Bir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujun dan asylyp goý lan eken. Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken. Beýleki küýze bolsa, abat bolup, öýe çenli dolulygyna barýan eken.
Bu ýagdaý bir näçe ýyl dowam edip, zenan öýüne diňe bir ýarym küýze suw eltipdir. Elbetde, abat küýze öz üstünligine az begenmändir. Çat açan bet bagt küýze bolsa, öz kemçiliginden utanyp, gynanypdyr. Sebäbi, ol zerur suwuň diňe ýarysyny getirip bilipdir. Bir gezek hälki küýze çeşmäniň başynda eýesine garap zeýrenipdir:
– Men öz ýagdaýymdan gaty utanýan, sebäbi meniň öýe çenli aralykda suwumyň deñ ýarysy daşyna akyp gidýär.
Zenan ýylgyryp şeýle diýen:
– Ýodanyň sen tarapdaky gyrasynda gülleriň ösüp oturandygy, beýleki küýze tarapda bolsa, hiç hili gülüň ýok dugy, ünsüňi çekmedimi? Men seniň kemçiligiňi bilýänligim üçin hem seniň tarapyňa gülleri ekdim. Her gün biz yzymyza öwrülenimizde sen olary suwarýarsyň. Eger-de sen şeýle bolmadyk bolsaň, onda bu gözellikler asla-da bolmazdy. 

Netije: Her kimiň özüne ýeterlik kemçiligi, şol bir wagtyň özünde hem şahsy aýratynlygy bolup, olar biziň durmuşymyzy gyzykly we arzyly edýär. Şoňa görä, her kimi öz bolşy ýaly kabul edip, ondaky gözellikleri görjek bolmaly.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir