Näme üçin saýt açmaly ?

Salam bloglar.7wk.ru saýtynyň hormatly agzalary we myhmanlary ! Eger siz boş wagtyňyz internede girip gündelik durmyşyňyzyň agramly bölegini internede sarp edýän bolsaňyz, haýsyda bolsa bir ugra degişli maglumatlary okamagy halap, özüňizi özgertmegi , öwrenmegi we öwretmegi halaýan bolsaňyz , hatda internetden pul gazanmagy isleýän bolsaňyz onda tüýs ýürekden aýdýan siz hökman özbaşdak web saýt döretmelisiňiz.

Näme üçin ?
Sebäbi indi döwür tehnologiýanyň döwri . Bu döwürde köp adamlar internet arkaly ummasyz pul gazanýarlar. Hatda gündelik durmuşdaky işleriňden hem häzirki alýan aýlygyňdan has köp pul gazanyp bolýar .

Elbetde öwrenmek gowy zat. Esasan hem sanly ulgama degişli maglumatlary öwrenmek ondan peýdalanmak gaty gowy zat . Tehnologiýa biziň durmuşymyzy , gündelik etmeli işlermizi aňsatlaşdyrýar . Elbetde muňa ýönekeý telefonam aňrybaş subutnama bolup biler. Iň bir ýönekeý telefondan mysal alalyň , şonyň üsti bilen nämeler edip bolýar.Jaň edip , sms ýazyp , sagady görip we başgada enteme hyzmatlary telefon biziň üçin ýerine ýetirip dur . Şu zatlaryň gadyryny bileliň.

Şol sanda internetde hem özbaşdak saýt açyp birnäçe zatlary edip bolýar. Bu barada nesip bolsa aýratyn bir blog ýazmakçy.

Indi "Näme üçin saýt açmaly ?"diýen gyzykly soraga jogap bereliň.

1.Pul gazanmak üçin

2.Internetdiň dürli hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin.

3.Öwenmek üçin

4.Öwretmek üçin

Şu ýokardaky sanalynan zatlar barada has giňişleýin jikme-jik durup geçeliň.

Saýt açyp nädip pul gazanmaly?

Elbetde saýt döredip pul gazanmagyň birnäçe ýollary bar .

1. Satuw şärikligi

2. Tölegli blog ýazyp.

3. Tölegli mahabat

4. Hyzmatlar

5. Makala ýazyjysy

6. Reklama ýerini döredip

7. Öz önümleriňi satmak

8. Onlaýn dükan

9. Onlaýn kurslar

10. Tölegli giriş

11. E-kitap ýazyp , satyp

12. Programma ýasap, satyp

13. Saýt döredip , satyp.

Bu setirleriň yzyny dowam edip gidip oturmaly . Şu wagt men diňe öz ýadyma düşenlerini ýazdym. Ýokarda hem görşimiz ýaly saýt açyp pul gazanmagyň birnäçe ýollary bar. Onuň üçin bolsa elbetde birinji bilen saýt ulanyjylaryny köpeltmeli.

Indi indiki meselämize geçeli saýt açyp başga nämeleri edip bolar. Saýt döredip diňe pul gazanmak däl başgada birnäçe hyzmatlardan peýdalanyň bolýar.Mysal üçin :

1. Öz ýazan we beýlekileriň ýazan eserlerini (goşgylarny, bloglarny, hekaýalarny, makalararny...) paýlaşyp bolýar.

2. Saýt agzalary bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirip , olar bilen ýakyndan tanyşlyk açyp bolýar . Hatda özüňize ýan ýoldaş hem tapmagyňyz mümkin 😄

3. Aýdymlary , suratlary , programmalary,oýunlary, elektron kitaplary paýlaşyp bolýar .

4.We beýlekileriň paýlaşan bloglarny okap , aýdymlaryny diňläp, suratlaryny synlap, oýunlaryny oýnap , programmadyr elektron kitaplaryny ýükläp alyp okap bolýar

We ýene-de... Üç nokat goýaýmasam menä dogrysy sanamanada ýaltanýan şu wagt .

Indi geldik iň gyzykly ýerine ýagny öwrenmek we öwretmek. Siz saýt açyp näme barada ýazjagyňyzy bileňizokmy ? Özüňize agram salmaň. Näme barada okamagy , öwrenmegi, näme barada ýazmagy halaýan bolsaňyz şol barada ýazyň.

Internet bilen gyzyklanýaňyzmy, goşgy ýazmagy halaýaňyzmy ýa-da degişmeleri okamagy gowy görýäňizmi ? Iň esasy öz hobiňi bilip şol ugurdan ýazyp wagtyňyzy hoş geçiriň .

Gaýtalap ýazýan öz bilýän ugryňyzy dälde öz halaýan ugryňyzdan ýazyň. Şol ugurdan hiç zat bilmeýän bolsaňyz hem ýene-de ýazyň. Iň esasy zat gyzyklanma . Haýsam bolsa bir zada ýürek bilen ýapyşyp, şol barada gyzyklansaň iň kyn zatlary hem aňsatlyk bilen öwrenip bolýandygyny özümiz hem bilýän bolsaňyz gerek. Şonyň üçin ilki gyzyklanýan ugryňyzy saýlap, gyzyklanmaga başlap , öwreniň we öwrediň.

Indi iň halaýan ugryňyzy saýlan bolsaňyz, geçdik indiki bölüme.Indiki bölüme geçmek üçin aşakdaky salga giriň .

http://bloglar.7wk.ru/viewtopic.php?id=51

Ýazan: Gerçeknazar Amannazarow/blogger.

Tehnologiýa, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir