Zalym dünýe, maňlaýma
Ýazanlaňdan dilgir men.
Goşgy diýip, bir ýazyp-
pozanlamdan dilgir men.

Bagtyň deňinden ötüp,
Ýadadym şükür edip,
Oýlanyp, pikir edip
Gezenlemden dilgir men.

Bir halalhon ynsandym,
Azap berýär ynsabym...
Ownap barýan ýylsaýyn,
Gyş-ýazlamdan dilgir men.

Arzuwlara aldanyp,
Öňýetene dalanyp,
Gözümi kän bagladyp,
Süzenlemden dilgir men.

Küýsäp goýnun melegiň,
Dogry saýyp telegim,
Deňzin boýlap pelegiň,
Ýüzenlemden dilgir men.

Bir biwepaň oduna,
Sežde edip adyna,
Deňäp meni nadana,
Ezenlerden dilgir men.

Ýitrip asyl görnüşim,
(Adam ýüzi birmişin!)
Kemin bilip durmuşyň,
Syzanlamdan dilgir men.

Utanjym ýok, haýam ýok,
Hakykat ýok, aýan ýok,
Wah, duýgymy aýamok,
Ýazanlamdan dilgir men.

Dostlarymdan aýryldym,
(Belki, bähbit-haýyrdyr!)
Çep gursagym jaýryldy...
Ýüzsüzlerden dilgir men.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir