Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly... Öňler ynsanlar üçin aglardym. Hasam ýaşlar üçin aglardym. Gyzlar üçin aglardym. Edil böwrüme saplanan pyçak ýaly ýaralaýardy gözlerimi köçede işleýän gyzlar. Sowuk gyş howasynda köçäň çetinde sübse bilen palçyk süpürýän eneler, olaryň çagajyklary üçin aglardym. Edebiň, haýanyň, namysyň, hakykatyň aramyzdan ýuwaş-ýuwaş gaçyp barşyna aglardym. Ukyma, ýaşaýşyma siňipdi bu duýgular. Edil neşekeş ýaly baglydym bulara... Utanardym barlygymdan. Allahyň öňünde ýazgarardym öz-özümi... Bu duýgy birden öldi. Saňa pida etdim. Seni hemişe synlap oturmak üçin, söýgä pida etdim bu duýgulary. Sözlerimi “Bas!” diýip atdym seň aýagyň aşagyna. Bu pida edilen zatlaryň kabul ederden juda uludygyny men nireden bileýin, serwim?! Men seni şeýle bir ýürekden söýüpdirin ahyry...
“Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly...”
-
Pylankes.
3 years ago
- Şeýle hem gysgadan diýseň manyly...
Pylankes. 3 years ago- Bâh,gaty owadan ýazylypdyr, durmuşyň ajy hakykaty bilen bir köpük gymmaty galmadyk söýgüni bağlanyşdyrmak nâhili gowy gelişipdirâ, tüýs jüpüne düşüpdir.