Eneler ýylgyrsa açylar güller,
Saýraşarlar saýramaýan bilbiler,
Eneleň ýylgyrşy ýyladar dünýäň,
Eneleň ýylgyrşy tutuş bir dünýä,

Eneler ýylgyrsa açylar göwün,
Dikelip, boý alar saralan, bägül,
Eneleň ýylgyrşy unudar gussaň,
Eneleň ýylgyrşy dermandyr hassa.

Eneler ýylgyrsa şatlanar ýürek,
Ýürek urar ene diýip her gezek
Eneleň ýylgyrşy täze dogan aý
Ene ýylgyrşyna, zat ýok deňi-taý.

Eneler ýylgyrsa, bagtly biz bagtly,
Göz öňümden gitmez ýylgyran wagty,
Eneleň ýylgyrşy gözümiň nury,
Eneleň ýylgyrşy arzuw daragty.

Enelere arzuw kän dilegim,
Ýylgyrsyn elmydam ene ýüregiň
Eneleň ýylgyrşyn çalyşman zada
Eneler ýylgyrsyn mydam dünyäde.

Gurbanmämmet Meredow

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir