täzeden garamak, we durup geçmek islegine garşy duruň. Geçmişdäki tejribeleriňizi häzirki sagdyn gatnaşyklaryňyza bulaşdyrmaň.
Wagty gowy dolandyryň. Özüňiz bilen gapma-garşylykdan gaça dursaňyz, ynam meseleleriňizi ýeňip bilmeýärsiňiz. Özüňizi has gowy tanamak, ýakynlaryňyz bilen berk gatnaşyk gurmak we manyly gatnaşyklary başdan geçirmek üçin zerur goldaw berer.
Ÿadyñyzdan çykarmaň, sagdyn we manyly gatnaşyklary başdan geçirmegiň ilkinji ädimi: islenmeýän duýgularymyz bilen iş salyşmagy we beýlekilere gönükdirmezligi öwrenmekdir.
Çeşme: yasantipsikoloji.com